09:26 Çarh / 1-nji kitap -3 | |
Bir görseňem, Keýmirjik düýp sary sogany agzyna salyp, hatyrdadyp, gemirmäge çalyşýar, görenler gülüşýärler: “Bäbek sogany almadyr öýdýär” diýşip. Ol welin ajymtyk sogany gemrip-gemrip, heniz bir ýaşyna ýetmänkä agzynyň içini guzy dişlerinden doldurdy. Äňiniň aşaky hatyrynda birden-ikiden diş görünse, ýokarkylar-a tutuş hatar tutaýdy, lowurt-lowurt edýär, tüwi düzlen ýaly. Indi iýmitden-emekden hakyny gidermejegi magat. Saçagyň başyna ulular bilen deň gonup, olam bir kelle, bir san bolup, bir adamlyk ýer tutup otyr, owkadyň soňundanam goşawjyny üç gezek ýüzüne sylyp, deň töwir galdyryp, deňem turýar. Toýda bagşynyň aýdymy gyzyp, şirwan perdä galanynda “Ha-a-a! Ha-a-a!” diýip, batlyja sesi bilen joşup, hä berýän bir ýaşly Keýmirjige toýçular gyzyl gyran gülşüp, “Saglyk bolsa, şunymyz ulalyp, şahandaz ýigit bolar” diýişdiler.
Taryhy proza
Il deňinde dil çykaranda ilkinji öwrenen sözi “eje”, “memme”, “çöçje”, “böçje” däl, “Ata”-dan başlady. Muňa-da Penjeli pälwan çaga ýaly monça bolup, körpeje agtygyny bagryna basdy: “Atda diý, oglum, hany, ata diý?” --Ata! --How, oglum? --Ata! --How, oglum? --Ata! --How, oglum? Daşyndan görenlere bular şol bir sözi ikatýok kibi zol gaýtalaşyp duran ýaly, emma Keýmirjik üçin-ä bar aýdasy gelýänleri şol bir sözüň içine sygýar, atasy-da şol bir sözüň içinden birgiden many alýar. Biri sowal berýär, beýlekisem jogap. Näme soralýar? Nähili jogap berilýär, ikisinden başga düşünjek ýok. Ataly-ogul welin hezil edişip, gürleşip durlar: --Ata! --How, oglum? Ýyllar geçer, şol ata sözüniň yzyna Watan sözem goşular, Keýmiriň dilem-ýüregem “Ata Watan” diýer. Heniz welin juda ir. Heniz ol diňe “Ata” diýip bilýär. Herkimiňem gyjynyp, posalak ýaňajygyna çalaja ýüz sürtüp, ysgap, kiçijik enaýy çaga bilen oýun edişesi-gülşesi, oklap-gapasy gelýär, nätjek, “Diş-diş” diýip, çendan agzyna öz süýem barmagynyň ujuny sokup görýänlerem bar. Beýleki çagalaryň şeýdilse, käte uruşgan güjük deý hatyladyp, dişläp alaýmasy bar, barmagyňy yzlygyna çekip ýetişseň, zor boldugyň, hakyt dişini geçirip, ganadyp, tasma goparyp alaýjak gara zaluwatlar. Şeýdilse, Keýmirjik welin iki gözünem ýumjukladyp, üzüni birýan gapdal kese sowaýýar. Teý, dişlänok. Köpçülik-dä, munam her hili manyda ýorýan-düşündirýän bar: “Aý, bü teti asla erkek oglanjyga meňzänok-laý, geljekde mundan o senmi diýen batyr-gerçek-ä çykarmy-çykmazmy, haý, näbileli-ow”. Ýene birleri welin olaryň tersine “Gör-de, duruber, heran-haçanam, ynha, şu ýüregi ýuka balajygymyz rehimli-şepagatly bolar, serediň-ä, barmagyň iýilmeýänine eýýämden akyljygy çatýar, haý, berekella, Alla jan köp görmesin, bujagazja çaganyň soňy-ahbeti gelewersin!” diýdiler. Ýaňy dil biten Keýmirjik şol döwürde ürç edilip aýdylýan “Bibijan” aýdymyny bagşylara öýkünip gygyranda töweregindäki ulular “Haý-haý, inibatyr, Bibijana ýetiberme, entek saňa ‘Gys bagryňadan” irräkdir-haw” diýip gülşerdiler. Ýa-ha Hojanepes pälwanlaryň öýünde iň süýji tagamlar bişýar, ýa-da... Ýok gümansyratmalyň, onuň öýünde, hudaýa şükür, uzakly gün bal ýaly naharlar atarylýar-bişýär, pessejik oduň üstünde gazan gaýnap durandyr, içindäki nahar malgam bolynça. Ertirden-agşama bir ondan, bir mundan tünekleriniň gelim-gidimem ýeterlik. Hojanepesiň öz-ä “Öýüme gelip iýmesem, ajygan ýerime baranok” diýýär. Bir Hojanepes däl, her kime-de şeýle-le, heý, öýüňde bişen ýalam bir nahar bolarmy? Munuňam bir sebäbi öýüňde bişýän owkadyň duzuna-toýnuna öwrenişýäň, göwnüňe şol iň ylaýygy, iň datlysy ýaly. Dogry aram-aram köpçülik üçin – toýda-sadaka bişýän naharlaram ýüregi küýseýär, ýöne ol başga hasap. Galan mahaly, nirede ýörenem bolsa, iýip-içjek mahaly öýüne dolanýar, uzuk ýola düşülen wagtam, ýolda-yzda özi-özüne aşpez. Başga zatda öwünmese-de, käýarym degşip, “Elim-ä süýjüdir, jigitler, erkek kişileriň elem aýallaryňkyça bardyr, aslynda, türkmenlerde köpçüligiň iýjek naharyny erkekler bişirýändir” diýäýmesi bar. Aýdyşyndanam bäş-beter. Aýalynyň syrkaw-sökel mahaly, Hojanepesiň bişiren naharynyň daşyna üýşenler, gulaklary kesilse-de duýmaz diýilýäni ýatladýarlar. Çagalar çendan “Bu gün kakam bişirsin-le” diýseler, aýalam ondan öýkeläp duranok. Hawa, Keýmir şeýdip, bäbekliginden ulularyň döwresine goşulyp ugrady, dil çykardy, özem ilki “Etje, bötje, çöçje, lel-lel-leý” diýmän, “Atda, bapba” diýdi, muňa-da atasy Penjeli pälwan, babasy Döwletmämmet Düýegöz aga monça boldular, “Ine, boljak oglan başdan belli” diýşip, hezil etdiler. Hawa, dil çykardy, garrap dogan ýaly, aýdýan sözleri bir töwra. Başda “Nokguldaýşyny” diýdiler, soňam “Bilbil ýaly saýraýar” diýdiler. Näbeledräklerem “Eh-eý, pälwan, sen ejeň oglumy ýa kakaň?” diýip, sogar berselerem, edil uly adamlar ýaly salyhatly bir zadyny aýdar goýbärdi welin, sorag beren, öz ýöntem sowalyna utanjyndan ýere girerdi. “Tüweleme, munuň aýdýanyna bir serediň-ä” diýip, töweregine buşlamaga howlugardy, töwerek bolsa, bu çaganyň diline guwanýardy, beletdiler. Hamala, Keýmire çagalyk möwsümi berilmedik ýaly, beriläýse-de juda mukdary az. Ers-mers, “Iki aýakl iki günde” diýleni. Juda bir ilden üýtgeşikdi diýip sürüp oturmalyň, beýleki çagalara mahsuz kemçilikler onda-da gaýtalandy, setanda ýalan sözem, üýşüp uruşmagam, goňşularyň bagyndan çig erik ogrulygam... ele düşüp şapbadam iýdi. Iýen şapbady bir şol gezek däl, kütek päki bilen saçyny syrdyryp durka, boýunjygyny büküp, hamsygsa, “Sojama” diýip, ýeňse çukuryna şelpelini gondurypdylar. Şol gezek uly agasy Keýbiriňem başyny syranlarynda durşuna gara gana boýalypdy, dellekçi ganan ýerine pagta basyp, kelläni gowaçaly atyza öwrüpdi, pagta-da gan siňip, Keýbiriň kellesi çym gyzyl, şapbat iýmejek bolup, sesini çykarmady, ýöne şol gezekden soň onuň Keýbir ady aýrylyp, Gyzyla öwrüldi, soň dakylan lakamyň atdan öňe geçäýmesi bar, indi Keýbir diýip adyny tutýan ýok, hemmeler üçin ol – Gyzyl. Aşhanada bir bolgusyzja zat sebäpli ejesiniň gaty gaharyny getirende, aý, gapdalragydyr-da diýip, zyňan oklawy Keýmiriň sag çüwdesine degip, çilik ýaly çişiripdem. Emgek-dä, edil beýle bolar öýtmedik ene ýüregi çagasyndan beter awundy: “Nirden zyňypdyryn, artyp galmyş!” Sanap otursaň, başga-da kändir. Soň-soňlara ol çagalykda iýen şarp-şurplaryna “ussa tyrky” ýa-da “Adam ýençgilenip, bejerilmeli, eýlesi-beýlesi timarlanylmaly, demirden ok-naýza ýasan ýaly-da” diýerdi. Doglanyňda il ýaly doglup, ýaşaýşa il ýaly bolup başlanýar, soň ýuwaş-ýuwaşdan bir gapdala şaha ýaryp, üýtgelýär. Üýtgemegem köplenç özüňe-de bagly – edýän pikirleriňe, gelýän netijeleriňe. Niýetňe-päliňe... Keýmiriň körpeliginden kakasy Hojanepes batyrdan öwrenen görüm-göreldesi köp. Meselem, öýde aýdyşylýan-edilýän gürrüň gytmy, arasynda jedellirägi-çaprazragy bar, kakasy bilýänsiräp, hemmesine goşulyp duranok. Saçak başynda çagalar ondan-mundan bir zat diýýär, aýaly Alyntäç başga zat. Hojanepes batyr olaryň biriniň arkasyny alyp, beýlekisiniň aýdan pikirini ýanap duranok. Olaryň her haýsynyň öz pikirini aýtmagy üçin mümkinçilik döredýär, özleri düşünişse, gowy diýýändir-dä. Hamala, eşitmeýän ýaly, içki pikirlerine gümra otyr, ýöne arasynda ýylgyrýar welin, edilýän gürrüňleri eşidýäne-de, birme-bir yzarlaýana-da meňzeýär. Kakasynyň öýde diýlip-aýdylýanlara garaýşy ýylgyryşyndan mälim. Mundan daşgaram, Hojanepes pälwan çagalaryna kän bir eýdiň-beýdiň diýibem durmaýar, gaýta: “Ata çagalarynyň golundan çekip, idip ýa syrtyndan itekläp ýöretmeli däl, her kim ýaşlykdan arabasyny iteklemäni öwrenmeli, Alla-da ýaradanda adamy öz erkine goýupdyr-a. Haýsy ýoldan ýöräsiňiz gelse, şondanam ýöräň, ýöne soňundan jogap bermäge-de taýynlanyň” diýýär. Ine, ýene bir gepi: “Köpçüligi özüňiz ýaly etjek bolmaň-da, özüňiz köpçülik ýaly boluň! Çepbekeýem bolsaň, il bilen el gysyşanyňda sag eliňi öňe uzat!” --Eje-eje, Watan diýmek näme diýmek-hä? Öýmüzde her gün eşidýärinem welin, ony hiç göz öňüme getirip bilemok. Gözüň bilen görüp bolýarmy ony? --Doglup, önüp-ösen ýeriň, ýaşaýan ýeriň! Öýmüziň duran ýeri, häzirki ýaşap ýören ýerlerimiz-dä. --Anthoý biziň Watanymyzmy? Biziň Watanymyzyň ady Owganystanmy ýa başgamy? --Hawa, indi haçandan bäri şu ýere göçüp gelenimize. Ilki bilen-ä biz horasanly, ondan soňam turanly. --Öň göçüp gaýdan ýeriňiz Watan bolmaýarmy? Atam-a “Taklamekandan gelýändiris” diýip aýdýar. Ol nirede? --Çyn-Maçyn ýurdundamyş. Şol ýere sürgün edilipdiris. Öň göçüp gaýdan ýerlerimizem Watanymyz! --Onda näme kakam “Biz Watana indi gitmelidiris, Watan diýilýän ýeke-täk bolmalydyr” diýýär? “Öň ýaşan ýerlerimiz däl-de, indi barjak ýerimiz Watan, hakyky Watanymyz şoldur” diýýär. Eje, sen hakyky Watanymyzy gördüňmi? --Ýok göremok. Berýän soraglaryň çaganyňka meňzeş däl, bar kakaňdan sora. --Kakamam, atamam görmedik diýýär-ä hakyky Watanymyzy. Haçan gidýäris-ä Watana? --Ulalaňsoň, gideris. Nahar bişirmäge goýmadyň meni, gazandaky naharymy köýdürdýäň, oglum. --Watanymyz nirede, eje? Diňe haýsy tarapdadygyny görkezseň razy, ýekeje gezek şol tarapa barmagyňy uzadaý-da. --Ynha, şu taýda – ýüregimizde! Bar git diýýän-ä kakaň ýanyna, tükeniksiz soraglaryňa jogap berip oturmaga ýarap duranok. Garry Watanda biziň diňe köne öwlüýälerimiz galandyr, öwlüýä diýilýäne barmagyňy uzatmaly däldigini bilýänsiň-ä. Öwlüýäniň daşyndan aýlanyp, togap edilýändir. Keýmirjik bilen kakasy Hojanepes pälwanyň arasynda-da ýaňky yzy üzlen ýaňky sorag-jogap dowam edýär, ogly sowal bermäge ýaltananok, kakasam jogap bermäge: “Garagum-Köpetdag, Jeýhundyr-Hazar biziň Nuhdan galan Watanymyzdyr, düýp goşumyzdyr, başga-başga ýerlere nesibe çekip, dargasak-da, göçsek-de, ýene aýlanyp-dolanyp, maňlaýymyzy direýän Diýarymyzdyr, biz şoňa dolansak, dilimizem tapýas, ilimizem. Görogly ýyldyz görse gutulýar, biziň ýaralarmyzy Watan bitirýär, esasan ýürek ýaramyzy” --O zadyň ady näme, kaka, ady dilime gelenok, hä-hä, salgyt. Salgyt näm-aý, kaka? --Ony näme üçin soraýaň? Ol sözi nireden eşdip ýörsüň, kim aýtdy? Salgydy näme etjek? --Hol gün biri gelip, salgydyňyzy töläň diýip, senden kän pul alyp gitmedimi? Sen oňa bir penje puly sanap berdiň, ejemem olar gidensoň, baý, gargynd-a. --Ýaşaýan – şu oturan ýerimiz üçin tölenmeli pula salgyt diýilýär. Salgytçam ony öz kisesine salanok, ýurduň hanyna eltip berýär, onuň işi şol, onda näme günä bar, ejeň gargynmasyn. --Ýurda ýagy çozsa, goragyna ilki bilen atam bilen sen gidýärsiň, at-ýaragyňy alyp. O günki giden urşuňyza han-a barmandyram. Sizi iberip, özi öýünde ýatypdyr. Onda näme ýer üçin biz oňa ýer üçin salgyt tölemeli? Goraýan-a siz, salgydam han tölemeli dälmi näme? Ýer hanyňkyny? --Ýok, oglum, ýer hiç kimňkem däl, hanyňkam däl, döwletiňkem, ýer diňe Hudaýyňkydyr. Allatagala ýeri adamzada ýaşamak üçin beripdir, adyna adam dakylan bolsa, şu Zeminiň eýeçiligine şäriklidir, senem, menem, hemmämizem ýere şärikli. --Indi gelseler, salgyt töleme. Olara berjek puluňa hudaýýoly ber, hana berenden halk iýse gowy. Körpeje çaganyň ýüreginde adalatyň kinniwanja şinesi ýarylyp, soňlugy bilen pür-pudak ýaýradyp, uly baga öwrülip, edeni bergi, göreni görgi, biçäre halkyna saýa salar. Heniz welin ol kiçijik bala. Köp zatlary eşitmeli, köp zatlary öwrenmeli, okamaly, ýalňyşmaly, ýykylmaly, ýene-de dikelip gitmeli maksadyňa bakan. Emma maksadyň päkligi, ýüregiň saplygy bar zatdan zerur. Hezreti Aly aýdan “Ýaman niýet bilen atylan ok aýlanyp, atanyň özüne degýändir”. Atasy Penjeli pälwan bilen edýän gürrüňleri has mojugrak. Agtyk şol diýilýän Watan hakda soraýar “Haçan gidýäs Watana? Türkmenleriň Watany nirede? Ozal näme üçin ony taşlap gaýdypdyrys? Ata-babalarymyz nirelerde ýaşapdyrlar?” Müň sowal-müň jogap. Penjeli pälwanyň gürrüňlerinden üç ýüz ýyllap geçilen ýollar hata öwrülip, Keýmiriň beýnisine ýazylýar. Ata aýdýar, agtyk diňleýär. Atanyň häsiýetleriniň köpüsi ogla tebigy ýagdaýda geçýär, ýöne ýöriteläp, iş edinip, üns edip, öwrenmelilerem bar. Keýmir atasyndan kän zatlary öwrendi. Hojanepes batyryň öýünde bir özi, aýaly Altyntäç ýa ogly Keýmir däl, beýleki ogullarynyňam dilinden Watan sözi düşenok. Olaryň öýlerindäki edilýän gürrüňleriň köpüsi şol hakda. Keýmir agalary Gyzyl bilen Eýmiriň arasyndaky söhbete gulak goýdy. --Eý, Gyzyl, hol gumry näme diýip gugurdaýar? Diline düşünýäňmi? “Gu-gu-gu-gu-gu” diýip zol gaýtalap dur, beýle diýdigi nämäni aňladýar? --Heniz guş dilini öwrenemok. Ol zatlara sen ökde, Eýmir, özüň aýd-aý, bilýän bolsaň? --“Gu-gu-gu-gu-gu” diýdigi – “Zikge kakalyň” diýdigi. Diňle zik-ge ka-ka-lyň, zik-ge ka-ka-lyň, zik-ge ka-ka-lyň! --Zikge kakmak gumrynyň nämesine gerek bolduka? Öňüne gysymlap dökeniňde sowup biljekmi teňňäni? --Ýok, gumry özi üçin diýenok. Bize pul ýasanyň diýdigi, akyl öwredýär, maslahat berýär, --Zikge kakyp, pul ýasanmak üçin öz döwletiň bolmaly. Hany bizde ol barmy, mydam biriniň elgaramagynda ýaşaýarys. Bizem, ata-babalarymyzam. --“Zikge kakalyň” diýdigi – gidiň-gözläň öz düýp Watanyňyzy tapyň diýdigi. Agalary öz işleri bilen hersi bir tarapa dagady, Keýmir welin ýene gumrularyň guguldysyna gulak goýdy, “Guş-gumrylar ýene näme diýýärkä? Biziň hakyky Watanymyzy guşlar-a görendir-le, guşlaryň diline düşünäýseň, kän zada aýdyp bererdiler”. Gumrularyň gogurdaýşy, diňe gumry däl, gögerçinleriňem bogunlaryna öz sesleriňi goýýaň welin türkmen sözleri bolup dur, olar türkmençe gepleýärmikä diýdirýär, sesini bogunlara bölüşi türkmen gepleşik dilindäki bogunlara gaty meňzeş, megerem türkmen diliniň döremeginde tebigatyň, onda-da gumrularyň goşandy uludyr. Eger şeýle bolanlygynda onda türkmen dilne-de guş dili diýip aýdyp bolar. Guş dili bu – älem-jahanyň dymyp aýdýan syrlarynyň terjimesi! Ömür diýmek bu – bilmeýänligiňi bilip, ýalňyşyp-ýaňylyp, dogry-dürs ýoly öwrenmek. Batylyň sermenekläp, golundaky hasasy bilen ony-muny dürtekläp, ugur-ýol tapyşy kibi, adam balasam çagalykdan maňlaýyny gata urduryp, ýykylyp-sürşüp, ýene aýak üste galyp, maksadayna-matlabyna tarap ýola rowana bolmak. Ýöne sowatsyz-bilimsiz aklyň nämä çatar? Keýmiri ýedi ýaşanda molla berdiler, kakasy ogluna “Seni molla berip, zahyt etmek pikirim ýok , zahyt diýdigim terkidünýä namazhon takwa, tersine hatly-sowatly zeberdest-hökümli il-günüň öňüne düşýän gerçek bolmagyň üçin okadýandyryn” diýip, gulagyna guýdy. Mekdepde arap-pars dilinde okady, öz agalary bilen, köçede puştum dilinde oýnady deň-duşlary bilen, öýde türkmençe gepledi maşgala agzalary bilen. Molladan sowat aldy, köçe oýunlaryndan çagalygyň lezzetini, öýünde terbiýe aldy – eýle bolma, beýle bol. Atasy Penjeli pälwanyň yzyna düşüp, toýa-tomga baranda ulularyň arasynda edeplije oturyp, gürrüňlerini diňledi, köneden-täzeden, onuňam özüçe medrese kemi ýok. Edilip durlan gürrüňi bölüp, sowal ýagdyryp oturanok, jogabyny içinden gözläp, özi tapmaga dyrjaşýar, aýlaberýär kellesinde. Çylşyrymly tapmaça çözen ýaly. Matalyňam ýorgudyny başga biri aňsatjak aýdyp goýberse, kän bir gyzygam ýok, özüň kösenip, gözläp, özüň tapsaň, ana, keýp şonda. Juda başarmadyk ýagdaýynda ululardan hemaýat soraýar. Ýöne ähli mekdepleriň içinde iň güýçlüsi durmuş eken. Ine, şony kämil öwrenmede iş bar. Beýleki çagalar kemana göjek salyp ýa sapana gola salyp, guş atanlarynda “Degse – bäş, degmese – ýigrimi bäş” diýip atýarlar. Keýmir olary düzedýär eken: “Degse – peýdama, degmese – şeýtana” diýp atyň! Degmedik göjeklerimiz şeýtany daşladygymyz bolsun! Atan okumyz guşa degse, bähbitli, sowa geçip, şetany ýaralasa, ondanam peýdaly, heý, şeýtany awlamakdanam bir gowy şikar barmydyr?” Bu garyş boýly çaganyň tapjak sözümidir?! Bir köçede ýaşaýan Alty, Ýedi diýen iki dogan alili goňşulary bar, dädeleri ir ölüp, ýetim galan, Keýmir şolar bilen dostlaşyp, oňşup oýnabam ýördi allnäme, birden agyzlar alaryp, Alty Keýmire içden çykmaz ýaly murdar sögüp, honda gaçdy: “Kör gözüňi pylan edeýin” diýip. Çogup, beýnä uran gahara bäs gelip bilmän, töwerekden eline ilen gyýçak gök daşy alyp, saldy yzyndan dazladyp. Batly zyňlan daş çüwdä degip, gyrmyzy ganyny sarkdyryp, Alty ýere ýazyldy ýatyberdi, Keýmir nalaç eýlesin? Ýüregi süýşüp gitdi. Soňky puşmandan peýda ýok. Uly sesini edip, aglap ýatan Altyny diňdirer ýaly däl. Inisi Ýedem ylgap, ejesine alyp geldi, öň dünýeden içi ýangynly Gyzsoňy daýza-da mündi Keýmiriň ökjesine. Yzyndan ýetip, elindäki iňňebagjygy jasyladyp sançdy iki kebzäň arasyndan kempaýa. Pagtaly jüpbesinden mazaly çümen tyg Keýmire ömürlik sapak berdi – her kastyňa zowal bar. Iňňe çyksa-da, awusy bedeninden çykmady. Bu şerli wakany Keýmiriň ejesi Altyntäjem gyzgyny bilen eşitdi, ýöne öz goçunyň gerşini sypalap, goňşusynyň üstüne sürnüp gitmedi-de, oglunyň daşyndan aýlandy. “Sapak bolar indikiňe, köşek. Hernä gany diňip, aýak üste galypdyr, ýetim çaga birden öläýse nätjek? Çöregimiz bitin eken. Keselbent ejesine indi ideg etmelem şol ahbeti. Gaýta başga biri ol ýetimlere azar berse, sen arka çykmaly dälmi? Şindi haýsy iş kyn bolsa, “Iňňe bilen guýy gazan ýaly” diýýändirler. Edep-terbiýe almagam kyn iş – edil iňňe bilen guýy gazan ýaly, ýöne zalymlyk etseň, ol guýyny kebzäňden gazýandyrlar”. Ogullary Gyzyl bilen Eýmire-de tabşyrdy “Eşitdim-eşitmedim diýmäň, jigimize sögüpsiň diýip, öňüňizden çyksa, ol çaga azar beräýmäň, günäni özümizden gözläliň, düzüw gezseň, il sögmezem, adyňam tutmaz”. Keýmiriň çagalyk döwrüne degişli rowaýatlarda şeýleräk bir waka hem aýdylýar: Oglanlar üýşüp sadranç oýnap otykalar dört sany geçegçi sowlup, olaryň ýanyna barypdyrlar, ötegçiler özleriniň atlaryny suwa ýakyp bermeklerini haýyş edipdirler. Küşt oýnap oturanlar “Atyňyzyň depesine şu pilimiz bilen ýelmäris welin, ikini islemez ýaly edäýer” diýşip, baş galdyrman, öz oýunlaryny dowam edipdirler, Keýmir sesini çykarman, turup gidip, yzyna dolanyp gelipdir: --Atyňyz suw içmedi. Ötegçiler Keýmiriň ýüzüne ýylgyryşypdyrlar: --Biziň atymyz suw içmez, hanym, ezmaýyş-synag üçin geldik ýanyňa, gel, biz saňa ak pata bereli. Sen bagt ýyldyzynyň aşagynda doglan – sahypkyran. Seniň etjek işiň, aýtjak sözleriň il içinde destana öwrüler, ýerde ýatmaz, heran-haçan agyzda agzalyp, ýatlanyp ýörersiň, ýurduňa direg-paýa, öz iliňe sütün bolgaý! Olar dört çaryýarlar eken, doga okap, gol galdyryp, Keýmire welilik hem guýendelik patasyny beripdirler. Ýene bir aýtgyda hem onuň Hydyr ata duşanlygy beýan edilýär. Halk-da, munuň şeýle bolanyny gowy görýär, göwün ýüwürdýär, arzuw edýär, öz öňüne düşýän adamyň erenlerden pataly, Hydyrdan paýly, perişdeleriň ganaty kaklyşan, akyly-gaýraty müňe taý, müşgili asan eýlän ýagşyzada bolmagyny isleýär, beýle begzadany arzuw-umytlarynda täzeden dogrup, dünýä inderýär, söýgi bilen gundap, alkyşlary bilen hüwdüleýär, soňam ýeňişlere sary atarýar. Soň tekeleriň serdary saýlanansoň, salyr birikmesinde uly jeň gopsa, teke-ýomut bileleşip, Keýmiri baştutan saýlanlarynda “Meniň ýeke gözlüligim kemem däl, türkmeniň hemmesini deň göz bilen – bir göz bilen görer ýaly” diýer eken. Ýene bir gezekde “Gije-garaňkylykda sag gözüme çyra gerek, kör gözüm çyrasyzam garaňkylygy görýär, içki dünýäňi görmek üçin çyrag-röwşen hökman däl, batyl gözüm elmydama içki dünýämi görýär” diýipdir. Suwly maslahatda iki tarapdanam gezek-gezegine her kim bir zat diýdi, bildijegini aýtdy, öň aýdyla-diýile, lenji çykan teklipler ýene birki merte tekrarlandy, emma düzüwli sübse başy bogulmady. Nobaty Keýmir aldy: --Ýaşulylar, men özümiziňkiler bilenem maslahatlaşyp geldim, bu dawa bize çözdürmeýär, oňa deň dawa diýilýär. Goý, ony suwuň özi çözsün, häzir çeşmäniň suwy dykyn alyp dur, ýazdyralyň böwedini, akmaly ýerini suwuň özi biler, nireden aksa, şoňa-da kaýyl bolalyň, her kim öz bagtyndan görsün. Garaşylmadyk bu taň teklip, öýüň içinde gök gürläne döndürdi “Bäh, howwaýt, jaý gürrüň” diýşip, adamlar bir-biregiň ýüzüne-gözüne begençli seredişdiler. Al, saňa gerek bolsa, ýaş oglan! Ylla mähegiň bar-da, mähekdaş diýilýänem tyllanyň hakykymy ýa hakyky däldigini, şony barlaýan gaty gara daş. Görüp-baksalar, bujagaz oglanyň üsti bilen köp zatlaryň üstüni açsa boljak. Akyl garryda-ýaşda däl eken, başda eken. Keýmiriň teklibi hemmeler tarpyndan iki elläp makul bilindi. Haýal etmän, üýşüp gidip, böwedi ýazdyrdylar, Allanyň eradasy-gudraty bilen çeşme iki obanyň dik ortasyndan ýol saldy. Iki tarapa-da deňlik, iki tarapam hoşal. Tutuberiň toýuňyzy! Zyňyberiň telpegiňizi göge! Asmana zyňlan iki obanyň telpeklerem garyşdy, dessury-zamana laýyk tutulan toýda bişirilen çelpeklerem garyşdy. Aly bilen Weliniň özlerine mynasyp gözellere – Peri bilen Peýkere öýleniş toýlarynda iki obanyň adamlaram garyşyp-gatyşdy, toý-toýy, dogan-dogany, oba-obany gujaklady, suw bar, ne gaýgy bar? Kümüş suwly çeşmä-de Köwser diýip, at goýdular. Düýnki topulyşjak bolup duran goşa obanyň ilaty her ýerde-her ýerde Köwser çeşmäniň üstünde paýapyl ýasanyp, barşyp-gelşip, süýjülikli gatnaşyberdiler.Iki oba bileleşip, bir bütewi uly oba öwrüldi diýseňem boljak. Asyl, birleşmek diýlen zat mümkin zat eken-ä, eger iki oba birleşip bilýän bolsa, onda taýpalaram birleşip, Türkmeniň Aly döwletini gurup biler-ä! Oglany ýaş görüp, maslahata göýbermejek bolan hälki beýemçi ýaşuly uly ile iş bolan suwly meseläni körpeje Keýmiriň çözendigini eşidip: --Esgileriň ulamasy molla Kömek “Döw öz çagasyny tüweleýinden tanarmyş” diýýär welin, şol ugrunda bar-ow, Penjeli pälwan öz agtygynyň mesele çözjegini bilensoň, bärik iberipdir eken-ow – diýip, özi-özüne gepledi. Hawa, suwly dawany çeşme çözdi. Adamlar welin ony Keýmiriň üstüne ýüklediler, şeýtdi-de, nowjuwan Keýmiriň weliligi, halatlylygy baradaky rowaýatlaryň ýene biri halk içine, adamlar arasyna tizlik bilen ýaýrap ugrady, edil şu dagdan gözbaş alyp, joşup-lummurdap, dynuwsyz aýdym aýdyp akýan köwser suwly çeşme mysaly. Köwseriň baran ýerinde toprak ýaşyl öwser, hasyl öwser. A ýollar Keýmiri nireden çykarar? Onuň barýan ýolunyň tegelek çarhy kimiň elinde? Durmuşyňmy? Wagtyňmy? Pelegiňmi? Onuň dagy-hasraty, arzuwy-ha Watana dolanmak, eýe çykmak, gülletmek. Aýny Köwser kibi, alyslardan ata Watana tarap inip gelýär. Aýny Köwser kibi oba-kentleri, tire-taýpalary birleşdirmegiň ugruna çykar. Milletini birleşmäge, Türkmeniň Aly döwletini gurmaga çagyrar. • Ferzane –bagy-Erem gülşeni Beýnä häli-şindi garjaşyk-sypjyk pikirler gelýär, nämäniň nämedigine akyl çataýan badyna, ol gidip, ornuna başgasy gelýär, haýsy birini ýat beklejek, yz-yza – tükeniksiz çalşyp dur, deňäňden geçip barýan kerweniň her taýyna sandyk bökderilen düýeleri ýaly. Bir rowaýata görä, Muhammet pygamberimiziz Hakyň emri bilen gatyrdan kiçiräk, eşekden ulurak, ýüzi, guýrugy, toýnagy sygryňka meňzeýän Byrak atyny münüp, magraja göterilende arşdan bir kerwen geçip barýar diýýär, magraç diýilýäniň arapça aýdylyşy leýletil-miraj – basgançak, merdiwan diýmek, ana, şol kerweniň öňem görnenok diýýär, ardam, her düýäniň üstünde iki sany sap jöwahyrdan nagyşlanan parlak-lowurdawyk sandyk taýlanyp bökderilen. Pygamberimiz terhos eýläp, haýyş edensoň, bir sandygy açyp görkezseler, içinde tutuş bir älem barmyş, sanýetmez ýyldyzly-saýýaraly, Aý-Günli, beýleki bökderilen sandyklaryňam şunuň ýalydygyny aýdypdyrlar – her sandygyň içinde aýratyn älem. Düşün-dä düşünip bilseň, adamyň aňy şu äleme ýetse boldugy, älem diýmäli, Ýeriň üstem ýeterlik. Ýok-ýok, diňe öz beýniň içindäki pikirlerden düzüwli baş alyp çykyp bilseňem, zor boldugyň. Medresede mollanyň öňünde çöke düşüp, sapak alyp oturan Keýmir özündäki bir ýagdaýy öňräkden duýdy, ýagny, hem-ä sapak diňleýär, hemem ýanama nämedir başga bir zadyň pikrini edýär, dutarçynyň bir eliniň barmaklarynda perde basyp, beýlekisinde müň öwrümli kelemenledip, kirişleri kakyşy ýaly. Ikisine-de ýetişýär. Indi haçandan bäri onuň edýän ähli pikirleriniň başy – gyz. Tenha başymy, ähli pikirleriniň soňam syrygyp, ýene şoňa barýar. Gyzlaryň içinde-de owgan gyzy Ferzane. Öz ýanynda onuň adynyň yzyna ýene söz goşdy-uzaltdy – Ferzane jan lagly-Badahşan. Keýmir ony birinji gezek görende, gözlerine ynanmady, gündiziň içinde täze bir Gün dogan ýaly, eý, Hudaý, onuň owadanlygyny! Allatagala “Ine, men şeýle owadanlygam ýasap bilýän” diýip, ýa-da “Aýy Ýeriň üstüne düşürip bilýän” diýip, külli älemi haýrana goýmak üçin, kerem-gudratyny görkezmek üçin ýaradan ýaly. Düýşmükä? Asmandan indimkä? Dessandan çykyp geldimikä? Örüm görmedik, şonda-da burum-burum şar gara saçlary bulut deý, dökülip ýatyr, ýaýlyp ýatyr. Çille gary deý çym ak ýüze gara saçlaryň gelşäýşini. Gara nerkes gözlerini diýsene! Çyraýlylygyndanam beter, Ferzane gyz dünýä gülüp bakýar, ýylgyryş eçilýär, mähir-muhabbet paýlaýar, älem-jahan oňa guwanýar, olam älem-jahana. Ynsan gözlerine külli Ýalançy sygsa-da, gyzyň gözelligi iki abat göze ýerleşjek däl, ol Keýmiriň ýeke gözüne nädip sygsyn? Ferzane – Keýmire bökende, merdiwana çykanda ýetdirmejek şaha. Ýöne gyzyň gözelligi burgun-girdap ýaly Keýmiri özüne dartyp, çekip aldy, indi ol bir duran ýerinde öz ygtyýaryndan bidin aýlanyp dur. Çarhy-Pelegem dynuwsyz aýlandyrýan güýç söýginiň gudraty bolaýmasyn?! Adam öz ýüreginiň sesini eşitmeýär, emma şeýle ýagdaýa düşende eşitmeg-ä däl, gürs-gürs urgy gulagyňy deşip gelýär, gök gürlän deý. Ýyldyrym asmanda hat ýazýar, okap ýetişeňok. Ferzane-de ýyldyrym, ýöne okap oturmaly, ine, alnynda dur, ýyldyrym bilen ýazlan dessan! Bagy-Erem gülşeni! Keýmiriň dili şol dessanyň setirlerini gözläp ugrady, içinden saýrap dur, kalby bilbil dilinde saýraýarmyka ýa? Pany dünýäniň ýüzüne-de zer çaýylan ýaly, bar ýer öwşün atýar ýa jahana söýgi diýilýän jadyly gudratyň ýalkymy düşýärmikä? Ýalançynyň ýagtylygyny! Diňe ýalançy dünýä däl, ýaş kalbyň içem durşuna nur-şugla. Ynsan başyna söýgi diýilýän mugjyza humaýy öz erkinden bidin-biygtyýar gonýar. Gyz bilen heniz ýeke lahza habarlaşmanka hem onuň özüne iň ýakyn ynsanlygyny duýdy, bagt guşy diýilýänem, megerem, şoldur! Bigüman şoldur! Aýyl-saýyl! Anyk! Başga hiç zat bilen çalşar ýaly däl. Ýeke. Ýalňyz. Täk. “Müň gyzyň içinden biri” diýilýär, ýok ýer ýüzüniň ähli gyzlarynyň içinden, arşlaryň meleginden, jennetiň hüýrlerinden – jeminiň içinden ýeke biri! Söýgi diňe haýrana goýýan ilkinji bakyşdan däl, hatda ýigrençdenem döräp bilýär. Başda sulhuň almadygyň assa-ýuwaş yşka bendiwan kylyp, ýa-da söýgi bilen başlanan süýji gatnaşyklar kem-kem sowaşyp, ýigrenje-de öwrülmegi mümkin. Yşk-u muhabbetiň nämeligine adam ogly düşünmeýär, şol sebäpli tas hemmesi diýen ýaly onuň öňünde dyza çökýär, aman dileýär. Hasam ilkinji söýgi! Nämä uçranyňy aňşyraňok, dünýä daşyňda pyrlanýan ýaly, pyrlanýan-a pany welin, sen aýak üstünde durup bilmän, elenip dursuň. Aşyk-magşuk bir-birine ýapyşmasa, hiç durary ýok. Goýnuňdaka ýüregiň agzyňdan çykyp barýar, bir zaman görmeseň, nädip oňjak? Adynyň Ferzanedigini soň beýleki çagalardan aňaýmasynlar diýip, bir zady bahanalap, usullyk bilen sorap bildi, “Enaýydygyny! Ferzane – lerzan-eý diýip goşgy goşubermeli, sazlaşyp dur, goşgy diýilýänem meniňki ýaly aşa haýrana galanyňda düzülýän zat bolmaly, ýüregim joş urýar. Öňler ylham diýseler, nämekä öýderdim, asyl, ol kalbyňa asmandan inýän owaz eken, many eken, ylla pygamberlere Jebraýyl emin perişdäniň üsti bilen gelýän wahy ýaly. Wahy-ylham ikisem bir söz, özü-de Alladan inýän. Maňa ýokardan nähili owaz gelýärkä, manysyny nädip aňşyraryn, ony nädip ynsan diline geçirerin? Häzir-ä ýöne ýüregim endiräp dur, beýnim ümür-duman. Bir aýdyp biljegim – Ferzane jan lagly Badahşan. Onuň adyny daglara gygyrsam, yşk ýüküne çydaman, daglar onuň ismini aýdyşym ýaly yzyna gaýdyp berer. Çöllere aýtsam, sähralar yşk hasratyndan öňküsindenem has saralyp solar. Derýa-deňizlere aýtsam, hanasyna gygmaz, onsaň men neneň edip jan-apatyna çydaýyn?” Ferzaneler Owganystanyň başga welaýatdan gelen, ýaşaýan ýerlerinde uruş başlanansoň, wagtlaýynça öýlerini taşlap, Anthoýdaky garyndaşlaryny tutunyp, göçüp gelipdirler, bosgun diýilýäni. Kakasy-ejesi, uýalary, oglan jigisem bar, egin-eşiklerinden barjamly hojalykdygy – asylzadalarlygy bildirýär. Okuwly-sowatly. Hiç birinem ýüregiň gyýyp, gara zähmede dözer ýaly däl, emma nätjek, başyňa düşse, edibermeden başga ne bar? Herhal, ýeriň giňinde bir hünär edinip goýan ekenler, gara gün üçin. Dessalymyň içinde-de bolýan öýleriniň gapdalyndan ussahana ýasap, gerekli esbaplarynyň hemmesini tapdylar, toýnam getirdiler eşekarabaly, külalçylyk işine-de başladylar, asyl, olaryň uludan-kiçisine deňiç bary küýze ýasamagyň ussady oguşýan, kakasy bilen ejesi hasam ezber, tüýs Hudaý beren, Ferzane ýaly hüýri-melegi-araýşy-jany dünýä inderenleriň ýanynda küýze dagy nämejik? Ýasap ýetişenleri ýeke-ýeke ýere degmän, aldygyna geçip dur. Agşamara çolarak ýerde tötänden duşanda Keýmir ol gyza emaý bilen mähirli habar gatybam gördi – puştumçalap, Ferzane-de çalgyrdrak türkmençe patdyk-putduk jogap berdi, aýdan sözüne ikisem gülüşdiler, çen-çak bilen aňlamak mümkin, ýöne sözüniň soňuny welin parsçalady, Keýmiriňem ökde dili şol, okadýan mollasam pars, duldegşir goňşularam pars milletinden, okaýan kitaplaram şol dilde ýazlan. Edilen özara gürrüňem beýle bir üýtgeşik zat däl. Emma gyz öz dilinde – puştumça gepläýende-de, Keýmir ondan asgyn gelmezdi, sebäbi ýaşaýan ýurdunyň esasy dilini bilmezlik mümkinmi? Ferzane göwnüaçyjak gyzlaryň hilinden, gepleşmäge döwtalap. Onuň şeýledigini aňyp, Keýmiriň guşy uçdy, ýogsa ol näme hakda gep gozgasamkam diýip gaýgy edipdi. Ferzane parsça gürledi, säginmän saýrap dur, Keýmirem ur-tut şol dile geçdi hemem gyzyň ýüzi ýagty, göwni açyjak bolany üçin olam özüni birneme şahandazlyga urdy: --Adyň özüňdenem owadan eken. Gaty görmeseň, adyň yzyna-da söz goşdum – Ferzane lagly-Badahşan diýdim. Keýmir jan sözüni aýryp aýtdy – ejap! --Sag bol! Eýýäm haçan maňa lakam dakyp ýörsüň? Şygry köp okaýanyň bildirýär. Ýöne biz Badahşan daglaryndan gelemzok-a, başga welaýatdan – Hyratdan. Näme sypatym-gepleýiş äheňim Badahşan täjiklerine meňzeýärmi? --Badahşanyň merkezi Faýzabad barada, Gökje derýasy barada şol ýerlerden tapylýan lagl barada, gadymy Hyrat galasy barada az-owlak eşidipdim, şondan aýdaýdym. “Az-owlak eşidipdim” diýip, pälipeslige salyp aýdýar, aslynda, Keýmir Gandagar welaýatyna deňiç kakasynyň ýany bilen gidip, aýlanybam gelipdi ahyryn. Daşyndan seretseň, bu iki nowjuwanyň edýän manyly-töňňeli gürrüňleri öz ýaşlaryna o diýen kybap gelmeýänem ýaly, ol sözler bir hili has uly ýaşly adamlaryň agzyndan çykaýjak deý, ýöne bu söhbet köp ýaşanlar däl-de, köp bilýänleriň, okuwly-sowatlylaryň gepleşişi. Ferzane gürrüň berýär: --Hyradyň ilatynyň aglaba köpçüligi, esasan, pars dilli täjik milletinden, olar özlerine hyratlar diýip at berýärler, welaýatyň adam sondan galan bolmagy ahmal, galany owganlar – biziňkiler, oturymly jöhitler bilen induslaram bar, garym-gatym, dürüşte. Il içnde çendan gödeňsiräk aýdylyşyça, tüýs niräniň-niresi, ygyndynyň-ýygyndysy diýilýäne barýar. --Hyratda gadymlardan bäri oturymly türkmenlerem-ä ýaşaýandyr. Birzamanlar türkmenleriň mesgeni bolan. Biziň rowaýatlarymyzda-ertekilerimizde juda kän agzalýar Hyradyň ady. Türkmenler oňa Hyra hem diýýär. --Türkmenler beýle köp däl, meniň ejemiň ejesiniň -- mamamyň aňrysy şolardan, onuň aýdyşyça, o sebäp-bu sebäp bolup, asyrlaryň dowamynda türkmenleriň aglabasy Owganystanyň başga welaýatlaryna, daşary ýurtlara göçüp gidipdirler. --Türkmenleriň içinde tekelerem barmy? Ýa ol zatlardan başyň çykanokmy? Tekeler diýýänim biziň taýpamyz. --Hyratdakylaryň hemmesem teke türkmenler. Sypatlary, dilleri, geýnişleri üýtgeşiksiz siziňkä meňzeş, aýny şeýledigini Anthoýa geläýen badyma siziňkilere gözüm düşenden duýdum, menem Hyratdaky halyçy teke gyzlardan öwrendim-dä siziň diliňizi çalak-çulak, seniňem gepleýişime gülkiň tutdy, ýöne araňyzda biraz gezsem, türkmençänem gowy öwrenerin. Haly gölleriňizem meňzeş, nirede görseň, tanap oturmaly. --Türkmeniň haýsy taýpadandygyny bir agyz gepletmän, haly göllerindenem tanamak mümkin. Synçylygyň-a zor eken, Ferzane lagly Badahşan! --Mähnet gök daşyň ýüzüne haşamlanan “Hyradyň taryhy türkmenleriň taryhydyr” diýen ýazgam bar – şäherimiziň görnükli ýerinde. Hyratda önüp-ösen Nowaýy bilen Soltansöýün Baýkara ýazdyrypdyr diýip, gürrüň edýärler, bilemok başgalar ýazanam bolsa onçasyny. --Türkmenleriň kül dökmedik ýeri ýok ýaly. Heý, ynanar ýalymy, olar ýeriň ýüzünde köp döwletleri-memleketleri gurupdyrlar, özlerinde welin ençeme asyr bäri döwlet ýok. Soltansanjardan bäri. Haýran galmaly! Hemişe onuň-munuň baknalygynda gün görýär. Ynanyljak-heňe geljek zatmydyr şu? “Ne Hudaý urduka bulary?” diýip, kellämi tutup oturýan. --Biziň mülkümiz Gandagar bilen Faýzabada gidýän uly ýoluň ugrunda. Murgap bilen Ger-rud derýalary akýar, Ger-Ruda Hyratda ýaşaýan türkmenler Tejen derýasy diýýärler. Ýaşaýan ýerimize-de şol derýanyň suwy gelýär. --Atamam aýtdy, şol iki derýa biziň düýp Watanymyza akýar diýip. Biziň Watanymyza arkaýyn gidip, ony görüp bilýäni üçin ol iki derýa gözüm gidýär. Siz öz ýaşaýan mesgeniňizden az wagtlyk aýra düşen, a biziňkiler welin üç ýüz ýyl bäri Watanyň dagyny çekip, jümle –jahany syryp ýörler ser-sepil-sergezdan. --Ger-rud jülgesi diýilýän ýerde bagy-bossanymyz bar, barsaň görkezerin, Keýmir. Mülk ýerimizde arpa-bugdaý, şaly, gowaça ekdirýäris. Mallarymyz bar, tekelere haly dokatdyrýarys, biziňkiler esasan, Eýranyň Maşat şäherine söwda gatnaýarlar, Guşga-da gidýärler. Biziň mekanda magdan köp, demir ussahanamyzam ýaňy bir ýola goýduk welin, turman geçen uruş başlanaýdy, käbilliler bilen. Gyrgynçylyk. --Nämäniň üstünde? --Talaň-da, urup-ýenjip-öldürip, eliňdäkini-agzyňdakyny aljaklar. Duýman durkak mülkümize çozdular, kakam aňyp, bar malymyzy-mülkümizi taşlap, maşgalamyzy bärik alyp gaýtdy, wagtlaýynça. Gyssagara pul-beýleki nefaga almaga-da maý ýok, ýöne başymyzy gutarsak, oňduk. Biz uruşlardan ýaňa halys bezgek. Kakamyň agalary-inileri häzir şol söweşde. Ýöne Hudaýa şükür, bahym Hyratda uruş ýatjakmyş habary geldi, çyn bolaýbilseýdir, Allajan! Onsoň bizem mesgenimize-öýe dolanarys. Dogduk depämizi küýseýäs, iň uly uýam Merýemiň toý sähedem bellenipdi, bardygymyz ugruna çykarys. Çagyrsak, habar ibersek, gelersiňiz-ä? Ejem “Hojanepesleri tutuş maşgalasy bilen toýa çagyrjak” diýýär, kakamam “Yzlaryndan ýörite paýtun iberjek” diýýär, äkiderem, getirerem. Ýylgyryp duran Ferzaneniň ýakymly habaryna Keýmir nesip bolsa diýen manyda baş atdy, Hyratly gürrüňe söz goşdy: --Käbilem näme Adamatanyň ogly Abylyň öz dogany Kabyly gelinliginiň üstünde öldüren-gan döken ýeri-dä. Käbil şäherniň adam Kabyldanmyş. --Hawa, “Ilkinji urşuň, ilkinji ölşügiň bolan mesgeninde jenjel hiç mahalam gutarmaly dälmiş” diýen gep bar. Häzir bizde – Hyratda, soňra Seýiistanda, Gaznada, Hindiguş daglarynda, Parapamizde, Bendi-Türküstanda... Biziň ýurtda uruşlaryň üsti bilen düşünişilýär, urşuň bar ýerem – ölüm-gyrgynçylyk. Şonuň üçin biziň ýurdumyza Efganystan diýilýär, ahy-pygan manyda. --Hawa oňa “Taşlanyp gidilen ýer”-em diýilýär. Keýmir bu pikirini bolsa içinden aýtdy: ““Köp gülen bir aglar” diýilýär, ýöne köp aglanlaram bir gülýändir-ä. Ýa Alla-Tagala köp pygan çeken şu milletiň ýylgyryşy diýip, güler ýüzli näzenin Ferzaneni dünýä inderdimikä? Ýok, bir milletiň däl, Ferzane lagly Badahşan dünýäniň ýylgyryşy, älem-jahanyň göwnüniň şady!” Keýmir daşyndan Ferzaneniň aýdan pikirini dowam etdi: --Biziň milletimizem şol gan döküşikleriň pidasy. Agzybir-parahat ýaşaşmak mümkin dälmikä? Adam diýlen wagşy jandara meňzeş, hökman başga biriniň elindäkini alyp iýmeli, bir özüni bilýär, özgä rehimi inenok. --Meniň pikirimçe uruşlaryň doly ýatýan wagty – parahatçylyk mahaly şu dünýäniň iň gowy döwrüdir. --Sag bol, Ferzana, sen-ä köp zatlary gürrüň berdiň, diňläp hezil etdim, edil Hyrada syýahata gidene döndüm. Adyňam özüň ýaly eken – görkana. --Ogla ýanap dakylan-da. Maşgalamyzda diňe gyz doglup duransoň, men doglamda Hatma diýip at dakjak ekenler, sizde – türkmenlerde Doýduk, Bessir, Gyzsoňy diýlişi ýaly. Hatma arap sözi – tamam diýen manyda. Goňşy garry aýallaryň biri gelip, ol ada garşy çykyp: “Adyna Ferzane dakyň, şeýtseňiz, bu gyzyň yzyndan hökman ogul doglar, manysam dana-aryf” diýipdir. Özüm-ä pars dilindäki fer owadan diýen sözdenmikä öýdýärin. “Hem owadan, hem dana, hemem şirin güftar, sowadam ýetik, haýsy ugurdan gep açylsa, ýüzin salyp barýan argymak bedew ýaly” – Keýmir içinden gepledi. -- Dogrudanam, menden soň ogul jigim boldy – pökgüje. Gazanfar bilenem tanşarsyň. --Bizde şeýle gyza Oguleje diýýärler. --Türkmençe adym Oguleje-dä onda? Razy. Seniňk-ä Keýmir, eýýäm bilip ýetişdim. Awçy diýmekmi? --Ýok, şoňa golaýrak – ok diýmek. --Gözüňe-de ok degdimi? Keýmir ýylgyrdy: --Munuň peýdaly tarapam bar, ýaý atamda bir gözümi ýumma derdim ýok, güzledibermeli. Bärik kän wagtlyk geldiňizmi? --Ýok, wagtlaýynça. --Galaýmal-a hemişelik. --Nesibe işidir-dä. Sakga durup, ondan aňryk geçilmedi, serhetden geçmegiň geregem ýok, şol serhete golaýlap görmegiň özi uly bagt dälmi näme? Birinji gezek söz gatanyňda içgin-içgin dyzaberseň, ýaş gyzy ürküzmegiň-tazykdyrmagyň mümkin, ter-türpe maral-a ol entek. 11-12 ýaşly juwan gyz. Iki arada edilen şujagaz gürrüňem aňry ýany bilen ýeterlik. Söz gatdyň, jogap aldyň, başga näme gerek? Bagt-da şol. Seniň näme aýtmak isleýäniň şol ýönekeýje sözlerdenem aňdyryp dur-a. Onsaňam, gözler adamyň dilindenem köp zat aýdýar, üstesine-de ynandyryjy edip aýdýar. Aýt diýläýende-de, Keýmir şol serhetden aňry geçip bilmez, eger-eger. Onuňam şu tolgunçly ýagdaýa ilkinji gezek duşup görşi. Keýmir bir zada welin anyk göz ýetirdi, olam şu gyz bilen hernäçe gepleşse-de, aýlapmy, ýyllapmy, parhy ýok, aralarynda aýdyşmaly gürrüňleriň hiç mahalam tükenmejegi. Tutuş bir ömrüň uzaboýuna arkaýyn ýetjek. Ýogsa, ine, şu dagy ýönekeýje gürrüň, Ferzane 6-7 ýaşlaryndaka nebisjeňje, dogumlyja bolupdyr, gazanç etjek diýip baglaryndan tudana çöpläp, kiçijik tabajygy bilen köçede oturyp, ýoldan geçene alyň diýip, hödürläpdir, ony görüp, dözmän, ejesi öz gyzyndan tudanany satyn alypdyr. Ol soň-soňlaram “Gyzym, sen şonda şeýle edipdiň” diýip gülüp ýatlaýar. Munda üýtgeşik waka-da ýok welin, bu ýatlama Keýmiriňem beýnisinde eziz ýatlama hökmünde orun aldy. Aram-aram ýadyna düşýär, ýylgyrýar. Gyzyň bilýäni Keýmiriňkiden köp bolmasa, az-a däldir. Adam göwni gaty geň zat, ikiagyz söze gül-gülälek açylybam bilýär, ömürlik bentlenýän işik deý ýapylybam. Ine, nowjuwanlar bir-birege hoşamat etdi, ikisiniňem göwün guşy galkdy pel-pelläp. Ýöne, arman, şol bäş-üç agyz mylakatly hoş sözi adamlar bir-birege hemişe eçilip durmaýarlar, nämüçindir edil aýdaýmaly ýerinde-de dymyp ýörler. Ýigitdir-gyzyň jübütleşmeginiň bir emmasy – şol juda mätäç sözleri aýdyşyp bilýändiklerinde. Üstesine adam hemişe mylakata zar, ondan aňsat-aňsatlar doýmaýar, mylakat hiç mahalam köplük edenok, ondan aşa düşülmeýär. Eýsam-de bolsa, çen-çak diýenem bir düşünje bar. Isleseň-islemeseňem, müddeti gelende sadranjyň çöpleri deý, ol öýjükden beýleki öýjüge böküp-süýşüp durmaly, haýýatyň gurluşy şeýle. Aýrylyşyp, olaryň her haýsy öz ýollary bilen gitdiler, gitdiler ýöne ýene duşuşmagyň arzuwy-umydy bilen. Arzuw-umyt adama berlen sermaýalaryň içinde, megerem, iň esasylarydyr, ýeneki aýlara-ýyllara adamy ýaşadýanam, gelejege höwes döredýänem, hemme zadyň gowy boljagyna ynam berýänem şolar. Keýmir ýene içini gepledýär, a içiňden bolsa islän pikiriňi gypynçsyz aýdyp bilýäň özüň-özüňe. Herhal, daşky dünýäden tapmaýan erkinligini ynsan ogly öz kalbyndan-a tapýar: --Ferzane dana diýmek, hawa. Ýöne owadanlyk bilen danalyk bir adamda seýrek gabat gelýärmiş. Bu gyz şol seýreklerdendir. Gepleýşini görýäňmi, şänik döwen ýaly, sözleri däne-däne. Üstesine-de juda mylakatly. Birden gepimiziň çakyşaýmaly ýeri gelende säginip, maňa pikirimi aýtmaga maý berşini gör-ä. Edep görenliginiň alamaty. Hyratdaky ýaşaýyşlary barada gürrüň berende ýeke gezegem “Biz –baý” diýen sözi agzamady, başga biri bolanlygynda dilini-başyny çeýnärdi, goşup-artdyryp. Baýlygy üçin-ä däl, dünýäde iň ýarlykly garybam bolsa men Ferzaneni söýerdim. Sebäbi men zady däl, perizady söýýärin-ä. Bir adam hakda iki kişi dürleçe pikirde bolup biler, biri seni gowşagrak görüp, sada saýsa, beýleki saňa özünden ökde hasaplap, köpbilmişem diýmegi mümkin. Çünki, herkimiň pikirlenişi üýtgeşik. Ferzane barada näme aýdyp bolar? Ol hem düşünjeli, köp zatdan habarly, hemem juda sada, göwnüne garalyk getirenok. Şonuň üçin oňa düşünjeli sada gyz diýilse, dogry şol”. Adam ogly, garaz on-onki ýaşansoň, gyz näme, gelin näme, oduk-buduk zatlary bilip ugraýar. Keýmir ýetişensoň, öýlenmelidiginem, nesil öndürmelidiginem, çaganyň nädip emele gelýäninem özi ýalylardan, ululardan eşdipdi, gitjek ýeriň nire, iliň ýörän ugrundan ýortubermelisiň. Nesip etse, wagty gelse, görübermeli baryny bir ýandan. Heniz ir. Ömür – öňde. “Galaýmal-a hemişelik diýenimde, nesip işidir-dä diýşini gör, ol gyz ýog-eý, Hudaý saklasynam diýip bilerd-ä, beýtse, gürrüňiň yzyna ýer galanok, ol eýýäm meniň sataşan ýagdaýyma düşünýär, maňa umyt berýär, galmaga garşy däldigini çalarak duýdurýar, aýdyp bilmedik, dilime alyp bilmejek teklibime başga sözler bilen öňünden jogap berýär, akyly-huşy görk-görmeginden kem däl eken, aýdanyň-a bir, aýtmadygyňa-da düşünip dur, ýüregimiň içini görýär. A, belki, diýeýinem diýýän däldir. Şeýle agzyna geläýişidir-dä. Serdäýmäge, ýuwaşlygyna ýuwaş ýaly, ýöne baryp, gysymlap tutaýmly guşa meňzänok, gep urşundan aňsat-aňsat per bermejekligi, hajyk-hujuga aldanmajaklygy aňdyrýar. Alla tarapyn bir-birine ýaraşykly adamlar doglup biler-ä. Ferzane ýörite meniň bagtym üçin asmandan pel-pelläp, inäýen asylzat. Ady iki barmak maňlaý hatyma ýazlandyr. Hökman, şeýledir. Başga milletdenligem gözüme görnenok”. Mundan bäş ýyl ozal bolup geçen wakany Keýmir ýene-ýene-ýene ýatlamakdan ýadamaýar, ol häzirem şonuň içinde. Neneň ýatlamasyn, ol ýerde gözleri ahramy näzenin Ferzane garaşyp dur-a! Adama, herniçikdir, ýatlamalar berlipdir, öz eliň-öz ýakaň, hälisem ýok, şindisem. Süz gözüňi-de, assa basyp, içine gir, zowalsyz arzyman wysalyna gowşuber, edeniňe däl diýlenok. Ol näme üçin adam aýbynam, söýgüsinem gizlegiç. Söýgi aýp däl-ä. Onda-da saýlanynyň adyny ýüreginde gizleýär, hylwatda duşuşýarlar – görer gözlerden ogrynça. Erkinden bidin gyzyň adyny daşyndan dile getirip, Keýmir ogrulykda tutulana döndi, herhal, çalarak aýdansoň, ýanyndakylaryň kän ünsüni çekmedi: --Ferzane jan lagly Badahşan! Öňem ýok, soňam. Ähli diýjekleri-aýtjaklary şol sözüň içine ýerleşýär. Arzuwlaram. Ömrem. Geçmişem. Geljegem. Edil şonuň ýly-da, bir sözüň üsti bilen aýdanlaryna gyz tarapdan berlen jogaplaryňam hemmesi bar. Hawa, hemmesi bir sözüň içinde – Ferzane diýilýän jadyly söz içinde. Şol bir sözüň içinde iki tarapam göwün matlabyny aýdyşýar, şol bir sözüň içinde-de iki tarapam ylalaşýar. Ferzane – wysal! Ferzane –bagt! Pelek welin wysaly aýralyga, bagty hasrata öwürdi, adam pelegiň elindäki küşdüň çöpi, nirä süreýin diýse, elinde. Iň gowusy – ýatlamalar. Çüm-de, lezzet al-da otur! Göz welin dil ýaly däl, daşda-içde Ferzane sataşsa, öz “dilinde” nämedir bir zatlar diýip alýar, gyzyňam gamzaly, näz-kereşmeli gözleri oňa düşünýändir-dä, olam “özüçe” jogap berýär, düşünendigi hemem aýdylan zady oňlaýandygy al öwüsýän zenahdanda tolkun atyp gidýän ýylgyryşdan görünýär. Keýmir ilkinji gürleşip görende bir ýagdaýy duýdy – Ferzaneniň ýaňagynda-alkymynda çala tolkun atyp gidýän terpenmeler bar, teninde däl-de, şondan ýaýylýan şuglada. Ol uýatmy, tolgunmamy, hyruçmy ýa muhabbetmi? Iki ýürek arasynda döreýän söýgi diýilýän gudrat ynsana ilki sözsüz gelýär, ol söz dil bilen aýdylmasa-da, ony taraplaryň ikisem duýýar. Honha, Ferzaneniň ýuwan eşiklerini ýüpden asyşyna seret, olam üýtgeşik hat, ýüp-ä – çyzyk, geýim gejimlerem – hat, okap bilseň, ejesi bilen kakasynyň köýnegini aýryja ýüpde seripdir. Keýmir-ä şondanam özüne gerek manyny okap otyr, bu-da bir diliň görnüşi. Keýmir yşk jamynyň gaňşyrawygyňy tütedýän çalyny özi içip, batga ýaly agaranyny Ferzanesine iýdiresi gelýär. Yşk derdeseri bir ilteşensoň, gaýdyp ömürboýy içiňden çykmaýar, häli-şindi böwrüňden dürtekläp dur, wagt geçip, doly tutaşansoň-a, her alýan demiň şoňa bagly. Ferzaneniňem ruhsarynda terpenmeler bar, şol terpenmeler onuň öňdenem owadan jemalyna ýene görk goşýar. Görk diýilýänem barha gunça ýaly açylyp, hasam çyraýlanýan zat, Ferzane gün geldikçe görk içinden görk açylyp, gözellige beslenip barýar, gözüňi aýyrman, seredip oturmaly. “Bulutdan çykan Aý ýaly” – Keýmir diline gelen bu sözi tas daşyndan aýdypdy, emma özüniň damyllanyň gaşynda oturandygy ýadyna düşüp, dilini dişledi, içinden welin ýene bir gezek gaýtalady “Bulutdan çykan Aý ýaly”. Hakydasynda dogan Aýdan gözüni aýryp bilmän, onuň bilen bagly wakalary alnyndan geçirmegi dowam etdi, hamala, olaryň soňy bir gudrat bilen öňki bilýänlerinden üýtgeşik hadysalar gopup, başgaça – has bähbitli tamamlanaýjak kibi. Şondan geçse, birküç gün geçendir-dä, ýap boýundaky bagçylykda, görse, öňünde Ferzane bir boýdaşy bilen nämedir bir zat hakda uzak gürleşip dur, onuň ýüzi, jorasynyň ýeňsesi görünýär, Keýmir ýogyn çynar agajyna duwlanyp, Ferzaneni synlap ugrady, onuň sesi gelenok, roýy-kaddy-kamaty welin aýyl-saýyl. “Iki gözümem abat bolsa bolmaýarmy, biri bilen doýup bilemok” diýip, içinden kemsindi, hemem “Iki däl, ýüz gözüm bolanda-da, şu gyzyň jemalyndan ganyp bilmen” diýip, öňki pikirini dowam etdirdi “Köpräk gürleşäýbilsediler. Wagt diýilýän zady doňduryp bilseň-dä. Ömrüm boýy şu duran ýerimde gatap, Ferzane tomaşa kylardym, maňa şol bagt ýeterlik, görüp dursam razy”. Ýa-ha Keýmiriň dilegini Ferzaneniň ýüregi syzdy, ýa-da Alladan kerem-erada geldi, gyzlar uzakdan-uzak gürleşdiler, olaryň süýnýän söhbetlerini ýigdekçe özüniň bagty saýdy, magşugyny synlap, heziller etdi, bütin ömrüňe şu bagt ýetdiräýsedi-dä. Keýmir-ä gyzy synlap gönendi, gyzam ony aňmady, gürrüňçilikden soň gyzlaryň hersi bir tarapa gitdi, Keýmirem Ferzaneniň yzyna düşmegi özüne uslyp bilmedi, gelşigi ýok, ýetişip barýan gyz-a, gören-eşden näme diýer. Synla, gör, söý, ýöne hiç kime duýdurma, pynhan sakla! Yşkyň şähri – Pynhanystan! Pynhanam saklady – içinde. Özi welin gör, näçe gezekler göz öňüne getirdi, hakydasynda Ferzaneni gaşynda oturdyp, doýman synlady, söýgüde sähelçe wagtlyk ýatlama ömrüň ötinçä-de gutarmaýar, näçe tekrarlasaň-da, hiç ýadatmaýar, söýgi söhbetlerem şeýle, näçe aýdyşsaň, aýdyşyp oturmaly, hiç soňy gelmez. Aşyky-zar Keýmir diňe özi bilen aýdyşdy – kalbynda. Kalbyna sygmadygyna şygra geçirdi, emma hiç kime görkezmedi, bir gezek kakasyndan şygyr hakda sorap gördi, olam “Şahyrçylyk set müňden bir adamda bolýarmyş diýip eşdipdim, Allajan, biziň neberämize bir bermäweri şol kesbi, biziň başga derdimiz ýetik” diýdi, tamam. “Sag gözüm bilen Ferzaneni daşarda görýärin, batyl gözüm bilen kalbymda görýärin, birden takdyrymyz ters geläýse, batyl gözüm -- halasgärim meni ýara gowşurar, küýsän çagym roýuny görerin” – Keýmir öz pikirini içinden aýdanyna begendi, herniçikdir, özünden başga eşden ýok. “Rast, hiç kim eşdenokmy? Onda şu taň pikirimem aýdyp galaýyn: Ölsem, alty arşyn bize çolansam, beýleki gözümem kör. Onsoň iki batyl gözüm bilen Ferzaneni has gowy synlap ýataryn. Eger didara gowuşsa, yşka düşene ölümem bagt, çukurda gizlenip, dildary synlap ýatmaly...” Oglan oturan ýerinden gobsundy, edýän pikirleri özüne-de ýat, gözüniň öňünde Ferzaneniň keşbi, ol ýaryň didelerinde ýüz kereşmeýu-jilwe bar. Ýürek söz tapman, owaz bilen wasp eýleýär. Bu saýrama yşk söwdasynyň oýny. Ýöne hiç kimiň eşitmeýäni bir taň zat. Özüne-de del pikirler okaýan kitaplarynyň täsirindendir-dä. Ýa-da ýetginjekligiň öwüsgüninden? Ýa-da çagalykda ýeten guýendelik patasyndan? Hernä, bular içiňden aýdylýan sözler. Adamyň içinden aýdýan sözleri daşyndan aýdýanyndan kän esse owadandyr, dogrudyr, düşnüklidir. “Alla Zemine rysgal paýlanda, her kime dilänini berermiş, aşyklar didar dilärmiş” diýip, yşky kitaplardan okany ýadyna düşüp, Keýmir öýden çykyp, daşaryk esewan etdi, Ferzaneni gözleýär, her gün agşamaralar ol daşaryk çykýar-a, häzir-ä ýok, ýa entek irmikä çykar wagtyndan? Oglan howlugaýdymyka? Olam Alladan didar diledi “Bir görsem, armanym ýok, Hudaýjan, sataşdyraý-da”. Melleklerine ýufar zagpyran ekipdiler, boýy dyzdan ýokary galanok, güllerini ýolup-guradyp, çaýa atylyp içilýän. Hoşboý is bilen neşeli tagam berýän. Zagpyranyň gülgüne-melewşe guýguç şekilli güljagazlary bar, ondan reňkem alynýar. Görse, gülleriň içinde ekiz owlakly sary geçi otlap ýör, gül bilen geçiniň reňdeşligi üçin kän bir saýgardanogam. Keýmir sary geçiniň Ferzaneleriňkidigini tanap, ýüzi ýagtyldy, begendi. Dilegi Hudaý dergahynda kabul – ine, Ferzaneni görmek üçin oňat bahana. Ol owlakly geçä Keýmir belet, ýeke özüne zygam etdirenok. Öňki gezek melleklerine girende-de Ferzane bilen hersi bir şahyndan süýräp, iki bolup alyp gidipdiler-ä. Geçiniň öz melleklerine gelmeginiňem sebäbi bar. Bir ýerlerden gaçyp, bosgun bolup gelen öz biçäre goňşularyna ýardam diýip, çagalaryna süýt-gatyk bolar diýip, Keýmiriň kakasy baha beýleki diýmän, şeýle sowgat beripdi, şondan onuň sypynsa, şu gapa gelmegi. Öwrenşenje ýerine tege-tege. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |