09:32 Çarh / 1-nji kitap -6 | |
Parçalanlaram şol ýurduň serbazlary, goramaly adamlary. Üstlerine ýagy gelse-hä, türkmenleri urşa sürýärler, ýurtlaryny goratdyrýarlar, diýmek, öz gezeginde ýurdam olary goramaly dälmidir? Günüň-güni pata, ýa onuň üçi, ýa munuň ýedisi, kyrky. Hemmesine-de görünmeli, el galdyrmaly, adamlaryň ýüzleriniň ýygyrdy artdy. Aý, muny Alladan gelendir diýseň, salgyt ýygnaýanlaram işigiň agzyny alyp dur “Pylança tölemeli, salgytlar iki esse köpelendir” diýip. Ýagdaýym ýok, beýleki diýseňem, ýanlarynda elleri gylyçly serbazlar “Ertir däl-de, birigün üçüň” diýdirjek bolup durlar. Ýaşulularam “Çydajak boluň, gaýrat ediň” diýýär. Ýagdaý welin halys çydamaza bardy, indi iki eliňi galdyryp, ompa oturaýmasaň “Göni gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok” diýip. Bu muşakgatlaryň düýbünde Abulseýz hanyň bilkastdan oýlap tapýan şumluklary ýatyr “Gaňryşyma gitseňiz, ine, görjek günüňiz” diýip, mugyra getirmek üçin edýär. Sabyr käseler welin püre-pür dolup, dökül-döküle ýetdi.
Taryhy proza
Buharanyň ýerli milleti bir üýtgeşikligiň bardygyny derrew aňdy “Tekelere bir zat-ha boldy, olar nämäniňdir külkülüne düşüpdirler” diýşip, bir-birlerine aýdyşyp ugradylar. Diýseň-diýmeseň, tekeler birýanuçdan hemmesi dilleşen ýaly öýlerini, oturan ýerlerini-melleklerini, agsak-towsagyrak mallaryny satlyga çykardylar, öz alan ýerlerindenem bäriräk bahadan. Sähelçe çekeleşen bolup, soňundanam soralan ýerine berip goýberýärler, bazaryň göteren ýerinden berip, başyndan sowsa boldugy. “Juda arzan-la munyňyz, näme üçin beýdýäňiz?” diýip, soralsa-da, “Mallarymyzy bakýan örimize ýakynrak başga bir obadan jaý-mellek aldyk, şoňa göçýäs, onsaňam biz kän bir söwda ökde däl, çarwalar-da biz” diýdiler. Arzan, amatly bolansoň, ýüzugra saňa ýetdi-de, maňa ýetmedi edip paýlaşdylar. “Pylanynjy gün jaýymyzy boşadyp berýäris” diýip, gününi belleşdiler. Ol diýilýän günem öňdäki çarşenbe – Döwletmämmet hanyň gyzynyň gaýdyp gelýän güni. Tekeler hasyllaryny satyp, ýygnan pullarynyň üstüne mellegiňkinem goşup, bardylar Buharanyň bazaryna. Her kim gerek-ýaragyndan – geýim-gejimmi, azyk-owkatmy ýa başga bir zerur harytlaryndan ýüküni tutdy. Gülberler düwüldi, ýola taýýar, häh diýdigiň, mähiň bar. Göçüň öň ýanynda edilmeli işleriň bary birýanyndan tükellenildi, indi diňe kethudalaryň bir söz aýdaryna garaşybermeli. Irgözinden Döwletmämmet Düýegöz hanyň işigine ýygnanyp, edilmeli işleri bir ýaňalak edip, hemmeler emir köşkünden gaýtaryjynyň gelerine garaşyp durlar. Töwerek-daşlar endigan suwlanan-süpürilen. Atarylgy gazanlar bylk-bylk siňňin gaýnap, tüňçeler çigräp dur, düşekler düşelen, körpeçeler atylan, ýassyklar taşlanan, desterhanlar ýazlan, üstlerine köke-süýjüler, miweler, çal-çapyrly gaplar, çemçeler goýlan, myhmanlar geldigi diňe nahar alaýmaly edilen. Tamdyrdan gyzgyn çörek çykyp dur. Üýşmeleň edilse, näme, myhmanlaryň ýoluna göz dikilgiç bolýar, häli-şindi ýola seredişýärler. Indi geläýseler, çak-a ýetdi. Erkekleriň oturjak ýerleri bir aýry, aýallaryňkam hol beýlede. “Gelýärler” diýen söz galagopluk döretdi, erew-de-berewlik başlandy, oturanlar turup, şol ugra seredişdiler. Hawa, honha, bir giden paýtunlylar, atlylar güpürt-de güpürt, ala şowhun. Emir jellatlarynyň ýüzüsem jem. Hemmesini bolmasa-da, köpüsini ýüzlerinden tanap oturmaly. Gyzyl neressäni parçalan Rozykul jellatbaşy iň öňlerinde. Daýraçylar bilen kernaýçylarynam alyp gelipdirler, toý ýerine ýetip gelenlerini bilip, olaram haýbatly sazlaryna başladylar, atdan-paýtundan düşüp, pyrlanyşyp raks oýnap, toýa dabara berýärler. Gelenleriň öňlerinden çykyp garşy aldylar, at tutdular, özlerini düşek üstüne çagrdylar, myhmanlaram ellerini ýuwup, aýdylan ýere geçdiler. Gelnem ak öýe saldylar. Myhmanlar ýerleşensoň, hälä goýman, dürli-dümen naharlar çekilip başlandy, her adama bir hyzmatkär diýen ýaly, çemçe-çanak, käse-okara mähetdel edilmän alnyp dur. Uzak ýoldan surnugyp gelnensoň, bir bada ses-üýn pessaýlap, her kim nahar bilen başagaý, bal ýaly tagamlary howlugyp iýýärler. Ahyr aňrylaryna il gonandyr-da, assa-assadan gowurdy artyp ugrady, bir ondan-bir mundan degişmeli sözler çykýar, biri beýlekisini degýär, şeýdip toý gyzyp ugrady. Garňky gatlyşansoň saçagyň başyndan edil saryýagdan gyl sogrulan ýaly bilniksiz turup, myhmanlaryň hälki münüp gelen bezemen paýtunlaryna ýüklenip, toý ýeriniň aýallary, Döwletmämmet hanyň gaýdyp gelen gyzy Akmaral ýola düşüp, sessiz-üýnsüz tümlügiň içine siňip gitdiler. Olaryň sypba-sypyrylyp, çykyp gidenine emir köşkünden gelenleriň hiç biri aňam salmady, näme toýçulykdyr-da, girip-çykyp ýören gytmy? Diňe Abulseýz hanyň on alty ýaşly uly gyzy Hurşida Akmarala ýapyşyp duransoň, “Biziň däbimiz boýnça pylan ýere çuwalgyzy aýlap gelmeli diýip, aldap-ogşap, onam ýanlary bilen göterdiler, diýlen ýere asyl ýetilmänsoň, ýolda ep-esli ara açylansoň, bir gümürtikligiň bardygyny aňsa-da, indi giç, diňe takdyra kaýyl bolmadan başga alajynyň ýoklugyna düşünen Hurşida-da paýtunyň üstünde ýüzüni aşak sallap oturdy, şeýtmese, elini-aýagyny güýlüp, agzyna keçe dykaýjaklar.Bu barýanlaryň gara çyny. Paýtunlary sürüp barýanlaram, jellatlaryň atlaryna münüp barýan ýigitlerem gidilmeli ugry-ýoly gowy bilýärler – ugur Hywa tarap. Mal-garalaryň şol tarapa gideni birçak. Garry-gurtular, aýal-oglan uşaklaryňam ýola düşenlerine ep-esli wagt geçdi, olar eýýäm Hywa hanlygynyň bir çetinden girendirler. Atarman-çaparman ýigitleriň köp bölegem ýolda garaşyp ýatandyr, dynçlaryny alyp, atlaryny seýisläp, birden kowgy geläýse, alkymyndan alar ýaly. Hawa, gijäniň içinde çala saýgardýan ýoldan ulaglaryny gyssaşyp, haýdap barýarlar, alan ýollary özleriniňki. Ökjelerini sydyrdyp, kowgy gaýtjagam belli. Geçip bilen ýoluňy geçmeli. Entek toý ýerindäki niýetlenen, öňünden biçilen wakalaram gopmaly, myhmanlaryň ýanynda galanlaram gonaklaryny ataransoňlar, yzlaryndan gelip, ýetlişerler-dä. Örän gizlinlik bilen edilýän bu işde näme etmelidigini köpçülik bilenok-da, içlerinde baştutanlary bar, şolar aýdýar – nirä gitmeli, näme etmeli? Döwletmämmet hanyň gyzyna-da matlaplar ýuwaş-ýuwaşdan mälim edildi. Akmaralam aýylganç gaplaňyň agzyndan sypanyna begenip, iki bolup bilenok, ýetişip bildiginden özleriniňkilere alkyş okap barýar. Abulseýz hanyň jellatlarynyň iýip-içip oturan ýerinde, hemmeleriň geçisi daga ýaýrady, hasam epeý kişi görünjek bolup, gaýşarlyp-ulumsyrap, hondan bärsi gürrüňleri tapýan Rozykul jellatbaşynyň ýanynda Hojanepes batyryň özi otyr, aýdan gepine, başyny atyp, hä berip, ugruna kowup, uguny ýekeläp... --Siziň hanyňyz oňardy, Abulseýz hana gyzyny berip. Bilip etdi şol işi, ederini bilýän adam eken. Abulseýz han bilen erjeşmek – akmaklyk. Ol ur diýse, öldürmeli, sellesini getir diýse, kellesini almaly! Jellatlar başy ýanynda oruranyň öz öldüren adamynyň kakasydygyny bilenok, aslynda Gyzylam tananogam, ýadyna-da düşenok. Ol haýsy birini ýadynda saklasyn? Şol gezekki ýaly garpyşyklary göre-göre gelýär. Indi ol adamyň janyny gabz edende bir haram tüýem gymyldanok, ýüregi ölen, her gün kelle kesýän peşşaba dönen. Bu gabahat pişä yhlasly topulansoň, Abulseýz han ony öz jellatlaryna baştutan belläpdi. Ol ýene sözüni öňki hörpünde dowam etdi: --Arada siziňkilerem bize garşy baş göterdi, akmaklyk edip, almytlarynam aldylar. Hojanepes batyr biperwaýsyrady: --Oglanlar ýaşlyk edipdirler-dä, indikile sapak bolar, gowy edipsiňiz. Han aganyň häzirki toýy uludan tutýanlygynyň bir sebäbem sizden ötünç soramak. Geçirersiňiz-dä? Hemmämiziň towakgamyz şu. Günämizi nädip ýuwmalam bolsa, biz bar. Heý-em, bir siz ýaly – Abulseýz hanyň hyzmatynda gezip ýören abraýly adamlaryň aýdanyna däl diýlermi? Ýaşlarymyzam ýalňyşanlaryna indi düşünýärler. Bu sözler Rozykul jellatbaşa hoş ýakdy, parady: --Ýaşuly, ýigitleriňizde siziňki ýaly akyl bolanlygynda, şol bidüzgünçiligi etmezdiler. --Zeleli ýok, deregine şol akyly siz berdiňiz. Biz sizden juda minnetdar. Bizdenem gaýdar, eden şol ýagşylygyňyzy artygy bilen ýerine salarys. Hojanepes batyryň aýlap-kakdyryp aýdanyna Rozykul jellatbaşy göni manysynda düşünip, keýpi göterildi, hasam göwni joşup gepledi, onuň göni manysynda düşünmeginiň degerli emmasy bar, çünki, ol özünde birjik-de müýn-günä bardyr öýdenok, ilden üýtgeşik näme edipmişin? Eger adam öldüren bolsa, dogry edendir, onuň kesbi-dä! Häli-şindi onuň eli gan. Oňa-da buýrulany şol, onda-da kim buýurýar? Hut Abulseýz hanyň özi. Buharanyň emiri! Jellatbaşy emiriň aýdanyndan çykanok, ine, gaýtaryja-da nökerleri bilen gitmegi şol buýurdy-da. Üstesine-de “Ýolda-yzda hatyrjem gezgin, meniň iň ýakynlarymy alyp barýansyň – gelnim, gyzym, inim Hajy, beýlekilerem daşym däl. Kelläň bilen jogap berýänsiň” diýdi. Özüniň janajanlaryny Rozykul jellatbaşa ynandy. Abraý dälmi şol? Hany, Abulseýz hanyň buýrugyny berjaý etmänem gör! Şol öldürilýänleriň gününe düşersiň-dä! Abulseýz han aýtdy, gutardy! Ondan soň, heý, ol işde çiglik bolarmy? Hiç kimsäniň hasap soramaga haky ýok. Şonuň üçin ol özüni hiç kimiň öňünde aklamagam islänok. Ine, türkmen ýaşulysynyň aýdyp duranam şol-da... Rozykul jellatbaşy şu pikirleri kellesinde aýlap durşuna özüni mähelläniň içinde keýpihon alyp barýar, onuň bu bolşundan beýleki jellatlaram gylaw alyp, seslerine abaý berdiler. Her kim söz nobatyny almaga gyssanýar, orta şorta gepini oklasy gelýär. Jellatlar gabarlyp-göterilmez ýalam däl, öňlerindäki nahar çala sowasa, täzesi gelýär, tabaklar çalşyp dur. Jellatlar beýle hyzmaty Abulseýz hanyň köşkünde-de görenoklar. Bir söz aýdyp bilseler, hyzmata gaýym tekelerem gülşüp, oýundan hezil edýärler. Gopýar bir hezillik. Gije-de, ynha, çene ýetdi, dogrusy, ýetdi-de, çenden aşdam. Oturyp, dynman, iýlip-içilip, äňler halys ýadadam. Ýste-üstüne agyr sygnalan naharlar, aşa dokluk surnugan jellatlaryň aldygyna ukusyny tutdurýar, owalaryny bürüp, usurgadyp barýar. Iki-ýeke bir ýan agyp, irkiläýsem diýýänlerem bar, gan guýlan gözleri ümezläp, çala ymyzganşyp durlar, ýatmajak bolup, çala tisginip-tisginip gidýärler, ýene özlerine gelmek üçin kirpiklerini çalt-çalt açyp-ýumýarlar. Ýeke özi gepläp, ýanynda oturan ýoldaşy ýassyga gyşaryp, agzynyň hyllygyny sarkdyryp, uklanlaram bar. Gürrüňçiligiňem mazasy gaçdy, esasy aýdyşyljak-diýişiljek gepler, ýomaklar kiparlady, iki-ýeke gepläp duranlaram sözüne nokat goýp bilmeýänler. Hälki agzyňdan çykana, aýdan sözüňe şowhunly hä berýänler indi biperwaý, indi olara zat aýtmasaň, gowy, hiç hili gep ýakanok, hä bermäge hallary ýok. Hyzmat edip ýören ýigitleriňem aladasy ýetik, saçagyň üstündäki gap-çanaklary ýygnaşdyryp ýörler, biri girýär, biri çykýar. Düýegöz han hemmelere eşitdirip, kesgitli sözüni aýdyp, şeýle teklip etdi: --Myhmanlar, öý eýesi bir gep diýse, gelşigem ýok welin, ýatar çenem boldy, gözleriň awusyny almasak-a... Biziň türkmenlerimiziň köneden gelýän “Myhman paýlaşma” diýen däbi bar. Şol dessurymyza görä, her haýsyňyzy birimiz öýümizde myhman äkidäýsek... Ýatjak ýerleriňiz taýyndyr. Ýuwunyp-ardynjak diýseňizem, ähli şert göz öňünde tutulandyr. Gerekli zadyňyz çyksa, aýdyberiň, oglanlar başujuňyzda hakgula diýip durarlar, üstüňizden guş uçmaz. Uklap galanlara degmäň, ýatybersinler, üstlerini ýapyşdyrarlar. Zyýapatyň yzyny ertir dowam ederis. Onda sag-aman ýatyň! Hojanepes batyram Rozykula ýüzlendi: --Menem sizi alyp gideýin, siz meniň “myhmanym”, size öýde-de aýratyn hyzmatym bar. --Onda Abulseýz hanyň inisi Hajynam bile alyp gideli. “Şonuň ýanyndan aýrylmaly däl!” diýip, maňa hökümdarym tabşyrdy köşkden gaýtmankak. Abulseýz han gyzy Hurşida bilen inisi Hajyny görer gözüne deňeýär. Hojanepes batyr baş atdy: --Ol-a hasam gowy. Ýörüň. “Myhmanlary” paýlaşdylar, her kime biri ýetdi, yzlaryna tirkäp alyp gitdiler. Hojanepes batyr ylla gymmat bahaly daş tapan dek, Abulseýz hanyň inisi Hajy bilen, öz ogluny parçalan Rozykuly öýüne alyp bardy. Dogrudanam, olaryň düşekleri ýazylgy eken. --Ýerli-ýeriňize geçiberiň. Ýaňy size “Öýde-de aýratyn hyzmatym bar” diýdim. Ýatyp, biraz dynjyňyzy alyň. Ertir görkezerin. Gözüňiziň awşamasy aýrylsyn. Başga gerek zadyňyz ýok bolsa, men daş-iç aýlanyp geleýin, siz rahat ýatyberiň. “Myhmanlar” derrew süýji uka gidenligi çekýän horlaryndan aňdyrdy. Hojanepes batyr Döwletmämmet Düýegöz hanyň ýanyna gitdi, eýäm onuň degresine ýuwaş-ýuwaşdan üýşüp ugrapdyrlar. “Biziň “myhmanymyz-a” ýatdy-da, ýatdy” boluşýarlar. Öňden gepleşilişine görä, Abulseýz hanyň gonojak jellatlary mazaly uka gidensoň, han aganyň yşaraty bilen ýatanlaryň janyny sessiz-üýnsüz jähenneme ibermeli. Tükel hemmesini hanjardan geçireňsoňam, iş bitdigi hasap. Soň bu jelagaýlardan göterilibermeli. Dogrusy, olary ýatyryp däl, oturan ýerlerindenem ýoklap biljekler, beýtseň, özlerindenem bäşdür-üçdürine şikest ýetip, heläk bolmagy ahmal, iň gowy usul – assyrynlyk. Bu usul Seljuklar döwründen galan. “It ne gara görsün, ne-de üýrsün” etdiler. Itiň gykylygy ertesi eşdiler. --“Myhmanlary” ataryň! Han aga tarapyndan yşarat edilensoň, her kimiň gyssagy özi bilen, öýündäki çäşerilip ýatan Abulseýz hanyň jelladyny hanjardan geçirip, tepbedini okamaga howlukdylar. Suw çyrşakly jam sähel wagtda guraýar, ar çyrşakly jam wagt geçensoň, alan hamyr ýaly münderlenýär. Tekeleriň gazaby münderlendi, daşyna çogdy. Abulseýz hana syrtyny diräp, kylanyny kylyp, eýlänini eýläp ýörmelidir öýden jellatlar nijeme gezekler dişlerinde et galyp, edeni geçer, özlerinden hasap soralmaz öýdüpdiler. Hasap welin bar eken, soralýan eken. Onda-da edenjeleriňi-dökenjeleriňi damak ganyň bilen hasaplaşmaly. Teke ýigitleri söwdalaşybam durmadylar, pygamber söwdasy! Ölenleriň hemmesine derek hemmesini! Algy-bergide kemçilik galmady, halallanyldy, hasaplaşyldy, ganyny joralandyryp-sarkdyryp ýatan jellatlaryň bir eşdeni häli-bu güne çenli ulanylýan jümle: --Mugt Buharda-da ýok! Häli-bu günlere çenli halkymyzyň dilinde ulanylýan atalar sözümiziň manysy soňlugy bilen has giňedi, her agza düşen sözüň teýkary bar. Güpür-tapyra ukudan oýanyp, jellatlaryň bu düşen aýylganç ýagdaýlaryny gören köşkden ýollanan gaýtaryjy bilen gelen aýal-oglan-uşaklar – Abulseýz hanyň garyndaşlary gorkuşyp, bir çüňke dykyldylar, biri-birlerine gysylyşyp, aglaşyp durlar, galpyldaşyp. Nämäniň nämedigini doly aňşyrman, tutuş göwresi bilen titirdikleýän sazanda daýraçydyr kernaýçam şolaryň arasynda. Hojanepes batyr sandyrap duranlaryň ýanyna baryp, olara hiç kimiň el degirmejegini aýdyp, köşeşdirdi: --Siziň bilen işimiz ýok, ugruny tapyp, yzyňyza gaýdyberiň. Baryň-da gören-eşdeniňizi Abulseýz hana gürrüň beriň. Onuňam ahmyry galmasyn, döwşerin diýse-de, tutuşaryn diýse-de, Hywanyň serhetine barybersin. Näme edişse, biz bar. Gepiň külesi ýagşy. Döwletmämmet Düýegöz han jigitlerini alyp, ýola düşdi, iş bitirip, aryny aňry ýany bilen ýerine salan adam özüňe belli, ýüregi düşüşip, rahat kadda geldi, ähli edenleri göwünlerine düwendäkileri deý amala aşdy. Han aganyň içine salyp, çeken gaýgy dertlerini, goý, indi Abulseýz han çeksin, ýerinden galyp bilmän, başyna geýen buhar sugununuň şahy ýaly haýbatly täjini syrtynyň aşagyna bulap urup, hunaba ýuwutsyn. Itiň başyna gelýäniň gurduň başynda-da gelýänini bilsin! Söweşde käte hanyň yzdan ýöremeli wagtam bar. Häzir Düýegöz han öz göçleriniň iň yzyndan ýöräp, taýpadaşlaryny öňüne salyp barýar. Olar az ýöräp-köp ýöräp, nirdesiň Hywa serheti diýip gidibersinler. Nireden, nädip ýeteni belli däl, ertesi irden Abulseýz han bolan waka barada hemme maglumaty jikme-jik eşitdi. “Jellatlaryň hemmesi, biri goýulman, kaklanyldy, iniň Hajy öldürildi, iň eziz görýän gyzyň Hurşida süýreldi, aýalyň seni terk etdi” dien habary eşdip, iki aýagy bile sazanaklady, öz eden söwdasynda utulanynyna akly çatdy, wezir-wekillerini ýygnap, gyssagly geňeş geçirdi, “Indi näme alaç tapmaly?” diýen sowalyň üstünde. Ahyrda-da baş weziriň ýanyna on-onbäş adam goşup, tekeleriň üstüne töwellaçy iberdi. Töwellaçylar Döwletmämmet Düýegöz hanyň yzyndan ýetdiler. Baş wezir bilen Döwletmämmet Düýegöz hanyň arasynda bolan gürrüň: -- Abulseýz han araňyzda gopan işe hapa bolup otyr. “Myhman çagyryp, beýle iş etmek olara gelşenok” diýýär. --Bizem siziň myhmanyňyz, Abulseýz hana gelişýärmi öz edenleri? Döken ganyňyzy yzyna aldyk, läşiňizem özüňize galdyrdyk, bize artyk zat gerek däl! -- Abulseýz han puşeýmen edýär. Ötünç soraýar. --Onuň ötünjine öň garaşdyk, soňky tüýkülik sakal ezmeýär. --“Geçeni geçdi bileliň, yzyňyza dolanyň, dagy-duwara, bitiňiziňem burny ganamaz, ant içýän” diýdi. --Öňem biz ähtnama baglaşyp geldik, antyny bir ýuwdan ikinji gezek ýuwutmazmy? --Siz Hywa goşulsaňyz, olar has güýçlener. Biz öňem olardan eýmenýäris. --Biz Hywa hanlygyna goşulsagam, olar bilen birigip, siziň üstüňize çozmarys. Ýasy ýanyňyz ýerde bolaýsyn. Degmedige degýän däldiris. Biz duz iýen topragymyza hyýanat etmeýäris. -- Abulseýz hanyň iň soňky haýyşy – gyzyny gaýtaryp berseňiz? Döwletmämmet han dymdy. Baş wezir: --Eger Hurşydany gaýtaryp bermeseňiz, onda emir meniň kellämi alar. “Tekeleriň Buhara gelmeginde seniňem goşandyň bar” diýip, şu gopan işleri menden görýär. --Gyzyny al-da, ötägit. Bu ýumşuňy bitdi hasap et. Ýöne biz Buhara bilen Hywa hanlygynyň serhetinde garaşýarys. Eger erteki gün “Gaçyp gitdiler” diýip, gyşyk gürrüň etjek bolsa, gelsin goşunyny alyp. --Ýok öňki uruşlarymyzdanam baş alyp çykyp bilemzok. Gyzyny gaýdyp berýäniňize taňryýalkasyn, han aga. Baş wezir Abulseýz hanyň gyzy Hurşidany alyp, nökerleri bilen gaýtdy. Döwletmämmet Düýegöz hanam Hywa tarap göç eýledi. Töwellaçylaryň halysalla dogry habar getiren bolmaklary hem mümkin, sebäbi, tekeler at üsti söweşiniň ussatlary, olaryň pajygaly geçmişi muňa mejbur edipdi, taýýar goşun, ýaraglary billerinde, söweşde gaýduwsyz, içinde Hojanepes ýaly batyrlary kän. “Batyr” diýilýäni, duşmandan, ajaldan gorkmaýana aýdylýar, haçan diýseň göni sürüberýär ganym üstüne. Tekeler ýygyn tartyp çykyp gidensoň, Buhara hanlygynda buhar sugunynyň şahy düşen dek boldy, öňem döwletiň başynda duran Aştarhanlar neberesiniň ýurt dolandyryş ukyby, güýji hasam pese gaçdy. Abulseýz hanyň özi gelmäge gaýraty çatman, baş weziriniň üsti bilen ýeňlenini boýun aldy, emma içinden welin her hili ýollar-toslamalar bilen özüni aklamaga çalyşdy, kylan gabahatlyklaryny delile getirdi. Hakykat hemişe ahyrda urup-ýaryp çykýar. Akyldar baş weziriniň arkasyndan häkimýet başynda köp oturan Abulseýz han (1711-1747 ýý) tä ömrüniň ahyryna çenli teke türkmenlere garşy eden hyýanatlaryna ahmyr çekip, çoh puşeýmanlar kylypdyr. Onuň şu ýagdaýa düşmeginde ýaşajyk Keýmiriňem kiçijik ýyldyz ýaljak paýy bar, ýagny, ol babasy Döwletmämmet Düýegöz han Orazmämmet oglunyň namys düşeginden galmagyna ýardam etdi, derdinem bildi, dermanynam aýtdy. • Dymmak – aldygyna içiňi gepletmek! Ymamguly possunçy nar gabygy bilen derä reňk beregen, ata-babasyndan gelýän bu kesbiň mazaly abyny-tabyny alan. Yzygider deri işlänsoň, gabygam parap duranok, onsoň her ýyl alysdaky narly oba gidip, bol ýerinden bir ineri mas ýükläp, tümmek edip getirer. Ol bu günem säher bilen ýene ýola düşdi – ýatymlaýyn. Ýene nar gabygyna. Barýan obasynda bir tanşy bar, her ýyl nar gabyklaryny çöpläp, serip, guradyp, üýşürip goýýar, öňden gepleşilen bahajygy bilen. Aslynda olar Ymamgulynyň kakasynyň gatnaşýan ýeri, kakasam şolardan gabyk alardy, indi bu käri özi ýöredýär. Her gezek Ymamguly nar gabykly ganarlaryny dykalap, şolardan ýüklenýär. Täze bir zat oýlap tapmagyň hic geregi ýok, bu indi birnäçe ýyl bäri gowy ýola düşen iş. Gidişi-gelşi üç gije-gündizlik menzil, ötlem-ötlem daglaryň içinden geçmeli. Yzynda-da gelni galdy – ýeke baş. Öýlenenine iki ýyl geçip, üçünjiden alyp ugrady – biperzent. Başda o diýen bildirip barmasa-da, zürýatsyzlyk derdi ýüreginiň aşagyndan dürtülip-çümüp ugrady “Birden biperzent, nyşansyz, bagty syýah gitmeli bolaýarmykam bu bibaka-wagtlaýyn dünýeden?”. Şu gorkusy öýlenmänkä-de bardy “Gyzym bolup, ogul dogulmasa, şonda näderin?” diýip. Indi gyza-da kaýyl. Emma... Molla okadybam gördüler, iküç gaýra, ýakyn alysa gidip, tebibe-de göründiler, her hili emem etdiler, öwlýä-de aýlap, togap etdiler, heniz-ä... Ymamguly öňem tutuk, gagal kişi. Sähelçe zada-da tyz-z-z edip, gahary gelip duran. Ozaldan ýasawy şeýle. Zürýatsyzlygam üstesine. Käteler-ä golaýyna barar ýaly däl. Gysyr gelninden gel-aý dynaýyn diýse, bir hili mährem oturýar, bedbagt gelşiklije-göze gelüwli, mahy-taban ýaly maşgala. Kowmaga dözer ýalam däl. Alyp gaçanam özi. Aý, onsoňam, haýsysyndandygyny kim bilýär, erkekde-de töklük bar. Öz töklügi hakdaky pikir kellesine gelse-hä, Ymamgulynyň hasam myrryhy atlanýar, şol gün onuň bilen gepleşmek mümkin däl, hyrlap duran ýaraly gaplaňa dönýär. Özi özüne ýaranmaýan adama daşyndan kim ýaranyp biler? Onsoň her kimiň gaçgyny şol. Gelin biçäre-de neýlesin, bir öýden girip-çyksaň, “takdyry-hak”-da diýip, çekmeli-dä. Umyt bir taň zat, Ymamguly ýene zordan özüne basalyk berýär, belki, bagty açylar. Indi-hä özüniňem hiç kim bilen ýagşydan-ýamandan gepleşesem gelenok, beste dahan-agzy bagly. Ýüzüni ajan hamyr ýaly turşudyp, agyr dymmany çykardy, dymmak diýilýänem – aldygyňa içiňi gepletmek. Derdi-azaryny içine salýar, oňa-da hum ýaly çişýär. Ýeke galan mahaly öz böwrüni diňläp görýär welin, kalbynyň iň çuň ýerinden möjegiň uwlaýan sesi gelýän deý. “Içine dogmaz oglan saldy” diýilýäni, belki, şudur? Ymamgulynyň kellesine ters-bulaşyk pikirlerem gelýär: “Heniz dogulmanka munça jebir berýär, a doglansoň näçe hypbat berer?” Şeýdip, dünýä inmedik çagasy bilenem gatyrganyp-garpyşyp bilýär. Gelni Zeýtun bilenem, esasan, jabjynyp gürleşýär Jabjynmaga üýtgeşik sebäbem gerek däl, “Çaý demle!”, “Nahar al!”, “Düşekleri ýazyşdyr!” diýende-de gygyny pürküp, abaýlap aýdýar. Hamala ary köýen kibi, ýüzüni kese-kese sowýar. Özünem horlaýar, gelninem ýakýar – diriligine. Hawa, dazarlyp gepländ-ä baýaky, dyman çaglaram peti tikenekläp dur. Zeýtun biçäre-de ärine habar gatjak bolsa, hyllalla, ylla, ýaga depjek ýaly. Golaýyna baryp bilmän, sazanaklap, ýuwdunyp dur maňlaýygara. Geplese-de, ýalňyş, geplemese-de. Barsynyň teýinde-de –şol şum perzentsizlik. Aý, edil beýle-de däl, aýdýan gepimiziň has düşnükli bolmagy üçin, başyndan alyp gaýdalyň söhbeti. Owwalyndan tagbyr kylmak lazym! Ymamgulynyň uýasy oba daşyndaky derede mallar üçin ot ýygyp ýörkä, nirdendir bir ýerden gyrgy ýaly peýda bolup, bir dor atly zeberdest jigit gelip, sen-de ýok, men-de ýok, gyzy ata basyp, alyp gaçýar, gygyranyna, ýalbaranyna, haý-waý edip, aglanyna seretmän. Oňa öňden çemelenip, ýörite töwerekde gyzdan başga hiç kimiň ýoklugyny peýläp, gyzy alyp gaçmagy ýüregine berk düwüp gaýdan aga diýerler. Gyzyň elinden tutup, bir silkende atynyň öňüne basyşy, derhalam görer gözlerden gaýyp boluşy bu işiň hasabyny mazaly alana meňzeýär. Kimligi, nirelidigi bilinýänçä-de, iş-işden geçýär, nika gyýlyp, toý tutulýar – şark-murk. Är-aýal! Onsoň nirä gitjek? Garaz, töwella gelinýär, yrymyna ýagşy diýip. Gaharlansaňam, gaty görseňem, öýkeleseňem, ýa burnuňy, ýa tirsegiňi dişläp, ylalaşaýmadan başga ýol ýok. Gadym zamanlardan bäri gelýän bu usula “Al-gaç!” diýilýär, şeýle at bilen bir türkmen sazam bardyr, “Al-gaç, ýar-eý, pelek ömrüm” diýen ýaly sanawajy bilen. Delile getirip, oňlar ýaly zat däl welin, durmuşda bar zat, bir türkmende däl, gazakda-da, gyrgyzda-da, garagalpakda-da. Nätjek, “Aý, iş-işden geçipdir” diýip, kaýyl bolaýmasaň, dagy näme, gyrlyşjakmy? Alyp gaçan giýewiňi tutup, ýenjip, maýyp-müjürip edip, gyzyňy yzyna alyp gaýtsaň, ondan gowy boljakmy? Soň gyzyň kime gerek? Aýaly ölüp, telpegi aganamy? Näme ol ýagdaýyň häzirkiňden gowumydyr? Ýok! Namysjaň Ymamgulymy muňa kaýyl boljak, gitdi, burnuna ýel düşüp, gözüne gan guýlup. Aňtap-tapyp, ýaňky täze giýewisiniň gyz jigisini süýräp, alyp gaýtdy, ata kese basyp. “Edişiňe görä edişim, ölşüňe görä-de gömşüm” diýip. Aglasa, aglabersin, eňrese, eňräbersin! Kim oňa seredýär? Gyzyň sesi birneme ýognasrak eken, Ymamguly birbada arkan serpiljek ýalam etdi-de, ýene özüni dürsäp: “Ejesiniň sesi erkegiňkä meňzeş ýogyn bolsa, ogullary pälwan bolýar diýýärler. Belki, bähbide çeksin, sesi üçin şu gyzdan gaýdan enesinden dogmasyn!” diýip, atynyň jylawyny obasyna tarap gönüledi: “Çüw, atym!” Gyzyň hosdarlarynyň-a indi idäp gelere ýüzi ýok, günäniň ulusy özlerinde, edeniňi iki egniň bilen çekmeli! Bir özüň däl, ilem sençe bardyr! Beterräkdirem! Bäbenegiňe basyp, alyp gider. Onda-da Ymamguly hiç kime hakyny köýdürmez, namys astynda galmaz. Gyzyň daşyna geçip, eýdip-beýdip, yrdym etdiler, molla, pyýada kazylary çagyryp, olara-da nika gýyldy, toý tutuldy. Lekin, Zeýtunyň başga bir söwdagär ýigit bilen arasy bardy, esli wagt bäri ogryn-dogryn hymy-symy edişýäni tarapdan gudaçylyga-da gelindi, habaram alyndy, galyňy-maly geçirilip, ýaňy bir toýuň sähedini alaly diýip ýörkälerem bu betbagtçylyk otly towky bolup, indi başlaryndan, saldy syrtmagy. Indi gyzyň dadyna ýetişjek ýok, näme etse, özi etmeli ýa razyçylyk bermeli, ýa-da hanjar tapyp, urmaly öz döşüňe. Bu ikisi-de dilde aňsat. Nikadan öň Zeýtun Ymamgulyny ýanyna çagyrdyp, ikiçäk galyp, aýagyna ýykylyp, aglaplar ýalbardy: --Beg ýigidim, başyňa-gözüňe döneýin! Halaşýan, duşuşyp ýören ýigidim bar, guda bolduk, bahym toýumyz. Alla-Tagalanyň haky üçin, abraýym barka, eltip gaýt, goýber meni? Köýen aryňy, bar-da, agamdan çykar, bar tut ýakasyndan, gaýratyň çatsa, asyl baryp bilmersiň, duýýaň oňurgaňy ýazdyraýjagyny, ýörite gyjalat berýändir öýtme, Peleň pälwan diýerler agama. Ejiz naçara sütem edip, ol edişiň aryňy jaýyna saldygyň däldir. Bu kylmyşyň goç ýigide ýaraşmaz! Erteki gün iliň ýüzüne, Hudaýyň ýüzüne nedip garajak? Alla jan saňa “Ejizde ne günä bar?” diýse, näme jogap tapjak? “Alynyň aryny Ahmetden çykarma!” diýlendir. Bu edişiňden saňa-da-maňa-da gönençlik ýok. Menem ýakýaň, özüňem. Aşyk-magşugyň arasyna girýäne Garaçomak diýilýär, iki gülüň arasyna girýäniň mazaryna tiken gögerýändir. Ymamguly özüne diýilýändirem öýdenok, ýeňsesini tüňňerdip otyr. Onuňam indi hergiz gaýtmtmyşym etmejegi, götin bir ädim ätmejegi belli, onda-da bujagaz tapýan sözleriň üçin. Gyz has awuly, gyjytly sözlere tutduryp ugrady, jazladyp-jazladyp, ujy közli kesewi basan deý ediberdi, durup biseň, dur öňünde: --Sen näme binamys ýigitmi? Ar diýip, namys diýip eşdensiň-ä, hosdarlaryň öwredendir-ä! Çoçamyň beýle? Bir haýwanyň ysgan suwly jamyndan ikinjisi içmeýär, sen indi, gel-gel, haýwança-da ýokmuň? Tilki sarkyndysyn şir iýmez, daşyndan şire meňzeseňem, tilkiçe-de ýok ekeniň. Duşuşyp ýören aşyky-zar begçer ýigidim bar diýýän-ä, düşünýärmiň? Başga biriniň çeýnemeli rysky bokurdagyňdan geçermi? Erte-birgün uly ilem biler, gürrüňem eder, utanjak dälmiň, eý, betnam? Iliň ortasyna nädip çykjak? Il beýlede dursun, häzir men aýdyp durun-a şol sözleri, garaçygyňa seredip. Il eşitmän, menem aýtmanymda-da, özüň bilýäň-ä hemme ýagdaýlary. Ýeterlik-ä şol. Müň ýalbar-aý, bu sözlere demir erejek, emma Ymamguly abşar lal-jim, doňňara daş. Zeýtunyň aýdýan ýalaw ýaly sözlerine onuň ýeke jogaby bar, olam – dymmak. --Bolýar, namarda ýalbarmaýyn, sözüme ynanmasaň-bawar kylmasaň, bileniňden galma, meni agladyp, bal günüňe batmarsyň! Her kim eder-eder özüne eder. Bilgin, ýöne ol halaşýan ýigidim seniň ýaly palaga hakyny giderjeklerden däldir, gözünde ot ýanýandyr, özüne göwni gaty ýetýändir, pohuňy-bowluňy, eneňden emen süýdüňi burnuňdan getirer, onuňam etjegi içindedir. Ýöne erteki gün eýle ekeniň, beýle ekeniň diýip, maňa igäňi sürtäýmegin, öňünden duýdurandyryn. Ynha, ýol uzakdyr, şu aýdanlarym öňüňden çykar. Tereziniň pes tarapyndasyň, erteki gün ýanyň ýere degip, utulan sen bolarsyň. Başga biriniň nesibesini aşagyňa saljaksyň welin, aşakda sen ýatarsyň, gögüňe garap, ýyldyz sanap. Zeýtunyň ýaňky aýdýanlaryna, heý, gaýtawul berer ýalymy? Tapýan-diline gelýän sözlerini dagy! “Palak” diýdi-le ol. Ymamguly palak ýumurtga diýip-ä eşidýärdi, jüýje çykmaýan, içi düşen ýumurtga-da. Ony nämeden diýdikä? Jadygöý bilgiç-beýleki däldir-dä? “Sypmak üçin hile gurýandyr diýibem bilmersiň, anyk aýdyp dur-a, bir söwdagär ýigit bilen aşyk-magşuk bolşup, ysgaşyp ýörün diýip, başga merk gerekmi? At ýapdan suw içende, öz keşbini görüp, içjek suwuny özündenem gabanýar, aýagyny sokup, peşäp, keşbi ýitensoň, onsoň içýär. “Guda bolduk, malym geçdi” diýýär, bu sözde nähili sapalak bolup biler? Hiç hili! Diňe bigaýratlar ynanmadyksyrar, baş galdyrmaz. Namysdan ýokundysy bar adam şeýle-şeýle diýip durka nika gyýdyryp, toý tutarmy, öýlenermi? Ymamgulynyň kellesine tükeniksiz ýowuz sowallar gelýär, jogabyny welin tapanok. Ol hemişe özüni edenli, başyny çarap bilýän, doglanda enesinden kese gaçan kişidirin öýderdi, asyl, baý-buw, ol nalajy sölite eken-ä! “Namys diýen bolup binamyslyga uçraýdym gerek. Uýamy süýränleri üçin atan okum aýlandy-dolandy-da, ýüregime çümüp, ýene özümi ýaralady. Bu sataşan ganym tohum meniňkiden rüstem. Indi maňa iki dünýe gapyşdy, yza-da ýol ýok, öňe-de. Ikisem ýalňyş. Galdym iki oduň arsynda. Mundan beýläk gözlerinde ot ýanýan söwdagär diýilýän guljumagam burnuny susak ýaly edip, kellämden çykmaz, öňümden aýrylmaz. Bu gyz hak aýdýar, erkekligim-goçgarlygym çyn bolsa, arymy naçardan däl-de, etmişliden çykarmalydym, öl-ölýän bolsaň, honha, uýaňy dula bakdyryp, bir tüýsi bozuk üstüne abanyp dur. Kellämiň gyzgynyna çig iş edipdirin, şol çigligem indi özümi bişirýär, öz etimi özüm iýýän. Uýamy “Peleň pälwan alyp gaçypdyr” diýip, günübirin eşitdim, diýmek, şonuň adyny eşdenimden özüm özüme boýun almasamam, baldyrlarym galdyrapdyr, golaýyna barmaga gorkupdyryn, şol gorkym sebäp, şu namart ýoly saýlapdyryn, indi bir naçaryň gepinden basyl-da, gulagyňy sallap otur! Şu güne deňiç özümi tanaman ýörşümi! Başga biri şeýtse, nokgy-nokgy edip, mertlik hakda akyl satardym. Adam ýeriň giňinde özüne kimkäm diýip, uly baha berip, gomalyp, dar ýerde-de kimligini tanap, pyssarýar. Ine, men häzir “Ýandakdan beýik, itden pes” diýen ýagdaýa düşdüm. Indi ýanym ýerden galmasa gerek. Bile ýaşaşsaň, gyzyň ýaňky sözlerini gaýdyp eşitmerin öýdýärmiň? Ikiň birinde eşdersiň! Ilem eşder, ýüzüňe-de basar. Ilden eşdeňsoň, gyzdan eşden ýaly däldir. Ymamguly, najadyňa garaweri, bu iş deri eýläp, possun dikenden çökder!” Ymamgulam zynhar bigaýrat ýigitlerden bolasy gelenok. Her kime-her kime göwni ýetenokd-a onuň. Her ýerde ýakasyny açyp, adamlaryň gözüniň içine seredip, diýjegini diýip, etjegini edip, Pelege burnuny tutup, müýnsüz gezýärdi ahyryn. Ýöne bu düşen ýagdaýy, kylan kejebargaç işi özüniň iki aýagynam sary ädiginiň bir gonjuna sokdy, ýöre-dä indi ýöräbilseň! Aýagy duşalan göhert ýaly. Nirä ýörejek, nädip ýörejek? Agsak durna ýaly towsaklaberjekmi? Ýa gähedem-dessemläberlekmisiň? Ýol-a uzakdyr. Uýasyna derek şu gyzy ata basyp gaýdanda-da özüni gaýratly, merdi-merdana alp är deýin iş edýändirin öýdüpd-ä. “Ine, meniň ediberişim” diýip öwnesi gelipdi, deň-duşlarynyň ýanynda. Obasynda özüne zor ýigit diýdiresi gelipdi. Ol aryny köýdürmedi, ýerine saldy ahbetin! Hakykatdanam, başga bir oba baryp, onda-da Peleň pälwanlaryň işiklerinde kir ýuwup oturan ulygyzy ata basyp gaýdaýmak öň ýeteniň elinden geljek hünärmi? Ymamguly başardy şeýle etmegi, hötdesinden geldi, ýüregi dagysam sarsmady. Bir oňarmadyk zady soňunyň nähili boljagyny öňünden çaklap bilmedi, gazan çukuryna özi düşdi, guran duzagy öz aýagyny gapjady, ber habaryňy! Beýle-beýle zatlara garaşmadyk Ymamguly indi kellesini tutup otyr, beýnisinde iki ýan at çapýan bady-baran pikirlerem öň eden oýlaryna meňzänok. Birinji gezek başyna düşüşi. Kellesini tutýar, tüňňi maňlaýy ýanar ot ýaly gyzýar, ylla, tomus-tabystan. Ahyrynda-da halk üýşürilip, uly toý tutuldy. Toýçularyň gelin bilen öýlenýän ýigidiň arasynda bolan ýakymsyz, agzyňa alyp, gulagyňa eşitdirip bolmajak gürrüňlerden, öň bolup geçen wakalardan habarlary ýok. Toýmuşyn diýip, başagaýsyrap-gaýmalaklaşyp, tasaşyp ýörler. Kim nahar bişirjek, kim garabokurdagynyň ugrunda – petekesini doldurjak. Ýöne iliň gözünden sypma ýok, olar Ymamgulynyň sustlugyny, keýpsizligini, öýlenýän ýigide meňzeş däldigini welin ýüzüniň ugruna aňladylar. Eda deň-duşlary eýle diýip-beýle diýip, degşip, taryna kakyp gördüler. Olam ýüzüni has beter ajytdy, oňa häzir oýun ýakanok. Degşesiň gelmese, bize-de hökman däl diýip, adyny tutanlaryna toba-puşman edip, toýçular özleriçe şatlanyberdiler, Ymamgula barmysyň diýýänem ýok, adyny tutýanam. Toý onuň özüniňki däl ýaly. Düşnükli-le, özgäniň toýuny ogurlap, toý tutsaň, onda saňa öz toýuňdan lezzet ýetmejek eken. Toý şatlyk üçin tutulýar, emma, ol Ymamguly abşaryň öýüne hasrat getirdi, bagt üçin tutulýar, onuň öýüne betbagtlyk getirdi, ýöre-dä indi abşarylyp, ýöräp bilseň. Dowzahyň içinde galan ýaly. Possun dikýän hütdük ýaljak özbaşdak dymyljyk ysly pagsa tamynyň – ussahanasynyň barlygy bir gowy zat. Hälisem ýok, şindisem ýok, gir içine-de, iňňe-temeniňi sanjyber! Her temen sanjanda, hamala, keç täleýine hanjar dürtýän deý, kalbynda galan otly sesewi ýaly öçlerini hasaplaşýan deý, gazap bilen işlenip, biçilen deriniň içinden iňňesini lasyrdadyp geçirýär. Derini nädip dikeýin diýse, öz elinde. Emma şum täleýi, keç ýazgydy onuň öz ygtyýarynda däl. Ýokarkyda!!! Oňa ýarar iş etmeseň, Olam seniň gaňryşyňa gidýär-dä! Kibtiňi-guýrugyňy ýamzyňa gysyp gezäýmeseň indi. Şol aýdylan awuly gürrüňlerden soňam toý tutulsa, süteme çydaman, bärik düşen ýaş gelniň içi sowajakmy? Ine, belanyň başlangyjy nirede! Är-aýal bilelikde ýaşap başladylar. Ýanýoldaş zenanam – kümüş ganat-perli melek-uçýan perişde, eger, äri aýasynda göterse. Ymamguly-ha gelniniň ýanynda kän bir geplemsek däl, diňe dawa tapan çagty gürleýär, gelnem lal-jim gezip ýör. Ýöne etden ötüp, süňke ýetenseň, geplemäýin diýseňem, gepleýäň. Aýsona daşyndan görnüşi ýaly beýle bir hudaýuran, ýumry-ýumşak ebla-da däl oguşýa. Ýany ýere degmeýän, men diýenleri dow-dowly ady bilen eýmendirýän şol Peleň pälwanyň uýasy-da! Başyna kürte atylansoň, birbada dymyp gezse-de, ahyry olam dil açyp ugrady, “Büräniň kiçisi gaty dişleýän eken”, ýaşmagyň aşagyndan azdan-köpden çykyberdi ajydäne sözler, çykyberdi demi-üýni. Uýgunlaşyberdi ýagdaýa, duza gaçan duza öwrülýär-dä! Är-aýalyň haýsyny bijebaşy etjegiňi bilmersiň, aýak direşip, deň garpyşyp durlar. Zeýtundan görjegiňem, Ymamgulydan görjegiňem bilmersiň, “ikisi bir şeýtan” diýilýän. Eger şeýtany lagnany almaz gylyç bilen dik iki bölseň, bir bölegi Ymamguly, beýekisem Zeýtun! Iki bölseň, şeýtanyň ölmegi mümkin, bular welin bölünişikden möwüç aldylar. Tä daň agarýança gidişýän wagtlaram bar, ýarymukuly halda-da sögüşip başarýarlar, Ymamguly uklan ýalam edýär-de, birden kellesini zompa galdyryp, batnyksyzyny atýar, şeýdip, tapan delili bilen gelnini ýeňendirin öýdýär. Ýeňil nire, Zeýtundan beterini eşidýär, onuňam awuly sözler agzyna atylyp goýlan kibi, täzeden örç alyp gidişip başlaýarlar. Ymamguly bir ýerde gulagyna degen “Gidişip batyn” diýen içýakgyş gepi aýdyp, gülküsem tutýar, bildirmän içinden gülýär, oňa “içiýananyň gülküsi” diýilýär. “Aklym üýtgäp, däliräýmesemem biri” diýip, samsyk gülküsinden howatyrlanýaram. Agyň gülkä öwrülse dagy näme diýjek? “Şeýt-de, gülkiňi aga, agyňam gülkä öwür-de ýör, binamys!” Diňe dawalaşandamy, dymanda-da Zeýtun Ymamgulynyň bagryny tütedýär, howlularyna kimdir biri gelip, bir zat diýip gitse, eşden habaryny ärine-de aýdaýjak ýaly-da, eger-eger, edil agzy mumlanan ýalydyr, deňinden geçer gidiberer, muňa-da Ymamgulynyň gelýär myrryhy. Bir gezek-ýarym gezek sorabam gördi: --Näme diýip gitdi ýaňky aýal? Gepl-ä! --Hiç zat! --Bir zat diýendir-ä? --Aýdan zady saňa degişli däl! --Bir öýde ýaşasaň, degişli-degişli däli bolarmy? --Aýallaryň içki geýminiň balakýüpüni satýan eken, gerekmi, aljakmy? --Aý, ýöne odur-budur satýan eken diý-de aýdaý-da? --“Näme gürrüň etdi?” diýip, gelenden-gidenden betgüman bolsaň, indi aňrydan gelen heleýleriň habaryny teti ýaly bolup, özüň al. Men goşulman. Aýny şonuň ýaly-da, Ymamguly oba-gara toýa-beýlekä, ýa ýörite iş bilen bir ýere baryp gelse, Zeýtun ondan gören-eşdenini soranok, biperwaý, onuň üçin hiç gyzygy ýok. Ymamguly kä del abary içine sygdyryp bilmän, aýalyna gürrüň berjegem bolsa, Zeýtun tarapyndan nä hä bar, ne hawa. Ýüzüni kese sowup oturanyň ýanynda gürrüňiňem mazasy ýok. Ymamguly gürrüňe başlanyna puşman edip, aýdyp ugran habaryny bilinden şarta döwüp, “Aý, meni öldürmeli-laý, şuňa daga-da bir zat aýdyp berjek bolup, mundan gara ýere aýtsam, gowy diňlär” diýip, gaharly turup gidýär. Onuň gaharynyň gelenine ýüregi awajak adam ýok, gaýta Zeýtun-da onuň yzyndan hüňürdeýär: “Tazyň özem gerek däl oslugam, maňa zat aýtma, aýdanyň gerek däl, döremän geçen! Ilkä allanäme gürleşen bolup, yz ýanam aşyňa awy gatyp duran bilen meniň gürrüňim galmandyr”. Aýalynyň awy gatylan sözlerinden ýeňlen Ymamguly dymdy, dymmak hakda bir pähimdaryň aýdan sözem bar “Dymmak pikirleriň şasydyr, sözler bolsa onuň bolgusyzja terjimesidir!”. “Häzir bir söz diýseň, ýene garpyşjak, aýdyp duranynyň telekligini köşeşensoň, arkaýynçylykda düşündirin-dä” diýip, Ymamguly dymdy, soňam ýene özüne içinden gyjalat berdi: “Köşeşensoň diýýänmi? Hä, aýalyň garpyşjagyndan tap duýup, eýmenip ugrapsyň-ow?! He-he-heý, possunçy abşar, torsarlan bolup, şunça ýeňsäňi tüňňertsňem, salyň gowşap ugrapdyr, entek gözüň nämäni görýär?” Ymamguly diňe dymyp, öz ýanýoldaşyna berk gaýtawul berip bilýär. Ýöne şol usula Zeýtun-da ökde. Är-aýal agyzlaryna geleni aýdyşyp, sögüşenlerinde däl-de, agyzlaryny pugta ýumup, dymşanlarynda beter usurgaýarlar. Beterinem edýärler, hiç kimiň hiç kime nebsi agyranok, ýüzlerini öwrüşip, ters bakyşyp ýörler. Aýalyň-ha içi ot: “Ärim gürlemän, içimi ýakýar”, ärem “Aýalyma garşy meniň bar ulanyp bilýän ýaragym dymmak” diýýär, bu maňlaýy garalar bir-birlerine dymşyban ýaranyp bilenoklar. Dawa diýilýäniň soňy tükeniksiz eken. Eger ikisini ýatan ýerlerinden turzup, nämäniň üstünde ýaňkalaşýanlaryny sorasaň, käte jogabam berip bilmezler. Ikitaraplaýyn sanaşa-sanaşa, kelebiň ujy ýitip gidipdir, uç küje, uşlyp küje? Hiç zadyň üstünde! Ine, jogap! Buz üstünde tozan araýar diýileni. Iň ýamanam, käte ikisiniňem aýdýany şol bir zat, şeýle halat gopgunlaryndan köşeşmek has kyn. Olaryň paýlaşyp bilmeýän zady ýok, olaryň ýyldyzlary oňşanok. Asmanda ýyldyzlary gowuşmadyklar-da! Oho-how, adam balasynyň kysmaty asmanlarda çözülýän eken-ä. Gökde ýyldyzyň gowuşmasa, öýde ýyldyrym çakýar, olar häli-şindi ýyldyrymy başlaryna geýdiler. Täjiň ýyldyrym bolsa, uçgun syçradyp, süsüşiberýäň jarka-da-jarka. Ýyldyz diýilýänem – Söýgi ýyldyzy. Oňa Bagt ýyldyzam diýýärler. Söýgi ýyldyzynyň şuglasy asmandan inip, onuň orny ýyldyzlaryň arasynda. Mesele ikisiniň arasyndaky söýgüde, şonuň gowuşmasy lazym. Söýginiň jadyly zatdygyny şundanam biläýmeli, ýagny, müň gözeliň içinden diňe biri kalbyň içini gündizlik kibi ýagtyldýar, diňe şony göresiň gelýär, diňe şoňa ýüregiňi dökesiň gelýär, bir-ä juda jaýdaram aýdypdyr “Seni görüp durkam göresim gelýär” diýip. Ymamguly alyp ýatan yşkbazam däl, öýlenýänçä, gyza-gelne ýiti-ýiti sereden adam däl, öýlenäýsem diýip, niýetläp, göz öňünde tutup ýören gyzam ýok. Ýöne indi öýlenensoň, süýjülikli ýaşaşasy gelýär, mähir küýseýär, gelni ýylgyryp, mylaýym söz gatsa-da. Ýa özi öýde ikisinden başga hiç kim ýokka gelniniň elinden çekip, bagryna bassa-da, öpse-dä leblerinden. Gelnem Ymamgulynyň boýnundan aslyşsa-da. Öýlenmegiň manysam şonda ahbetin! Sögüşme-de bardyr welin, soňunuň ýaraşmasam bardyr-a, hany şol? Mydama ýaňy urşup-aýrylyşan deýin. Içleri ýylaman geçýär. Hersi ýüpüň bir ujundan çekýär, biri eýläk, biri beýläk. Bu ýagdaýda ýüp näçe wagt üzülmän durarka? “Oňşuksyzlygymyz öz betlagamlygymdan däldir-dä” diýip, arasynda oýuna-degişmä-de salyp gördi, gelnine “Hansona, Han-Patyşa, Aýnyjam, seňkiden hezili ýok-la, çaý demlän bolup, nahar bişiren bolup” hem diýip gördi, emma degişmeleriniň hiçisi-de nyşana degmedi, gaýta Zeýtuna gözüni alardyp, gygy arty, onsaň diýeniňe puşmana gelmezmiň? Ylaýta-da, oýun edip, degşip aýdanyňy kesä çekip, yrsaralsa, gaharyň bijaý gaty gelmezmi?” --Meňkiň nämesi hezilmiş? Gije-gündiz aýagymy uzyn salyp oturyp göremok, girräňizi gazap ýörün. Aýyn bolmasa “Seňkiden hezili ýok” diýen bolup, diliňe çolaýaň. Gözüň gider ýaly günüm ýok, beýle höwes etseň, ornumyzy çalşaýaly, daňyn kelläňe gyňajymy, bar taýýarlap gel iýjek-işşegimi, ýokmy, onda agzyňy ýumup gez. Zeýtunyň degişmäni şere öwürmesi Ymamgulyny gazap atyna atardy, şere şer bilen jogap berdi: --Adam pakyr şuňa daga-da lak atan bolýar, oýun-degişme görmediňmi atasöýüňde? Ýa siziň tohum-tijiňizde gülüp-yşýan ýokmy? Ne beýle aňryň tütäp dur? Agzyň içi gyzyl ot. --Lak atanyň gerek däl, gürleşseň-ä, düzüw gürleş, ýogsa-da adymy tutma. Tohum-tijim bilenem işiň bolmasyn! Tohumymam siziňkiçe bardyr, beýlekimizem. Ah-eý, nämäňiz üýtgeşik diýsene? Pakgaran bolup ýörsüňiz. Sadagaňyz gideýin. Sizde-de her haýsyndan bar, ýüze sylar ýalyňyzy görmedim. --Aý, sähelçe üýtgeşikdiris. Zeýtunyň bir-ä tohumyny agzasaň, birem “Biz azajyk üýtgeşikdiris” diýseň, şoňa hiç çydanok, odunyň üstüne ýag sepilene dönýär. Ymamgulam bir tersýoňka, gelniniň gaharyny getirýän zat bilenem degişmek isleýär. Ýagşam bir degişdi, almytynam aldy, Zeýtun indi hüňür-hüňürini wagty bilen tüketmez. --Degişme bolarmy şonyňdan? Nämesine gülmeli? Degşeniň gerek däl, ýöne adam şekilli girip-çykyp ýörseňem, razy. Onsoňam bu hojalyk degişilip-gülüşilip, hah-hah-haý edilip, kikirdeşilýän hojalyk däl. Munda ýaşajak bolsaň, ýüzüňi awynyň sapy ýaly edip oturmaly. Arassa çynyňy geplemeli wagtyň bar ýa-da diňe oýun edilýän wagtam bar ýöne üçünji bir ýagdaýam bar çyn bilen oýnuň garylýan wagtam bar. Ony diňe düşünýän adamyň ýanynda şeýle etmeli. --Bir ýaňa ýatymlyk ýola düşemde bir gargynyp, ugratma-da, şeýtseň, işim oňarmy? Ýolum daş-a, içimden çykmaz ýaly etme-dä? Senden başga aladam ýokmy? --Gideniň bilenem işim ýok, geleniň bilenem, gerek bolsa git, meniň üçin-ä, gitdiň-gitmediň parhy ýok, baýtalyň emjegi ýaly. Hotak gidýän diýip, nagaraňy döwüp durma! Indi Ymamguly mis ýaly gyzdy, özüne uzadylan owkatly düwünçegi elinden dartyp alyp, gyrmyz gan guýlan gözlerini jerhede-nejasada seredýän ýaly edip, gelnine bir aýlap, inerini idip gitdi, sag otur-da ýok, beýlekem. Öň-ä maňlaýy tüňňidi, indi ýeňsesinem tüňňerdip barýar. Ýüzüni-ýeňsesini tanar ýaly däl. Herhal, häzir onuň ýüzünden ýeňsesi ganymat – çapgy ýassygy ýaly – tep-tekiz. Bor-bolgusyz gahar-gazabyňy dogra-da üstünde, ýiti palta bilen. Päh-eý! Gargyş diýilýän zat galyndyrmaýar, onda-da aýalyň gargyşy! Duşmanyndan eşitmeýänini ýanýoldaşdan eşidýär. “Ol näme üçin oňa parhy ýokmuşyn? Näme men oýnamaga gidýärinmi? Gara gün üçin-ä, özüni eklemek üçin-ä, daş iýip oňýan däldir-ä! Gidişin-gaýdyşyn ýol boýy ters aýlanar ýaly edip goýberdi, sataşman geçen haramzadanyň heleýi! Eliňe geljek bolup duran ullakan bähbidiňden biagyrlykmy ýa akmaklyk bilen ýüz öwürseň, erteki gün mojuk zerury çykyp, dilegçilige baranyňda, “Wah, ýok-da, nireden alyp bereýin?” diýip, elini serjekleriň birinjisi özüňsiň-dä”. Ýene ýol bir gowy zat, ruhuň çökgünkä iň gowy melhem, oňa-muňa ünsüň sowulýar, baglar, daglar, çeşme-bulaklar, gaýmalaşýan guşlar... göwnüň çalaja açylyşýar. Ýeke özüň gidiber daglaryň etegi bilen. Öz-özüňe arzyňy aýt, öz-özüňe delil tapyp ber, kylanyňy eýläniňi sülä getirmek üçin. Öz-özüňi diňle, adamyň iň kän gürleýän mahaly – dymýan mahaly! Arman, nirdendir bir ýerden aýalynyň myrtar sesi, awuly gepleri gulagyna eşdilýäne dönüp, Ymamguly possunçy ýene başyny aşak egýär, onuň derdi agyr, çekip bilenok. Öýlendi-de, öz başyna belany satyn aldy. Bir gezek-ä “Uçutdan aşak başaşaklygyna bir zyňaýynam, bir dynaýynam” diýen şum pikirem geldi beýnisine. Herhal, ol beýle ejizlige dergazap gaýtawul bermäge kuwwat tapdy, edil hapa zady eli bilen tutup, bir gapdala taşlan deý, şol şum pikirini oýundan-küýünden çykaryp, allaowarra zyňdy. “Be, ilde göremde ýigrenýän zadym, öz başymdanam düşjek eken-ow. Indi bir janyma kast etme galdy-da, Hudaý sowawersin!” Wakalar hem wagt adamyň aklyny goýaldýar, Ymamguly maşgalada – är-aýalyň arasynda hökmürowanlyk gara güýçde, şapbatda, ýumrukda däl-de, häsiýetdedigine gözi ýetip ugrady, Zeýtunyň gaýduwsyz häsiýeti özüniňkiden rüstem geldi, indi munuň bilen razylaşaýmak galýar, ylalaşmanyňda-da, başga etjek alajyň barmy? Hernäçe boýun almajagam bolsaň, ýagdaý-a şeýle. Zeýtun üçin ýanýoldaşy gitse gowumy ýa galsa, parhyny bilenok. Äri öýdekä-hä kyýamat, gitse-de, bir özi, ýekeligem az bela däl. Gündiz-ä, garaz, mydar etse bor, gije welin, ýaş gelin halyňa çola jaýda nädip daň atar? Gulagyna her hili sesler eşdilip duran kimin. Ymamguly öýdekä-hä, özi gorkunç, gitse-de, ýalňyzlyk gorkunç. Ýaş gelniň öňem ençeme sapar gözüniň ody alnan, gorky damaryny tutdurybam ýetişmedi, ine, sähelçe zada ziňkildäp, ýakasyna ýapyşýar. Gorky köp keseliň başy, adam üflas düşýär. “Perzentsizligimiziň düýp sebäbi şu gorkudandyr, ýeke çagany tokgalap bilmedim. Çaga diýilýän neressejigem howatyrly ýere gelmäge eýmenýändir-dä, meni saňňyldap durar ýaly edeni hiç, öz indi dogulmaly zürýadynam dagdy etdi, bu meýdi ýanan ganojak!”. Aýsona hem-ä ärine sögünýär, hemem öýde bolsa, garaz, ýoldaşlyk-gara, edil häzirkisi ýaly gaýta-gaýta töweregine gorkuly garap-a duranok. Tä yzyna dolanynça bükgülde-de otur. Goňşularyndan ýoldaşlyk çagyraýyn diýse, Ymamguly onam halanok, ilem näme garasöýmeziň işigine burnuny sokasy gelenok, kime diýjek, kim çagyranyňda geljek, depegenden – är-aýalyň gopgunyndan näçe daş gezseň, şonça-da özüňe abraý. “Gara maňlaýymdandyr-da, toýumyň öň ýanynda söýgülimden aýryp, ata basyp, alyp gaçyp, bagtymy ýatyrdy, üstesine özem penjesinden gan damyp duran ýaraly wagşy, adamçylyk ysy ýok. Şu kemally kişi bolaýanlygyn-da, beýle-de bolup durmazdy, öleni-hä öleni, gözüni garga çokany boldy meniňki, heý, munuň derdi-azarlarynyň soňy gelmezmikä? Beýik Taňrym, özüň ýüregime giňlik salaweri?” Iňrik garalyberensoň, Zeýtunyň howsalasy hasam artyp ugrady, henizem oňa-muňa güýmenip, ünsüni başga ýana söwýar. Şagallaryň sesi welin, içiňden geçip barýar – uw-uw-w-w! Baý, goşulyşyp, gygyryşýarlar-a! Duýman durka gapdalyndan bir zybyrdyklap geçip giden eleşan ala-mula it Zeýtunyň ýüregini tas ýarypdy, ýakasyny tutdy. “Arkaýyn ýaşama ýok maňa, artyp galan şu ýykylmyşyň tüneginde”. Edil şol mahalam niredendir bir ýerden çykan ardynjyrama gelniň galanja ysgynynam gaçyrdy. --Ymamguly-haw! Myhman bilen gelniň gözleri kaklyşandan ikisem tisginip, “Hih!” etdi, Zeýtun-a daşyndan diýdi, myhmanam içinden. Bar-ýogy üç harpyň içinde öňki-soňky gopjak wakalaryň hiç mahalam tükenmejek beýany bolan nijeme tikenekli-perýatly sözleriň barlygyny hiç kimem sanap bilmez, bularyň özlerem. Gelin myhmana ilki üm bilen, soňundanam dil bilen ýagdaýy sypaýçylykly aýtdy: -- Öýde ýeke özüm. Düşnükli dälmi näme, kelläňde şygyrdyň bolsa? Ýeke özi, diýmek, yzyňa dolanyberýäň, hiç milletde-de gelşigi ýokdur welin, türkmende öýde erkek ýok mahaly, aňrydan gelen kişi, gelniň jigisi dagy bolaýmasa, hyrra yzyna öwrülmeli! Bu myhman Ymamguly öýde mahaly iki gezek dagy düşläp geçipdi, ol täjirçilik edýär, Eýrandan haryt alyp gelýär, satýar, ýene gidýär, ýolam Destgir obasynyň üstünden geçýär, ol obadanam Ymamguly possunçyny myhman ýeri edindi. Eýläk geçse-de, beýläk geçse-de, sowulyp, düşläp, bir gije-ýarym gije ýatyp geçýär, harytlaryny görmäge gelen oba adamlary bilen söwda-da edýär. Zeýtunyň söwda bilen dahyly ýok, näme alyp-goýsa-da, Ymamgulynyň öz işi, Zeýtun bilen maslahatlaşanogam, gerekdir öýdenini alyp, işigiň agzyna oklap goýberýär. Äri içini açanokmy? Zeýtun ondanam beter, ant içen, edil dokuz gulply gapy kimin. Ýalandan-çyndan bir zat syzdyraýsyn-da, eger-eger. Onuň içini özi bilen Hudaýdan başga bilýän ýokdur. Öň öwrendikli ýeriligi üçin täjir ýaýdanman, giriberdi işikden. Indi bir zat diýmegem gelşiksiz. Özünden bilmese. “Ýedi gapyny açanyň ýüzi açylar” diýilýäni, elmydama ýolda – onda-munda ýatyp-turup, ýüzi ýyrtylan söwdagär-dä, onuň-munuň gapysyndan girip-çykyp ýörmek endikli käri, süsdürilip gelýär: --Daş ýoldan aryp gelýän, çaý-suw derdim ýok, el ýaly ýer görkezseň, gözümiň awusyny alsam, durjak däl bärde. Howlugym özüm bilen. Aýak üstündekäm, gözlerim gapylyp gelýär. Howa-da sowuk, endamyma ýyly ýaýrap, bir irkilip alsam, ýoluma gitjek. Ymamgula-da gelenimi aýdarsyň, gidişin bir zatjagaz sarypdy, tapyp, getirdim, ine, şu düwünçekde. Özüňe gerek zat bolsa-da, ine, horjunym, halanyňy saýla-da alyber! Zeýtun hiç zat gerek däl diýip, başyny ýaýkansoň, täjir Ymamgulynyň sargydy salnan düwünçegi bir çete oklap, başyndan telpegini çykaryp, ýörite gyraly ak ýaglyk bilen kelläni mäkäm daňyp, elýeterde duran pagta ýassygy çekip alyp, serini gapdala goýdy, onuň ýadany gara çyny. Myhmanyň ýumuljyklap duran gabaklarynyň aşagyndan çala kaklyşan ot ýanyp duran gözi Zeýtunyň inini gagşatdy, ýüregi süýşen ýaly. Ylla diýersiň, ýylanyň gözüne owsunan guş janawar kimin sazanaklady, ysgyny gaçdy, ne eýlek, ne beýläk. Hasam ol ýigidiň ýekeje gezek ýylgyryp seredişi ýaş gelniň süýeginiň deramatyny aldy. Kän eglenmezden täjiriň gözleri ýumuldy, dessalymyň içinde-de süýji uka çümdi, düşek-de ýok, ýapynja-da. Elbet-de, endik edeinendir-dä, çemçesi bilinde diýilýän ýol adamy-da! Destgir obasyna ölmüň öýünde ýetäýipdir. Öýüňe salmasaňam, howlynyň daşynda gatap galjak. Şeýdip daş işigiňde ýatsa, häzirkiňden enaýymy, gören-eşden näme diýer? Öýüň içi, herhal, görer gözden sowa. Dilini-başyny çeýnejeklerden pynhan. Zeýtun ýaýdansa-da, ýapynja bilen myhmanyň üstüni örtdi. Sowuk-a!!! Tä başyňy bürenip, uka gidäýýänçäň öýüň ownuk işi tükenýärmi, ony onda, muny munda etmeli. Zeýtun öýüň ortarasynda ýanýan oduň üstüni daşarda taýyn edilp goýlan gury üzüm töňňelerinden dolduryp, özem ýerine geçdi. Däliz ýaly uzyn otagyň bir çetinde myhman ýatyr, beýleki çetinde-de şu öýüň gelni. Myhman-a agyr ukynyň derdinden özüni bilmän ýatyr, gelnem gümürtik pikirlerden ýaňa aýňalman, özüne gelip bilenok: “Düşüp ýören günümi! Gör-de dur, häzirki ýagdaýam başyma bela bolup iner, zyňlan kesek maňa degip dur, şu täjir bir gelmedik bolsady-da!” Hawa, öýde del erkek kişi ýatyr, zyýanlykly adama meňzänogam welin, garaz, göwne jaý däl, öň düşläp geçýän adam bolanda näme? Äriniň tanşam eken-dä. “Oýandygym, turup gitjek” diýenem eken-dä, Zeýtundan başga bu myhmany görenem ýok. Şonda-da, şonda-da... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |