09:30 Çarh / 1-nji kitap -5 | |
Suwagyndan sary samany çykyşyp duran pagsa jaýlar ýol tarapa ýeňselerini tüňňerdişip otyrlar. Daşyndan gelen synçy bolýar, wekiller Buharnyň pagsa jaýlarynyň köçe tarapyndan penjire goýulmaýanyny gördüler hemem geňlediler. Iň gerek ýer-ä şol, öýüňde oturan ýeriňden gelen-geçeni synlap oturmaly. Elbet-de her ýeriň öz edähedi bardyr-da, şeýle edýärlermi, diýmek, gerekdir, durmuş şony talap edýändir. “Öýümde bir öz hususy durmuşym bilen ýaşaýyn-la!” diýýändirler, belki. A, belki-de “Öýümdäki wakalar, gep-gürrüňler özgelere nämälim-pynhan galsyn!” diýýän bolmaklaram ahmal. Ýa düýpgöter başga sebäbi bardyr, kim bilýär? Günüň dowamynda birden-ä penjirelere tuty tutulyp, otagyň içi garaňkyradylýar, birdenem, tutular syrylyp açylýar, hatda, Ýalançy dünýä-de adamyň göwnünden hemişe turup duranok.
Taryhy proza
Suwy howuzdan içmeli ýa-da meşikli aýlap ýörenlerden satyn almaly, bol, börňüldäp akyp ýatan ýap kän göze ilenok, suwa gahatçylyk bar bolara çemeli. Howuzlaryny bir ýerlerden ýörite suw gapda arabaly getirip, doldurýandyrlar-da. Içimlik agyz suwlaryny şeýdip getirtse, bag-bakjalaryny nämeden ýakýarlarka? Muny özlerinden soraýmasaň, bilip boljak däl. Buharanyň baş bazarynda ýerasty Magog metjidi bar, “Keliňlär, körsetemiz” diýip, wekilleriň öňünden çykyp çagyrdylar. “Gäwür mestjit – kadym otparaslaringi oluş kerek” diýdiler. “Soň arkaýynçylykda ýöriteläp geleris görmäge” diýip, deňesinden geçen wekiller söwdagärleriň yhlas bilen hödürleýän harytlaryndan özlerine gerek ojuk-bujuk söwda etdiler. Çaýhanasyna giribem naharlandylar, buglanan palow, ýyljak çörek, çaý, nar şerbeti, kişdeler. Oturyp, owkadyňy iý, gyşaryp çaýyňy iç. Her gapdalyňda bir ýassyk, aşagyňda gülli körpeçe düşek, öňüňde-de bal ýaly nahar, içiňden özüňi kiçiräk şäheriň hany däldirin öýdeňok. “Ekeler, nima kemçilik?” diýip, garşy gelip, iki bükülip, sorap duran güler ýüzli zeberdest hyzmatkärlerem agzyň bir zat geplese, dem salymda häzir kylyp, öz wezipelerine çulum-gaýym. Bol-bol, buhar çaýhanasynyň müşderisi bol! Ýadawlygam zym-zyýat, keýplerem açyldy. Indi hanyň huzuryna baryp, gepiňi düşündirse bolar, nesip etdiginden. Şäheriň köçelerinde aýlanyp, ýolugra alynlaryndan çykan zatlar bilen tanşyp, tekeleriň wekilleri han köşküne bardylar, köşküň nirdeliginem soramak gerek däl, haýbatly-kaşaň sypaty bilen özi aýdýar, men bärde diýip, allaowarradan görnüp dur, olary derwezäniň agzynda kän garaşdyrman, bir adam gelip, iki agyz habarlaryny alyp, köşk hyzmatkärlerine myhmanlaryň atlaryny saraýda baglatdyryp, öňlerine iým dökdürip, suwa ýakmagy buýurdy, soňra wekilleri köşküň içine alyp girdi, onuň assaja-seresap gepleýişinden bärde adamlaryň juda ätiýaçly özüni alyp barmalydygyny aňdyrýar. Köşkde herkimem bolsaň, kibtiň gysylyp, töweregiňe howatyrly bakyp, ünsüň güýçlenip, dem alşyňam üýtgeýär. Ilki hanyň baş weziri garşy aldy, kelterägeden-de dolmaçrak, ýüzünden nur ýagyp duran, mähirli, tapylgysyz dana adam eken, gepi-gürrüňi jaýba-jaý, aýdylýan söze düzediş berjek bolup, kemçilik gözläp oturanok, wekilleriň matlabyny-maksadyny gyssaman-howlukdyrman, baş atyp, mazaly diňledi, käbir düşünmeýän sözünem dili bilen aýtman, gözi bilen ýylgyryp, aňdyrdy, aýdylýan teklipleri depderine ýazyp, belläp aldy. Dörän käbir sowallara alňasaman, giňişleýin jogap aldy, erteki gün hanyň huzuryna baranda düşnüksizlik çykyp, sakynyp durmaz ýaly diýýän bolara çemeli. Aý, onsoňam hanyň nähili zatlary soraýjagyny öňünden bilmese, kim ony baş wezir bellejek? Wekiller hanyň ýüzüni görmeseler-de, özüne baş weziri saýlap-seçişine-hä göwünleri ýetdi, dilegleriniň bitäýmegem ahmal. Soň baş wezir wekillere ak ýürekden owkat hödür etdi, olaryň çaýdan-nahardan kemleriniň ýoklugyny bilensoň: --Hanymyza siziň geleniňizi aýdaryn, geljegiňizden öňem habarymyz bar, maňa aýdan teklipleriňizi ýeke-ýeke ýetirerin, juda ýagşy niýet bilen gelipsiňiz. Han hezretlerem aýdanlaryňyza ýok diýmez, enşallah, agşam özümem siziň ýanyňyza gümür-ýamyra bararyn, siziň bilen gürleşmek meniň üçin ýakymly, siz hakda ýene köp zatlary bilesim gelýär, häzir siziň ýanyňyza ýolbelet adam goşaýyn, sizi Buharanyň ýadygärliklerine aýlar, biziň şäherimizde tanyşlyk ilki gadymy ýadygärliklerimizden başlanýar, atlaryňyz durubersin saraýda, özi ulag tapyp aýlabam geler, myhmanhana-da ýerleşdirer. Iki güni geçirip, üçülenji gün saba bilen köşkümize geläýiň, sizi han hezretleri bilen duşuşdyraýyn. Biziň şäherimiz gadymlardan bäri ylmyň-medeniýetiň merkezi, ol hakda öňem köp eşdensiňiz-le. Bärde birgiden Hudaýa ýakyn baran weliullalar, uly şahyrlar, alymlar ençeme kitaplar ýazypdyrlar, Ysmaýyl Buhary, Narşahy, Abulfazl Balamy, Abdylla Jihany, Abu Mansur Buhary, Ibn Sina, Emak Buharaýy, Muhammet Aufy, Nasyr Buharaýy, Rudeki dagy ýaşap geçipdir. Jelaletdin Rumy "Buhara ylym magdanydyr" diýipdir. Hawa, Abu Abdyllah-Muhammet Buhariniň mekanam şu şäher, ol Muhammet pygamberiň hadisleriniň 7275-sini toplapdyr. Döwletmämmet Düýegöz han baş weziriň sözlerini baş atyp, tassyklady: --Hadislaryň bir nusgasy biziňkileriňem elinden düşmän, gezekleşip okalýar. Özüňizem alym adam ekeniňiz, ýaňky sananlaryňyzyňam birenteginden habarymyz bar. Bu topraga saý-sebäpden düşüpdiris, gelenimize görä, ýagdaýyny tapsak, olaryň hemmesiniň aramgählerine zyýarat kylyp, doga okarys. --Onda Bahaweddin Nagyşbendiden başlaň. Onuň çyn ady Hojamuhammetdir. Ol "nagyşbendiýe" akymynyň esasyny goýupdyr. Bahawetdin (1318-1319 -njy ýyllar çemesinde) Buharanyň golaýynda bolan Nagyşbent obasynda eneden bolýar. Seýit Emir. Kulalydan sapak alýar. Wekilleriň arasy bilen gelen Hojam aganyň gürrüňe goşulmaly ýeri geldi: --Ondan başga-da hoja Abdylhalyk Gajduwany, Möwlana Aryf, Halyl Ata dagynyň elinde okaýar. Onuň "Haýatnama" – "Ýşaýyş kitaby", "Delili-aşykyn" –"Aşyklaryň ýol görkezijisi" ýaly sopuçylyk ugrundan ýazan eserleri hem bar. Bahawetdiniň taglymaty doga we zikir edilende, çapak çarpyp, raks oýnap, togap edip, gygyryp okap aýtmagy däl-de, ýürekden aýtmagy talap edýär. Türkmenlerem nagyşbendiçilik sünsülesini özlerine ýörelge edinen. Baş wezir Hojam aganyň aýdanlaryna buýsandy, türkmenleriňem sowat derejesiniň ganymatlygyna begendi: --Bahawetdiniň mazary Buharanyň demirgazyk gündogarynda Kakan şäherine degişli bolan Bahawetdin atly ýerde. Döwletmämmet Düýegöz han içinden baş wezir ýaly ylymly, pähimli adamlaryň bir ganojagyň öňünde bükülip, hyzmatynda ýörmeli bolýanlygyna gynandy, daşyndan şu sözleri dile getirdi: --Oňa diňe şu onymyz däl, sag-aman ýerleşenlerinden soň, beýlekilerimizem zyýarata gelerler, Buharaýy-şerife gelip, öwlüýälere zyýarat etmek biziň öňden bäri arzuwymyz, onsaňam biziňkiler zyýarat etmäni gowy görýän halk. Wekilleri ugradyp, baş wezir şol günüň ertesi Buharanyň hökümdary Abulseýz hanyň diwan jaýyna gelen badyna onuň ýanyna ýeke özi girip, ikarada bolan gürrüňleri, tekeleriň matlabyny gulagy bilen eşidişi ýaly, goşman-aýyrman, bir-bir beýan etdi. Nämüçindir durmuşda köplenç akyldar danalar özüniň ondan biriçe ýok adamlaryň gullugynda-hyzmatynda ýörmeli bolýarlar, ineriň eşege tirkelişi kimin. Iýjegini çeýnäp, ýuwdaýmaly edip, agzyna salyp bermeli: --Tagsyr, bular üç ýüz ýyl ozal emir Temir tarapyndan Çynma-Çyna sürgün edilen türkmenler, türkmenleriňem söýünhanlylaryndan, söýünhanlyňam tekeleri, olara “Agyrilli” hem diýýärler. Sebäbi söýünhanla girýän taýpalaryň – ýomut, ärsary, saryk, salyryň içinde adam sany iň köpi şolar. Tekelerem öz aralarynda ikä bölünýär – utamyş-togtamyşa. Ýalkamyş diýibem bir doganlary bar, ol hakdaky gürrüňleri doly bilemok. --Utamyş-togtamyşy nämäni aňladýar? --Gadymdan galan bölünişik, mal yzynda gezip ýören çarwa tekelere utamyş, “ötemiş” manyda, oturymly-çomry tekelere togtamyş diýlipdir. Abulgazy Bahadur hanyň “Şejereýi teräkime” kitabynda “Salyr ilinde Toýtutmaz diýen bir adam bardy. Teke hem Saryk şonuň oglanlary turur” diýip, ýazypdyr. Şol Toýtutmaz diýýäni Togtamyş bilen bagly bolmagam mümkin. --Toýtutmaz diýenem bir at bolarmy? Ol näme diýildigi? Ýa hekaýaty-beýlekisi dagysy barmydyr? --Rowaýaty bar, bularyň gadym ýurdunyň patyşasy meniň hökümdarlyk edýän erimde diňe meniň garyndaşlarym baý ýaşamalydyr diýip, öz ýakynlaryndan galan baýlary ýeke-ýeke ýok edip ugrapdyr. Bir baýa töhmet ýükläp, ölüm jezasyny berýär, olam hoşlaşanda gelniniň gulagyna “Şu günden şeýläk ýalňyz oglumyň ady Toýtutmaz bolsun, öňki adyny aýyr, tä meniň arymy alýança toýam tutmasyn, şatlanmasynam!” diýip, sargyt edipdir. --Nädipdir? Atasynyň aryny alypdyrmy? --Ýogsa näme, olar gaty namysjaň, aryny jaýyna salman, ynjalmaz. Ýetişip, güýç toplap, şol patyşanam, garyndaşlarynam jezalandyryp, mal-mülklerinem yzyna – halka paýlap, kyrk gije- gündizläp toý tutupdyr. Şol toýdan soň onuň adyny Toýtutmuş han diýip ugrapdyrlar. Bular şol Toýtutmuşyň nebereleri. Ýaňky diýýän togtamyşymam, utamyşymam Ikisem bir deň teke. Häzir ikisem garyşyk, ikisem malam bakýar, ekinem ekýär. Welaýatymyzyň bir çetine gelip düşläpdirler, häzir Garşy daglarynda, etegindäki düzlerde jem durlar. Siziň aýtjak sözüňize, geljek kararyňyza garaşýarlar. --Utamyş-togtamyş diýip, bölünýän bolsalar, birini-beýlekisine öjükdirmek-ä aňsat düşer. Baş wezir dymdy, onuň dymmasy, hanyň bu gepiniň tarapdary däldigini aňladýar. Han ýene özi sowal berdi: --Dymmagyň näme many berýär? --Tekeleriň hany Düýegöz han “Haýsy bozgak utamyş bilen togtamyşy alalaýsa, aralaryna çöp atmak isläýse, menden oňlulyga garaşmasyn, olar bir kelläniň iki garagy ýalydyr – deňdir” diýipdir, şonuň üçin olaryň arasynda ol dawa ýokmuş. --Oçasynam bilip goýsak, gowy. Matlaplary näme? --Raýatlyk soraýarlar, “Ýer-suw berseňiz, otursak, ekin eksek, öri berseňiz, malymyzy baksak” diýýärler. Özlerem, tagsyr, belli bir Watansyz, uly hökümdarsyz, nirä özlerini urjagyny bilmän ýören uly goşun, uçdan tutma hemmesem atly-ýaragly atarman-çaparman, garadan gaýtmaz batyr söweşijiler. Mülk bersek, şol agyr goşun siziň eliňize geçýär. Hökümdary siz bolýarsyňyz. Biziňem günümiz bir bolsa, urşumyz iki, Eýran bilen, Hywa bilen, gazak ordalary bilen. Serhet ýakalarymyzdan ýer bereli, aňrydan duşman gelse, ilki tekeler öňlerinden çykyp gyrlyşar, uruş-jeň olaryň ulusynyň-kiçisiniň indi görmeli pişesi däl. Öň dünýäni titreden emir Temiriň öňünden ýaragly çykyp, Alynyň ala meýdanynda söweş eden tekeler-dä. --Emir Temiriň garşysyna gitdigi biziň garşymyza gitdigi-dä, biz sahypkyran Temiriň dowamaty, heý, onsoň köne duşman indi dost bolarmy? Öň garşymyzdan ýaragly çykanlar, ýeri gelende indi bizi sylap goýarlarmy, baş wezir? --Garşymyza çyksalar, almytlarynam alar, öňem olar däl-de biz üstlerine sürnüp barypdyrys-a. Biziň ata-babalarymyz olary gyrypdyr, ölmän galanlarynam Çyn-Maçyna sürgün edipdir. Üç asyrlap beren jezamyzy çekip ýörler, günäleri aňryýany bilen ýuwlarça-ha bolandyr, mugyra gelendirler, tagsyr! Onsoňam mundan ýüz ozal Şeýbany hanyň daýysy Kuçgunjy han zamanynda tekelere bolan gadagançylyk ýumşap, olardan meýil bildirenlere Buharanyň medreselerinde ylym almaga rugsat berilýär. Şonda olardan okap, alym bolan Hasym şyh ahunlyga ýetipdir. Soňra Kuçgunjynyň ogly Abdyseýit ýurdy dolandyran mahaly tekeleriň günäsini doly geçipdir hemem olara üstümizden aşyp, öz mekanlaryna tarap ýagdaýa görä süýşmäge rugsadam beripdir. --Ha-ha-ha! Öz ýurtlaryna girmäge rugsat beripmi? Görseň, emir Temir öz öýüňe girmägä-de rugsat almaly edäýendir. --Teýmirleňiň ogly Hulagy: “Gaçyp, Garaguruma geçseňizem, gara ganyňyzy dökerin” diýipdir, bu barada “Sahyp bolan Emir Temir” diýen kitapda ýazylýar. Olar isleseler, şasuwar jigitleri bilen Horasanyň üsti bilenem rugsatsyz geçibem bilerdiler, has golaý ýoldan. Ýöne olar häzir Siziň merhemetiňize bil baglap, Buhara tutunyp geldiler. Urşup, gan döküp alandan, meýletin öz aýaklary bilen gelseler, kem dälmidir näme, tagsyr? --Biziň alýan salgytlarymyza-pajymyza-hyrajymyza, gaýry ýygymlarymyza boýunmydyr? Salgytlarymyzyň görnüşleri-hä kändir, syrtynda durarlarmy? --Onam soradym, tagsyr, tekeler “Ilki bir düşläli, oçasyny soň düşünişibiris, eger ara gelip bilsek-oňuşsak-a töläris, oňuşmasagam, raýatlygyňyzdan çykyp ötegderis ýolumyz bilen” diýdiler. Baştutanlaryna-da Döwletmämet Düýegöz han diýýärler. Gepleşmek üçin, düşünişmek üçin pähimdar adam eken. Tagsyr, kabul edip, duşuşsaňyz, hemsöhbet bolsaňyz, ol siziňem gözel göwnüňizden turarmyka-ha öýdýärin. --Uruşlara gatnaşmak hakda aýtdyňmy? Buýran günümiz hemmesi ýaraglaryny alyp, jeňe sürülmelidir. --Hawa, Düýegöz han “Buharada ýaşap, onuň duzuny iýsek, daşyndan çozup gelen duşman bizden oňlulyga garaşmasyn, Buharanyň duşmany biziňem duşmanymyzdyr, ýöne özüňiz başga döwlete goşun sürseňiz, ýa ýurduň içindäki tutluşyklaryňyz bize degişli däl, biz ol dawaňyza goşulmaýarys” diýdi. Hanyň zäk ýaly gözleri birküç gaýra tiz-tiz gyrpyldy, içinden bir zat diýdi, ýene ol sözüne jogap hökmünde aýdan sözünem içinden gepledi: --Ýagşy, oýlanaýyn, haçan kabul etjegimi, huzuryma çagyrmaly wagty saňa aýdaryn! --Iki güni geçirip geläýiň diýdim. Han baş weziriň öz ýanyndan möhlet bellemesini halamady, emma ýüzüni çytyp aňdyrsa-da, dili bilen hiç zat diýmedi, baş wezir bükülip, çykyp gitdi. Buharany (1220-nji ýylda) Çingiz han, (1370-nji ýylda) Temir, (16-njy asyryň başlaryna) özbekler basyp alýar. Şeýbanylar döwletiniň merkezi bolýar. Dokma, zergärçilik senedi ösýär. Buhara (XYII asyrda) Abdylla han zamanynda pajarlaýar (1557-98 ýý), meýdany giňelýär, mimarçylyk ösýär. Her dürli ýüpek şahy matalar, kaşaň mis gaplar, kişmiş-kişdeler öndürilýär. Abdylla han ölensoň, Aştarhanylar neberesi 100 ýyldan gowrak wagt bäri ýurdy dolandyryp gelýärler, häzirki hanam şolardan, bu döwürde ýurt gowşap, hojalyklar batyp, baýlar-a has baýap, garyplaram has garyplaşyp, sebäpli-sebäpsiz içki-daşky gyrgynçylykly söweşleriň yzy hiç kesilmeýär. Sebäpsiz zat ýok, çökgünligiň düýp sebäbi Aştarhanylaryň ýurdy dolandyryşynda. Oňarýanam döwlet başyna geçjek, oňarmaýanam. Bir geçenem ölinçä häkimligi özgä bermejekden. Öläýse-de, täji-tagty-gaznany, köşki öz ogullarynyň birisine goýup gitjek. Şeýle etmese, keseki biri hökmürowanlyga geçäýse, hökümdarlygyndan peýdalanyp, beýlesine basan mal-döwletini, özüni arkalanyp nebereleriniň ýygnan baýlygyny ellerinden gaňryp aljak, üstesine özünden galan kastlaryny bala-çagalaryndan çykjaklar. Halkyň ýagdaýy nähili? Nädeniňde ýurdy ösdürip bolar? Ol hakda pikir edýän ýok, her geçeniň diňe öz gara gaýgysy, ýurdy şeýdip çökerýärler. Wekiller Hoja Bäheweddinden soň, burçlary nagyşlanan bişen kerpiçden örülen sütünli (907-nji ýylda ölen) Ismaýyl Samaniniň mazaryna-da zyýarat etdiler. (1127-nji ýylda) Arslan hanyň gurduran Kalýan minarasyny, (XII asyrda gurlup, 1540-njy ýylda täzeden dikeldilen) baş metjidi, (XYI asyra degişli) Ulugbekiň medresesi, (1536 njy ýylda) Abdylla hanyň gurduran Mir Arap medresesini gördüler. Buharanyň häzirki hany Abulseýz uzak mübtela etmän, belleşilen gün, aýdylan sagatda köşkünde kän bir tykyrap-gaýşyp durman, bosgunda ýören tekeleri hanlygyň raýatlygyna kabul etdi, perman çykardy, möhür basdy. Ýaman ýeri, hanyň dilinde bir zat, kalbynda başga zat, kabul etmeden maksat, “Ýygnaýan salgydymyň möçberi köpeler – hazynama ýetne, atarman-çaparman şasuwar jigitlerini urşa sürerin – taýýar goşun. Bularyň kebzelerine urjak ýükümi kem-kemden, gün-günden agraldaryn, tä maýrylyp, ýanlaryny ýere berinçäler, galmaz bolynçalar, birbada küsükdiräýmäýin, asta-ýuwaşdan. “Ýat itiň guýrugy ýamzynda” diýilýär, bu maňlaýygara biwatan gelmişekleriň kibti gysyk, başlary aşakdyr, üstesine-de, çarwa halky sada-ynanjaň, bir barmagyň daşynda pyrlap, oýnap oturmaly. Şu kylan söwdamdan maňa utuş bar, ýeňliş ýok. Bulara ýer-suw-öri paýlanymda-da, nirde bir öň taşlanan-ýaramazyndan bererin. Goý, kösensinler, iýen-içenleri burunlaryndan ikli gan bolup gelsin! Hiç haçanam oýunlary meniňki bilen deň gelmez, bergiden-borçdan çykarman, ebedi bakna ederin. Tutjak guşlaryny, bireýýam ütüp goýdum. Olaryň büýlüsine burundyk dakyp bilsem, islän ýerime ider ýörerin, tabynlygymda çykyp bilmezler” – burundyk diýýäni düýäniň büýlüsine dakylýan uzyn ýüp. Abulseýz hanyň permany çykandan soň tekeler haýal etmän, Tamdyrdag, Bukandag, Kuljukdag daglarynyň-baýyrlarynyň eteginde ýerleşip, çöp-çalam bitýän çöllüklerde mallaryny bakdylar. Çöl ösümlikleri siňren, gandym, selin, sazak, oňsaň, oň, oňmasaň, doň, mallaryň bir garny dok, bir garny aç. Şor köller köp, olaryň suwy diňe düýelerine ýaraýar. Amyderýanyň ýakalarynda ýylgyn, toraňňy jeňňeli bar. Özlerine degişli edilen ýerleri paýlaşyp, tekeler tapan-tupan harajatlaryny sarp edip, bolşuna görä oba-oba ýerleşip, jaý saldylar, garöýlerini dikdiler, çadyrlar gurdular. Guýy gazmaga-da olar ökde, öňden gelýän kärleri, her ýerden-her ýerden gazyp, agyz suw meselesini birýanly etdiler. Şol meýdanlaryň şertlerine laýk ekin ekdiler, suw tutdular, ýeňlerini çyzgap, billerini guşap, girdiler ýykma-ýykylma günemanyň bir çetinden. Bazarlaryna baryp, ýerliler bilen söwda edişip, mal-ýüň-et satyp, deregine gerek-ýaraklaryny aldylar. Gyrmyldap, gyr aşyp, munda goş ýazdyryp, olaryň Owganystandaky ýagdaýlaryndan bir utukly parhy Watan ýolunda bir ädim öňe ätmekleri, başga bir göze görnüp-dürtülip duran üýtgeşik artykmaçlyklary ýok, “Öňki gulluk, öňki dulluk” diýilýäni, tüýs görgi üçin ýaradylan adamlar-da, günüňe kaýyllykdan başga ne alaç eýlejek? Has cydamsyz-kyn durmuşda adam islese-de, islemese-de, çäre-alaç gözlemeli, häzirki oturan ýerlerind-ä agyrilli tekeler tüýs ýerleşmän, oňňut tapman, amatly mesgen gözläp, asta-ýuwaşdan töwerege ýaýramaly boldular. Kem-kemden Sogdiýana derýasynyň ýakalaryna golaýladylar, ýagdaýy barlar ýer satyn aldy, mellegi mala çalyşdy, ýagdaýy ýoklaram öň taşlanan ýerlere goşuny süýşürdi, eýtdi-beýtdi, emelleşdirip, tasa getirdi. Öňem bir gepimizde aýdypdyk, awaralyk çekip ýören sergezdan halk synçy bolýar diýip. Görseler, derýa suwunda bir zat hakyt gün şöhlesine çala ýyldyrdan ýaly edýär, ýok, göz gamaşdyryjy däl, gaty bir aňly bolmasaň, duýdurmaýaram. Kellä urdy bir taň pikir. Tekeler öldüren şindi çöpürleri gyrkylmadyk syk sütükli ak aňgar geçileriniň hamyny suwuň üstüne atyp, ýüpe iltäp, düzüp goýýarlar. Sogdiýana derýasy magdan baý dagdan batly şaglap gaýdyp, çasly akýar. Bir gün-iki gün geçensoň, dar ýerlerde gerlip goýlan derini suwdan çykaryp, günüň çoguna guradýarlar. Mazaly guransoň, syk dokalan ýuka matanyň ýüzüne deriniň çöpürli tarapyny silkip, kakýarlar, dökülen zerreleriň üstüne geçi süýdüni guýýarlar welin bir çümmük-ýarym çümmük külke gyrmança galýar matanyň ýüzünde. Ýerli zergärlerem ol külkäni zer diýip satyn alýarlar, puljagazy, garaz, azak-tenek günüňi-güzeranyňy aýlamaga ýetýär. Şeýdip tekeler özlerine täze kesp tapynýarlar. Daşyndanam bu käri ýöretsem diýýänler tapylýar, synanýarlaram, emma olara eýgerdenok. Eýgertmeýänliginiňem syry – aňgar geçileriniň derisiniň çöpürinde, sütüginde. Zerre tenha şoňa ilişýär, ol geçem ýalňyz tekeleriňki. Türkmenler Maňgyşlakda gyşlap, alty aýlap, Altaý ülkesinde, Sibirde ýazlaýarkar, Ýeniseý (Ýaňy saý – Täze saý) derýasynyň boýlarynda ak çöpürli, çöpürinden gymmat bahaly mata dokalýan, syk sütükli agramy goýnuňkydan kem gelmeýän aňňar geçilerini bakýarkalar Ýaňysaýyň sag goşandyna Angara derýasy ady galan. (13-nji asyrda) Kiçi Aziýada Osmanly döwletini döreden türkmenler şol geçilerini ýanlary bilen alyp gidipdirler, Ankara şäheri türkmenleriň aňgar geçileriniň adyndan galan. Sogdiýana derýasynyň adynyň hem Zerawşana öwrülmegi tekeleriň tapan bu hünäri bilen bagly diýýänlerem bar, ahmaldyr, how! Tekeleriň özlerine bölünip berlen ýerleriň araçäginden çykyp, kem-kem süýşüp gelmeginden Buhara hanynyň habary ýokmudyr? Bar! Bilgeşleýin, bilmezlige-görmezlige salýar, sebäbi tekeler näçe pytrasa, ýaýrasa, şonça-da güýçleri gowşap, olara agalyk etmek aňsatlaşjak. Şonuň üçin daşyndan-a geçirimlilik edýändensireýär, parhlysyraýar: “Azar bermäň, islän ýerlerinde ýaşasynlar, olaram şu ýurduň deň-derejeli raýatlary” diýýär, ol sözünem türkmenlere gulak edip, eşitdirip aýdýar. Içindenem “Ine, belany öz başyňyza satyn aldyňyz gerek, indi görkezjek tomaşamy görüň” diýýär. Başda aýdyşymyz ýaly, ýüz ýyl bäri Aştarhanlaryň neberesi Buhara hanlygynda häkimiýeti dolandyryp, ýurdy gaty batyrdylar, hut ýanyny ýere berdirdiler, şol çökgünlikden närazyçylyk artyp, bir onda, bir munda baş göterýänler köp. Diňe topar tutup, arz-şikaýat edýänlerem däl, ellerine ilen ýaragyny alyp, hanlyk tarapyndan çykarylýan kada-kanunlara boýun towlaýanlar ör boýuna-üzeňňä galýar, olar ölüşmäge-de, gyrlyşmaga-da taýýar. Buharada Ybaýdulla hanyň (1702-1711ýý) ýerine geçen Abulseýz hanyň höküm süren ýyllary bu ýagdaý ýetjek derejesine ýetýär. Hanlygyň ýörite rehim-şepagatsyz jeza beriji atly goşuny bar, boýny ýogyn, dile düşmez, hak-u nähak gan döküp, guduzlan birehimlerden düzlen. Olar daşky duşman üçin däl, il urşa sürlende, olar galýarlar, diňe öz parahat oturan halkynyň gözünde ot ýakýan ejize ganym jellatlar, adalat ýolunda nirde gozgalaň tursa, pitne gopsa, çozup gidip, gyryp-gyrjaşdyryp, gopguny-gowgany ýatyryp, ikini islemez ýaly edip gaýdýarlar, soň hasap soraýan ýok. Hasap soramalynyň özi küşgüren-dä ozalynda. Emma soňky günler Abulseýz hanyň jezalandyryjy jellatlary öz işlerine halys ýetişmän ugrady, gozgalaňlaryň birini basyp ýatyrsalar, ýene biri. Bir gün Samarkantdaky täjikler, başga gün Lebap ýakasyndaky gol asty türkmenler. Abulseýz han pitneçileriň üstüne tekeleriň bir kowçumyny ibermeli diýen karara geldi: --Türkmenlere türkmenleriň özi buýrup biler. Baş göterýän ärsary obasynyň üstüne tekelerden jezalandyryjy topar iberiň! Bu permanyndan Abulseýz hanyň iki bähbidi bar, birinjiden-ä, pitneçileri basyp ýatyrjak, ikinjidenem, tekeleri ärsarylaryň üstüne sürüp, dogan bilen dogany gyrlyşdyryp, türkmenleriň ysgynyny gaçyrjak, islän çagy depgiläp-ezer ýaly. Erteki günem zerury çyksa, tekeleriň üstüne ärsarylary sürmek ýeňil düşjek, şonuň üçin olaryň agzyny alartmaly! Ýöretmeli syýasatam şeýle – “Türkmenleriň öz-özleri oňuşmasalar, biz nädeli?” Abulseýz hanyň matlaby Döwletmämmet Düýegöz hana ýetdi, olam hanyň buýrugyny kabul etmedi: --Tekeler başky ylalaşyk býunça içki söweşlere goşulmaly däl, onda-da öz türkmenine biziňkileriň hiç mahal eli galnmaz! Abulseýz han bizi sylaýan bolsa, ärsarylaram sylasyn, olar biziň doganymyz. Birbada bu barada gürrüň ýatan ýalam etdi, ýöne ýene bir Buhara hanlygyna golaýda göçüp gelen bir türkmen taýpasy agyr salgytlara eýgermän, tölägden boýun towladylar. Olara hydyrililer diýilýär – adaklyhyzyram. Sarygamyşda oturýan ekenler. Amyderýanyň suwy kesilip, Sarygamyş köli gurap ygransoň, hydyrililer başga bir türkmen taýpasy – üçiller bilen nalaç Horezme, Ürgenje, Garaköle göçüp gelip, ekerançylyk, senetkärçilik, balykçylyk bilen meşgullanypdyrlar, hydyrili taýpasynyň kasaply hem pyçakly tireleriniň bir bölegi Buhara hanlygynyň raýatlygyny kabul eden. Ine, salgytdan boýun towlanlaram şolar. Tekeleriň bir kowçumyna Abulseýz hanyň gyssagly buýrugy gelýär, “Hydyrilileriň gözünde ot ýakmaly!” diýip. Tekelerem içki dawalara goşulmarys diýen karara gelen, şonuň üçin buýruk berlen kowçum bu işden kes-kelläm ýüz öwürdi. Dergazap Abulseýz hanam olara temmi bermek üçin “Meniň permanymdan ürgenjileri ileri tutýan bolsalar, bayň, depeleriniň öli ganyny alyň” diýip, meçew berip, şol gözlerine gan guýlan jezalandyryjy goşunyny iberdi. Jellatlar haýkyryşyp-apdyrylyşyp geldiler – tekeleriň üstüne. Tekelerem “Biz hanyňyzyň baglaşan ylalaşygy boýunça içki dawalara goşulmaly däl, näme siz hanyňyzyň şol ylalaşygyny äsgereňzokmy?” diýdiler, jezalandyryjylaram “Bizem öz erkimizden tapamzok şu gepi, hanyň tabşyrygy bilen geldik. Buýruk şu – siz bejit eliňize ýaragyňyzy alyp, pitneçilere garşy söweşe çykaýmaly!” diýip, bir depen ýerlerini depdiler. Bir aýdanyňy bäş gaýtala-ý, on gaýtala-ý, dil bilen düşünişmek mümkin däl, ýaňka-ýaňka, gury ses, onsoň ýaraglar şakyrdap, gyndan çykdy, ýarag gyndan çykansoňam, näme, hökman jan çykmaly, başga ýol ýok, tekelerem başagaýlykda nalaç başa düşen towkulara garşy ellerine ilen zat bilen gaýtawul bermeli, ýatyp galandan, atyp gal diýen netijä geldiler. Dawa ula ýazdy. Tarap-tarap topulyşdylar, turdy bir garpyşyk. Öň kän gezek pukaralara kelemesini çöwürtdirip, dişlerinde et galan, ýaman öwrenen jezalandyryjylar bilen oýnuň, heý, deň geljekmi diý, hamala, üstlerine çet ýurtdan çozup gelen ýagy bilen gyrlyşýan dek aýlap, saldylar tekeleriň boýnundan gylyjy. Çapdylar, sançdylar. Goýun sürüsiniň içine böri daran ýaly eýlediler. Garpyşykda tekeler tarapdan agyr ýaralananlaram kän, kimiň eli ýok, kimiň böwri deşilen, adamam öldi, syrtyny hanlaryna dirän azgyn jezalandyryjylar etjeklerini edip, paýhynlap, keýpden çykdylar. Hil bir iş itiren ýaly hekgerilişip: “Bek belläň, indi geläýsek, oňlulyga garaşmaň, depäňizi deşip, içine çörek batyryp iýeris, haram gelmişekler, hanymyzyň gepinden çykarça siz kim?” diýip, paýyş-paýyş sögünişip, ellerine ilen göze ýararly zat bolsa, kibtlerine gysdyryp, alyp gitdiler. Wagtlaýynça ikitaraplaýyn dawanyň çözgüdi soňa goýuldy. Gopan betbagtçylykdan many çykaryp, indi şoňa ýaraşa-laýyk hereket edibermek galýar. Ony pähimdar kethudalar çözer. Gan döküşikli utluşykda Hojanepes batyryň ýaňy ýetişen uly-nowbahar ogly Gyzylam öldi, ony öýlerine ganara salyp getirdiler. Ýaňy bir on sekiz ýaşyny dolduran gyzyl ýüzli ýigdekçe, gylyçdan geçirildi, onda-da zalymlyk bilen parçalanyp, iki bölünip, her bölegi bir ýerde läşe dönüp ýatyr. Jesedi getirenler soň ikilenç gidip, ýere dökülen ganynam, guma garylan beden tikelrinem çöpläp geldiler. --Neressämi öýeribem ýetişmedim” – diýip, aglap-eňreýän Altyntäji nädip goýdurarsyň? “Ýaňja häzir gelýän diýip, ýanymdan turup gitdi”. Pata ýerinde täk Altyntäjiň sesi eşidilýär. Birmahalky çagasyny ýatyryp, hüwdüländäki sözleri perýada-pygana öwrüldi: --Gerkeli? balam ýatypdyr-eý, süýji guzym ýatypdyr-eý! Öň “Ýat!” diýip, çagasyny ýatyrmak üçin sallançagy patdatlan ene indi “Tur!” diýip, ýüzi ýapylan jesedi yralaýar, onuň perýadyna beýleki aýallaram goşulýar, üýşip nala çekýärler. Pata gelenler eşitmezlige salyp, dymşyp otyrlar, ýas ýerindäki agyr dymyşlyk iň agyr sözlerdenem agyr, demligiň tutulýar. Her kim aşak bakyp, keçe dyrmalap, sessiz oýa batýar. Aslynda, Gyzyl neresse kim üçin öldi? Düýp-teýkaryna seretseň, başga bir buharalylar üçin! Olara derek Gyzyly öldüren kim? Buharalylar! Şol söweşe goşulmaly däl diýip, ylalaşyk baglaşan kim? Buharanyň hany! Ähtini bozup, näme üçin söweşe goşulmaýarsyň diýip, üsterine kellekeserleri iberen kim? Buharanyň hany Abulseýz! Ine, indi hanyň iki ýüzem göründi, onuň ikisine-de sereder ýaly däl – aýylganç-dowzah nyşanaly! Jesedini öwlüýä alyp çykanlarynda aýallar, Gyzylyň gyz jigileri tabyda topuldylar. Jaýlap, gölegçiler öwlüýäden gaýdyp gelende inileri Eýmir, Keýmir, Wekil “Waý, dogan!” diýşip, ses etdiler. Gyzylyň atasy Penjeli pälwan, kakasy Hojanepes batyr diş gysyp otyr. Tekeler ýas baglady. Doga okalanda Gyzyl neressäniň çyn azan adyny tutup: “Hojanepes batyryň ogly Keýbiriň alnyna barsyn!” diýdiler. Buhara hanlygyndan ýekeje-de töwella gelen kişi bolmady. Ýogsa han wezirleriniň birine “Bar ýaşululary ýanyňa alyp, towella-tagsyra baryp gaýt!” diýse-de gelişmän durjak däldi. Emma han bilgeşleýin adam ibermedi, hasam iç ýakmak üçin. Penjeli pälwanyň tabşyrygy boýunça Gyzyl neressäniň mazaryna aýratyn bir bellik daş goýdular, gije, göze dürtme garaňkyda barlanda-da tapar ýaly. Tekeler mazarda daş goýguç däldir welin, elbet-de, bir emmasy bardyr-da. Il-gün heniz öýlenmedik, yzynda zürýatdan nyşan galmadyk Gyzyl neressäniň ady ýerde ýatmasyn diýip, Penjeli pälwanyň, Hojanepes batyryň c?onaklar tiresiniň adyny gyzyllar diýibem, tutup ugradylar. Ilçilik-dä, “Olar gyzyl ýaly adamlar bolansoň, gyzyllar diýilýär” diýip, düşündirýänlerem bar. Käbir jedelli meselede “Olam dogry, bulam dogry” diýilýändir, şu düşündirişde-de şeýle – ikisem dogry. Buharanyň hany tarhanlyk hatyny bermese-de, dilden öz kellekeserlerine doly erk berdi, kylanyňyzy kylyň, eýläniňizi eýläň! Çigidiň maňzy ýaly sähelçe zady bahanalap, hiç-ýok töhmet atdyryp, ilata agyr sütemler etdirdi. Näme bahana gytmy, “Näme üçin atyňy bu ýolda bagladyň, kim saňa rugsat berdi?” diýip, eýesini it ýenjen ýaly ýençdirip, elinden atyny alyp, üstesine-de jerime salyp, kowup gýberýärler. Öldürmäge-de haklary bar, hasap sorajak ýok. Hanyň halka sütem etmeden maksady, eger şeýdenimde, kim towugyma tok diýer ýa kim maňa baş galdyrarka diýip, şony bilmekçi. Ilatyň üstünden “at gorduryp”, heşelle kakdy, bihaýalyk bilen. Dostlugyny demsalymyň içinde başyndan aýlap, ýere pylçap, duşmançylyga öwrüp bilýänler bar. Nädip? Eýsem, dostluk diýilýäni gaty uzyn düşünje dälmidir, ondan yza gaýtmak üçin ýene şonça ýoly yzlygyna külterläp gaýtmaly ahyryn. Gidişin bilen gaýdyşynyň aralygy deň, gitme bilen gelmegiň wagtam deňeçerräk, bu öňýetene mälim. Aşnasyrap ýören içinden gaty getiren Abulseýz han welin demsalymyň içinde aýylganç duşmana öwrüldi oturyberdi. Eger göz açyp-ýumar wagtda dostluk duşmançylyga öwrülýän bolsa, diýmek, onda öňki dostlugyň barlygy ýalan. Ýalandan dostsuraýandan açyk duşman müň paý gowy. Duşman hanjaryny gizlänok, ýalan dostuňky welin goltugynyň astynda. Duşman öňüňden hanjaryny gözüňe görkezip, gezese, ýalan dost ýeňsäňden bukulyp, iki kebzäň arasyndan suhlaýar. Mert duşmandan namart dosty bagyşlamak kyn. “Sen duşman bolsaň, menem duşman” diýip bolanok, eger diýseň, onda ýurdy terk etmek galýar, mesgeniň eýesi ol, sen – keseki. Ine, Watanyň gadry bilinýän ýeri! Bir özüň däl. Tutuş millet ýurtdan baş alyp, ymykly çykyp gitjek bolsa, oňa ep-esli wagt gerek. Öňünden maslahat geçirip, hemmäň bir karara gelmeli, indi barjak ýeriňi, gonjak ýurduňy çemelemeli-öwrenmeli-peýlemeli, galyň bendäniň eken ekinleriniň hasylyny ýygnamaly, başga-da birentek şertler bar. Göçüp-gonmagyň hyllalladygyny tekeler gowy bilýär, ol ýeňil-ýelpaý iş däl, hysyrdysy ýetik. Ähli iç goşuny çykaryp, bergä-borja batyp, zordan ýerli-suwly bolundy, satyp ýetişmän, taşlap gitseň, onyňdanam galýaň. Owalam Buhara hanlygyna gelenleri ýaňy dälmi näme? Sabyr gerek, çydam gerek.Ýöne bir pähimem bar “Ömür boýy görgüde ýörenler görginiň nämedigini bilmeýärler!” Indi nijeme asyr bäri görgä-jebre werziş olan bu biçäre millete sabyr eýlemekden, çydamakdan başga alaç ýok. Döwletmämmet Düýegöz han Buhara hany Abulseýziň huzuryna baryp, matlabyny beýan etmeli, başdaky şertleşigi boýnuna goýmaly, taýpadaşlaryňy bipeýan dawadan halas eýlemeli, mesele gaty kyn, hem-ä oňuşjak bolmaly, hemem öz diýeniňi gögertmeli. Suwa girip, gury çykyp bilýän iki ýüzli şyr päki Buhara hany, heý, guýruk tutdurjakmy? Onuň sapalagy kän. Emma iliň garamaty boýnuňdaka, her etmeli, hesip etmeli, iş bitirjek bolmaly, “Hoşbolgaý” diýip, baş atyp, boş, boýnuňy sallap gaýdanyňdan ne peýda? Döwletmämmet aga bu gezek ýany bilen adam alyp gitmedi – üýşüp almaly zat ýok. Aýdylmaly söz gysga – “Özümiňkä zulum edip, kesekä kuwwat berebilmen!”, ýagny, hanlygyň içki jenjellerine goşulmaly däl! Bu meseläni örän açyklaman, gümürtik goýsaň, degdi-gaçdy gürleşseň, ýene zol-zol gaýtalanjak durjak. Çöp döwen ýaly bir ýaňalyk etmeli. Döwletmämmet Düýegöz han gysgadan manyly gepledi: --Biziň üçin Buhara hanlygynyň hemme milleti hem deň. Olaryň biriniň arkasyny alyp, beýlekisiniň garşysyna çykmak bize ýaraşanok. Eger daşyndan duşman çozup gelse, onda olaryň öňünde durmak, ýagyny gaýtaryşmak biziň borjumyz. Emma içki dawaňyza bizi goşmaň, tagsyr! --Içki-daşky diýlen gep ýok. Başbozarlaram – duşman. Doňzuň agam bir, garasam. Içiňdäki duşman, daşyndan gelen duşmandan kän esse ýaman. Döwletmämmet Düýegöz Buhara hanynyň bu sözüne hä bermedi. Dymmak bu-da geplemek. Türkmen gojasynyň dymdygy – inkär etdigi. Muňa Abulseýz hanam gowy düşündi. Hernäçe dilewardyryn öýtseňem, näçe degerli deliller tapsaň-da, käte gepiňi halys göwnejaý düşündirip bilmeýän wagtyňam bolýar, esasanam, arkan gaýşyp, düşünesi gelmeýäniň ýanynda. Buhara hany gepe düşünenok. Ol at göçümini edýär, bir görseň-ä, bihabarsyraýar. Birde-de başky raýatlyk ylalaşygyndaky edilen ähtnamalar ýadyna düşmediksireýär. Tilki guýrugyny aldygyna bulaýlaýar, ýowuz hakykatlary oýna öwrensireýär, degşensireýär, hiç sülä gelmejek akmak-içýakgyç sözlerem tapyp otyr. Düýegöz hanam bir depen ýerini depip, ýüzüni keseräk sowup, şol dymyp otyr. Abulseýz hanam onuň dymmasyndan ejizledi, biraz ýan berdi, yzyndanam: --Men gijelerine ýatamok, ýurduň gaýgysyny edip, uklap bilemok. Näme kylsamam, iliň bähbidi üçin! Sizem şu döwletiň raýatlary, gaýta maňa siz ýardam bermeli ahbetin, bizem size az eglişik edemzok, öz taýpaňyzyň hany sen, şondan şuňa aýagyňy süýräp gelipsiň, saňa derek men utanýan, ýaşuly! Ikimizem kynçylygy gören adamlar-a, açlygam, ýorunja iýilýän döwrem gördük – diýip, Döwletmämmet Düýegöz hanyň gözleriniň içine dikan seretdi, ýaňky aýdanlaryny makullatdyrjak-gönerletdirjek boldy, ýeri, bu iki arada ýorunja nireden geldi, gojanyň özüniň bujagaz sözlerine mizemeýänini duýup, dikbaşaşaklygyna ýene bir sapalaga ýüz urdy: --Şu teklip bilen başga biri maňa ýüz tutanlygynda, walla, “Bar-aý, başyňdan aşyr git, seniň kömegiň gerek däl” diýip, haýryndan geçerdim. --Bizem başga biriçe bir gör-dä? Bize-de şol sözüňi aýtsaň, ullakan ýagşylyk etdigiňiz. --Ýagşy! Ýüz tutup gelipsiň, şu gezeklikçe sözüňi ykmaýyn, eglişik edeýin, şeýtanyň boýnuny syndyraýyn. Mundan beýläk ählijämiz ölüp-gyrylýanam bolsak, siziňkileri içki dawamyza goşmarys, jomartlyk bizden galsyn! Ýöne başga zatda boýun towlasaňyz, eýgilige garaşmaň, jeza beriji jellatlarymlarym barar, öňem gyltyzrak degipdirler bir çetiňizden. Indikile sylamazlar. Düýegöz han Abulseýz hanyň ýanyndan dymyp gaýtdy, ýolda içini gepletdi: “Gyltyzrak diýşini gör-ä, haramzadanyň! Iner ýaly dört adamy gylyçdan geçirip, öldürdiler, içinde meniň agtygym Gyzyl janam parçalandy, göwünlik bermeden, ötünç soramadan geçen. A agyr ýaralanyp, ýerinden galyp bilmän ýatanlar näçe sany? Olaryň galjagy-galmajagam näbelli. Hasap-hesip-ä bardyr, eger ýeriň üstünde haklaşyp başarmasak, ýokarda Hudaýyňam hasaby bardyr, bizden tapmasa, Alladan tapar. Şükür, herniçigem bolsa, indiki garpyşyklardan-a sowuldyk, eger ýaňky gepi çyn çyksa. Aý, ol tetellä pylan-pismidanam diýip bolanak, ertir lebzini ýuwutmany eşekden palan alança görenok. Biribaryň özi garaşyk etsin-dä! Bu melgunyň elinde bize ýazylganlyk ýok, tizräk najadymyza garamasak. Günüň güni jigitlerimiz ýaralanyp, ölüp gelip dur. Pajyganyň hiç soňy gelenok. Onuň hokgalaryna gutarma ýok, ol ýene bir musallaty oýlap tapar. Mundan gaçan gutular, duran tutlar”. Şondan soň içki uruşlara gatnaşmasalar-da, tekeler Buhara hanlygynyň tükeniksiz daşky söweşlerinden bizarlary çykdy, ýa daşky duşman üstlerine çozup gelýär, ýa bular olaryň üstüne dökülýär. Eýran bilen, Hywa bilen salyşýarlar. Bu uruşlaryň Abulseýz han üçin peýdaly tarapam bar, ýagny, ýurduň aşak çökýänliginiň sebäbini şu garpyşyklardan göräýmeli, bul-a birinjiden, ikinjidenem, gan döküşikler mahaly halkyň gozgalaň turuzmaga eli degip duranok, şonsuzam dertleri ýetik. Sen garşyňdaky duşman bilen gyrlyşjakmy ýa-da arkaňdaky gün bermeýän emeldarlar bilen gep nokatlaşjakmy? Garşyňdaky duşmany ýeňip bolar, emma arkaňdaky ýeksyrunlar? eýgertmeýär, çünki, olaryň syrtynda hökmürowan han dur. Sen ýeňýäňmi-ýeňilýäňmi olar üçin parhy ýok, Watan olaryň gaýgysy däl, çöksün, basylsyn, olar diňe öz ýonjak awuny bilýär. Abulseýz han öz baş wezirinden galanyny edil ýörite saýlap alýan ýaly, töweregine nirde bir haramy mugtiýerleri toplapdyr, lepbeýk aýdyp, öňünde ýedi bükülişip duran. Käbir-ä sekizem-dokuzam eplenýär, özleriniň beýleki köşke girip-çykýanlardan has yhlaslylygyny-wepalylygyny duýdurmak üçin, içlerindenem birden eger emiriň enesiniň uny tükenip, işi gaýdaýsa, düýp sogana meňzäp duran kellesini hyýar deý gemirmäge häzirler. Olara öz kiselerine gazanç etmk-halkyň başyna oýun salmak üçin handan sähelçe yşarat boldugy ýeterlik, derhal çozýarlar milletiň üstüne – ol salgyt-bul salgyt, ol töleg-bul töleg. Ýalaňaç halkda ýagdaý galdymy, hamyny sypyryp beräýmese. Hanam ýadyňa-oýuňa düşmejek permanlary bilen, halky soýmaga mümkinçilik döretdi, emeldarlaram tekelere itiň gününi görkezip başladylar. Zygyr-zygyr gatnap, üstüňe apdyrylyşyp durlar. Olaryň eýlän-kylanyna däl diýip, gaňryşyna gider ýalam däl, syrtlary mäkäm çöpe direlen, çöpüň beýleki ujam hanlarynyň elinde. Eger ýurduň hany bar zady ýuwutjak bolup otursa, emeldarlaram özünden beter baran ýerlerini guradyp ýörseler, ýagdaý gowlanarmy, diýar ösermi? “Size bäş bolsa, bize ýigrimi bäş!” diýip, tekeleriň Buhara hanlygyndan elleri sowady – buz! Ine, bir günem emeldarlaryň biri göçi geçip barýan ýaly, hasanaklap gelip, Döwletmämet Düýegöz hana “Buhara hanynyň gyz salgydy bar, täze çykardy, tekelerem bir ýüzi suwly, endamly, emire ýaraşa kemally, saýlama gyzyny bermeli” diýip, burnuna salyp, aýdyp gitdi, kesesinden synlana onuň bolup gelşi buşlukly-söýünjili hoş habar getirene meňzeýär. Onuň üçin şeýle-de bolmagy mümkin, sebäp diýseň, her hili adam bar. Ýeri, indi nädersiň? Asman paýyňy çekjekmi? Heý, şerigata-kowahada-kyýasada sygjak zatmydyr bu? Buharanyň hany Abulseýz Hudaýdan-a gorkanok, gorksa, beýle salgyt çykararmy? “Edenimi edip bilýän, elime kakjak ýok” diýdigi. Dogry, wezipe, baýlyk hantamaçylygynda onuň haremhanasyndaky öňki birgiden aýallarynyň üstüne öz dulunda oturan gyzyny meýletin eltip berjek binamyslaram bolsa bardyr. “Emelläp, garyndaşlyk açyp, köşküň törüne bir ilteşsedim” diýip, dodagny ýalap, tamşanyp, çemelenip ýörenleriň içinde. Olar ýaly gyzyny özi hödürläp, surnaý-kernaý çaldyryp, kejebeläp eltip berse-de, hiç kim geň görenok. Emma bu ýagdaý tekeleriň gören zadam däl, eşden zadam däl. Ynha, indi başdan lagna şeýtanyň otly towkusy. Döwletmämmet Düýegöz han halkyna sala saldy: --Ýagdaýlar-a, ine şunuň ýaly. Kim gyzyny Buhara hanyna durmuşa çykaryp biljek? Onuň bilen oýnumyz deň gelenok. Häzir onuň aýdany bitäýmeli. Başymyza itiň derisini geýdirmek üçin ýörite edýär. Men pylany bersin-ä diýip bilmen, dilim öwrülmez. Şu ýagdaýam zordan düşündirdim, nädeýin-dä, aýtmak – borjum. Ýene bir gezek soraýan, kim gyzyny berip biljek? Agyrilli teke-türkmen taýpasynyň içinden bu teklibe meýilli bir döwtalap adam tapylmady. Döwtalabyň tapylmajagy ozalyndanam belli, şonda-da çäre ýok, eşitdirip bir goýmaly, bu halkdan gizlär ýaly gep däl. Şol emeldaram ýene iki gelip, “How, tekeler, bir belanyň üstünden baraýmankaňyz, tizleşiň!” diýip, gyssap gitdi. Hemmeler boýun towlansoň, ahyry Döwletmämmet aga öz körpe gyzyny – Akmaraly salgyt hökmünde berermen boldy. Ýok, olam gyzyndan irenok. Halkyň bähbidi ýatyr aňrysynda. Näme “Pylany, sen gyzyňy ber” diýende, heý, ýok diýiljekmi? Külli tekäniň sylagly hany bolup otyr ol, sözüniň hergiz ýykylmajagy belli. Emma Döwletmämmet han özüne ýakmajak işi özgä buýrup bilmez. Ody özüne basdy, ot ýüregini daglady, agyr derdi, öz başyna satyn aldy, halkyny beladan dyndarmak üçin. Halkynyň başynyň esenligi üçin körpeje gyzy Akmaraly aýdy-gurban kyldy. Beni-Ysraýylyň iň beýik pygamberi, Käbäni bina eden Ybraýym Halylullanyň Hajardan doglan ogly Ysmaýylyň bogazyna pyçak goýup, Hudaý-Tagalanyň ýoluna gurban kyljak boluşyna meňzeş. Ýöne Ybraýymyň pyçakly eli doňup, Ysmaýyla deregem asmandan bir gara goç inipdir. Düýegöz hanyň gyzyny welin... Özi üçin hatda, bokurdaguna pyçak goýulsa-da, öldür etmejek işini ili üçin etdi. Buharaýy-şerifiň däp-dessuryna görä toý tutup, gyzy gelnaljylap, alyp gitdiler. Hasyl orlup, harman atylmaga başlandy. “Döwletmämmet Düýegöz han agyr ýatyrmyş” diýip, ýaramaz habar ýaýransoň, ony soramaga gelýänleriň sany köpeldi, alysdan-ýakyndan. Ertir-agşam soramaga geliberseler, düşnükli zat – kendirigiň kakyldygy, urbaň azaldygy. Köplenç atyň üstünde bir oňa, bir muňa aýlanyp, dabyrap ýören han aganyň entekler ýanyny ýere bererden-ä irräkdir-le, heniz pyhamber ýaşynda tutulýan akgoýun toýunam sowanok, ýaşy ýetse, ýetendirem-le welin. Ynha-ynha bilen gezip ýör. Rastyny aýtsak, il-günüň aladasy bilen ol özüni ýadyndan çykaraýýar. Il-günüň aladasy diýilýäne-de gutarma ýok, garamaty boýnuňa atyldymy, sürrenekleşip gidiberýäň, tä ýykylynçaň. Ine, indi ýykyldam. Hawa, soramaga gelýänleriň sany ýygjamlaşdy, herkimem bir zat salgy berýär, pylan ot, pylan zadyň süýdi, gany, pylan tebip... Gelmedik tebip, okamadyk molla, edilmedik em galmady – bipeýda. Ne derman bar, ne çäre, tebipleriň hiç haýsynyň emem, demem ýöremedi, goja ýere siňip ýatyr. Näme keseliniň baryny bilýän ýok. Soňabaka ýakyndan-alysdan soramaga gelenlere-de “Ýagşy öz-ä, şu mahal uklap ýatyr” diýip, daş işikden taňryýalkasyn berip, ugradyp başladylar. Ýaşuly “Derdim agyr, ýanyma hiç kimi salmaň, gepleşmäge halym ýok” diýipdir. Derdiniň nämediginem, dermanynyň nämediginem tebipleriň hiç haýsy aňlamandyr. Bokurdagyndan, garaz, az-köp suw-a geçýär. Lekin bir owurt gara suw bilen näçe gün oňarsyň? Hojam aga “Ýeňillik dogasyny okamaly bolarys-ow” diýip durka, ýaňy on üç ýaşy dolan Keýmir gelipdir “Babamy sorajak” diýip. Ýanyna hiç kimi salmaýanlaryny düşündiripdirler. Keýmirem “Men babamyň derdini bilýän” diýipdir. Ýanyna girip-çykýan adam baryp aýtsa, Döwletmämmet aga: --Keýmir agtygym eger dermanyny bilmese, derdimi aýtmasyn! Bar şeý diýip aýt! – diýipdir. -- Derdinem bilýän, dermanynam, ýöne ýanyna menden başga hiç kimi salmaň. Keýmir babasynyň aýaklaryny owkalap ugrady, babasy süýnüp ýatyr, üsti döşüne deňiç örtülen. Gözleri derýa düýbünde, haltanyň düýbünde görünýän ýyldyz ýaly. Halys gutumy gurapdyr, süýekleri şakyrdap dur. Han aga çala gözlerini açyp, çala eşdiler ses bilen agtygyna ýüzlendi: --Aýdyber, Keýmirim, näme habar getirdiň? --Ýaramaýanyňy ejemden eşitdim. --Sözüňi gysgaldyp aýt, ragbatym ýok gepleşmäge. --Baba, seniň ar keseliň bar, gyzyň gidenine namys edip ýatyrsyň, emiriň türkmenlere eden hyýanatyny içiňe salypsyň, dermanam aryňy ýerine salmak. Ary jaýyna salybam, Watana tarap gaçmaly. Agtygynyň bu sözüne Döwletmämmet Düýegözüň ýüzi ýagtyldy, peltesine ot düşüp, çyrasy ýanyp, içeri ýagtylana döndi, diline bir ýerlerden kuwwat geldi: --“Gowy horaz ýumurtganyň içinde gygyrar” diýip, eşidýärdik, şol çyn bold-ow. Içime saldym, agtygym, içime, bokurdagyma tegek dykyldy, ne aňryk, ne bärik. Haçandan bäri süýnüp ýatyşym. Hiç kim bilen gepleşesimem gelenok, janyma söz ýaranok, dünýeden doýgun. Derdimem bildiň, dilbend agtygym – Keýmirim, dermanymam aýtdyň. Işdäm açylaýan ýaly, çyk-da, daşardakylara buýur, tizden-tiz jüýje gaýnadyp, çorbasyny getirsinler, biraz daýanamsoň, kethudalary daşyma üýşüriň, başujumda geňeş geçirjek. Agtygym, içimdäki pikirimi sen daşyna çykaryp berdiň. Gursakdaky dykynja öz güýjüm ýetmän, aýňalman ýatyrdym. Sen ýetişdiň dadyma. Uzyn gaýgydan halas etdiň, batgadan çykardyň. “Akyl ýaşda däl, başda!” diýleni rast eken, senden hemişe tamam şeýledir. Işigimdäki daňylgy duran ak gunan seniň serpaýyň, el aklygyň, indi men Alla ýol berse, dikelerin, enşallah. --Aklyk tebibe berilmeýänmidir, baba? --Tebipleriň başarmadygyny sen aýtdyň. Öňdenem ýüregimde besläp ýördüm şol sowgady. Ýöne derdimem-dermanymam hiç kime aýtma, näme diýdiň diýseler, “Buhar sugunynyň şindi süňkleşmedik ýaş şahyny gaýnadyp içirmeli diýip aýtdym” diý. Etjegimizi entäk hiç kim bilmesin. Derdimiň çyn em-melhemi aly Watandyr – Garagumdyr, Keýmirim! Babasy Düýegöz hanyň sowgatlyk gunan diýýäni iki ýaşar erkek taý, gözüňe söweýin, guýrugy düwlen türkmen bedewi! Keýmiriň şu ömrüne özbaşdak birinji howalanan uçar ganaty! Iki tarapa bölünip, seçelenen gyr ibrişim ýallary gyýkym-gyýkym almagöz türpe bedew! Ylla ak polatdan ýasalan, tä ahyryna çen dartylyp, iki başy çatylan şol Yspyhany dügünbil sary ýaý! Muhammet pygamberiň giýewisi Aly Murtyza sowgat beren ol şahy Düldül-suwary! Çar dagly Çandybiliň başy jygaly patyşasy Görogly begiň tylla nally Gyratynyň siýdik syçratgysy – nesil dowamy! Maňlaý depelinde Aý oturan dürri-ýegana! Keýmiri sekiz jennet Watanyna eltjek behişdi Byrag! Keýmiriň hyruçly kalbynyň gursagyndan daşyna çykyp, seýkin basýan görnüşi! Atam – adam – gözleri bilen gepleýän, adamam – at – çarpaýa galyp, iki aýagynyň üstünde durýan! At bilen türkmen jigidi – bile biten ýaly bir bitewilik! Gunanam, Keýmirem heniz ýaş, taňryň güni welin darydan kän, ýetişibererler. Ýetişibem, iliň-günüň öňüne düşüp, gije-gündiz aldygyna Watan sary ýol güýderler, bir sapaly gün arzuwly mesgene gowşarlar. Ýç ýüz elli ýyllyk uzyn aýlawly ýaryşda Keýmirkör serdaryň – agyrilli teke türkmenleriniň rehberi, dilde dessan Döwletaly begiň şasuwar aty çykar, aty çykanyň bagty çykýar, çapyşygyň baş baýragy – nury-dide Watan!!! Heý, şondan uly baýrak-serpaý ýapylarmy? Diýara gowşup, kyrk gije-gündizlik uly toý tutulanda bagşylaryň dutarynda “Saparmämmet” sazy çalnaýsa, tüýs jüpüne düşjek. Çala ujy görünse-de, bu bagtly wakalar heniz öňde – alysda. Döwletmämmet Düýegöz han agyr derdinden saplanyp, birneme daýanansoň, teke begleriniň birnäçesini çagyryp, öýünde gizlin geňeş geçirdi, göçmeli! Nirä? – Hywa hanlygyna! Haçan? Wagty-sagady bellenildi. Näme üçin Hywa? Hywalylar köne goňşular, köne dostlar! Buharanyň halkam olara duşman däl, edil ganybir bolmasa-da dili, däbi-dessury, dini-messebi biri birlerine golaý halklar. Geçmişde Horezm döwletini döredip, bile ýaşan mahallaram bar. Emma namany haýynlyk edip, bozan – Buharanyň emiri Abulseýz. Her kim etmişinden tapar! Onsaňam Hywanyň üstünden Watana aşmak amatly, eýýäm düýp mekanyň bir çeti, alkymy diýmegem mümkin. Juda uzak ýol aşyp gelýän türkmen göçi şol ýerde birneme özüni dürsäp biljek. Maslahatda “Ölşüňe görä, gömşüm” diýen syrly karara gelip, bir çukura tüýkürildi. Her kim öz etmeli işini bilýär. Asgynjaklaryň aglabasy üç gün öňünden ýola düşdüler. Mallaryň Hywa tarap sürlenine eýýäm bir aý geçendir. Olaryň göçüp barjagy Hywa hanyna mälim edildi, şol sebäpli, tekeleriň öňlerinden çykyp, garaşyp durlar. Maslahatda gelnen netijäni – biçilen dony diňe gatnaşanlar bilýär, daşyndan bir adama-da aýtmak gadagan. Sessiz, şol ugurdan hereket edibermeli. Maslahatda gelnen netijä görä hereket edibem başladylar, ilki Döwletmämmet Düýegöz hanyň gyzy Akmaralyň yzyndan gitdiler, gördüler, ýagdaýyny bildiler. Soňundan gyzy gaýtaryjy etmelidigini Abulseýz hanyň ýakynlaryna düşündirdiler: --Biziň däbimiz boýunça, siziň gelniňiz, biziň gyzymyz atasy öýüne myhmançylyga çagyrylýar. Onuň ejesini, öýlerini göresi gelendir. Siz tarapdan üýşüp, gyzymyzy bize gaýtaryp, getirip gitmeli. Gelni getirenlere söwüş edýäris, gaýtaryjylar bir gije biziňkide ýatyp gaýtmaly. Myhman alýarys. Gyzyň kakasy Düýegöz han emiriň jezalandyryjy serbazlarynyň ýüzüsinem, birini goýman, hemmesini myhmançylyga çagyrýar. “Gelsinler, hezzetläli, araky çaknyşykda galan kitüwi-öýkäni öz hormatymyz bilen aradan aýrasymyz gelýär” diýdi. Gyzymyz bäş-on gün atasy öýünde bolansoň, bizem üýşüp, yzyna getireris. Eger biziň çakylygymyzy kelteräk görseňiz, erkeklerimizem ýörite gelip, aýdyp gider. Laýyk bilseňiz, onda öňümizdäki hepdäniň çarşenbe güni siziň hemmňize garaşýarys. Irgözinräkden baraweriň. Hanyň gyzydyr, Abulseýz hanyň hormatyna ýaraşa garşy alarys, öňüňizde bir kemsiz durarys. Şol serbazlaryňyzam, hökman, atly-ýaragly gaýtaryjyny goraglap, jemlenşip baraýsalar, bize abraýly boljak. Indi bizem näme Abulseýz han aly hezretleri bilen giýew-guda-gaýyn bolduk, garyndaşlyk açyldy, saglyk bolsa, iki taraplaýyn gatnaşyp durarys. Süýjüligi bilen siz gelersiňiz, biz bararys, toýy-ýasy bile sowşarys. Gyzyň yzyndan görme-görşe baranlarynda Hojanepes batyryň aýaly Altyntäjiň aýdyşy ýaly, ertesi gün bir güler ýüzli, hoşgylaw çapar ýigit emiriň köşküne baryp, Döwletmämmet Düýegöz hanyň öz gyzynyň gaýdyp gelmegi bilen bagly tutýan toýunyň çakylyk habaryny ýetirdi. Çapar ýigit öň gulagyna guýluşy ýaly, bir sözüni artdyrmanam, kemmänem, edil öwredilişi ýaly gepledi. Toý tutumynyň uludygy, Abulseýz hanyň ýakynlarynyň hemmesine hökman garaşýandyklary, jeza beriji serbazlaryňam tükel çagyrylýandygy, özleriniň niçik hezzet-hormat goýup bilýändiklerini görkezesleriniň gelýändigi kemsiz-köstsüz aýdyldy. Abulseýz hanyň ýakynlary tarapyndan, çakylyk kabul edildi, oňa gatnaşmaga hut hanyň özüniň rugsat berendigini, üstesine-de öz körpe gelniniň atasy öýüne deňli-derejeli eltilip gelinmelidigini, sowgat-serpaýlaryňam kem edilmezligini tabşyrandygyny, gaýynatasy Döwletmämmet aganyň toýuň tutumyny giňden tutmagynyň özüne goýulýan sylag-hormat diýip, düşünýändigini aýdandygyny duýduryp, çakylykçy ýigidi begendirdiler. Nesip bolsa, gelniň indiki çarşenbe güni giçden soň eltiljekdigini tassykladylar. Soň gelni atasy öýünden yzyna gaýtaryp getirenlerinde Abulseýz hanyň olary toý bilen garşylajakdygyny hem eşitdirdiler. Hojanepes batyrlaryň ýaşaýan obasynda bu gün ýene bir şum habar ýaýrady, “Pylanylarda jynaza bar, öýleden soň çykarylýar, eşdişeweriň!”. Baýaky çaknyşykda agyr ýaralananlaryň yz-yza diýen ýaly bäşisi ölüpdi, bu günki pakyram şolaryň altynjysy. Üstüne Gyzyl neresse dagynam goşsaň, şehitleriň sany ona ýetýär. Başga-da demini sanap ýatanlar bar. Öňki derdiň üstesi. Edil urşa gidip, ölüp gelen ýalam däl. Dek oturanlaryň üstüne depirjikler gelip, iner ýaly ogullary öz obasynda, öz gapysynda, obadaşlarynyň gözüniň alnynda gylyçdan geçirip, parçalap gitdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |