09:42 Çarh / 1-nji kitap -11 | |
Çarwalaryň saklaýan malyndan o senmi diýen ullakan bir peýda-da ýok-la welin, “Malsyz horlanandan, mally horlan!” diýen akyla gulluk edip, esasan, köneje-gadymkyja kesbi-kärleri – maldarçylygy ýöretdiler. Garaz. bu ugurdan olaryň okuwy ýetik, öz burnundan idip ýören mallary, keselläp-narawlasa, bejermegiň usulyny bilýärler, ýüňünden-çöpürinden, derisinden-dersinden, süýdünden, et-ýagyndan nädip haýyrlanmaly – olara öwretmek gerek däl. “Süýdünden sargan bolar, ýüňünden urgan” diýýärler, sargan diýýäni owuz süýdüni peýniriň gönezligi bilen uýadyp, tä suwy tükeninçä gaýnadyp bişirýärler, gury sarymtyl reňkli, ýakymly isli, işdäli iýilýän tagam. Mallara iým bererlik ýagdaýlary, urbalary ýok, diňe meýdan ot-çöpi, tozap ýatan meýdandan doýraýyn diýseňem, uzakly gün yzyna düşüp, selpäp gezmeli. Aslynda, adam maly bakýarmy ýa mal adamy? Bellisi ýok. “Hemişe peýda görüp bolýarmy? Gury çykdaýjymyz-la welin dagy malsyzam-a ýaşap bilmeris, bu gün bolmasa, erte göreris-dä, nesip etse, haýryny” diýip, her kim tapanja malynyň yzyna düşüberdi – itenek-çomanak. Nakyllaram “Zyňma samany, geler zamany”, dagy zatlary bolmasa-da, garaz, umytlar-a bar.
Taryhy proza
Şor suwundan mal-a, näme, eýdýär-beýdýär oňýar, dagy nätsin janawarlar, ýa içäýmeli, ýa guzulygyň gurap, suwsuz gatap galaýmaly. Eňeklerini batyryp-çekip, uzagyndan öwrenişdiler, indi kaýyl. “Oňmasaň, doň” diýilýäni. Adam bilen atlar welin... Taň zat -- düýe maly, goraba ýaly şor suwy sokga sorýar, ornuna berýän süýdi welin – tenekar, şor suwda ýaşaýan balygyň etinde duzuň ýoklugy kimin, balygam duzlap iýmeli-dä. Düýäniň süýdüni suw ornuna içiber, atyňy ýakyber. Çal-agaran ýa saglaýan badyna çigligine iç, günde alty-ýedi wagtyna-da sagylýar. Herhal, suw desgalayny gurup, guýy gazynçalar süýji suw tapynçalar düýe alyp çykypdyr-ow! Şonuň üçin “Düýe maly -- dünýe maly” diýýär türkmenler. Täterimiň suwy tekelere ýetmändir, onuň her damjasy öňden paýlaşylan. Bir owurt dermanlyk üçin diýäýmeseň, saňa dadymlygam berjek adam ýok. Asly çöl adamlary-çarwa-da bularyň, süýji suw tapmagyň tärini, garaz, bilýärler, şonuň üçin tekeler laýyk ýerini anyklap, kak, sardaba gurupdyrlar, sardaba bu parsça sowuk suw diýmek, ýarsy ýeriň aşagynda, ýarysy hem ýeriň ýokarsynda gümmezlenip ýapylýan desga, ýagyş-gar ýaganda içi doldurylyp goýulýar, onsoň arly ýyl suwy sowujak saklaýar. Takyrda suw ýygnanýan oý ýerde ýasalýan kaklara dolduran suwlaryna gyzyl daş batyrypdyrlar, gurçuklamaz ýaly. Bärde bu zatlary tekelere hiç kim öwredenok, ozaldan bilýärler. Agyz suwy üçin alyp goýan suwlaryna-da gelin-gyzlar kümüş ýüzüklerini-bileziklerini atyp goýýarlar, kümüş suwy tämizleýär diýip. Her ýerden-herden guýy gazdylar, bu işe-de olar ussat. Şeýtdiler-de, agyr durmuşyň abyny-tabyny alyp, güzeranyň jygyldawuk arabasyny ýagdaýa görä, yra-dara tigirläberdiler, ýüklüje-de bolsa, geçýär eken. Boş geçeniňden-ä ýüklüje geçeniň kem däldir. Seriň gowgalyka eýdýäň-beýdýäň, ýagdaýa çäre gözläp urunýaň, ahyram alyp çykýaň, şoňa haýýat diýýärler. Emma boş kellä çäre ýok. Iň ýamany şol. Özüňi nirä urjagyňy bilmeýärsiň. Düýäniň mytdyldysy bilen geçen 30 ýylyň aýraçylygyndan, onda-da nä aýraçylyk – Watan aýraçylygy, ölinçäň içiňden çykmaýan aýraçylyk, şol aýraçylyyň horlugyndan soň öňki tallar tabaga öwrüldi, dünýede wakalar üýtgedi. Jäheňgir Teýmirleň Hindistana üznüksiz ýörişler edip, Kaşmirde, Delide 80 müň adamyň kelleçanagyndan depe ýasadyp, haram keýp aldy, dowzah nyşanaly ol gurrumsagyň alýan lezzetine serediň-hä! Hindistanda-da dişinde et galansoň, Osmanly döwletinde Baýezid bilen döwşüp, musurmanlary gyrgyna berýär, ol ýerde ölenleriňem köpüsi türkmenler. Sebäbi türkmenler söweşjeň, gaýratly millet bolansoň, her ýerde-de ýagynyň agzyna ilki şolar tutulýar. Emir Temir Osmanlydan çykyp, Hytaýa goşun sürýär, garaz, dek ýatjak däl-dä. Ýöne diýeniň bolaýýarmy? Ezraýyl perişde onuňam bokurdagyna münüp, baky ýatar ýaly etdi, ýatmasa-da, indi göründe dik oturar-da. (1405-nji ýylda) Hytaýyň Otrar diýen ýerinde Teýmirleň öldi. Ony Samarkanda getirip jaýladylar, Gur emir diýip, üstüne kümmet dikdiler. (Soňlugy bilen Fransiýada Napoleon Bonopart ölensoň, onuň mawzoleýi Gur emire meňzedilip, şol nusgada gurlupdyr). Emiriň öz kylmyşlaryny aklamak üçin getirýän baş delili, ine: “Dine, Hudaýa tüýs ýürekden uýýan-gulluk edýän adamlar il içinde bardyr, ýöne halk diýleni tutuşlygyna alanyňda welin Hudaýa däl-de taýaga gowy gulluk edýärler, türkmenler olar ýala “Taýaktaňryly” diýýär. Taýaktaňrylylar Hudýdaýdan däl, muştdan-taýakdan gorkýarlar. Meniň elime gylyç alyp, halklaryň gözleriniň oduny alanymyň sebäbi şol. Olaryň depesinde hökümdarlaryň ýalaw ýaly ýiti aýpaltasy-gylyjy parlamaýanda-da, oňuşman, bir-birleriniň etlerini çigligine iýerdiler. Şol sebäplem, taňry diýilýän keramatly taýak meniň elimden düşmedi, beriberdim gomlaryna-depelerine. Halklaram, döwletlerem öňümde dyza çöküp, aman diläp, billerini, başlaryny büküp, maňa sežde etdiler. Boýun synmadygam gyrdym, honha, tekeleri görüň, ýaşan mesgenleri mazarystanlyga öwrülip, diri galanlaram ýeriň tükenen ýerinde gum ýalap, uwlaşyp ýörler, maňa gulak asman, ol boýnyýogyn keçjallaryň utan zady näme?”. Teýmirleňe başga ýerden ýagy gerek däl, nähili ata bolsa, şonuň ýalam ogul, emir ölensoň yzynda galan ogullary atalaryny ýere düýnän batlaryna, tagt üstünde alty ýyllap bir-birleriniň başlaryny gemirdiler, ýarag çekişip, goşun sürşüp, damak çalşyp... Atalarynyň dişinde et galansoň, onuň dünýä beren hypbatyny az görýän ýaly, olaryňam hemmesi şol ýola höwesek – gan çaýkajak. It alnyna gelen gurt alnyna-da geldi, atalarynyň iliň başyna salan külpetini kastlary bar ýaly birehimlik bilen biri-birlerinden çykardylar, dogan dogana zabt etdi, oňarsalar, bir-biregiň etini çigligine iýjek. Ogullarynyň şeýdişip ýörmegi – Teýmirleňiň özüne kesilen baha. Nijesi bir pul? Atalary dünýä hüjüm etdi, ogullary – mirasa. Adamzada beren sütemini öz bala-çagalaryndan tapdy, ogullarynyň üstün çykany hälä galdyrman, doganlarynyň baryny, çaga-çugalary bilen öldürtdirdi, soňraky gün tagta dawa salaýmasyn diýip. gargyş ýerde ýatmaýar, onda-da set müň-set müň sütem görenleriň nalyşy. Tagta çykyp, şalyk tylla täji başa geýenleriň pikiriçe – tagta münen – dana, aşagyndakylar nadan, sen münseň, sen – dana, men – nadan, men münsem, men – dana, sen – nadan. Tagtyň üsti gülşük, asty ölşük. Şol sebäpli, hökümdarlyga dalaşgärler her hili hapa ýollar bilen tagta dyzaýarlar, gerek bolsa, ata ogluny, ogul atasyny, dogan-doganyny öldürmekdenem gaýtmaýarlar. Teýmirleňiň ogly Şahruh tagt üstündäki söweşde öz dogany Hulagydan ýeňlip barýarka, birden atasynyň bir sözi ýadyna düşäýýär “Teke türkmenleri Taklamekana sürgün etmegimiň sebäbi, olaryň biri biziň esgerlerimiziň onusyna taý, atyna münse, ýüze taý. Biziňkiler atyndan düşüp ýerde uruşmaga zor, olar welin atyň üstünde söweşmäge ökde, edil biziň darbazlarymyzyň howada – gerilgi urgan ýüpüň üstnde oýnaýyşlary dek, jylawy goýberip, bir elinde parlak gylyç, birinde galkan, paýhynlap ýör, atlaram batyr, eýesini ýykman, diýen tarapyna topulyp biýän düşbi, atlary özlerinden beter, öňünden geleni agzy bilen gapyp, yzyndan geleni art toýnagy bilen depip. Olaryň atyna dünýäde deňi ýok, üstündäki eýesi irkilip, uklaýsa-da, gyşaran tarapyna gyşaryp, ýykman, alyp gidip bilýär. Tekeler at seýislemegiň käsipleri. Şol ant içenleri öz hataryma goşup bilmänim üçin, ýeriň ol ujuna iberip, depegenden daşrak etdim. Alkymyňda bolsa, ynjalyk-maza bermän, olar häli-şindi sürünjek-çapawullajak durjak”. Şahruh Taklamekanyň baş häkimine gyssagly hat iberdi: “Tekeleri sürgünlikden azat ediň, olar ýalňyşlyk bilen sürgün edilenler, men kakamyň permanyny emirligiň adyndan doly ýatyrýaryn, olar ýeke günem eglenmän, at-ýaragy, maly bilen yzlaryna gaýtmalydyr!” diýip. Maksady öňlerinden çykyp, olary özüne yryp başarsa, doganyndan rüstem çyklak. Çapar gidip, haty eltip gelýänçä, Teýmirleňiň beýleki ogly Hulagy hem muny eşidip, olam Taklamekana hat iberdi, tekeleri boşadaýmaň diýip. Taklamekanyň häkimi iki oduň arasynda galdy, hat iberenleriň ikisem Emir Temiriň ogullary, ýöne olaryň ikisiniň başynda-da şalyk täç ýok, haýsynyň geýjegi heniz näbelli, haýsydyr biriniň aýdanyny etse, beýlekisem, tagta çykaýsa, onda Taklamekanyň häkiminiň kellesi kesiljek. Iş salyşýanyň şa-emir bolsa, iki aýagyňy bir gonja sokýar, nirä ýörejegiňi bilmeýärsiň. Taklamekanyň häkimi Amanşany çagyrdyp, oňa ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly gürrüň berýär, soňundanam: --Men size azatlyk beribem biljek däl, bermänem. Ýöne özüňiz assa-ýuwaşdan menden aşakdaky ketdelere çalak-çulak ýaňzydyp, gerek bolsa, menem geplediň, rugsat berdi diýip. Maslahatymy alsaňyz-a, uzaklaşman, ýurduňyza tarap göteriliberseňiz. Ýolda-da näme maňlaýdakyňyzy görübirsiňiz-dä. Meniň demim düşýän ýerde siziň edeniňize däl diýjek tapylmaz. Eger Şahruh tagta münäýse-hä, onda siziň bagtyňyzyň getirdigi. Gaýdyş ýolda öňüňize böwet basjak tapylmaz. Amanşa han üçinem şundan gowy habar ýok, baş häkim bilen Amanşa han ikisi nädip gujaklaşanlaryny hem bilmän galdylar. Gelnen netije olaryň ikisi üçinem juda göwne jaý. Dok çaýkanman, aç-ýalaňaç doýmaz, şu ýagdaýdan peýdalanyp, tekeler aşakdaky häkimleriň dilini tapyp, haýyş edip, sürgünlikdäki ýerden göçermen bolýarlar. Gul myrady – gaçmak. Nirä? Nurgarabaýyr daglaryny peýleýärler. Öňünden birnäçe gezek ýörite adam iberip, olaram şol ýerde birki ýyl ýaşap, ýapyny-ýagdaýyny bilip gelipdiler – özleri üçin juda laýyk ýer, suw bar, öri bar, häzirki ýerlerinden has bereketli hem düýp goşa tarap süýşýäň, dähedem-dessemläbem bolsa, süýşmeli, gerekmi – bagryň bilen! Has takygy bu gürrüňleriň aňrysynda şu wakalar bar. Şol Teýmirleň bilen söweşen Aman hanyň baýry aýaly, çagalary bilen jezalandyrylýar. Yzynda duşmanlar tarapyndan bilinmän galan ýaş aýaly göwrelikä “Dogmankam görme-görşe bir gidip geleýin” diýip, daş obadaky atasöýünde eken, ondan dogan ogla kakasynyň ady dakylýar. Hem-ä kakasynyň ady ýerde ýatmaýar, hemem sürgünlikden sag-aman dolanyp geleliň diýen ýagşy umytda. Garagum şalygynyň hanynyň ady dakylany üçin oňa-da Amanşa diýipdirler. Ulalyp, ese-boýa galyp, kemala gelip, akly durlanansoň, Amanşany külli teke taýpasyna han göterýärler, hem-ä menikli, hemem han nesli, türkmenlerde-de, han saýlananda nesil yzarlanýar eken. Aňryňda ile-güne haýry ýeten iş bitiren han, öň synaglardan geçen nesil bolmaly! Şeýlelikde, agyr illileriň takdyry onuň boýnuna düşýär. Hanyň başynda mesele kän, ilki bilen-ä uly iliň garamaty, galyberse-de, gadymky Watana dolanmagyň täsip-alajynda gezmek. Amanşa başda bir kowçum bolup Nurgarabaýyra barýar, işleýär, gazanç edip, özüni tutýar. Şol töwerekleriň ketdeleri bilen tutuşlaýyn göçüp gelmek barada maslahatlaşyp-razylaşyp, birki ýyldan Taklamekana gidip, beýleki taýpadaşlarynyňam hemmesini alyp gaýdýar, ata mekana tarap ilkinji göçüm edilýär. Bu işleriň şowuna düşmeginde Teýmirleňiň ogullarynyň iberen hatlary-da sebäp bolýar. Hulagy öz çawuşlarynyň üsti bilen tekeleriň pyglynyň üýtgeýänini, yza gaýtmaga şaýlanýandyklaryny aňyp, olaryň üstüne-de çapar gönderip, hat iberýär, “Eger päliňiz azyp, bizi äsgermezçilik edip, sürgünlikden birugsat gaýdaýsaňyz, ganyňyzy gotura dermen ederin, biziň nähili sütem berýänligimize aklyňyz çatarça bolandyr” diýen manyda. Emma onuň arşy titreden kakasyndan eýmenmedik tekeler onuň oglundan çekinermi? Ol haty alga alman, türkmen göçi ýola düşdi, şeýle göçüme mübärek gadam diýse bolar. Aglanyp gidilen ýoldan yza gülşülip gaýdyldy ýa-da köp aglan bir güldi, göçmek baýramçylyga öwrüldi, her kim gelnalja goşuljak ýaly gyssanýar, ber-başagaý. Ýarym asyr çemesi ýaşan mesgenleri Taklamekana-da gargyş etmediler. Kyn günleri Taklamekan olara ýaşara mesgen berdi Ol ýere Taklamekan diýilmegi tekeleriň ady bilen bagly bolmagy mümkin diýip çak urýanlaram bar: Taklamekan – Teke mekan. Tekeleriň Täterimden çykyp gaýtmagy Taklamekanyň baş häkimine-de körabraý boldy, sebäbi tekeleri azat ediň diýen Şahruh doganlaryny ýeňip, Samarkantda kakasynyň ornuna emirlige geçýär. Onuň tekeler baradaky pikirem öňküligine galýar: “Olar nirä gitselerem, nirde mekan tutunsalaram, ýüzüňiziň üstünde burnuňyz bar diýmeli däl” diýen görkezme berýär. Şahruh şeýle etmek bilen kakasynyň tekeler babatda eýlän aşagyndan çykyp bolmajak agyr günäsini azajyk-da bolsa ýeňletdi. Indi bu pelegiň oýnuna seret-ä, dünýä belli alym Ulugbekem Şahruhyň ogly, Şahruhdan soň Ulugbek emir bolýar, ylmyň hatyrasy üçin emirligini taşlap, öz ýyldyz hasaby bilen meşgullanýar. Ulugbekiň täji-tagtyna, ornuna emirlige ymsynanlar dini-yslama şek ýetirýär diýen töhmet bilen, pajygaly ýagdaýda-da onam öldürilýär. Bu özbaşyna uzyn gürrüň, ýöne dünýä gan çaýkan Teýmirleňiň agtygynyň älemler hakynda uly alym bolmagy, adamzada peýdaly açyşlar etmegi juda geň. Nurgarabaýyr daglary. Tekeler bärik göçüp gelenlerine iki bolup bilmän begendiler, çarwaçylyk edeýin diýse, ine, giden meýdan, oty dyzyňa ýetýär, köl ýaly çaýpanyp-tolkun ayp ýatyr, süriňi çümdir içine, otlara boýlap gitsin! Mallar göýä deňze kellesini çümdürip ýüzýän ýaly ertirden-agşama deňiç ýüzlerini ýerden galdyrman otladylar, düýelerem, hatda, geçilere çen hemmesi bir duran ýerinden doýýar. Ekin ekeýin diýseňem, bugaryp duran mes ýer bilen suw. Däneli ekinler-ä düme-de gögerýär, bir tohumyny sepeläp bilseň, ormaga baraýmaly. Hem çarwa, hem çomry. Ýene durmuş joşa geldi, galyň bende talap tapylsa, ölerini-galaryny bilmän, işlemäge razy. Iki ýyldan soň gazançlary artyp, mazaly özlerini tutdular. Maly barlar-a mallaryny sürdi aga-ýana. Malsyzlaram ekin-dikin bilen gününi gördi, maldar maldaryň yzyndan kyrk ýylda ýetse, daýhan daýhanyň yzyndan bir ýylda ýetdi, ýyl gowy, bereketli gelse, ekiniňden hasylyňy bol alsaň, ana, sen baý. Baý diýilýänem hökman Karun kibi kyrk şähri gyzyldan doldurmaly däl, öz günüň özüňden geçse, dilegçilige gitmeseň, bergiň ýok bolsa, ýakynlaryňdaky garyp-gasarlara goltgy berip bilseň, ogluňy-gyzyňy öýerip-çykaryp, toýlaryny sowup başarsaň, türkmençilikde şoňa baý diýilýär. Daýhanlaram artdyranja pullaryna mal edindi, sürä öwürdi, çarwalara goşuldy, Nurgarabaýyr durşuna mal bolup ýatyr. Indi başyňa başga bir bela inäýmese, bärden göçüp gidesiňem geljek däl, bereket tapan ýeriňi taşlap, nämüçin gitjek? Üçini şol – Watan üçin. Ýürekleriň iň töründe şol maksat – Watana dolanmaly! Hiç-ýok, ondan sähelçejik bir habar eşitmeli, diýar häzir kimiň elinde, beýleki taýpalarymyzyň ýagdaýy niçik? Düňle ýaly ýaşap ýörme haýwana ýaraşar. “Iň bolman, Watanyň haýsy tarapdalygyny bir bileliň, Bagşy-sazandalarymyz toýda, köpçülikde aýdym aýdanda ýüzlerini şol tarapa edip oturdar ýaly. Biziň aýdymlarymyzyňam-sazlarymyzyňam owazy şol tarapa gitsin” diýip, Amanşa ili-güni bilen maslahatlaşyp, Watandan habar alaýyn, nämedir bir zatlar eşdeýin diýip, özi başlyklaýyn birnäçe ýigitleri bilen üç aýlyk harjynam horjunyna salyp, ýola düşýär. Sorag-ideg bilen Käbäni tapyp bolýar, soradylar-idediler, ençe ýollary sökübem, bilip bilenlerinem gelip, özleriniňkilere gürrüň berdiler, ol habarlar gulaklara şirin dessan, eneleriň hüwdüsi bolup eşidildi. Şol gezekden soň Amanşa han ýörite wekiller toparyny döretmeli, çykdaýjysynam hanlyk çekmeli diýen karara gelýär, şu wezipäni başaraýjak ýolda-yzda tutulyp, daşa daňlaýanda-da gününi görüp biljek zeberdest ýigitlerden topar düzüp, ýaşulyrak birinem olara baştutan belläp, yzygider ýola düşürmeli, Watan hakda, dogan-garyndaş taýpalar hakda maglumat alyp, duýşukly bolup durar ýaly. Edil şonuň ýalam tekeler Taklamekana sürlüp gelýärkäler, ýolda amatyny tapyp, bosgundan üzlüp galyp, şol ýerlerde mesgen tutunanlardanam habar almaly, olar bilenem hemişe bilşikli bolmaly. Toparam düzüldi, gitdiler, sagdan-soldan öz milletleri, ata Watanlary barada birgiden zatlary öwrenip geldiler. Ol habarlaryň şatlyklysam bar, hasratlysam. Has takygy, şatlyklysy az-da, hasratlysy kän. Aňsat-kynçylygyna garamazdan, bu wekilçilik işini hemişe yzygider ýola goýdular. Keselläp, deýleki edip, ýola ýaramajagyny başga bir oňaraýjak, şu işe gabyl adam bilen çalyşdylar. wekiller – ýat ýurtlarda nämälimlige çümüp, ýitip giden betbagt taýpanyň görgür gözi hem eşitgir gulagy. Amanşa han garrap, dünýeden ötenden soň tekelere üç han baştutanlyk edýär, üçüsem hanlyga gaty höwes-dalaş eden adamlar, “Men geçäýsem, eýderem-beýderem” diýşip. Olar bu işi oňarjakmy-oňarmajakmy, oňa seredenoklar, han bellense, bolany. Höwes etdiler, dyrjaşdylar, ýer astyndan pirim baryny gurnap, gezek-gezegine hanlyk wezipäni eýelediler, birnäçe ýyllap dürsi ters, tersi dürs edip, mesele çözdüler. Olaryň gol gaýgysy özleri, öz tireleri, beýlekileri keseki saýdylar. Ýogsa-da akyl okarasy diňe öz tiresine zordan ýetäýjek adama ýolbaşçylyk ýetse, şeýle eder-dä, ondan aňryk onuň düşünjesi ýetenok ahbeti. Sen hernäçe içinden getiren mekir-melgun bol-aý, kimi aldasaň-da, durmuşy aldap bilmersiň, şeýlelikde olaryň hanlyk süren döwri durmuş pese gaçyp ýanyny ýere berýär, günüň-güni eşidýäniň şumluk. Gowy habar eşidilenok. “Honha, hanyň inileri, daýylary-ýegenleri, tiredeşleri ellerinden gelenlerini edişip ýörler, hanam olaryň towugyna tok diýenok” diýip, dynman gürrüň edýärler. Hanam olaryň öňüne taýak atmadan geçen, gaýta “Men barkam edeniňizi ediň, meni arkalanyp, özüňizi tutuň” diýip, özüniňkilere gylaw berdi. “Müň işçiden bir başçy” diýleni, herkim-herkimden ýolbaşçy çykaýýarmy, oňarmasaň, iliň çökýär, açlyk-horluk, gymmatlaşyk... dert gyt däl-dä, garaz. Biriňi iki etmek-ä beýlede dursun, adamlar Amanşa han döwründäki derejesinem saklap başarmadylar. Dagly gyrgyzlar, täjikler bilenem häli-şindi garpyşyldy, öriniň, serhet-çägiň üstünde. Munuňam sebäbi düzüwli başyň ýoklugyndan. Nurgarabaýyrda ýüz ýyldan gowrak ýaşaldy. Nesil yzyna nesil çalyşdy, emma ata mekan ýatdan çykanok, Watan söýgüsi gandan gana geçýär, arman, oňa ýetme barmy, hiç-ýok bir sere golaý süýşmeli welin, süýşmeli. Häzirki ýaşaýan ýerleriniň-ä berekedi göterildi, esgi bilen süprülen kibi. Edil ähli günäni hanlaryň üstüne atyp bolmaz, başga-da tebigy şertlerem tesişe sebäp bolandyr. Agyr illiler öz düşen hallaryna gussa batyp, kellelerini tutanlarynda bu betbagtçylyklarynyň düýp köküni eziz Watandan düşen jydalyklaryndan gördüler. “Ýogsa-da, kesekileriň ýurdunda bal güne batmajagyň belli zat-la” diýen netijä geldiler. Ýapyna-ýagdaýyna bakyp, ýuwaş-üuwaş diýar tarapa süýşiberdiler, mallaryny, juda bir göze düşübermän, esasan, şol tarapa sürdüler. Syrderýanyň boýundaky Gaýrakgum çölüne baranlarynda, hamana, öz Garagumlaryna baran ýaly bolşup begenip, täjikleriň mesgenindäki Şähristan çöketligine baranlarynda “Ýşulularymyz aýdardy, Hywanyň Içangala diýip, zyýarata barylýan ýeriniňem gadymky ady Şähristan, ýöne birzamanlar bizde-de öz Şähristanymyz, Şähryslamymyz, Şähribossanymyz bar eken – dessanlarda waspy ýetirilen” diýşip, hakydalarynda galanlary ýatlap, gözlerine ýaş gelerdi. Hakyky Şähristan özleriniňki bolmaly diýip ynanýardylar, hawa-da, ýeke sapar görmeseň-de özüňki gözüňe üýtgeşik görünýär. Türkmeniň ata Watanyny ýeke sapar görmeseler-de, olarda türkmen gany aýlanýar, türkmeniň gaýratly häsiýeti saklanýar. Erkekleri, garaz, baran ýerlerine göräräk eşikleri üýtgeýär, bir ýerde keçe telpek, bir ýerde çüri telpek... Emma gelin-gyzlarymyzyň lybaslary welin hemişe öz asylky durkuny saklapdyr. Indi üç asyra golaý düýp mekanlaryndan jyda düşen bu bosgunlaryň özlerinde saklap galan zatlarynyň iň gymmatlysam – öz ene dilleridir. Yzy öňe, öňi yza düşüp, çalşyp, hakyda bulaşyp, gelýän ýatlamalary şu ýere ýetip, aýňalanda Keýmir agyr ukudan açylana döndi, ýogsa bütin gije gözleri çirimem etmändi, arasynda pökgeren-ýellenen gabaklaryny zor bilen ýumup, indi ýataýyn-a diýip, özüne şunça basalyk berse-de, peýdasy ýok. Belki, adamda aram-aram şeýle ýatylmaýan ukusyz gijelerem bolmalydyr-da. Ýa-da şol kakasy Hojanepes batyrdan, Atasy Penjeli pälwandan, babasy Döwletmämmet Düýegöz handan, ilde-günden eşdenlerini gaýtadan ýatlap, geçmiş wakalarynyň içine boýy bilen çümüp, dünýäni unutmagam ukynyň bir görnüşimikä? Olam ýa ukudyr, ýa düýşdür. Adamlar hatda ömrem düýşe meňzedýärler-ä. Keýmir bu gije çigillem köwläp geçirenine birjigem gynanman, gaýta, hakydasyna bökderilen ümür-dumana gaplanan birgiden ýatlamalardan uçlyp gözledi, sansyz soraglaryna – jogap. Şol dörjeledi ýatdy, dörjeledi ýatdy, hany uçlyp, hany matallaryň çözgüdi nirede? Teýmirleň tekeleri Taklamekanyň Täterim diýen ýerine sürgün edeninde hem jeza bermek üçin, hem olaryň öz geçmişlerini ýatdan çykartdyrmak üçin şu kellä gelmejek aýylganç temmini oýlap tapypdy, eger millet geçmişini unutsa, onda onuň geljegi hem ýokdur, şeýmek bilen Demir agsak özüne garşy çykan agyr illileriň geljegini ellerinden almagy, şeýtmek bilen irde-giçde olary öz hataryna geçirmegi göz öňünde tutan eken. Emma il içinde ýörite iş edinip, geçmişi inçeden yzarlagyç adamlar bar, halk geçmiş taryhynyň gürrüňlerini şolaryň dilinden eşidýär. Keýmirem şol gürrüňleri ölemen muşdagy, huşy metda janköeri, ýatkeşlik meselesinde pugtumal, bir eşdenini ömürylla ýadyndan çykaranok. Tekeleriň öz geçmişlerini yzygider aýdyşyp, nesilden nesile geçirmegi, amaşa tiresiniň şejere depderini yzygider ýöretmegi bu belanyň öňüni aldy. Geçmişiň sahypalaryndan çen tutup, bilgiçler, gurrandazlar ýaly geljegiňi okap oturmaly, aňly adamlar şeýle etmegi başarýar. Taryhy wakalar ýatlana-ýatlana, goşulyp-aýrylyp, ýülmenip, rowaýata-dessana öwrülip gitse-de, hatda käsi toslamaly ertekä meňzese-de, olaryň astynda inkär edilmesiz çuň hakykat ýatyr – duşmanlar tarapyndan her hili ýollar bilen şol unutdyrylmak üçin enesini-atasynam tanamaz ýaly jan çekilen pajygaly taryhy hakykat. Keýmir öz-özüne sorag berdi: --Teýmirleňiň garşysyna çykan Aman hanyň milletini ýedi däl on dört pyşdy bilen şu ýagdaýa sokup, itiň ölen ýerinden çykartdyryp, munça görgüleri başlaryndan indermekden başga ýoly ýokmudyka? Elbet-de, bardyr. Tapsa-da bolar, ýöne ol “Uruş ýatansoň, batyr köpeler”-e, sakal ezmejek soňky tüýkülige barýar. Şu mahal şol geçmişi ýatlap, öz-özüme sorag berýärin – boýun gaçyrman, meýletinlikde, lepbeý, tagsyr diýip, Teýmirleňe goşulyp, nirä diýse, gidiliberlende nähili borduka? Iň bolmanda, yzyňdakylar aman galmazmydy, dogduk depe durmazmydy aýaklarynyň aşagynda? Bu dünýä ömürlik gelen barmy, betlagam emirem ahyry ajaly ýeten güni öler gider, bar zat üýtgär, ýene öňki-öňkülik. Ýurduňa gaýdyp gel-de, otur. Özüňden güýçli bilen dalaşmak akmaklyk dälmi? Görogly hernäçe daglara haýbat atyp, azm ursa-da, baryp maňlaýyny dag-daşa uraýanog-a. Olam ýeri gelende, güýji asgynka “Gaçyşym bar, kowuşyma bermenem” diýýär-ä. Ejizkäň, gaçmak, beladan sowulmak utanç däl. Mertsiräp, özüňden güýçlä topulmak – akmaklyk. Öz başyňa özüň ýetýäň, görnüp duran zat. Görogly begiň “Menem bu uruşy itden öwrendum” diýýäni – gaçmak, gaça uruşmak. Çöl içinde gaça uruş alyp barmak türkmenleriň ganynda bar-a. Düýbi boş gözsüzbatyrlykdan, bipeýan çozuşdan peýdaly gaçyş ýeg dälmi nä? Aslynda, işbu dünýä çyn bilen ýalan gatylyp ýaradylypdyr, gerek çagy tilkiniň sapalagyndanam, ýalanyndanam bişeýkel galmaly däl, “Başyňa ölüm howpy düşende, iki sany gan algylyny ýaraşdyranyňda, iki gudanyň bişen nikasy ýersiz-ýere bozuljak çagy ýalan sözlemäge şerigatda-da rugsat berilýär diýip, aýdylýan söz bar-a. Tekeleriň şol mahalky düşen ýagdaýlaram ýaňky söze laýyk gelýär-ä. Ak düýäni gördüňmi-göremok etmäge ýetişmeseň, eneň ýagşy, ataň ýagşy, sen ikisindenm ýagşy diýip, ýalan-ýaşryk, sypaň-serpeň bilen ugradyp goýber-dä, gitsin öz ýoly bilen, ýoguny çekip. Emma agyr illiler Aman hanyň baştutanlygynda “Maňlaýyňa ýazylany gyrlyşykmy, ýazgytdan çykma ýokdur, başa bela geldimi, onda eliňe ilki ilen zat seniň ýaragyň. Ber depesine muşdy. Sünç kükregine hanjary. Uruşda çyn-ýalan ýok. Kim güýçli bolsa, şonuňkam çyn. Gowurgany dişli iýýär” diýip, bu ýoly saýladylar. --Men näme üçin bu günki gün öňki eždatlaryň kylmyşlaryny hile bir seljeren kişi bolup otyryn-a, beýle etmäge hakym bir barmy? Kim berdi maňa beýle hukugy? Özümi şolardan has akyllydyryn, ugurtapyjydyryn öýdýärinmi ýa? “Ataň zak, eneň zak, nirden dogduň beýle ak?” diýen gürrüň bar, bolup bilsem, menem şolaryň dowmydyryn-da, üýtgeşik ýerim ýokdur. Ine, häzir biziňem alnymyzda-da şolaryňky ýaly ýowuz, agyr täleý ýatyr, ata-babalarymyzyňkydan ýeňil däl, biz näderis, eger häzir maňa sala salynsa, neme etmeli, sen aýt diýseler, men näderin? Ýa bar aýtjagym zypberdini bermekmi? Päh-eý! Urşup gaçdyň nä, şeýle gaçdyň nä? Şol öňkä barar-da. Ýurduňy taşlap, gaçyp gitjek ýeriň nire? Tersine, biz häzir ýurda gaýdyp barýas, hany, sen aýt, nämeden başlamaly? Watana aşmak üçin näme etmeli? Öňüňde gujagyny açyp, ýazlyp ýatan göni ýol barmy? Kim seni üstünden geçirjek? Ilem edil özüň ýalydyr-da. Hywadan sypsaň, alnyňda Eýran dur, Köpetdagy, Garagumy, Hazary parslaram öz mülki saýýar. Olaram bu mekana beýleki eýe çykýanlar bilen deň dawagär. Goşun çekip, döwüşseň, ýene sen asgyn, sen dur, men öleýin diýip arkaňda durjak demi dag ýarýan başga döwlet hem-ulus hem ýok. El kesip, ýalbaryp, dileseň, halyňa ýüregi awajak ýok. Özüň aglarsyň, özüň goýarsyň. Beýle parasatly-pähimli dana bolýan bolsaň, tap-da şu matalyň çözgüdini. Müşgilmi? Hawa, öz başyňa düşende kyn, töweregiňi garanyberýäň, kim näme aýdarka diýip. Keseden akyl satan ýaly däl. Bu sowallaryna Keýmir häzir düzüwli jogap tapyp bilmedi, kellesi ýöne güwläp dur, ýene bir sähetli güne goýdy, bir gezekde çözüljek matalmy bular? Ýöne ilik-düwme çözülmeli wagty welin hökman geläýmeli, başga alaç ýok. Durmuş öz akymy bilen ajy-süýji wakalaryny itekläp, ahyry şu meseläni-de öňüňde keserdip goýýar. Şonda welin najadyňa çynlakaý garamalysyň, ýaýdanmaga goýmaýar. Ýene-de çözmeseň, onda ýata suw ýaly ardap, ýatyberýäň bir ýatan ýeriňde, nemi orany Hudaý ursun diýip. Şeýle-de ýolda-yzda, onda-munda, ornap-göçmede iki asyrdanam gowrak jebirli, hijranly ömür geçdi, iki aýgyňy bir gonja dykyp, gyssap, howlukman. Ol başdan geçirmeleriň-wakalaryň ýatda galanam bar, unudylanlaram. Unudylan ýyllar gara köýük bolup, tütäp gitdi – al asmana. Ýöne asmandan inen ýagyşlara garylyp, gözýaş bolup, perýat bolup aşak indi, ol pygana kim düşüner – ata Watanyndan jyda galanlar düşüner. Ukusy tutman, Keýmir hyýalynda ýene geçen gowgaly taryhyň çuň gatlaryna çümdi, eşidenlerini-okanlaryny-bilýänlerini aňynda aýlady, ynha, wakalaryň dowamy onuň gözüniň öňünden kerwen gurap, hatarlanyp geçip dur. Horjunlary ýüklije kerwen, geçmiş wakalaryndan mas dykalanan. “Üsti ýükli düýeleriň gerşinden un elegem asma!” diýen gürrüň bar. Un elekde agram barmy, ýöne şolam göterip biljek ýüki urlan düýelere agyr düşýär diýildigi. Keýmiriň hyýalyndaky ýatlama kerwenem şol derejede ýüklenen. Ol kerweniň hatarlanan erkek-inen düýelerine geçmiş ýüklenen, onsoň agramynyň näçeräkligini çak urup biliberiň öz ýanyňyzdan. Zyýansyzdyklaryny görüp, degmedige degmeýänlerini bilip, tekelere Samarkanda, Daşkende çenli süýşmäge ejaza berildi, ýer berilmedi. Olar mallaryny bazara çykaryp, biraz arzanrak-elýetrräk bahadan satansoňlar, nyrh gözgörtele aşak düşüp, ýurtlarynda arzançylyk başlandy, öz satýan harytlaryna-da alyjy köpeldi, söwdalary rowaçlandy, bulam ýerli millete hoş ýakýar, bir ýerlerden çykan çarwa türkmenler olaryň gözlerine ýakymly görnüp ugrady. Ilki Samarkanda geldiler, äm-säm, it eýesini, pişik bikesini tananok, teke kim, beýleki kim, her kim öz derdi bilen. Aslynda-ha bulary bilmesine Gur Emir aramgähinde süýnüp ýatan Teýmrleň bilmeli, olam etjegini edip, hiç zat bilmediksiräp, gabrynda aýagyny uzyn salyp ýatyr, meni urany Hudaý ursun diýip, ol ölüp, ähli kylan günälerinden dynaýandyryn öýdýär. Dynaýdymyka? Gabyr azabyny hasaba almanyňda-da, yzynda gargap ýörenleriň nalyşy ony gabrynda rahat ýatyrýan däldir. Ýöne onuň başujuna baryp, ýagşy dileg edip, el galdyryp, doga okap ýörenlerem bar. Ýeri, muňa näme diýjek? Köpçülik-dä, Teýmirleň ölüpdir diýen habar çykan güni halkyň içinde gözünden ýaş döküp, çyny bilen ses edip, aglanlaram bolandyr. Başda aýdylyşy kimin, adamlar geçmişi unudagan. Adam unutsa-da, adamzat bir unutmaly däl-ä! Suw getiren bilen küýze döwen deňleşjek bolsa, onda adamzat heniz öz kämilligine ýetmändir, tä kämilligine ýetýänçä, Teýmirleň tetelliler welin dörär durar, dörär-de, adamzady öz-özüne gyrdyrar, işbu dünýä ot berer. “Ölen adam hakynda ýa-ha gowy zat aýtmaly, ýa-da hiç zat aýtmaly däl” diýilýär. Ýöne bu gürrüň adam hakynda. Emma Teýmirleň ýaly adamzady gyrygyna beren, itiň günündenem pes ýaşamaga mejbur edenlere degişli däl bu söz. Sebäbi olar dirikä-hä zat aýdar ýaly däl, heniz aýtmankaň kelläňi kakjak bolup dur, zat diýdirermi ol. Onsoň ölensoň bir ony aýtmaly bolar-a. Etjegiňi edip, soň sypmaly diýlen zat ýok. Ol teteli lagnatsiňenlere ölümem, dowzaham az ýaly bolup dur. Alla dowzahdanam aýylganç bir zadyny tapmaly eken. Ol haramzada dowzaha barsa-da dek ýatmaz, şol ýerde-de bir zadyny tapar. Seniň öz çagalaryňy kerçäp, öýüňi otlap giden haramzadanyň günäsini isleseň geçirip bilersiň, ol her kimiň özüne bagly. Emma ol tetellileriň tutuş adamzadyň öňünde eden etmişini geçirerçe sen kim? Hudaýmy? Bagyşlamaga hakyň ýok, ol hukugy kim saňa berdi? Ölüp giden adam hakynda erbet söz aýtmaly däl bolsa, onda dirikäň Teýmirleň tetellilere meňzäp, etjegiňi edip, öleniňden soňam hiç kimden garaw ýetmejek bolsa, onda hany adalat? Tekeleriň içinde köpbilmişräkleriň biri içi güjükli gep tapdy: “How, millet, Samarkanda aýlanyp, zyýarata barylýan ýerleriň hemmesine aýlandyňyz, ýöne Gur Emire barmadyňyz-la?” . Her ýerde dürli wagt atalar sözleri, aýtgylar döräp durýar. Ýaňky sözi eşden batlaryna hemmesi diýen ýaly bir agyzdan Teýmirleňe gönükdirip: --Täterimiň teýine gitsin, haram leňkebut! – diýşip, gargyndylar. Şondan soň türkmen dilinde “Täterimiň teýine gitsin!” diýlen jümle aýdylyp ugraldy, nämedendir-kimdendir doly geçilen ýagdaýynda dile getirilýär, ol erbet gargynç hasaplanýar. Boş ýatandyr-taşlanandyr öýden ýerlerine baryp, sygşyp bilenleri ýerleşdiler. Galanlaram ýer gözleginde sergezdan. Hernä, gyrgyz ýaşulylary bosgunlykda ýören tekelere ýakyn duraýdular, Yssykkölüň ýanyndan özlerine degişli ýeri mülk edip berdiler, hiç kimiň hiç haçan ýer dawasy bolmasyn diýip. Bosgunlaryň köp bölegi şol tarapa döwtalap ýöneldiler, mal üçinem, ýaşamak üçinem ýene şol ýer kem däl, gazak-gyrgyz bilenem zandymyzda daýy-ýegenligimiz bar diýip. Galanlaram başga nirde sähralyk, daglyk boş ýer tapsalar, şoňa garşy mallaryny sürüp, kem-kemden ornaşdylar. Herhal hemişe dürli ýagdaýlara uýgunlaşmaga werziş türkmenler bu ýerde-de ýaşaýyşyň hasabyny alyp, günemalaryny dolap ugradylar. Syrderýanyň baryp-ha aşak akymlaryna, Zerewşan hem Amyderýa boýlaryna, bir ujy Aral deňzine, Kerki töwereklerine ýakynrak ýerlere deňiç tekeler pytrady. Näçe pytradygyňça-da güýç gowşaýar. Şeýlelikde, işbu dagnyklygyň horluga-tozgunlyga eltjegi gümansyz. Biwatan millet öýsüz-işiksiz diwana ýaly-da. Zyňlan kesek olara degýär. Hiç-ýok, her zat etmeli welin, olaryň başlaryny bir birikdirmeli. Birden iki ýagşy, azdan-köp ýagşy, geňeşi dogry tapyp, onsoň köpüsi Kermene dagynyň daş-töweregindäki giň sähralara kem-kemden ýygnanýarlar, elbet-de, özara aýdyşyk-gepleşik boýunça. Özbaşlaryna bir teke begligini döredýärler, girim-çykymy, ýol ýörelgäni tertip-düzgüne salýarlar. Goňşy oturan beýleki milletler bu päli pes, öz hakyna kanuw, degmedige degmeýän teke-türkmenlere yzygider hemmetaraplaýyn garaşyk edýärler. Entän çagyň özge milletlerden hemaýat tapmak, gör, nähili bagt, betbagtlygyň bagta öwrülýär. Kim bilýär öň haçandyr bir zaman öz ile eden ýagşylyklaryň gaýdyp gelýän bolmagy-da ahmal. Şonuň üçin goluňdan gelýärkä, ýagşylyk edip, derýa atyp goýmaly. Balygam biler, Halygam. Halkam. Adamzadam. Aýagyň belli bir ýerde orun tutsa, işiň oňlap, halal gazanjyň gözi tünegiňe tarap şillirdäp, akyp ugrasa, onyň onyňa, munyň munyňa ýetse, endamyňa suw ýaýraýar, gursakda täze arzuwlar döräp, ýaşaýşa höwesiň artýar, bagt diýilýän zat hiç-ýok, arzuwyňda-umydyňda bir bolsaýdy-da, çarhy-Pelek arzuw etmäge bir goýsaýdy-da adam pakyry. Kermenede tekeleriň ýene bol suwa, oty dyzdan sonarly örä gözleri düşüp, rysgallary açylyp, ýazlyp-ýaýrap, bösňäp ugradylar. Goňşulary bilen oňşukly. Işleri şowuna düşüp, eşretli ýaşaýyş barada eden arzuwlary azdan-azdan hasyl bolup başlaýar, her kim ölerini-galaryny bilmän, günemanyň ugrunda jepa çekýär, soňuny görüp gelen barmy, eginleri bitin, garynlary dok, tüýs ballarbap diýilýäni, aý, galanam näme assa-ýuwaşdan amala aşyberer-dä. Herniçikdir umyt bar – Pelegiň çarhy oňatlyga tarap aýlanýandyr-a. Ahyrzamana tarap dälmi? Aý, ahyrzamanam bolsa bardyr, ýöne gaty uzak zamanlardadyr. Entek häzir-ä Pelegiň ümzügi gowluga tarapdyr. Her kim bir akyla gulluk edýär, gözi ýoguň ýüzi ýok diýip, aňrydan gelişlerine Owganystana -- öz garyndaşlarynyň arasyna geçip gidenlerem tapyldy, tä Hyrada, Hindistanyň serhetlerine deňiç. Hernäme diýseň-de, çarwaçylyk-da, başly-barat, ýaýraw giň, herhal, garynja gatnawy ýitenok, gelin alyş-beriş bar. Samarkanda, Buhara gidip, okap, bilim alyp, Hasym şyh, Seýis ahun ýaly alym kişiler döräp, özleriniňkileriň arasynda ylmy düşünjeleri ýaýradyp, çaga okadyp başlanlar bar, halk ylym-bilim-düşünje tarapa ýykylyp, gözleri açylyp, beýnileri-gözýetimleri giňäp başlady, diňe din-yslam tarapdan däl, ylmyň başga ugurlardanam. Ylymlaryň-bilimleriň magdany diýlen şäherlere öz aýagyň bilen gelip, köwüp, alyp bileniňi alyp bilmän, boş çykmak bagyşlanmaz külli günä. Heý, ylymsyz halk bilenem ylymly halk deň bolarmy? Tapawut ýer bilen gögüň arasyça. Meger, ondanam uzakdyr. Gözli bilen körüň parhy ýaly-da. Hasym şyh, Annamyrat, Döwlet goňur, şol döwrüň ahunlary. Hasym şyh: “Meniň adymy ýanymdaky ahunlar bilen bile tutuň” diýip, sargapdyr. Hülle sopynyň oratnjy ogly Hasyma şyh diýilmegi ylmy mugjyzasy üçin, ol amaşalardan – Amanşanyň neberesinden, rowaýata görä, günleriň birinde Samarkantda ony okadýan piriň göwni gyşyň doňaklygynda gawun küýsän, sopularyň hiç haýsy bütin Samarkant şäherini aýlanyp, ýekejesinem tapmansoň, synag gezegi Hasyma ýetipdir, ol oturan ýerinden penjiräni açyp, elini daşary uzadyp, emgenmän, gawun alaýypdyr. Elbet-de, bu – rowaýat. Ýöne şol rowaýat Hasym şyhyň ylym derejesiniň nirelere ýetenini görkezýär. Halk şeýle aýdylanda hakykata gowy düşünýär, şonuň üçinem rowaýatlary ýatda bekläp, asyrlar boýy aýdyşyp gelýärler. Ýa, ine, Buharada ylym alýan Seýis ahunyň damyllalary hemişe öwüp, dillerinden düşürmänsoňlar, onuň ylahy zehinine göriplik eden talypdaşlary, üstünden gülmek üçin, aldap, diri adamy bildirmän, oýundan palasa dolap, Seýise jynaza namazyny okadypdyrlar. Hatarlanşyp, jynaza duranlar çylkasyz gülkülerini zordan saklaýarmyşlar. Seýis olara “Pyňkyryşyp oturmaň-da, öliňizi jaýlaň!” diýýär, palasy açyp görseler, ýaňky ýoldaşlary, hakykatdanam, demi gelmän, ölüp ýatyrmyş. Şondan soň tomaşany gurnanlar ýakalaryny tutup, toba edip, Seýis ahuna hemmeler boýun bolanlar. Bu rowaýaty wakalar XYII asyryň ikinji ýarymyndan soňky gürrüňler. Wah, sähelçe yş açylsa, halkyň içinden zehini daş ýarýanlar çykjak-la. Zehin ýokardan, eýe çykmak aşakdan. Türkmenlerem ol ylahy zehinden kemrysgal däldirler. Teýkarynda öň tutuş Horasanda, Eýranda, Turanda, Arap-ajamda ençeme asyrlap ylmyň-bilimiň-magrypetiň ösmegine daýanç bolanlar olaryň ata-babalary – saltyklar dälmi näme? Zehin bir adama berilse-de, onuň rehnedi uly ile, soňky nesillere degişli, şonuň üçin göriplikden-u nadanlykdan, pidullykdan zehinliniň arabasynyň tigrine agaç sokýanlar, bilsin, olar düşünip-düşünmän, bir adama däl, tutuş halkyň rysgyna hyýanat edýärler, olar bir zehiniň däl, halkyňam, Hudaýyňam ganym duşmanlary, Allanyň ýere iberen zehin peşgeşine kast eýleýär, galyberse, özüne, öz neberesine, ýedi pyşdyna zyýan edýär, ol – günäleriň gabahady, bagyşlanmasyzy. Beýle çökder agyr günä edýänler özleriniň ikuçsyz dowzahylygyny, tamug odunda ýanjakdyklaryny belli biläýsinler. Ylym-düşünje bir çyzykdan ýokary geçensoň, göribi, duşmany köpelýär, özlerinden güýçlini gabanyp, yzarlanşyklar, ýanamalar, sütem başlandy, yzlaryna adam salyndy, agzyňdan her çykan söz hasaba alyndy, çawuş köpeldi, indi bärde durarlyk ýok, ýöne ýöräre ugur hany? Olar üç ýüz ýyldan köpräk wagtdan bäri Watany ýüreklerinde göterip gezdiler. Jyda düşülen mekan yrak, onsaňam kim seniň aýagyňy sekdirjek ol ýerlere, şu halyňda saňa bir ýetdirýäni sergezdançylyk, mysapyrlyk, horluk. Astarakdan-astarakdan ümzük şol tarapa. Hasym şyha Kermenede medrese gurup berýärler, her işi Hasym şyh bilen maslahatly edýärler. Ölensoň Hasym şyhy öz medresesiniň içinde jaýlaýarlar. Ol medrese soňlugy bilen Buhara emirliginiň zyýarat edilýän ýerine öwrülýär. Hasym şyh Amanşanyň bäşinji arka nesli – gowlugydyr. Ogly Göni altynjy arka, Şyh ýedinji arka. Hasym şyh Ganly şyh kowumyndan. Hasym şyh ölenden soň 25 ýylda Kermenede syýasatlar, düzgünler üýtgäp, algyt-salgytlar artyp, ýurtda durarlyk galmaýar. Şoňa görä Kermene dagynyň çäginden çykmaga mejburylyk döreýär. Olar Kermene dagynda 70 ýyl, Nurgarabaýyrda 100 ýyl geçirip, ýene Lebap üsti bilen Kelif, Uzboý taraplarynyň ýokary akymlaryna göçüp gitmegi müwessa bilýärler. Uzboýyň gaýra taraplaryna ýerleşýärler. Ekin-tikin rowaçlanmansoň, talap gözläp, Owganystana ýaýraýarlar, Mazaryşerife, Gandagara, Akjasybyrgana, Anthoýa (Türkmenler-ä oňa Antguýy hem diýäýýär, hakykysam şoldur, çünki gadmlardan bäri ol türkmenleriň mesgeni) ýaýraýarlarlar. Talabançylyk edýärler, söwda-satyk bilen meşgullanýarlar. Ulamalar maslahat edýärler, çarwaçylyk üçin, ekerançylyk üçin amatly ýer gerek, hem ata Watana golaýlar ýaly. Watan küýsegi ýedi arkaňdan ýetmiş arka deňijem ýürekden çykanok. Nädip çyksyn, Watan diýmek ýürek diýmek ahbetin! Tekeleriň ol ýerlerden göçüp gaýtmagynam Hasym şyhyň sargydy bilen baglanyşdyrýarlar. Ýagny Hasym şyh “Meniň tabydymy Zerewşan derýasyna atyň, eger ol aňrysyna ýüzüp geçse, onda sizem Watana tarap gidersiňiz” diýýär. Tabyt geçensoň, tekeler ol ýerden göçüp gitmeli diýen karara ymykly gelýärler. Nirden gelýänini bilmeýän, nirä barýanynam bilmez. Keýmiriň öz halkynyň taryhy bilen gyzyklanyşy ýürekden. Aýratynam, babasy Döwletmämmet Düýegöz agalar tekeleriň dört-bäş asyrlyk şejeresini ýöredip gelýärler, depdere ýazyp, atma-at, ýyllary, ýer-ýurt atlary bilen. Düýegöz ady babasynyň lakamy, düýä meňzeşräkdir-dä elbet-de. Düýegöz han köp dil bilýär eken, Keýmire-de şol ukyp babasyndan geçýär. Öz giýewi Hojanepes batyry ýigitleri bilen ilçilige ugradýanam şol han. Belli Watanyň bolmasa, belli salgyň neýlesin, bir gün arapdan, ýene bir gün şarapdan çykýarlar. Esasanam, öňe düşýän ýaşulylar. Hojanepes batyryň ilçiler-ä baýaky, her gün ýolda. Keýmir ýatlamalarynyň arasynda göwün ýüwürdip, içini gepledýär: “Nesip çekip, taýpalarymyz birigip, bir halka öwrülsek, döwlet gursak, her kesiň ile-güne, halkyna, ýurduna ýamanlygy ýetmez ýaly ündew alnyp barylsa, ýaşuly kethudalaram, molla-müftilerem uluda-kiçide şol edebi terbiýelese, ýüzňe sylaýmaly millet emele gelerdi. Hiç babatda-da döwrüň-dünýäniň ösüşinden öz milletiňi yza galdyrmaly däl. Öňe gitmek üçin akyl-paýhas iň uly güýçdir, nadanlygam onuň öňünde duran iň güýçli garşylykdyr”. Bu diýdigi hem-ä arzuwy, hemem öz-özüne berýän pendi-nesihaty. Keýmir ýene içini gepletmesini dowam edýär, özi sowal berýär, jogap berýänem özi: --Watan diýilýän ýeri gören ýok aramyzda, ýedi arkamyzda-da ýok, görenimiz sergezdançylyk. --Özüňkini görmeseň-de, illeriňki-nä söküp bildik, ýagşysam bar, ýamanam. --Ajaýyp ýurtlar kän, ýöne tozap ýatan çöl bolsa-da, özüňkä taý geljegi ýokdur! Adam üçin iň ýakymly ýer öz mesgenidir, mesgende-de iň ýakymlysy öz öýüdir. --Ýakymly diýenim bärden gaýdýar, Watan – bu uçmahdyr, behiştdir, sekiz jennetdir. --Dowzaham bolsa, men Watany saýlaýan. Watanyň zaryny çekýän. Topragyny bir gözüme sertsedim. Göwnüme kör gözlerimem açylaýjak ýaly. Keýmir özüne sowal berdi “Watan diýip, sürüp otyryn ony ýeke gezegem göremok, aýagymy sekemok. Ömrüňe bir gezek görmedigiňi nädip söýüp bolýarka? Gyza bir göreňde aşyk bolunýany öz başymdan geçdi, oňa belet. Ýer ýere gurbanmy? Bolup bilse, beýleki ýerler ýalydyr-da. Onda näme gije-gündiz ýüregim böküp dur?”. Öz sowalyna özi jogap tapdy “Näme Hudaýy görmän aşyk bolunýar-a, Watanam şonuň ýaly-da!”. Gul myrady – gaçmak Tükeniksiz goh-galmagallar, bela-beterler diňe maňlaýygara Ymamguly possunçynyň tünegindemi näme, dünýäniň özi tutuş gowga, uruş-jenjel. Her kim özüniňkä kanagat etmän, kişiniň ryskyna gözüni dikýär, aldaw bilen, hile bilen, biri beýlekiniň çeýnäp duranyny agzyndan çykaryp aljak. Mekirlige per bermese, onda güýç bilen, ýarag bilen, gylyç bilen, naýza bilen... Zady bolsa zadyny almaly, malyny sürmeli, ýokmy, özüni bala-çagasy bilen atyň öňüne salyp, alyp gitmeli, urup-ýenjip, gul-gyrnak edip satmaly. Dünýe ýaradylaly bäri gün güýçliniňki, gowurga-da dişliniňki. Diňe adamlar däl, döwletlerem şonuň pisint. Aý, şu meniň kyýamatlyk goňşym-ow, azary-bizary ýok-ow diýjek däl, maý tapyldygy, üstüne dökülip, gan çaýkajak, talajak, ýurdy özüne bakna etjek, halkynam ýer-ýesir. Gul-gyrnak diýilýäniňem hukugy malyňky bilen deň, eýäň seni urubam bilýär, öldüribem, naharlabam bilýär, naharlamanam. Onsoň aglajyk millet bolsaň, üstüň elmydama diýen ýaly depeşek. Birinden dyndem diýseň, ikinjisi. Üçünjisi, onunjysy, müňünjisi... Hiç tükeniksiz. Duýulman durka gök gürlän deý Abywerdiň şum bagtyna Hywadan agyr ýagy geldi, san-sajaksyz, rehim-şepagatsyz. Ýagy Ymamguly possunçynyň Kelet dagyndan ilerdäki Destgir obasynam düýrläp-bagyrtlap, aşagyna saldy, hiç zatdan gypynç etmän, öldürenini öldürdi, gyranyny gyrdy, galanynam sürdi gul-gyrnak edip, düýe, mal-garasy, eşegine çenli. Bu gowga öýüňde aýalyň bilen yrsaraşyp-dawalaşyp, gydy-gydy edişip, tükezzibana tutuşyp oturan ýaly däl. Gürrüň gysga: “Düş öňe!” Şark-murk, döküldiler howla. Ine, erkek kişiniň gerek ýeri, ine, erkegiň erkekligini, merdi-merdanalygyny subut etmeli ýeri. Zeýtunyň sataşypdyr-da, öz är boldaýjysyna birinji gezek syny oturyp görüşi, ine, Ymamguly eline çem gelen ilki ilen zat bilen çykdy öňlerinden atylyp, ölüm bilen diriligiň iki ujuny deňläp, gaýtawula-beýlekä ýetişmedi, ýagy köplük, boýnunyň çykan ýerine salnan gylyç ýarasyndanam takga jan berdi, öýüne çagyrylman gelen “hywaly myhmanlara” özüni “söwüş” eýledi, teläriň aşagyndaky münjäniň töweregine sarkan gyrmyzy gany gyzyl ýaýyrt. Uruşda-gyrgynçylykda ynsan ömrüniň nyrhy bir siňegiň bahasyndanam ujuz. Kakasynyň yz ýany öýden atylyp çykan Nedirgulynam uzaklaşdyrman tutup, elini arkan bilen mäkäm daňan serbazlar Ymamgulynyň aýaly Zeýtunam tutup, ogluna baglap, alyp gitdiler gygyrdyp-bagyrdyp. Adamyň erki-ygtyýary elinden alynsa, sürüdäki maldan tapawudy ýok. Baý, çalt mugyra gelýärsiň. Aýdylanyny edeniňde, demligiňe degmeseler, kaýylsyň. Nirä diýseler, ýegedekläp, haýdaberýäň. Nirä? Nirä diýseler, şol tarapa. Hernä, beýleki ogly Ybraýym bilen Gyzsoňy daga mallaryna ot ýygmaga gidipdiler, özleri ýaly çagalar bilen. Olar bilinmän, ýagydan başybitin aman galdy, saçaklarynda çörekleri bitin eken. Akyllary çatandyr-da gowaklaryň biriniň içinde bukulyp oturmaga. Hywa ýoly ah bilen pygan, perýat bilen giden eňşeşik. Ilçilik – Ymamgulynam, garaz, öwlüýä äkidip, jaýlan tapylandyr-da, çagalaryny – Gyzsoňy bilen Ybraýymy daýylary ýygnapmyş diýýärler, aýaly Zeýtun bilen heniz öýerip ýetişmedik ogly Nedirgulynam sürüp eltip, Hywa şäheriniň gul-gyrnak bazarynda bilinden ýokarysyny ýalaňaçlap, satlyga çykardylar. Nedirgulynyň boýnunda kement, aýagynda öýde geýýän ýamak düşen çal gyýma balagy, näme çalşyrynmaga goýdularmy? Türkmeniň gyýma balagy ýeser, öňlügine geý, yzlygyna geý, parh edenok. Ogry-jümriniň içini tütedýän geýim, çünki, öýde geýilýän gyýmada keser ýaly jübi ýok. Çuň jübilisem bolýar, eýläk-beýläk çykanyňda geýilýän, dyzyň ýanlaryna çenli ýetýän guýy ýaly çuňňur kisesi bar, eýesi elini tirsegine deňiç sokup, içindäkini zordan alýar, onsoň ogry pakyr neýlesin? Elini onça soksa, duýlup, dersi soýlaýmajakmy? Nedirgulynyň jübüsem ýok, ýeke teňňesem ýok, onuň özi haryt, janly haryt. Gul eýesi ony peşgeş beribem bilýär, mala çalşybam, keýpi kellesinde. Bazaryň ortarasynda gol-aýagyň baglanyp, aç-suwsuz, güne çişip ýatanyňdan her iş edeniň gowy. Öň öýlerindekä iş buýrulsa, iküç diýdirmän etmeýän Nedirguly häzir özüni kimdir biri satyn alyp, iş buýursalar, gije-gündiz ýüwürmäge taýyn, häzirki ýagdaýyňdan iş janyň ujy. Çaltrak arzan-gymmat kim alarka diýip, gözüňi elek-çelek edip, öz satylaryňy diläp, zowzanaklap oturmaly. Kimdir biri satyn alaýanda-da, bahasyndan Nedirgulynyň özüne düşjek ýeke-täk şeýtel gara zähmet. Geljekde Eýranda şa tagtyny eýeläp, başyna tylla täç geýjek kişiniň bolup oturyşy-ha, mundakga. “Ha-haý, düýbi deşik dünýe! Görene göz-gülban ýtyşymy aýtsana, ýykyl, dünýe, bas meni, gözüm görmesin seni! Elbet, maňlaýymda bardyr-da, ýogsa owalynda adymyň yzyna gul dakylmazdy ahbetin” Ejesini biri, ogluny başgasy hyrydar çykyp, satyn alyp, öňüne salyp gitdi, söwdalaşyp durkalar, gepleşik mahaly özüni satyn alýanyň adynyň Allabergenligini bilip galdy, Nedirguly olaryň diline gowy düşünýär, öň hywalylar bilen iş salşyp görüpdi birnäçe gezek. Nedirguly oňa weýran dilegini saldy: “Allabergen eke, ejemem meniň bilen bile alaý-da, işigiňde dyrnagymyz bilen ýer peşäp bereli, itiň pohuny ataly, agzyňdan çykan sözüň ýekesini ýere gaçyrsam, kütek pyçagyň bilen damagymy tersligine çal-aý, eke jan?” diýip, şübela ýalbardy, etmedi, ýanynda arta-taşa sowgudy ýokdur-da, puly ýetmedi gerek. Allabergen eke aňrujy ýagdaýy bar bolsa, haýyşy bitirjege meňzeýär welin... Gul-gyrnak bazarynyň ortarasynda aglaşyp aýrylyşdylar, wah, arman, agydan ne peýda? Ýat ýurtda halyňa gyýyljak, ýüregi erejek barmy? Onda-da şu bazarda. Bärde tas her gün diýen ýaly şeýle waka, şeýle söwda, şeýle agy. Eneli-ogla ýüregi awan tapylmady, gaýta “Kes sesiňi, haram gul-gyrnak!” diýip, ikisine-de şallak iýdirdiler, bü-de öňki derdiň üstesine. Haý, Hywa-Hywa, sanajyňdaky eneň uny tükenäýdi gerek, bu gün eneli-ogla ganly ýaş dökdürýänsiň welin, seret-dä soň öz düşjek ýagdaýyňa-da. Birewe gahar-gazap inderseň, olam ýeri gelende jaýyna salýar, gazap birinden beýlekä geçip, şol köpelip gidip barýar, çöpden-çörden kän esse. Bejit bil, hasap-hesip diýilýän zat erteki gün saňa-da degişlidir, sypjak miltiň ýokdur, şonda nädersiň, Hywa-a-a??? Öz dökjek çym-gyzyl gözýaşlaryňam joşgunly sile dönäýmez-dä hernä? Hanyňyzdyr-wezirleriňizden başlap, ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşlyňa deňiç eňşeşýän agylarňyz ol arşy-aglanyň gara gapyrga tüýnüklerini şakyr-şakyr titredäýmez-dä hernä! Nedir – öýeräýmeli, işe ýaran deşli gul. Ýöne öýlenmek küje, beýleki küje, özüň-ä ýat ýurtda, onda-da birewiň golunda gul bolsaň, gyz-gelin ýadyňa düşermi? Aslynda, ol şu ýaşyna deňiç ol jyns barada oýlanmalydyram öýtmedi, şonuň ýaly kişiler bar-da, bu mesede göwni bir ýaly. Nedirgulyda-da ol duýgy indi oýansa, oýanar-da, entekler-ä gahar-gazap gaplap, dykyn alan ýüreginde yşk-baza ýerem ýok. Heniz bu mesele beýlede-bir gapdalda nobatyna garaşyp durubersin, nika gaýyp diýip, “Tomus öýlenjek gul ýaly”, “Guluň nikasy ýaly” diýdirip. Häzir oňa işletmek üçin berlen daýanykly öküzleri, kündesi, kätmeni-çarşagy bar, suwarmaly, tagta getirip, sürmeli ýeri belli, elli tanap çemesi, daň atandan tä itler uklynça iki egniňden gum sowrubermeli, gara deriňi saçalap. “Ýadadym”, “ajykdym”, “ýaramok” diýmesi ýokdan. Ýogsa Allabergen eke-de zalym kişilerden-ä däl, ýüregi ýuka, ajykdym-ýadadyma, ýapyňa-ýagdaýyňa biriçe düşünýär, haky bolsa-da, Nedirgulyny urduryp-ýençdirip ýörenok. Allabergen ekäniňem asly gul edilip, Hywa getirilenlerden. Atasyna Kalandar beçe diýýärler, ýaşajykka ýesir düşüp, mekgejöweniň gulpagy ýaly sary galpakly, sary gaşly oglanjykka Hywa hanynyň gözüne ýarap, köşke ýanyna alýar: “Han beçe emes, bu soltan beçe-ku” diýip, apalapdyr. Hyzmatlary üçin ulalansoň öýerip, öýli-işikli edipdir. Allabergen ekäniň elli tanap ýeri atasyna beçepaý berlen. Atasyndan diňe elli tanap ýer däl, beçe lakamam geçdi. Edil ýüzüne aýtmasalar-da, goňşy-golamlar olara Soltan beçeler diýýärler. Öz aslyna belet bolansoň, Allabergen eke ömriboýy egnigysyk ýaşady, onuň dözümsizligi, ýumşak häsiýeti, ýere sereibräk, utanyp gürlemesi, megerem, şol geçmiş sebäplidir. Gaçmaly welin, ýöne damjadan gaçyp, ýagşa uçraýmasaň, ýok gaçyp däl, zora duşup. Gaçmak heniz öňde, gaçyljagy ikuçsyz, şol ýolda ajal sataşsa-da, Nedirguly yza çekilmez. Nesip bolsa, amatyny aramaly, herki işiň güni-sagady bar. Häzir garaňky ýalam welin, üstünden baranyňda ýagdaýa has gowy düşünilýär. Ilki ejesiniň niredeligini anyklamaly, onuň saglygy neneňsikä, ýola-gaçmaga ýarajakmy beri, herhal, ony taşlap gitmek namartçylyk. Bu Nedirgulynyň etjek işi däl. Gepiň tümmek ýeri – Ejeňem alyp gaçmaly, mekana gowşubam, özüňi tutup, dolanyp gelip, bulara gan gusdurmaly. Ynha, depesine bagt guşy gonup, külli Eýranyň şasy bolaýsa, Nedirgulynyň sähelçe-de säginmän, ilki etjegi. Hywanyň hany burnunyň maňkasyny ýeňine çalyp ýetişmänkä, kellesini alar. Beýlekileriňem düşjek ýagdaýy şonuňkydan enaýy bolmaz... Öz içinden eýderem-beýderem diýip, geljegine gurra taşlap otyr, ugur-ýol gözleýär, kellesine birgiden taň pikirler gelýärem. Eneň ýok, ataň ýok, goluňdan çeken gardaşyň ýok, ýetim oglan, kesiber öz göbegiňi! “Ýekäniň ýary Huda, ýa Biribar, medet bereweri, namys astynda goýmaweri!” diýip, dileg edýär aldygyna. Gaçaýsa-da, Nedirguly guleýesi Allabergen ekäni welin öldürüp gaçmaz, öz hojaýynyndan görse, ýagşylyk görýär, yssywat görýär. Eýesine Soltan beçe diýilýänini, onuň sebäbini Nedirgulam eşidipdi eşitmesine, ýöne bilmezlige salýar. Allabergen eke-de ondan seniňem gulagyňa degdimi diýip sorap duranok, ýöne göreçleri kaklyşanda göz dilinde sorag-jogap alşylýar “Ak düýäni gördüňmi? Göremok! Eşitdiňmi meniň atam-babam hakda senem hyşy-wyşylary? Eşidemok!”, adamyň gözi dili ýaly morta bir zadyny ataýanok, sessiz düşünişýär, gözler dymşyp gürleşýär, Nedirguly welin hatda gözleri bilenem ýalan sözläp bilýär, beýle ýeser ukyp tüýs ýerinden gelme seýrek adamlara berilýär, netijede ikisem beladan halas. Bu ýagdaý hasam Allabergen eke üçin ýakymly, çünki, ol kimdir bir adamyň öňünde müýnünden halas, bir adam bilmese, şonça gowy, hiç-ýok öz gulunyň alnynda allanäme kişi. Abraý kime gerekmez? Başa düşüen tükenmez töhmet, süňňi haramy azgyn hanyň zulumy soňky nesliňe-de geçýär. Hawa, Allabergen ekeden görse, ýagşylyk görýär. Ýagşylyk diýýänem – öldüm-öldümde işden sütüni süýnüp, ýatakhanasyna gelensoň, öňünde ýarpy kesemen zagara, iküç sany çişen badam, bir çemçe ýag goýlar. Zagara diýilýäni jöweniň ýa-da mekgejöweniň unundan bişirilýän çörek, pytrap ýatan, oňa türkmenleriň şiwe dilleriniň birnäçesinde tötegem diýýärler. Özüň gowrunyp, iýiberýäň, agzyň ýetişip bildiginden. Jyk ýaga gowrulan badam işşek goýnuň böwreginden kem däl, aç ölüp gelen gul üçin ol badam däl-de – badamjan. Nygmatlaryň şasylygyny reňkinden tanaýmal-a – gap-gara. Kä günler-ä iýilmän, agyzdan galan naharam-sarkyndam beräýýärler, ol-a bagtyň getirdigi. Irden işe gideniňde-de süýt bilen çörek. Ýa-da “Gul bilen guýmak iýseň, gusdurmaýyn bolarmy?” diýilýän tagam – gowrulan unuň üstüne sähelçe ýag bilen suw damdyrylyp bişirilýän guýmak. Günortanlygyň birneme teýliräk nahar. Işleýän ýeriňde gabadyna-çemesine gelip, guş-towşan awlap bilseň-ä, ol gün toý-baýram, hezillik. Gul halyňa ganly ete gözüň düşýär, garnyňy ýasylaýaň. Guluň durmuşy zyndanda gol-aýagyny gan-gabarçak gandalladyp ýatan ýesiriňkiden-ä gowudyr-da. Döwrüň gul-gyrnaklyk durmuşynyň ýagdaý-mydarasy şeýle. Ýönekeýje mysal – gullara beýleki azat adamlaryň ýanynda aýbogdaşyňy gurup oturmagam gadagan, bir sebäp bilen çagyrylaýanda-da, iki dyzyňy epläp, üstünde çöküňe düşüp, elleriňi bir-birine gowşuryp, başyňy aşak sallap, göni seretmek gadagan, günäkär ýaly bolup oturmaly. “Halwany hekim iýer, şallagy ýetim” diýen nakyl bärde “Eýesi şilek iýer, guly şallak” diýilýär eken. Şilek diýýäni gabygy bilen duzly suwa gaýnadylan noýba, şallak diýýänem gamçy ýaly gullary ýenjilýän esbap. Guluň hukugy malyňky bilen deňelýär welin, mallaram olarça ýenjilýän däldir, gaýta maly urmak günä hasaplanýar, guluň jezasy eýesin bagly, hiç hili garawsyz, ýöne urýana ynsap, ýenjilýäne gaýrat beräýsin. “Eýeleri çapady iýer, gullary – şapbat” diýen görnüşde-de aýtgylary bar. Dogry, goja ony gara zähmetinden ýygnan halal puluna satyn aldy, döwrüň kadasy boýunça nätse-de, haky bar, ýöne Nedirgulam bäş ýarym ýyllyk zähmeti-hyzmaty bilen onuň çykaran ähli harjyny daban azaby bilen on esse-ýigrimi-ýüz esse edip üzendir. Heý, soňy gelmezmi? “Bary geçer, ýüklüje-de bolsa, geçer” diýip, gije-gündiz özüňe basalyk berip ýaşabermeseň, dagy nätjek? Allabergen ekeden çykarmasa-da, aryn-a jaýyna salar, kakasynyň ganyny on edip, müň edip alar. Kimden? Tutuş hywalylardan! “Olar üýşüp çozdularmy imisala oturan milletiň üstüne, hemmesi üýşübem jogap bermeli bolar. Günälimi-bigünämi seljerilip durulmaz. Iýjek taýaklarynyň jyzaryny, goý, özleriniň ýakalaryndan ýapyşyp, biri-birlerinden görsünler. Baryny gyraryn-gyrjaşdyraryn, günälerem öz boýunlaryna, men-ä arymy alýaryn, aryňy almak günä däl, merdanalyk hasaplanýar. Ejemi urup-ýenjip, paý-pyýada Hywa sürüp geldilermi? Menem olaryň aýal-gyzlarynyň, hatda, göwreli gelinlerine deňiç arkalaryna agyr halta ýükläp, içindäki gumuny Eýrana çekdirin”. Şu mahal Nedirgulynyň eline gazyň ýumurtgasy ýaly daş düşse, gahar-gazabyndan ýaňa aýasynda-gysymynda sykyp, hut çogduryp, suwuny çykarjak. Öň kakasyny gözünde oky bolsa, eglenmän urjakdy, göwnüne maşgalalaryny bulaýan, ejesine, özüne düzüwli gün görkezmeýän, öýlerindäki turýan tüpgenleriň ýeke-täk günäkäri şol ýalydy, a indi näme? Ölensoň, ähli kineler şol bada unudyldy, özi bilen kinelerem öldi – ýer teýinde. Indi öňki öýkelerinden eger-eger nam-nyşan ýok. Beh, dogrudanam ajal adamy ýuwaýýarmyka? Indi seredip otursa. asyl kakasy oňa dünýäde iň golaý, iň mährem adam eken-ä. Arman, bu hakykata juda giç düşündi, kakasynyň gözüni ýumduran ölüm oglunyň gözüni açdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |