09:37 Çarh / 1-nji kitap -8 | |
Onuň ogrulyk edişi birinji gezek däl, birküç aýlykda mallary suwa ýakmaga giden çekene çopanyň goşda örkläp goýan eşegi boşanyp, obanyň gyrasyna geläýipdir, tötänden onuň üstündenem Nedirgyuly barýar. Ine, boş eýesiz eşek, üstüne münüp, alyp gaýdýar öýlerine. Ot-suw berip, bakyp bejerip ýörkä-de eşegini idäp hälki çopan gelýär. Ýitigini idäp, aňkasy aşan gagal çopan, aý, many bilmez oglandyr-da diýip, sessiz-üýnsüz eşegini alyp gaýdyberjekmi? Tohumyny-tijini goýman, Ymamgulylary goňşularynyň öňünde it masgarasy edip sögünip gitdi, mallarynyň yzynda gargap ýören içi ýanan çopanyň paýyş sözleri diliňe alar ýaly däl. Nedirgulymy ol sögünçlerden ybrat aljak? Özüni ilden çykgynç iş edendirinem öýdenok, ygyp ýören eýesiz eşegi aldy, onda näme günä bar? Günäsine düşünmese-de kakasynyň gulagyny ýolara getirip, içikdirip ýenjişi welin ýadyndan ömür çykmaz.
Taryhy proza
Dogrusy, başda Nedirgulynyň birki gezek eden kiçeňräk ogrulygy bilinmänem galdy, Alla sypdyrdy masgaraçylykdan. Elbet-de, ogrulyk – günä iş, onda näme üçin günä edeni Hudaý sypdyrýar? Bu sowalyň jogaby şeýle – Rahman öz bendesiniň ilki düzelmegine, özüňden bilip, toba gelmegine mümkinçilik döredýär! Ýaman pälinden gaýtmagyna ýene bir öwran maý-puryja berýär, rehim edýär. Rebbil-Äleminiň müňde bir kereminiň biri-dä şol. “Ýalňyşyňa düşün-de, dogry ýoldan ýöre!” diýýär! “Ogrulygyňy dowam ediber, özüm bardyryn, masgaraçylykdan sypdyraryn” diýdigi däl. Herki işiň iki tarapy bar – haýyr tarapy, şer tarapy. Ýaşaýyş diýmek şol ikisini seçmekdir! Şerden gaçyp, haýyr ýolundan ýöremekdir! Ine, ömrüň manysy diýilýäni şol! Oglunyň çagalykdan ýalňyşyp, ters ýoldan gitmeginde ejesi Zeýtunyňam günäsiniň barlygy şeksiz, çagalary ýaňy bir iki ýaşanda ejesi-bilen kakasy sygyrlara tirt berende, saganda ýanlarynda durup, sygyrlaryň suw içýän gabyna hapa dersi goşawuçlap guýdy. Muny görüp dursa-da, ejesi sesini çykarmady. Ymamgulynyň gahary geldi: --Kow-a eşşegi, näme gözden gaçdymy, edenini edip oturmasyn, ýaman öwrenmesin! --Çagadyr-da, oýnar goýar. Ody uçgunka öçürmek aňsat, tutaşyp, bir güwläp galansoň, aňsat eýgertmeýär. Nedirgulynyň dişinde et galdy, erbetlige endigi artyp, pis damary ýognap ugrady. By ýagdaý köp gaýalanyp soňlugy bilen endige öwrüldi. Ýa-da obadaşlary “Ogluň şeýle-şeýle” diýip, aýdyp gelseler, “Aý, ilde-de üýtgeşik çaga ýok-la” ýa-da “Haý, sizem-ä, dyrnak ýaly çaga bilen deň bolup” diýip, biparh garap, oglunyň öňüne taýak taşlamady, onuň bu edişi Şeýtan gelip, basa düşüp, oglunyň goşaryndan çekip, oda taşlamakçy bolanda gapdalyndan biperwaý seredip oturana barabar. Zeýtun gaty ýalňyşdy, ilde edepli-tertipli çaga, baý, kän-ä. Özüňkini aklamak üçin iliň gül ýaly balalaryna şyltak atyp, garalamaly däl. Zeýtunyň şojagaz biagyrlygy, säwlügi sebäpli, çagasynyň takdyry ters tarapa – hyýanata-gabahata tarap buruldy, göklügine orlan gamşyň ýaşyl palajynyň guransoňa reňkini saklaýşy ýaly, pidullyk ömürlik hemrasyna öwrüldi, şol zerarly nijeme ýyllardan soň set müňlerçe-set müňlerçe adamlaryň başynda kyýamat gopdy, depelerinden ahyrzaman indi, perzentler öz ene-atasynyň kylmyşlaryna jogapkär däl-de, ene-ata öz çagasynyň asy günäleri üçin hasap bermelidir diýilýän pikir juda mamla aýdylan. Nedirgula mallara seretmegi boýnuna goýan adam ýok, meýletin, özünden höwes edip, göwnäp, ertir-agşam seredip ugrady. Göwnemedik işini welin bitiresi gelenok, eşitmezlige salyp, oýkanjyrap otyr. Kakasy bir ýumuşyny ikilenç gaýtalaýar: --Bar daşardan odun alyp gel, göreňokmy ojakdaky tükenip, öçüp barýar. Ogly eşdiler-eşdilmez hüňürdeýär: --Heýem bir patyşa adama ýumuş buýrularmy? Odunyňy özüň getir. --Näme diýdiň, itataly? Nedirguly ýumşy üçülenji gezek aýtdyrsa, düzüwliligiň üstünden barmajagyny bilýär, şondan üçrin hüňürdäp, ýumşy bitirmäge tasanjyrap gitdi – syrtdan aňyrda, göwünden bärde. Çagalyk döwri özüniň adyny tutup, kakasy çagyranda howlugyp, ylgap barşy ýadyna düşüp, Ymamguly oglunda-da şol häsiýeti göresi geldi, emma Nedirguly kakasy çagyrsa welin, piňine-de däl, baraýsa-da, äwmän, patdyk-putuk edip, ýönelýär. “Ine, çakylygyma gelşindenem biläýme-lä maňa meňzemeýänini” diýip, Ymamguly possunçynyň keýpi gaçyp, ýene hyrçyny dişleýär. Ymamgulynyň deri eýleýän gaply otagyna burnuňy sokar ýaly däl, porsan gatygyňmy, aşgaryňmy, ençeme günläp şolara ezlip goýlan deriniňmi golaýyna baryp, bir gezek ysyny alsaň, ataňy nazara getirýär. Possunçylyk Ymamguly abşarlarda öňden nesilden-nesle geçip gelýän kär, emma Nedirguly kemtersinden, ol işe barmagynam batyrasy gelenok, gaýta kakasy barka öwrenäýjek ýaly-da, eger-eger baş galdyranok. Muny Ymamguly erbetlige ýordy, ýene oglummu-oglum dälmi diýen sowal öňünde keserdi. Ýöne ýene öz gaharyny getirmezlik üçin “Ata-baba iş salşylyp gelinýän gyl-gypyryň, eýlenen deriniň porsy ysy ahyry Nedirgula ýeteninda çydamaz derejä barypdyr öýdýän” diýip, Ymamguly kellesine gelen gazaby başga ýana sowdy: “Içmekde deriniň ysy bar, dogry, ýöne çapgyn aňzakda egniňe atanyňda şol ys anbara-kokunara öwrülýär”. Hawa, Nedirguly gapylaryndaky mallara keýpihon seredip ugrady. Çarwanyň pili – çarşak, kätmeni – dyrmyk. Nedirgulyjygyň gerdeninden çarşakdyr-ýaba, dyrmyk düşmedi. “Eliňe tiken çümse, ýene ýagşy, sogrup bilýäň, gyldyrgan çümse, çykmaýar” diýip, gury bedä elini uranok, öz boýundan iki esse uzyn çarşakly işleýär. Mallaryňam näme, eliň taýakly-saplyka-ha bir bolşy bar, taýaksyz wagtyňam başga bolşy, Eýranyň geljekki şasy mallardan ybrat alyberdi. Üýtgeşik bir urup-sögüp, sütem etmese-de, nämesindendir bellisi ýok, belki, endamynda şol diýilýän Ezraýylyň tüýi bardyr-da, sygyrlary ondan gorkup, golaýrak barsa, götin-götin süýşüp, dagdyryklaşyp durlar, Nedirguly üýşenç murdar sesini edip gygyrsa-ha, ýolbars arlan ýaly, şonuň ýaly edrenç sesli adam jynssyz gygyrsa, öküzleriň ödi ýarylýarmyş diýip aýdýarlar, sygyrlar arkan serpildiler, gassabyny gören janawaryň janajygyna tebil tapyşy kimin. Guşlar welin edil agzynyň ýanyna barsa-da, gerşine münse-de, eger-eger sygyrlaryň perwaýyna-da däl, ne-hä guş ürkýär, ne-de mal, hamala, sygyrlar bilen guşlaryň arasynda birek-birege degmezlik barada şertnama baglaşylan ýaly, özlerine ot-iým berýänden welin çekinýärler. “Ýagşylyk haýwana-da ýaraşmaýar-ow. Mallary uzakly gün ýallaýan-a men, aýagyna ýüp çolaşsa, boşadyp, haýryny etirýän-ä men, tirtiniň içndäki çörek owuntygyny çöpleýänem guşlar, onda näme üçin olar menden gorkup, guşlardan gorkanoklar? ” diýip, Nedirguly içinden oýlanýar. Şeýle nämüçinler Nedirgulynyň öňünde heniz köp. Adam dünýä ineninde erbet ýa gowy bolup dogulmaýar, ak kagyz ýaly bigünäje çaga dogulýar. Neme bolsa, soň bolýar, ýagşy hatam, ýaman hatam soň ýazylýar. Nedirgulam başda dogry ýoldan ýöremäge çalyşdy, gapysynda mal saklamaýanlaryň öýlerine baryp, gaty-guty çöreklerini, agyzdan galan sarkyndylaryny alyp gaýtdy, deregine-de, süýt-süzme dadyrdy, töledi, mugt almady. Çörekleri bir günläp suwa ezip goýup, mallaryny suwa ýakanda şol bulamaga dönen suwundan içirdi. Bu tapan usuly mal semretmegiň peýdaly täri bolup çykdy, mallar bulamakly suwdan öňkä görä tas iki esse köp içip, soňundan aşa-da düşenoklar. Aşa düşmeýänleriniň sebäbi, bir gün suwda ýatan çörek soň aşgazanda çişmeýär. “Bu nähili tirt boldugy?” diýip sorasalar, “Bu tirt däl, unaş” diýip, jogap berdi. Nedirguly sygyrlayň otuny-suwuny kemsiz berebsoň, öýe tarap ýumlugaýman, mallaryň öňünde goýlanlayny iýişlerini keýp edip synlap durdy, hamala, özem iýýän deý. Obanyň süýt-gatyk içesi gelýän çagalaram öýlerinde iýilmän galan gaty-guty çöreklerini Nedirgula getirip berdiler. Zeýtuna oglunyň bu käri ýakmady: -- Daşyňdan biz utanýas. Iller “Ymamgulylaryň güni indi agyzdan galana, sarkynda galypdyr” diýmezlermi? Oglum, gapy-gapy aýlanyp, sarkyndy çöpläp, gedaýçylyk etmäň nire, Eýranyň şasy boljak diýmegiň nire? --Gedaýçylygy, gulçulygy bilmedik, şalygyňam gadryny bilmez, gedaýçylyk basgançagyň başlanýan ýeri, ýokarysy şalyk. Şol merdiwandan galaryn, eje, ynha, görersiň. Tiz wagtyň içinde Nedirguly ýatakdaky mallarynyň abyny-tabyny ganymat ele aldy, öýden çykdygy, mallar ýatan ýerlerinden ör turup, ýatagyň gözarasyndan kellelerini uzadyşyp, Nedirgulynyň ýüzüne emenşip, seredip, otmy-iýmmi – näme bererkä diýşip, diňşirgenişip durlar. Mallary ajykdyryp, näme berse, iýmegi öwretdi. Süňňüne guýlan buýrup bilmek ukybyny janawarlaryň üsti bilen özem duýup ugrady. Ol çümhöregräk gölä, gowy iýýär diýip, külke harpyk berýär, iýermen-horan mallara-da iri saman. Ýene bir zady bek belledi, malyň öňüne ölçeginden artyk berseň, dökan-saçan edip, iýip bilenok. Artygrak beren samanynyň diňe harpygyny iýip, iri samanlardan ýüzlerini sowşup durlar. Mallaryňam ahyry öňlerine atylanlary doly iýip, gutaraýmasalar, täze iým berilmejegine akyllary çatdy, dilleri bilen çaltrak syryp-süpürip, gutarmaga howlukdylar. Şeýdip, Nedirguly mallara iň soňkuja çöpüne deňiç nowasyny ýalap iýmäge endik etdirdi. Semzek-selme ýygs-a, her eline bir orak alyp, ikisi bilenem haýdap, düýbünden orak salyp, gyrçap barýar, baý, onuň dogumyny! Peläkediň diňe garagyndan däl, ökjesindenem gyzyl uçgun syçraýar. Gözüň bilen görmeseň, ynanar ýaly däl. Otluk meýdanda ot ýyganda tupan turýan ýaly, atyza tüweleý giren ýaly pyrlanýar. Nedirguly öz sygyrlarynda şu ýagdaýy synlady, gara öküzleriniň iýip duran ulakan nowasyna beýleki mallaryň hiç birem kellesini sokup bilenok. Aňyrda butnaman durlar, tä gara öküz doýýança. Eger sygyrlaryň haýsydyr biri boýnuny uzadaýjagam bolsa, gara öküz şahyny bulap, onuň zähresini ýarýar. Nedirgulynyň kellesine şu pikir geldi “Adamlarda-da şeýledir, gün güýçlüniňkidir, gowurga-da dişliniňkidir. Şu dünýäde ýaşajak bolsaň, güýçli bolup ýaşamaly, edil şu gara öküzimiz ýaly”. Nedirguly gara öküzleri bilen basdaşlyk edýär, bir gezek synag üçin indi haçanlardan bäri dersiň üçine gömlüp, porsap giden hapa samandan çarşagyny dolduryp, susup alyp, öküzüň nowasyna oklady. Ony ysganyndan, gara öküzüň myrryhy atlanyp, çyglyp bir ses çykardy welin, bu gezek Nedirguly eýmendi, öküziň ol hapa samany iýmejegi düşnükli, ýöne çaga-da, barlap-synag geçirip görýär. Ol beýtmek bilen öküziň ýaňky aýdan “sözüni” öwrendi – “Körpe hojaýyn, bolmajak zady bir etmesen-ow!”. Indi haçan öküz ýaňky sesini çykarsa, Nedirguly onuň näme diýýänine düşüner. Oňa birýandan ähli janly-jandarlaryň dilini bilýär-ä diýip, aýdyp bolmaz, ýöne Nedirguly sygyrlaryň diline-hä gowy düşünýär. Özem zerur çagy şol dilde ojuk-bujuk çalgyrdrak “gepläbem” bilýär. Esasanam, öz gara öküzleriniň gödeňsi dilinde. Başga bir gezegem “Bedelerini-iýmlerini ölçeginden sähelçe artyk berseňem, gudrap, dökan-saçan edişip durlar, ýa-da çakyny bilmän, köp iýip, aşa düşüp, garynlary ýaryljak bolup, gölerip ýatyrlar, onsoň ýag içirip, ýöredip-gezdirip açma garagörgi. Artykmaç zadam göterinme kyn-ow” ýa-da “Aňzak gyşda-da sygyrlar daşarda sowga çydap ýatýarlar, galyň hamy sygyrlary daşaryň sowugyndan goranok-da, içindäki ýylyny çykarman saklaýar, şonuň üçin olara sowuk kän täsir edenok”, “Haýwanlarda güýçl-ä özüniň güýçlüdigini bilýär, ejizem özüniň ejizligini bilýär hemem şoňa kaýyl bolýar, güýçli näme etse, hakly diýip, gyra çekilip duruberýär. Eger adamam aşa güýçlense, onda hemmeler oňa tabyn bolar, bir gaplaňdan müň şahly goç gorkýar-a” diýip, öz ýanyndan mallaryň mysalynda herhili hikmetli durmuşy netijelerem çykaryp otyr. Käte ulaldylyp-kiçeldilen ýalam diýdirýär, soňky guzlan tüwejik özüni emýär diýip, totam ejeden duz alyp gelibem, ýalatdyrdy, totam ejäniň Anna däli lakamam bar, onuň elinde jagjagysy barmyş, süýdi kesilen sygra eli bilen höwlim-höwlim etse, süýt eýdiräýýärmiş diýip, gürrüň edýärler. Ýalatdyrylan duzdan peýda tapylmady, onsoň Nedirguly şol özüni emýän tüwäni çybyk bilen mugyra getirdi. Eneden dogma her kimiň zandynda ýagşylygam bar, ýamanlygam, haýsyny alyp göterjegi her kimsäniň özüne bagly, saýlap alanyny ýol-ýörelge edinip gidiberýär aňrylygyna. Nedirgulyda-da dowam etjek diýse, süňňünde ýagşylygam bardy, eje tarapdanam, kaka tarapdanam. Emma zaňňaryň özgeleriň gözleriniň içine syrly ýylgyryp serdişi onuň sülekeýiniň şumluk gapdaldan süýnjegine, dürsi taşlap, ters ýoly saýlajagyna yşarat berýär. Ýöne şu gara öküzleri aşa bezzat. Buka gelen sygry görse, öküzem çarpaýa galyp, bakylyga hüjüm edýär, ol düşnükli. Ýöne wagtlaram gudrap, şahy bilen nowasyny agdaryp, öňünde goýlan bedesini şahy bilen eýläk-beýläk bulap dökýär, Nedirgulam çarşak bilen ýene galdyrýar, öküz ýene dökýär, ýene galdyrýar, ýene dökýär, ahyry Nedirgulynyň degnasyna degdi, alaç gözledi, öküzem ýatagyny ýykaýsam diýýär, onam az görüp, eglip, gara ýere şahyny diräp zomaýar, ala-tozan edýär, süsüp, ýeri okundan sypdyrmaga synanyp görýär, şo wagt galaýyna ýanaşar ýaly däl, özi köşeşäýmese. Emma Nedirguly köşeşerine garaşmady, pil sapy bilen beriberi kempaýyna, ýüzi-gözi diýmän saýyberdi çem gelen ýerine, tä hamyndan eti çykýança. Soňam kakasy ýenjenini duýaýmasyn diýip, öküziň gerşine köne keçäniň bölegini atyp, urdy. Kaksy duýmasa-da, ejesi duýdy: --Oglum, Ezraýyl tüýüň barmy-nämemi, sygyrlary beýdip urmak günä, birden sygyrlaryň piri Zeňňibababanyň ters dogasyna duçar bolaýma, eliň-aýagyň ysman durmasyn häli. Herki zadyň aňrysynda piri bardyr, düýäniňki Weýis, oňa Weýselkara-da diýýärler, goýnuňky Musa, demiriňki Dawut. --Adamyň piri kim, eje? --On-a bilemok, adamlaryň her haýsynyň piri aýry-aýry bolaýmasa, ine, Göroglynyňky-ha Hezretaly, şony eşitdim. --Görogly şol iň gowy uruşýanmy? Häzir nirede ol? Ýokmy? Öldümi? Ezraýyl öldürdimi? Ezraýyl perişde Göroglydanam güýçlimi? Onda meniň pirim Ezraýyl! Ondan hemme kişi basylýar. --Owarra bol! Ýoguňy çek, haramzada, senden şondan kemally söz çykasy ýok, kakaňa çeken damaryň çüýresin, itataly! Ejesi ikaradaky bu gürrüň Nedirgula asla täsir etmedi, ýene öňki zalymlygy. Häli-şindi ýenjiberdi öküz janawary. Ýogsa başa-baş çyksalar, öküzde Nedirgulyny ala dagdan aşyrjak güýç bar. Emma onuň çawlamalaryna çydap oturmaly, dünýäniň gurluşy mundakga. Goňşulary mallarynyň iýmedik otuny köçä çykaryp, otlajak bolsalar, Nedirguly olary çekip, gara öküzleine berdi, janawaryň göwni-garny ýok hatyrdadyp iýip dur, gaýta agyzdan galanlary iýse-de, beýleki mallayndan beter semreýär. Şunlukda öküzä tap duýup, gorkup ugrady, Nedirgulynyň welin rehimsizlik damary ýognap, gök taýaga döndi. Bir gezek däl, iki gezek däl, öküzi uran taýagynyň özüni hetden aşyrýandygyny, guduzladýandygyny, öküz jananwaryň özi bilen başgaça hasaplaşýandygyny duýmady. Çaga meňzeş däl, gaharlananynda dagy gözlerine gan inip, hut hanasyndan çogup-çykyp gelýär, şol mahal ýeňsesinden çalaja ýeke şapbat çalsaň, apbasy ýaly lowurdap duran gyrmyzy gan öýen iki bäbenegem gyzyl alma ýaly pat edip, ýere gaçaýjak ýaly. Gahary ýatyşansoň, eden işiniň telekligine düşünip, käte täsin jümlelerem düzüberýär: “Haýwanyň akylsyzlygyna düşünmeseň, öz akysyzlygyňa düşündigiň!”. Bu aýlawly aýdylan gepiň manysyny tireýin diýseň, ilk-ä sözden-söhbetden guýmagursak üşügiň bolmaly, soňam biraz emgenmeli. Nedirguly ýene bir alaç tapdy – gygyranda sygyrlar sazanaklap durar ýaly eýmenç ses çykardy. Kakasy oňa käýedem birki gaýra: “Seniň ejeňe çeken edrenji sesiňden il haýykýar” diýip. Käýese, käýäbersin! Ýöne şol ses hötjet gara öküzüň haýyny aldy, näme berseň, ýuwdup durana döndi, bir gezek iýip oturan tirtiniň içinden bir bölek demir agzyna giripdir, janawar ony çeýnänden bolup, Nedirguly aňrysyna bakan bada agyzndan çykaryp, hol beýläk görkezmän zyňdy. Nedirguly beýleki mallayryň iýmän, agzyndan galanyny syryp-süpürip, şol öküzüň öňüne taşlady, öküzem özüçe ýoklaryň agzyndan galanyny iýjekmi, öňküsi ýaly ýene döküp-saçdy, ynsanda-haýwanda öwrenilen gylyk diýen bir zat bar. “Iýmeseň, tersine iý” diýip, uzynly gün aç daňansoň, kellesiniň töweregine siňek üýşüp ugransoň, nalaç galan öküz agyzdan galan hapyr-hupurlary az-azdan iýmäni öwrendi, asyl soňa-baka şony endik edindi, mallaryň öňünde iýilmän ýatan zat galanok, hemmesi deň-derman, yrýa ýok, isrip ýok. Bar, bul-a düşnükli diýeli, emma düşnüksiz ýerem bar, öň bokurdagyna gyzym gara öküz, teşnelikden bokurdagy guraýsa-da, ilki beýleki mallar ganman, öňünde goýlan suwy içenok, ysgap, aýrylaýýar. Mallaryň hemmesi ganyp-doýansoň, näçe suwuň bolsa, beriber, sorup dur. Nedirgulynyň bu ugurtapyjylygy ene-atasyna-da ýarady. Arasynda şeýle-de bolsun-a! Çaga-da göreniň! Nedirguly sygyrlaryny mazaly synlap, olardan gulagyny hereketlendirmäni öwrendi, köçelerindäki çagalaryň ýanynda gulaklaryny ýekelikde-aýry-aýrylykda, bilellikde el degirmän, gymyldadýar welin, körpeleriň hemmesi jyjkyr-jykyjr gülşüp, hezil edýärler. Ony beýleki köçeleriň çagalaryna-da gulak oýnuny görkezmäge alyp gidýärler, Nedirgulam bu tapan oýnundan keýp alýar, tomaşaçylaryna höwes bilen gulak oýnuny görkezýär. Emma özi ýok wagty ýeňsesinden adyna Nedirguly diýmän, Nedirgulagam diýip, gülüşmäni çykardylar. Bu lakamy eşidip, gaty görüp, çagalary gülüşdirmesini besetdi, olara ýagşylyk ýaraşmaýar diýen netijä geldi. Onuň “Ýagşylyk ýaraşmaýar” diýip, gelen netijesi “Ýamanlyk ýaraşýar” diýdigi. “Geregiňiz ýamanlyk bolsa, garaşyberiň, iri-giji ýokdur, wagty gelse, size onam görkezerin”. Wagt gar tokgasyny togarlan ýaly edip, ulaldyp, Nedirgulyny tigirläp, ers-mers edip barýar. Başga tarapy kakasyna kän bir meňzäp barmasa-da, ýowuzlygy welin diri Ymamguly. Ejesiniň-kakasynyň dawalarynyň has çakdan çykan bir gezeginiň yz ýany, aglap oturan ejesiniň ýanyna baryp, “Eger kakam ýene ýekeje gezek saňa azar berse, elini degirse, eje, menden oňlulyga garaşma, gije uklap ýatyrka, teşe bilen urup, beýnisini çogdyryn” diýdi. Oglunyň bu sözüne ýüregi ýarylan Zeýtun gözýaşyny ýeňine çalyp, ör-gökden geldi “Aýdyp duranyň nä, eşşekataly, heý, öz kakaňa-da el galarmy, onda öz kakaň döli bolmarsyň-a, sen çöpdüýbi-wenezzyna dälsiň, ataň dölüsiň, ýagşy-ýaman kim bolaýsyn, sen şonuň oglusyň, tapdyň kakaň gepini, şu sözüňi içiňdenem gaýtalaýmagyn, özümiz oňşarys, nädeýin gara maňlaýymdyr-da, çekerin, oglum”. Ejesi “Içiňdenem ýatlaýmagyn” diýse-de, Nedirgulynyň gursagyna şeriň bir şinesi düşdi, soň-soňlaram şol şine ulalyp, tikenekläp gidiberdi, daragta öwrüldi, içini gepletdi “Kakamy öz elim bilen öldürjek bolanym gara çynym, diýmek, oňa elim galýan bolsa, ejemiň aýdan sözünden çen tutsaň, onda ol meniň kakam däl bolmaly”. Bu-da onuň iň gorkýan meselesi, item bolsa, öz kakaň ogly bolsaň gowy, näler ýatlamajagam bolýar, teý eýgerdenok, beýnä gelip dur, yzyndanam.”Mendenem bir ogul bormy, şeýtsem, öz ejeme şyltak atýaryn-a, özümem harama çykarýaryn-a, çöp düýbä öwürýärin-ä!”. Heniz enesiniň rehmine düşmänkä, başlanan gowga ýaş oglanyň kalbyny gaplap aldy. Betgümanlyk – ýokanç kesel! Indi ogly, enesi-atasy üçüsi üç ýerden köýüp ugradylar, yzygider tutaşýan maşgala goham şeriň şol daragtyny häli-şindi suwaryp, dökünläp durýar. Ýöne şol gezekden soň Nedirgulynyň kellesine kakasyny öldürmek pikiri gelmedi, bu ýagdaý onuň gaýnap akýan ýüregine az-owlak ynjalyk berdi. Üstesine-de, bir gezek çagalar bilen oýnap ýörkä, heniz Nedirguly dogulmanka daş oba durmuşa çykyp, kän ýyllardan soň obalaryna görme-görşe gelen bir aýal ony ömründe ilkinji gezek görüp, “Aý, jigi, sen Ymamguly possunçyň oglumy, edil kakaň ýüzi oturdylan ýaly” diýdi. Nedirguly ol aýalyň ylgap baryp, aýak tozuny öpesi geldi, heý, öz kakaň ogly bolmakdanam bir uly bagt bolarmy? Munuň şeýledigine obadaşlaryndan hiç kimem betgümançylyk edenok. Diňe özleri öz ýanlaryndan ot alyp ýörler. Nähili saman seçýänlerini özlerem bilenok – könemi-täzemi? Megerem, täze samandyr. Ymamguly possunçyda-da käte göwnigaralygyň zym-zyýat bolýan halatlary bar “Ýaman gylyk örkleseňem durmaz diýilýär-ä, şol günden soň Zeýtuny göz astyndan-ýer pestinden köp gezekler aňtap gördüm, gijede-girimde, öýde-daşynda, eger-eger, bir alamat duýmadym, sögüşip-gygyryşanda-da oýun edibem, dilini-başyny çeýnänok, yrsarara ýer goýanok, başga merk gerekmi? Bul-a bir, ikinjidenem, ýene gyzjagazymyzam boldy, olam oglumyň ekiztaýy ýaly, meňzeşje. Ejelerini ýaksamam, çagalaryny bir köýdürmäýin. Indi Nedirgula şapbat çalsam, elim şel açsyn!”. Ymamgulynyň derisi ýazylýar, geçisi daga ýaýraýar, haçandan bäri tüýs weýranhana öwrülen sulby ynjalýar. Arman, şeýtanam dek ýatanok, agzyna awy damdyrýan ýaly aram-aram köne ýarany täzeden dyrmap-sypjyryp, ganjardýar, awşadýar, bitiräýenok. Ýene şol hüňür-hüňürler, dawa-jenjeller. Nedirgulynyň gyz jigisine, indi bir gyz dogmasyn diýen yrym bilen, Gyzsoňy diýen ady Ymamgulynyň özi dakdy, ondan soň bolan ogla Ybraýym diýdiler. Ybraýymyň sypatam gün geçdigiçe Nedirgula meňzäp barýar. Başga näme gerek? Nedirguly her gün bir täze nysak tapýar, hiç esas ýok ýerden bulanyp, tükeniksiz aglamany çykardy. Diňer ýerde diňenok. Zeýtun gargyndy: --Kakaň goýsa, sen başla, haramzada. Nä günüňe bulanýaň, döremän geçen, götüňi bukja ýaly edip? Dowzahyň alamatydyr bu! Kes sesiňi, ýerýuwdan! Zeýtun ogluny goýdurmak üçin gulagyndan bursa, Nedirguly tow alýan ýaly beter gygyrýar. Jigilerinem agladyberýär, Ymamguly atylyp gelýär: --Eliňi döwerin, doňuz, süýtdeş jigiň dälmi, ganyňyz bir dälmi, wenezzyna! “Wenezyna” sözüni aýdanda Ymamguly aýalynyň ýüzüne soragly bakdy, Zeýtunam ýüzüni kesä sowaýdy, dagy nätsin? Şol täjiriň soň gaýdyp, ýeke gezegem myhmançylyga gelmezligi Ymamgulyny diňşirgendirýär. Düýbüniň çöpi barmyka? Aslynda, gelse gowumy ýa gelmese? Haýsyny edende-de, betgümançylyga barýar? Kyn mesele-dä! Zeýtun nika gyýylmazynyň öň ýany aýtdam-a, “Bir söwdagär ýigit bilen söýşüp ýörün” diýip, ýa bu täjir “dost” şol diýilýän söwdagärmikä? Baý-baý-ow, mundan urup çykd-ow! Ýogsa nä, pahna uran ýeriňden yzyna çykar-da! Zeýtun diýip-dä şonda “Ol söwdagär ýigit saňa hakyny köýdürmez, böwlüňi burnuňdan getirer” diýip. Haklaşmagyň ýoly kän eken. Aman-aman! Gözlerinde ot ýanyp duran ol söwdagäriň maňa uran zarbasy adam ogly çekerden agyr, üstüme gelip, häzirkisi deý namartlaman, mert durup, kellämi kesen bolsady, käşgä. Kirpigimem gyrpmazdym. Häzirki perişan, wejewra ýagdaýymdan müň paý ýeňil düşerdi, ondan ölenim abraýly! Daraýgez obasyna bir şum gep ýaýrady, “Bize gelýän täjiri dag içinde çapyp, öldüripdirler”. Muny Ymamgulydan görýän-ä däldirler? Del ýerden adam gözlemeli däl, meselem, Ymamgulynyň özi. Şol işi etse-de, etmese-de, onuň beýnisine bu sowal dykylyp girýändir, çünki, ol galtaşykly. Ýa Zeýtuna. Olam ärine betgümanlyk edip biler-ä! Şum habary eşdende, howpurgap, ýakasyny tutdy, içini çekdi. Aýalynyň bolşuny Ymamguly-da gördi, özüçe-de ýordy: “Düýbüne seredeniňde-hä, ol söwdagär maňa däl-de, men oňa kast etdim, ol meniň aýalyma däl-de, men onuň söýgülisini, öýlenjek bolup duran gyzyny elinden aldym, özü-de namart ýol bilen. Ol däl, men namart. Naçara sütem edip, süýräp gaýtdym. Eger kast eden öldürilmeli bolsa, onda men esasy günäkär, meni çapmaly!” Obalarynda Paşmak diýen bir wäşi bar, onuň hak ady şolmy-lakamymy, ony bilýän ýok, oňa Daraýgeziň Ependisem diýýärler, baran ýerini gülüşdirip, ala-ýaz edip ýören. Agzyna agam gelse diýäýýär, gara gelse-de, ondan geň görýänem ýok, ýöne gülşüp oňaýýarlar. Paşmaga-da geregi şol, gülüşseler bolýar. Şoňa aýtdyrýarlar “Heleý, talap gözläp Goçanda gitjekdirin, üç aýdan bärde gara bermen, ýumry-ýumşak kürt gelin duşsa-da, ýüzüne seredip oňman. Gelinçäm seniňem dek oturmajagyňy bilýän, kim bilen ýatyp-tursaňam, Ymamguly possunça bir ýanaşaýmagyn, ondan bolan bir nokadam üýtgemän, edil özi ýaly bolup doglaýýar, şoňa çörňeşseň, meni masgara edersiň, çagaňy kimden dogranyňy uly il biler”. Bu degişmäni ilkinji gezek eşdende Ymamguly abşar hezil edip, eginlerini sikilp, aýagyny kakyp güldi, dertli ýüregine hoş ýakaýdy, köp ýyllyk ýarasy bitene, arkasyndan ullakan Kap dagy aýrylana döndi, kalbyňdan güman aýrylsa, başyňdan duman sowulýar. Zerzaw ynjylar aýrylyp, ynjaldy. Agyr ýüküni düşürip, dynç aldy. Arman, soňundanam däliniň belläni – “Ýaňsylanýan däldirin-dä?” diýip, ýene iňkise çümdi, onuňky boljak däl, ýene betgüman, ýene boş küýzä ýel düşen kibi güwläp-şuwlap ugrady, buz üstünde tozan arady, tozan ýok ýerinden gözleri gapylyp barýan deý, gabaklaryny ýumdy, dişlerini gysdy, ýumrugyny düwdi, öz üstüne özi gam leşgerini çekdi, kim ýetişsin dadyna-perýadyna? Ymamgulynyň käri possunçy, onsoň bir zat satyn almaly, aýdaly, deri, iňňe-sapak, mum, reňk, ýene bir zadam satmaly – içmek, telpek, işlenen deri – düşek üçin. Eliňde oýnagyňam – pul. Pul bir gyrada düwünçekde üýşer ýatar, possunçynyň özünden başga elleýän ýok, Zeýtun-a ol düwünçekden elli bizar. Almaly-satmaly işe goşulanok. Pully meselede biperwaýlygy onuň hojalygyndan göwni bölekliginem aňladýar, emma Ymamguly aýalynyň bu tarapyna o diýen bir üns berip duranok. Tersine hoş ýakýar. Şonuň üçin Zeýtunyň pully meseleden gulagy dynç. Emma... Emma düwünçekdäki pullaryň başy gozgalyp ugrady, possunçy gaýta-gaýta sanap görýär hasap çykanok. Diýmek, ogly! Diýmek, ogry!!! Emma käteler artygam çykyp dur, ýeri, muňa näme diýjek? Ýene ogluňmy? Aý, bü pedernälet çakymdan aňyrda. Beýleki ogrular ogurlanyny öýüne çeker. Bu nirä alyp gidýärkä? Öýden ogurlanyny başga ýerde sowup, başga ýerden ogurlanynam öýe getiräýýärmikä? Ymamguly tüneginde dörän bu belany ýüregine sygdyryp bilmedi, üstünde tutmak üçin aňtaplar gezdi, sapalakçy welin ele düşmedi, onuň okuwy aňyrdan bolarly. Böwrüňde sanjyň-bükgüldiň güýçli bolsa, hemme bela şol öňki aýbygadym ýaranyň üstüne basylýar, çenäp, azara galma, gözüňi ýumsaňam, zyňlan kesek şoňa barýar. --Atasynyň döli bolsa-ha, bu pişä enualla, alleý-billeý, el urmazdy, özümi bilip, elegrilik edenim ýadymda ýok. Şu wenezzyna doglanyndan gara daş doglanlygynda, munça ýanmazdym. Ýa öz elim bilen bogup, öldüräýsemmikäm, şol täjiriň öldürilen deresine eltip. Bir köýeýin, bir dynaýyn. Haramzada saçagyma haram gatýar, süňňi haramy bolmasa, şeýdermi? Zandyýaman eşegiň gönezligine şekim bar. Men-ä “Şu içmegiň içinde gyş ýok”, “Şu possunyň içinde tomus bar”, “Sowukda-aýazda agyr içmegiň agramy ýelege deňleşýär, eginleriňe ganat bitene dönüp, aýagyň ýere degmez”, “Ululygyna seret-ä, çopan-çoluklaryň ýapynjasy – gyşda egnine atýan keçeden edilen oýlugynyňam ýerini tutup, gaýra dur diýdirýär, öýüň sowukka üstüňi basyrynsaň, özüň-ä bir, üstesine içeriňem ýyladýar, şuny satyn alasaň, içmek däl, kiçiräjik öý satyn aldygyň”, “Berkligine eset, çyg-a däl, posly çüý kaksaňam, çümmez”, “Egniň şu içmekli buzda aýagyň typyp ýykylaýanyňda-da, bitiň burny ganamaz” diýip, müň gepiň başyny agyrdyp, her hili söz tapyp, dilimi süýjüdip, elewräp, satan harydymyň puluny bu harap itatalam melereň gemriji alaka ýaly çekip, ogurlap, dagydyp-sowrup ýörse nätse bolar? Gaharyny özi ýatyraýmasa, başga kim ýatyrsyn? Özüniň Zeýtuny alyp gaçyşy ýadyna düşdi: “Näme ejesini alyp gaçmagym ogrulyk dälmi? Onda-da ogrulygyň iň gabahady! Günäsi geçilmejek aýylganç ogry men! Bir bendäniň ýetişen gyzynyň ykbalyny ogurladym, söýgüsini ogurladym, bir däl ikisiniň, olardan indi önjekleriň. Ol dünýäde günäm geçilmez, kyýamatda-ruzy magşarda gyldan inçe, gylyçdan yiti syrat köprüsinden behişde geçip bilmän, dowzah odunyň orruk ortasyna gaçaryn, ýanmaly jaýy sakar dowzahdyr men tetellileriň!” Beýle gyzyljynly ýagdaýyndaka-ha Zeýtun ärine ýanaşmaýar, ne ýagşydan, ne ýamandan. Ogunyň pully düwünçege el gatmanyna kepilem geçip bilenok, alanynam bilenok, almanynam. Bilmeýän zadyna Zeýtun goşulmaýar, “Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa, habarym ýok” edip, çekiläýýär bir çete. Ymamguly ýene özi-özüne basalyk berdi, dagy nätsin? --Ýalňyşýan däldirin-dä! Garrap, aklym çaşyp ýören bolmaýyn, elim bilen tutan zadym ýok, şübela aňtadym-a. Ogluňdyr-da, çagaňdyr-da, alaýanda näme, şoňa ýaratman, kime çyrşajak? Alýandyr, soň ýerinde goýýandyr, gaýta guwan-a, possunçy, ogluň pula düşünip, tagamyny alyp ugrapdyr. Elmydama çekip ýörmez-ä, getiren wagtam bolar, enşallasa. A sen bäş şaýy-üç şaýyň gürrüňini edýärsiň, juda ownuklama, possunçy! Beýle ýokuş görseň, puljagazyňy mäkämje ýygna-ý. It ne gara görsün, ne-de üýrsün! Tapan çykalgasy Ymamgulynyň göwrümini sähelçeräk giňeltdi, öýüň içinden bir buljum-gizlin-buky ýere eltip, düwünçegi süsdürdi, köne-küşüliň arasyna, gaty çynyny edäýmese, erteki gün özem tapmaz ýaly edip. Nätjek, ýoldaşyň gargamy, çemçäňi biliňe gysdyr, ýoldaşyň körmi, gözüň gyparak... Ýogsa nä, öz öýüňde pulyňy-düwünçegiňi gizläp ýörmek, utanja-namysa goýýar, Ymamguly nire, bu peslik nire? Ýöne ogluň şol bolsa, hany, başga alaç? Pully düwünçek mäkämden-mäkäm gizlendi, ýöne içindäki pullaryň gozganmasy welin mahal-mahal gaýtalandy durdy, gaýtalandy durdy, kakasy göze çöp atýan, jadygöý oglundan gördi: --Onda kim aldy? Oglam iki egninden gum sowurdy aldygyna: --Men näbileýin! Ikisi-de deň dawagär. Günleriň bir güni Ymamguly oglunyň düwünçege dolanan nämedir bir zady kibtine gysdyryp, assyrynlyk bilen otagdan çykap barýanyny göräýdi, şapba tutdy goşaryndan. --Ä-hä! Häme alyp barýaň, it ataly? --Maýa! --Hany, düwünçegi aç, göreýin, nämäniň maýasy? Ymamguly düwünçegi çekip alyp, açyp, barlap görse, içinde üç sany towuk ýumurtgasy. --Ýumurtgalary nirä alyp barýaň? --Maýa diýdim-ä, towuklar hürri guzlamaz ýaly, ketege salyp goýjak. Bu gezegem götinogry ýene Ymamgulynyň özi. Ol içini gepletdi: “Özi ýumurtgadan uly däl welin, eýýäm hürri-sürrä düşünişine näme diýersiň, ýeri? Aý, ne alaç etsem-de, bu eneli-ogluň menden demi ökde. Olar meni suwly äkidip, suwsuz getirjek”. Dogup-döräp, rahatlyk-imisalalyk diýen bagtdan katumytlaram negada bir bagtly bolup görýärler, aýdaly, ýatyrkalar – düýşlerinde. Birçak Nedirgulam bir töwra düýş görüpdi, düýşünde ol Eýranyň patyşasymyş, tylla tagtda başy göwher täçli otyrmyş. Onsoň çym-ak atyna atlanyp, ejesi bilen uýajygy Gyzsoňa, jigisi Ybraýyma kän engamlar sowgat getirip berýärmiş, öýleriniň içi-daşy, melleklerinden akýan ýabyň düýbem durşuna altyn-kümüş tümen-teňňeler gyzyl ýaýyrtmyş, ýeriň dört künji oňa baş atyp, tagzym edýärmiş... Düýş diýleni oýanan badyňa zym uçup, huşdan çykyp gitgiç welin, Nedirgulyjygyň bu göreni oýanansoňam, yz ýanam, soň-soňam hakydasyndan çykmady, oýalykda ençeme gezek gaýtadan göz öňüne getirdi, edil hakykatdaky ýaly, şeýle aýdyň, ýere ýaýlyp ýatan tylla pullary, kümüş teňňeleri dagy ýeke-ýeke sanap, çuwalyňa atybermeli, tükeniksiz. Lowurdysy gözüň ak ýagyny iýip gelýär. Düýşüni ýatlan çagy göwni tagty-Süleýman deý, howada uçan tagty-rowan deý ganat kakyp, arşa-kürse göterilýär, aňsat ýere gonasy gelenok. Ýokarda hezil, aşakda onuň itiň güni başynda. “Ejeň gowumy, kakaň?” diýlip berlen soraga Nedirguly “Mamam” diýip, jogap bererdi, onuňam emmasy – Nedirguly sypynsa mamalaryna giderdi, bir gezek aýdyp gitse, bäş gezek aýtman. Ondan gelenem, her gidende üç-dört günläp, yzyna köwlenmez, ahyry Ymamguly ogluny gaýynlaryna baryp, atynyň yzyna mündürip, alyp gaýdardy, käýäniňem ýokanok, ýalbaranyňam. Mamalarynda düşeginiň ýumşaýanynyň sebäbi, olaryň öýünde hiç hili gykylyk-goh ýok, imisalalyk. Her kim ses-üýnsüz öz işi bilen gümra. Öýlerindäki ýaly bir-birine topulyşyp-dyzytdyryşyp, tezegine pyçak çeneşip duran ýok. Bir gezeg-ä agtyk mamasyndan usul bilen sorabam gördi: “Mama, sizde haçan gykylyk başlanýara-aý?” diýip. --Ol nämäniň gykylygy? --Biziň öýmüzde-hä her günem bolýar, gündizem, gije-de. Ejem bilen kakam. --Är-aýalyň urşy ýaz gününiň ýagşymyş, agtygym, geçer gider, sen üns bermegin! Amatyny tapyp, Nedirguly baýak tylladan tagtly gören düýşüni mamasyna aýtdy, görşi-görşi, bolşy-bolşy ýaly. Mamasyna aýtmagynyň sebäbi ol bürenjek bilen üsti basyrylyp goýlan içi tyllaly hum ýal, köneden-täzeden bilmeýän zady ýok. Nedirguly oňa Ak mamam diýýär, mamasynyň ýanyna ýene bir daýza gelgiç, oňa-da Gara mamam diýýär. Näme üçin beý diýýänem ýok, ýöne gülüşýärler-de goýaýýarlar. Agtygynyň düýşini eşidip, Ak mamasynyňam ýüregi ýaryldy: --Aýdanyň iň soňkusy men bolaýyn, zynhar içiňde gizlin sakla, oraşan düýş görüpsiň, obam! Eger gursagyňa sygman, durup bilmän, onuň-munuň ýanynda Eýrana şa boljagyňy aýdaýsaňam, düýşde göreniňi bir dagy-duwara hergiz agzaýmagyn! Beýle düýşler ömrüň boýy pynhan saklaýandyr! Menem gördüm seniň şa tagtyna çykýanyňy, özem şol düýşi iki gezek gördüm, ýöne aýtmaly dälmiş diýlensoň, içime salyp ýörün, bul-a birinjiden. Ikinjidenem, şalar bu dünýäde behiştdäki görjek eşretleriniň baryny görüp gidensoň hemem boýy bilen günä çümensoň, olary o dünýäde dowzaha dykýarmyşlar. Şa bolmagyňdan men gorkýan. Hawa, şalar üçin bu dünýä behişt, ol dünýä dowzah diýýärler, şondan gorkýan, obam! --Ak mama jan, men gowy şa bolaryn. --Nowşirwan adyl ýaly ýek-tüki bar diýäýmeseň, şalaryň adalatlysy ýokmuş, iň agyr günäleri şolar edýärmiş. --Onda-da meniň şa bolasym gelýär, Ak mama. --Arzuw etseň, myrat taparsyň, balam. Myradyňa welin Hak ýetirer. Adamlar özleri bagta ýetýändirin öýdüp, pikir edýärler. Ýok, bagt Alladan çözülýär. Adamyň bar etmeli işi arzuw etmek hem şoňa ýetmek üçin delillik ymtylmak, galany Hudaý bilen. Nedirguly mamasynyň aýdyşy ýaly hem etdi, düýşi barada hiç ýerde-hiç haçan-hiç kimiň ýanynda ýekeje agzam dil ýarmady, enualla. “Men Eýranyň şasy bolaryn” sözüni welin onda-munda agzyndan sypdyrdy. Kakasy eşdib-ä, ýüregi bulandy “Maňa çekenliginde possundan daşa gitmezdi, gör-ä, bu itatalynyň Eýranyň şasy boljak diýşini! Kime çekip diýýärkä? Ýa???” Ýene şol köne “damary” çekip ugrady. Ýene şol söwdagär myhman. Täjir ölensoňam possunçyny öz gününe goýjak däl-ow! Hasam Zeýtunyň oglunyň Eýranly gürrüňini eşdip, ýyrş-ýyrş edişi Ymamgulynyň derdiniň üstüne dert goşdy, gabanç atyna ters mündürdi, indi gitdigidir, açylýança özüne-de, maşgalasyna-da hypbat berer. Zeýtunyň oglunyň Eýranyň şasy boljak dýenini eşdip, ýylgyrmasy, begenjinden däl, ýok, ýaňsydan. “Kakasy bir hojalygy düzüwli ýöredip bilenok, öýmüz elmydama gan-da-pyçak, onsoň ogly nädip, Eýran ýaly uly döwleti ýöretjekmiş? Bardy-geldi, agzyndakyny işsiz perişdeleriň biri eşidip, ämin diýse, oglum tagta çykaýsa-da, uly ili gyrgyna beräýmese”. Häzir on iki ýaşyny dolduran Nedirguly Ymamguly ogly, hakykatdanam, gören düýşi oraşan çykyp, ýene üç müçeden Eýranyň patyşasy bolar. Şu ýyl dünýä inen Keýmir Hojanepes batyr oglam wagtyň geçmegi bilen öz agyrilli teke taýpasynyň serdary bellener. Ýaşlykdan olaryň ýollary kesişip, tanşarlar, dostlaşarlar, biri-birlerine çoh ýagşylyklar ederler, soňlugy bilen dostluk duşmançylyga aýlanar. Duşmançylygyňam sebäbi – Keýmirkör serdar-ha Watana dolanyp baryp, türkmenleriň dagnyk, agzala tire-taýpalaryny birikdirip, Aly döwlet gurmak üçin jan çeker. Nedir şa bolsa öz türkmenini Eýrana bakna edip, atarman-çaparman türkmen jigitlerini uruşlardan uruşlara sürmäge çalşar. Ol günlere ýetmek üçin entek öňde ýene-ýene köp ýyllar, çoh horluklar, birgiden wakalar garaşyp ýatyr. Olaryň üstünden böküp ýa sowlup geçmek hiç mümkin däl, içlerinden geçmeli, şatlygy-hasraty bilen, haýru-şeri bilen, bagty-şumlugy bilen... Mundan barsaň, Hywa ýoly... Gahba Pelegň şum oýnuna serdiň-hä – dünýäde nijeme döwletler guran Oguzlaryň, Gunlaryň, Seljuklaryň nesil-dowamaty bolan türkmenler Soltansanjaryň syndyrylmagy bilen döwletsiz galdylar, dünýe doly, emma seren kişmişlerinden özlerine dadymlyk ýok – ät. Olaryň Watany saçýoldy edilip, birde Eýranyň, birde Buharanyň, birde Hywanyň tabynlygyna geçdi, başga-da has daşraklardan göz gyzdyryp, diş çarhlap, tamşanyp-gultunşyp ýören döwletler bar, türkmenler ýeriň çar künjüne üzlen monjugyň hünjüleri kibi pytrady, Watanlary bardy, diýarsyz galdylar, döwletleri bardy, diwansyz galdylar, kürt biçäreler kibi, olaryňam häli-häzire deňiç özbaşdak döwletleri ýok. Şindi birine käýelende “bidöwlet” diýilýändir, elinden iş gelmän, söw-söw syryp ýören diýen manyda. Döwletiň depseň, deprenmez uly baýlyk diýenem manysy bar. Türkmenler uly baýlyklaryny söbüklerinden akdyrdylar, özlerine bir ýeten – sergezdanlyk. Şemal kibi biwatan. Taryhy ýakanok diýip, öçürseň, ol seniň geljegiňe ýazylýar. Geçmişiňi bulaşdyrsaň, geljekde azaşýarsyň. Geljekde dogry ýoldan ýörejekmiň, geçmişiňi dogry yzarla, dogry öwren! Nirde niçiksi hata goýberdiň, nirde sen mamla? Indi näme etmelidigiň-näme etmeli däldigiň jogabyny öz geçmişiň aýdýar, geçmiş içinden ot bilen ýalyn geçen danadyr, ak sakgally akyldardyr, onuň bibaha pentlerini diňlemäni, ybrat almany öwren. Sen daragt bolsaň – geçmişiň köküň, geçmişiňi guratsaň, geljegiň süllerýär. Eger öwrümliräk edip aýtsak, taryh geljek hakyndaky ylymdyr! Buharadan hem Nur-Garabaýyrdan Hywa hanlygyna som-saýak gaýdan taýpadaşlaryndan has öň Çyn-Maçyndan Gyrgyza aşan, bireýýämlerden bäri Yssykkölüň töwereginde ýaşap, oňňut edip ýören tekelerem Watana aşmagyň kül-küline düşüp, ykjam hyýala mündüler, özü-de, beýlekilerden 4-5 ýyl öňinçä. Elbet-de, bu göçhä-gonluklar agyrilli tekeleriň öz biri-birleri bilen habarlaşyk-gepleşikler geçirmegi boýunça. Dessanlarda bady-saba ýelinden salam gönderilişi deý, ötegçileriň, söwdagär-bezirgenleriň ýa-da yzygider ýöriteläp gelip gidýän çaparlaryň üsti bilen. Çyn-Maçyndan bärligine bölek-bölege bölünip, dürli-dürli ýollardan gaýdylmagynyň düýp sebäbi edil olaryň häsýetlerindäki kakabaşlygam däl, başga delillerem bar, tekeler çarwa halk, hemmäň bir ýoldan gaýdyp biljek miltiň ýok, özleri oňsa-da, öňlerine salyp, kişşüwläp sürüp gelýän mallary oňanok. Çarwa halky malyň yzyna düşmeli-dä. Bu jümle gulagymyza ýakmasa-da, hakykatdanam, şonuň ýaly. Onsoňam ýol kän, haýsynyň dogrulygyny-ygtybarlylygyny sen näbiljek? Her urug-tire öz ykbal almasyny göge zyňdy, ýere gaçyp, Akpamygyň kökesi ýaly, haýsy ýana tigirlense, gözdaňdy oýnamaga werziş nägümana takdyrlarynyň yzyna düşüberdiler ýorgalap, “Tege-tege! Ýa Pelek, ýa nesip! Daýymlara barýan, iň bolman, taýym-a baş öwrederin” diýşip. Daýylara diýýäni Watanyma diýdigi. Aýdymlarynyň yzyndaky sanawaçlaryna-da goşdular “Dag, arman, Pelek, Men boldum heläk...” diýip. Hawa, müňelen Käbä, olaryň Käbesi – Garagum. Yssykköllüleriňem garabaýyrlylaryňky deý “Çaman ördek ir uçar” edip, öňräkden ýola düşmeginiň sebäbi, bärden Hywanyň aralygy uzak. “Mundan barsaň, Hywa ýoly daş bolýar-la, Bibi jan!” diýen halk aýdymynyň Yssykkölde güzeran görüp ýören türkmenleriň dillerinden düşmän gelmeginiň bir emmasam şol ýoluň daşlygy, alyslygyndanam bäşbeter garaňkylygy-näbeletligi üçin. Aslynda, göni ýolam ýok, aýlaw-aýlaw, burum-burum daglyklaryň-çöllükleriň içinden geçmeli. Üstesine öň görmedik ýolyň, howup-hataram, ýol uran garakçy-galtamanam ýeterlik. Nökeriňem mal bolsa, depginiň dähedem-dessemden enaýy däl, janawarlar öwrenişmedik ýeriniň gök otuny iýeninden öňki ýeriniň sary samanyny, bede-sypalyny çeýnänini gowy görýär. Üstünden bir ýagyş ýagan oty iýse, diline-bokurdagyna ýara düşýär, agzy ysman, hyllygyny sallap, erninden ak köpürjik seçip, art aýaklaryny titredip, dik durup bilmän, bagryny ýere berip ýatyr, ikinji ýagyş ýagan otdan iýse, ýarasy bitýär, taby gaty kyn. Haý-haý, bol-bol bilen gyssagly edilýän işler bar, haýaljak öz maýdalyna-arkaýynçylygyna edilýän iş bar. Mal sürüsini öz akymy bilen alyp gitmeli, sabyr-kanagat tap-da, yzyna düşüber. Dile geldi, bile geldi edilip, aýdylsa, ärsarylar Maňgyşlakdan Lebaba göçenlerinde şol aralygy 30-40 ýylda geçipdirler, şundan çarwalaryň depginini bilibermeli. Ýogsa Yssykköl (Gyzgynköl) adyndan belli bolşy ýaly, gyşda mylaýym, tomsuna salkyn howaly mesgen, Týan-Şan dagynda ýerleşýän ýata suwly köl, dünýädäki iň uly dag kölleriniň biri. Baharyň ahyry-tomus pasly suwunyň iň köp joşýan mahaly. Gögümtil suwy içmäge, ekerançylyga ýaramsyz, emma onda balyk bilen suw guşlary kän, awçulyk bilenem gün görmek mümkin. Yssykkölüň töwereginde Düýp diýdi, Jergelan diýdi, (tekeler-ä oňa Ýorgalanam diýipdirler) başga-da süýji suwly derýalar bar. Gara aýydyr garagulak ýaly ýyrtyjylaryny hasap etmeseň, kenar ýakalayndaky çemenlikli çöllükleri, jeňňeleri mal bakmak üçin ýaramly. Çarwa halkam näme malynyň oňan ýerinde özem oňýar, “Mal janly” diýilýäni – şol! Ýerli gazak-gyrgyzlaryň (Tä ýaňy-ýaňylara deňiç olara Garagyrgyzlar diýilýärdi, gazak bilen gyrgyza soň bölündiler) dilem, dinem, edim-gylymlary-dessurlaram meňzeş, biri-beýlekisine gatyşýan ýerlerem bar, indi tekelerem ite öň “ýit!” diýýän bolsalar, indi “jit!” diýmäni çykardylar, “eşek ýazzyny berdi” diýmeli bolanda “jyzzyny berdi” diýdiler, “ýaman at”-a “çaman at”, “ýigit”-e derek “jigit” diýip ugradylar. Şonuň ýaly-da gyrgyzlaram türkmenleriňki ýaly, biçilen erkek düýä “atan” diýip, aýdyp başladylar. Başga-da köp sözler gatyşdy. Türkmenlerem kellelerine gyrgyzlaryňky kibi keçe telpek geýdiler, soň Hywa göçüp, gadymkyja donlaryny, silkme telpeklerini geýensoňlaram “Tapdyň bärde keçe telpek türkmeni!” diýen jümle döredi. Tekeleriň toýy aňsat at çapyşyksyz, göreşsiz geçenok, oňa başlary ak gotazly garagyrgyz gyzlaram üýşüp, atly gelip, meýletinden ýaryşa goşulýarlar, ol perizatlaryň gelmegi toýuňy dessana öwürýär, bil guşap, orta göreşe çykyp, galyň teke ýigitlerini bagyrtlap, kükreklerini oýkap alyp, aşaklaryna dykyp, baýrak goýlan öweji atlarynyň öňüne basyp alyp gidýärler, olar türkmen göreşiniň düzgünlerinem, tilsimlerinem ýörite iş edinip, gowy öwrenipdirler. Bil tutuşanlarynda gyzyň ýumry göwsi döşüne degende, öň zenan bedenini galtaşyp görmedik galyň ýigitleriň başlary sämäp, dyzlaryndan kuwwat gidip, baldyrlary galdyrap-sowap, aýaklary titräberýär, özüne gelinçäçe, ýylgyryp, ýere ýazlyp ýatyr, äm-säm. Elinden çekäýmeseň, ýerinden galyp bilenok. Beýle göreşde ýigitler ýykylsa-da, armansyz, özlerini bagt guçan saýýarlar – “Gyzyň urdugy – Hudaýyň berdigi!” diýşip. Gyzyň bilinden tutup görseler razy, ýyk-ýykyl, hökman däl, gyz bilen çykmaly bolsa, hemmesi döwtalap. Aslynda-da, gyzy ýykandan, ýykylan abraýly, beglik şonda belli, güýçlüligiň, gerçekligiň şonda mälim. Iki süýtdeş dogan kibi bir-biregiň toýuna-ýasyna gatnaşyp ýörlerem welin, setanda üýşüp gelip, tekeler bilen garpyşýarlar, öri diýdi, awlag diýdi, sebäp gytmy? “Ýat itiň guýrugy ýamzynda” diýen gürrüň bar, garaz, ýurt-döwlet özüňki bolmasa, gerşiňi tutup, egniňi gysybrak gezmeli. Aňrydan gaharly-çişip gelseler, bigünä halyňa-da, başyňy egmeli, ýogsa dawanyň soňy garpyşyga barýar. Häli-şindi gopýan çapyşyklardanam her kim bezgek. Bir günüň gopgunynyň kyrk günlük ryskyňa zeleli degýär. Haçana çenli çapyşjak ýörjek? Niçikmi, bir zatdan çekinip boýnuny aşak sallap, sazanaklap durana “Gyrgyzyny gören ýaly” diýen meňzetme-de şol döwür dörän diýip aýdýarlar. Çaga aglasa, ulular dadyna ýetişýär, bularyň perýadyny Alladan gaýry kim eşder? Emir Temir atly bir leňkebudyň zulmy sebäpli, indi haçanlardan bäri niräniň nirelerinde kül döküp ýören biçäre halk şor maňlaýlaryna bu külpetleriň ne sebäpden ýazlandygyna doly düşünenoklaram. Bir bilýänleri ata Watana dolanmaly! Ata Watany Bagy-Eremden, Ferdöwsi-agladan – sekiz jennetden gaýry nire bilen deňeşdirmek mümkin? Ataňy-eneňi özge hiç kes bilen çalşyp bilmeýşiň kimin. Watan söýgüsi ýürekden çykartdyrmaýar, edil şonuň ýaly ýok söýginem ýürege salyp bilmersiň. Watana aşjagam bolsaň, ilki Hywa hanlygyna gadamyňy basmaly, iki göç – bir talaň diýilýän tozgunçylykdan soň özüňi tutmaly, oňa-da wart gerek, diňe şondan soň hywalylaryň razyçylygyny alyp, olaryň ejazasy bilen aňryk ýoly dowam etmeli. Hawa, öz Watanyňa barmak üçinem kesekilerden rugsat almaly, çünki, düýp Diýaryň olaryň gol astynda. Seljuklardan soň öz döwletiň welin ýok, belli baştutan ýok. Her kowçumyň töresi bar, ýöne şol kowçumlaryň başyny birikdirýän – şahy-adyl ýok. Yssykköldäki türkmenleriň ýaşulysy Yslamdurdy töre ýanyna zeberdest ýigitlerden birnäçesi alyp, gapdallary bilenem ýene şonça aty taýlap, Hywaýy şerefe sary ýola düşdüler, gepleşikler geçirmek üçin. Maksat – Hywa maňlaýy bir diräp alyp, Garagumyň bir çetine aýagyňy basyp görmek. Ondan bu ýany soň anyklanar. Öňüni görüp gelen ýok, emma Watana sary bir ädim-bir ädim. Herki işe tarap bir ädim ätseň, şol ugurdan düşünjäňem bir ädimlik öňe süýşýär. Bir at ýadasa, ikinjisine münüp, ýolda hiç ýerde eglenmän diýen ýaly, bar zat niýetdäki deý şowuna düşüp, ýöräp däl-de ganat ýaýyp, uçup, iki hepde diýlende Hywa hanlygynyň gyra-çetine ýetdiler. Gyssanyp baryp, aljak galaň ýok-la welin, bu howlukmaçlyk Watan yşkyndan, Watan höwesinden. Howlukmak, ýüregiňi eliňe almak häsiýeti adama bigünä çagalykdan miras. Watanyň öňünde hemmeler çaga, hemmeler mukaddes Watanyň ogullary-gyzlary. Zary-girýan perzentler nijeme asyrlap, aýra düşülen jana-jan ene-atalarynyň huzuryna gujak gerip alňasaýarlar, Watanyň topragyna ýakaňy ýyrtyp, bagryňy oýkap, “Göz röwşenim – ata ýurduma döneýin” diýip, guba çägesinde iki ýana bir bulansaň-da gyzyl jynly telbeler deýin! Düşünene Watan yşky hiç söýgüden kem däldir. “Ýurdundan aýrylan ölinçä aglar” diýilmesem şondan. Amyderýanyň çep kenarynda gadymy Horezminiň gözýetimlere deňiç ýaýran ekerançylyk meýdanlarynda ýerleşen, Buhara bilen bir wagtda (16-njy asyr) düýbi tutulan bu hanlygyň paýtagty Hywa, şäheriň pagsa jaýlary güri, hanlaryň köşkleri, musulman metjitleri, öwlüýäler, darajyk köçeler... Onümleri gundag, ädik, aýak-gap, telpek, ýüpek önümleri... Hywa sözi gadymy Heýwak guýusynyň adyndan galan, häli-häzirlere (18-nji asyra) çenli ady Hywak diýlip tutulýar. Ilbars hem Balbars hanlar tarapyndan XYI asyrda düýbi tutulan Hywada türkmenler bilen özbekleriň arasynda ýer-suw dawasy häli-şindi turar eken. (1623-nji ýylda) Ispendiýar han türkmenleriň kömegi bilen özbekleri derbi-dagyn edýär. Ondan ar almak üçin Abulgazy han (1645-nji ýylda) özbekleri jemäp, türkmenleri paýhynlaýar. Şondan soň türkmenler çöle dagap, çarwaçylyk bilen meşgullanyp ugraýarlar. Türkmenleriň çarwaçylyk bilen meşgullanmagy hywalylar üçin iki taraplaýyn bähbitli – hem-ä iýmit üpjünçiligi hemem serhet ýakalaryny goraýarlar, olar gylyç oýnadyp, jyza parlatmagyň, at üstünde söweşmegiň usstlary. Amyderýanyň Bahry-Hazara barýan baş ugry Aral deňzine sowulmagy (16-njy asyr) bilen Horezmiň baş söwda merkezleri Ürgenç bilen Wezir suwsuz galýar. Şeýle-de, Ýüpek ýoly diýilýän kerwen ýolunyň ulanyşdan galmagy, has takygy, ugruny üýtgetmegi sebäpli, ol ýerleriň ilaty Hywa süýşen. Indi Günbatar döwletlerine barýan söwda ýoly Eýranyň, Orusýetiň üstünden sowlup geçýär. Soň ýygyn dartyp, göçüp gelenleri ýerli halk ekläp bilmeýär. Şonuň üçin goňşy ýurtlara talaňa gidilýär. Hywa hanlygyny esaslandyryjylar (1512-nji ýyl) Ilbars bilen Balbars hanlaryň neberesi üznüksiz ýüz ýyl töweredi ýurdy dolandyrdy. Hywanyň ýerli milleti gadymy Horezmde, Ürgençde (Köneürgençde) Maňgyşlakda, Dehistanda, Uzboýyň ugrunda ýaşaýan çarwa türkmenler. Hanlyk atadan ogla, oguldan agtyga geçip, halk şol belli bir adamlardan, lenji çykan syýasatdan it iren ýaly bizar bolýar, bu ýagdaýda uzaga gitmek mümkin däl, ýurt tozjak, şagala şam boljak, hanlykdan närazylaryň sany köpelip gidip ýatyr, eýmenç bir betbagtlygyň üstünden barylmanka “Bitiň agzy üýtgese, ýene kem däl” diýip, soňra Hywa hany ýurduň daşyndan getirilmeli edilýär, dogan-garyndaşy, daýysy-ýegeni, dosty-duşmany ýok, hemmä ortak diýip, Buharadan, gazaklardan oňaraýjak, hanlyga gelşäýjek-ýaraşaýjak mynasyp kişini saýlap alyp, han edip oturdýarlar. Hanlyk wezipesine hötde gelsa-hä ne ýagşy, öňünde bükülişip, köşkde saklaýarlar, ýokmy – ýola salyp, ugradyp goýberýärler, ýerine başga biri. Hanyň maslahatçylaryna ynaklar diýilýär, ynak sowatly, aňly-paýhasly, başarjaň, ugurtapyjy, ýurduň içiniň ähli ýagşysyna-da-ýamanyna-da belet hywalylardan saýlanyp alynýar. Ynaklar ýagdaýy doly öwrenip, maslahaty bir ýere jemläp, hana ýetirýärler, soňra meseläni nähili çözse, hanyň elinde – ýalkas-da, gargasa-da. Türkmen bedewleri seýkin basyp, Hywa şäheriniň bir çetinden girdiler. Çaparlaryň öňünden ilki bilen bir orta ýaşan kelte boýly, ýüzi ýagty mähirli özbek çykdy, habarlaşdylar. --Biz Yssykkölden gelýän türkmenler. Bu töwerekde hemmämizi bile taňry myhman alyp bilýän hojalyk barmydyr? --Huda halasa, biz alarys. Näme siziň Göroglyňyz il söküp ýören kyrk galandary myhman alanda, biz on-on bäş gonagy alyp bilmerismi? Sizden gaýdan enesinden dogmasyn! Siziň kimligiňizi atlaryňyzdan tanadym. Gözümiziň üstünden ýer bereris. Sowuň atyňyzy şu howla, atlaryňyza-da, özüňize-de ýer tapylar. --Köp ýagşy, garyndaş, biziň Göroglymyza belet ekeniň. --Hywanyň deň ýary türkmenler, öňden ýaşap ýörenler, soňam gul-gyrnak edilip, alnyp getirilenlerem müňlerçe. Her kimiň gapysynda der saçyp, işläp ýörenler şol gul-gyrnaklar. Bärde öz ildeşleriň sanynyň köplügi guwançly habar, ýöne olaryň kişiniň elinde gul bolup, gyrnak bolup, hammallçylyk edip ýörmekleri ýüregiňi agyrdýar. Belli döwletiň bolmasa, dana patyşaň bolmasa, halkyň şeýder ýörer. Diýseň-diýmeseň, öňüňden çykan öz milletiňe meňzäp dur, geýim-gejimlerem, dillerem, hatda ýöreýişlerem. Bar aýdaly, indi olar-a nalaç edilip getirilenler, a bularyň özleri meýletinligine gelmekçi. Gulçulyk betbagt halkymyzyň maňlaýyna ýazyldymyka? Näme, gelseň, ýagdaýyň gullaryňkydan enaýy boljakmy? Gulçulyk ýetse-de, hezil edersiň. Herhal. Herhal... Yslamdurdy töre içini gepletdi: “Öz milletiň kesekiniň ýurdunda gul-gyrnak bolup, itiň gününde ýaşaýyşlaryny görmekden ýokarda perýat barmyka? Biz işigaýdanlaryň şondan başga gören zadymyz barmy? Ýeke-täk çykalgamyz – Watan. Ýalňyz halasgärimiz-howandarymyzam şol – Watan – ata-babalarymyzyň dogduk depesi! Gözüňe söwdügim ata mekana-ýurda – öz garypja çatmamyza eýe çyksak, erke şonda ýeteris. Aý, bolýar eken-dä, gyrmyldabereli, gyram aşarys, enşalla”. Adyna Tolkun diýýär ekenler, güler ýüzli, degişmäni-gülüşmäni başarýan, myhman üçin garagadyr, peti ýagty adam. Dilem edil türkmençe gepleýän ýaly. Buharanyňam, Hywanyňam oturymly milleti gadymy oguzlar bolansoň, olaryň dili türkmeniňkä juda golaý, ikiarada dilmaç zerurlygy ýok. Sähelçe gep atyşyp, uýgunlaşsaň, howlukman, düşünişip oturmaly. Ençeme şäher-kentleriň, memleketleriň içinden geçip, ýerli halklaryň dillerine uýgunlaşyp gelen agyr illiler dil meselesinde sapagy ýetik, agzyňdan çykanyny garbap alyp, arkalaryndaky alaja torba oklap durlar. Tolkunyň saraý ýaly giň otagly jaýynda düşlediler. Bir gapydan myhman barlanda özüne gadyr-gymmat goýulmagyny kim islemeýär? Tolkun hezzet-hormata çulum kişiligini gözleriniň alnynda bir janlyny soýup, subut etdi, söwüşledi. Munuň kibi sahawat bir özüňe däl-de, tutuş şäheriňe-milletiňe abraý. “Aý, Hywanyň halky örän myhmanparaz eken” diýdirýär. Adamzat köplenç kiçijik zatdan çen tutup, uly zatlara baha bergiç. Soňy gelsin, şundan çen tutsaň-a, hywalylaryň teke-türkmenleri garşy alyşlary hiç-neneň däl, göwnejaý. Kiçijik diýmäliň, aslynda, köçeden geçip barýan, tanamaýan-bilmeýän bir süri mysapyr jemendäni “Myhman öz rysky bilen gelýändir” diýip, öýüňe sowup, törüňde derejeläp oturdyp, söwüşlemek hele-müçük işmidir? Jomardyň-namardyň mese-mälim seçilýän ýeri-dä şol. Her kes öz kimligini tanasy gelse, “Şuny men başararynmy?” diýip, özüne sowal berip göräýsin! Nädersiň, götinjekläberse, öňýeteniň-ä golundan gelmez. Ýeriň pestinden süzübermese “Syçanyň hinine müň tylla berjek” diýip. Beýläňde malyň agylyna sygman, üýşüp-çogup duraýanlygynda-da, gysymyňy açyp, eçilip-seçelemegiň üçin köňülde hümmet lazym. Göroglynyň atasy Jygalybegiň işiginden gyzylaç kyrk galandarlar sülsat bolup dökülende gözüni dikip oturan ýekeje bogaz sagyn sygyryny soýduryp, hezzet-hormat edişini nijeme asyrlar bäri geňläp-ýatlaşyp ýörmändirismi näme? Gorkut ata “Ýigit atadan görüm-görelde görmese, supra ýazmaz” diýýär. Myhmanparazlyk, aňrydan geleniň öňünde aş dökmeklik hywalylara mahsus öňden gelýän ajap ýörüm-ýörelge. Olar dünýä halklarynyň içinde öz bereketli supralary bilen saýlanýarlar. Bir çümmük haýyr edip, soňundan gaýtargysyna garaşýanlara-da teýene etmeli däl. Aýdaly, birew seni öz hasabyna ilki naharladymy? Naharlady! Senem öz gezegiňde hödür etmeli! Bergiňi tölemek boýnuňda dur, ynsançylyk borjy diýilýän şony talap edýär, götinjekleseň, ol sözi bilen diýmese-de, gözi bilen ýatladar. Talap adalatlymy? Adalatly! Hasapçyl-da! Ýüzüňe ýylgyryp bakdymy? Senem ýylgyraýmaly! Ýogsa bergidar galarsyň. “Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir!” diýilmeýärmi? Ýöne är kişi, beg kişi, alp kişi bolasyň gelse, elde “Bar, gitsin!” edip bilýän çykymyň zerur. Hatda “Ýamanlyk edene-de ýagşylyk edip bilmeli!” Şonda sen beg ýigit hasap. Tolkun şol diýilýän beg ýigitleriň hilinden. Oňa hormatlap, Tolkun beg diýseň gelişjek. Myhmanlar oňa şol derejänem ýabşyrdylar, Tolkun begem ýylgyryp oňaýdy, elbet, hoş ýakdy gerek. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |