09:24 Çarh / 1-nji kitap -2 | |
Keýmiriň dünýede ýek görýäni “özümiziňkiler” diýen bir öz gulagyňa pyşyrdap aýdylýan içi güjükli söz. Öňem keliň saçy ýaly aglak iliň bar, onam özümiňki-özümiňki däle böleklejekmi? Hemmäň deň tutulmasa, millet nireden döresin? Aslynda, “özümiziňkiler” diýip, pyşyrdaýanlar ters işlerini amal etmek üçin şu hapa pirimi ulanýarlar, aşagynda haram bähbit ýatyr, olarda Watan söýünji ýok. Babasy Döwletmämmet Düýegöz-ä kim utamyş-togtamyş diýip dawa tapsa, ikisiniň arasyna çöp atsa, şony öldüriň diýipdi. Diýse-de, edil ölüme-hä ýetilmez, ýöne sylabam goýulmaz. Şol gürrüňiň çykmazy üçin ýer-ýurt paýlanyşygynda utamyş-togtamyşa özi üstünde durup, obalary başaşa gezekleşdirip, mülk paýlatdyrypdy.
Taryhy proza
Asyrlar türkmenleri dünýäň ýüzüne pytradypdyr, bärde galanlaram bölek-bölek. Urug-taýpa-tire... Her kaýsy bir döwletiň gol astynda. Üýşüp, birleşip, türkmen döwletimizi döretmeli. Näme Keýmir serdar şu teklip bilen taýpa ýolbaşçylaryna az ýüzlendimi? Bor-bor diýýärler, emma hiç gurralary gowşanok. Keýmirkör iç gepledýär “Millet gaflat ukusyndan galkyp bilenok, eger bary-ýogy des-deň bolsa, bilinmese, ol heniz halk däldir. Döwlet gurmadan öňürti halky oýarmaly”. “Halk diýeniň beýik düşünje, ýöne onuň arasynda-da, elime susak sapy ýetäýse bolýar diýip, pursat arap, diňşirgäp ýatanlaram, bildirmän, halkyň içine siňip ýörenlerem bar. Olar iň aýylganç adamlar. Päh-eý, türkmenleriň birleşip, özbaşdak döwlet gurmagyň ugruna çykyp başlanyny goňşy ýurtlar, heý, eşitmezmi? Buhara emiri-de, Hywa hany-da, Eýranyň şasy-da türkmen ülkesini öz lukmasy hasaplaýar, islän mahalyň iýibermeli, sal salgydyňy, ýolla uruşlara... Onsoň olar, heý, saňa özbaşdak döwlet gurduryp, ara serhet çekdirermi? Şu başbozarlygy, kim tapýanam bolsa, tapyp janyny gabz etmeli. Şonuň üçin Keýmir serdar özüne nalaç gizlin lakam alyp, garyndaş taýpalara döwlet dahylly iberýän çaparlaryny, namalaryny şol adyň üsti bilen gönderip ugrady. Döwletaly diýilip, iberilýän hatlardaky adamyň Keýmirligini bir özi hemem ýanyndaky golaý egindeşleri bilýär. Habarçy çapar ele düşäýse-de, kim bu diýen sowala bilemokdan başga näme diýsin? Onuň ýaşaýan ýeri nirede diýilse-de “Hatap galanyň guk ýanynda” diýen sözden gaýry jogap ýok. Döwletaly diýen lakamam aly-beýik türkmen döwletini guralyň diýen niýetden alnan. Döwlet guralyň diýen pikir Keýmirkörüň tapan nysagy däl-de, türkmen halkynyň ýüreginden syzlyp çykan arzuw. Keýmir serdar diňe halkyň göwün islegini alyp göteren beýik bahadur. “Mundan urdum gylyjy arapda şaňlar ujy” diýilýär, gylyç diýenine dil diýibem düşünmeli, şu ýerde agzyňdan bir söz sypdyrsaň, Arabystanda-da eşdilýär diýildigi. Agzyňdan çykan söz-ä baýaky, kiçi diliňden bärde aýdanyňy-da ýetirýärler. Agyzdan agza oklaşyp, ýelden çalt ýetirýärler. Ýörite atyny ýüzin çapyp eltýän jansyzlaram gyra-gyrma. Keýmir bu ýagdaýa hemmeden belet. Söweşe gitmezinden has öň etjek-goýjagyny nökerlerine mälim edýär. Pylan ýerde pismidan ederis. Habar gitdimi? Ýogsa nä. Diýlen güni gelýär. Hakykatdanam, Keýmirkörüň goşunlary şol ýere at salýar, ýöne az sanly jigitler bilen. Üstesine-de gyltyzrak-gyltyzrak çozuşlar bilen. Öňünden bilşikli duşman leşgeri sap-sap goşun bilen ýapyrlyp garaşyp ýatyr. Türkmenler degdi-gaçdy edip, duşmany öjükdirip, zut gidýärler, alla bersin olary, ýere siňen ýaly. Tekeleriň esasy goşuny başga – öň hiç hili aýdylmadyk-eşdilmedik ýerden zarba urup, ganymyny amana getirip gaýdýarlar. Çendan getirlen habardan iberlen habar kän iş bitirýär. Eýranyň şasy wezirine sowal berýär: --Türkmen taýpalaryny birikdirip, özbaşdak döwlet gurmaly diýip, dumly-duşa habar ýaýradýan Keýmirkör diýilýän serdarmy? --Ýok, tagsyr, Keýmirkördenem bäş beter bir aýylganjy bar, Döwletaly diýýärler. Birleşeliň diýip, ulukjyn açdyryp ýören şol. Balkanyň Misiriýanyndaky Şirkebir metjidinden tä Lebabyň Şirşütür gumuna çenli aralykdaky türkmen taýpalaryna birleşeliň diýip, yzyny üzmän hat-nama gönderip otyr. --Ele salyp, derisine saman dykyp bolanokmy ol pidulyň? Ne beýle başyna giden ol? Bäş-on sany keçetelpek türkmene arkasyny diräp, aljak galasy ýokdur onuň. --Gördüm-bildim diýýän ýok, merhemetli şahym. Ady bar, özi gaýyp. “Döwletaly – sünnüniň sütüni, hakdan halatly” diýşip, adyny dillerinden düşürenoklar. --Derhal tapyň-da, ol näperman-näsaz tüpbozany naýzabanyň öňüne salyp, germesatan edip, Ispyhana getiriň, hezreti Alynyň adyny göterip, bozgaklyk edip ýören bolsa, eşki-nedamatyny – ökünç gözýaşlaryny akdyryp, 10 günläp Ispyhan şäherindäki Alynyň minarasyndan başaşaklygyna asdyraýyn, ýene bir on günem Hoja Alamdan, ondan soňam on gün Sarabondan asaryn, ahyrynda-da maslygyny itleriň öňüne ataryn. - Lepbeý, şahym. Goňşy ýurtlaryň hökümdarlary tarapyndan Turana, Horosana, Eýrana çawy dolan jeňde jellat, dagda peleň, çöl gurdy Döwletaly sünniniň kastyna çykyldy, adyna Hatap diýlip dakylan ýer bolsa, gala bolsa, goşun çekip bardylar, gördüm-bildim ýok. “Guk” ýanam sesýetim töweregidir diýip, eýlesine-beýlesine sermendiler – Hudaý bersin. Ahyry Hatapgala diýilýäniň düýäniň üstüdigini, bir gün onda, bir gün munda belli salgysynyň ýoklugyny aňansoňlaram, ele salyp bilmejeklerine akyllary çatyp, Döwletalynyň kellesine uly baýraklar goýdular. Özi ele salynmasa-da, ogly-gyzyny alyp gitmek üçin sorag-ideg etseler, “Döwletaly diýilýäniň serinde Watandan başga küýi ýokmuş, ol pygamber peýsizdir, Süleýman soňsuz – onuň ogly-gyzy ýokmuş” diýdiler. “Geýýän geýimi – çaraýna, ýagny, uruşdа оk gеçirmеzlik üçin gеýilýän lybas, оl dört bölеkdеn ybаrаt, аýnа ýaly ýalpyldаwyk hеm-dе gursаgа, аrkа wе iki dyzа gеýdirilýän dеmir gеýim. Ezraýyl perişdäniň tarhanlyk hatam sowudyna gysdyrylan”. Özi tapylmasa-da, agyr urugly, meýdanda gylyçly, diwanda dilli Döwletalyly çapraz gürrüňler şol çykdy durdy, içalylylaryň ýanynda birde ol gökleň serdarymyş, birde ýomutlaryň baştutanymyş, birde tekemiş, birde ärsarymyş diýip, gümürtik gürrüňleri ýaýratdylar, aýak yzyny bozdular, tapylmaz ýaly bulaşdyrdylar. Emma Döwletalyly gürrüň yklyma ýaýrady, bir ondan, bir mundan. Äleme destan, illerde hat. Owganystanyň hany Kemal han owganam Keýmirkörüň edişine öýkünip, görelde alyp, birleşmek barada türkmen taýpalaryna iberen hatlarynda-da, baştutanlaryň içinde Döwletalynyňam adyny getiripdir. Ilde-de näme Döwlataly atly adam gytmy? Biri çopan, biri daýhan, biri döwletment beg, biri pukara. Tanyş-bilişleri duşanda olara habar gatyp görýärler: --Ah-ow, şol diýilýän göze görünmezek Döwletaly serdar sen bolaýma, tüweleme, ýer astyndan işläp, türkmene Aly döwlet gurmagyň ugruna çykan bolsaň, aýt-how, derkarymyz çyksa, bizem elimizden gelenini gaýgyrmaly. Dalda zerury çyksa, arkaýyn bil baglap bilersiň bize-de. Döwletalylaryň käsi “Ol men däl, atdaşym” diýýär, käsem “Çüş-ş-ş” diýip, barmaklary bilen syrlyja ýylgyrýar. Içinde “Men şol” diýip, özem güp ynanyp ýörenem bar, ilçilik-dä. Ýaňy içalylar diýip aýdyşymyz ýaly, öňem-soňam, hemme döwürlerde-de türkmenleriň arasynda ýaşap, duzuny iýip, gaýry ýurtlara dönüklik edip ýörenlerem bar. Keýmir serdar olardanam habarly, emma bilmezlige salýar. Gaýta olaryň ýanynda ters-ters gürrüňler, myş-myşlar etdirdi. Dönükleriň gözüniň alnynda jigitleriniň sanawyny geçirdi, tükelledi, iki ýüz atly jigit uly galanyň bir derwezesinden girýärler, syrtdaky beýleki derwezesindenem çykyp, donlaryny-telpeklerini-atlaryny-ýaraglaryny çalşyp, zol-zol sanawdan geçip durlar. On gezek geçse, iki ýüz atly iki müňe öwrülýär, jigitler welin ertirden tä agşama deňiç yzyny üzmän, dynuwsyz gelip-geçýär, sanyň soňy sanýetmeze direýär. Içaly dönük beçelerem gylyny ýere gaçyrman, eltip berdiler nädogry maglumatlary. Aý, ine: “Indiki çarşenbede Döwletaly şemşirini syryp, Maşada on müň ýaragly goşun sürjekmiş” diýen ýaly. Şemşir diýýänlerem şiriň penjedine, guýrugyna meňzäp duran ujy bükük gylyç, degen ýerini dograýan. Lek-lek leşger-goşuny iberýärler garşysyna. Keýmir serdar welin iki ýüz atlysy bilen Goçanda çozup, ýüz sany bendisini zyndandan boşadyp, alyp gaýdýar. Ýeri gelende aýdylsa, Keýmir serdaryň 4 gylyjy bolan – “Köne egri”, “Gara gylyç”, Dymşyk poladyndan ýasalan, Nedir şanyň sowgat beren “Şagylyjy” – iki joýaly ýalawynyň ýokary ýüzüne “Peşgeş-e zülpükar” diýen parsça ýazgyly. Dördünjisiniň ýasalyşy şeýle – ussalar inçejik simden örüp, gylyja meňzedip, gyzdyryp, birnäçe gezek ýenjip, güýzüň güni daň atmanka mazaly gyzdyryp, jigidiň eline tutduryp, aty gaty çapyp, çygly şemala gezäp, suw berýän ekenler. Keýmir serdar şol gylyjy guşagynyň üstünden galyň gaýyşdan guşak edinip, guşagyň iç ýüzünden galyň gaýyşdan gyn ýasadyp, şol gylyjy elmydam guşak edinip göteripdir. Onuň bu emelini – “Pynhan” gylyjyny hiç kim bilmeýär eken. Pytratmak aňsat, başy jemläp, bir çukura tüýkürmek kyn. Keýmirkörüňem häzir diňe öz teke taýpasyna erki ýetýär. Galanlarynyň hersi bir kelle. Bird-ä birleşäýjegem ýaly, birde-de kürtdürişip durlar. Ýogsa olara Döwletalynyň adyndan ýaýradylýan hatlarda “Türkmeniň Aly Döwletini guralyň, biz hiç milletden artyk ýa kem däldiris, haçan özbaşdak döwlet gurup bilsek, diňe şonda bagty guçarys” diýen manydaky çagyryşlar hemmeleri diýen ýaly imrindirýär, emma... Ýer paýlanşykda Keýmirkörüň tiredeşlerine-urugdaşlaryna häzirki Arçman obasy düşdi, ilerisi daglyk, gaýrasam çöl, sepleşip ýatan, üstem daş gyrmança. “Aý, bärde ekinem ekip bilmeris, malam bakyp bilmeris, bijämiz ters çykdy, Keýmirimizden-ä bize haýyr ýok, öz göbegimizi özümiz kesip, başgarak ýer tapynaýmasak” diýşip, obadaşlarynyň köpüsi (Arçmanda, Mürçede, Bäherdende üzlüp galanlaram bar) özlerine ýeten mülki taşlap, gündogara syryp, ugralla gaýdyberdiler. Büzmeýiniň töwereginde-de başgalaryň taşlap giden bir bölek meýdany bar eken. “Öňkimizden-ä ganymatrak” diýşip, ýerleşäýjegi şol ýeri hemişelik mesgen tutunypdylar. Sygman, artyp galanlaram Abywerdiň bärsindäki Gowşut obasynň ýanynda ýurt ýerini tutunypdyrlar, obanyň adam Artyk bolup galyberipdir, Akdaşaýaga ýerleşmän, artyp galanlar diýen manyda. Keýmir obadaşlarynyň içinde özünden nadyllaryň-öýkelileriň köpelendigini eşitdi, asyl obanyň bir üýşmeleňinde burunlaryna salyp, hümürdeşýänleri gulagyna-da degdi: --Keýmiriň öz obadaşlaryna haýry ýetmedi, ondan bize gök ýakyn, nirde bir daş-çagyl pytrap ýatan ýeri berdi, ondanam bir serdar bolarmy? Bar, bijämiz çykanmyşam-da, bijesizem erki ýetýär, bereýin diýse, mesge çalnan ýaly mele mesgen, erem bagy ýaly şekeristanam gyt däl. Oňa häzir şeýtdiň diýip biljek barmy? --Diňe ýer meselesi däl, hiç babatda-da obadaşlaryna ilden üýtgeşik jinnek ýaljagam ýardamy ýetenok. Gurt arkasyndan guş doýar emeli dälmi nä? Erteki gün serdarlykdan aýrylansoňam “Öň aýdaýmaly ekeniňiz-dä” diýer. Aýdylmanda-da, bilmel-ä şony. Serdarkaň obadaşlaryňa haýryň ýetmejek bolsa, onda haçan ýeter? --Ölseň, jaýlajagam obadaşlaryňdyr öz-ä, eliňe susak sapy ýetende özüňkilere edip bileniňi etmelidir-ä. Serdaryň obasy diýip, häzir üstünden lomuladyp dökmeli ahyry, näme berekediň bar bolsa. Keýmirkör jemagata ýüzlendi: --Aý, halaýyk, men bir obanyň serdary däl, külli teke türkmeniň töresi, munda tire köp, oba köp, hemmesini deň tutmasaň, serdarlyk başartmaz. Öz obam diýip, beýlekilerden ala tutsam, onda men külli tekäniň taýpa başy däl-de, bir obanyň hany bolýan. Il meni hemmäni bir göz bilen seret, deň tut diýip, başa çykardy ahbetin. Salyhatsyzlyk edip, elimden gelenini öz obama edip ýörsem, bir ýerde emel bar bolsa, tiredeşlerime, obadaşlaryma paýlap ýörsem, halk maňa näme diýer? Näme halkyň gözi ýokmy, dili ýokmy? Men şeýtjegem bolsam, aýpdyr diýip, siz elime kakmaly, ondan ýüz öwürmeli. Bu gün men şeýtsem, erteki günem başga biri han saýlanyp, özüniňkilere göz görtele ýa assyryn eline ilenini çekip ýörse, onda bizde derek galmaz, adamlar! Diňe ýer-suwda ýa wezipe-emel paýlanşykda däl, hemme meselede-de uly ile ortak bolmaly kethuda. Kethuda sözüniň içinde hudaýyň ady bar. Allaha ýaraşa iş etmeli, şonuň halajak ýolundan ýöremeli. Adamyň huşy gadymlardan galan dokuz gulply demir sandyk kibi, içini dörjeleşdiriberseň, baryp-ha atam döwründe unudanlaryňam çykaýýar öňüňden. Pete-pet, ýüzbe-ýüz dursuň, wagty bilen nämäniň nämeligini aňda dikläbem ýetişip bileňok, ümürli howa ýaly, duman syrylyp, kem-kemden açylyp-aýdyňlaşyp ugraýar. Keýmirkörüň soň-soňlaram ybrat hökmünde ürç edilip, kän ýatlanyp ýörlen bu sözleri il içre ýaýrady, hemmeler tarapyndanam unaldy. Ine, soňraky hanlar-begler öwrenjek, ybrat aljak diýse, düre batyrylyp, çykarylan nakyla barabar kelam. --Hanlyk-serdarlyk bäbeklik däl, il seniň sallançagyňy üwräp, allalap-hüwdüläp, göwnüňi tapar ýaly, sen iliň göwnüni tapmaly. Bir öz göwnüňi tapmada hypbat bar, ulus iliňkini nädip tapjak? Kyn mesele. Bu müşgili diňe Alla tarapyn törelik üçin doglaýan kişiler başarýar. “Il agasy – don ýamasy” diýilmeýärmi näme?! Häkimýet başyna mert gelşiň ýaly mert gitmänem başarmaly, ýapyşyp ýatmaly däl gara dalak ýaly, geleniňde peýda getirişiň ýaly gideniňde-de peýda berip git-ä. Il saňa ýagşy-ýaman her ýagdaýda, başa uçran her işde haýyr edersiň diýip ynanýarmy, onda senem tamany öde-dä, beýewbar! Başga ýol barmy? “Hudaýa şükür, ryswa kylmady, näteňenälet-ä diýdirmedim, ilimiň öňünde bilkast etmiş eýlemedim, beýleki türkmen taýpalaryna-da golumdan gelenimi aýamadym, Allaň öňünde-de, bendesiniň alnynda-da müýnüm galan däldir-ä öýdýän, elimden kethudalyk erk-ygtyýar gidensoň, kast-hasaplaşyk üçin çalyp, ýakamdan tutular howpum ýok. Bargitsin tabşyraýyn garamatly möhürli golany. Pelegiňem, ýurduňam, her ynsanyňam öz çarhy bar. Ölmänkäm öz çarhymy burup, Kiçi Balkana gidip, at segredip, gözümden uçan köne ýurtlara bäş gün mesti-seýran kylaýyn. Ilimiň mensiz baş çaraýyşyny kesesinden synlap, tomaşa edeýin, ölmüň öýünde ýeten ata Watanymyza guwanaýyn. Hem bu dünýä, hem o dünýä kalbymda arman galmasyn. Sungy-yhlas eýlän ömrümiň hasylyny oraýyn, ol günlere ýetmegem bagt”. Musa kelimulla pygamber öz ymmatyny 40 ýyllap çölden-çöle aýlapdyr – zar-zelil. Biziňki welin onuň dagam çeni däl, 350 ýyldan soň çoh-çoh külpetler bilen yzymyza dolandyk. Taryhda munça aýraçylyk çeken, munça horluk gören, bosgunçylykda ýegsan kylnan halk başga ýa bardyr, ýa ýokdur. Akybet pellehana-ha ýetdik, soňky demimizde. Juda gijä galsak-da, arzuwly pellehana geldik, ýöne oňa gelip, ýeri, näme tapdyk? Ençe asyrlap derdi-pyragyny çekip, dagy-hasratda ýören arzuwlanan ata Watany tapdyk, gaflatda röwşen tapdyk! Taňry goldap, gadym ýurdumyza eýe çykdyk, onuň her daban ýeri biziň üçin mukaddeslik dälmi nä? Indi ony goramak, gülletmek milletimiziň gaýratyna bagly. Onuň daşynda atarman-çaparman a başynda wepaly, akyldar ogullary dursa, ýurdy dogry ýoldan ýöretse... Iliň içinde bardyr-a ýurduň ykbalyny çözüp biläýjek çäresaz-hedaýatly, halky bilen hemdert gerçek ogullar. Şolar gelmeli baştutanlyga. Şonda, köre hasa görnüp duran zat-la, Watanymyz bagtyň güzerine dönjegi. Beýleki tire-taýpalarymyzam el-ele berşip, bütewi bir döwlet gursadyk käşgä. Ýogsa näme, mundan beýläk küýümiz-köçämiz agzybirlik bolmaly, barmaklaryň bileleşip, ýumrugy emele getirişi ýaly jebisleşip başarsak, Taňram bize rehnedini eçiler. Türkmene şundan gaýry-başga bir Watan gerekmez, özüme galsa-ha, eger öňümde bir towra şert goýulsa, mysal üçin aýdýan, şu topragy hemişelik taşlap, başga bir ýurda başyňy alyp, ymykly göçüp gitseň, saňa bakylyk-jawudanlyk berilýär, on asyr ýaşabam, asla ölmeýärsiň diýselerem, men demsalymam ikirjiňlenmän, bärde ebedi galaryn, başga ýerde başy dik-aman gezenimden şu ýerde tümmege öwrülip ýatanym müň paý ýeg. Näme nebizada Ýusup pygamber ýöne ýere aýdýarmy “Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol” diýip? Biziň Kenganymyz – şu toprak, gurbany gitdigim türkmen topragy. Sen Watanyň boýnuna münmeli däl, sen Watanyňy içi dogaly tylla tumar edip, boýnuňda götermeli! Kalbyňda-jigeriňde-ýüregiňde götermeli! Ol hem eneň, hem ataň, hem kyblaň, hem seždegähiň. Watan sözi ozalynda ata bilen ene diýen sözden eredilip, gatylyp-guýlandyr, içinde ikisem bar. Daşy jennet içi dowzah diýjek däl, dowzaham, behişdem daşynda-da bar, içinde-de, özge memleketleriň güllerem biziňkiler ýaly güldür. Ýöne guwanç-söýünjimiň, sungy-yhlasymyň ulusy şu mekanadyr! Gadym serhetlerimiziň başlanýan ýerinden gazygymyzy kakyp, öz pukara milletiniň başyna musallat bolup ýören däl-de, dünýä ýaň salýan türkmeniň Aly döwletini gurmaly. Ol döwlet ýurduň daşyna pena, içine gala bolmaly! Kökümizi urduk bu mesgene, köküňi taşlap, nirä gidersiň? Adamam bag kybap. Her bagyň-daragtyň öz kök urup, ösüp-örňäp bilýän Hak tarapyn ebetden buýrulan ýeri bar. Biziňki – şu toprak. Şu depe-düzler, daglar biziň örkümiz. Daglarymyzyň arçasy, çölümiziň sazak-selini... ýaly bizem şu diýaryň pür-pudak ýaýradan ogullary – Synçylyk onuň zandynda bar, çülpe agtyklaryny ýatlady, çaga-da, ylgap, golaýyňa geler, ýaňy bir timisgenip ugrarsyňam welin, zut gaçar başga tarapa. Bir onda, bir munda. Ýola-beýlekä şaýlansaňam, ýapyşar donuň synyndan, menem diýip, nirä barýanlygyň parhy ýok, gitse, kaýyl. Pata-sata diýip aldaýmasaň, sypdyrmaz, gerjeşer. Teý, bir ýerde durary ýok. Körpelikdäki gylyklarynyň köpüsi adam ulalansoňam, süňňünde galýan bolmaly “Gidene – ýeňňe, gelene – baldyz” diýleni. Gojanyň ýüregi ýene nirädir atygsaýar. Keýmirkörüň kerwen gurap gelýän hikmetli uzyn pikirleri birden gaýyp bolýar, ýitýär, tekiz hiç zat ýadyna düşenok, huş gidýär... Bu magat garrylygyň alamaty. Hanlyk barada edýän pikirleri syrygyp-syrygyp, bir jümlä geldi: “Eger iliň öňüne düşjek bolsaň, mert halkyň üstüne däl-de, halk merdiň üstüňe gelmeli!” Indi hakydanyň tegelek çarhyny yza burmaly mahal geldi, ömrüboýy milletiniň geljegine gözüni diken Keýmir serdar geçmişe nazar aýlady. Geçmiş häziri boýnuna mündürip, geljege tarap alyp barýar. Taryhyň çarhy yza dolanmasa-da, ynsan hakydasy welin, geçmişe tigirlenip gidip, özüňi bilen döwrüňdäki iň ilkinjije tegelejik süýtli külçejigiňe deňiç öwrülip bilýär. Ýaňadan birýanujundan gädiber, noş-noş!!! Ýa-da Akpamygyň kökesi ýaly tigirläp, hakydanyň yzyna düşüber, elter seni öň öten-düşlän mesgenleriňe. • Köwser – toprak ýaşyl öwser Tap-da how, tapabilseň çözgüdini! Tas iki obany gyrgyna beren bu gysyremgek wakanyň başy – belanyň körügi ine, şü: iki dost daga çykýar, şikara. Aly bilen, Weli bilen. Haýukdan olaryň biri, aý, ýöne şeýlemi ýa welilik bilenmi, belli däl, garaz, beýlekisine elini salgap, görkezýär: --Hol, daşyň teýinde, meger, durnagöz suw bardyr, jüňňüldäp ýatan, barla-da gör-äý. Sähelçe-de çygjaranogam-a diýme, üstündäki hol ýekeje daşy gapdala galdyrsaň, aýdanym mamala çykar, aşagyndan syzlyberer. Weli dost, ýaltanma-da, barlap göräý? Ýoldaşy diňşirgenýär-de, baryp, görkezilen daşy ýerinden gozgaýar welin, ine, gözüňe söweýin, kümüş suw bokurdagy aşak eglen küýze ýaly syzlyp gelýär diýýär, ballarbap-buldur suw dessine köpelip, kölçe ýasap başlaýar. Eý-ho, keramatmy by, ine, Alla bereýin diýse, damjasy merjen dänesine deňelýän gahat suw ýeke daşy galdyraňda-da çoguberjek eken. Bagtyň getirmegi gerek diýilýäni çyn gep. Hawa, köpüň bagty bir daşyň aşagyndan çykdy, ýyldyrt edip. Has ogrusy – bagt jyklady. Etekdäki obalarda suwuň niçiksi gahatlygyna belet bolsaň, şonda düşünýärsiň onuň bagtlygyna. Häzir şol aýrylan daşyň bitiren işi tokga gyzyldan gymmatly. Jöwahyrly humuň agzyna söýelen tylla gapak ol! Ol – bagtyň altyn işigi! Ol – magaldak daşy! Magraja alyp gitmese-de, bereket mülküne argyşa-ha äkidýär. Dostlar begenişip, gudratly daglardan obalaryna tarap aty ata çakyşdyryp, ikisi iki ýerden eňýärler, çüw-de çüw! Halka hoş habar getireniňde şatlanman, haçan şatlanjak?! Hoş habar diýeniň üýşüp ýatan närsemi? Setanda bir bagt çüwýär. Bu gezek bagta öwrülip, suw çüwdürildi, onuň gymmatyny kim bilmese-de, Aly bilen Weli bilýär, olaryň obadaşlary bilýär. Bagty gözleri bilen görüp, şillirdisini gulaklary bilen eşidip, hoşboý burkuny ysgap, elleri bilen elläp, agyzlary bilen içip gördüler – şirin-şeker, aby-köwser, ol dünýä-de Aly Murtuzanyň sakylyk edip, paýlajak aby-köwseri. Sekiz jenneti ýeriň üstüne çykarjak suw. El serip, asmandan gözlänleri dagyň-daşyň aşagyndan çykdy, indi pesi gözläp, eňer ýapaşak. Suw topraga howlugýar, toprak suwa. Toprak bilen suw ikisi – aşyk-magşuk. Olaryň toýunda güller-sünbüller üýşüp, toý şerabyndan ganan serhoşlar deý şemala yraň atarlar, bilbiller – andalyp-sandywaçlar saýraşyp, bagşyçylyk eder. Olaryň nikasyndan janly-jandaryň, adamzadyň rysk-berekedi dogulýar. Bir durkuny saklap oturan ýalydyram welin, heňňamda aram-aram bir waka gopaýýar, durmuş diýilýän wakalary bilen “ädim” ätläp, üýtgäp gidip otyr, birde haýýatyň çarhy aýlanyp, wakalary döredýär, birde-de wakalar şol çarhy pyrlaýar, özi-de ol wakalar hiç mahal gutarmaýar, tä kyýamatahyra çen. Kyýamatdan soň ne gopjagyny Biribardan başga bilýän ýok. Alladan soranmyşlar “Kyýamatda peýkun diýip, bu dünýäňi ýumrup, berbat kylaňsoň, ýene birini ýasarmyň diýip. Jogaba derek aňrydan kaknus guş uçup gelipmiş. Kaknusa Anka guş hem diýilýär. Anka saýrap, öz sesinden aňkarylyp, ot alyp, ýanyp, küle öwrülýärmiş, külündenem täze ýumurtga döräp, onam ýaryp, ýene kaknus çykýarmyş. Şondan hasap tutsaň, jogap düşnükli. Wakalaram hil-hil, hoşy bar, şumy bar. Käte hoşmy, şummy düzüwli aňşyrdanogam, batýaň tükeniksiz howsala. Eýgiligi dileýäň “Gowsuny edeweri, jan Allam, bela-beterleriňi sowaweri”. Perwerdigär welin jahany ýaradanda ajy bilen süýjüni garyp-gatypdyr. Durmuşyň ajysam – Hakyň nygmaty, bize goýan paýy, ondan neçün ýüzüňi öwürjek? Adam aşa begenende-de, aşa gynanda-da gözlerinden ýaş dökülýär, onuň sebäbini-manysyny tirip gördüňmi, heý? Näme üçin beýle? Aýtmaklaryna görä, Ýaradan Jepbar şatlyk bilen hasraty garanda kyrkdan otuz dokuz bölegini hasrat, kyrkdan birinem şatlyk goşupmyş. Nämüçinligini-nätmelidigini özi gowy bilýär onuň, gerekdir, edendir. Ony derňemek bize berlenok. Ýöne sen bende bolsaň, ikisine-de taýyn-uýgun gez. Gerdişiň süýjüsini iýdiňmi, ajysyndanam dat, emma hergiz ejizleme, baş egme, merdi-merdana dur. Eger dünýä gelip, ömrüň boýy gowy durmuşda süýjüsinnden-eşretinden-lezzetinden-asalyndan gana-gana sygnap, kekre deý ajysynam gütürdedip çeýnemeseň, haýýatyň zakgunyndan owurdyňy dolduryp, yz-yza, üste-üste ýuwtmasaň, agyr ýüküni omzuňa-ýagyrnyňa galdyryp, il deňinde çekip görmeseň, onda ol seniň ýaşadygyňmy? Ol seniň ömür sürdügiňmi? Ýok, ol işbu dünýä gelip, haýýaty hakyky durkunda synlaman, kyrkdan otuz dokuz bölegini görmän, syrly jahanyň çetjagazyndan bir gözüňi açyp, bir gözüňi ýumup, nämäniň nämeligine düşünmän, çalaja jyklap gitdigiň, dogdy-dogmady diýilýäni, geldiňem bir, gelmediňem. Ine, ahmyrlaryň-perýatlaryň ulusy şol. Tapan-a Aly, gazanam Weli, ada çekenliginde Weli tapaýjak ýaly-da, emma her ýyl ýazda meýdanda kömelek çöplänlerinde-de, hemişe Weliniň duran ýeri, aýagynyň aşagyndakynam görenok, ýogsa men bärde diýip, akja silkme telpejiginem bulap dur-la, ömrüne bir ýa iki kömelek tapsa tapandyr ýa olam gümana, edil garagyny Garamolla baglan ýaly. Aly welin öňden atan-satan ýöräp, ýeke-ýekeden görkezip barýandyr, barmagyny çommaldyp, özi öň gelip, eli bilen gömüp giden ýaly, “hon-ha”, “ynha”, “höwrünem galdyrma, ýanjagazynda durandyr”. Haýdaşlap, garbap alyp, bir-bir çöpleýänem Weli. Çagaka aşyk oýnanlarynda-da bijaýrak sülnüp, bir buljum ýere düşüp, gizlenen aşygam hemişe Aly tapýar, “Ýitig ýitigi tapar” diýip, elindäki kenegi ýiten tarapa salyp goýberýär, yzyndan ylgaşlap barsalar, kenegiň ýanynda gözjagazyny jüýjerdip, jyklap ýatandyr hälki ýiten aşyk, men bärde diýip. Zaw ýolunda daşyň aşagyndan gözbaşyň tapylmagy hem tötänlik däl. Duýgurlygy-üşükliligi-syzgyrlygy Ala Hudaýtagala beren. Ol şol bolşundanam gelen degişgen, ýüzi-içi açyk şahandaz ýigit-dä, märekede gojalar bilenem henek atyşyberýär: “Ýaşyňyz altmyşdan geçenden soň ýitiren zadyňyzy ýerden-gökden, hiç ýerden tapmasaňyz, Aly gerekmez, meni gözlemäň, gysymyňyzy açyp göräýiň, ýitigiňiz aýaňyzdadyr”. Olaryň hersi bir obadan – ýanaşyk oturan obadan. Birä öz obasynyň iň günbatar çäginde ýaşaýar, beýlekisem öz obsynyň gündogarynda. Dostlaşmalaryna hüý-häsiýetleriniň bap gelmegi hem sebäpdir, ýöne goňşurak oturýandyklarynyňam zyýany degen däldir, elbet-de. Özüne “Bilgiç” diýseler, Aly ýokuş görýär, “Tapakgan” diýseler, ýaramanam duranok. Yzam çalyp bilensoň, indi ony häli-şindi ýitig gözlemäge äkidip ugradylar. Uzagyndan onuň adynyň yzyna “Yzçy” sözi ýabşyrylaýmasa. Huşy metda adamlar bir gören, bir baran ýerlerini heran-haçan ýalňyşman ikilenjem tapýar. Aly welin öň asla görmedik ýerinem tapýar. Bir çopan aýdýar: “Bir gezek Alyny öz çopan goşuma äkitdim, goýun gyrkyş diýip. Ýolda azaşyp, öz goşumy tapman ýörün, Aly meni yzyna düşürip, ençeme gum depeleriniň arasyndan aýlap eltäýdi”. Bir ýola keýpleri çag mahaly ikiçäk galanlarynda Weli dosty Alyny igeledi: --Dost, özüňe mynasyp perizad-a tapaýaňok, haýp seniň Tapakgan adyň! Weli sözüne dyngy berip, Alynyň ýüzüne seretdi, sowalynyň oňa ýaraýanyna gözi ýetip, henegini dowam etdi: --Aýdyberýän-le, perinem taparsyň, peýkerem. Şonda höwri meňkidir-eý – diýdi, olaryň ikisem ýylgyryşdylar, iki dost arada gyzdan süýji gürrüň barmy? Heniz öýlenmedik ýetişen ýigitler-dä. Gürrüňleriniň başam gyz, soňam ýene şoňa ýazýar. Henekli gürrüňiň soňam çynyrgap, hakykata ýazdy. Günleriň bir güni Aly Welileriň obasyndan bir Peri atly gyz bilen arany sazlady, assyryndan görşüp-gürleşip ugrady, ol gyzyňam Alylaryň obasynda Peýker atly boýdaş jorasy bar eken. Oňa-da Weliniň göwni gitdi. Tapan-a Aly, ilki Peýkerlere sawçy iberenem Weli. Kem galyp barýan ýaly, Alam Welä eýerdi, Perileriň işigini açdyrdy, ikisiniňem habary alyndy, sähetli güne bellenen toý günem ýetip gelýär. Nesibedir-dä, ikisem bir güne düşdi, iki oba-da toýa beslenip otyr. Owganystanyň Gandagar (Gündogar) welaýatyndaky iki türkmen obasy-da suwuň zary, suwuň damjasyny merjeniň dänesine deňeýänler. Argangap derýasynyňam, Tarnak derýasynyňam bol suwunyň bu obalara haýry ýok, daglyk ýer bolansoň suw galanok, sil suwlary, kak suwlary bilen oňňut edilip ýör. Arman. söýünjilenip baran bu hoş habar tizara şere-sögüşe ýazaýmazmy? Dostlaryň bir-ä tapan, beýlekisem gazan. Indi suwuň eýesi kim? Suw haýsy oba degişli? Biziňki-de biziňki. --Biz uly oba, bize suw has zerur! --Hawa, siz uly, biz kiçi, ýöne “Suw kiçiniňki” diýenem söz bardyr. Tapanlar oňuşýar-da, tapmadyklar ýolmalaşmaga taýyn. “Ýer eýesi ekininden geçdi, serçeler oňşanok” diýilýäni. “Sögüşmelem bolsa, biz bar, ölüşmelem bolsa, biz bar”, “Sizden gaýdan enesinden dogmasyn!”, “Nesibämizi gidir ýaly, biz kem atanyň oglumy?”, “Bir ädim golaýyna baryp bilseler, eneleriniň erkek boldugy”, “Kim ilki tapan bolsa, suw şonuňkydyr-da”, “Ýok, suw gazanyňky”... Ber habaryňy! Dawa ula ýazmanka, iş-işden geçmänkä, bellisini etmeli. Öňem, durmuş-da bü, iki goňşy oba arada bäşlek-üçlek dawa-jenjel turardy, meselem, biriniň maly beýlekä geçip, ekin-dikini parçalar, iki tarapyň ýaş-ýeleňleri agyzlary alaryp, garşylaşyp muştlaşar, ogrulyk-jümrülik, gyz alyp gaçdy... garaz, töwella-tagsyr bilen ylalaşylardy, ara gelnerdi, sebäbi, dawagär azlyk, il köplük, köplük azlygyň daşyna aýlanýar, ýaşulular ara düşýär, her tarap öz sarpalysyny öňe tutýar, gitjek ýeriň nire, köşeşersiň-dä onsoň. Bir gezek sagdaky obadan bir awçy soldaky obadan birini tötänlikde atyp öldüräýipdir. Atan obanyň ýaşululary beýleki obadaky ölen ýigidiň hosdarlaryna töwella barypdyrlar, ýaşulular ýüzlerini sallaşyp duransoň, olaryň töwellalary alnypdyr. Muňa begenen ýaşulular öňlerinde duran saçakdan bir döwüm çöregi agyzlaryna atypdyrlar-da, töwir galdyryp, öý eýelerine alkyş aýdyp gaýdypdyrlar. Ýolda gelýärkäler häzir oraza aýydygy, agyzlarynyňam beklidigi ýatlaryna düşüpdir: “Şeýle ýagdaýda bilmezlikde kylnan iş, Allajanyň özi geçirer-dä” diýşipdirler. Häzirki ula turan suwly dawa welin hemme kişä deň ortak, iki obada-da muňa degişli däl adam ýok, her kimiň hut öz karkarasyndan – bokurdagyndan demir penje bilen mynçgap alýan mesele. Züljelal rehim eýläp, joşup, saý-sebäp bilen nesibäňe bir owurt gara suw eçildimi, bejit eýe çyk. Munda töwella-tagsyra, öt-geçe orun ýok, ýaşulyňam bir, ýaşy kiçiňem. Şu gün söbügiňden akdyrsaň, erte kepän dodagyňy ýalajak, teşneligiňden tirsegiňi gemirjek özüňsiň. Gaharyň gelse-de, näme, burnuňy dişlemegi maslahat bererler, burnuň-a agzyňa ýetmez, agzyňam burnuňa. Munda “aý, jähennem!”, “bar gitsin” ýok. Eliňden näme pişe gelse, görkez. Özi-de hälä goýma, häzir görkez. Ýogsa paýyň – puşeýman, çekjegiň arman. Ilki iki tarapa-da ortalyk – üçünji bir bitarap obada pylankes atly kethuda-ulama kişi bar, waspyny ýetirişlerine görä ol adyllykda gara gyly dikligine iki bölýärmiş, şol çözsün etdiler, emma onuň huzuryna gitmänkäler ýene bir şum gep tapyldy, kethudany ol obanyň lotulary öňünden engamlap, pylança pul para berip, ortak ulamany satyn alypdyrlar diýip, her tarap beýlekisinden betgümanlyk edip, bu aýdýanymyz öňlulygyň üstünden eltjege meňzänok diýip, kethudaly maslahaty alleý-billeý goýbolsun etmezlermi. Ho-o-p, ýagşy. Ýene bir pikir bar, eger hemmeler unasalar, olam – bije atyşmak. “Bijeli oglanam aglamaz” diýilýär welin diýilmesine. Ýöne... Hawa, diýeli, çöp çekişip ýa gumalakçyny çagyryp, bije atyşdyň-da, bagtyň sürmän, bijäňem galdy diýeli, şonda nädersiň? Hojiline gitjekmi? Bir özüňki däl, nesilleriňem ryskyny jonnuk çöpe, düýäň gumalagyna çyrşaýjakmy? Ol öz nesibäňi syrtyňa çaldygyňdyr-da! “Şol çeşme tapylman ekenmiş-dä hamala, öň oňlupdyr-a şonsuz” diýjek miltiň ýok, oňmak nä oňmak. Ýer bilen suw orta atylsa, bu jelegaýlarda suwuň ilkinji orna geçýänligi-de şondan. Ol howa ýaly zerur, aslynda suw bilen howanyň ikisem bir zat dälmi? Suw howa öwrülýär, howa suwa, jykyryň aýlanşy ýaly, pelegiň çarhy ýaly. Dünýe döräli bäri suw öz ýakyn garyndaşlaryna görme-görşe gidip gelýän ýaly, häli-şindi Ýer-gögüň arasynda perwaz urmaýarmy? Howa – çaýpanyp ýatan umman, guýy gazsaň, ýeriň aşagam derýa, arman, ýeriň üsti welin – çölüstan, tebit, gahatlyk. Astyň suw, üstüň suw, adamzada ýeten aralygam garaköseň. “Öýmüz doly kişmiş, biz iýmäge kişmiş ýok” diýlenine barýar. Ody suw bilen öçürýärler, dökünlik dersi welin suw bilen ýakýarlar, keçänem suw bilen bişirýärler, düşün-dä, düşünip biseň. Hergiz asmanyň hasaby bilen ýeriň hasaby deň gelenok. Ak ekin düme-de bitýär, eger ýeri duş gelse, galaba ýerlerde welin ýok, bugdaý baldagynyň her bognunda bir ýaprak bolýar, ýagyş hernäçe ýagaýsyn, düýbünden suw bermeseň, gandyrmasaň, ýapraklar düýbi bilen goňrasdan-gyzyl öwsüp, gotazjymak köki poslaberýär, onsoň gül topbagy – başy boşdur, hasyl almarsyň. Her zat ekseňem, bugdaýy bir ýanyňdan aýryp bilmersiň. Ekiniňem, adamyňam jany suw. Janyňy bijä goýmak bolmaýar. Adamam – balyk! Balyk-a suwuň içinde, adamam daşynda ýaşaýar. Diňe gidişmeli, diş-dyrnak gidişmeli! Eý, dünýäni dört bölen türkmen, uluslary, yklymlary döwletlere öwrüp, dünýäni düzgüne salan türkmen, Pelek ahyr seniňem ökjäňi basyp, gahatlyga gabap, bokurdagyňdan pamyk bilen suw damdyrmaly etdi gerek. Ýene Alla öz rehmetini gaýgyrmaýar, bir daşy galdyrdyň, suw çüwdürilip dur. Oňşup, eýe çykyp bilmeseň, özüňden gör. Galýar – han, depäňde oturan hana günübirin habar ýetirmeli, dadyňy şoňa aýtmaly, ýöne Hindistan bilen Çynma-Çyn arada bir onda-bir munda ser-sepil ýören dagnyk taýpanyň hany neýlesin, bar gaýgysy bir çeşmejigiň ýa bir ýabyň aladasy däl ahyry, kiçijik mesele üçin bir ýerlerde edip ýören has möhüm işlerini beýläk taşlap, yzyňa düşüp, gaýdyp bilmez-ä, onuň başynda has uly gowgalar at darydýar, ol haýsy birine ýetişsin? Han bolanam özüň bolma, beýlekem, ol şeýle-de kellesini tutup ýör, diýeli, bardyň üstüne, ýanyna eltjeklermi-ýokmy olam belli däl, huzuryna girdiňem-dä, aýtdyňam-da derdiňi birin-birin düşündirip, olam alyp, kellesiniň gyzgynyna pylan çeşme pismidan oba degişli diýip, permanam çykardy-da, näme şol meseläniň çözüldigimi, çözül nire, birine berse, beýleki ynjajak, dawanyň bujurygy has artjak. Ýene şol öňki närazyçylyk. A belki-de, han “Ýene täze bir oba açjak şol töwereklerden, çeşmäniň suwumam şoňa sowjak” diýende, edip biljek çäräň barmy? Han handyr-da, diline bitýär. Diýdigem – gutardygy, çek eliňi, goýber ýakany, wessalam! Şonda ber habaryňy, kime dadyňy ýetirjek, asman paýyňy çek... Daşyndan ownuk ýaly görünse-de, iki dogan obanyň bu çolaşyk meselesini adalatly çözmek han üçinem kyn, oňa-da baş bermez. Gowsy, hana ýetirmän, ilki aşagrakda – ýerinde ylalaşyp, çözjek bolmaly, her bir işde-de hemişe aşakda oňşup, parahat geleşigi başaryp bilseň, şoldur iň ylaýygy-dogrusy-dürsi. Ýokary galdygyça bulaşar, öňküsinem tapmaz. Köwser – toprak ýaşyl öwser. Tebit topragyň küpürsäp, kança suwsaýanyny, suwa zarlygyny aňdyrmak üçin Alla bize çendan guzulygyňy gurudyp, aňryňy ýakyp-tütedip barýan lowlap ýanýan teşneligi beripdir, ybrat al diýip, köwser sakysyndan şerbet içeňsoň, suwdan gandyrybam – suw tutulan topragyň kandaý gönenişini. Adamy gör – topragy gör, topragy gör – adamy gör! Biri beýlekisine bir almanyň iki bölegi ýaly gaty meňzeşdir. Hak-Tagalanyň gudraty-pazly bilen adamdyr-toprak biri-birinden wagtlaýynça aýrylan-seçilen. Soň sagady dolansoň, ýene sepini bildirmän, owal-başdakysy kibi birigişip gidýärler, bir katra suwuň topraga siňişi kibi. Düşünýänler üçin ýagty jahana gelip-gitmegiň hikmeti bu. Onsoň näme? Onsaňy şol! Şu gün iki tarapyňam saýlama wekilleri üýşüp gelip, mysal üçin her obadan onmy ýa on bäş adam – öň şertleşilişine görä-dä, o diýen kän ownuklaşylybam oturylmaz, sanyň birdir-ýarym artyk ýa kemlik edeniniň ullakan bir parham ýok, näme delili-tutarygy bar bolsa, birýanuçdan orta taşlap, çekişip-bekişip, çigşen dawany çöp döwen ýaly edip, ilik-düwme çözmeli. “Aý, barybir bärde çözüljek düwün däl-le bu” diýip, umytdanam düşmeli däl, şeýle üýşmeleňlerde öň ençeme uly mesele imi-sala gözlipdi ahbeti. Düýp maksat-a adalatly çözgüt tapmak, hemmä geregi şol, köpüň dilegem, näme, köl diýleni. Maslahat jaýy irgözinden bäri taýýar, wekiller çagyrylan wagta laýyklap, dörtlek-bäşlek yz-yza gelip ugradylar. Her kimiň aldasy ýetik, her etmeli, hesip etmeli, maslahatdan iki barmagyňy burnyňa sokup, boş gaýtmaly dälsiň! Seni öňe tutup, bäri ýollanlaryň tabşyrygy-tamasy şeýle. Şu gün bolsa şu gün, ýokmy, onda ertir, garaz, meseläni çözmän, birýaňalyk etmän dagama ýok. Adaty köpçülikleýin edilýän maslahatlar her çarşenbe agşamy obanyň çeträginde Akmeýdan diýilýän tekiz ýerde geçerdi, şu kysmy meýdançalar beýleki obalaryňam hemmesinde diýen ýaly tükel bar, maslahata ýalaň hanam-begem, sakgallary topuň tüssesi ýaly aksakgallaram, töre-de, pukara-da barar, şol obadan başga-da meýli bolana hiç pylan zeýilli gadagançylyk ýok, her kim göwnündäkini, kellesine gelen küýüni-ündewini aýdyp, etegindäki daşlaryny dökübermelidir, nädilende dogry bolar diýen pikiriňi çekinme-de-ýaýdanma-da aýdyber, sen garşymyň ýa goldaýarmyň, köplük diňlär, oýlar-çenär, netije çykarar. Köpüň kararam – kanun. Hemme boýun. Soň ondan çykmaga hiç kimsäniňem haky ýok. Häzirki maslahata welin diňe saýlanan wekiller gatnaşmaly, daşyndan barylsa, bulam-bujar boljak, boş gopguna ýazjak, munda sese bat bermän, imi-sala düşünişjek bolmaly, şondan üçrin, maslahaty geçirmek üçin iki tarapyňam ylalaşygy bilen bir gurply hojalygyň giň, tämiz jaýyny üýşülmeli ýer diýip, saýlap aldylar. Özem häzir şerapatly remezan aýy – araplaryň kamary aýlarynyň dokuzynjysy, orazanyňam ýigrimi ýedinji güni, şu gije – gadyr, başgaça aýdylyşy “leýletil kadyr”, tagamlar taýynlap, agzaçarda hemsaýa hemsaýa goňşyokara paýlaýan güni, şu gije metjitde ýigrimi sekizinji tarawa namazy okalýar, ozaldan gelýän hasap boýunça şu gün-ertir asmanda Aý asla görünmeli däl, iki güni geçirip, kybla taraplardan täze gyýkmajyk Aý ýaldyrdap dogulmaly, takwalar şony üýşüp, gözleri bilen anyk görenlerinden soň, ýüzlerine üç mertebe sylyp, “Hakgaý-hakgaý, telim Aý, ýeneki aýlara-ýeneki ýyllara özüň ýetir, jan Hudaý” diýşip, bir-birege buşlaşyp, meýletin aç-suwauz gezlip, surnukdyran keramayly remezan aýy sag-salamat sowuldy hasaplanýar, tutuş bir aýlap beklenen agyzlar açylýar. Ir bilen metjitde il-halk üýşüp-bileleşip, ymama uýup, baýram namazy okalýar. Ýaňy iki gije ýokarda Aý görünmeýär diýdik. Halkyň gadymlardan gelýän ynanjyna görä, şu üstümizdäki gije bilen ertir, hamala, Aý öz enesiniň gujagynda ýatyp, dynjyny alýarmyş. Belki, leýletil-kadyryň hormat-gyýmatyna asly dogan saýylýan bu iki küren obanyň dawalary adyl çözläýedi-dä, omyn! Ýöne küýselen-garaşylan syrly çözgüdi haýsy halatly kişi taparka, kimiň kellesine gelen pikir bu çylşyrymly sowally jümlä ullakan muşt kibi jogap nokadyny goýar, güt-t-t edip? Birgiden köpi gören mähelläniň, her işiň alajyny tapan çäresaz ulamanyň, demi daş ýarýan hanyň başarmadyk işiniň eminden-hötdesinden kim kişi geler? Aslynda, bu düýp-teýkarynda çözüp boljak meselemidir beri? Hakykatdanam, ýorgudy bar zatmy özi? Honha, iki tarapam köşeşmeden geçen, ýeke damjanyň üstünde bir-birege pyçak çeneşip, “silkäýerin-ä” diýşip, bogazlaryna bat berşip, dowul turzup, urýarlar haýbaty. “Aý, bü zeýilli boş haýbat gytmy, kiçi dilden bärdedir, soňy gelmez oýundyr” diýjek miltiňem ýok. Uly iliň gözüniň alnynda saçalanjak gyrmyzy (gara) ganyň ysy gelip duran şerli wakany birhili çynyrgadyp barýan dow-dowçylar kän. Başa görünmez belalar gaýypdan inmeýänmidir, munuň-a yjy mesaňa görnüp duran. Mundan öň näme bu jelegaýlarda suw üstünde iki taraplaýyn gyrlyşyk az görüldimi? Akmeýdanda geçjek şu maslahatda bir döwletli ýorgut tapylaýmasa, ylalaşyp, bir çukura tüýkürilişilmese, ortalyga-ara gelinmese, soňunyň nijeleriň şor maňlaýyny garaltjak betbagtçylyga-da eltmegi gaty ahmal. --Haýt, goşakelle oglan, gaýt yza! Nirä urdurylyp barýaň, ýüpden boşanan ýaly bolup? Haýbatly-edrenç sese on iki ýaşlaryndaky ýaşajyk ýortmaç oglan barýan ýolundan tisginip, sakga durup, alla, etmesiz bir iş edäýdimmikäm diýen äm-säm garaýyş bilen ses çykan tarapa howatyrly bakdy, on iki ýaşlarynda diýip, anyk-kesgin aýdýanymyzyň sebäbi, gara gyýma balakly, gotazly bagjykly ak ezýaka köýnekli, göze gelüwlije donly-telpekli çaga kesesinden ýaňy bir metjide gatnap, oba mollasyndan bilim, namaz okamagy öwrenip başlana çalym edýär, namazam näme dini-yslamda erkek oglanlara on iki ýaşdan buýrulýar. Satanlagrak, boýy öz ýaşyndan birneme daýawrak, süýnmegrägeden gelen goşakelleligi telpeginiň daşyndanam bildirip duran, öňlügine çömmelip duran süýrüje dodaklary, gülümsireýän oýunçyja gözleri daşyndan synlana “Haý, şü dillije pelit aňrydan gelşine bir zadyny atar-ow” diýdirýär. Kişiden gyjalatly gep alyp galjaga meňzänok. --Maslahata geldim. Beýemçi ýumruk ýaly çaganyň ynamly aýdan bu sözüne ör-gökden gelip, içinden “Oh-oh-ow, munuň demi ýaman şah çykýar-la” diýip, geň galyp: --Munda, hanym, çagalaryň maslahaty geçenok, bar özüň ýalylaryň arasyna! Pyrlampaç oýnarsyň – diýip, elini bir gapdala salgady, emma oglanjyk haý-küşe aňsat per bererli däl, aýagyny basan ýerinden butnaman dur. --Men maslahatyň näme hakdadygynam bilýän, onuň ýorgudynam, şonam aýtmaga geldim öz dilim bilen. Çaga meňzänok, edil ululykdan kiçeldilen ýaly. Sözi gar dek tokgalap, dogumly zyňşyna seret-ä. Ýüzi-gözem çynlakaý sypatda. Dikan seredip dur bärligine. Beýemçem özdiýenli-tutanýerli adam, ýumruk ýaly oglan gaňryşyna gaýdyp duransoň, bäbeneginiň gygy ýene birneme ajady: --Beý, hanym, ýerinden gelme ýeser tersýoňka ekeniň-ow, bärik çaga-ha däl, çagyrylman gelen uly adamam goýberilenok. “Kör bolsaň, gözüň gyparak” diýip, dykylyberme. Ýene bir merte aýdýan, ugra şu taýdan gelen ýeriňe! Oglan özüne gyjytly “kör” sözüniň kakdyrylmagyny o diýen gaty görüp durmady, eşitmezlige saldy, onuň bilen öňden bäri öwrenişen bolarly. --Çaga bolamda näme, suwly dawany çözjek söz mende bar, men gatnaşaýmaly hökman. Kakam özüne derek iberdi meni. Saglygynda birneme kemi bolansoň. --Köp gürleýäň welin, saňa kim diýerler, kimiň ogly? Aslyňy aýt, ýedi arkaňy sana! Bu sowala çaganyň syny-pisindi oturman, çepki – kör gözi tarapyndaky dulugyny tisgindirip, sowuk ýylgyrdy, ýylgyryşam geplemegiň bir görnüşi, düşünene ýylgyryşda-da many bar, özem dil bilen aýdanyňdan has jaýdar-çuňňur. --Atam-a älem, enemem giläm, menem şolardan dogan läläň! Yzynam aýdaýynmy? --Haýt-haýt, duraweri, hanym, ozanmydyň, şahyrmydyň-derwüşmidiň? Gedaý sanawajyňy düşnükliräk aýt! Siňňilli diliňden çykan sarnawaçlaryňdan men-ä hiç hili many ogurlabilen däldirin, özüň täzeden türküläýmeseň. --“Atam älem” diýýänim-ä asman, asmandan nem syzyp, ýeri ezýär, “gile” diýýänimem palçyk, “lele” diýýänimem gül. Hemmesini jemläniňde, Hudaýyň bendesi diýmek. Sowuk ýylgyranymyňam sebäbi, kimiň ogly bolanymda näme? Kimiň oglulygym däl-de, näme aýtjagym, nireden gelýänimden nirä barýanym esasy zat dälmi? Bärik iberilenler aslyny sanaşmaga ýygnanýan däldirler-ä. Adym-a Keýmir diýerler, atama Penjeli pälwan, kakama Hojanepes batyr diýerler. Babamam Döwletmämmet Düýegöz. Oturymly ýerimiz Anthoý, Jowuzjan welaýatynyň Şibilgan şäheriniň gapdalyndan bir aý-kyrk günlük ýoldan Kandagara siziň ýaşaýan türkmen obalaryňyza sapara geldik, türkmenler türkmenleriň halyny bilip dursun diýip. --Dur, hanym, dur, tanamadyk – sylamaz, eýýäm iki agyz sözüňden kimligiň belli. Eşidýäs-eşidýäs. Baý-bow, seni ýoluňdan saklap bilmen. “Döwletliniň çagasy ýaş-da bolsa, baş bolýandyr”. Eglenme-de, bejit baryber, geçiber töre. Beýemçi maslahat jaýyna girip giden oglanyň yzyndan guwançly garap galdy, içindenem “tör” sözünem ýerliksiz ulanandyryn öýdüp, dodagyny dişledi, “Kör -- töre” diýilýäne bilgeşli ýaňzydana döndi, başda bilmezlikde oglany kemsitjek bolşundan utandy, Keýmiriň adynyň gulagyna öňem degeni ýadyna düşdi: “Oňarmadym-ow, bar, bir gözjagazy kör eken-dä, egsigini ýüzüne urmak nämäme gerekdi? Kelte gaýtdym-ow, kör bolsa, gaýta kemem däl, maslahata gelen iki tarapam deň göz bilen tutar, bir göz bilen sereder. Ýeserje eken-aý, haý, dälije mäş, alamat-daýt özi!”. Ýaşajyk Keýmirem maslahat jaýynyň bir çetinden özüne ýaraşa ýer tapyndy, öň atasy bilen ulularyň döwresinde köp oturyp-turşansoň, öz ýaşyna gelşäýjek laýyk ýeriň nireräkdeligini bilýär, hereketi-sözi bilen üýtgeşik bir göze-de ilmän, ýygnanlaryň ünsüni özüne-de çekmän, töwereginde edilýän gürrüňleriň hiçisini gulagynyň duşundan geçirmän, sypdyrman. dykgatly göwünjeň diňledi, aýdylýan sözleriň magadyna ýetmäge çalyşdy, aýdylýan teklipleri içinden ölçerip, böldi, uly adam ýaly tijenip oturşy daşyndan seretseň, aýlawda ýaryşa goşuljak jylawyny dişläp, “Çüw-w-w” diýlerine garaşyp duran türpe çapuw atyna meňzeýär. Bardy-geldi şeýle ediläýende-de onuň pellehanadan ilkinji geçjegine geňeşe gelen wekilleriň hiç haýsynyň ynamy ýok, çagadyr-da öýdýärler. Maslahata çagyrylanlaryň hemmesi jemlenýänçä ondan-mundan, dinden-şerigatdan gürrüň etdiler: --Bäş wagt namazyňyzy howlukman-gyssanman, çalam-çarsy däl-de tertipli okasaňyz, uzakly gün beýniňizdäki pikirlerem tertipli bolar. Musulman bendäniň Alladan baş dilegi imandyr, özüňde iman barmy-ýokmy hemişe bükgüldide gezmelisiň! --Imanyň baryny-ýoguny nädip bilip bolar, işan aga? --Herki işde. Meselem, häzir remezan aýy, agyz beklenýär, gara daňdandan gün batynça bokurdagyňdan nemem syzmaly däl, ysssyda-sowukda aç oturmak kyn wezipe. Dadyňa imanyň ýetişýär, ahyryna deňiç çydaýaň. Tertip-düzgünini doly berjaý edip, agyz bekläp bilýän bolsaň, şolam seniň imanyň barlygynyň bir alamaty. Oraza bize açlyk belasynyň barlygyny ýatladyp durýar, Hudaý görkezmesin, şol açlyk ýyly mallara berilýän künjaranam iýenler barmyş, ýogsa sarun diliňe degrer ýaly zat däl. --Işan aga, biz çarwalar aý hasaby bilen ýöreýäris, täze Aý dogsa, remezanyň ilkinji güni hasaplanýar. Şu gezek remezanyň başky iki güni bulutlaşyk boldu-da, Aý görünmedi, üçinji güni Aý görnüp, remezanyň başy hasapladylar. Ýogsa “Aýyňyz-a tokardyr” diýip aýdanlaram boldy, olara-da “Näme Hudaýyň berenini aljak dälmi?” diýdiler, muňa näme diýersiňiz? --Sizde bulutlaşyk bolsa, açyk ýerem bolandyr, şolar görendir-ä. Aý diýilýän zat her ýerde aýry doganok, Ýeriň ýüzünde bir günde dogýar. Şonuň ýaly ýagdaýda senenama ýöredýän hojam agalardan soraşaýyň. Keýmir şu terzi gürrüňleri gowy görýär. Ýeke harpynam sypdyrman, diňleýär. Araplarda bir köne nakyl bar:”Eger ýigit kakam diýse, ýigit däldir!”. Her kimiňem bir halamaýan, ýek ýigrenýän zady bar, Keýmiriň gyr kakyny “Kimiň ogly?” diýen sorag. Ýeri, kimiň ogly bolanyňda näme, özüňde, gepiňde, pyglyňda, ykraryňda derek bolmasa, işan-piriň ogly bolanyňda nä, kellekädiň taňkyrap, şemal öwsüp dursa. Pylan tireden, pylan taýpadan, garaçy-öwlat... Bularyň bary bir ýana, seniň özüň kim, ine, gep şonda. Iş salyşjakmy, ilki özüni tana, ýüzüňe güles-ýalas edip, yzyňdanam gybatyňy edýärmi, owal ykrarynda durşuny gör, iş başaryşyna seret, neti neneň – päkmi, hapamy, halalmy-harammy, diňe şondan keýin aslyny-iştimagyny sora. Ilçilik-dä, käte “Gepiň arasyna sokularça sen kim-aý? Nireli? Kimiň dogmasy?” diýlip, Keýmire seňrik ýygrylyp, ýaňky ýaly göwnüýetmezçilik edenlerinde, yz-yza suňşurylýan sanawaçpisint hälki jogabyny gaýtalar eken, özem her gezekde sözlerini üýtgedibräk aýdypdyr, ýeriň giňinde düzüp goýan çemeli. --Enem bir gär oý, atam bir bulut, gopdy bir baran, çakdy bir zomarryk, olam bolsa men bolaryn. Tanatdyryp bildimmi, asyl ýüregiňe jüňk bolaýandyr. Has soň bir ýola Nedir şanyň mürzesi Zaky han hem köpçüligiň içinde, burnuny asmana tutup, dilini-başyny çeýnände Keýmir şeý diýýär: --At üç ýaşanda Ýol gamyny iýen et! Asly bolan ýigide Sen kim diýeniň özi it. Yzynam şu sözler bilen ýetiripdir: --Burkut Haýdar bilen saldy bir söweş, gopdy bir harasat, ýagdy bir ýagyş. Ýer-gök lerzana geldi, daglar-daşlar titredi, gökde garry mama sanajyny kakdy, şol wagt bir uly ýyldyrym çakdy. Ine, şol ýere gaçan ýyldyrymyň bir bölejiginden hem Keýmir kör dünýä indi. Aslyny aýdyşylaýanda-da, Keýmir hiç kimden asgyn-pes oturar ýaly däl. Penjeli pälwanyň ogly Hojanepes batyryň dört ogly, iki gyzy bar, gyzlarynyň ulusynyň ady – Äşe, kiçisiniňki unudylypdyr, belli däl. Ogullary Gyzyl(Azan ady Keýbir), Eýmir, Keýmir (Azan ady Saparmämmet), Wekil. (Ahalyň Akdaşaýak obasynda olaryň üçüsiniň nebereleri şu günlerem ýaşap ýörler. Gyzyldan nesil galmandyr, ýaşka bir söweşde şehit bolan). Keýmir sekiz-dokuz ýaşlarynda orakatdy oýnap ýörkä çagalaryň biriniň oragy atdanlykda bir gözüne çümüp, kör galypdyr diýen gürrüň bar. Kör gözünden aram-aram ýaş syrygarmyş. Keýmiriň özüne diýdirýärler: “Eger şonda ejem gelip, bir şapbat-ýarym şapbat dulugyma çekip, elimizden oragymyzy alan bolsa, gözüm bitin galardy, bir aglardym, bir goýardym. Indi bütin ömrüme aglap ýörmeli boldum”. Bu wakany başgaça aýdýanlaram bar, türkmenler durmuşyň mejbury bilen, at çapmany, ýarag tutmany, ýaý atmany – atarman-çaparmanlygy çagalykdan öwrenip ugraýarlar. Ýaýy ýokaryk atyp, kimiňki daşa gidýärkä diýip, görjek bolanda çep gözüne ok çümüpdir. Ol gözi gündiz kör-de, gijelikde görýärmiş hem diýýärler. Keýmiriň özü-hä:”Sag gözüm bilen gündizi, kör gözüm bilenem gijäni görýän” ýene bir gezekde-de “Sag gözüm bilen daşymy, kör gözüm bilen içimi – kalbymy görýän” diýenmiş. Dogduk mesgeni – Antguýy, häzirki Owganystanyň türkmen serhetine ýakyn ýeri, oňa ýerliler Anthoý diýýärler, (maglumatlarda doglan wagty dürlüçe aýdylýar, ýöne 1700-nji ýylda doglan diýen maglumat taryhy wakalara dogram gelýän ýaly). Şeýle-de ol Eýranyň şasy bolan (1688-nji ýylda doglan) Nedirguly abşardan bir müçe –12 ýaş çemesi kiçi bolýar. Keýmiriň Anthoýda dogulmagynyň üç asyr basalykly uzyn taryhy bar. Üstünden baranymyzda onuň uzyn tanapyny külterläris, ol barada bildlgimizden-başardygymyzdan hökman aýdyşarys. Özü-de ol başdan-aýagyna sütem-külpetler içre ýörlen, itgyranyň çölüne sürgün edilip, üç ýüz ýyllap nije dag-derelerden, oba-kentlerden, ýutlardan aşyp, ölmüň öýünde-de şol töwereklere bagry bilen süýşüp gelen çarwalaryň, şondan gelenem, henizlere çenli bassyr-ýussur edilip, mäkäm mumlanan agyz ýaly dymlyp gezlen, hatda, tas ýitirim edilen ol taryh diňe Keýmire däl-de, tutuş halka degişli. Halkyň ykbaly. Halkyň takdyry. Gaýry ýurtly sütemkär basybalyjylaryň ähli kylanlaryny-eýlänlerini bir aýakdan-birýan uçdan kyhlap, üstüne hapa zibil sowrup, gara atanak çyzyp oturmak nädogry, “Bir zeleliň bir ýagşysy bolmazmy?” diýilýär-ä, tükeniksiz talaňlary bilen birlikde, olaryň bilip-bilmän ýa-da häki bir göz üçin, syýasat üçin, ezilenleriň garagyny gapmak üçin, kylan gabahatlyklarynyň üstüni gömmek üçin... garaz, getiren azak-tenek peýdalaram, halka beren gowulyklaram bar, ymsynmasyn diýip, çaga bir çümmük çüýjük dadyran ýaly. Emma näme berseler-de, olar öz golastyndaky halkyň taryhyny welin güm etmäge çalyşýarlar, ogurlaýarlar, şanly sahypalarynyöz atlaryna ýazýarlar ýa-da düýpden tanalmaz derejede ýoýýarlar, onsoň it eýesini, pişigem bikesini tananok, taryhyňy kül etmekleriniňem baş sebäbi, geçmişini ýitiren halkyň geljegem ýok. Adamzat geljegini edil ýüz görülýän aýna sereden deý, öz geçmişiniň üsti bilen görýär. Geçmişini ýitiren halk – köki çapylan bag! Geljegini elinden aldyran halk – ganat-persiz guş! Aslynda, Geçmiş bilen Geljek ikisi bir bütewilik! Ikisem bir zat! Wagt biziň hem geçmişimiz, hem geljegimiz. Adam ata bilen How ene behiştden gaýdanlarynda özleriniň Ýerdäki indiki ýaşaýyşlaryna “Biziň geljegimiz” diýipdirler. Biz welin ondan bäri öten set müňlerçe asyrlara “Biziň geçmişimiz” diýip, at berýäris. Megerem, geçmişimizi has çuňňur öwrenip, aňrysyna çykyp başarsak, onda ýene behişdiň işigine baryp, diremegimiz mümkin. Belket, Hudaý! Adam hem öňe, hem yza süýşmeli, ikisem baky dünýä tarap barýan ýol. Dünýäniň çarham, ygtyýaram elinde sürübersin towlap bir öňe bir yza. Keýmirde özgelerden üýtgeşiklik alamaty doglan gününden, bäbekliginden bildirip ugrady. Bagtly, ykbally, sähetli gün eneden bolan, Zöhre yyldyzy bilen Müşteri yyldyzynyň biri-birine gabat gelyän mahalynda doglanlara (şol wagtda doglan çaga bagtly bolyar hem-de uly mertebä etyärmiş dien düşünje bar) sahypkyran diýilýär. Bu söz bagtly gün doglan şöhratly, uly patyşalara-da dakylýar. Mysal getirsek, Emir Teýmire-de (başga-da köp) geçmişde şahy sahypkyran diýlipdir. Soň bir zaman nusgawy şahyrymyz Zenuby-da Keýmirkör barada ýazan şygrynda şol mertebeli sözi aýdýar. Owazasy dolup älem-jahana, Öz ilinde hökmi ýörän rowana. Eýýamynda ganym geldi amana, Keýmir atly sahypkyran geçipdir. Ilkinji alamatlarynyň biri ol emse, dört aý çemesi emendir enesini. Soň emmesini enuwalla almady, käsä sagyp, çüýşä guýup berdiler, geçiň süýdünem, sygryň süýdünem bişirip hödürlediler. Eger-eger! Süýtden berçikdi, kes-kelläm ýüz öwürdi, ajygyp-suwsap, surnuksa-da, kemtersinden süýde tarap seretmedem. Deregine ulularyň iýýän naharlaryna ymsynyp ugrady, dadyrsalar, iýip-içip otyr. Onda-da teýlije naharlary hasam gowy görýär, ýaglyrak, etliräk. “Ýaňy ýarym ýaşan çaga aşgazanyny zaýalaýmasyn, heý-em, bäbege goraba ýaly nahar iýdirlermi, toba-tagsyr?” diýip, howpurganlaram bar. “Aý, näme aňyrsy alsa, dagy nädeli, ajam-a saklap bilmeris bu çagany” diýen netijä gelindi, “Şir balasy şir bolar” diýdiler, ulular näme iýse, olam şol. Saçak başynda kakasynyň, agalarynyň arasynda oturyp, çorbaly jama eljagazyny saňňyldadyp, batyryp otyr agaç çemçesini. Iýdirjek bolsalaram, edenok. Özüm iýeýin diýýär. Bir ýanyndan ejesi çorbaly kaşygy tutuberip dur, beýleki ýandanam özi – iki çemçeli haýdap otyrlar. Işdämenje. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |