09:35 Çarh / 1-nji kitap -7 | |
Ýaş gelniň ýatyp, mazasy ýok. Eýlesine-beýlesine agdarynyp görýär, edil iki gözüne çiş kakylan deýin. Emma welin myhmanyň sesiniň ýakymlydygyny, ýuwaşrak gepleýärem-le, a sesi güňleç çykýar, eger bagşy bolsa, sazanda gerek däl, sesinde sazam bar ýaly. Güňleç sesde-de ýakymlysy boljak oguşýa. Äriniň bu täjire sargap getirden zady nämekä? Özi üçinmikä ýa öý üçinmikä? Ymamgulynyň-a içini aýtjak gümany ýok, halys içinden getiren. Özi gelenseň, görer-dä, Zeýtun-a açyp, barlap görmez.
Taryhy proza
“Ýer ala-ýurt ala” sözüni “Ýer ala-är ala” bilenem üýtgetseň, çalyşsaň, gelişjek, bu ýigidiň hälki ýylgyryp bakyşlaryny! Gerdeniňi çoýup barýar. Başda öýde özünden başga hiç kimiň ýoklugyny aýdan-da, onuň içerik dykylyp gelmesini, bir çete geçip, eplenip ýatmasyny halamasa-da, myhmandan-a özüne, özündenem myhmana mähir duýdy, ýaňky birki agyz mylakatly sözleri diýäýmeseň, başga bir üýtgeşik eden işem ýok. Bir çemçe dadymda naharyň tagamy bilinýär, myhman ýigidiň sähelçe pursatlyk bolşundan ýaş gelin ýakym duýdy, söýündi, öz äri bilen deňäp gördi, ýer bilen asman ýaly tapawut bar. Äri göhertligini edip, döşünden itýär, bu welin mähri bilen dartyp barýar-la. Erkek hakyky erkek bolanlygynda beýle bir edrenç zadam däl eken-ä. Maňlaýy şular ýal göwnaçyk, süýji dilli, nurana ýigide ýazlaýanda bolmaýarmy näme? Öň halaşyp-söýüşmäýeniňde-de, hiç hili tanaman, ilkinji gezek görşäýeniňde-de, bir-birege assa-assadan öwrenişip, ysnyşyp boljak. Onda ýaşaýyş edil asala dönmese-de, bäri ýanyn-a öwrülerdi, garaz, ertir-agşam gülüp-yşardyň käýaym. Sulhuň alyşjak adam bilen näçe ömür sürseň, az. Haýp! Haýp! Haýp! Hernäçe uklap bilmän, kösense-de, Zeýtunyň kirpigi kirpigine gatyşyp, ymyzganan eken, tisginip gözüni açdy, nämäniň nämeligini saýgaryp ugrady, myhman ýigit-ä ýerinden gozganman ýatyr, eýlesine-beýlesine-de agdarylmandyr. Tüýnükden içerik düşýän Aý şuglasy onuň ýatan ýerini ýagtyldyp dur, edil el bilen çyra tutulýan kibi. Hemme zat mese-mälim – “beýigi beýik, pesi pes” diýilýän. Myhmanyň üstündäki ýapynja gapdal syrylyp, üsti epesli açylypdyr. Birden Zeýtunyň gözi myhmanyň çaralbasyndaky tümmä düşäýdi, ýüregi süýşüp gitdi, eý, waý, onuň gorkunçdygyny, balagynyň içinden ýylan giräýdimikä? Bir gez-ä bardyr. Zeýtun tas jynssyz sesini edip gygyrypdy, zordan öz agzyny tutup ýetişdi: “Edýänim näme? Sesime myhman oýanyp, gymyldasa, ýerinden gozgansa, ýylanam çaksa, onsaň nädersiň? Ýa goňşular sesimi eşidip, ylgaşyp gelseler, näme bolanyny sorap, berip biljek jogabyň barmy? “Wiý, bu Ymamguly dälmidi? Bu ýatan kim? Gije öýüňde näme işläp ýör?” Sen bermeseňem, bi sowallaryň her biriniň on jogaby tapylar. Iň gowusy – gördüňmi-göremok. Hudaýa tabşyryp, ýataýyn, başymy bürenip. Alla jan näme etse, şolam dogrudyr. Sowawersin! Şu gapydan girip, edenim ters. Indi bir öz aýagym bilen, dilim bilen belanyň üstünden baraýmaýyn. Sag-aman çykyp gitse, ertir bir tamdyr çöregi goňşulara hudaýýoly paýlaýyn”. Bir ýandan haýa-şerim, beýleki ýandanam häki... Göz diýilýän zat eýesinden biygtyýar görmesiz ýere-de iläýýär-dä. Ýaňky tümmi yşarata Zeýtunyň gözüniň ilenini, hatda, myhmanam görenok. Öýde şol ikisinden başga adamam ýok. Diňe Zeýtunyň özi habarly. Ýütgeşik bolan zadam ýok-la, bary-ýogy çala gözi kaklyşdy, ýeke gezek. Ikinji gezek, hatda, myhman turup gitse-de, şol tarapa seretmäge-de, asla gözüni açmaga-da utanar. Adamyň diňe gözümi, ýüregem eýesine bagly däl bolmaly, nämäni küýseýär, nämä gopýar, nämä höweslenýär, bir özi bilýär. Adamam gaňryşyna gitmäge güýç tapman, boýnuny sallap, ýüreginiň haý-höwesiniň yzyna düşüberýär, gollary arkan-ýüpe baglanan bendi kibi. Ýüregiň-ä bir işe odukdurýar, ertesi gün jogap okamalam sen. Başyny bürenip ýatan Zeýtun indi uky haram. Galdy bir belanyň içinde. “Özümden başga hiç kim görenok diýýän, asmandaky Aý gör-dä, onda-da çyra tutup. Onuň menden başga işi ýokmy diýäýenimde-de, Hudaý görd-ä! Sag egnimdäki, sol egnimdäki perişdeler näme? Olaram hasap depderlerine ýazyp oturandyr, syýa bilen. Alla jan özüň abraý bereweri! Indi enemiň kendirigindäki soňkuja uny-urbasy tükenjege meňzeýän. “Gyş güni kyrk tüýsli” diýilýär welin, onuň bir gününde-de kyrk görnüş bar. Ýaňja bar ýer ap-aýdyňdy, Aý yşygyna keşde çekip, gaýma gaýap oturmaly. Bulutlar süýşüp gelip, altyn Aýy haltalaryna salyp, arka atyp, ogurlap gitdirler, Diňe öýüň içimi, daşary, tutuş dünýe tümlüge örtündi – göze dürtme garaňky. Şeýle mahaly bütin gije üýrüşip, gars kakyp, ýatmaýan itlerem uklaýarlar. Itiň uklaýan çagy öýüň içinde-jahanda näme gopýany pynhan galýar. Subhanyň syry kän, şol äm-sämlikde öz ýaradan dünýäsiniň kem-käs gowzuny gizlinlikde dolduryp, düzediş girizýän bolara çemeli. Dünýäniň öňki nämälimliginiň üstüne ýene birgiden pynhanlyk goşulýar. Näme eýläp, näme kylnany asla bilinmänem galýar. Söwdagär ýigit haçan oýandy, haçan turup, näme edip gitdi, bellisi ýok-ow. Ne şakyrt, ne şukurt. Ýagdan gyl sogrulan ýaly, ne özi bar, ne tozy, üçekden sallanýan buz ýaly gorkunc ýylanynam alyp gidendir-dä hernä. Beh, ýene şol ýadyna düşdi, bu sagdakly waka Zeýtunyň ýadyndan-oýundan çykmaz-ow indi. Ol ýagşylygamy-ýamanlygamy, haýyrmy-şermi onam seljerip bilenok. Şubela unudaýyn diýdigiçe, beter hüjüm edip, üstüne sürünýär. Şol ýatlama bilen garpyşyp-tutaklaşyp geçmeli bolaýdy gerek. Taň ýeri, ýeňseňem-ýeňilseňem, ýatlamalaryň eli seniň ýakaňda. Täjiriň ýatan ýeri oýulyp dur. Diňe ýatanda kellesine daňan ak gyraly ýaglygyny, bilipmi-bilmänmi, galdyryp gidipdir. Wessalam. Ýo-o-k, wessalam diýmäliň. Halkda Hudaýyň gözi bar diýýärler, gijäniň bir mahaly kişiniň öýünden biri çykyp gitse, tötänden biriniň gözüne iläýmegi mümkin-ä! Oba diýeniň köpüň ýaşaýan ýeri. Biri görmese, başgasy. Aňrysyny bakyp duran ýerindenem görüp bilýänler bar, edil ýeňsesinde gözi bar kimin. Diýmezmi “Ymamgulynyň öz-ä inerini münüp, daş oba gitdi, bimahal çak howlusyndan çykyp barýan kimkä? Ýaş gelinli öýde näme işledikä?” Zeýtunyň göwnüne ýene gitmezmi bükgüldi: “Bu emgek şeýle geçip gidäýmez, hökman bir ýerimizi möçükdirer, özümem, ärimem, öýümizem. Işigaýdan maşgalamyzyň gowgasy oba-da iş bolar. Ile-güne dert berip ýaşamaly boldum-ow”. Zeýtunyň gözlerinde şol manzaradan ejir galdy, geň ýeri şol ejir ezýet bermän, tersine maza berýäne-de ogşaýar. Süýji nahar işdäňi tutup, awy deýin sarymsak, burç işdäňi açýar-a. Hawa, maza berýän sütemem bar. Çaga aýagyňa çykyp berse, agyryň aýrylýar.Ýaş gelin özi özüni tanamady, täze dünýä düşen ýaly, dumly-duş üýtgeşik, dumly-duş süýtkeşip. Ýüzi açylyp, gözleri nurlanypdyr. Gündiziň içine gündiz gelen ýaly, dünýe kümşe gaplanypdyr, gyrçap al-da, humlaryňy doldur-da otur, tükener gorkusy ýok. Aslyna seretseň welin, dünýäniň öňküligi-de, Zeýtunyň özi üýtgedi, tanamagam kyn. Näme üýtgetdi? Düýn gijeki gören jebri! Hawa, Zeýtunyňam ýüzi ýagtylypdyr, ter açylan gunça mysaly, ýok-ýok göwni ýagtylypdyr, roý-kamat diýleni kalbyňa bagly. Kalbyň al-elwan şuglasy ýüzüňe çaýylýar. Ýaş gelniň kalbyna ýagtylyk beren ne gudrat? Täjir myhmanmy? Uklap ýatyrka tötänden üstüniň ýapynjasynyň bir ýana serpilmegimi? Ýa...? Aý, beýle däldir-le. Zeýtun gözüne ilene puşeýman etmedimi nä? Ýöriteläp seretmedi ahbeti. Tötänden her kimiňem gözi her zada düşüp biler, düşdem-de, ýüzüni sowdy, soň ýeke gezegem... Utanç! Durmuşa çykmadyk gyz diýseň, onda başga gürrüň. Olam-a däl, epesli mahal bäri durmuşda. Jüpleşigiň agyna-garasyna düşünýär. Ymamgulynyň söwdagär ýigitden nämesi kemmiş? Ýorganyň içinde-daşynda är-aýal arasynda nämeler gopmaýar? Näçe çalt unutsaň, özüňe abraý. Adam başga şaýatsyzka-da, özündenem utangyç. Meger, özüňden uýalmak, haýanyň iň zabunydyr, ine, indi ýüňi öllän ýaly bol-da ýör, özem ömriboýy. Iň gowusy – unutmak. Unutmak – zibile taşlamak. Zibilden enaýymy? Adama garalyk ýokaýyn diýse, gaty aňsat, ýeri, munda näme bar, gözi iläýenem eken-dä. Munda Zeýtuna nähili garalyk ýapyp bolar? Onuň günäsi barmy? Her kimde-de duş geljek zat. Bir tarapdan, ol-a şeýle welin, ýüreginiň gopmasy näme? Şunda bir bela bar bolaýmasyn? Häzir ýüreginiň bir oňa, bir muňa urunmasy – elbet-de, Zeýtunyň özünde müýn duýany üçindir, belki. Hawa-da, asyl-has adam gören–eşdeniniň bir töwralygyna-bijaýraklygyna ýüreginiň tarsyldysyndanam utanyp ýörmeli. Bir-ä aýdan eken “Günäniň ulusy kalpdadyr” diýip. Kalba dolan düýgyny zibile taşlamak dilde aňsat. Kalbyňdakyny nädip taşlarsyň? Adam öz kalbyna erk edip bilýärmi, gaýtam, özi kalbynyň ygtyýarynda, alnynda lepbeýik aýdyp oturýar. Adam öz kalbynyň sadyk guly-gyrnagy. Gul-gyrnak öz kalp şasyna emir edip bilermi heý? Höwes etseňem, iň soňunda bes etmeli. Her edip, hesip edip, huşuňdan çykarmaly. Ýöne adam gylygynyň diliň üstünde goýup, “Gel!” diýseň, gidip, “Git!” diýseňem, gelýän götinsümer ot bilen nirdedir bir ýerde sähelçejik galtaşygy bar çemeli. Tersýoňka. Buýurdygyňça, gaýra tesýär. Daň atmanka mellekleriniň içinden geçýän ýaba girip-çykaýsa, heý” sowamazmyka? Ol häzir aýaz bilen yssynyň parhyny bilenok. Hany, göreliň. Zeýtun ilki elini batyryp gördi, buz ýaly suwda sowuk duýmasy. Çykarynyp, gözüni ýumup, ýaba girdi. Ýa, şipakerdem! Aýsona suwa çümüp çykan guba gaz deý silkindi. Daşarynyň sowugyny duýup ugrady. Suwlar syçrap gitdi, ýakymsyz ýatlama welin... Ýakymsyz ýatlama diýip tutup otyrys, kim bilýär, belki, ýakymlydyr, Zeýtunyň içini, onda-da zenan kalbyny özünden başga bilýän barmy? Özem baş çykaryp bilenok, onsoň biz nalaç edeli? Donuna dolanyp, ylgap, ýyljak içerik girdi, çalşyryndy, gurady, kem-kemden özüne geldi, indi öý işleriňi ediberseňem boljak. Jahan ýagtylansoň, ýaş jenan mal-gara, öý işlerine gyrbydyklady, ýüzünem galdyrman. Birhili hal-ýagdaýy kadalaşan, beýnisindäki harasat köşeşen ýalagragam. Haýdabersin, bakaly! Haýdaýaram, uçganaklaýaram. Sebäbini özü-de bilenok, nämüçindir ökjesi ýeňil gopýar. Häzir Ymamgulynyň öýde ýoklugam bir taň zat, ýüzüniň ugruna bir üýtgeşikligiň baryny aňar, aňaram-da kyýamat gopdurar. Ol-a hereketiň eken, ol aňryňy bakyp otursaňam, seniň içki pikiriňi aňlaýar. Ondan zat gizlemek mümkin däl. Şeýlelikde ýene bir gün öz sahypasyny agdardy, her kim ondan okap bilenini okap, alyp bileninem aldy, wagtam öz çöplerini sürýär, küştdäki ýaly. Zeýtun-da birneme özüne geldi – adatdakylygyna! Biperwaýrak, gamgyn-haly teň. Bu gije düýnki almadyk ukusynyň öwezini doldy – püre-pür, dökül-dökül, gerk-gäbe. Gabaklary pökgerinçä. Adamyň ruhy ahwalatynyň tiz-tiz çalşyp durmagam bir taň zat. Ýogsa bu dünýäniň sap hasratyna-da, şatlygyna-da çydar ýaly däl, bir gün gülen bolýaň, başga gün gyýlan bolýaň, gezekleşdirip, gidip otyrsyň, günleriň tesbisiniň düwmelerini bir-bir sanap-geçirip. Herhal, Ymamguly ýoldan gaýdyp gelende gelni aýak üstündedi, iýjek-içjegi – çaý-nahar taýýar, oturjak ýerine düşek taşlanan, ähli zat häh diýeniňde – mäh! Yhlas edilenini syzyp, possunçy nämedir bir zatlary aňşyrjak ýalam etdi, diňşirgendi, gelniniň ýöreýşini synlady, beýnisini ýyldyrym çaltlygynda işletse-de, birbada alyp bilmedi: “Bir ajym-ujumlyga bar ýaly welin... Aý, ýok hemişekileri kybap”. Ony-muny aýdan bolup, gepledip, agzyny ysgaýyn diýse, gelni lal-jim. Başda birazrak ýumşatman, onuň dilinden sözi çekibem alyp bilmersiň. Ylla dodaklary dikilen deý. Şol-a kemem däl. Är-aýal ikisine dil diňe harçaňlaşmak üçin berlen ýaly. Haçandan bäri aralarynda imisalalyk ýok. Esasanam, perzentsizlik derdi sebäpli. Zürýatsyzlyk Ymamgulynyň dünýäde iň gorkýan-eýmenýän irnik meselesi. Gara maňlaýyna biperzentlik derdi ýazlaýdymyka? Otursa-tursa, böwründe şu sanjy. Heý, kim ynanar, ýedi-sekiz ýaşlaryndaka hem “Ulalyp, öýlenemsoň, birden çagam bolmasa, bu dünýäde nädip ýaşarkam?” diýip, özi-özüniň keýpini bozup, käteler ahmyr çekerdi – öz içinden. Göwnüne getireniň – alnyňa. Indi şol hasrat başynda. Ýaş janlary bar, görjekleri öňde. Hudaý halasa, ol bagta-da ýetiler. Onuňam oguljygynyň başyndan sypap, boýuna guwanasy gelýär. Daşyna üýşüresi gelýär birgiden çagany. Gelnine o diýen bir mähri inmese-de, çaga diýip-ä zar-zelil. Zeýtun täjir myhmanyň goýup giden düwünçegini şu pursada çenli barmagyny batyrmadygam bolsa, eliniň tersi bilen adamsynyň öňüne süýşürdi, süýşürenem bar bol-a. Düwünçege gözi düşeninden Ymamgulynyň beýnisinde hälki gelniniň özüni alyp barşyndaky üýtgeşmeler nämedenkä diýen sowallaryna birgiden çaklama jogaplar çozup ugrady, basa-bas. Ylla içi alahöwren ýylanly düwünçek alnynda goýlan ýaly, Ymamguly arkan serpilip, allaniçigsi boldy, demsalymyň içinde serine müň köý gelip gitdi: “Ol nähili özüm öýde ýokkam bärik gelip bilýär. Ýa ýoklugymy aňyp-aňtap geldimikä?” Gan depä urdy, gelnine gazaply nazaryny çenedi, oky bolsa, urjak. “Haramzada, nädip işikden saldyka? Ony-muny sargaýamda nä? Bar, tapyp-alyp, getiräýenem eken-dä. Düwünçegem häki bir bahanadyr-la. Özümi öldürmeli, aňrysyna-bärisine doly gözüňi ýetirmän, nä görüňe iş salyşýaň? Meniň samsyklygym – ol tetellä aw. Ýöne düwünçegi taşlap geçen bolsa ne ýagşy – gapynyň daş ýüzünden”. Çaýdan-çörekden, bal ýaly nahardan işdä tutulyp, el sowady, awy gatyldy, nazy-nygmat indi harama çykar. Ymamgulynyň depesine gan urup, başy aýlanyp ugrady – güw-güw. Hiç bir sebäpsizem gyzaýsam diýip duran gany, beýle gümürtik ýagdaýa duşsa, ýüzugra lasyrdap gaýnajagy belli zat. Gümürtiklik anyk şumdanam aýylganç. Şum iş-ä näme, haýsydyr bir zat gopýar, gaharlanýaň, alajyny gözleýäň. Gümürtiklikde welin müň muşakgat sere urýar, olaryň haýsy biriniň hakykatlygyny seljerýänçäňem, ysgynyň galanok bedeniňde. Müň ýerinden ýüňli ýumruk, şelpeli şarpyk inýär, haýsy birinden goranyp ýetişsin? Öz-ä kişi maşgalasyna gabak galdyran adam däl, öňünden çyksa-da, hamala, arada belent haýat diwar bar ýaly, ýüzüni sowup geçýär, ýogsa şerigatda alnyňdan çykan zenanyň ýüzüne bir gezek seretmäge rugsadam berilýär – kimligini tanaryň üçin. Şonam edenok, bu häsiýeti üçin oňa ulumsy diýýänlerem bar. Bir gezek tanşynyňkyda myhmançylykdaka daşarda keçäniň üstünde gümür-ýamyr edip durkalar öý bikesi sygyryny sagyp ugrady, Ymamguly oňa gözi düşüp, ýassygyny beýläk süýşürip, özem beýlesine öwrülip, terse bakyp oturdy, onuň bu edişi hemmä-de görelde, kişiniň maşgalasyna seredip durmak aýp. Ýogsa ol aýal özünden on-ýigrimi ýaş ulam. Şonda-da tiňkäňi dikip durmaly däl, gelşigi ýok. Ýolda-yzda zenan maşgala duşanda-da, diňe çalarak salam berip, göni geçip gidýär, gadyrsyraşyp, soraşyp, şelaýynsyrap duranok. Şelaýynsyraýanlara-da haýran galýar. Bardy-geldi, gürlrşäýmeli ýagdaýda-da örän gysga sözler bilen çäklenýär, “Hoş” diýibem ýanyndan daşlaşýar. Obada ýokka öýüne gelip giden şol söwdagär tanşyndan göwnügaraçylyk-betgümanlyk etmäge Ymamgulynyň hiç hili tutarygy ýok. Öňki gelip-gidenlerinde bolşundan göwne ýakmaýan alamat duýmandy, henize deňiç ol barada pylan zeýilli gepem çykanok, eşdenogam, gelnem ady çykyp ýören bellemşalardan däl, owadanlygy hiç, yssyz güli ysgaýanam ýok, ýolýanam. Özem dünýäni kölegesinden gabanyp ýören gabal-gabal, bus-bus däl. Şonda-da, şonda-da... “Erkegi ýanyndaka hem kişiň aýalyna tiňkäňi dikmek edepsizlik, ýeke özikä-hä baýaky. Öýde erkek kişisi görnenokmy, ýoguňy çekibermelidir-dä!” Beýnisinde şol bir jümleleriň öwran-öwran gaýtalanyp durmasy, Ymamgulynyň ýüregini çaşyryp ugrady. Onsaň edip oturan oý-pikirlerinden uşlyp çkardy: “Içiňe dogmaz oglan salmajak bolsaň, wakany başdan-aýagyna öwrenmeli, haçan geldi, kim bilen, näçe wagt eglendi, näme işledi, haçan gaýtdy, näme diýdi???” Sowal kän, jogaplary indi tapylmaly! Tapylar, elbet-de, eger gelni Zeýtun bolup-geçen wakanyň bir nokadynam üýtgetmän-ýoýman, dogrusyny aýtsa. “Aslynda, müýnli adam-a öldüreňde dogrusyny aýtmaz. Bar, dogrusyny aýdaýanam eken-dä, ol aýtjagy ýüregiňi bulasa, şonda neýlär sen? Aý, oçasyny üstünden baranymda görübirin-dä. Häzir esasy mesele, anygyna ýetmek. Gatyrganyb-a, gepletmersiň, höre-köşe bilen, ugruna sürübräk, “tege-tege”-“hä-hawa” diýibräk, ýumşak damaryny tutup-owkalap, pirim bilen aňlamasaň...” Ymamguly şu ýoly hem saýlady, ýüzüne mylakat perdesini dartyp, öň endikli bolmansoň, özüne aňsat düşmese-de, sesine asal gatyp, assyryndan aw awlaýan ýaly, bir ujuny syrtmaklan tanapyny külterläp ugrady, syrtmaga näme düşse – bagtyndan. Zeýtun ekedini-nokadyny üýtgetmän, bolşy-bolşy kimin aýdyp berdi, diňe-diňe ýapynjadan galanyny. Onam aýtmasa-aýtmasyn! Ymamguly ondan beýlesinem syzdy, hälki diýýän dogmaz oglanymyz içinde döredi, şu ýagdaýa türkmenler erkege-de “bogazlady” diýýärler. Erkek bogazlap bilýär-de, dogrup bilenok. Indi näme? Kaýan gidersiň, Hojailinemi? Ýa ýaragyňy kebzäňe daňyp, nirdesiň “garagadyr” myhmansumak diýip, ugruna çykarmyň, giden ýoluny yzarlap? Dilde aňsat, iş ýüzünde müşgil. Başararmyň beri? Ymamguly gany-ölümi şu gün görmelimi, öň başyna düşüpdi, gana elinem boýapdy, talaň mahaly. Biriň nämejik, birnäçe gezek. “Diýeli, bar, tapyp, külüni göge sowrup gaýtdyňam-da, a günäsi-sogaby kimiň boýnuna? Herki işde günäni-sogaby, halaly-haramy, haýry-şeri yzarlap ýörsüň-ä. Ýa-da, ýüzüňe gara çekip, günäsini-sogabyny çözüp ber diýip, kazy-kelanyň gapysyndan bararmysyň? Sary towuk däl-ä sen, sary saman seçer ýaly, öz aýbyňy açar ýaly! Gury ile dil çolagy-gülki bolanyň galar, ile-hä gürrüň gerek. Başyňa düşen işigaýtgynlyga gynanmajaklary düşnükli, baý, heşelle kakjaklar kändir-ä: “Ymamguly possunçynyň aýaly biri bilen-ä tutulypmyş” – gerekmi saňa şeý diýdirmek?” Soragam özi berýär, jogabam, teklip edýänem özi, şol teklibini ýatyrýanam. Özi-özi bilen harçaňlaşyp otyr: “Erkek kişi hökmünde men öz maşgalamy kükrek gerip, goraglamaly halyma sammyldap, aýdyp oturanym näme? Dagy näme? Onda masgaraçylygy bassyr-ýussur etmelimi? Hawa, il gözünden basyrdyňam-da. Ýöne, aýt hany, ony özüňden nädip gizlärsiň? Hamala, gizlänemmişiň-dä! A namysy nädersiň? Ýedi pyşdymyzdan bäri, aňryn-a bilemzok, ar-namysy imana, gözümize diňäp ýörüs, ony ýere çalanlardan däl-ä biz. Haý, possunçy gardaş, il içinde gürläňde-hä güp-güp, döşüňe pat-pat! Hiç kimçe-de ýok ekeniň, törüňde gelniň başga bir erkek bilen ýatyp-turar-da, artlaşmaýanda-da, il içine çykyp bilmersiň, ýüzüň ýokdur, petiň garadyr – masgarasyň!” Özünden başga kazy gerek däl, kazylaryň ýowuzy. Başga biri aýtsa, ala dagdan aşyryp gaýdardy, özüne welin çäresi ýok, pyçagy ötenok. “Pyçak öz gynyny kesmez” diýilmeýärmi nä? “Artlaşmaýanda-da” diýýärsiň, näme çyra tutduňmy, göwnüňi aldaýaňmy, men diýen erkek bilen gaýan maýa bir gije bir jaýda bile galar-da, dek ýatarmy? He-heý, zaňňarça! Eh-eý, binamys! Öl ondan-a! Hatynym meni nä güne sokdy, läşimi segleriň alnynda serdi, häh, seniňem bir... Dur-la, how, Zeýtun näme öýde ýoklugymy aýdan bolsa, dagy merk gerekmi? Asyl adam ters öwrülip, ýuýlubir-dä. Ýoýulmasa, nätmeli? Zeýtuna “Çyk gapydan!” diýsinmi? Taňry myhmany kowmagam günä. Ol tetelliden taňry myhman bolmaz, yzyna it salyp, kowmaly, dagy-duwara ikini islemez ýaly etmeli, eşşekatalyny!” Küşdüň iki gapdalynyň çöplerini bir özüň sürseň, utup ýa utulyp bolmaýşy deý, özüň-özüň bilen içiňden harçaňlaşanyňda-da, haýsy pikiri mamla etjegiňi bileňok. “Munym ýene häki gepime barýar. Kowdam-da Zeýtun, täjir gitmese, şonda nätsin? Çarbaýlap, bogazyna sygdygyndan zowladyp, gygyrybersinmi, ili örüzsinmi? “Pylanyň gelni pismidan bilen” diýlen söz ýaýramazmy ýyldyrym çaltlygynda? Iki göçüm – bir hasap. Ol söwdagärsumak başa gelen towky! Teýkarynda, özümi ýere sokmaly, haýsy bir ygyp-entäp ýören ötegçini ýoldan sowup, myhmanlap-derejeläp, öýüňe salan kişşik bolýaň, hil bir kişimişiň, haý, ýalagyňa it pysylatsyn, iliň gaçýanyny ýoldaş tutunsaň, görjegiň şu. Meni öldürmeli-how, meni öldürmeli! Heý, gelinli öýe-de bir erkek getirilermi? Habaryny al-da, gapynyň daşyndan ugrat. Ilem şeýdýär-ä, seniň işigiňden öň gapy duşmadymy oňa, barjak bolsa. Iller salmansoň, seniňkä gelýär. Goram-gowşaklygyňy aňansoň, gelýär. Aýlandy-dolandy-da piliň sapy öz başyma uruldy, nokgy-nokgam eden bolýaň, haý, dälijemäş!” Ymamguly ilki özüni ýepbekleýär, soňundanam aklaýar, otdan alyp suwa urýar, duýgularyň bady-barany aklyny çaşyryp barýar: “Dur-haw, özüme gezek gelende iki paý berlen ýaly-la men, bir bendäni myhman almagym ýalňyşmy? Aýalyma başga biri bilen bile ýat diýdimmi? Güzeranym üçin ýatymlyk ýola çykyp bilmerinmi? Meniň günäm näme? Hudaý-a diýmäýin, Pelek nämüçin meni beýle süteme duçar eýleýär, Pelegiň öňünde nä etmişim bar? Öz günüm, öz derdim bilen sulbamy süýräp ýörün ahbeti. Degmedige degilýär. Pelegem, jelebem... Menem-ä beýle goýman. Häzir başym çykanok, ýol tapamok, batyl galdym, waý, erenler-çiltenler, ýetişeweriň, dat-eý, perýat-eý, bir biwepa mahbup derdinden!” Diline gelen jümlelerden özi utandy. Mundag sözleri içiňden aýdylýanam bir gowy. Daşyňdan-a diliňem öwrülmez. Ymamgulynyň içinden edip oturan pikirleri arşy titretdi, başyňa düşmesin, Alla sowsun! Namysjaňa ýaşamak güzap. Her jümläniň daşynda ýene şoňa ençeme esse kän jümle bar. Hakyky söýgem-ýigrenjem şol daşyndaky jümlelerde. Biragyz gepleşmezden, söýşübem bolýar, sögüşibem. Geplemänem öwrenmeli welin şol aýdylmaýan sözlere-de ökdelemeli. Ol tolarsakdan -- düýäniň, sygryň dyz hamyndan çark dikmäni öwrenen ýaly däl, has çatak. Ymamguly içini gepledýär: “Dost bolup, gatnaşyp, öýüňe gelip, duzuňy dadyp, heýem, bir mertebäňi depelep gitmek bolarmy? Eger dost diýilýän şeýtjek bolsa, onda duşman näderkä? Duşmana-da etmez diýme, ýöne duşmanyň kasty dostuňky ýaly ajy-ha bolmaz. Düşnükli zat ol – duşman. Dostuň süteminiň awusy duşmanyňkydan ajy. Bu nähili beýlekä, dost duşmandan howuply-la. Aý, ýok, bu gabahat işi duşmanyňam etmez. Onda dost duşmandan aýylganç-da?” Hany, şu çigişden baş çykaryp bilseň, çykar, bakaly! Bu dünýä Perwerdigär tarapyn gudrat bilen ilki biçilip-ýasalyp, soňam çöwrüp, hany baş alyp çykyp bilýän bolsaň, görkez zorlugyňy diýlip, adamyň öňüne oklanan ýaly-la, bar zat çepbeligine. Bibaka dünýäniň düşnüksizligem-matallygam şondan-da. Adamyň bir pyýala möçberindäki beýnisi ondan uç-uşlyp çykarardan ejiz. Adama beýni hiç zat bilmeýänligini bilmek üçin berlen kibi. Diline gelen “pyýala” sözi oňa ýene bir tymsally tutaryk tapdy: “Eger käsäniň içine suw bilen süýt guýsaň, heý, garyşman-gatyşman bilermi? Ýüzüniň ugruna garyşar! Erkek bilen aýalam şol kysmydyr-da!” Bu sowal-jogabam ýene şol gije öýlerine gelmän geçen täjir myhmana ýanalan. Ymamguly abşara indi näme eýlemek galýar? A belki-de, ýatmalydyr, binamyslyga salyp. Özem başyňy bürenip ýatmalymy “Gözüm görmese bolýar, guýrugymy böri iýsin!” diýip? Ýat gündizmi-gijemi, bimahal çakmy parhy ýok, görme-de, köýme-de! Näçe ýatarsyň, bir günmi, üç günmi? Soňra näme? Düýeguşyň üstüne howup abananda kellesini goltugyna sokup gizlenýändirin öýdüp, özüni aldaýşy ýaly. Dert içiňdekä başyňy hernäçe büräňde nä? Gözüňi baglasaň, içiňi görýär, içiňde-de şol musallat, özem mesaňa, aý, şondan gaýry hiç zat görnenogam. Göresiň gelmeýän zadyň gözüňi ýumanyňda hem görünýän bolsa, onda adam ogly nalaç eýlesin? Myhmanly wakadan öňki günleri ýene ýagşy-elhalrak eken, tüňňerilişýäň-ýazlyşýaň, är-aýalçylyk-da. Hernäçe ýüz öwrüşseň-de, maý geçip, ýene-de bolşuna görä äbe-de-jüýbesiň. Hasam bile bir ýorgan-düşege gireniňde. Är-aýalyň gije çörňeşýän çagy bir-bireginiň ahwalyna iň gowy düşünýän wagtydyr. Emma turman, ýorgana çolanyp ýatyp bilermiň? Turarsyň. Dikelersiň. Ýene öňki durmuşyň başyňda. Gelmän geçen myhmanly wakadan soň welin goýy duman hergiz sowuljaga meňzänok, garalyp dur – zulmat. Tebigatda zulmatdan soň ýagty gelýär, emma bularyňkyda... Wagt ýarany bitirýär, Ymamgulynyň derdiniň üstüne welin ýene dagyň mähnet daşlary deý dert goşýar, wagt onuň üçin bilmezek tebip, gaş bejerjek bolup, tersine zerzawdan ýaňa gözüni çykaryp, janyňy alyp gelýär. Ýaşalan bolup ýör, yra-dara, il ugruna. Ymamguly ýene edip oturan pikirini düýpgöter beýleligine-de ýoruberýär “Bagtym işläp, görmegeýje-syratlyja, akmaýa ýaly gyza öýlendim. Meniň ýaly göden-söden, tüňňi-saňňa, botduk-sotduga dözüp, rowa görer ýaly maşgala-da däl. Aýal meselesinde bagt guşum depäme gonupdyr. Köp adamyň bagtyny injigi götermeýärmiş diýilýär, menem şeýle gadyr bilmez eşek bolaýmaýyn. “Itiň boýnuna göwher daksaň, item aglar, göwherem” diýilmeýärmi? Özüm it-eşek. Meniň bu bolup ýörşüm “Waý, men paýyma düşen bagtymy göternip bilemok” diýip, aglan, jögüsirän ýaly. Aýaldoganymam Peleň pälwandan gowa berjekmi? Iliň ýetip bilmeýän gerçegi, göreşde taý tapylman, biline guşak daňmanam, toýlarda baýrak alyp ýören. Peleň pälwanyň öz daşynda çemelenip, pelesaň urup ýörenini aňyp, göwni galkyp, aýaldoganymyň ýörite çola çykan bolmagam mümkin-ä, ot ýygmagy bahanalap. A öňden gepleşikli-dilleşikli bolsalar bildiňmi? Men näme olaryň içine girip çykdymmy? An-ha, ýaşap ýörler-ä gepsiz-gürrüňsiz. Heý, uýam geldimi aglap işigimizden? Tersine, gülüp-yşyp, häli-şindi gelip-gidip ýör, şondan bagtly ýok ýaly şu dünýede. Alyp gaçanyňa görä yzynda durmanam başarmaly Peleň pälwan deý. A biziň ýaşajak bolup ýörşümiz nähili? Itiň güni!”. Gelniniň agzynyň bimazalygyny, toýlulygyny eşdenden soň ol hoş habar Ymamgulynyň garaňkyrap duran kalbyna aram bermeden geçen, şindi öçmedik odunyň üstüne nepýag guýdy, gelni Zeýtunyň ikigatlygyny bilip, bela dömen ýerinden ahyry daşyna depip ugrady diýip düşündi. “Betbagt çaga heniz dogulmanka – enesiniň garnyndaka näçe hupbat berýär, doglansoň, nähili tomaşalar görkezer?” Ýene-de dadyňa Hudaý ýetişýär, gursagyna sähelçe yşyk çaýyp goýberýär: “Belki-de, tersinedir, bagtym getirip ýörendir, perzent diýip, ah çekip ýördüm-ä, ine, zürýat! Bagtyňy garşy almagy bir başar-a, Hudaý uran! Çagada nä günä bar? Özüňki bolsa, bildiňmi? Süňňüňden syzylyp çykan balany şeýdip garşylarmyň? Heý, öz bagtynyň ýüzüne urýan barmydyr, adam bol, Ymamguly, adam bol! Kow şeýtany gursagyňdan, kow lagnany! Enesin-ä bir ýakdyň, gabajygyny berk ýumup, nirä gelýäni bilmän, saňa ynanyp, atam bardyr diýip, ýagty jahany arzuwlap gelýän çäresiz bäbegiň heniz dogulmanka, dünýä inmänkä ýüzüne urup, maňlaýyny garaldaýjakmy? Enesiniň-atasynyň ýanany azmy? Dowamatyňy bir beýme-dä. Şu mahal onuň ykbaly seniň eliňde, ýalka balaňy, ýaza öwür. Indi öz çagaňa ýeterlik mürewwetiň ýokmudyr? Daşmyň, demirmiň? Hudaý jan, gursagyma giňlik bereweri, seniň razylygyň bilen çagajygym dünýä inewersin! (1688-nji ýylyň 22-nji noýabrynda) Bawerdden ilerde, dag aňyrsynda (Eýranyň Kebkan şäherinden 30 kilometr, Muhammetabatdanam 5,5 kilometr gaýrada) Destgir diýen ýerde türkmenleriň abşar taýpasynyň kyrkly tiresinde Ymamguly possunçynyň ogul çagasy dogulýar. Erkek göbeklije çaga doguldy, edil özgeleriňki ýaly – jäk-jäk, iňňä-iňňä. Aglap dogulsa-da, sesinde kinäniň ýokundysam ýok, “Heniz dogulmankam ýüzüme urduňyz” diýenok. Kine meselesinde uly adamlar çagadan kän ejiz. Ulular elmydama çaganyň her gymyldysyna “Eýle bol, beýle bolma” diýip, akyl berýärler, eger olaryň özleri çagadan bir zat öwrenmeli bolsa, onda körpeleriň kine saklamazak häsiýetini sapak edinmeli, bagyşlap bilmeli. Eýlenen-kylnan däp-dessurlaram özgeleriňki deý – goýun soýuldy, üýşüldi-çaşyldy, pişme seçildi, hezillik. Dil bitmedik bäbek, gepläp bilmänsoň, aglap, içini boşadýar. Içinde bäbek aglaýan tünek iň bagtly öýdür! Bäbegiň agysy – şatlyk! Körpejik öýe, dünýä hezillik getirdi, ýöne dünýä ony hezil etdirermikä? Dünýäni beýlede goýaly, aýdaly, ine, atasy. Atasy hiç-ýok çagasyny söýmegi bir başararmy? Bu sowala wagtdan başga jogap berjek ýok, ol diýilýän wagtam garaşmagy talap edip, dymýar. Ýöne doglan badyna çaga at dakmak meselesi az-maz çekeleşikli geçdi. Ol eý diýdi, bul beý diýdi, gelniň özem “Kakamyň hormatyna Babajan dakaýalyň, özüni görmese-de, adyny bir götersin” diýdi, bulam Ymamgulynyň ýüregini bulady, öň şol tohumdan gören görgüsi azmy, indi ýanaşdyrman, oglanyň ady Nedir bolar diýip, içki pikirini daşyna çykardy. Makul. Bäbejigiň şol ak gyraly ýaglyk daňlan kellesini kybla tarap uzadyp-ýatyryp, oba mollasynyň öňünde goýdular. Molla bäbegiň kellesindäki ýaglygy çözüp, kellesinden bir sypalap, gulagyna azan aýdyp, “Adyň Nedirguly!” diýip, pessaýja gygyrdy, azan adyny bäbegiň özi, töweregindäkiler-ä bir, üstesine ýedigat asmanda – Arşda-da eşdilýärmiş, perişdeler hasaba alýarmyş. Zeýtunyň göwnüni ýykyp, şol ady dakan özi, hemmeler unasa-da, alyp göterseler-de, Ymamgulynyň öz gulagyna bu at ýaraman, eşdeninden seňrigini ýygryp ugrady, aýdýarlar-a “Doňzuň ölse-de, hor-hory ýatanok” diýip, oglanjygyň Nedirguly ady gulagyna “Kimiň guly?” diýen ýaly betgüman sorag bolup, eşdilip ugrady. Öwrendikli gylyk ýene köne heňine tutup, gadymkyja gyjagyny süýkäp ugrady – zyk-zyk! Içinden! Adamy dert içinden alýar. Şer hiç mahal ýitmeýär, ýöne ol nirededir bir ýerlerde gizlenip bilýär, meselem, ýürekleriň iň töründe. Ýatdan çykan ýalam edýär-de, ýene ençeme mahaldan dömüp-çykyp, ýada düşüp, jebir çekdirip başlaýar. “Degirmende doglan syçanjyk” – eýjejikden gelen akja bäbek sokjap, emip ýatyr enesiniň göwüslerini gezekleşdirip, emen süýdi tä petekejigine gelinçä dolmasa, agzyny aýrasy gelmez, iki gözem enesinde, gözleri durşuna sowal, sowallaryna anyk jogap ýok. Sowal-a “Ene, men nirä indim, dowzahamy, jennetemi?”. Jogabam “Özümem bilemok, balam, nireligini”. Sowal-jogap içden, sessiz. Sessizem bolsa, düşünişdiler. Kän mahal geçmänem, bäbek öýüň çüňkünde gerlen sallançagynda süýji uka çümdi, enesem körpesinden sypyndygy işi-derdi bilen gümra. --Üwräp oturmasaň, ýatanok, eşşek! – bu-ha Ymamgulynyň aýdýany, gaharly, ýöne gowy gören boldugy. --Üwreseň, akyllyja ýatýa-la çaga, tüweleme! – bu-da Zeýtunyň aýdýany. Birinjisi gaharly aýdylýar, ikinjisi guwançly. Aňladýan manylary welin deň. Şeýdip, çagajygyň ömri gahar bilen mähriň arsynda janserek ýagdaýda başlandy, edil häzir münüp ýatan sallançagynyň üwrelişi kysmy. Ýöne ol gahar tarapa agjakmy, mähir tarapa agjakmy, häzir öňünden bildirenok. Allatagala adama erk beripdir diýýärler, haýsy ýoldan gideýin diýse. Ine, şol iki ýoluň birini saýlamaly ýeri. Bäbejik halyna saýlap bilermikä? Häzir ir diýseň, soňam giç diýýärler. Ir bilen gijiň ortarasy niredekä? Törpüläp otursaň, sesi daşyna-da çykaýýar. Ýene öňki-öňkülik, bir gün uruş, iki gün dawa. Kä-ä-ä-te-de, ýazylganlyk. Şonuň ýaly pursatlarda Ymamguly bäbegi gujagyna alyp görüp, ýüzjagazyna dikanlap, seredip görýär, birhili özüne meňzeýänem ýaly, tegelek gözleri ejesine kaksa-da, dodajyklary, burny ata tarapyna çekipdir, jägildäp aglan mahaly sesi – alamat, obany göçürip barýar, olam atasy kybap. Ymamguly içini gepledende-de, sesi daşyna çykýan ýaly, güňleç sesi bar, uzagrakda duranlara gök gürleýärmikä diýdirýär, bagşyçylyk etse-de, gelişmän durjak däl, ýöne tutuk häsiýetiň bilen iliň ortasyna hädip çykjak? Bagşyçylyga ala ýaz ýaly şelaýyn häsiýet gerek, ýagşy bilenem, ýaman bilenem, her kim bilen dil tapýan. Ymamguly iň bärkisi, ýanýoldaşynyň-a däl, öz dilinem tapanok, içi ala hasyrdy – bady-baran, gowga, uruş, tä ysgyny gaçynça. Müňkürlik gurçugam beýleki gurçuklar ýaly-da, wagt geçdigi saýy ulalma bilen, köpelme bilen. Aýaly Zeýtuna daşarda işe gümra mahaly – öý çolalykka possunçy sallançakda ýatan bäbegini gujagyna alyp, gaýtadan mazaly synlaýar, gözüne golaý-golaý getirip. Adamzada mahsus ýene bir närse bar, süýde siňňin seretse, gan görýär, özüne meňzese-de meňzeýär, emma şol täjiriň kakuwlaram bar ýaly. Oýaly-ukuly bäbegiň ýylgyran ýaly edişine seret, edil şol. Edil şol, edil şol! Gurçuk ulalyp üç kelleli aždarha öwrülip, possunçynyň beýnisini üçüsi üç ýerden gemrip ugraýar. Içiňi ýakaýyn diýýän ýaly bäbejigem muňa ýylgyrýar. Janyňy özüň ýaksaň, içiňi özüň tütetseň, elbet-de, köşeşdirmelem, öçürmelem ýene özüň. Gahar-gazapdan ýaňa haş-haş edip, sojap alýan demini başardygyça dürsäp, Ymamguly gabaklaryny tiz-tiz gyrpyldadyp, pikirlerini başga ýana gönükdirmäge çytraşdy, ýogsa özüni bugra düýe ýaly bir gapdala agdaryp, ýykyp barýar. “Päh-eý, menem-ä! Il bäbejigi ýylgyrsa, aty çykan ýaly hezil eder, begener, oguljygymam maňa, hil bir kakasy bar dek, erinjigini hatap ýaly giňden açyp, ýylgyrypjyk berýär-ä, gülüpjik berýär-ä. Bujagaz neresse çaga saňa şondan başga näme edip bersin? Hany meniň atalyk mährim? Öň-ä perzentsizligiň dagyny çekip, itiň gününi gördüň, ysyna zardyň, indikiň näme, Huhaý tutan?” Dutarynyň şu perdesini bassa, ýüregi birneme düşüşýänem ýaly. Ýüregiň giňese, dünýäňem giňeýär, dünýä seniň kalbyň aýnadan görünýän şekili kysmy, sen akmy – olam ak, sen garamy – olam gara. Şuňa aklyň çatybam, ýene dünýäni garaldýan bolsaň, onda bileniňden galma! Çendanlar ýüreginiň doňy eräp, hernäçe ýumşasa-da, Ymamguly oguljygynyň posalak ýaňajygyndanam, akja maňlaýyndanam ogşap bilmedi, nähilidir bir gara güýç gaýra tesdirdi, almazak goýun ýaly kürtdürdi, ýogsa ol “Atasy ogşamadyk çagadan her zada garaşaýmalydyr!” diýen sözem eşdipdi, il bir zat diýse, hökman ugrunda barlygyny bilse-de, balasyny öpüp bilmedi, özünde öküziň güýji bar bolsa-da, onuň özüne täsiri ýetmedi, edil iki eliňi tutluşdyraňda hiç biriniň asgyn ýa rüstem gelmeýşi kimin. Maşgalaňa siňdiren mähriň hemişe özüňe gaýdyp gelýänine-de seretmedi. Mähir siňdirseň, soň aljagyň mähir, gahar siňdirseňem – gahar. Arpa ekip, hiç haçan bugdaý ormarsyň! Ilki-başda gönezligini ene-atadan alan mähriň soň il içine çykanyňda ýörejek ýoluňy arçap berýär, seni Hudaýa tarap barýan ýola salýar. Rahman janly-jandarlary ýaradanda diňe adama öz mährinden beripdir, şondan bäri mähir-muhabbet diýlen zat ata-eneden perzende, perzendem öz zürýatlaryna geçirip gelýär. Ozallar üýşmeleňde-köpçüligiň içinde “Bu zamanyň erkekleri nähili bolaýypdyr-aý, çagalaryny boýunlaryndan asyşyp, teti ýaly şalk-şalk edişip, gujaklaryndan düşürmän ýörler, bir ýatyryp, ýanap, emdirenoklar. Biziň döwrümizde ejesi gujaklap, kakasy hol beýleräkde durardy, çagasynyň ýüzüne içgin-içgin seretmäge-de utanardy, bir gep tapaýmasynlar diýip, ilden-günden çekinerdiler” diýip, dilini-başyny çeýneýän aýbygadymlary ýek ýigrenerdi, içindenem-daşyndanam gaýtawul bererdi, indi welin... Geňläniň – alnyňa! Özi şol tetellilere öwrülipdir. Dogry, içinden şol öňküligi, öpesi gelýär balasyny. Daşyndan welin arkan gaýşyp dur. Iki aýakly iki günde – Nedirgulyjyk tigirçek deý tigirlenip ugrady iki ýana, hezil edip, oýnasy geldi, jykyr-jykyr gülüp berip, öz hosdarlaryny şatlandyrasy geldi, arman, gözüni açyp göreni şer, dawa, öýleri – dowzah. Galmagaldan-gohdan ýaňa dykyn alyp, ýarylaýyn diýýän bu betbagt içeride enaýyja çagajygyň şatlygyna-gülküsine el ýaljagam ýer tapylmady. Eýlesine baksa – enesi, beýlesine baksa – kakasy, iki aralykda çaga sergezdan. Tä uklap galýança öýde goh gidip otyr, gijäniň bir mahaly oýanaýsa-da, ýene şol ýagdaý – öýüň şeri ýatanok. Tükeniksiz şol hüňür-hüňür. Är-aýalyň arasynda myhmanly gümürtik gürrüň welin oýundan-çyndan agzalanok, eger-eger. Ikisi-de berk dilleşen ýaly, agzamaly däl edişen ýaly. Ol agyr gürrüň agzyňa alardan, diliňe çolardan hatarly, eýmenç. Dillerine çolamaýanlarynda-da, onuň turuzýan tüweleýine serediň-ä! Pidul myhman welin nirdedir aňyrda bir ýerlerde gizlenip, içini güldürip, är-aýalyň eli bilen, dili bilen ot gorsaýar. Eger bu mesele gös-göni orta atylanlygynda, kim bilýär, bu mahala çenli, belki, ýa eýläk, ýa beýläk, ýa aňyryk, ýa bärik edilse-de edilerdi, emma ne äri, ne aýaly oýundan-çyndan ol irnik meseläni dile çolanoklar, diňe işbu nyşananyň özüni däl-de, bilkastlaýyn göre-bile-ýörite eýlesini-beýlesini, töweregini tüwledýärler. Daşyndan dile çolamasa-da, myhmanly gürrüň Ymamgulynyň içinde köwsar urýar: “Asyl, indi geläýmez, näme söwda-satyk diýip, şu jelegaýlardan eýläk-beýläk geçýän dälmidir? Öň gelip, indi näme üçin sowlanok biziň howlymyza? Indi gelmeýänliginiň şeksiz emmasy bardyr. Eden haramzadalygynyň üstüniň açylanyny duýýandyr, müýnüni bilýändir. Gorkýandyr” Bar aýdaly, eger Zeýtun giň göwrümlilik edip, dodagy ýelimlenen kimin, dili şel açan beste dahan ýaly, agzyny-burnuny pugta ýumup, näme diýseň, şony diý, diýip, lal açyp oturanlygynda, elbet-de, beýle tüpgenler turmasa-da, turmazdy, juda masgaraçylykly ýagdaýda ýaşamazdylar. Elmydama diýen ýaly gijede-gündizde hiç soňy gelmeýän jenjeller onuňam içinde gaty getirdi, duza gaçan duza döndi, ýöneräk, mylakatlyrak jogap beräýmeli halatlaram äriniň aýdýanlaryna Zeýtunam gaharly-gödek jogap berdi, siltendi, şol sebäpli, köplenç diýen ýaly işigaýdan hojalygynda şeriň başy özünden başlandy, “Ölşüňe görä gömşüm” diýilýäni-dä. Eger Zeýtunyň ýanýoldaşyna içinden-daşyndan gargaýan gargynçlarynyň baryny goşup-aýryp, jotdalap, gysgajyk jümlelere getirseň, deňdir belginiň yzynda şu sözler ýazlar: “Ah-eý, är gursun! Näçe görmedigimçe, şonça şat, özümden öň bir ölüp gelenini görsem, ol-a süýnüp ýatsa gädikde, menem iki aýagymy uzyn salyp, hezil edip otursam-da, Allajan şol günlere ýetirse. Gözümden bir damja çyg çyksa, Aýsona adymy aýraryn...” Binamyslyga salyp, gulagyň duşundan geçiräýmeseň, eşder ýaly däl. Bu sözlerden soň bir ýorgana nädip girip çykjak, ýorgan-a däl, bir öýde, bir köçede bile ýaşamak mümkin däl. Galýar diňe maşgalany dagytmak. Zeýtun-a soň bu gününi tapmajagyny bilip dursa-da, aýrylyşmaga taýyn. Ol ikujyny deňlän. Emma Nedirguly gelnini kowup, başgasyny alybam biljek, näme il içinde başyboş maşgala gytmydyr, olaryň hemmesi Zeýtun ýaly içi ýylamadygam däldir, täzeden öýlense, gönenmegem ahmal. Ýöne Ymamguly beýdişip, ile masgara bolup ýörmez, diş gysar, çydar, sebäbi ilki-başda – düýp-teýkarynda şu durmuşy onuň özi saýlap-da, öz elleri bilen kylyp, öz elleri bilenem eýläp-dä. Aýrlyşjak bolsa, başda görmän durdymy? Şol it masgarasy gürrüňlere çydan häzirkä-de çydar. Onuň berk ynam-ygtykady boýunça erkek kişi öz maşgaladyny ýykýançy däl-de, ýykylmagyndan goraýançy. Gerek bolsa, dem salymam säginmän, maşgalaň üçin şirin janyňdan geçip, başyňy hem goýmaly. A, belki-de, Zeýtunyň gijesem ýok. gündizem ýok, diş-dyrnak, el-aýagyny direnip, ärine çyr-çytyr zabun garşylyk görkezmegi bu yraň atyp duran bagtyýatan maşgalanyň dyr-pytrak çagşamagynyň öňüni alýandyr, söýget berýändir, çünki, Ymamgulynyň gülüp-yşmaýan demrew çalnan ýaly demirtikenekli ýüzi, oňşuksyz, tutuksy häsiýeti, gaýa ýok, gopuz ýok ýerden şer arap durmagy öňýeten ezenegini agdyryp ýören kibti gysyk, susty gowşaga daga per bermez, asla äsgerjegem däl. Meger, Peleň pälwanyň gaýduwsyz uýasy Zeýtunyň zol dikleşip-topulyşyp durmagy bu tünegiň parçalanyp-dargamazlygy üçin deňagramlylyk-sazlaşyk döredýändir. Ahmal, kim bilýär, şeýledir, deň etmän, duş etmez-ä. Rastdyr diýsek, onda indi dogjak bala-çagalarynyň hatyrasyna är-aýal ýerli-ýerden tokmaklaryny tark-turk edip, ýenjip-bejerip, günemalarynyň arabasyny jygyldadyp sürübersinler, tozup, tigirleri çagşap, il güldürip, gözgülban ýatanyndan-a gowudyr. Är-aýal bir otagda, bir düşekde uklasalar-da, hersi bir gapdala seredip ýatýar “Ýatamyzda bir syrtymyzy öwrüşip ýatmaly” diýip, Ymamguly arasynda şelaýynlyk edip, çekeläp görse-de, gelni kemtersindenem özüne tarap öwrüläýenok. Näme gijäniň bir mahaly ýatanyňda eýläňe-beýläňe agdarylman bolýarmy? Birden äwüp-säwüp ukyň arasynda äriniň eli tenine degäýse, hamala “Eger ýanaşaýdygyň, ataňy nazara getirerin” diýip, garaşyp ýatan ýaly, möými, apy ýylanmy ýapyşan ýaly tisginip, honda süýşüp, myrtar sesi bilen “Sataşman geçen meýdi ýananyň derdinden ýaňa gijede-gündizde maňa gün ýok, gabyr bol-da!” diýip, hüňür-hüňür edýär, muňa-da Ymamgulynyň girre gahary gelip: “Näme edildi şumat saňa beýle, haramzadanyň dograny?” diýip, olam jabjynmak jabjynýar, ikitaraplaýyn başlanýar gowga, tä ýadap, dilleri gurap, usurgaýançalar. Obalaynyň toý-tomgusynda öýüne gaýdyp gelende Ymamguly ogly Nedirgulynyň goňşularynyň gyzlary bilen gurjakgoş oýnaýanyny görüp, seňrigini ýygyrdy, birki gezeg-ä, ýanyna çagyryp, “Tetimi sen? Bir keşde çekip, gaýma gaýamaň galypdyr?” diýip, siltäp, ite diýmesizini diýip sögdem, ýeňsesinden südürläbem goýberdi, emma çaga-da, käýäniňi-edeniňi bilýärmi, diý-diýme, oňa oýun gerek, güýmenje gerek. Onsaňam dört-bäş ýaşly çaga gyzy-oglany näbilsin, özi ýaly çaga tapsa, parhyny bilmän, bile oýnar, nämäni görse, şony eder-dä! Bileje oýnany bilen näme gyza öwrülip barýarmy? Gaýta gyzjagazlardan ogluna mylaýymlyk geçmezmi? Näme oglam özi ýaly gany hemişe lasyrdap gaýnap duran bolsunmy? Dul degşir goňşularynda Nedirgulyjygyň özi ýaly üýşüp ýatan deň-duş oglanjyklaram ýok, kileň gyzlar. Zeýtunam görýär oglunyň olar bilen oýnap ýörenini: “Oýnaýan-da näme? Gapyň-gapa seredip durka, bile oýnatman, nädip saklajak? Oglanam-gyzam deň çagadyr-da, gabsal-gabsal edere näme esas barmyş? Öňi-soňy şu dünýäniň haýwan-ynsanynda gyz-oglan, aýal-erkek garyşyp ýaşaýar-a, aýallar bir obada, erkekler başga obada ýaşanok-a. Bir öýde, bir düşekde ýatýar. Gyzyň näme aýby barmyş? Nämesi kemmiş. Munuň ýanynda aýal bolsaň, özünden dyz boýy pesdedir öýdýär. Aýyn bolmasa-da, “Aýallar öwlüýäde jaýlananda çukurlary erkekleriňkiden bir depin aşak gazylýany ýöne ýerden däl” diýýär. Her kim özüne osýar. Içiň arassa bolsa, hiç mesele ýok şu ýerde. Ýeriň üsti erkege-de, aýala-da deň şärik. Biri ol adaly, beýlekisi başga adaly däl. Garym-gatym. Oýnamalam bolar, gürleşmelem bolar, gatyşmalam bolar”. Ýöne Zeýtun bu babatda adamsynyň gaňryşyna gaýdyp bilmez, Ymamgulynyň bu iki jynsa garaýşy bu jelegaýlarda görlen däl, jada zabun. Onuňça erkek bilen aýalyň arasynda daglar ýaly serhet bar, diňe nikalyň bilen, olam gije, ýorganyň içinde. Duýman durka ýürekýargyç wagyr-wugur sese Nedirgulynyň imany göçdi, ziňkildäp, boýnuny yza öwürdi, görse, kakasy. Ymamguly aňrydan gelşine ogunyň gulak çekgesine bir şapbady çaldy – baý, onuň bireimdigini! Gözlernden gyzyl ot syçran neresse çaga ýere tüwdürilip gitdi – ýüzinligine. Hernä palçygyň içine ýazyldy, döwlen-beýleki eden ýer-ä ýok ýaly, ýöne ýüzi-gözi, tutuş üsti-başy durşuna läbik-laý. Depesinden dabanyna deňiç gara palçyk süýgüp ýatyr. Muňa bileje oýnap oturan gyzjagazyňam zähresi ýarylara gelip, hamala, öz dulugyna-da şarpyk çalnan deý, uly sesini edip, wägirip, öýlerine tarap ýazzyny berdi “Waý, eje!” Zörledip duran oglunyň jynssyz agysyna Ymamgulynyň ýüregi bulanyp, aňyrsy bärsine geldi, “Sesiniň nejisligini, nämä meňzeýär-aý bü, eşekd-ä beýle ses ýok”. Şir-peleňe meňzetmänem özüne uslyp bilmedi, ýöne hernäme diýse-de, bujagaz bigünä çagasynyň nämesi meňzemese-de, sesi-hä edil özüniňki – Ymamguly possunçynyňky! “Gyz bilen oýnap ýörenden peleň çykjakmy? Çykaýsa-da urkaçysy çykaýmasa”. Äriniň içinden eden pikrini Zeýtun eşdäýenliginde jogabyna nagt ederdi: “Är daýadyr, daýysy Peleň pälwan, onsaň ýegenem peleňe meňzär-dä!” Hamala diýersiň, edil ýaňja Nedirgulyjygyň gulak çekgesine ýenjeni eýýäm ýadyndan çykan ýaly, haýran galansyraýar: “Erkek oglanam bir uly ilini edip aglarmy? Jorasy gyz bolsa, başga näme tama etjek? “Beýleki gyzlaryňky ýaly gulagymy deşdirip beriň?” diýse-de, biçeme däl-ow. Heran-haçan şu betnamdan meniň agzym ýagjarmaz, dişimi dökjegiň biridir şü. Zörledip durşundan biläýmel-ä bu tetiniň ýumurtgasynyň palaklygyny”. Bu aýdan sözlerine ýene-de Ymamgulynyň öz güpbe gahary geldi, tüýs ýörite içini ýakaýyn diýen ýaly, agyzdan sypan sözüň bir ujy aýlanyp-dolanyp, şol täjir myhmana tarap baryp dur-la. Şeýle barsa, jähennem! Ölýän bolsaň öl diýip, namysyňa tokunyp, degnaňa degýän, depgileýän tarapyndan. Manysy – “Meniň dölüm bolsa-ha gyz bilen oýnamazdy, waýkyryp aglamazdy” diýmek-dä. Kime kakdyrýar – myhmana! Başga biri diýenog-a, hut, öz agzyndan çykýar-a. Adama özünden başga duşman gerek däl, bir ýerde gyjyt bar bolsa, içinden böwrüne dürtüp dur. Zeýtun ärine kemtersinden gabagynam galdyrman, läbige çümen dikrarynyň elinden tutup, sessiz-üýnsüz alyp gitdi. Diýmek, harçaňlaşyp-gygyryşmaga häzir rowgaty ýok. Ýuwdup bilseň, ýuwutmaly! Gygyrşanyň bilen düzetjek zadyň näme? Şarpyk çalyndy, palçyga bulandy. Mundan aňry geçseň, oňlulygyň üstünden eltmez. Ymamgulam aýalyna gaty-gaýrym hiç zat diýmedi, ýaňky şarpyk bilen, meger, gazaby egsilendir. Häzirlikçe egsilendir. Birsalymdan ýene başlar, bahana gytmy? Täjir myhman hakyda gelenden soň, bu öýde özlerine durarlyk galmaýar. Täjirli gürrüň Zeýtunyňam kellesinden çykanok “Belanyň körügi özümde, meniň dilimi kesmeli, är boldaýjyma bir zat aýdarlygy barmy? Bir söz eşitse, soň ýanjap, gulak etiňi guradýar, tükedenok-tükedenok. Başda aýtmaly däldim”. Häzirlikçe bes, ýuwdunşyp oňmaly, şeýle-de etdiler, diňe Nedirguly wagty bilen goýmady, ejesi eşigini çykaryp, suwa düşýärkä-de, sesini goýup bilmedi, haý-küşe gulak salman, eňşedi, gabaklary pökgerinçä, gözýaşy kepinçä aglady, soňundanam hynçgyryp-sojap demini aldy, ony köseýän zat, näme etmişiniň barlygyna düşünmezligi. Ol ýöne oýnad-a. Hiç zady döwmedi, hiç zady ýitirmedi. Dur-dur, döwüldi – göwni döwüldi, ýitirdi – bu howluda seýrek duşýan şatlygyny ýitirdi, kakasyny öňem bir halap baranok, galanja hormatynam ýitirdi, bu masgaraçylygyňam sebäpkäri kakasy. Ymamguly oglunda hem haýry görýär, hem şeri, bir görseň-ä allanäme, bir görseňem bagry ýakan. Ol öz içinden “Diňe meniň dogmam däl-de, hemme adamlaram şeýle bolaýmasyn-haw, özümem şol hatarda?” diýip, oýa batdy, oýlanmalar öňa jogap getirenok-da, sowallaryň tükeniksizligine alyp gidýär. Ymamguly üçin öýüniň içindäki durmuş daşyndakydan has çylşyrymly. Çagasynyň hut özüne meňzemegini kim halamaýar, meňzeşlik – seniň dowamatyňlygynyň subutnamasy! Ymamgulynyňam islegi şol. Iň bir gorkýan ýerem şol. Hiç-ýok, agzy, burny, gözi, gulagynyň haýsam bolsa biri, ýekeje nokady meňzesed-ä. Guýruk ýerinde gök tegmil bar, özüniňki ýaly, onam öňüňden çykanyň haýsy birine balagyny çykaryp, syrtyny açyp, türresini görkezjek? Görkezeňsoňam “Şuňky ýaly göm-gök tegmil meniňkide-de bar” diýjekmi? Beýdip ýörseňem-ä, öz syrtyňy açan ýaly bolar. “Meňzeýär” diýiberseň, meňzemeýänligi! Adamlar seniň janygyp aýdan sözleriňi beýleligine öwrüp, gizlän hakykatyň üstüni açýarlar. “Ýok, bu aýdýanyň nädogry” diýenoklar-da, birhiljek edip, ynamsyzlyk edip, bawar kylman, ýüzüňe seredýärler welin, eden yhlasyň ýere çalynýar. Ymamguly: “Il içine ýaýran “It – ata, är – daýa meňzär” diýen nakyl bir taň zat, eje tarapyna meňzändir-dä diýilmegi üçin” diýip, şol nakyly özüne tutaryk edindi, dogrudanam, ýapyşalga kemi ýok. Oba-gara sadaka-toýa çyksa, oglunam ýany bilen kelte tirkeg edip alyp gitmäni çykardy, hemişe ýanynda, kakasy öňden, oglam yzyndan barýandyr, maksat hem-ä gawun gawundan reňk almaly, hemem il-günüň gözi öwrenişsin! Ymamgulynyň ogly diýsinler! Gözler öwrenişse, üns sowulýar, betgümanlyk kemelýär. Hemem özi ýanynda durka, çagasynyň gürrüňini etmezler. Sebäbi birden tötänlikde, ýalňyşyp-ýazyp, ýakymsyz bir söz, ýarym bitgat söz agyzdan çykaýsa-da, Ymamgulynyň itiň tezegini iki kesişmäge taýýardygyny bilip, her kim heder eder. Depegenden daşrak. Nedirgulam ýuwaş-ýuwaş öz kakasynyň köpçüligiň içinde juda dilewar adamlygyna göz ýetirdi, uly il diňläp oturandyr, burunlary deşilen ýaly, bir kakasynyň ýognasdan gelen dogumly sesi içerini dolduryp durandyr, gürrüňlerem biri-beýlekisinden gyzykly. Gülünýän ýerem bar, gynançly ýerem. Köpçüligem edil dessançy bagşy diňleýän deý, hezil edip, mukaýt bolup oturandyr. Oglan dilewar kakasyna buýsandy: “Ýöne näme üçin öz öýünde ol başga adam, yzgytsyz-gygy ajy, dymma? Öýde-de illeriň ýanynda bolşuny edäýse, gyzyl gyran gülüşdirse, del zatlary aýdyp, geň galdyrsa, onda biziňem tünegimiz behişde öwrüläýjek. Ejem görgüliniňem maňlaýynyň ýygyrdy ýazyljak, ýüzi güljek. Kakam üçinem şol kemje-kerdem däl-ä. Illeriň ýaşaýyşam şol hil-ä”. Emma Nedirgulynyň şu manydaky oýlanmalary – gury arzuw, soňy gelmejek, boş umyt. Hemişe diýen ýaly, kakasy haýsy üýşmeleňe barsa, esasy gürrüňçem şol, oglam ýanynda. Nedirguly assa-ýuwaş bir ýagdaýy aňlap ugrady, kakasynyň gyzykdyryp aýdýanlary şol bir zatlar, şol bir gürrüňler. Eýläk barsa-da şolary gaýtalaýar, beýläk barsa-da. Nedirguly on-ýigrimi gezek eşden gürrüňlerini başdan-aýak oturyna-nokadyna çenli bilýär, özgeler hä berşip, diňleseler-de, lenji-şyrrygy çykan sözler onuň welin ýüregine düşüp ugrady, gaýtalanyp dur, gaýtalanyp dur, nädip çydajak? Arasynda bildirmän, turup, çagalaryň arasyna oýnamaga gitmäge synanybam görýär. Ymamguly aňyp, gözlerini alardyp, oglunyň synyndan çekip saklaýar, butnaýmaly dälsiň. Onsaň, nalaç gözüňi gögerdip oturmaly. Kakasyna edýäniň däl diýip, bellik aýtmaga-da mümkinçilik goýanok. Bir gezek Nedirguly kakasyna belligem edip gördi, öýlerinde bir tabakdan nahar iýip otyrkalar, kakasynyň çorbany hopurdadyp içip, agzyny şapbyldadyp, dişleri bilenem kelem bölegini hylç-hylç edişini görüp, usulluk bilen “Beýdip, şapbyldadyp iýme-dä” diýip gördi. Duýman durkalar öýüň içinde gök gürläp, ýyldyrym çakana döndi, Ymamguly elindäki gemrip oturan goçak omaçasyny saçagyň üstüne pylçap urup: --Ýoguňy tap ýanymdan, haramzada! Atasynyň ýal iýşine ýüregi bulanýarmyş, it döli– diýip, jynssyz sesi bilen gygyranda ataly-ogluň ikisiniňem gözleri tas hanasyndan çykypdy, hasam Nedirgulynyň ýüregi süýşüp gitdi. Şondan soň ýeke gezegem, kakasynyň ýüzüne gelmäge milt etmedi, eger-eger. Hawa, özgeleriň ýanynda zol-zol gaýtalanýan şol bir halys lenji çykan gürrüňler oglanyň kakasyna bolan ýigrenjini güýçlendirdi, ulalaýsa, kakasynyň bu ýolundan ýöremejegini birnäçe gezek özi özüne pent etdi, dogry, dilewarlygyny öwrener, emma bir aýdanyny hergiz ikilenç gaýtalamaz. Näme ýalançyda gürrüň gytmy? Ymamgulynyň “Oglumy yzyma tirkesem, özüme meňzär” diýen tamasy çykmady, tersine daşlaşdyrdy, kakasy bir tarapa, ogly başga ýana. Zyňlan bir bitewiligiň gata urlup, pytrap döwlende her böleginiň başga-başga ýana atylyp gidişi terzi. Köplükde özüni alyp barşyna meňzememse-de, Nedirguly öz kakasynyňň öýde bolşuna meňzäp ugrady, agzyndan çykýan sözleri nireden öwrendikä? Diliňe alyp, gulak eşder ýaly däl. Agzyndan çykýan paýyş sözleri uly adamlaryň köpüsi bilmez. Eý diýme, beý diýmäňe-de seredenok, agzy endik edip barýar. Bu eýýäm geljekde onuň ne kysmy kişi boljagynyň yşaraty. “Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldaýar”. Nedirgulynyň “jygyldysyny” eşdenler öz agzyny tutýar. Possunçy üns berse, ogly köçeden geçip barýan başga bir çaga gygyryp habar gatýar: --Durdyguly gyýma-eý! Her kimiň gulagynyň iň gowy eşidýän sözi öz ady: --Näme? --Ejeňe salam aýt-eý! Geçip barýan çaga onuň nämä kakdyrýanyna, näme diýýänine düşünmän, iki elini serdi, hemme çaga onuň kimin betsyýak-bethüý, köpbilmiş däl-ä, nireden düşünsin? --Ej-jeňe salam aýt diýýän-eý! Ýeňsesinden degen batly şapbat, Nedirgulynyň gözlerinden ýalpa ot çykardy, gaňrylyp, kakasynyň ýüzüne alarylyp seretdi, tas oňa-da sögüpdi, zordan dilini dişledi, özüni aklamak üçinem: --Saňa diýemok-ow! – diýdi. --Dagy, maňa-da diýjekmi? Sög, bol, eneňi dula bakdyraýyn! --Onda näme ol ilki sögýä? Sögse, menem sögjek. --Seniňki ymmatda eşdilen sögünç däl, nireden öwrendiň, eşşekataly? Ymamguly ogluna nedenem “Oýnaşdan bolan haram köle” diýipdi, zordan dilini dişläp ýetişdi, emma beýle söz içiňden aýdylsa-da, entirekletmän goýmaýar. Ogly dymansoň, Ymamguly “Atasy ýoguň botasy ýok” diýip hüňürdäp, öz bolýan otagyna gitdi, bota diýýäni düýäniň bir ýaşar köşegi. Ogly onuňam yzyndan burnuna salyp, eşdiler-eşdilmez hüňürdedi, iýen şapbadyny haklaşdy: --Eý, eneň neneň? Nedirguly öz ýanyndan bu diýeninem az gördi: --Senem ejeňe salam aýt-eý, düşündiňmi? Sanap urgun, soň gaýtargysyny dogry alar ýaly. Ilde ýok sögünçleri bilensoň, agzyny hapalap gargansoň, çagalaram käte üýşüp münýärler ökjesine. Nedirgulam ur-tut berýär ýazzyny, birde büdräp, birde paşmagy aýagyndan sypyp ýa uçgury çözlüp, balagy aşak gaçyp, düşýär ele. Ýüňli ýumrukdan-sürçek şapbatdan ýüküni tutup, almytynam alýar, “Bor, indi sögmäýin, gaýtalamaýyn, jan aga, jart osuraýyn, öz syrtymda garynjanyň hini bar, biri girýär, biri çykýar” diýdirip, şübela ant barynam içdirýärler, emma egri biten agaja çäre ýok. Nedirguly amatyny tapyp, hiç kim ýokka goňşularynyň beýik haýatyna dyrmaşyp münüp, ilde ýok şatutlarynyndan nil tudana ogurlap iýýär, beýleki adaty tudanalary eýesiniň gözüniň içine seredip, ýolanyň bilenem iýýäň diýip, gysganýan adam ýok, emma bu şatudyňkylar gelinbarmak üzüm ýaly, ol nil tudananyň üç-dört sanysy bir bulgury dolduryp dur. Tagamy böwürslene-garamyga gaýra dur diýdirýär. Howlynyň eýesi dermanlyk diýip, dilegçilige baraýmasaň, ýeke dänesinem hiç kime rowa görmän, her ýyl bir dänesinem yrýa etmän, ýere gaçanlaryna çen çöpläp, toşaply mürepbe gaýnadynýar. Yzyndan suw owurtlamasaň, süýjüligi bilen agzyň içini, diliňi ýara edip barýar. Gyzgyn tamdyrdan çykarlyp, sowuk suwa batyrlan bir kesemen çörek bilen iýseň dag-a, ine, saňa taýsyz taýýar huruş! Ullakan, iri. Eýlesine-beýlesine şakyrdyk dakyp, guşdan gorasalar-da, Nedirgulyjykdan goramak welin hyllalla. Iýmesine iýýärem welin soň özi ýaly çagalaryň arasyna oýnamaga çykanda şa tutly goňşynyň ekabyr-saýyrdyň ogullary gelip, on çaganyň içinden Nedirgulyny tutup, “Nil tudanamyzy sen ogurlapsyň” diýip, ýeňsesine birküç gaýra düwündirýärler. Nil tudananyň eliňe, dodagyňa degen gök reňki daş süýkeseňem, aýrylanok, özüniň reňk sebäpli ele düşýänini Nedirguly näbilsin. Reňk aýrylmasa-da, şapbadyň awusy az salymdan teninden çykýar, ýene tudana iýesi gelýär, ýene ele düşýär. Şeýde-şeýde, ol ogrulyk-talaň diýilýän kesbiň içine kiçijik zatdan girişip ugrady. Asylkysyna seredeniňde, goňşularynyň tudanamy, erigi-üljesinden ogrulyk edip görmedik çaga ýokdur welin, her kim höwes eder, gowy zat däldigine düşünibem, bes eder. Nedirguly welin... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |