09:29 Çarh / 1-nji kitap -4 | |
Ekiz owlakly geçi ýöne-möne mal däl, ony goňşularyna eltip gaýdan gününiň ertesi Ferzaneniň oglan jigisi geläýdi “Keýmir, seni Ferzane çagyrýar” diýip. Keýmir öz gulaklaryna ynanmady, ýüregi gobsunyp, çalt-çaltdan gürs-gürs urdy. Barsa, gyz ýoluna garaşyp duran eken.
Taryhy proza
--Samandan tirt edip berdim welin, bu iýenok-a. Ýöne ysgaýar-da beýläk aýrylaýýar, nädip iýdirmeli, öwredäý-dä? Keýmir öz geçilerine belet, nätmelidigini bilip dur, ýöne gürrüňi uzaldyp, gyzyň ýanynda köpräk eglenesi geldi, bilgeşli ondan-mundan gepini köpeltdi: --Samana näme goşduň? --Kendirigiň düýbünde elekden galan-gaçan kepekleri garyp berdim. --Kepegi suwa ezdiňmi? --Ýok, irden beremd-ä hezil edip iýdi. Indem golaýyna-da baranok. Ferzaneniň gurply hojalykdandygy görnüp dur, öň mala seredip görmändir, depder, kitap, aýnaň öňi... Olar häzir bosgunda gezip ýörensoň, başyna düşensoň, etjekden ýöne kän zat bilenok. Keýmirem bu sada gyzy mundan artyk horlamaýyn diýip, tirtiň sebäbini aýtdy: --Şu gün suwa ýakdyňmy? --Wiý, ýadymdan çykypdyr, häzir getireýin. Tas suwsuz gatan eken, janawar ullakan setiliň suwuny düýbüne deňiç içip, tirtine topuldy. Ferzane bilen Keýmir bir-birine mähirli seredişdiler. Ine, häzir ýene-de, olaryň gapylaryna baryp, Keýmir gyzyň adyny tutup çagyrdy: --Ferzane-Ferzane! Daş işige çykan Ferzane, ýylgyryp duran Keýmiri gördi: --Ne bela begenýäň, ogul jigiň boldumy? Maňa Oguleje diýşiň ýaly senem ogulkakamy indi? --Owlakly geçiňiz mellegimize giripdir, zagpyranlary depeläp, parçalap, zaýalap ýör. --Aý, pekge, oňa gynanman, ýyrş-ýyrş edýärsiň-ä? --Ýör, bile aýraly. Bir özüm kowanym bilen gidenok. Ýigitdir gyz iki bolup, ekiz owlakly geçini süýräp alyp gaýtdylar, ýolda gyz käýindi: --Indi owlaklaryňy yzyňa tirkäp, gaçyp gidäýseň, şahyňy döwüp, kelek ederin! Keýmirem içini gepledýär: “Göroglyny bäbekkä mazara baryp, emdiren geçi, bu gün meni magşugyma gowşurýar. Ol ýene didar görmegime sebäp bolawersin, bu geçide bir mugjyza bar, wah, şu geçiden aýlanaýyn”. Ferzane-de içni gepledýär “Sary geçiniň ýany bilen sary ädiklinem beräýmeli ekenler-dä, şonda bu janawar ekiz owlagyny yzyna tirkäp, yzyna gaçyp gitmezdi”. Gyzyň içinden aýdanyna düşünen Keýmirem içinden jogap berdi: “Sary ädiklini beren bolsalar, geçä derek sen bize giderdiň, menem seni törüme geçirip, sary öýmelä öwrerdim-dä”. Ikisi bilelikde içini gepletdi, olaryň sessiz owazlary bir perdeden gopdy: “Belki, Hudaý”. Içinden düşünişenler daşyndanam aňsat düşünişýär. Içki pikirlerine gümra bolanlaryny aňyp, gowşaklykdan peýdalanyp, sary geçi olaryň öwsamy tutan ellerinden sypyp, ýene yza gaçdy, Keýmirem tutjak bolup, alňasap, eňdi yzyndan. Görmedimi-nämemi bir ýerden çala çykyp duran töňňä aýagyny urup, büdräp, Keýmir ýere uzynlygyna ýazlyp gitdi, hem aýagyny agyrtdy, hem gyzdan utanýar. Şunuň ýaly pursatda töňňäniňem beýle nagt gabat geläýşini! Emgek-ä hiç welin, masgaraçylygy ýakýar. Ferzane bu ýagdaýa güljeginem bilenok, gynanjagynam. Keýmiriň dyzyny tutup, ýüzüniň çytylanyny görüp, onuň agyran aýagyny elleri bilen owkalap beresi geldi, emma gyzlyk ejaby ejaza berenok. Herhal Keýmir turup, üst-başyny kakyşdyryp, ýene geçiniň yzyndan ylgamaga çemelendi, emma sag aýagyny ýagşyja agyrdypdyr. Keýtikläp gidip, ýylgyryp, geçini tutup getirdi. Içindenem “Şu ýöne geçi däl, munuň haýram bar, zelem” diýdi. --Gelşäýjek-dä, agsaklap ýörseň. Indi men-ä saňa Keýmir leň diýäýjek. Keýmir leň-Teýmir leň! --Mydam agsaklap ýörmen, ynha, aýrylar-da. Öň gözümi nätjegimi bilemok, aýagymy bir agsatmawersin! --Eger agsaklamaňy goýsaň, menem adyňa Keýmir leň-Teýmir leň diýmämi goýaryn. --Teýmir leňe bir deňeme, şol deýýus-da biziň milletimizi ýok güne sokan. Ol kellekeser hakynda köp gürrüňleri bilýän, atamdan eşitdim. --Menem bilýän ol ganhoryň kimligini, ýeke sizi däl, owganlaram gyrgyna beren ol haramzada, ýöne degşäýdim-dä. Bolýar, indi gaýtalamaýyn. Ýatagyna salyp, agylyň gapysyny berk petiklediler, geçi bolsa “Ýene gaçaýynmy?” diýýän ýaly olaryň ýüzüne mekirlik bilen seretdi, soraga düşünen ýigitdir gyz jogaba derek ikisi bilelikde ekiz owlakly geçä ýylgyrdylar. yzyndanam bir-biregiň ýüzüne minnetdar bakyşdylar, ýylgyryşlar bilen has gowy düşünişmek mümkin. Bagt üçin adama kän zadam gerk däl, şujagaz geçili waka olaryň ikisinem bagtly etdi, häzir olar üçin tutuş dünýä bagta gark bolan ýaly. Nazarlar ýene kaklyşdy, bu çag olaryň ikisem jadygöýiň taýaklyja eli degip, bir duran ýerlerinde doňup galan ýaly. Ilki bilen Ferzane sähel salymlyk essine gelip, nämäniň nämedigini aňşyrman, ýene essinden gidene dönüp, tas Keýmiriň üstüne agypdy, Keýmir tutup ýetişäýdi, gujaga dolan gyzyň boýnunyň müşki-anbar-ýufar ysy ýigidi ýene bihuş eýlejek. Ol feradis ys sekiz behiştiň iň gowusy – Firdöwsi aglanyň bag-bakja-bossanynyň kokunary. Huşuňa getirýärmi, ýa huşuňdan jyda eýleýärmi??? --Wiý, paluda içireýin saňa, elinjek. Şalynyň petine şekerli suw, owradylan buz goşulyp taýynlanýan şerbet. --Osmanlylaryň dilinde paluze diýilýär. Ferzane-de kem galmady: --Arapçasy faluzej. Garaş getireýin. Şaly petiniň inçejik ýüp şekilli seçegi juda ýumşak, ýeňiljek bolany üçin pere-ýelege deňelýär. Keýmir paludaly gaby başyna çekdi, gözi-gulagy welin gyzda. --Saadyda okansyň-a: Baht eger ýary dähed, haşhaş sendan mişkened Werne yary nedähed paluda dendan mişkened. Keýmir bu beýdi türkiledi: Bagtyň yar bolsa, haşhaşyň samany-da demiri syndyrar Eger bagtyň kömek bermese, paluda-da dişi syndyrar . Nowjuwan ýigit bilen gyz, hamala diýersiň, boýny deňläp, birde çapyp, birde seýkin basyp, gurysäpjin ýörişini edip barýan iki sany goşluşan tez argymak bedewiň bar-da. Eger ykballary ýar bolup, daýyma egin-egne bile öňe gidip bilseler, ýetmeli akybet menzilleri – bagt – bagy Erem. Lekin, bagtyň ýoly heniz örän daş, ençe muşakgatlardan geçmeli. Gyz-a “Indi gaçaýsaň, şahyňy döwerin” diýdi, ýöne onuň ekiz owlakly geçä ýylgyryp seredişinde haýbat däl-de, mähir bar, şah döwjege meňzänok. Ýaş ýigidem içinden “Ertirem, birigünem, her günem mellegimize gaçyp baraweri, işikde eken zagpyranymyz jähennem, bärde hakyky gül ragna barka” diýip, kemşerilip, sary geçä boýnuny burdy. Geçem arkaýyn bolaýyň diýýän ýaly sakalyny selkildedip, mäläp goýberdi, owlaklaram enesiniň gepini özleriçe gaýtaladylar. Ýigit bilen gyzam mylakatly ýylgyryşyp, wagtlaýynça aýrylyşdylar. Şol günüň ertesem Ferzaneli pikir serinden aýrylmady: “Soňraky takdyrymyz neneň-nähili bolar, biziňkiler-ä Watana tarap göçmegiň kül-külünde, Ferzanelerem uruş ýatdy habary eşdilse, yzlaryna gaýtjaklar. Biri-beýlekisine goşuljak bolup, atygsap duran iki derýanyň hersi başga-başga taraplara akdyrylýar. Derýanyň baran ýerinden kenar döreýärmi ýa-da kenar öz hanasyndan derýany akdyrýarmy? Haýsy bolanlygynda-da ýagdaýa şeýle. Biziň ýollarymyz sowaşyk. A biziň bileligimiz şonuň bilen tamamlanýarmy? Söýgi ömürlik dälmidir, eýsem? Aýralygymyzda Ferzane ikimiziň, heý, jinnek ýaly günämiz barmy? Näme ýalňyşlyk goýberdik? Niýetimiz päk, biragyz sözden düşünişip ýörüs. Ýa bu Çarhy-Pelegiň günäsimi? Bizi aýyrmakdan onuň utýan zady näme? Bizden başga edere işi ýokmy onuň? Ýary-ýara gowşuryp, sogap gazanasy gelenokmyka? Nätjek-dä, Pelek ýalan sözlände-de, çynyny aýdýar. Meniňem ýagdaýym janserek – bir ýandan-a Watan, beýleki tarapda-da Ferzane lagly Badahşan. Ikisem janymdan eziz. Galýan iki oduň arasynda, iki gözümiň birini goýup, beýlekisini saýlap bilmen. Ýöne haýýatyň çarhy meni Watan tarapa burar, özü-de dogry eder. Bir zada ýetjek diýseň, ikinjiňden geçmeli, men magşuk söýgüsinden geçmeli. Watan söýgüsi Ferzane bolan söýgimden rüstem geler, bir gözümiň körlügi şum takdyrymyň yşaratymyka?”. Yşk lezzet bilen ezýetden ybarat. Olaryň haýsy köp, haýsysy az? Bu, elbet-de, adamyna bagly. Kimiň paýyna lezzet köp düşýär, a kimiň paýyna ezýet. Bu aşyk-magşuklarymyzyň paýy – sähelçejik lezzet, Kap dagy kibi hem agyr ezýet. Özü-de, hiç mahal soňlanmajak perýat. Ýuwlup, ýüpden başaşaklygyna serlen eşikler işbu baş aýakdyr, aýak baş dünýäden uşlyp tapyp bilmän, örtenip ýören adamyň dogry çekilen sudury deý. Özleri bir-birine hemme babatda eketme-nokat dürs gelse-de, iki barmak maňlaýlaryna ýazlan täleýleri ters gelýär, ýazgytlary başga-başga. Başa mundag nuşakgat inende, çar tarapy petiklenende, adam pahyr suwda gark alan bagtyýatanyň sypala ýapyşyşyny edip, serine her hili howa gysymlan ýaly taň, hiç-hili sülä gelmejek boş pikirlerem çal beýnisine getirip görýär: “Ilde on iki ýaşynda öýlenip ýörenler bar. Eger başga çykalga tapman, halys iki aýagym bir gonja sokulsa, menem “Öýeriň” diýäýsem, olam akyla sygjak zat däl, öňümde agalarym bar, direnşip duran, ilki olaryň nobaty. Ferzaneniň öňünde uýalary. Nobaty bozmak türkmençilikde-de, owganlarda-da halanmaýar. Bir-birege adagladyp goýaýaýyn diýseňem, soň dolanyp biljegiň nägümana. Onsaňam biziň barýan ugrumyz nämälim, gitse gelmez diýilýän ýol, gyz durmuşa çyksa, öz hosdarlaryndan ömürlik aýrylyşmagy boýun almaly, bu – ölüme barabar, soň görüşjeginden görüşmejegi ýakyn. Ferzaneniň özi hoş diýse-de, hosdarlary etjekmi, elbet-de, heniz doly açylyp ýetişmedik ýaşajyk gunçany çem gelene ýoldurtmajakdyklary düşünükli zat. Ýöne öz ýanymdan sürüp otyryn pylan-pismidan diýip. Boljak zat bar, bolmajak bar, şu aýdýanym ikinjisi. Özümden misil tutup göräýeýin, eger Ferzane “Bolýar, ýöne sen bizde ýaşasaň, men saňa durmuşa çykaýyn” diýip, öňümde şert goýsa, şonda näderin? Başarmaryn. Başaraýsamam, Watan derdi meni saraldyp-soldurar. Ýogsa ol öz Hyratdaky ýaşaýyş ýagdaýlaryny aýtdy ahyryn, şa ýaly günemalary bar, “Baraýsaň” diýibem ýaňzytdy. Mende Watanyň zary bolşy ýaly, onda şol zar ýokmy nä?” Elbet-de, Keýmir bu matlabyny gyza aýdyp bimez, aýdaýyn diýse-de dili öwrülnez, sebäbi entek beýle-beýle gürrüňleri agzamagyň müddeti gelenok, juda ir. Ýöne gözleriň bilen aýtsaň, bolar, olam gözleri bilen jogap berse. Keýmiriň çak edişine görä, özi ýürek edip, oňa tarap bir ätse, gyzym gümansyz bärligine iki ädim äder, seniň duran ýeriňde durup biljek gyz ol. Şonda-da, yşk meselesinde bakyşlardan bir ädim aňry geçmek häzirlikçe ir. Emma wagtam gyssaýar, “Bir gülüni ysgap ýetişseň, zor boldugyň” diýilýän pasly bahar deý, bu jübütleriň wysal pursatlary kem-kemden azalýar, gumsagadyň soňky zireleri sarkyp, gutarjak-gutarjagyň üstünde. Arman, Ferzaneni görjegem bolsaň hyllalla, howluda işi-derdi ýetýändir-dä. Ozalam “Ertir-agşam öýleriniň töwereginde köpräk köw-söw edýärin welin, birden göze ilýän bolaýmaýyn” diýen gorkusam Keýmire ynjalyk berenok, özi köçä çykaýmasa. Ferzane barmy diýip, gapylaryna baryp, soramag-a birhili gelşiksiz, ýetişen oglan ýetişen gyzy çagyryp dursa. Özi halajakmy uýaňy sorap, özüň ýaly oglan işigiňize apdyrylsa, elbet-de, ýok. Onda oglan jigisi Wekile ýa gyz jigisi Gytja çagyrtsa, olam ýürege makul däl. Ilki bilen-ä, olar biljekler, yz ýanam öýlerindäkiler. Üstesine Ferzaneniň ejesi Näfize ýa kakasy Zulmaý han biläýse, bar onsoň. Owgan milletem türkmenler ýaly gyzly meselede – habar gataýsaň, juda ýokuş görýärler, soňunyň nirä degjegini bir Alla biler. Ferzaneniň özem howlynyň daşyna çykaýanok-da, içiňi ýakaýyn diýen ýaly. Keýmiriň gyzy görmeden bir maksady kiçijik gülýaka sowgat bermek. Häli irden badahşanly bir zergär söwdagär aýlap, satyp ýören eken köçede, Badahşan tarapda zergärçilik has ösen, sebäbi ol dagda her dürli magdanlar örän bol, söwdagäriň zatlary gaty gymmadam däl. Içinde bir gülgün reňk gülýaka has enaýyja, ýüzüne sugunyň şekili çekilen, hatjalanyp, uzan şahlary haýbat berýär, sugunyň gözlerem Ferzaneniňkä meňzeýär, sary ýaprakly nerkes gülüniň gunçasy deý, bahasyna Keýmiriň jübüsindäki puljagazy ýetýär. Öňi-soňam haçandan bäri Ferzane ýadygärlik sowgat beräýsem diýen arzuwy bar ýüreginde, ine, laýyk zat, üstesine-de ol köplenç gülgüne reňkli köýnegini geýýär, gülgün gülýaka-da edil öňünden ýörite buýrulan deýin, şaplaşyp, bile biten ýaly gelişjek. Sugun suratly gülýakany satyn aldy, emma muny gowşurmada iş bar. Häzir-ä gyz daşaryk çykanok, çykaýanda-da nädip gowşurmagyň ebeteýini tapanok. “Me saňa ýadygärlik sowgat” diýip, uzatsaň, olam gerek däl diýse, şonda nädersiň? Olam bolup biläýjek zat, entek sowgat berşer ýaly derejä ýetilenok-a. Aralarynda yşk-muhabbet barada ýeke agyz sözem geçenok şindi. Alyp bir işiňi edip oturyberseň, olam “Senden beýle zada garaşamokdym” diýip, öldir ýal gaty görse, näzlije Ferzaneni nädip ýazarsyň? Häki bir ol-bu barada bäş agyz gepleşip gördüm diýip, halanyňy edibermek nirde görlen zat? Yşk-muhabbet diýlýänem içiňden aýdanyňda aňsat. Ýar gaşynda demiň tutulyp, diliň lal açýar. Keýmir-ä ol sözi häzir-ä baýaky, soňlugy bilenem aýdyp biler öýdenok. Şondan başga näme diýmeli bolsa, ol oňarjak, gepini-sözüni düşündirip bilýär her kimçe. Emma söýgi meselesi... Gülýakany sowgat berjek bolşam, şol sözüň dergini tutar öýtdügi. Söz bilen däl-de sowgat bilen aýtmaly! Ýöne sowgat gowşurmagam söýýän diýip aýdandan ýeňil däldigine Keýmir bu işiň üstünden gelende duýup galdy, hany nädip gowşurjak? Bar aýdaly, çolaja mahaly ikçäk duşuşaýdyňam-da, näme diýjek? “Şu gülýakany tapdym welin, seniňki-ä däldir-dä?” – bu sözüňe aljak jogabyň eýýäm taýyn “Ýok men gülýaka ýitiremok”. Onda nätmeli? “Me saňa ýadygärlik sowgat” diýmek galýar. Bu sözüňem üç-dört jagaby bar. Birinjisi “Ýok, men sowgat almany halamok”, ikinjisi “Bizde munuň ýaly gülýaka dakylanok, ony türkmen gyzyna sowgat ber”, üçnjisi “Ejem-kakam muny nireden aldyň diýse, Keýmir berdi diýeýinmi?”. Has mojugrak gep aýtmagam ahmal. Şu etmekçi bolýan işiniň soňunda hiç oňlulyk görnenok. Keýmir ahyry ýüzügi (gülýaka) elýaglyga düwmeli, “Al şu ýaglygy, hiç kimiň ýok ýerinde açyp gör” diýip, eline tutduryp, derrewem ýanyndan aýrylmaly diýen netijä geldi. Gülýaka el ýaglygyň içinde. Al saňa! Dar ýerde gapyl basyldy, ýanyna Ferzane ýetip gelýär, gözleri ümezläp giden Keýmiriň şondan soň näme bolany, näme edeni, näme diýeni kellesine gellenok, hemmesi garjaşyk, bir bilýän zady Ferzane düwünçejigi alyp, ýylgyryp, ýene howlularyna girip gitdi, wessalam. “Esasy zat aldy, bu oňatlygyň alamaty. Almasa, ýok diýdigi, alsa, hoş diýdigi. Özüne ýakynlyga biperwaý däldigim barada edýän teklibime düşündigi hemem ony az-u köp goldadygy. Aldy, diýmek, bagtym getirdi. Ýöne onuň jogap edip näme diýjegi nämälim”. Hiç zat aýtman, gyz ýöne dymaýanlygynda-da, Keýmir ony buýtar-suýtarsyz ýagşylyga ýorjak. Ýogsa-da alyp “Menem seni söýýän” diýesi ýok. Aý, näme bolsa görübermeli, gülýakaly wakanyň yzy bir ýerden-ä urup-ýaryp çykar”. Şeýtanam dek ýatanok, mydam kastyňda, Keýmiriň kalbyna gulgula saldy “A birden bu sowgadyň maňa gerek däl, al yzyna, ýok et diýse, şonda nädersiň?”. Lagnanyň bu aýdýany mümkinmi? Mümkin! Ýene ýalňyz Hudaýa ýalbarmak galýar “Allajan, özüň goldaweri, sowgadymy alaýsyn-da”. Şeýtan ýene ara sokuldy “Birden ol gyz ejesine-kakasyna aýdaýsa, olaram namyslaryna deglen ýaly bolup, gyz çagamyzy ýoldan çykarmak üçin netini düwüpdir diýip, gaýtsalar üstüňden, birki taýagam gomuňa çekseler, ol-a ýene ýagşy, emma owganlar beterräginem edip biler, eline hanjaryny alyp gelse, öňünde nädip durjak?” --Aý, jähenneme git, şeýtan, sensizem häzir elim-aýagym titräp dur, sen bir muşakgat ýagdyrma! Keýmir bu sözlerini, hamala, şeýtan bilen ýüzbe-ýüz, garşyma-garşy duran ýaly daşyndan hümürdäp gepläp aýtdy. Emma aňňalak gapdyragan şeýtan-lagnanyň dünýäde bilmeýän zady barmy? Geçenem-geljegem edil aýasynda ýaly, bar gopjak melamaty öňünden bilip dur. Bir özi bilenok-da, saňa-da başyňa düşäýmegi mümkin gowgalary duýdurýar. Ýöne tersine aýdýar haýyry – şer, şeri haýyr edip. Bulam-bujar. Her kim ondan aňsat baş çykaryp başaraýanok. Sähel öwsamyny ýüzüniň ugruna ýalňyşdyrýar. Howludan Ferzane ejesi bilen çykdy. Özlerem göni gaýtdylar Keýmiriň üstüne. Dur-da indi, durup bilseň, öňlerinde! Keýmiriň henizem durlanyp ýetişmedik gamaşyk beýnisi has-da garjaşdy, teý, öňüni-yzyny saýgaranok, dyzlaryndan ysgyn-kuwwat gaçdy, “Golumdan gelmejek pişä başymy goşmak nämäme gerekdi, eden işime müň puşeýman! Gülýaka Ferzaneniň döşüni bezärmikä öýdüpdim, gülýakadaky sugun bolsa, mähnet şahlaryny öz döşüme diräp, meni gapjady gerek” Dek häzir asman çöküp, ýer ýarylsa, olam girse dik başaşaklygyna. --Keýmir, ejeň öýdemi? Ýör, hany, ýanyna! – Ferzaneniň ejesi öňem azymlyrak ýalydy welin, bu gezek sesi hasam haýbatly çykdy, Keýmir ses-selemsiz, müýnli baş atdy, soňam ýüzüni ýerden galdyryp bilmedi. Öňlerine düşüp, barmasyna barýaram welin, edil bihuş adamy ýerinden turzan ýaly, aýaklaryny nirä basýanyny aňşyranok, gulaklar gapyk, beýni doňup dur, ýele galgaýan garantgaň bar-da ylla. Ýöne bu taň, iki aýakly ätmer-sätmer edip ädýän garantga diňe özüni gorkuzyp barýar. Ferzane bilen ejesi öýe – Altyntäjiň ýanyna girdiler, Keýmiriň welin girmäge aýagy çekmedi, daşarda baga ýaplanyp durdy “Başa herne gelse, çekmeden gaýry ne bar?”. Gyzly bolanam özüň bolma, ogully bolanam. Niçikmi ýetişip ugransoňlar, gursagyňda bükgüldiň artýar, sary-sadyllasyň. Öýden gykylyk-galmagalyň sesi çykanok, iki tarapam imisala düşünişýän ýaly. Oňa-da müň şükür! Sypaýy adamlar-da. Her hili ýagdaýda-da özüňi elden bermän, adamkärçiligiňi saklamak mümkin-ä şularyňky kibi. Gykylykdan ne peýda? Ferzaneniň ejesem bokurdagyna bat bermedi, Altyntäjem ör gökden gelmedi, häzir-ä parahatçylyk. Daşaryk hiç hili ses eşdilenok. O diýen kän-ä eglenmediler, birsalymdanam eneli-gyz gelişleri ýaly yzlaryna çykyp gitdi. Keýmiri şol gara der basyp durşy. Öň adam öňünde beýle müzzereni ýadyna düşenok, ilki ejesi, soňundanam kaksy daşyna geçer, agalary näme diýer? Goňşy-golamlaram-a eşder. Oba ýaýrar. A Ferzaneniň kakasy näme? Keýmiriň kalbynda şeýtanyň salan gulgulasy köşeşerli däl, dowul üstüne dowul. Keýmir öz-özüne teýene edýär: “Bu lagly-Badahşanyň bahasy seniň ojagaz iki şaýylyk gülýakaňdan müň esse gymmat eken, burnuňdan geläýdi gerek”. --Keýmir, bar köçeden Eýmir barmy, Gyzyl barmy, haýsyny tapsaň çagyryp gel. Ejesi tabşyransoň Keýmir agalarynyň gözlegine çykdy, kellesine welin ylla taýak degen kibi. Nirä ýöreýänini bilenok, başyna düşen görginiň gitdigiçe bujurygy artyp barýar-a. Köçede agalary görnenok, olaryň şu mahal tapylany gowumy ýa tapylmany, Keýmir onam seljerenok. Häzir ol agyr derdiň aşagynda, özüni juda müýnli saýýar. Ýöne onuň bu eden işinde şeýle seretseň, näme ýamanlyk bar? Bir gyzy gowy görmek bolar, ilde ýok zatmy? Oňa sowgatjygam berläýende gelişmän durmaz. Ogrulyk däl, beýleki däl, puluny berip, satyn aldy, a onda bu başynda gopýan kyýamat ne? Şu çag onuň düşen gününe horlanyşyny daşyndan synlap, dözer ýalymy? “Ferzane-de ejesine aýtman, gülýakany zibile zyňyp goýberäýmeli ahbeti, muny ula ýazdyrmak nämesine gerekkä? Beýle eder öýtmändim, aý, ýaş gyz-da, haçan gören zady oglandan sowgat almak? Ýüregi ýarylandyr-da görgülijigiň. Ýa-da özi aýdan däldir-de, ejesi duýaýandyr bir usul bilen ýa uýalarynyň biri aňyp, syryny açandyr, onsoň Ferzane biçäre neýlesin? Ejesine ýalan sözlesinmi, köçeden tapdym ýa it getiripdir diýsinmi, öň adam aldap ýörmeseň, ýalanam başartmaz. Bar bela özümde, gyzda ne günä? Indi soňy nämä dirär, kakamyň öýde ýoklugam gowy, ýogsa onuň nähili tüpgen turuzjagyny näbilýäň. Bar häzir öýde ýok diýeli, bir iş bilen çykyp gitdi, ýöne öýe dolanansoň, eşder. Takdyra ten bermeden gaýry alaç galmady”. Ýoluň ol tarapyndan tirkeşip gelen agalarynyň öýe girip gidenine gözi düşen Keýmiriň galagoplugy öňküsinden hasam artdy. Eli-aýagy bile titreýär. Agalary kän eglenmän, işikden çykyp, inilerine tarap gönüläp gaýtdylar. Onuň üçin häzir urlany-ýenjileni jähennem, emma masgaraçylyga çydap bilenok, akmaklyk edip, bigünä Ferzanenem ýok güne sokanyna utanýar. Indi gyzyň gözüne neneň edip görnersiň? Näme etselerem, näme diýselerem, gaňryşlaryna gidip biljek miltiň ýok, belanyň körügi ýalňyz özünde. Tapan bu jüpüne düşmedik, tüpgen turzan bişow oýnuňda utulanyňy bilseň ýagşy. Diňe Biribaryň özünden aman dilemek galýar. Gyzyl dillendi: --Ýör hany, senem, inibatyr! Keýmir “Nirä? Näme üçin?” diýen bimany soraglary bermän, kaýyllyk bilen agalarynyň yzyna düşdi, ol soraglaryň jogabyny şeýle-de bilýär, sowal bermek nämä gerek? Beýtmek oduň üstüne ýag sepene barabar. Özleri bir gep aýtmasalar, sesiňi çykarma, günäkärmiň – başyň aşak. Öňden barýan Eýmir Ferzaneleriň işiginden girdi, birsalymdanam Ferzane bilen daşary çykdy. Keýmir başyny aşak sallap, gyzyň ýüzüne seredip bilenok. Ferzane howlynyň içinde pagsadan salnan ussahananyň daş agzyna çykarylyp goýlan alty sany küýzäni görkezdi, alyp gidäýiň diýen yşarat edip, ümledi. Doganlaryň hersi ikisini göterip, öýlerine alyp gitdi. Yzyrak galan Keýmir howludan çykyp barýarka, birden Ferzaneniň ýakasyndaky sugunly gülýaka gözi düşen ýaly boldy, eý-waý, öz bereni-le. Sugun Keýmire ýylgyryp sereden ýalam etdi ýa gözüne görnäýdimikä? Bu nähili beýle? Kelle alyp ýetişenok. Häli ejesi bilen ýanyna gelenlerinde-de ýakasynda barmydy? Mümkin. Ýöne şol ýagdaýda Keýmiriň gözüne zat görünjekmi? Häzirem tötänden nazaryna iläýdi, göz ujundan. Beýni bolan waka doly düşünip ýetişenok. Nädip ýetişsin, otdan alyp suwa ursaň? Nämäniň nämeligine akyl ýetirmek üçin biraz wagt gerek. Ýogsa düşnükli-le, eger gülýakany dakyndymy, onda hiç hili başagaýlyk ýok, bar zat ýerbe-ýer. Bar, şeýle ekenem diýeli, a onda bu küýzeler näme? Ferzane bilen ejesi Keýmirlere näme diýip gaýtdy? Belki-de, düýpden başga mesele bilen gelendirler. “Wah, gury ýere ýüregimi elime alypdyryn, aljyrap. Gaýa-da, gopuzam ýoga meňzeýär. Oglanlyk edip, dowla düşüpdirin”. Keýmiriň ot kibi lowlan ýüregine sowuklyk aralaşdy, arkasyna azajyk şemal çaldy, öýlerine girip, assa-ýuwaş osmakladyp, bar zadyň anygyna ýetdi, uludan bir demini aldy, indi gerşinden agyr dag düşürilen deý. Bolan iş şeýle, asyl Ferzaneniň ejesi Keýmiriň eden sowgadyna gyzy bilen deň begenipdir. Eger syryny ynanyp, aýdýan bolsa, gyzy öz ejesiniň ýagdaýyny beletdirdir-dä. Içki syryny aýdyşýan eneli-gyz kän-ä. Ejesem edeplije çaga diýip, Keýmire daşyndan guwanyp ýördi, gyzynyň günde-günaşa ol barada aýdýan ýakymly sözlerem üstesine. Ferzaneniň ejesi bilen kakalarynyň arasynda bir gepleşiklerem bar eken, goňşulary Hojanepes batyryň maşgalasynda alty çaga bar, yrym üçin hersine bir küýze sowgat ýadygärlik bersek, heran-haçan bizi ýatlasalar diýip. Altyntäje-de baryp şol matlabyny aýdypdyr: --Dört ogluňyzam öýerersiňiz, enşallah, her gelniňe bir küýze, iki gyzyň hersine-de biri, biziň maşgalamyzdan sowgat. Alyntäç begendi, ýöne garşy çykdy: --Taňryýalkasyn, ýöne bahajygy bilen berseňiz. --Sowgatda baha bolýan däldir, goňşy. Siz bize ekiz owlakly geçi bereňizde puluny aldyňyzmy? Biziňkem tüýs ýürekden. Nesip bolsa yzymyzdan uruş ýatdy habar gelse, öýmüze dolanýarys. Bardygymyz biziňem toýumyz bar, uly gyzymyzy durmuşa çykarýarys, sizem çagyrarys, baryň hökman. --Nesibedir, oň bolsun, toýçulyk bolsun! Ýöne biziňkilerem ýola şaýlanýarlar, Watanymyza tarap süýşmeli. Birden toýa baryp bilmesek, düşünersiňiz-dä ýagdaýymyza. --Aý, edil häzir göçülip barýan zat ýok, görübiris, onda ogullaryňy ugrat, küýzeler taýýar durandyr, alyp gaýtsynlar, garaz, agyrrakdyram welin, erkek oglanlar göterip biler... Ine, hemme zat asmandan bulut syrylyp, Aý dogan ýaly aýdyňlaşdy. Diňe gülýakaly gürrüň peçan bolman galdy, ýaňy sowgatly gürrüň çykanda-da, agzalaýjak ýalydy, ýok ol bussur-ýassyr edilmedi, tersine Ferzane ony döşüne dakyndy, gülýaka-da lowurdap dur. Gep-gürrüň haçanda kimdir biri çykarasy gelende tokaýa ot düşüşi deý ýaýraýar. Adamyna bagly-da. Keýmir oýlanýar: “Döşe dakylan gülýakadan many alyp bilseň, men taýýar diýdigi, ejesiniň, uýalarynyň, jigisiniň, kakasynyň gözüniň alnynda, arkaýyn döşüne dakyp gezip bilse, özüne ynamy boldugy, dur-da yzynda durup bilseň. Wysal ykrary dillerimizden-ä alynmady, ýöne gözlerimiz welin bolýar-bolýar edişdiler. Ferzane ikimiziň söz wadamyz bolmasa-da, göz wadamyz-a bar. Heran-haçan müýnsüz bir-biregimiziň gözüniň-garaçygymyzyň içine dogry seredip bileris”. Edil ýaňjady eden işine müň puşman kylyp, başyny aşak salyp, melleklerinde ekilen zagpyran deý saralyp-solup, janyndan geçip oturany. Üstünden gara duman sowlansoň, nowjuwan ýürek ýene saýlap-seçen näzenin gyzynyň adyny dilde sena eýläp, gürs-gürs urup ugrady: --Ferzane jan lagly-Badahşan! Şirin güftar Ferzane! Ferzane –bagy-Erem gülşeni! Işigimi açyp-ýapanyny görsem-de, arman, bagtyň özüni ine-gana görüp ýetişmedim. Diri aýralyga uçradym. Indi galan ömrüme Ferzane lagly Badahşany ýekeje gezek görüp bilsemem, ýüregimde arman galmaz. On iki ýaş – bir müçe, her müçeden soň adamyň durmuşy bir gez beýge galýar, öňe süýşýär, düşünjesi artýar. Keýmir özünde gepleşen mahaly ýeri gelse, ur-tut suňşuryp bilme ukybyny duýdy, bu gowy zat, ýöne suňşurmagyň hatyrasyna ýalňyşaýmagyňam ahmal. Soň şol ýalňyş gepiň aşagyndan çykjak bolup, örtenip ýörmän, aýtjak sözüňi ilki aňyňda durlap aýtmaly diýen karara geldi, indi onuň goýazylanýanlygy mese mälim. Bu – on iki ýaşyň alamaty. Alnyndan süýjem çykýar, ajam. On iki ýaşap, Keýmir diňe namaz okamaga başlamady. Ol ilkinji göwün beren gyzyndan aýra düşdi, bu jydalyk – ömrüň soňuna deňiç tükenmejek agy. Ýöne ol şu on iki ýaşda ata Watanyna tarap ilkinji ädimlerini ädip, ýola düşdi, ýollar oňa gutly bolsun! • Buhar sugunynyň şahy düşende Kiçeňräk süri bolup gezýän uzyn aýakly, kelte guýruky, gulaklary hüşgärliginden eýläk-beýläk, dumly-duşa aňsat hereketlenip, howatyrly diňşirgenýän, uz-owadan, irimçik tüýüni ýylda bir çalyşýan, näzik sütükli çal buhar sugunynyň (oňa hangul hem diýilýär) beýikligi tas bir arşyn ýa iki geze ýeteňkirleýän şaha-şaha, hatja-hatja dört sany hüwjerip, iç-içinden çykyp duran kaşaň-peşeneli şahy bar, ylla, başyna haýbatly ýyldyrymy täç edinip, geýen şasuwar kibi. Dag uçudyndan keýpihon özüni başaşak goýberip, şahlarynyň üstüne dik düşüp, hol beýläk tomalanyp gidip, ýene şol barşyna turup, ylgap, gidip bilýär. Gaplaň-ýolbars kowalasa-da, uçutdan aşak şahynyň üstüne böküp, gaçyp, aman galýar, şahlary – sugunlaryň halasgäri, zerur çagy ýaragy. Ir baharda ene sugunlar-a ýalky ýa-da ekiz sugunça guzlaýar, urkaçylarynyňky (gepiň gerdişine görä aýtsak, towşanyň, keýigiň, sugunyň, ýolbarsyň urkaçylaryna maral diýilýär), bilen deň erkekleriniňem ýylda düýbünden mähnet şahy düşýär, sugunlaryň şahy düşüberse, diýmek, ýazyň ilkinji aýynyň geldigi. Soň aşagyndan täzesi dömüp-çykyp başlaýar. Eger suguny güle meňzetsek, şahlary – asmana ýaýran kökleri, ol daglaryň çür depesinde-gullasynda bitip, bulutlardan nem alýar. Eger baga meňzetsek, depesinde jeňňel tutan tokaýy. Eger şahlaryny täje meňzetsek, onda sugun tebigatyň patyşasy. Eger haýwanat dünýäsiniň şasy şir-peleň dälmidir näme diýsek, onda hany ýolbarsyň başyndaky täji? Iň haýbatly belent täç welin sugunda bar. Galamasynam özüňiz görüberiň. Tekeleriň hany Döwletmämmet Düýegözüň ýörite tabşyrygy boýunça, Hojanepes batyr nökerleri bilen Owganystanyň dürli welaýatlaryna ýaýran türkmenleriň üstüne aýlanyp, baştutanlary-hanlary bilen ýüzbe-ýüz duşuşyp, ata Watana tarap ýola düşülmeli möhletiň golaýlanlygyny, jemlenişmeli ýeri, wagtyny belleşip gaýtdy, birin-birin eketme-nokadyna çenli: --Gelnen karar şeýle – sag-aman üstümizdäki gyş çykyp, buhar sugunynyň şahy düşende Badahşan daglarynyň etegine jemlenişip, dag ötüginden – Sugunötükden bar goşumyzy ýüklenip, mal-garalarymyzy sürüp, başybitin gaýralygyna aşmaly. Ebri-neýsanda – baharyň ikinji aýynyň bulutly güni Garşy düzlügine tarap ugramaly, ýüz ýyl bäri Nurgarabaýyr dagynda ýaşap ýören garyndaşlarymyzam öňden wadalaşyşymyza görä, bize şol töwereklerde garaşýarlar, olaram Buhara tarap süýşmäge taýýardyklary barada habar gönderipdirler, olary görmänimize üç ýüz ýyl geçdi, Hudaý halap, ugruna etse, Garşyda jemlenişip-bileleşip, Buhara tarap ýöremeli! Buharanyň hany Aştarhanlar bilenem deslapky ylalaşygymyz bar. Bizi kabul etjekler. Soňrakysynam soň görübereris. Asgynjaklara-ulagsyzlara ulag beriň, açlary doýuryň, bir-birege goltgyňyzy ýetiriň, bu ýolda hassa-ejize meňki-seňki gürrüň bolmaly däl, agzybirlik bilen süýşmeli, aýal-ebtatlary, çagalary, garry-gurtulary gözden salmaň. Göçüň öňündenem-yzyndanam atly-ýaragly jigitler ýöresin, hem-ä gorag üçin, hemem ýekäň galman, tükel gaýtmagyňyz üçin. Nirä barýanyňyz soralsa-da, “Ýazlaga” diýiň. Göçeniňizi ýel bilsin, gonanyňyzy gol. Şu aýdanlarymyň hemmesi külli tekäniň hany Döwletmämet Düýegözüň adyndandyr! Maksadymyzam Watana gowuşmakdyr! Aslynda-ha, Owgan Türküstany, ýagny Gunduz welaýaty, merkezi Gunduz şäheri, Balh welaýaty, merkezi Mazaryşerif şäheri, Jöwüljan welaýaty, merkezi Şybyrgan şäheri, Badhyz, Sarýap welaýatlaram gadymy oguzlaryň Watany, öz topragymyz. Indiki barjak ýerleri Hywa-da öz gadymy ýurtlary, emma ýürek Garagumy küýseýär. Garagum diýen söz ýüregim diýen ýaly eşidilýär. Dogrusyny aýtsaň, barlygyn-a häzirki saýlanlaryndan has gysga-amatly-göni ýolam bar, Jowuljan welaýatynyň serhetinden göni gaýrak geçibermeli, emma Badahşan daglarynyň aýlawly, uzyn, kötel ýolundan gidilmekden edilen hasap mundag, birinjiden-ä, çöpe-çöre siňip, birgiden welaýatlara ýaýrap giden türkmen tire-uruglaryň jemlenişmegi üçin görer gözden sowa-ümsümräk aralygrak ýer, ikinjiden, çarwa halk ýöne ýöräp gidäýman, ýüzugra mallarynam bakmaly, mal bakyp ýöreseň, bir günde geçjek ýoluňy bir aýda almaly, şu ýolda, dagyň gaýrasynda öri meýdany kän, “Hem-ä daýymlara barýan, hem atyma baş öwredýän” diýildigi, üstesine mallardan döl alynýan döwre-de gabat gelýär, gyrkymam bar, içi pis agýarlaram barýan ugruňy, niýetiňi aňmaly däl. Öňüň ýaz-nowruz – durşuna ýagyn-guýun, çadyrlaryňy-çertekleriňi bütew ýamap-dikläp goýmaly. Göçe-göçlügiň ýagdaýyny awaralyk edip ýören halk indi görmeli däl, üç ýüz ýyl bäri bar görýänleri halt-halt, ýörhä-ýör, iki göç – bir talaň. Garaz, şu karara gelnende hemme ýagdaýlar-şertler birkemsiz göz öňüne tutulan, hasaba alnan. Indi barmaly ýerleri Buhara hanlygynyňam, Hywa hanlygynyňam häzirki ýagdaýy öňünden ýörite adamlar gidip, öwrenilip gelindi. Döwletmämmet Düýegöz han “Ýalňyşmaýan-a adam bolmaz, ýöne şu ýolda hata göýbermek bagyşlanmasyz günä, ýolumyzyň ýagdaýyny mazaly öwrenmän, ýalňyşyp, milletimizi gyrgyna berip bilmeris, ýedi ölçäp, bir keseris” diýdi. Sözüni-teklibini diňläp oturanlaryňam birdir-ýarym soraglary, aýdan-diýenleri bolsa, Hojanepes pälwan hälä galdyrman, gyzgyny bilen ýeke-ýeke düşünişip otyr: --Köpçülik diýeniň hil-hil, nirä gitmeli, näme üçin barylýar, düşünýänem bar, arasynda ýek-tük düşünmeýänem, gelnen karary dolulygy bilen olara ýetirmek siziň borjuňyz. Keýik garamygynda – ýazyň ikinji aýynyň on ikinji güni “Desse astynda ýatman” ýagyşy diňensoň, kybladaky toraňňy jeňňelinden ullakan tütün çykar. Her tiräniň, obanyň baştutany tütün çykan ýerde gurlan uzyn çadyra üýşmeli, aňrynyň uly geňeşi şol ýygnanyşykda ediljekdir! Meniň deslapky aýdýanlarym – häki bir “Hamyr ujundan petir” diýilýäni. Ediljek-goýuljaklaryň gürrüňi aňryda doly eşitdiriljek, siziň bilen gaýtadan bişiriljek, çig ýeri galmaz. Diňe şondan soň belli karara gelnip, bir çukura tüýkürişiler. Döwletli teklibiňiz bar bolsa, sizem taýýarlanyp baryň, çekinmän aýdyberiň. Düýegöz han diňlemegi-geňeşmegi gowy görýär. Ýaşuly maslahatsyz iş başlanok. Köpüň akylam, köpüň güýjem – köl. Watan ýolunda bize ýalňyşlyk goýbermek aşagyndan çykylmajak günä. Hemme zat ozalynda göz öňünde tutuluşy kibi birýanuçdan amala aşyp ugrady, gopjular düwlüp, goşly gülberler arka daňlyp, kem-kemden belleşilen ýere – Garşy welaýatyna tarap süýşýp ugradylar, assa-ýuwaş, dähedem-dessem. Şeýdip, gyrmyldanam, garaz, ýol aşýar. Atlar, arabalar, düýeler, eşekler gatnaberdi zygyr-zygyr ikiýan, çekýär goşy, eltip, ýene yza dolanýar. Gartnja gara günde – öňden gidenler öýleri-çadyrlary dikýär, bärden baranlar odun-çöplerini düşürýär, azyk-owkadyň bary bilen bazar eýlenýär. Yzan-çuwan däl, hemmeler öwrenişikli, okadylan ýaly, bu ýagdaýyň keýpini bilen üçin-ä özüçe lezzetem bar, oňa ýol güýdenler beletdir, üýşüp, dynç almaga daga sapar eden ýaly. Düşleýärler. Ýatýaň-turýaň. Ýene öňe! Muňa türkmen göçi diýilýär. Ynha, ýagyş jybarlap dur, mylaýym howa ýüzüňe urýar, dag ýollaryna göwnüň göterilýär. Kükregiňi ýylydýan sözler içiňden gaýtalanyp dur. Nirä barýaň? – Ýazlaga! Ýazlagyň nirede? Ýazlagymam-gyşlagymam Watanda, Diýara barýan! Menzilleriň içinde eziz Diýaryňa eltýäninden gowusy ýokdur, edil Käbeýhana haja barýan ýol ýalydyr, mukaddesdir! Alyslara sapara gitmek gowy zat, ýöne sag-aman öz tünegiňe-garypja çatmaňa dolanmak – bagt! Bagtlaryňam iň ulusy! Diline düşünseň, tebigaty misli kitap ýaly açyp, sahypasyny waraklap-agdaryp, setirme-setir, sözme-söz okap oturmaly. Il içinde synçy kişiler kän, olar “Şu gün – baharyň ikinji aýynyň ony, görüň-de duruberiň, agşam Aý, ynha, hökman lälemeňiz reňkde dogar” diýdiler. Keýmirem bu geň-taňlygy näler görjekden, nähili bolýanyny jan-dilden bilesi gelýär “Lälemeňiz diýýänleri gülgün reňk bolýar, sary Aý nädip gülgünä öwrülýärkä? Bu her ýyl gaýtalanýan bolsa, öň görmeşimi diýsene!” Ol häli-şindi çadyrdan daşaryk çykýar, asmana seredýär, gaýta-gaýta, emma gabal-gabal bulutlar etegi bilen Aýyň öňüni örtýar, hut, ant içen ýaly, eger-eger bir çetjagazyny dagysynam görkezenok. “Açylar-la” diýip garaşýar, bir bulut gitse, ikinjisi gelýär, ikinjisi gitse, üçünjisi. Ýogsa günbatardan ösýän pasyrdawuk ýelem şu bela jan edýär, Aýyň ýüzüni tutýan bulutlary kowjak bolup, ýöne ebri-leşgeriň aňrysy bol, çogup ýatyr. Hawa, biz asmany tükeniksiz giňdir hasap etsek-de, onuňam göwrüminiň ölçegi bar ýaly, honha bulutlar sygman-ýerleşmän çogşup durlar. Porhan bahar-da! Keýmir gijäniň ýaryna deňiç, tä ýerine geçip, ýatynça erjellik etdi, bikakar garaşdy, içindenem bir zada gaty geň galdy, Aýyň lälemeňiz reňkde dogjagyny ejesem, kakasam, doganlaram, başgalaram eşitdi, emma olaryň piňlerine-de däl, hiçisi oda-köze düşüp baranok, hersi öz işi bilen mübtela, juda arkaýyn, bu mugjyza diňe Keýmiriň bir özüne gerek ýaly hamala. Arman, Aý welin görünmedi. Tä daňdana çen ýyldyrymlar ot gorsap, gök gürledi, ýaldyrt-ýuldurt, güpür-güpür. Ertekilere çalymdaş şeýle jadyly gijeleriň ukusam agyr, agyrdan gelenem süýji. Irden oýanyp, daşaryk çykyp görse bulutlar syrylypdyr, ýelem düýnkisindenem beter pasyrdap dur “Aýyň öňünden bulutlary kowan men-dä” diýip, öwünýän deý. Nirededir bir ýerlerde bolsa buhar sugunlary şahlaryny çarşaga öwrüp, bulut petdelerini başga bir ýere oklap, asmany arassalan ýaly. Megerem, çarşagam buhar sugunynyň çar şahyna meňzedilip, ýasalandyr, çarşak – çar şah. Sadagasy gitdigim, Aýam balkyldap-lowurdap, halkalanyp dur, edil açylan bägül kimin, gülgüne öwüsýär. Daşyndaky mese-mälim tegelenip duran halkanyň reňki, dogrudanam, lälemeňiz eken. Ertir namazyny okandan soňam Keýmir Aýy synlady, tä batynça, ýöne ony nämä meňzetjegini bilmedi, güle meňzeýär diýse, haýsy güle deňejegini duýmady. Öňler Zeminem Aý ýaly, Gün ýaly, ýyldyzlar ýaly yşykly-şöhleli eken, oňa adamzat ýaýrandan soň Ýeriň yşygy ynsanlaryň gursagyna paýlanypdyr, biziň yşk diýýänimiz Zeminiň şol öňki şuglasy-yşygy! Ine, birden Aýyň edil öňünde ýaşajyk maral sugun peýda bolaýdy, ýaşasa ýaňy iki ýaşandyr. Gözüňe söweýin, depesinde belent dalbar tutup giden – tokaý-jeňňel, kümüş buýnuzly, buýnuzdan jygaly buhar suguny! Hakykatdanam, depesindäki şahalara ýaprak bitse, jeňňele öwrüljek. Eýjejik-enaýy-owadan. Gülgün agylly Aý, çal maral sugun, Keýmir üçüsi – bir sapaga düzlen monjuk ýaly, aralaram juda ýakyn. Gülgün Aý – gülgün gülýaka, Aýyň şuglasyna maral sugunam gülgün öwüsýär. Keýmir ikiýaşar maral sugunyň gözlerini ýanynda ýaly görüp dur, ah-ow, ol gözler Ferzaneniňki deýin-le. Hawa, aýny şonuň nerkes gözleri! Gülgün Aý bilen gabat öňünde duran çal buhar suguny üýtgeşiksiz Keýmiriň sowgat beren gülýakasy. Bir gudrat bilen gülýaka jan girip, häzir öz öňüne gelen kimin. Ýa Ferzane jadygöýkik eýläp, şu suguna öwrülip, onuň bilen hoşlaşmaga geläýdimikä? Özi gelip bilmän, tenha gülýakasyny görkezäýdimikä? Hawa, sugun ýyldyrymy başyna geýipdir diýdik. Ýyldyrym – söýgüniň suraty! Eger, hakykatdanam, şeýle bolsa, onda ol ýyldyrym yşk ýyldyrymydyr! Söýgi – uçutdan özüni aşak oklan sugun! Ynsanlaryň kalbynda-da yşk buhar sugunynyň şahy kimin kök urýandyr, onsoň ýüregiňden yşkyň hatja-hatja köküni nädip sogrup aýrarsyň? Ýüregiň bilen gopup, ikisem bile deň eliňe geläýmezmi? Şonuň üçin aşyk-magşuklaryň aýralygyny ölüme-ajala deňeýärler. Pelek welin –binurbat! Ýary-ýaranlary aýra salyp, diriligine öldürýär. Maral sugun ýaňky duran ýerinde mähnet şahyny düşürip gidipdir, Keýmir sugun buýnuzyny alyp gaýtdy, ol ömri boýy nirede ýaşasa-da, öýüniň bosagasynda bu kümüş jygany asyp goýar, gelende Ferzane jan lagly Badahşana gözi düşer, ýola düşse, hoşlaşar. Ölende, mazarynyň başujunda goýmagy sargyt eder. Bu ýagdaýa tötänlikdir diýer ýalymy? Bar, tötänden duşanam eken-dä, onuň gülýaka deý Aýyň öňüne gelip, butnaman durşuna näme diýjek? Iki gözem Keýmirde, tazygyp, gaçaýyn dagam diýenok. Dideleriniň meňzeşligi... aý, tötänlik-ä diýip bilmersiň. Sugunly bu ahwalatda bir mugjyza bar. Ferzaneler Antguýyny taşlap, Hyrada giden günleri, Keýmir obada ýokdy, ahmal galypdy, ine, indi gyz suguna öwrülip, allaýarlaşmaga geläýipdir. Onuň kellesine her dürli pikir gelýär: “Bähram Gury ýedigat asmana galdyran jadyly sugun indi meni Ferzaneniň ýanyna äkidäýjekmikä, arkasynda uçuryp? Ýa ondan bir hoş habar getirdimikä? Diliň bolsa, sözle, sugun!” Sugun janawar gepläp bilýärmi näme? Başarsa, geplejek. Belki, Ferzaneden habaram getirendir. Ýok, geplänok diýmeli däl, gözleri gepläp dur-a. Keýmiriň nazary şol gözlere düşdi, manysyna doly düşünip bilenok, emma ömri boýy şol bakyşlary göz öňüne getirip, olardan many ogurlar. Hojanepes batyrlaryň maşgalasam maly-garasy bilen beýleki taýpadaşlary ýaly şu gün Badahşan dagynyň gaýra ýüzüne aşmaly. Hemmeleriň baýramçylyk keýpi ýüz-gözlerinden aňdyrýar, misli tapan-tupanjalary bilen bezenip-beslenip, uzak ýola toýa gidýän ýaly. Tüňçeleri tizräk gaýnatjak bolup, odun köküni taşlap duran Altyntäjiň howlugaýşyny! Öňürti Gyzyl bilen Eýmire ertirlik berip, mallaryň üstüne ugratmaly, beýlekiler şolardan soň çaý-suw içselerem bolar. Her kimiň aladasy ýetik, Keýmir bilen jigileriniňkem. Nobatyň boýunça Sugunötükden geçmäge häzir bolup durmaly. Hemme hereketler öňden biçilişi ýaly edilýär. Keýmir bir seretse, dalmynyp duran lälemeňiz Aýam ýok, dilnowaz sugunam. Keýmir – ok, sugun – aw, Aý – nyşana. Emma Keýmiriň bir gözi ok atýan awçynyňky kibi ýumugam bolsa, atmak, nyşanany urmek pikiri asla ýok. Pelek awlamaga beýlede dursun, olary biri-birlerini hatda ezizlemäge-söýmäge-de rowa görmedi. “Gözlerime görnäýdimikä ýa? Ikisem edil ýa asmana uçan dek, ýa ýere giren dek. Olary öň ýitirenim azmy nä? Sugunyň sähel salymlyk alnyma geçip, dessine-de gözden gaýyp bolşy biziň Ferzane bilen az mahallyk tanyşlygymyzy ýatlatmaýarmy? Depäme gonan bagtym elime gelmänkä geçmişime gitdi, onuň ýadyňda galýanam bir gowy zat, islän çagyň suratyny ýadyňda-hakydaňda görüp oturmaly. Badahşan daglary magdana baý diýýärler, mundan köwläp, gymmatbaha laglam tapýarmyşlar. Men welin Badahşanda gyzyl laglymy ýitirdim. Eý, Badahşan, menden näme ýamanlyk gördüň? Ýa maňa ýekeje-ýalňyz Ferzane lagly Badahşany dözmediňmi, kän gördüňmi, hany seniň sahabatyň, Badahşan?” Deprenip, Badahşan dagyna adamzadyň dili bitdi: “Dag bolsam-da, binurbat Pelegiň alnynda biçäre-binowa men. Men saňa lagly-şekerbarymy-ýakudymy eçildim, ony Pelek aldy goluňdan, bar tut şonuň ýakasyndan ebşitläp! Ferzanemi tap diýip, Pelege döw nagaraňy! Dawagäriň men emes”. Keýmiriň bu depesi dört buýnuzly suguny synlany bary-ýogy sähelçe salymam welin, eýýäm oňa owadan adam dakyp ýetişdi – Ferzane! Onuň kalbynyň töründe gyz bilen sugunyň gözleri bitewileşdi. Ikisiniň atlaryny-ha özi bire getirdi – ikisem Ferzane. Ýok, Ferzane jan lagly Badahşan! Sugunda tenha Ferzaneniň şirin güftary ýok, gepläp bilenok, ýöne gözleri bilen örän düşnükli gepläp dur-a. Ferzaneniň dil bilen diýjegini gözi bilen anyk aýdyp gitdi, özi-de bir ýa iki söz däl, köp zat – tutuş bir yşky diwan aýdyp gitdi, näme diýenini ýormak üçin kän wagt gerek, sözünden şerhi uzyn, ýuwaş-ýuwaşdan waraklanyp, açylar barar, kitap kimin. Söz gutarsa-da, göz gutarmaýar! Manynyň içinde ýene manyly maňzy bar, iç-içinden çykýar. Eger ol muhabbetiň manysy bolsa-ha, onda ol hiç mahalam gutarmaýar, şol güberçekläp, aşakdan dömüp durýar. Sugunyň gözlerinden Ferzaneni gördi, Ferzaneni ýatlanynda-da onuň gözünden suguny görer. Ferzane bilen sugun – bir-biregiň aýnasy. Ýyllar geçdigi saýy Ferzaneniň gözleri bilen sugunyňkyny bir-birinden parhlandyrybam bilmez. Wadaryg, Ferzane gidip, ýerine buhar suguny geldi, sugunam gidip, indi öňde diňe Buhara hanlygy galdy. Buharadan soň ýene näme barka? Maňlaýda näme ýazgyt bar bolsa, görübermelidir, ondan çykyp gitme ýok. Çynma-Çyndan uzan iki şaha – Owganystandan gelenler Nurgarabaýyr daglary tarapdan gelenler bilen Garşynyň Gissar gerişleri bilen Sandykly çölüniň arasynda ýerleşýän topursow Karnapçöl sährasynda aňrysy görünmeýän ýylakly-gyrtyçly meýdanda bir-biregi gujak açyp, garşylamaly. Daşyndan gelen synçy bolýar, derrew niräniň nireligini öwrenip ugradylar. Yssy, gurak çölüň içinden gündogardan günbatarlygyna Kaşkaderýa akýar. Daşlyk, şorlan ýerlerem, takyrlaram bar. Buharanyň, Güzeriň toýunsow ýollary şu ýerden geçýär. Ekýän ekinlerem, esasan, gowaça, temmäki, şaly. Guragam welin, mallary güýmäre ýer bar, tamşanyp ýörler. Hawa, üç asyrlap aýra düşen kowumdaşlar, ine, şol ýerde sag-aman duşuşdylar, birleşdiler. Ylla iki süri garylyp-gatylan ýaly. Kim aglaýar, kim gülýär, kim saýraýar, kimiň dili tutulýar. Adam ogly gynananda-da, begenende-de gözünden ýaşyny sarkdyryp dökýär. Jyda düşen iki adam köp ýyllardan sataşanda, şatlygyna çydap-dözüp bolarmy? Häzir-ä ýüz müňlerçe adam bir-birege gowuşdy. Ala zenzele-gowur-şowhun. Gözýaşlar sile döndi, şaglap gaýtdy depeden dabana çenli. Duşuşdylar, görüşdiler, tanyşdylar, dogan-garyndaş çykdylar. --Kimlerdensiň? --Pylanylardan. --Wah, olar biziňem aramyzda bar. --Sen kimlerden? --Menem pylanylardan. --Biziňkilerem kileň şolar-da. Bir-biregiňi tiräňden-kowmuňdan tanaýmasaň, dagy ne alaç etjek, başga üýtgeşik bir göze dürtülip duran alamat, tutaryk-delil, şejere depderi galmandyr, tirkeş guran ýyllar yzlary ýedi ýuwlan ak esgi bilen sürtäp-gyrdap, öçüripdir, olaryň egnindäki geýim-gejimlerem, hatda, sözleýän dillerem birneme tapawut edýär, aň etseň, duýup oturmaly parhyny. Başdan geçenleri beýan eýläp, gijesi-gündizi aýdyşyp gutarar ýaly däl, dile tüý bitse-de, tükenmez, üç asyrlyk külpetli sergezdançylyk ýatyr arada keserilip. Kül dökülmedik ýer galdymy bu yklymlarda? Häzirki duşuşykdan soňam olar bal güne bataýanok. Şindem Watana zar. Agsak Temir olara iň agyr jezany berdi – Watandan jyda eýledi, adam üçin Watan iň uly mukaddes düşünjeleriň biri. Bularyň Watany welin ellerinden alnan, ýok. Gaýtmyşym!!! Ýok, bar-bar-bar! Ýüreklerinde, arzuwlarynda, umytlarynda. Ýöne ýüreklerindäki Watana ýetmek üçin ýene nijeme ýyllar, nijeme menzil ýollar geçmeli. Düýp goşa ýetmek-ä däl, oňa tarap bir ädim golaýlamagam, onuň haýsy tarapdalygyny bilip, şol ýana seretmegem, ol barada ýekeje söz, ýekeje habar eşitmegem bagt. Ah, näsini aýdýarys, hiç-ýok, ýöne hyýalyňa getireniňde göwün guşuň galkmaýarmy arşa-perşe-kürse? “Çöken ördek ýer alar” diýip, bir ýere çöküp, eýe çykanyň bilen ol mesgen Watan bolaýanok. Ýogsa tekelere şu uzak ýolda ýerem berdiler, suwam, ýaşadylaram – ýykma-ýykylma, bir ýyl däl, iki ýyl däl, ýüz ýyl, üç ýüz ýyl. Emma iki barmak maňlaýyňa Hudaý tarapyn ýazlan öz düýp Watanyňça ýok. Öňi-soňy sen öz ata-baba topragyň bir gysym gumuna zarsyň, süýegiň galdyrap, jigeriň syzlap durandyr. Garagum kimler üçin çaňap-tozap ýatan çöl – kimler üçinem sekiz jennetiň Ferdöwsi aglasy. Hudaý ýoluna sadaka berildi, aş döküldi, agzybirlikde goçakdan-goçak toý tutuldy, gezek-gezegine ökdeden-ökde bagşy aýtdyryldy, uly-uly baýraklar goýlup, göreş tutuldy, at-düýe çapdyryldy, it uruşdyryldy, goç süsüşdirildi, birek-birege gowuşmagam ýeriň üstündäki behişdiň – Watana gowuşmagyň bir görnüşi-dä! Herkime-de belli – watandaş diýen sözem Watan sözünden ýasalan. Ýat ýurtda ýeke-ýalňyz galyp, iliniň dagyny çekip görenler bilýändir, aňry gitse, on-ýigrimi gün, bir aý-kyrk gün. Hernäçe mes ýaşaý, janyňa jaý tapmarsyň, ýüregiň howlar, öz ene diliňi eşdesiň geler. Ine, birdenem bagtyň işläp, tötänden nirdedir-bir ýerde öz milletiňden kimdir birine sataşarsyň, milli eşikli, tanşyňam däl, garyndaşyňam. Öňden ýeke gezegem görmedik jemendäň bir jady bilen gözüň öňünde jana-jan dogana öwrüler. Perişde gören ýaly, baryp elini gysasyň, gujaklasyň geler, hal-ýagdaý aýdyşarsyň, uludan demiňi alyp, ýürekden ynjalarsyň. Bular welin indi üç asyrlap görüşmedik köki bir dogan-gardaşlar. Iki tarapdan saýlanan jemi on adamdan ybarat wekiller topary Döwletmämmet Düýegözüň hut öz ýolbaşçylygynda Buhara hanynyň köşküne ýola düşdüler. Mesele – tekeler Buhara hanlygynyň düzümine girmek hakda, ýer-suw hakda, hem gaýry şertler hakda. Buhara hanyna bu ugurdan öňem ýüzleýräk duýdurylypdy, bu saparda welin hemme ýagdaýlary anyk düşünişmeli. “Musulmanlar başda gepleşende utanyp, soňundan gygyryşyp-sögüşmeni hiç zatça bilenok” diýleni etmeli däl. “Soňundan aýtjagyňy öňünden aýt” diýilýän ýer – ine, şu! Beýle ýagdaýda wekiller nähili adamlardan saýlanylýar? Elbet-de abraýly-sylagly adamlardan! Ýöne hanyň, emiriň, patyşanyň huzuryna barlanda abraý-sylag ýeterlik däl, her hili ýagdaýda-da gepiňi düşündirip bilmeli, agzyňy suw alan ýaly dymyp durjak bolsaň, ol ýerde seniň körüň ýok, özem iň degerli sözi, gaňryşyna gaýdyp bolmajak delili-çykalgany tapmaly, gepläniňde ugruny-ýoluny bilibem, hä berdirmeli. Aýdýanlaryňda ýekeje artygam-kemem söz bolmaly däl, hana gözüň düşenden aýagyň tibirdäp, ýüzüňi galdyryp bilmän, köwşüň burnuna seredip dursaň, onuň ýaly ýere baranyňdan barmanyň müň paý ýeg. “Şa ýanynda dogry basar” diýilýän, hökümdaryň göni bäbeneginiň içine seredip bilýän, polatdan ýasalan ýaly kişiler saýlanýar. Keýmir babasyna näçe gysmyljyrasa-da, Döwletmämmet agtygyny bu topara goşmady: --Bu gezekki saparymyz seniň çeniňde-çakyňdan ýokarda, guzym! Buhar hany ters düşüner, daşyndan diýmese-de, içinden “Ylalaşygy oglan-oýunjaga öwürdiňiz” diýer. Onuň seni tanamagy üçin entek biraz wagt gerek. --Ýolda-yzda çaý-suw hyzmatyňyza-ha ýararyn. Geregim çykmagam mümkin, baba! Emma agtygyň ol hyzmatam, arman, babasy Döwletmämmet Düýegöz han tarapyndan kän bir zerur hasaplanmady, Keýmir içinden “Hyzmatkärlige-de geçmedim-ow” diýip, özüniň oňlanmanyna biraz gynandy, kemsindi. “Oglan howlugar, tudana wagtynda bişere” bardy. Hakykatdanam, herki işler öz müddetine ýetende bitýär, amala aşýar, herki zada öz üstünden barlanda dogry düşünilýär. Hernäçe ýüregiňi eliňe al-aý, aýny zamanyna garaşmadan başga hiç çäre ýok, çünki, durmuş wagt bilen deň ädip, wagt bilen bile ýöreýär. Wagt – durmuşyň tizligi! Senem şol durmuş diýilýände ýaşajak bolsaň, wagt bilen – heňňam bilen yjajaşykly hereket etmäni, esgerler kibi döwre aýak goşmany başarmaly, ýogsa, bulam-bujarlyk başlanýar, kelebiň ujy ýitýär, öňi-soňy aýlanýar-dolanýar-da, şol diýilýän wagta çekýär. Wagty ýetensoň hezil – wakalar göz açyp-ýumasy salymda amala aşyberýär, isleseň-islemeseňem, derýanyň burguny deý, öz içine dolap dykýar, ýuwdýar. Wagtdan uly, şondan ýokarda ýuwdarha barmyka, heý? Keýmirem näme, häzir ýanlary bilen alyp gitmeseler, gitmesinler, bahbide çeksin, ondan galan wagt maý tapan mahaly ulularyň arasyna goşulyp ýör. Birde öwrenýär, ikide öwrenýär, üçde öwredýär, halatlyja çaga-da! Garaz, köpçüligiň nazarynda gezýär. “Hon-ha Keýmirem gelýär” diýdirýär. Onuň dile düşýänini görüp, ene-mamalaram “Alla jan gözden-dilden gorawersin! Ýüzüňe sylaýmaly, mähek ýaly, tumarça ýaly çaga!” diýişýärler. Hanlygyň merkezi meşhur Buhara şäheri gözel jülgede ýerleşýär. Wekiller hamala öňem bu dow-dowly şähere ençe gezek gelip-gören beletler ýaly, kän bir sorag-idegsizem tapaýdylar, dogup-döräp, il söküp, sergezdançylyk çekip, horluk köküni görüp ýören gara maňlaýlary ýarlykly aňçy ýolçular-da! Olar – biwatan, ýöne özgeleriň mesgeninde başlaryny çaramagy mazaly öwrenenler, bu kesbi olara ýyllar öwretdi, asyrlar öwretdi, durmuş mejbury öwretdi, olaryň çençil-çakçyllygy ýyllaryň dowamynda kämilleşen. Wekiller ýalňyşman, Buharanyň içine atlaryny sürüp, seýkin basdyryp, messan ýöredip, girdiler. Şäheriň ýylan kimin towlam-towlam darajyk egri-bugry köçeleri bar, bir girseň, yzyňy tapjagyň nagümana. Çigiş-çigiş, düwün-düwün. Elbet-de, özleri baş alyp çykýandyrlar-da. Baý, bolçulykdugyny – iki ätmänkäň, üsti basyrylan bazarlar alnyňdan çykyp dur, eşekli, atarabaly, paý-pyýada erew-berew, garynjanyň hini deý, kim girip barýar, kim çykyp, şäheriň içinde – öýlerde adam bir galdymyka diýdirýär, ähli ilat bazarda deý. Tüýs Gündogar bazary diýilýäni! Kyrk gulakly gazan kimin gyzyp dur. Bu halk hiç zat almasa-da, satmasa-da, bazara bir maňlaýyny diräp, ilerisinden tä gaýrasyna deňiç ony-muny bahaladan bolup, bir aýlanyp gaýtmasa, çöregini gury iýýän deýin, tüýs ynjalmaýan bolarly. Buharalylaryň özleri degişýärler: “Bazar güni ölse, merhumymyzam hiç kim görmez ýaly, öý goşlarynyň aşagyna süsdürip, taşlap, bazara gidýäris, diňe ertesi güni aglaşyp, ses edip, öwlüýäde jaýlap gaýdýarys”. Elbet-de bu – oýun-henek. Ýöne bazaryň aýylganç çyn ýerem bar, başyna iş düşen biçärä gyssagly pul zerury çykanda, derde ýaraýjak, ýüzi suwluja zadyny ýarpy bahasyndan satlyga çykarýar, her kimiňem gözi şolar ýaly harytda. Iki tarapyň – alýan bilen satýanyň razyçylygy bilen edilensoň, – ony halal söwda hasaplaýarlar. Özüne gerekmi, gerek dälmi, oňa seredilenok, esasy zat – ýarpy bahasyndanam arzan, puluny ber-de, doly bahasyndan nyrh kesip, “Kim alsa, gelsin!” diýip, gygyryber bazaryň orta arasynda. Ýalançynyň ýaradylşy şeýle, birewiň betbaglylygy başgany bagtly edýär. Bagtly edýärmi-ýokmy, dogrusyny bir Alla bilýär. Ýöne adamlaryň aglabasynyň düşünişi-hä mundag. Her kimiň öz islegi-başaryça salnan tekiz üçekli, beýikli-pesli, haýbatly, çaýşyk-çuýşuk, gür pagsa jaýlar degiş-degiş, aralarynda diňe ýagdaýyna görä haşamlanan agaç derwezeler bar. Uzyn merdiwansyz üstünden aşjak miltiň ýok, ogry-jümrüden goraldygydyr-da. Ol-a bir, ikinjidenem, howlularynyň gabarak görnenini buharalylar kem görmeýän çemeli. Iki dony, üç dony gat-gatlap geýip, her donuna-da aýratyn bir şitde-şemle, tirme, zünnar guşak daňnyp ýörenlerem duş gelýär. Don-guşak sanyňa görä hormat goýulýandyr-da, öňünden çykan sag elini kükregine goýup, eglip salam berýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |