09:43 Çarh /1-nji kitap -12 | |
Nedirguly kakasyny tiz-tiz ýatlap, her gezgem zaryny çekdi, wah, barka gadryny bilmeýşini: “Ol maňa gatyrgananda, kemis-kümüsimi, myllyklygymy, telegimi düzetmek isläpdir. Ata oglunyň öz çygyrlaryndan has aňryraklara geçenini gowy görýär, oglunuň artykmaçlygyna buýsanýar. Ogly atadan ozdursa, ol utuş ata degişli. Kakam menden basan ýerinden ot çykarýan gerçek ogul terbiýelmek isläpdir. A men nätdim, öýmüze ýagy dökülende kakam-a olara topulyp, hekirtmeklerinden ýapyşyp, jan alyp, jan berip, gyrmyzy ganyny joralandyryp akdyryp, öz erkeklik tüýüni halallap öldi, men ejizledim, ele düşdüm. Kakama meňzeýän bolsam, elimi daňdyryp, ýesir düşerinmi? Özümi urduryp-ýençdirip, sürgün etdirerinmi? Hudaý maňa şonda kakama meňzeýänligimi subut etmek üçin gowy pursat döredipdir, menem ony peýdalanmandyryn. Kakam – mert, men – namart. Jan karkara gelende, başyňa pajyga düşen wagtynda ýaşyňam on ýedi-on sekize ýeten bolsa, aý, o mahal men ýaşdym diýmek namartlyk. Men kakamyň basan aýak yzyna-da degmeýän ekenim, ýöne gör-de dur, kaka, ine, men saňa şeýle bir ogul bolaryn, arşy titrederin, sandyrdysyny, dow-dowumy ýeriň aşagynda ýatan ýeriňdenem duýarsyň”.
Taryhy proza
Şu içgepletmeleriniň içinden “Men kakama meňzemändirin” diýen many zybyrt edip, geçip gitdi, indi bu pikir häli-şindi öwrülip-dolanyp gelip, Nedirgulynyň aşyna awy gatar durar. Şul sözler dälmi kakasy Ymamguly possumçynyňam otursa-tursa agzyna zäk atan? Şol söz dälmi olaryň hojalygyny maýran? Indem Nedirgulynyň boýnundan alahöwren ýylan bolup dolaşdy. Wah, kelleden şolar ýaly ajydäne pikirleri çykaryp bolsa-da. Ejesi nä gündekä? Ol pahyr-a owalynda görgi üçin ýaradylan, öň-ä ýykylanda, goltgy berip, ezeneginden galdyrmaly adam taňryň güni hypbat berip gezdi, ol diýen bir urup-ýenjip ýörmese-de, agzyna ak gelse-de, gara gelse-de diýip-sögüp ýa ýeňsesini tüňňerdip, geplemän, dymyp, Zeýtunyň ýüzi-gözi hiç gülüp-yşmaz ýaly etdi, bärde-de kimdir biriniň gapysynda gyrnak bolup, girresini gazamaly. Ärini öldürip, çagalaryny döküp, ýetim-ýesir eýlediler, özem uly ogly bilen Hywada gul-gyrnak. Ömür köýdi, mundan beýläk dünýede ýaşap ýörmek gerekmi? Ýagşy günlere umydam-a ýok. Yzynda galan çagalary hary-zardyr, olaryň güni nädip geçýärkä? Özüne nesip etmedik durmuş höziri-süýji günler çagalaryna bir maňlaýyndan çykaýmal-a! Iň bärkisi, bir şäherde ýaşap, bärdäki ogluna – Nedirgula-da gözi düşenok. Hersi birewiň golunda gul-gyrnak, nädip görüşjek? Bu ýagdaýda nämäniň hatyrasyna ýaşamaly? Bu ýagdaýyňdan asylyp öleniň kem dälmidir? Abraýly dälmidir? Nedirguly öz-özi bilen gürleşmäni öwrendi, heran-haçan sorag-jogap alyşdy, başga, hany, derdiňi paýlaşyp oturan dost-ýar, aga-ini, hosdar barmy bärde? Oňa ýürekdeş gamhoram özi, üstünden gülüp, meçew-gyjalat berýän heşelleçem özi: “A-how, syrty gum üstünde, göwni Kap dagynda oturan hyýalbaz Eýran şasy! Ýagdaýyň-a mundakga – itiň art aýagyndan suw içýäň. Ýok itiň däl, beçäniň. Öl-ölseň, gaýgyňy edip, yzyňdan gelip, seni halas etjek gamhor kiş-ä ýok. Gaýta yzyňda galan jigileriň senden dalda gözläp, zary-sergerdan ýörendirler. Ejem görgülem menden hantamadyr, menden gaýry ony lüýkden-läbikden çykarjak barmy? Garyňa gal, köpeý ogly! Hany seniň gaýratyň nirede, haýsy jelegaýlarda? Gaýraty özge ýerden gözleme, ol – içiňde. Gozgan! Çykar! Görkez gudratyňy! Haý-haý, zalym çykan, ýyk-ýumur! Ikinji gezek-ä dünýä inmersiň, häzir edeniň-edeniňdir, şazada bolup, ataň ornuna şa tagtyna geçmegi kim başarmaz, sen çyn zor är bolsaň, goly bagly gullugyňdan şalyga gal, başa täç geý! Şonda saňa ärmämmet diýse bolar. Birewiň gapysynda ýer dyrmalap, ýedi bükülip, gün görmek saňa gelişjek şeýmidir, haý, hudaýuran namartaý”. Içinden edip barýan pitnewi pikirleri birden ot degen däri deý partlap, ýaryldy, Nedirguly bar gazabyny-öjüni öňüne salyp barýan öküzlerinden çykardy, mallar güman etmän durkalar murdar sesini edip, bir haýkyrdy welin, edil gök gürläne, peleň arlana döndi, bolmanda-da, bir “Höw-w-w!” diýen haýkylygyň içine dykalap-synçgap şonça derdi-azary-gazaby salsaň, aýylganç-güňleç ses çykar-da. Nedirgulynyň häli-şindi çawlaýan göwranasydyr jynssyz sesinden halys dagdy bolan öküzleriň ini syzlap, ysytma tutan deý, baldyrlary gagşap-saňňyldap gitdi, mallaryň guýruk tarapy ýürek ýaryjy gorkudan ýaňa sandyr-sandyr galdyraýar, janawarlar ürküp, götin-götin süýşdüler. Güýçlüler gorkanda ejiziňem çeni-çaky däl. Allabergen ekäniň ýanyna etek alty, ýeň ýedi, ala dony sekiz, telpegi dokuz, tasap, emekdeş ýaşulysy geldi, ýüzüni ak tam edip. Ellerini kelemenledip, galgadyp dur, dili tutulypdyr. --Işmet eke, eýgilikmi? --Sakgaldaş, ewelgi beabroýligiňiz üstesine gabahat iş etip ýörgeniňizdän häbäriňgiz barmy? U kul ätib algän baläň ýöne adäm emäs-ku. Ot boşindä otirib, öküzlärä ýer sürdürädi. Bunäkä kudrät diňe halatliläriň kolundan kelädi. Çakganlaş, jora jonim, ýetkin, haziräm keç ämäs. Hakigat, munäkä ikki közlärim bilän köripmän. Gojalaryň ikisi iki ýerden ýetip bardylar bärden – güpürdeşip- hasanaklaşyp. Gapyda işleýän gul bar, ekin meýdanynda işleýänem bar, Allabergen eke Nedirgulyny hem ekin meýdanynda, hem gapysynda işledýär. Ses ýeter ýal ýerden jöwenligiň arasynda bukulyp, yşyklap, seredip görseler, ine, gul ot başynda aýaklarynyň arasyny giňden açyp-abşarlyp dur, öz-özi hüňürdeýär: “Abşar bolsaň, abşarylyp durarsyň-da”. Özi-de köýneginiň bitlerini oda-ýalyna silkip-çirkizip, porhan açýan ýaly, ala hasyrdy, göwrana-da gapdalynda ýatyr, göwrana diýilýäni ýer sürlende öküzleri ýöretmekde ulanylýan ujy çiş ýa-da ujuna çüý kakylan uzyn taýak. Boýnalyk künde süýräp, ýer sürüp barýan öküzler aňrybaşa çykansoň, Nedirguly duran ýerinden “Aýlan!” diýip, edrenç gygyrdy, hamala, göwrana bilen ýenjilip, gerşine köz basylana dönen dagdy janawarlar aýylganç çykan ýeke gykylyga tisginip, hyrra yzlaryna aýlanyp, bäriligine haýdap gaýdyberdi. Öküz görgüliler bu ýagdaýa werziş bolsalar nätjek, buýrugy iki gaýtalatdyranoklar. Nedirguly kündäniňem hasabyny çykarypdyr – üstüne agramlyk diýip, mähnet töňňäni ýagly tanap bilen mäkäm baglapdyr, azal edil ýeten ýerini oburyp barýar. Allabergen eke: --Toba estagfuryllah, mundin murdar säs peläňdä-dä, şerdä-dä ýokdir, adam oglunda-ha äsil duş gälän säza ämäs – diýip, çalaja pyşyrdap, Işmet ekäniň özüne aýdanlaryny tassyklady, hut, öz gözleri bilen görensoň, dagy neýlesin? Gojalar gözleriniň göreni düýşmi ýa huşmy, anyklamak üçin garşy-garşy butlaryny çümmükläp görýärler. Düýş dagy däl – hakykat. Nedirguly ýene bir gezek häki sesini edip haýkyryp goýberdi welin, öküzler yzlygyna aýlanyp gitdiler. Işmet eke: --Bu kuluň göwnese, hut, doňzy nogtalajak-ku! – diýip, ýakasyny tutdy. Gojalar buky ýerlerinden çykyp, ýapyrylyşyp, golaý-golaý bardylar, gökden aşak inen üýtgeşik jandary synlaýan ýaly iki gözlerem gulda. Nedirgulynyň ýalaňaç arkasyndan seretseň, kebzesinde bäş barmagyň yzam bar ýaly, güman däl, hakyt bar, meger, Hezretalynyň penjesiniň yzydyr ol. Gojalar munuň şeýledigine şeksiz ynandylar. --Işmet eke, bu gulumy demir gyzdyryp, tagmalamanym gowy bolupdyr. --Tagmalajak diýip, gerşini ýalaňaçlanlygyňda bäş barmagyň yzyny görüp, şol mahal päliňden gaýdardyň. Allabergen eke Nedirgulynyň alnyna geçip, öz gapy gulunyň öňünde çöke düşmegi kiçilik bilmän ýa eşigim tozan-tot bolar diýmän, ur-tut dyza çökdi: --Bala, bet kyldym, hata kyldym, günählerimi öteweri, keramatly kişiligiňi bilmändirin, amuhta ekeniň, mukym ekeniň, bala, seni gulçulukdan azat kylaman. Nedirguly entek nämäniň nämeligine düşünenok, ýöne agzyn öweldip dur. Içinden “Oýnajak bolýarmyka? Aldaýarmyka? Ýalanam bolsa, çyna öwrewei, jan Allam” diýiberdi aldygyna. --Ogullyga alaýyn, ýeke oglum bilen ýeke gyzym bar, gyzymy saňa nikalap bereýin, ýeke ogluma-da sen aga bol, ýaşyň ýetipdir, toýuňy sowaýyn, öýümem seniňki, ýerimem, öküzlerimem, hany-manym seniňki. Men ataň, sen meniň oglumsyň!, Ýalňyz oglumyňam agasysyň! Indi düşnükli, gojanyň gara çyny, Nedirguly ýene içini gepletdi “Azat bolsam, bäri-bärilerde durjakmy Men? Etjegim ýer sürüp, ekin ekmek bolsa, obamda tapmaýanmy şol zatlary?” Alabergen ekäniň bu aýdýanlaryny kellesinde heniz doly aýlap ýetişmese-de, Nedirgulynyň ýüzi çytylyp dur. Ýöne “Sen azat, gyzyma öýereýin” sözlerine düşünse-de, eşden badyna başyny ýaýkady, bu pikir onuň küýünde-köçesinde ýok. --Ýeke ogluma etjek yhlasymy saňa edeýin. Meniň neslim zaýa, bizden düzüw adam çykmaýar. Sen hem oglum, hemem nesil başymyz bol! “Men Eýranyň başy bolmagyň kül-külünde, seniň nesilbaşyň bolmak nämäme gerek?” Nedirgulynyň içinden aýdanlaryna Allabergen eke düşündi hemem onuň gowşak damaryna ýapyşdy: --Ejeňem tapaýyn, onam azat eýläýin, bala. Eje ara düşünde Nedirguly biraz gowşajak ýalam etse-de, ýöne derrew özüni ele aldy, garaşylmadyk waka taýýarlykly deý, hamala, şu ýagdaýa öňden garaşyp oturan ýaly ynamly epledi, aýdýany-diýýäni pert-pert: --Oglum diýseň, ogluň men, ogluňa-gyzyňa-da aga bolaýyn, ýöne gal diýme, eke jan, men Watanyma dolanyp baryp, Eýranyň şasy boljak, maňa gyzyňam gerek däl, baýlygyň-mülküňem. Azat edeniňe taňryýalkasyn! Ynha, göwranaň, honha-da öküzleriň. Meni indi saklama, Allabergen eke, senden razydyryn. Bäş ýyl töweregi saçagyňdan duzuňy iýdim, öýüňde ýaşadym, çigidiň maňzy ýaly saňa kast etmedim. Aýdanyna ýok diýip, garşy çykanyna Alabergen ekäniň gaharynyň gelmeýänini bilip, dileg salyp gördi: --Eger ejemi azat edäýseň-ä, eke jan, o dünýe-bu dünýe ýadymdan çykarman, şa bolaýsamam, özümi seniň guluň hasaplardym. Çykarjak çykdaýjyňam müň edip gaýtararyn, Hudaýjanyň adyndan ant içýän, eke jan, ejemem azat eýle? Allabergen eke Işmet ekä ýüzlenip, gepledi: --Ýetimegi öýümden şeýle çykaryp goýbermäýin, Işmet eke, haýrymy bitin edeýin, elimiň-gözümiň haýry bor, kiçeňräk üýşmeleň çagyraýyn, azat kylanymy köpüň öňünde yglan edeýin. --Judo ýahşi buladi. Gojalar Nedirgulyny öňlerine salyp, alyp gaýtdylar. Gulnuň Eýranyň şasy boljak diýen gepinden kebzesinde bäş barmagyň yzynyň barlygy Allabergen ekä beter täsir edýär, diňe öz öýi-öwzary, dini bilen meşgullanyp ýören hudaýhon sada adam-da. Patyşa, Eýran... onuň turşusy çykan beýnisine sygjak düşünjeler däl. Emma keramata welin uýýar, çünki, hakyt gözi bilen gördi öküzleriň adamsyz ýer sürüp ýörenlerini. Hawa, her ýerde-de gowy adamlar bar, Allabergen ekäniň gepi gep, sözi-söz. Goňşy-golamlaryny, garyndaşlaryny, tanyş-bilişlerini çagyryp, janly soýup, toýjagaşam berdi. Toýdan soňam “Gal, balam” diýip, ýene töwella edip gördi, ýalbarylanyna-ýakarylanyna garaman, Nedirguly ýüpden boşanan ýaly, zut gitdi – Hywanyň orruk ortasydaky gul bazaryna. Ýok ýüpden däl, gulluk zynjyryndan boşanyp gitdi, indi ol azat, çar tarapa gideýin diýse-de haky bar. --Onäňni tapsaň, azat kylaýyn, puly menden – diýip, yzyndan garap galan Allabergen ekäniň egninden dag düşen deý ýnjaldy – keremli kişi eken, belki, Alla günämi geçiräýedi-dä, bilenligimde, heý, munça mähnet çekdirjekmi men. Sorag-idegiň soňy çöpe-çalama urup barýar, gul bazaryndakylaryň aýtmagyna görä, ejesini ilki biri, soň onuň elinden ýene biri has köp pul töläp alyp gidipdir, şol ýagdaýda birnäçe gezek elden ele geçipdir, özüň-ä gyrnak bolsaň, üstesine-de boýly-syratly, endamly, ýylmanak zenan bolsaň, göwni çaçýan şöwketsöýerler tapylaýýar, bahasyndan gaçmaýan kän. Duran ýerinden diýen puluňy sanap berip, satyn alyp, basgylaberýärler. Gyrnagyň iki barmak şum maňlaýyna ýazylýany şol ajy takdyr. Durmuşyň maňlaýyna uran şumy alnyndanam çykdy, Zeýtun ters gelen täleýinden ýanyp, umydyny ýitirip, netini ýamana düwdi, musurmançylykda juda halanmaýanyny, hatda, jesedine jynaza düşmeýänligini bilse-de, başga ýol tapman, maý tapyp, boýnuna syrtmak atdy. Ýogsa şu düşen günlerinde, heý, onuň günäsi barmy? Oňa loly diýmäge diliň aýlanarmy? Nalaçlykdan mejbur boldy ahbetin şu güne. Ony dünýe, pelek şu ýagdaýa itekledi, şonuň üçin diýjek bolsaň, dünýäniň özüne loly, pelege gahba diýmeli. Agyr sütem astynda depgilenen zenana loly diýseň, agzyň gyşarar. Ol biçärelere rehmiň inip, göwünlik berip, düşen ýagdaýlaryna düşünmäge çalyşmaly. Emma bu betbagtçylykdan has öň oňa äri müňkürlik etd-ä, ýaşalanja günleriniň tagamyny-süýjüligini bildirmedi, ýazgyt diýlenem bar, maňlaýyna ýazylany şoldur-da. Ýöne bigünä zenanyň alnyna näme üçin beýle-beýle hiç soňy gelmeýän kesapatlaryň-maşakgatlaryň ýazylmagynyň sebäbini kim düşündirip, aýdyp biler? Sowalyň çözgüdi Hudaýa tarap uzaýar, onuňam işine goşulma barmy? Nähili güne düşse-de, ol hakda nähili sözler eşitse-de, Nedirgulynyň öz ejesi, öz Käbesi. Tapsa, ýedi gezek daşyndan aýlanyp, togap etjek. Aýasynda heýgenek bişirip berjek. Ejesiniň başatgyjyny namazlyk edinjek. Elini-aýagyny ýuwup, suwuny başyna çekjek. Ogly üçin dünýede enesinden päk adam barmy? Ol hemişe ejesine düşünýär ahbeti. Öýlerinde kakasynyň turuzýan tüpgenlerde-de hemişe ejesiniň tarapynda. Şu garaýşy bilen, şu ýüregi bilen ejesiniň düşen derdine özüniň dermanlygynam, bire-bir emliginem bilip dur. Görgüli oglunyň azatlyga çykanyna, baý, begenmek begener-ä, Allabergen eke-de ähli çykdaýjysyny özüm töläýin, ejeň niredeligini tapsaň, bolany diýdi. Ejesini sag-aman öýlerine alyp gitse, jigijiklerini tapsa, ana, şonda ejesiniň begenişine seret. Tenha ejesimi, özem, jigilerem, ilen-çalanam, hemmelerem begener, olaryň şatlygy ýüreklerine, öýlerine, obalaryna, işbu älem-jahana ýerleşermikä? Çoh sorag-ideglerden soň ahyry Nedirguly ejesiniň öldi habarynam eşitdi, ejesiniň ýatan öwlüýäsiniň haýsydygyny aýtsalar-da, ine, diýip mazaryny anyk görkezip bilen adam tapylmady, bar eşden sözem şü: --Elden-ele geçenine namys edip, çydaman, ahyram bir gurruk guýuda emelläp, özüni asypdyr, ençeme günläp bilinmändirem, yslanyp gidipdir bende, iti öldüren süýrär edip, soňky eýesi adam üýşürip, ýerledi, oňa nagaraňy döwme-de, adamçylyk edip, jaýlany üçin alkyş aýt! Başga aýdylan gep ýok. Hawa, ine-dä, jana-jan ejeňe itiň gününi görkezip, horlap, öldürip, ýere düýnänleri üçin alkyş okamaly. Her kim öz ýanyndan özüniňkini dogry hasaplaýar. Ýamanlyklaram minnetli. Nadaralaryň “Pylanyňy pylan zat edeýin, üstesine näme berjek?”-ine barýar bü. Näme etmelidigini Nedirguly ilden soramaly däl. Etmeli işi ol bilýär, edenlerini eginleri bilen çekdirmeli, tä billeri-dyzlary döwlüp, maýrylýançalar, ýakan otlarynda özlerinem ýakmaly, tä küle dönüp, ýele sowrulynça, iki aýaklaryndan tutup, gazan çukurlaryna sallap, başaşaklygyna gömmeli, ýöne heniz wagty-möwriti gelenok. Nedirguly bardy-geldi şu matlaplaryny aňryýany bilen amala aşyraýsa-da, özüne edileninden kän esse öç alaýsa-da, köşeşmez, ol indi köşeşerden geçen. Eý, Heňňam, ony ýakyp, misini ot kibi gyzdyrdyň-göwretdiň, indi dur, durup bilseň öňünde! Zeýtun biçäre Hak beren amanat janyna kast eden guýusyndan oli tapylyp, garaz, ol-bu üýşüp, gara ýere duwlananda yzynda ses edip aglan adam ýok, üçi-ýedisi-kyrky, belli güni ýok. Ölende aglanmasa-da, ol betbagtyň diriliginde başyna ýaşyl kürte atylanyndan beýläk ýüzi ýyrşarman, agy bilen, pygan bilen geçdi, herhal, gijem bolsa, ogly gelip, öwlüýäniň girelgesinden girip, “Waý, eje jan!”, diýip, ýaka ýyrtyp, ses edip, aglady, merhum bu agydanam, perzendindenem razy bolandyr-da. A içi ýylamadyk äri Ymamguly possunçydan nädendir? Ondanam razydyr, garamatyny boýnuna alyp, öýünde ýagşy-ýaman birnäçe ýyl ýaşaşdy, jany-jana, gany-gana gatyp, çagalary dünýä inderip, zada zar etmän, ekläp-saklady, tünegine aýylganç ýagy dökülende maşgalasyny halas etmek üçin, gaýrat tapyp, tygyň öňünde döş gerdi, baş goýdy, öz şirin janyndan geçdi, azmy şol? Öwlüýädäki tümmekleriň aşagynda ýatanlaryň bary dymyp ýatyr, Nedirgulam ajy dymdy, ýöne dymmak – içiňi gepletmek. Içiňi gepledip bilmek adam ogluna berlen uly sowgatlaryň biri. Içiňden özüň-özüň bilen itiňkini iki kesişip, garpyşsaňam, ýene özüň bilen düşünişmek aňsat, özüňe-özüňden golaý kim bar? Şat mahalyň – şat, hasratlykaňam – hasratly. Häzir içindäki iki özem matam tutýar, ikisiniňem dili birigip, bile pygan çekýär: “Düşen gününe çydajak bolup, kän mahallap çytraşypdyr pakyr. Biçäre ejem amanadyny tabşyransoňam, ýüpden asylyp, boglup öleninden soňam ýene maňa kän garaşypdyr, arman, ýetişmändirin. Gahba Pelek ejemiň janyny gabyz eden-ä edeni, bir şäherde kişi işiginde gul bolup ýören ogly bilen adam şekilli haşlaşmaga bir goýaýmal-a, men ýurt söküp, gelmeli däl-ä, alkymynd-a men. Betbagt ejemiň tabydyndan ýapyşmaga-da, üstüne üç pil gum atmaga-da maý bermedi, bar, olam jähennem diýeli, ýatan tümmegini bir rowa görüp, görkezäýmel-ä, togap edip, bagrymy oýkar ýaly, tozuny gözüme sürter ýaly. Şum Pelegiň bizde içine dogmaz oglan salan nä kasty barka? Guýruktutdy oýnap, halys eýikdirmedi-le!” diýip, Nedirguly gözlerinden ganly ýaşyny sylyp, gabrystanyň girelgesinde bilýänje dogalaryny okap, gol galdyrdy, soňam arkan gaňrylyp, Hywa şäherine ýumrugyny çenedi: --Eý, Hywa, sen meni ene-atadan aýryp, özümem gul etdiň, ýaşlygymdan ýakdyň meni. Men hökman Eýranyň şasy bolaryn, goşunymy üstüňe sürüp, gyryp-gyrjap, ýumrup, otlap, bir depim gumuňy külüň bilen köwüp alyp, enemiň-atamyň ganyna galanlaryň, uly-kiçiň, hat-da göwreli heleýleriň arkasyna torba daňdyryp, içinem mas ýükläp, aýalyna bir put, erkek kişilere iki put ýükläp, paý-pyýada Eýrana göçürip alyp giderin. Şu meniň antymdyr, Hywa! Meniň-a wadam ýiligimiň içinde durar, senem ýadyňdan çykarmagyn, adym Nedirdir, şehit Ymamguly possunçynyň ogly. Weýran kylyp, haraba dönderip, burnuňdan gyzyl ganyňy getirerin! Peýkun eýlärin, Hywa! Ejeme derek maňa şu öwlüýäni berdiň, men seniň özüňi tozap ýatan mazarystanlyga öwrerin, Hywa! Iki jigimi awara eýlediň, men seniň tükel iliňi sergezdan kylaryn. Kakama derek gojalaryňy diriligine ýere gömdirin, aýaklarym bilenem üstlerinden depgilärin. “Gahar” bilen “gahrymanlyk” sözleriniň manylary dürli-dürli hem bolsa, düýbi bir. Nedirgulynyň gahar-a, ine, ýetjek derejesine ýetdi – dökül-dökül, daşyna-da çogdy, gaharlananyň bilen bir iş bitýän bolsa, hiç hili kemi-kösti galmady, gahrymanlygam, näme, indi başlanmaly, gahrymanlygyňam başlangyjy – ugurtapyjylyk. Dogduk mekana nädip aşmaly, hany saňa gerşini tutup berip duran bökderilgi taýyn ulag? Hany saňa ýeterlik ýol azyk-suwlugy? Şu taýda bir döwüm çörek tapaňok! Bar aýdaly, ikisinem tapaýanyňda-da, ýol-ugur bilmeseň, çölüň ortarasynda azaşyp, şagallara şamsyň-da. Şagaldan-böriden sypsaň – öňüňde galtaman-talaňçy keserlip ýatyr, garnyňy silkip, içegäň içindäkini aljak bolup duran. Üstesine Garagum – müň bir matal, başga ýagy gerek däl, alaňlaryň birinde ýalňyşsaň, gutardygyň. Ýol beletleri nirden tapjak, onsoňam seni eliňden tutup, eltip gaýtmak kimiň nä görgüsi, sen nä olaryň iki dogup, bir galanymyň? Bar zatdan owal ilki bilen uzak ýola ýarajak elhal ulag edinmeli, ýöne aty nireden alarsyň? Onuň kellesine ýeke pikir geldi – ogurlamaly! Gadymkyja kesbi-dä, wagtynda öwrenip goýan eken. Aňtaberdi köçeleri, howlulary, ahyrlary... Ahyry bir buljum ýeri çemelendi, teblesiniň daşynda horguryp duran gyr baýtal bar. Nedirguly ýüzüni garaňka tutup, bardy bärden, aty örkünden boşatmaga ýetişdem welin, hamala, öňünden gurnalyp, garaşylyp durlan kimin, ýeriň aşagyndan çykan deý, dört-bäş adam zompa çykyp, tutup, güýlüp taşladylar. Ellerine ilen zat bilen öldir ýaly ýenjip, iki güni geçirip, üçülenji gün özüňe geläýseň gerek diýip, süýndürip, sygyr dölä atdylar. It janly Nedirguly daň atmanka özüne gelip, iňläp-urnup, el-aýagy daňlan urganlardan bir tär bilen boşanyp, zut gaçyp gitdi,atdan elli bizar. Hernä, gijäniň garaňkylygynda ýüzüni-gözüni oňly görüp ýetişmediler, sataşaýsalaram, edil tanaýaslary ýok, indi bularyň eline düşjek gümany barmy? Ýaralary bitýänçä aç-horam bolsa, nätsin, illeriň gözünden hylwatda – bir çeträkde gezer-dä. Düşen ýagdaýyndan çykalga tapmak üçin ikinji tapan alajy – ýol urup ýören jalataýlara goşulmak. Olar bilen tüýdeş çykdy, gözüni görenlerinden aralaryna aldylar garbap, tüýsibozuk garadan gaýtmaz zaňňar, tüýs şolaryň diýýäni. Pis pisi tapdy, hamala, ýüz ýyl bäri bile ýatyp, bile turan deý, ara maý salman, ýelmeşip, alyşdylar ötägitdiler. Talaňçylykdan gopja nämedir bir zatlar ilýänem ýaly, galtamanyň rysky talanýanyň ryskyna bagly-da, barjamlyrakdan lomaýja düşýär, emma Nedirguly-ha ogryşäriklerinden köp paý almak üçin olara al salmak isledi, olaram Nedirgula. Namartlykda galtaman hemşerileri özünden has ökde çykdy, şeýtdi-de bu pişesindenem düzüwli netije çykmady, ýene öňki gedaýlygy. Netiňi ýamana düwseň, soňrasyndan päliňdenem tapýarsyň. Oýmuş bagtyny synap, ölsem öleýine salyp, şäheriň gizlin meýhanasynda nesýesine humar oýnap gördi, päh-eý, oýunda aždarha çykan humarbazlar seniň Nedirgulyňa per berjekmi, iki üzüp, bir ýalmaýmaýarmy? Bärden baran badyna utuldy, lak-luk atdylar, aşagyndan çykmaz ýaly agyr bergä batdy, boýy bilen. Üzjek diýip, ikiýan urundy, başarmady, iňňe bir sünjilensoň, oýkansaň, beter çümýär, bergi berginiň, görgi görginiň üstünden eltdi, ýene it ýenjilen deý uruldy, süýndürildi, ugran ugry petik. Kellesine bir şum pikir gelip, Nedirgulynyň ýüzi ýagtylyp gitdi – Allabergen aganyň öýünde nirede nämäniň goýulýanyny gaty gowy bilýär, ýüzüni garaňka tutup, assyryndan barsa, heý, tapmazmy? Gözi daňylgyka hem tapar. Ýüzi suwluja satlaryny elläp biläýse-hä... Bazara getirip satsa, ogurlan zatlary birneme pul-a ýasar. Ine, ýola sowalga! Şatlygyndan Nedirguly süýt kölüne çümdi, gulaçlady, ýüzdi, emma bu şatlygy uzaga çekmedi, çünki, bu ogrulygyň üstüni açmak gaty aňsat. Ogrulygyň gaty belediň işiligini, onuňam öýlerinde ýaşap giden guldugyny bilmejek gümanlary barmy? Iki ätmänkäň, ele salarlar. Bu päliňem soňy çüýrük. Gowsy, abraýyň barka bu hamhyýaldan gaýtmyşym etmeli. “Ele düşsem, iýen duzuny depen, ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap beren hökmünde derime saman dykarlar”. Nedirguly beriljek özüne indi beriljek jezadan gorksa-da, kellesine ýaňky gelen şum niýetinden utanmady, diýmek, onuň boljagy bolup, boýasy synaňkyrlapdyr. Haýýat, heňňam Nedirgula kän zat öwretdi, ynha, onuň şu zada akly çatýar – sowal ilki gelýär “Näme etmeli?” Bu soragyň jogabyna garaşmaly, jogabyň öz wagty bar, ine, günleriň biri wagtam geler welin, nähilidir yş açylaýar, ýalp-ýalp edip, şol yşam ýoluňa ýagty saçar, Allatagalanyň keremi kän, şol yşy dürtme körlere-de berýär ahyry, batyllaram şol yş bilen ýöreýär-ýaşaýar, enşallasa, Nedirgula-da berer, haýýatyň yşy ony alyslarda mesgen tutan arzuwly maksadyna eltjegi bigüman. Häzirlikçe tapanja ryskyňa kaýyl bolup, kanagat bilen diş gyzsyp, ümsüm ýörübermeli. Şu ýagdaýda, iň gowusy, özüňi köpüň üýşen ýerine atmaly, köpüň içinde hem-ä gözden ýitmek aňsat, hemem gerekläniňi tapmak. Belli zat, köpüň iň üýşen ýerem – ak bazar. Boýnuňa arkan ýüpüňi mäkäm baglap, gir Hywanyň mähelleden ýaňa hyň berýän ak bazarynyň çetinden! Hiç-ýok, hammalçylyg-a ýetdirer. Näme iş buýursalar, “Lepbeý, aga!” diý-de üçürdikläber, gymyldasaň, aç ölme ýok. “Ýatana berseň, maňa ber” – mesiň işi. Ol Hak beren ryskyny çöplemek üçin bazara tarap göwünjeň şaýlandy, elbet-de, bulam bir ugurtapyjylyk. Hammalçylygam humaýun guşy ýaly diňe bagtly gullaryň başyna gonýan eken, bazar doly talap gözläp ýören açlardan, Nedirgula hammalçylygam ýetdirmedi, öňki bazar hammallary öz agzyndakyny oňa iýdirjeklermi? Öňünden kakyp alýarlar. Agzyndan kakyp alýarlar. Nedirgulynyň bir garny aç, bir garny dok, eliňi serip, gedaý gezäýmeseň, başga neýlärsiň? Äl, “bagty” sürüpdir-aý, geljekki patyşanyň maňlaýyna ýazlany ýa ogrulyk, ýa gedaýçylyk. Allabergen agalara naharlaýyň diýip barmaga aýagy çekenok, öň ol işikden ölüp sypmadymy? Emma gul şallakdan dynsa, şaldyr bar, Nedirgulynyň häzirki ýagdaýy gullaryňkydanam pes, gullara-ha, garaz, ölmez-ödi tamşanarlyk hörek berilýär, oňa welin nahar berjek ýok. Dogrudanam, Hudaý berse, gulynyň öňüne getirip berýär, ine, barýan ýoluyň gyrasyny syryp barýarka bir ganaty döwlen guş pysyrdyklap, ýorunjaly pele siňdi, Nedirgulymy ony sypdyrjak? Kişiniň atyzy diýenok, atylyp girip, iki basanda alýar.“Depäme gonmasa-da, öňüm-ä gondy” diýip, ylgap, guşy tutdy, gara garga eken. Ütüp, howul-hara oda gorsap, gowurmyşlap, iýeýin diýip durka, onuň ýanyna bir ýigdekçe geldi: --Agasy, sen musurman dälmiň, gara gargaň eti bilen, gyzyň ikinji galyňy haram diýip eşitmänmidiň? Ärinden aýrylyp gelen uýasyny başga birine satyp, galyňyndan düşen pula zat alyp iýen bilen deňdir gargaň eti. Gyzyny ikinji gezek höwesek satýanlar bar, näme sen şolardanmysyň? Ýeňsesi öňden daş ýaly gatap duran Nedirgula bu durşy bilen tikenek bolup duran söz ýakjakmy, häzir onuň bar gara gaýgysy – gara gargasy, gara bokurdagy: --Dokuň açdan habary ýok etme! Häzir doňzuň etinem tapsam, iýjek, eşegiň etinem, inim han. --Al, noş bolsun, mende iki sany gutap bar, biri etli, biri otly, ýanyma göternenlerimden artyp galdy, taşla ol guşuňy. Özüm dok, iýere başga-da zat tapynaryn. --Taňryýalkasyn, düýn öýländen bäri duz dadamok, itiň ajy men, bolup ýörşümi hiç geňleme, açda aň bolýarmy, özüň-ä elaçyk oglan ekeniň, adyň kim? --Keýmirkör. Bizem Hywa golaýda göçüp geldik – Buharaýy şerifden. --Buharala-ha meňzäňok, hany, ýene biraz gönülesene? Gutabyň-a gözüme degdi, Keýmir. --Doglan ýerim Antguýy – Owganystandan. Indiki ugrumyzam Garagum. Ata Watanymyz şol ýerde. Neisp etse, ýene bir görüşsek, has gowy tanşarys. Häzir howlugyp barýan. --Meniňem arzuwym şol ýana gitmek. Haçan şaýlanýarsyňyz, menem goşluşaýyn-la siziňkilere? --Wagty belli däl, bäş ýyldanmy, on ýyldanmy. Ýöne beýle gyssanmaç bolsaň, häzir biziňkiler bazardadyr, eger tanap tapyp, gürleşip bilseň, seni ýanlary bilen alyp gitmekleri mümkin, olar-a şu gün ýola düşýändirler --Ine, bu aýdanyň gulaga ýakýar, ýogsa bäş-on ýyl diýýäniň gaty uzak. Onça mahallap meniň durarym ýok. Aý, bolýar, howlugýan bolsaň, ýoluňdan saklamaýyn. Nesip bolsa, siziňkileri bazardan taparyn. Bir zaman ýerine salaryn, şu eden ýagşylygyňy, adyňy ýadymdan çykarmaryn, öz garagöz türkmenim ekeniň. Meniňem adym Nedirgulydyr, senem ýadyňda saklagyn, nesip etse, irde-giçde öňüňden çykaryn, gedaý sypatyndamy, şa sypatyndamy, ol öňünden bildirmez. Ýöne şu ednen ýagşylygyňy gaýtararyn. --“Bendäm bendäme sebäp”, iki sany gutap ulakan bir zat däl, emma yzyna gaýtararyn diýen nýetiň, uly zat. “Niýetler amallardan ýokardadyr” diýip eşdensiň-ä? Yzyna gaýtararyn diýen niýetiň, gaýtaranyňdanam ilerde – diýip, ýigdekçe Nedirgulydan daşlaşyp gitdi, honda barýar. Onuň yzyndan garap galan Nedirguly hem gutap iýen dodaklaryny ýalaýar, hem alkyş okaýar: --Hudaý meniň öňümden gara gargany däl-de, Keýmiri çykaryp, iki gutaby al gulum edipdir, gazananyň berekedi artsyn! – diýip, töwir galdyryp, içki pikirini dowam etdirdi: --Keýmir bihal oglan-a däl eken, ýarpy ýaşymda-da welin, gepi-sözi meniňkiden gop-goýazy. Asly asylzadadyr-adam çykýan ýerdendir onuň. Hamala, men ýaşy kiçi-de, ol ýaşuly kibi. Tapýan sözlerini görýäňmi, “Niýetler amallardan ýokardadyr”, meniňkiden agramly. Men şu ýaşymda, şu boýum bilen uly ýoluň ortarasynda haram iýjek bolup, ýumruk ýaly oglanyň öňünde masgara boldum. Hydyr ata ýaly ýetişäýdi, häk, başam barmagyny gysyp görmeli ekenim. Eger bagtym işläp, Eýrana şa bolaýsam, meniň baş wezirim ýaňkyja oglan bolar. Adyny hiç haçan ýadymdan çykarmaryn – Keýmir. Häli bir gepimizde bäş ýylyň aýraçylygy diýipdik, ýöne aýraçylykmy, asyl, öz tanyş-bilişleriňden adam garasyny görmeseň, nädersiň? Bir adamy görmäge mümkinçilik tapylanlygynda ol ejesini görerdi ahbeti. Dogry, Allabergen eke Nedirgulyny gol-aýagyny zynjyra baglap, ýerzemine salyp saklamady, özbaşyna mal ýatagynyň ýanyndan sümelge otag berdi, gaçmaz diýip ynandy, gulam gojany ýüňsakgal etmedi, gaçaýanda şundan gowy ýer tapjakmy? Gaçyp, soň ele düşseňem, näme ediljegini ol gowy bilýär, akly gözünde. Gaçdyňmy, gaçan şekilli gaç! Gaýdyp ele düşmez ýaly, düşdügiň welin, öldüriljegiň ikuçsyz. Öý bilen iş ýeri ikarada gatnabermeli, burnuň deşilen deý bolup, taňryň güni jahan ýagtylyp, göz ýumulynça iş ýeriňde, hiç hili hykgy-çokgusyz iki egniňden gum sowrup, jan deriňi saçalap, usurgaýançaň işlemeli. Sümelgäňe-de süýegiňi süýräp, zordan öldüm-öldümde ýatmaga atmaly. Ukyny bir şunça Hudaý beräýipdir, gul biçäre Pany dünýäden diňe uklan mahaly lezzet alýandyr hemem, belki, bu dünýäniň azabyndan dynyp, ölende. Eýläm agyrýar-beýläm agyrýar diýmek gadagan. Ýaraýaňmy-ýaraňokmy, oňa kim seretsin? Demiň gelip-gidip durmy, haýdaberýäň işiňe. Ine, bu gullaryň durmuşy. Onsoň ýaşaýan ýeriňden daňdan çykyp, gijäniň bir mahaly bu gara görgülük ýoly ikiýan torç edip, gatnap ýörşüňe kimi görjek, kime sataşjak, öz tanyşlaryň-a baýaky. Bärisiniň dilem üýtgeşik, geýim-gejimem, däbi-dessuram. Dilinem öwrenýärsiň, geýim-gejiminem geýýärsiň, däp-dessurynam ýöredýärsiň. Hywalylaryň öz biri-birlerine öwrülip barýarsyň. Gitjek ýeriň nire? Özüň men pylan ýerlidirin diýip aýdaýmasaň, köpler-ä seni şu ýerli adamlaryň biridir öýdýär. Emma keçjal ýürek welin muňa kes-kelläm boýun däl, gursakda urulýan her gürs-gürsünde Watanym diýip, Destgir obam diýip, atygsap dur. Huşunda Hywada ýaşasa-da, düýşünde jennete ogşaýan bagy-bossanly dag etegindäki Destgir obasyna, oýnan ýerlerine barýar. Düýşde hezil-le – ejeňem-kakaňam diri gezip ýör, düýş ajaly bilmeýär, bardy-geldi ukudakaň öli göräýseňem, olam oňatlyga ýorlup, begenilýär. Honha, aýnada görünýän ýaly jigileri Ybraýym bilen Gyzsoňam öýlerinde. Mundag halda barta gark alyp ýatyrka Nedirgulynyň bürşen ýüzi ýazlyp, peti ýagtylýar. Şeýle pursatlar bir gutarmasa-da, ýöne jahan ýagtylmanka turzup, işe kowýarlar, mähriban mesgeniň, öýüň-ojagyň özün-ä däl, aýda-rowanda-çendanlar bir görünýän üzük-ýoluk persala düýşünem saňa rowa görenoklar. Başky üç aý geçensoň, Watan küýsegi ýüregini üzüp, bagryny paralap ugrady, lukmadan o diýen hor-homsy bolmasa-da, ýurdunyň zaryny çekdi, muny edeýin diýip edenok, öz-özünden oda düşýär, tutaşýar, lowlap ýanýar, köze öwrülýär, ýöne öçenok. Bu otda bişýän tagamam ýüregi-bagry, kalby... Aýralyk öz etiňi özüňe iýdirýär. “Ýaňky Keýmiriň aýdýan tekeleri öň ýeke gezegem gözleri düşmedik diýarlaryna ýetmek üçin nirelerden ýol baryny söküp gelipdirler, men welin şol obada doguldym, şol obada ýigit çykdym, obamyň her bagyna, her daşyna men belet”. Obalarynda yzynda galan iki jigisiniň gaýgysam Nedirgulynyň kellesinden çykanok, ol, ine, bazaryň içinde-de, heý, biziňkilere-destgirlilere ýa şu gün ýola düşjek tekelere duşmazmykam diýip, gözleri töwereginde elek-çelek. Gözi kaklyşsa, garagörnümdenem ýüzüniň ugruna tanajak-la welin... Diňşirgenýär, iki gulagam töwereginde edilýän gep-gürrüňlerde, obadaşlaryny-ildeşlerini sähelçe sesini eşitse-de, ýüzugruna aňjak. Nedirguly bazaryň içinde aýlanyp ýörkä, birden gapdaldan gulagyna ýakymly owaz geldi, türkmençe gürleşýärler. Nedirguly seretse, ine, dört-bäş sany gyrmyzdonly, silkme telpekli türkmenler çörek bilen bir ullakan gawuny orta alyp, iýip otyrlar, ýylgyryşyp, mesawy gürrüň edişýärler welin, keýpleri ýaman däl ýaly. Sähelçe üns berseň, özara gürrüňlerinden ýolagçydyklaryny aňmak mümkin. Nedirgula indi şularyňkydan başga gürrüň gerek däl, eliniň aýasyny gowaldyp, gulagyna tutup, aýdylýan zözleri dolurak eşidesi gelýär. Hälki Keýmiriň aýdýanlarynyň şular ekenligini bildi, türkmen jigitleri ýanlarynda emenip duran kişini görenoklarmy-nämemi, kän bir ünsem berenoklar. Nedirguly topulyp baryp, olary ýeke-ýeke gujaklasy geldi, ellerinden ogşasy geldi, emma ejap etdi, çekindi, tanamaýan adamlaryňa yssy-yssy, hamrak topulyberseň, olar nähili düşünerler, dälimi-telbemi diýmezlermi? “Bar-aýt, işiň bilen bol” diýip, ýanlaryndan kowmazlarmy? Ol uzak durubilmän, ne bolsa, şol bolsuna salyp, oturanlaryň ýanlaryna bardy, edep bilen iki elini uzadyp, ýyljyraklap, ýeke-ýeke görüşdi. Hödür-keremiň arasynda tanşyldy, habar alşyldy, asyl olar ýaňky Keýmiriň aýdan Hywa gelen tekeleri eken. Özlerem ýolagçy. Hudaý guluna berse, ýoluna getirip goýýar, ugurlaram Ahala. Ahalyň ýolam Abywerdiň üstünden geçýär. Begenjinden Nedirgulynyň dili tutulyp, eleniberdi, näme edip, näme goýýanyny bilenok, görse, elindäki dilim gawunyň torly paçagyna çeni çeýnäp dur, ýüzünden derinem syryp ýetişip bilenok. Düýşmi bu, huşmy bu, parhalandyryp bilenok. Şowuna düşüp, bolsady ekeniňde-de munça bolmaz. Häzir bu üsti-başy eleşan ýesir ýetimegiň aşygy alçy gopup ugrajaga meňzeýär, ümzük oňuna kibi. --Jan agalar, menem aparyň, Abywerde deňiç ýanyňyz bilen pyýada gideýin, aňrylygyna öz başymy çararyn, atyňyzyň gapdalyndan ylgaýyn, müneýin diýsem, ulagymam ýok, atymam-eşegimem ýok, hiç zadymam ýok, ýolda ýumşuňyza ýararyn, atlaryňyzy iýmlärin, suwa ýakaryn, hyzmatym bilen ýanyşdyraryn. Nedirguly gyssanjyna titir-titir edip, tekeleriň ellerinden-ýeňlerinden aldygyna sypalaýar. Birden ýok diýäýmeklerinden gorkýar, başdan ýok diýilse, soň yrmagyň kyn düşjegini bilip dur. --Iki sanjak ýetim jigilerim galdy yzymda, olara men eýe çykmaly, menem bäş ýyldyr bärde bendiwan. Nedirguly häzirkisindenem beter ejizlejekdi, onuň pikir edişçe başdan geçiren pajygaly ýagdaýlaryny aýdyp berse, olaryň ýüregi awar, rehimleri inip, bolýar, alyp gidäýeris diýerler öýdýär. Henizem jigitleriň baştutany Hojanepes batyr ýylgyryp, elini daldalap, onuň gözüni ýaşlap, aýdýan hasratly sözüni böläýdi: --Pyýada gürrüňini goý, artlaşyp gitmäge-de, atlar çydamaz, özümizem howlukmaçragam – diýip, dyngy berdi. Nedirgulam sazanaklap, sözüň yzyna garaşdy, goşulybermeden çekindi, birden ýok diýlerinden eýmenýär, tamakiniň ýagdaýy-da, dili bilen geplemese-de, gözleri diländen beter naýynjar. --Ýöne oguljygymyň taýpary bar – ýaňy münüş öwrenen taýy, babasy sowgat berdi, häzir birimiz bilen gidip alyp geläýersiň-dä, uzakda däl, şu töwereklerde. Bazarlyk işimizi tamamlaýançak giderdejik getiräýersiňiz-dä. Niçik görýäň, Esen? --Siz bir zat diýdiňiz-de, biz ýak diýdikmi? Agzyndan bir söz çykyp bilse, ala-pakyrda berilýän adamlar bar, ýogsa üýtgeşik bir gepem aýdanoklar-la, adaty sözler-dä. Ýa şolar heňini tapyp, geplemäni oňarýarlarmy-nämemi? Esenem şol wäşileriň biri, onuň gülküsem gülkünç, ylla, at kişňän ýaly edäýýär. Onuň şiwe diline öýkünip aýdan bu sözüne hemmeler gülüşdiler. Ine, hemme zat jadyly ertekilerdäki ýaly-la, diwara yz-yza kerpiç ören deý bar zat öz-özünden ugrugyp barýar, Nedirguly abşaryň arzuwlary erenler çüflän ýaly boýnap bitýär. Eýse ýaňy dälmidi baýguşy hemdem edinip, kalbam weýrana dönüp oturyşy? Häzir onuň batyl talygynyň ugry ýagtylyga tarap gönügýär. Onuň eden işiniň gözükjek döwrem bardyr, iri-giji ýok, ol zamanam geler. Nedirgulynyň içinden-daşyndan okaýan alkyşy sözsüzem düşnükli. Hydyr görene döndi, bagt diýilýän edil öňüňdenem çykaýýan oguşýa. Ýöne şowlap, dik üstünden barma gerek. Laýygyna düşse, kynam däl, ine, saňa gujak-gujak bagt! “Garba, Nedirguly, haçan gören zadyň, bu meniň öz bagt guşumyň gondygymyka ýa şu ýagşyzada kişileriň maňa hödürlän peşgeş paýymyka? Ýüregim agzymdan çykyp barýar, bagt diýilýän zada-da öwrenişmek gerek, gözümiň ýaşyny sylyp ýetişip bilemok-la, aglanyňda-da ýaş, güleniňde-de. Özümi merdi-merdanamykam öýderdim, çala tisim ekenim-ä”. Hojanepes batyr Esene ýüzlenip aýdan ýaňky taýparly tabşyrygyny gözýaşyny bildirmejek bolup, eglip, ýeňi bilen sylyp duran Nedirgula-da gaýtadan aýtdy: --Biz bazarlap, ýol şaýymyzy tutýançak, bolýan ýerimizden Esen bilen gidip, Keýmir oglumyň taýparyny alyp geliň, adymdan aýtsaňyz, oglum ýok diýmez. Geýim-gejimleriňem bir laý çalyş, öýden saňa bor ýalysy tapylar, iki laý ýuwlan çalşyrgyjy bilen. Soňam ýene Esene ýüzlendi: --Esen, saňa tabşyrýandyryn, utanan bolup, aýdanlarymy doly alman gaýdaýmasyn, özüň esewan etgin. Uzak ýoluň ýagdaýyna belet-ä sen. Bizem ýol azagyny ýene bir adamlyk artyk alarys. Hojanepes batyr ýigitleri bilen ýol üçin gerek-ýaraklaryny satyn almaga bazara siňdi, Nedirgulam Esen diýilýän jigit bilen türkmenleriň ýaşaýan ýerine ugradylar, ata artlaşyp. Hälki gara gargaly köçe bilen baryberdiler. Bu gün Nedirguly üçin biri-birinden täsin zatlar duşdy, türkmenlere sataşmagy, olaryň öz ýanlary bilen uzak ýola alyp gitmäge aňsatlyk bilen razylyk bermegi, ýene-ýene... Ýöne ony hasam haýrana goýan zat, oglum diýýäni hälki Keýmir eken. --Nedirguly aga, gel, täzeden ýene görşeli, ýaşulularymyzyň aýtmagyna görä, bir-birekden ýedi ädim daşlaşanyňdan soň gaýtadan görüşmäge rugsat berilýärmiş, heniz salamdan aşa düşen ýok. --Ýüz berdim welin, halys ýüzin düşýär diýme, ýene dilege geldim, kakaň iberdi – diýip, Nedirguly müýnli garady, galan gürrüňi Esen düşündirdi ýeke-ýeke, Kakasyndan habar gelensoň, Keýmir gözüni-gaşyny çytman, eger-eger, tersine, begenip, guwanyp, taýparynyň jylawyndan idip geldi, soňundanam ejesine geýim-gejim hakda duýdurdy. Altyntäjem gaşyny çytman: --Kakaň aýdan bolsa, dessalymdan taýýar ederis, oglum. Äşe, aý, gyz Äşe – diýip, beýleki otaga gygyrdy. Içki jaýdan ses geldi: --Nätjek, gyz, eje? --Agalaryň ýuwulgy köýnek-balaklaryndan uluraklaryndan getir üç-dört sanysyny. Nedirguly içinden “Nätjek, gyz?” diýýär, biziň obamyzyňam aýal-gyzlary edil şunuň ýaly aýdýarlar, dillerimiziň meňzeşligini, destgirliler geläýdimikä öýdüpdirin, ýüregim sarsyp gitdi” diýip oýlandy. Soňundanam “Milletiň bir bolsa, diliňem meňzeş bolar-da! Bular bilen biziň betbagtçylygymyzam meňzeş, kişiniň aýk astynda, olaram-bizem ýer-ýesir, zar-zelil, Watandan jyda” diýip, sözüniň yzyny ýetirdi. Oňa çenlem Esen Nedirgulynyň egnine çalaja kakyp, edýän içki pikirini bölüp, bir boş otaga salyp, Nedirgulynyň geýim-gejimlerini çalyşdyrdy, taýynlanan çalşyrgyçly düwünçegem uzatdy. Keýmiriň jylawy öz eline döwtalap tutdurmagy Nedirgula güýçli täsir etdi, üstesine-de, heý, ynanyljak zatmy, “Düýp Watany taýparym özümden öň görjek, bize-de nesip etsin şeýle bagt” diýmegi Nedirgulyny serpmeden gaýdan ýaly etdi, başga çaga bolsa, agzyna salyp berseňem, ýat tutdursaňam, aýdyp bilmez beýle sözleri. Gaýta taýparymy berjek däl diýer, ýene bir gep tapar. Taýpar diýip bilse-de, Watan diýip bilmez, Watan ýaş çaganyň beýnisine girerden uly düşünje, çag-a däl, ulularyňam hemmesi ol barada kän oýlanyp bilmeýärler. Watan hakda oýlanmak üçin kalbyň giňligi gerek, ullakan ýürek gerek. Nedirguly gara gargaly meselede-de, soňky gezek dilegçilige gelende-de özüni Keýmiriň alnynda müýnli ýaly duýdy hemem bu näme üçin beýle bolýarka diýip oýlandy, içinden “Haçanam bolsa, şujagaş oglan sahypkyran-suhanwer kişi bolup ýetişer, adyny bek belläýin – Keýmir! Bäh, adyny dagysyny gör, “keýmir ok”-a diýilmesi bar, sary ýaýymda şular ýaly okum bolsa, Eýran nämemiş, dünýänem basyp alyp bilerin, her ýerde gezse-de, şu oglany gözümden salmaryn” diýip oýlandy, adam köplenç özgä baha berende özi bilen deňäp görýär, bujagaz oglan özünden kän rüstem, agramly geldi, Nedirgulynyň oňa gözi gitse-de, göriplik duýgusy oýanmady, Keýmiriň taýparyna guwanyşy ýaly, olam Keýmire guwandy, häzir Keýmir onuň üçin bir ene, bir atadan doglan süýtdeş doganyndan eziz. --Keýmir, eden ýagşylygyňyzy hökman ýanyşdyraryn. --“Yhlasly eýlenen niýetler amallardan ýokardadyr” diýdim-ä, niýetiňde şol bolsa, ony bitdi hasap ed-äý. --Hälem aýtdyň şol gepi, gowy düşünmedim. --Öňde-de bir baý kyrk öküzi soýup, sadaka beripdir. Sadaka gelen bir garybam içinden “Häk, meniňem kyrk öküzüm bolsady, menem kyrkysynam şu baý aganyňky deý sadaka beredim” diýipmiş. Baý-a, sadaka berip, amal edýär, garybam niýet edýär, Allanyň gaşynda niýetiň sogaby amalyňkydanam ýokardadyr diýildigi. Göwnüňe getireniň amalam bolýar, niýet päk bolsa – amalam päk. Adamyň dünýäde iň päkzatlarynyň biri päli-niýeti bolmaly, päli-niýeti düzüwiň edýän işem düzüwdir. Möhümlerini bitirip, öýden çykyp barýarkalaram Keýmiriň ýaňky aýdan ybratly sözleri Nedirgulynyň kellesinden çykmady. Emma bularyň ikisem geljekde egin-egine deňläp, her haýsy set müňlerçe adamlaryň öňüne düşüp, baş bolup, taryhyň mähnet çarhyny saga-sola burjaklaryny häzir magat bilmeýärdiler, adama dem salymdanam näme gopjagyny bilmek berilmändir. Welilik – halatlylaryň pişesi. Olaryň bir-ä üç asyrdanam gowrak awara ýaşan halkyny ýurtly-mekanly edip, gözlerine röwşen berer, beýlekisem nijeme müň adamlaryň gözüni oýduryp, el-aýagyny gandallap, Watanyndan jyda eýlär. Tapawutlary magryp bilen maşryk kibi, ýer bilen asman kibi. Kyýamatda bu ikisiniň kamatlarynyň reňňi-roýy hem dürli-dürli bolar, biriniň ýüzi ak, beýlekisiniň ýüzi gara. Düşjek jaýlaram başga-başga – biri behişt, biri tamug. Kesesinden seretseň welin, görer göze ikisem deň adam ýaly. Daşyndan seredip baha berleni üçin çoh ýalňyşlar goýberilýär-dä. Hojanepes batyr jigitleri bilen özlerine keseki-ýat saýman, Nedirgulynam ýanlaryna alyp, alty atly bolup, uzak ýola düşdi. Ýesirlikden boşan guly ýanlaryna ýoldaş edinip alyp gitmekleriniň birinji sebäbi adamçylykdan. Ilkinjiden öz ildeşleri-türkmeni, üçünjidenem, goltga-ýardama zar ejiz biçäre. Belki, bu işden ýalkawam bardyr. Nedirguly ýolda Keýmir bilen gysgajyk gürrüňi öz içinden juda uzyn dowam etdirdi “Onda hezil-dä, kyrk öküzi pul döküp, satyn almak, bakmak-bejermek gerek däl, diňe “Bolsa, menem sadaka bererdim” diýäýmeli – kabul. Men müňüsinem diýeýin”. Öz ýanyndan Nedirguly Keýmiriňkidenem güýçli pikir tapandyryn öýtdi, soňundanam “Allanyň gaşynda diý-dä ol, kimi aldasaňam, Biribary aldap bilmersiň. Yhlas bilen net etseň diý-dä ol. Edil meniň häzir öýe ýetmek üçin eýleýän yhlasym ýaly ile-güne haýyr etmäge howluksaň, şonda kabuldyr. Ýok bujagaz oglan bilen men basdaşlyk edip bilmen, ol maňa eýgertjek däl. Men ondan kän asgyn” diýip, ýene düýpsiz pikre çümüp gitdi. Bu toparyň Garaguma gadam basyşlary ilkinji gezekmi? Ýok! Öňem eýlesinden-beýlesinden girip, çöl hakda, taýpalaryň, tireleriň ýerleşişi hakda kän zatlary bilip gelipdiler. Bu gezekki sapardan maksatlary Ahaly görüp gaýtmak, aňrybaşyna deňiç, dagynam, düzünem, çölünem, çeşmesinem, guýularynam, ilatynam. Kimler ýaşaýar? Olar bilen dil tapyşyp bolarmy? Diňe dil tapyşmagam däl, aňryňy-bäriňi aýdyşyp-soraşyp, aslyň birdir-dä, gitjek ýeriň nire, milletiň düýp köklerini yzarlaşyp, doganlaşmaly. Garaz, anyklanmaly sowallar-a kän. Seniň duzuňy iýip, boýnuňda oturyp, ýene seniň kemçiligiňi gözleýän adamlar bolýar. Kemçiliksiz adam ýokdur. Emma Nedirguly şu barýan ýoldaşlarynda hiç hili kemçilik görmedi, oturyşynda-turuşynda. Gaýta elmydama ýagşylyk edip ýaşamagy maksat edinen şu adamlaryň yzyndan aýrylasy gelmedi, ýagşydan ýagşylyk ýokuşýar, ýamandan – ýamanlyk, Bularyň ýanynda gezse, belki, olam çyn äre öwrüler. Hojanepes pälwany synlap barşyna “Hä, Keýmiriň döremegi üçin şunuň ýaly parasatly ata gerek eken-ow” diýip, Nedirguly oýlandy. Hawa ol-a obalaryna – Daraýgeze – Destgire barýar, Abywertden ýokarda, dagyň aňry ýüzünde, abşar türkmenleriniň obasynda, olar bu ýerlere haýsydyr bir zaman Häzirbeýjanyň Apşeron ýarym adasyndan sürgün edilip getirilipdir, Apşeronyň adam şol taýpanyň adyndan gelip çykan diýenem bir gürrüň bar. Abşarlar – olaryň gökleňleriň, mürçelileriň arasynda ýaşaýanlaryna owşarlaram diýilýär, diňe ol ýerlerde däl, Osmanly türk döwletinde-de, Eýranyň demirgzygynda, Owganystanda Käbil şäheriniň etginde-de kän, häzirbeýjanlylar ýaly birnäçe türki halkalryň millet hökmünde emele gelmeginde şol uly taýpa esas bolup durýar, abşarlaram edil türkmeniň beýleki bir taýpasy gajarlar ýaly yslam dininiň şaýy mezhebine uýýarlar. Gyzylbaşlar diýilýänlerem şolar. Nedirguly-a ýesirlikden dynyp, dogduk mesgenine, öýlerine barýar, düşnükli zat, a tekeleriň bu baryşdan ugry hanjak? Bu sapardan netleri-matlaplary näme? Mundan üç ýüz ýyl gowrak ozal göçülip gaýdan köne ýurt ýerleriniň harabaçylygy bolmalydyr diýäýmeseň, başga barara gapylary, geläýdiňizmi diýip, öňlerinden gujak gerip, garşy aljaklary bir barmy? Bularyň şum takdyry kimiň ýadyna düşsün, adam öz ýedi arkasynyň näme eýläp, näme kylanyny bilýärmi? Ýedi arka nirede, adam wagt geçensoň, özüniň näme edip, näme goýanynam bilenok. Olaryň başyna düşen betbagtçylykdan hiç kimiň habaram ýokdur. Nädip habary bolsun, eli gylyç tutanlaryň-a baryny öldürip, beýlekileriňem hemmesini gamçylap-dürreläp, atyň öňüne salyp, ýeriň ol ujuna sürdüler. Yzlarynda täk galan zat haraba. Ondan bäri nijeme asyr geçdi Ilçileriň sapardan maksatlary köne ýurtda ýagdaýlar nähili, kimleriň elinde, goňşulary kimler, ýaşaýyş üçin nähili şertler bar? Dolanyp barmak nesip etse, durmuş ýagdaýlary-güzeranlary niçik görler? Bu ilçiler toparynyň başga-da anyklamly zatlary köp. Üstüne barlanda çözlüberer-dä. Başda Hywada ýolbeletlerden alan salgylary boýunça gaýdyberdiler. Çöle, bissimylla, birinji ädimlerini ädip, kyblalaryna garap, her haýsy aýratynlykda iki rekagat metjit namazyny okadylar, olar Hydyr gezen Garagumy öz metjitleri saýýarlar, şonuň üçin aşaklaryna atlaryna bökderilgi namazlygam düşemän, arassa ak çägäniň üstüni seždegäh edindiler, çünki, ata Watanyň topragy olar üçin iň aňrybaş päklik. Türkmenler çölüň ýok ýerinde-de jynaza duranlarynda aşaklaryna çäge düşeýärler, täret suw ýok ýerinde çäge bilen teýim edýärler. Olar juda bir takwa dindarlar däl, yrman, bäş wagyny okaýarlar, oraza tutýarlar, Allatagalany gursaklarynda göterip, her işde şoňa sygynýarlar. Ondan aňryk bilse-bilmese, kän bir inçeden yzarlap, geçiberenoklar, beýlesi işan agalara degişli, şolaryň aýdýanlaryny diňläp, ýöne eşejiklerini bekje duşap, öz günemalary bilen gümra. Gerekmi, ýene ýüwrüp-ýortuberýärler. Salgam salgy welin, ýöne çölüň orruk ortarasyndan atyňy sürübermeseň, öňüňden dost çyklakmy ýa duşman, bellisi ýok. Çölde ilkinji ädimiňden tebigatyň demir kanuny başlaýar. Şol kanuna eýgerseň-ä, ýollar saňa gutly bolsun, eýgermeseňem, günä özüňde. Çölde azaşmak gaty aňsat. Azaşmazlyk üçin nätmeli? Nädip gitjek ugruňy bilmeli? Hamala, çölüň çyzgysy asmanda bar ýaly, ýyldyzlardan çen tutup, barýan ugruňy anyklaýarsyň. Haýran, ýokaryňa seredip, aşagyňy görýäň. Asman aýna-da, ýer onda görünýän surat ýaly, ýeriň bellikleri asmanda goýlupdyr, ýyldyzdan nokatlara seredip, ýeriň ýagdaýyny bilip bolýar. Çöle belet bolaýyn diýseň, ilki asmana beletlik gerek. Çöl adamlary asmany-ýyldyzlary gowy seljerýärler. Iň ýönekeýjesi -- demigazyk ýyldyzyny tapyp – demirgazygy, demirgazygy bileňsoňam uly ýedigenler tarapyndan beýleki ugurlary anyklap bolýar. Asmandaky her ýyldyza olaryň özleriçe dakan atlaram bar. Hojanepes batyr, hamala, at üstünde öz müritlerine sapak berip barýan käsip damylla ýaly okuwçylaryna çöl barada her hili sowallar berip, olaryň bilim derejesini anyklaýar. Ata-baba çöl adamlary-da, hersi bir zady gowy bilýär, biriniň beren dogry jogaby beýlekilere-de sapak, ybrat. Çöl – tüküniksizlik. Sähra ýanaşaýyn diýseň welin, bilmeli sapaklaryň, almaly okuwlaryň çölüň depeleri deý kän. Alaňlaryň hersi bir jilt kitap, elipbiýine düşünip, okamany başarmaly. Adam soraşa-soraşa, bir-biregini tanaýar welin, şeýdip başga zatlara-da gowy göz ýetirýär, bir-birekden reňk alýar. Şol ýagdaýda eşdenleriň aňyňda-da gowy durýar. Nedirguly abşar ilçileriň bu gürrüňlerine geň galyp, göýä okuwa täze gelen talyp deý aýdylýan täsin gürrüňleriň bir sözünem sypdyrman, doly eşitmek üçin iki gulagam şolar tarapda. Göwnüne, häzir özi alym kişileriň arasyna düşen ýaly. “Daşyndan synlanyň ýaly däl-aýt bular. Kimiň kimligini tanaýyn diýseň, bile çöle çykyp göräýmeli eken-ow” diýip, öz ýanyndan pelsepe otarýar. --Düşnükli, barýan ugruňy ýyldyzlardan tapmaly. A ýyldyzlar görünmese, näme? Meselem, bulutly-ümürli gije, ýyldyzlar görnenok diýeliň, şonda näme etmeli? --Alamatlardan çen tutmaly. Birinji alamat – depäniň oty guran tarapy güneýi, guramadyk tarapy – guzaýy. Diýmek, guşlukmy, bemirgazykmy, belli. Bu jogaba “talyplaryň” ýene biri ilgezik goşuldy: --Ikinji alamat – Garagumda sözen agajy gurap ýykylanda, elmydama kybla tarap agýarmyş. Kyblaňy bilseň, hemme tarapyňy anyklaýarsyň. Hojanepes batyr bu jogabam makullap baş atdy. --Üçünjiden -- göni ýöräp gideniňde bir depeden aşsaň – ikinjisi, üçünjisi... yz-yza çykyp duran bolsa, onda ýa gündogardan günbatara barýansyň, ýa-da günbatardan gündogara. Ilerden gaýrak, gaýradan ilerik gitseň, göni ýoldur. Depeler serpilip, ýol berip durandyr. --Dördünjiden – diýip, Hojanepes batyr ara düşen böwşeňligi bozup, sözüň yzyny özi dowam etdi – tomsuna, esasan, şemal namaz arkadan öwüsýär, şondan çen tutuber. Kyblanyň ters tarapyna namazarka diýilýär. Ýel sübseläp, aýak yzlary bozýan ýaly, emma ol iş edinip çägäniň üstüne hat ýazýar, ugruň haýsy tarapalygyny görkezýär, ony okamak üçin ýeliň elipbiýine düşünmeli. Çölüň şular ýaly başga-da alamatlary kän. Ömrümiz çöllüklerde geçensoň, bilýäs şu zatlary. Bu bilermen ilçileriň durmuşyň her dürli ýagdaýlaryndan ugurtapyjylygyna Nedirguly abşaryň gitdigiçe syny oturyp barýar. Çopanyň sürüdäki ähli goýnuny tanaýşy ýaly, çöl adamlary her depe-gola belet, asmandaky ýyldyzlara belet, çöl olara aşa üşük eçilipdir. Düňle çöl diýilýär, düňle dagy däl, çöl öz ýeli, janly-jandary, ýyldyzlary, oty-çöpi bilen gepleýär. Çölde gezjekmisiň, guş dilindenem başyň çykmaly. Çölde guýy gazanlar otlara-ösümliklere, mör-möjekleriň hinlerine seredip, nirede suwuň barlygyny bilýärler. Garagumyň yssysynda possunyň mazasy bar, dumly-duşdan çörek bişýän tamdyryň ysy gelýär, howrunda mähir bar. Aňyrysy hiç tükenmeýän giňişliklerinde danalaryň aýdan hikmetleriniň ölçegi-çelgisi bar. Garagum türkmenleriň belalardan goranýan galasy, duşmanlaryndan halasy. Garagum türkmenleriň dogduk mekany, bu dünýelik işini bitirensoň, baky uka uka baş goýjak aramgähi. Alaňlar-u gum depeleri – başuja dikilen kümmeti. Ojar-sazaklaram, hamala diýersiň, mazarlara dikilen jüragajy deý. Hojanepes batyr: --Ýyldyzlaryň üsti bilen diňe ugryň haýsy tarapalygyny däl, howanyň nähili geljeginem, wagtam, hepde-aý-pasyllaram anyklanýar. Köpbilmiş palçydyr-bilgiçler-ä adamyň takdyrynam asmandaky ýyldyzlardan görýärmişler. Ýyldyzlar üşükli adamlar üçin äleme edilen nokatly bellikler – diýdi. Hawa, ýyldyzlar Ýere görä hereket edenok-da, Ýer ýyldyzlara görä hereket edýär, Ýeriň üstündäki titremeler, tupanlar, sowap-gyzmagy, ýagyn-ýugun, joşgunlar-gaýtgynlar... hemmesi asmanyň, ýyldyzlaryň oýunlary, Ýer olaryň ýanynda ýumuş oglany, näme diýseler, şoňa görä. Nedirguly bu toparyň ýany bilen gezip, gözi bilen görüp, gulagy bilen eşiden zatlaryndan çen tutup, netije çykaryp, içinden “Bular ýöne-möne ilçiler däl-how, älemi okaýan köpbilmiş müneçjimler-laý, düýäniň gumalagyna derek ýyldyzlary oklap-gapýan. Biz daglylar aýyn bolmasa, dilimizi-başymyzy çeýnäp: “Aý, eline almaz düşse, parhyn bilmän, çakmak daş edinip ýören çölde gezen çoça çopandyr-da, bilýän zady barmy?” diýşensireýäris, asyl, olaryň bize kyrk ýyl ders-sapak bermäge ýagdaýlary bar eken. Garagum çölünde bulardan başga adam başynam çarap başarmaz. Türkmenleri Garagumdan aýryp, başga ýere sürgün edýänler, olaryň mesgenlerini ellerinden almak üçin ymsynýanlar aňrybaş akmaklardyr. Aldyňam-da, tozar ýatar, jümmüşine girip biljek miltiň barmy? Bar, gir, eneň uny tükenen bolsa, dünýäniň azabyndan dynaýyn diýseň, suwda ýüzüp bilmeýän halyňa derýa giren ýaly ahbeti bu çöl” diýip, baha berdi. Ilçileriň şu häzirki barýan belentli-pesli, egri-bugry ýollaram depe-alaňy, sazagy-selini.. bilen edil hat bilen depdere çyzlan ýaly, daşa ýazlan kimin olaryň hakydalarynda butnawsyz berk galýar. Ilçiler ýene yzlygyna gaýdyşynam şu ýoly emgenmän-tazykman taparlar. “Bir gören – tanyş...” diýlen köne sözüň manysy bular üçin diňe adam hakda däl, ýol-menzil babatda hem laýyk gelýär. Ata-baba çöl adamlary-da, huşlary metda-bir gördükleri bes, soň sypdyrmaz. Olar hem-ä “taýlaryna baş öwredip”, düýp mekana barýarlar, hemem Garagumyň – öz mülk Watanlarynyň gollaryny-ýollaryny öwrenýärler. Nesip etse, olar geljekde bu melemessan mesgene eýe çykmakçy. Hojanepes batyr häliden bäri böwrüne iňkis bolup gelýän bir taň pikiri ýoldaşlaryna aýtmagy müwessa bildi: --Welidirin diýdigim-ä däl, ýigitler, göwnüme bolmasa, şu ýerlerde hatda ýaňy-ýakynlarda-da aýlanyp-görüp giden ýaly bolup durun men. Ýok, düýşde däl, huşda. Hut öz iki garagym bilen gören ýaly. Bu nämäniň alamatyka? --Batyr aga, başda şu ýoldan ilkinji gezek gidişimiz diýip, özüň aýtdyň dälmi näme? --Hawa, Esen, aýtdym, hakykatdanam, şu ýerlere birinji gezek aýagymyzy sekip görşümiz. Ýöne, ynha, şu depeden aňryk ýene ýedi depe aşsak, göwnüme bolmasa, aňrysyndan adyrlyk başlanýandyr, adyryň sag gyrasynda täze gazlan süýji suwly guýy bardyr. Ertirden bäri birküç çakym dogry çykyp gelýär, size aýmaga ýaýdandym, ýaňky diýşim ýalydyr şu depeden beýläni sanaň-da göräýiň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |