09:39 Çarh / 1-nji kitap -9 | |
Nahardan-owkatdan soň köne dessur boýunça ýeneki üç güne galdyrylman, assa-ýuwaş habar alnyşyk başlandy, myhmanlar Tolkun bege Hywa hanynyň ýanyna diýip, Týan-Şan daglaryndan, Yssykkölden ýol söküp gelendiklerini, kabul etse, arzymyzy diňlese, raýatlyga alsa, il bolup göçüp eljekdiklerini, arzuw-matlaplaryny birme-bir beýan eýlediler. Öý eýesi Hywanyň hany Şanyýazyň ynagy-maslahatçysy bolmasa-da, halan çagy köşge girip, han huzuryna baryp bilýän ýakyn ynamdar adamy, tarhany bolup çykypdyr. “Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna”, “Başdan belli” diýleni. Bu – şowuna düşüp, işiň bitjeginiň alamaty.
Taryhy proza
Elgaraz, Tolkun beg köşge ýetip-baryp, onuň aly hezretleri Şanyýaz hana töründe goş basyp ýatan türkmen myhmanlayndan eşdenlerini, olaryň matlaplaryny gylyny gymyldatman, eýgilik tarapyna edip, ýeke-ýeke aýdyp berýär. Han tagtynda olary kabul edýär, diňleýär. Teýmirleňli, Çyn-Maçynly, Taklamekanly pajygaly, uzyn taryh beýan edilýär. Başdan geçenler aýdyşylyp, könäni ýatlaşylyp, soňundanam dileg tabygy etege bukulman, mülk ýer soraldy. Hywanyň hany baş atdy: --Teýmirleňiň ogly Hulagy: “Gaçyp, Garaguruma geçseňizem, gara ganyňyzy dökerin” diýipdir türkmenlere. Bu barada “Jeňnama. Sahyp bolan Emir Temir” diýen kitapda ýazylýar” – diýip, Şanyýaz han özüniň bu gürrüňlerden habarlydygyny duýdurdy hemem türkmen wekllerine öz garşylarynda duran hanyň häzirden-gadymdan bilermenliginden alamat berdi. Az salymdan ýene dowam etdi: --Emir Temirden biziň eždatlarymyzam az ezýet çekmedi. Ol kimler üçin haýyr etdi, kimler üçinem dowzahda müň ýyl ýansa-da, günäsinden saplanmaz ýaly gabahatlyk etdi. Hanyň töwergindäkiler baş atyp tassykladylar. --Diýmek, siz gadym Horezm şalarynyň ynamdary, Garagumyň gurdy, daşymyzyň goraýjylary ekeniňiz. Wagtly wagtynda pajyňyzy töläp dursaňyz, biz siziň ähli möhümiňizi ikelläp bitireris, enşallah, indiki aýyň başyndan 15 güni geçirip, 16-njy gün diýlende tagtda mejlis geçirjek, şoňa türkmen beglerini, serdarlaryňyzy, kazylaryňyzy, atalyklary, onbegileri, arna miraplaryny alyp geliň, bizem özbek reýislerini ýygnarys, maslahaty üýşüp edeliň, iki tarapam bir çukura tüýkürsin, öňünden näme matlabymyz bar bolas, ýekeýeke aýdyşalyň, soň gyşyk gürrüň çykmasyn, nesip etse, ara geleris, siz ýaly millet içimizde otursa, oňa ýetesem, heý, zat barmy? Siz biziň özümiziňkiler ahbetin, daşyňyzdan guwanyp ýörendiris! Hywa türkmene-de, özbege-de deň degişlidir, taryhda bir oňa geçdi, bir muňa, geljekde kime degişli boljagyny Alladan başga bilýan ýok, şemal kibi agyp-dönüp duran dünýedir bu, seňki-meňki diýmek hebes! Aýagňyz düşsün, mymanlar!”. Maslahatda türkmen ýaşulysy Yslamdurdy törä söz nobaty ýetende “Biz gepimize bitin halk. Hiç milletiň öňünde, Hudaýyň öňünde-de ikilik eden däldiris. Hatda öz göz-görtele bähbidimiz üçinem sap atmaýarys. Bu gylygymyza sadalyk diýip, pitjiň atýanlaram bar, atsalar atybersinler. Biz gönülikden başa herne gelse çekeris, hak-hakykat Allatagalanyň ýoly, biz şol ýoldanam ýöreýäris. Horezmini Teýmirleňden goramak üçin öňden eden ähtimizde durup, söweşip, üç ýüz ýyldanam köp Watandan jyda düşdük, biziň il bolup düýp Watana dolanasymyz gelýär, Hywa gelmeden başga bähbidimiz ýok. Garagumyň bir çetine aýagymyzy basyp bilsek, biz üçin jennet, matlabymyzam süýjülikli ýaşaşmak, başa her iş gelse arkalaşarys” diýýär. Şanyýaz han Ymamdurdy törä: --How, tekeler, siziň bilen çalt hemem döwtalap razylaşanymy geňlemäň, munuň emmasy bar. Biz her kime-her kime ýer-suw beremzok, dogrusy, şol zatlar özümize-de o diýen ýetip baranok – diýip, tagtynyň arka ýüzündäki sandygy açyp, bir tagta saralyp giden kagyzy çykardy. --Biz özbaşdak döwlet, şonuň üçin resminamalary aýap saklaýarys. Ine, şu sandykdakylar edil tagt bilen deň goralýar. Hywada döwleti esaslandyran Ilbars han bilen Balbars han özünden soň han boljaklara wesýetnama ýazyp, möhür basypdyrlar. Ine, elimde. Munda “Tekeler biziň goraýjylarymyzdyr, olar biziň üçin Emir Temiriň garşysyna çykyp, gyrlyşyp, Taklamekana sürgün edilendir, haýsydyr bir zaman sürgünlikden gaýdyp gelip, ýer-suw sorasalar ýa başga bir haýyş bilen ýüz tutsalar, möhümlerini iki elläp bitirilmelidir. Kyýamat-ahyra deňiç olaryň öňünde biziň uly borjumyz bardyr!” Şanyýaz hanyň bu wesýetnamaly habaryna köşke ýygnanlaryň hemmesiniň ýüzleri ýagtyldy, diýmek, derwaýys mesele dogry çözüldi hasap. Tekeleriň hormatyna kyrk gulakly gazanlarda naz-nygmatlar atarylyp, millet üýşürip, surnaý-kernaýlar çalnyp, üç gije-gündizläp uly toý-tomaşa berildi, olar tekeleriň özleri üçin üç asyrlap şu güne düşünlerini bilip edýärler bu gadyr-gymmaty. Hywa hany Şanyýaz öz gepiniň arasynda “Ýagşylyga ýamanlyk diýip, bir depen ýerimizi depmäliň, türkmen bilen özbegiň arasynda diňe ýagşylyga ýagşylyk bardyr! Ol ikisine biri-birinden golaý başga millet ýokdur, biri uly, biri kiçi däl, ikisi deň dogandyr, ekizler kibi agaýnidir” diýip, degişdi, degişmäniň içinde-de hakykat bar. Toýdan soň handan hoş habar bilen rugsat alyp, yzlygyna depdiler, şol daş diýilýän ýoly gaýdyşyn dokuz günde geçdiler. Eýeleri bilen ýürekdeş atlaram aňýar – hoş habaryň baryny, aýaklaryna ýelek biten deý, ýerleý uçýan guş deý, süýnüp gitdiler, käte bir toýnaklary ýere galtaşýyp alýar, çüw-de-çüw. “Maslahat Şanyýaz hanyň aýdyşy ýaly, diýlen wagty geçipdir, ähli meseleler oňyn çözlüpdir”. Bu hoş habar baransoň, Hywa göçe-göçlük indiki ýyla goýulýar, öňde güýz gyrkymy bar, ulag alajyny etmeli, gyrak-çetdäkilere habar ibermeli. Gyşy geçirmeli. Iki göçüň bir talaňdan enaýy däldigini bulardan gowy bilýän ýok. Onda-da uzak aralyga. Yssykköl nire, Hywa nire? Ýoldaşyňam çybşyldap, peýwagtyna otlap ýören mal bolsa. Şonuň üçin mazaly çugdamlanmaly, çugdamlanmaga-da wagt gerek. Aýlar aýlanyp, günler geçip, ahyry ýola şaýlanmaly pursadam gelip ýetdi. Gyrgyz gojasy Şake: --Gitseňiz, aman baryň, ýurt garşy alsyn! Bizde “Türkmen törüni bermez” diýen nakyl bar. Biz welin size törümizi berdik, gerekmi janymyzam bereris. Gyrgyz diýmek – gyr oguz diýmek, biz gyr oguzlary bolsak, siz düýp oguzlar. Biziň guzyguýruk dombramyzda çalýan sazlarymyz siziň dutaryňyzda çalýanlaryňyz deň gelmese-de, kakuwlary meňzeş. Aşna bolup, goňşy bolup, bile oturyp, toý-ýasy bile sowduk, arada, elbet-de, ýagşam bolandyr, ýamanam. Ýöne şol ýagşylyklaryň hormatyna ýamanlyk üçin dost-dostdan, dogan-dogandan ar almaýar. Bizem-sizem ýamanlygy, öýke-kinäni unudyp, ýagşylyklary ýatlalyň! Biz-ä sizden razydyrys, sizem bizden razy boluň! Türkmen-gazak-gyrgyz ebedi dostlugyna galsyn! Dogrymyzy aýtsak, siziňkilere ysnyşybam gidipdiris, sizsiz biz ýetim galaýjak ýaly. Yslamdurdy töre: --Dost-dostuň arasynda ýagşylyk kändir, ýamanlyk azdyr! Kyn günümizde törüňizi berdiňiz, dagyňyzy-kölüňizi berdiňiz. Muny hiç haçan ýadymyzdan çykarmarys, Alladan gaýtsyn! Biziň köklerimiz birdir! “Gazak meniň daýymdyr” diýip, çagalarymyzyň sanawajynda bar. Ýöne biz daýy-ýegenlikdenem golaýdyrys. Ganybir doganlardyrys! Şake halypa, milletlerimiziň arasynda ynjaşma ýokdur, arkalaşyp bildiňiz. Taraplar bir-birege ýadygärlik spwgatalaryny alşyp-berişdiler, Şake goja bir göleli sygyryň boýn bagyny Yslamdurdy töräniň eline tutdurdy: --Baldarga sawun buladi. Yslamdurdy töre: --Sag bol, balalarymyza sagymlyk malymyz öňem gyt däl, ýöne siziňkiňem gowy, tohumyny ýitirmeris. Şake aga, sen diňe gyrgyzlaryňky däl, türkmenleriňem ýaşulysy, şonuň üçin menem saňa bir jübüt teke bedewini sowgat bermegi niýet edinip, taýynlap goýdum. Mustapa inim, gowşur ýaşulymyza Gyrgy bilen Syrgyny. Hokranyp duran Gyrgy atly gyr baýtal bilen Syrgyn atly höwür atyň uýanlarynyň iki gapdalyna, agyzdyrygyň halkasyna berkidilen uzyn gaýyş bagy – jylawlaryny Yslamdudy töre öz elleri bilen Şake goja gowşurýar: --Jylawlaryny deň tutup, hergiz gowşutmagyn, halypa! Bize ýol patasyny beriň? Ugrumyz ata Watana sary, indi durarymyz ýok, ýüregimiz agzymyzdan çykyp gelýär. Şake goja ak pata berdi: --Ýoluňyza Biribardan nur ýagsyn! Garagyrgyzlar il bolup, türkmenleri ýola saldylar: --Aman bargaý! Aman bargaý! Öň dogan dogany garşy alypdy, indem dogan dogany ugradýar. Elbet-de, öwrenişen ýeriňden, adamlaryňdan aýrylmak ajy. Ýurt eýeleri türkmen göçüniň yzyndan boýunlaryny burup, gollaryny salgap galdylar. Türkmenler gözýetimden aňryk siňip gitdiler. Olar näçe aňry gitseler, öz ata Watanlaryna şonça-da golaýlaýarlar, bu ýagdaý welin baldanam süýji. Hawa, durmuş diýeniň ajy-süýjüden ybarat. Ony şol durşuna kabul edip, mally bolar, malsyz bolar, ýolly bolar, ýolsuz bolar, başa gelen her haýsyny görübermede ne bar! Hywa gelen tekeler howul-hara bazara baryp ilki bilen Yssykkölde geýen ak keçe telpeklerini çykaryp, türkmeniň gadymkyja gara silkme telpeklerini geýdiler – burumlary halkalanyp-seçelenip duran. Zerli hywa donuny, tirme guşagyny satyn aldylar, sary ädigini geýdiler – tüýlerini başdan-aýak bir gyldan täzelediler, beslendiler. Arzuwly Watanyň bir çetinden gadam basan bagtygetirenler-dä. Hemmesi toýa gelen ýaly, üst-başlaryndanam, ýüz-gözlerindenem nur ýagýar. Keýpleri gurat, henek atyşaslary gelip dur. Gep-sözlerindenem bal damýar. Halan tarapyňa aga-ýana gez-de ýör, towugyňa tok diýlenok. Bir-birlerine “Watanyň ýaňy bir gyrasyna ýetenimizde, begenjimizden ýüregimiz agzymyzdan çykyp gelýär, ýurdumyzyň jümmüşine dagy giräýsek, näderkäk, ganat baglaýmaýarysmy?” diýşip, şatlyklaryny paýlaşdylar. Hywada ilki göze ilýän ýagdaý – gurakçylyk, suw gahatlygy. Ekinleri gowaça, ýorunja, şaly, jugara...Pälwanata, Gazabat, Şabat derýalary bar. Tekeler Hywa, Gürgenç, Gürlen, Hazarast, Haňka, Daşhowuz töwereklerine ýaýradylar. Tekeleriň hemmesiniň bir ýerde kowçum tutman, bölek-bölek ýaýramagy Hywa hanyna ýaraman durmady, onuňam göwnünde şol, bary bir ýere üýşseler, kim bilýär kellelerine nähili pikriň geljegini diýen gorky bar. Buharadan gelen tekelerem olara garyldylar. Döwletmämmet Düýegöz hanyň ýolbaşçylygynda ýaşulular topary ilkinji ädimi zyýaratdan başladylar. Içangala (Şähristan), Daşangala, Juma metjidi, Seýit Alawetdiniň kümmeti, Daşhowly, Nurulla baý köşkleri, Allaguly han toplumy (medrese, bazar, kerwensaraý) Mahmyt Pälwan aramgähi, Kelteminara... Esewan edip, Hywadaky türkmenleri kesesinden synlanyňda, hamala, olaryň hemmesi ýörite gul-gyrnak bolmak üçin ýaradylan ýaly. Iň agyr, hapa, ýerli ilatyň kyn görýän işleri şolaryň egninden geçýär. Tüp yssyda gyzyl ot bolup ýanýan tamdyra girip, uzakly gün çörek ýapmakmy, maýryp gelýän agyr ganarlary kebzäňe göterip, allaowarra çekmekmi, gazy gazmakmy... Nätjek, gara günüň üçin etjek bolup çytraşyberýäň. Ýerli halk nirelerdendir naýzanyň-gylyjyň öňüne salnyp, sürlüp gelen, dogduk Watanyndan jyda bu biçäreleri ejir üçin ýaradylanlar hökmünde tanaýarlar, olara kän bir nebsi agyryp ýörenem ýok, hakykat bolmalysam şeýledir öýdüp düşünýärler. Gul söwdasynyň iň möwjän ýeri Hywa bilen Buharanyň gul bazarlary. Ynsanperwerlige girýärmi-girmeýärmi, oňa seretmän hemem işbu Pelekde herki zadyň gezekli çemçeligini ýatlaryndan çykaryp, baý, bu söwda işdämenelik, nebsewürlik bilen topuldylar-a. Ýogsa olaryň şanly şejeresi barada öz hanlarynyň ýazan kitaplaram bar. Hywanyň hany Abulgazy Bahadurhan (17-nji asyr) türkmenleriň arasynda hanlyk dawasynda öz ýakynlaryndan gaçgaklykda gezip ýörkä “Türkileriň şejere daragty” hem-de “Şejereýi teräkime” (Türkmenleriň şejeresi) atly iki kitap ýazýar, türkmenleriň tire-taýpa bölünişigi, nesliň kimden başlanyp, soňraky ýaýrawlary hakynda. Ol mahallar Çyn-Maçyn taraplarda sürgünde ýörensoňlar, tekeler barada “Tekeler Toýtutmyş hanyň nebereleridir” diýen jümleden başga zat ýazylmaýar. Abulgazy Bahadur hanyň tekeler barada köp maglumat ýazmazlygynyň sebäbini ol Garagumda gaçyp ýörkä, çöl içinde ýaşaýan gumly tekeler tutup, ony bendi edip saklap-horlanlary üçin, ýüreginde kitüw galypdyr, şondanam tekeler hakda ýazmandyr diýip, çaklaýanlaram bar. Ine, indi tekeleriň özleri Hywa hanlygyna doldular, kitapda okan ýaly däl, gözüň bilen görüp, gulagyň bilen eşidibermeli, tekeler ýerli millete garyşyp-gatyşyp ugradylar. Adam elmydama nämedir bir zady tapýar, nämedir bir zadam ýitirýär. Sen ikisine-de gaýym-taýýar durmaly. Täzäni kabul edip başarmaly, nämedir bir zatlaryňy ýitireniňe-de kaýyl bolmaly. Köneler gidýär, täzeler gelýär. Nesiller çalyşýar Soňky nesil öňküleriň başlaryndan nämeleriň geçenini näbilsin. Ýöne aýra düşülen Watan olaryňam gursagynda. Kim ýumurtganyň agyny gowy görüp iýýär, kimem sarysyny, Watan küýsegi welin hemmesinde birmeňzeş. Döwletmämmet Düýegöz han öz kowçumy bilen Hywa şäheriniň üç çakyrym namaz ugrundaky Düýesyçdy gumunyň ýakalaryndan tä Ysmamyt ata öwlýäsiniň deňesindäki gumuň, kölüň gyralarynda düşlediler. Han tekelere halan ýeriňizi saýlaň diýýär, Ýylanly bilen Könürgenç aradaky täze Wasy saýlaýarlar, bir gapdaly gyr – mal üçin amatly, beýleki gapdaly ekerançylyk üçin. Han ol ýere özbeklere gazy gazdyryp, bol suwam eltýär. Täze göçüp baranlar iki beglige bölünýär, han-beglerem özlerinden saýlanýar. 1714-nji ýylda Şanyýaz hanyň Orusýetiň patyşasy Pýotr I bilen gepleşikler geçirmegine garamazdan, Hywa täze han bellenen Şirgazy han tarapyndan 1717-nji ýylda Bekowiç-Çerkasskiýniň ekspedisiýasy derbi-dagyn edilýär. Aleksandr Bekowiç-Çerkasskiý, knýaz, Preobraženskiý polkunyň gwardiýa kapitany. Pýotr I tarapyndan daşary ýurda okuwa iberilen, ors döwletiniň hasabyna ýörite taýýarlanylan, Russiýa dolanyp gelen badyna Hywa iberilýär, şol ýerde-de 1717-nji ýylda öldürilýär. Hywa ekspedisiýasy altynyň gözleginde hemem Hindistana söwda ýoluny açmak maksady bilen diýlen mowzugda iberilip, ol juda wajyp iş hasaplanyp, Pýotr I tarapyndan gurnalýar. Şirgazy han “Altyn gözlegi, Hindistana söwda ýoluny açmak... bular hile gurmak üçin tapylýan boş syýasat. Tyllamyz bolsa-da, özümize gerek, ýolumyz bolsa-da. Orus patyşasynyň munda çigidiň maňzy dek dawasy bolup bilmez. Çerkezli Isgender Beg oglunyň bärik agzymyzy ysgamaga geldigidir bu, dilimizi, dinimizi bilen kişisiräp. Ekspedisiýa diýýänem nirede näme barka diýip aňtaw geçirýär, ysyrganýar. Türkmenler “Kapyra jepa çekeniň muzdy gara gylyç” diýýär. Oňa bizden ýetdik paý gara gylyçdyr. Ýene-de teke türkmenlerinden öwrenmeli zat – olar üstlerinden duşman geçirmeýärler. Dogry edýärler, gören seni depgiläp ýörse, ondan ýurt bolarmy? Hiç kim duşmany öýüniň törüne goýbermez-ä, ýurt diýeniňem şoňa meňzeş. Bizem şeýderis, petigulysyny bereris, dişinde et goýman, toýnaklaryny gyrkarys. Ors patyşasynyň matlaby biziň ýurdumyzy basyp almak, öz tabynlygyna, gol astyna geçirmek. Içimizde demimiz barka muňa asla ýol bermeris” diýen karara gelip, ekspedisiýanyň ähli adamlaryny gylyçdan geçirtdirdi. Onuň Bekowiç-Çerkasskiýni ähli nokerleri bilen gyrdyrmagy ors patyşasyny gaty eýmendirýär hem-de Orta Aziýa milletleriniň ýuwdaýmaly togalajyk nogul süýji däldigine, öz çakyna çaprazlygyna gözi ýetip, bu mesgenlere gurnajak basybalyjylykly, gandöküşikli çozuşlaryny ep-esli mahala yza serpikdirýär. Hawa, Hywa täze han geçipdir diýip aýtdyk – Şirgazy han, Jan Töre hanyň ogly, Buharada doglan, şol ýerde medresede okan, sowatly-ylymly kişi. Giň düşünjeliligi, akyl-parasadynyň ýetikligi, her hili çylşyrymly ýagdaýlardan baş alyp çykyp bilýänligi-ugurtapyjylygy, görüm-göreldesi bilen il içinde abraý alanlgy üçin ony Buharadan çagyryp, hormatlap-derejeläp, Hywanyň hany bellýärler. “Täze küýzäň suwy sowuk” belki, heniz azmanka, zaýa bolmanka, Hywanyň ilaty üçin haýyrly işleri etmegi, hökmürowanlykdan gözleri-gulaklary gapylmanka arz diňlemegi, ýardam bermegi mümkin. Şirgazy hanyň Hywa gelip bitirjek esasy işleriniň biri pagta öndürmegi köpçülikleýin ýola goýmak, ýygnalan hasyly Ýewropa döwletlerine satmak, güzeran üçin düşewündi artdyrmak hemem günbatara uzaýan gadymy ýüpek ýoluny öz üstünden geçirtmek. Ýüpek ýolundan pagta ugradylar, deregine-de gerekli harytlary geler. Bu – hanlyga ýaraşýan matlap. Çarwa tekelerem Şirgazy hanyň maslahatyna hä berip, çomrulyga baş goşup, ýer sürüp, özlerine berlen ekerançylyk meýdanlarda gowaça ekip ugradylar, emma bu iş şowuna düşmedi, äm-säm, pil-kätmen, atyz-suw nirde, eli çopan taýakly çarwa nirde? Öň görmedik, düýşlerine-de girmedik kespleri. Ekiniň abyny-tabyny alyp bilenoklar. Üstesine-de, 2-3 ýyl gaty gurakçylyk bolýar, tekeler salgyt töläp bilmeýärler, hanyň üstüne töwella gidýärler, Keýmiriňem agsajyk baýtaly bar eken, şony münüp, töwellaçylara goşulýar, ýaşulylar “Sen entek oglan, işiň ýok” diýýärler, oňa gal diýýärler, olam bir depe-iki depe galyp, assyryndan yzlaryna düşüberýär. Ýaşulylar Hywa şäherine baryp, bir çemeliräk, otly-suwlyrak ýerde atlaryny goýup, teblä baglap, aňyrlygyna pyýada gitmeli dien netijä gelýärler. Kim bilýär, barjak işiklerinde atlary üçin ýer barmydyr-ýokmudyr? Ýaşulylar “Indi mallarymyzyň ýanynda haýsymyzy garawul goýsakkak” diýip durkalar bir ýerden Keýmir çykaýýar. Töwellaçy gojalar bir-birlerine basalyk berip, “Degme, oglany indi kowmalyň, onuň bize yhlasy zor eken, galman, yzymyza düşüp, munça ýol geçip gelipdir, gaýtyp-a kemem däl, oňa mallarymyzy bakdyrarys, gorar, otuna-suwana sereder, hanyň ýanyndan haçan çykjagymyz belli däl” diýýärler. Keýmiri goýup, özleri Hudaýy çagyryp, başlaryny etege salyp, hanyň ýanyna ugraýarlar. Belki, işleri oňuna bolaýady-da. Ýol boýy kim gepe başlamaly, näme diýmeli, näme aýtmaly, aldygyna maslahatlaşyp, etjek arz-şikaýatlarynyň donuny biçip barýarlar, sebäbi han diýeniň ot bilen oýun eden ýaly bir zat, ýalkasa – ýaz, gargasa-da – gyş. Maňlaýyňdan haýsy çykjagy belli däl. Gargaýdygy welin, yzyňy tapmaýarsyň. Haýyşlaram näme kiçi-girim zat däl, pul bilen bagly, pulam hanyň wawwaly ýeri, öler jany, “Pulam pulla gerek, zadam zatla” diýleni. Öňem indiki ýyl bereli diýip, haýyş edip, üç ýyl yza süýşürdipdiler, “Indikiňiz näme?” diýäýmegi gaty ahmal. Çözülmeli mesele juda agyr. Han arkan düşüp, kitap okap ýatan eken, ýatan ýerinden ýaşulylaryň maslahatyny eşidip, olaryň dilegçiligine girre gahary gelýär. “Ite-de uýat ýagşy, öň bir diýdiňiz, iki diýdiňiz, kyn günlerinde bizi tutunyp gelen biçäreler-le diýip, dözmän, size eglişik edip bildik, indi gözüňizi ýandak bilen süpüriň!” diýip, gazap atyna atlandy. “Bularyň içinde Watan diýip geleni ýok, başga adamlary ýokmy? Munuň ýaly dileg bilen gaýdyp gözüme görünmesinler! Hanlaryny getirmeli ekenler, bularyň habaryny almaýan, agramlyrak kişileri ýokmy?” diýip, ynaklaryndan soraýar. Ýaşulylar öňürdip, Keýmir atly on-on bäş ýaş oglanjygyň mallarynyň ýanynda garagül galanyny aýdýarlar, “Bärde şondan başga hiç kimimiz ýok”. Bu söze nädip ýylgyranyny bilmedik han onam getiriň diýýär. Gidip, getirýärler. Gudrat, heniz özüni görmän, diňe daş işikden Keýmiriň aýak sesi bilen ähim-ühümini-ardynjyramasyny eşdip, han ýerinden dik durup, ony garşylamaga häzirlenýär. Bu ýagdaýy gören töwellaçylar haýran galyp, bir-biregiň ýüzüne seredişýärlar. Ol-a ardynjyramasyny eşitmek eken, han ýeriň aşagynda ýylan gäwşese-de, bilýär diýilýänlerden. Keýmiriň gözüne gözi düşen han äheňini düýpgöter üýtgetdi, gaharly ýüzüniň ýygyrtlary ýazlyp, iki elini uzadyp, mylakatly görüşdi, elbet-de, ýüregi bir mugjyza syzyp, oglandan tap duýandyr-da. Nädip bilýäniniň bellisi ýok, ýöne güýçli güýçlini göreninden aýagynyň tibirdäberýän-ä çyn. Ol garaşylmaýan hörpde bir terzi gürrüňe başlady, hamala, eger huzuryma şujagaz oglanjyk gelse, mundag sorag-jogaplar edişerin diýip, taýynlanyp duran dek. Han: -- Alty sorag berjek, dogry jogap tapsaň, üç ýylky pajyňyzy geçjek, ýok-da bolsa, salgydyňyzy iki esse galdyrjak. Näme hanyň aýdanyna ýok ýa eýle-beýle diýip bilermiň? Näme diýse, diňläp durarsyň-da, ynsap özünde. --Birinji sorag häzirki döwürde hanlaryň içinde iň gowusy kim? Han beriljek jogaby aňýar – elbet-de özi. Şpl jogaba-da garaşýar. Hem-ä özüne göwni ýetýär, hemem bular işi düşüp gelenler, işi düşenem näme bähbidi üçin ýapjalyk etgiç, kibtini gysmaly. Gorkularam gözlerinde. Sähel gaňryşyna gaýdylsa, kelläni almakdanam gaýtjak däl, bir sözüne, ýeke yşaratyna bitýär, Şunuň üçinem näme bu sowalyň jogabyň ikujy ýok, düşnükli – özi. Içinden çaklan jogaby hany hasam gomaltdy, donuna sygman dur, öz adyndan lezzet aljak-da. Emma Keýmiriň jogaby başgaça: --Biziň üçin-ä häzir desterhandan gowy han ýok. “Bo-ho-ho-how, turuwbaşdan mundan tutdy-ow, ýeser jogap, tyrňyldadýan perdesine seret. Bir okda iki towşan-a däl, üç towşany urýar ýigdekçe. Birinjiden-ä, dogry jogap, oňa hä bermejek kişi ýok. Ikinjidenem, özleriniňem hanyňkyda myhmandyklaryny ýaňzydýar, han kişiniň sen diýip gelene hanlyga ýaraşa hödür-keremi bolmazmy? Onda-da Hywada – myhmanparazlygyň iň meşhur ýerinde, Hywanyňam hanynda! Myhmanlara düzüwli idi-yssywat edilmändigini han olaryň ýüzlerindenem, geplerindenem mese-mälim aňyp dur. Egsigiňi ýüzüne basýar, düşünseň. Üçünjidenem, şindem giç däl, ilki bir saçak ýaz, tagam dadyr, sorag-jogap alyşmak isleseň, gurplansynlar, dynçlaryny alsynlar. Han çapak çarpyp, aşpezlerini çagyrdyp, buýurýar: “Bulara söwüş ediň ilki”. Mazaly iýlip-içilenden soň sowal-jogap başlandy. Han bilen Keýmir garşyma-garşy otyrlar, beýlekilerem bir gapdalda egele. Hanyňkylar-a hanyň janköýerleri, türkmen gojalarynyňkam umytly göz dikýänem – Keýmir. --Ikinji soragym – kölegäniň haýsy gowy? --Kölegäň gowsy – ogluň kölegesidir, ýöne ýanýoldaşy-gelni gowy bolmasa, alagün bolýar. Bu aýdan jogabyma giňiş düşündiriş gerekmidir, han aga? --Jogap kemi ýok. Makul. Hakykatdanam, sowalyň gözünden uruldy. Hanyň birgiden çagasy bar, ýöne haýsyny bijebaşy etjegini bilenok, yzyny ýöretmek-ä beýlede dursun, öz-özlerem oňşanok, ellerine bir bitin çörek berseň, abat paýlaşyp biljek däller. --Erkek adamyň ýaramazy? --Maşgalasyny-çagalaryny eklemeýän. “Beh, bujagaz oglan içime-daşyma girip-çykan ýaly-la. Ogullarym maşgala ekländen-ä geçen, öňlerinde goýlan aşy adam şekilli içip bilenoklar. Gowsy sowallarymyň ugruny başga ýana sowaýyn” --Ekinleň içinde iň gowusy haýsy? --Ekinleriň içinde iň gowusy – gowaça, sebäp diýseň, adam dünýä inende-de, dünýäden gidende-de, şondan dokalan mata dolanýar. Dirikä-de şonuň içine girip, ýaşaýar. Hanyň Hywada gowaça ekdirmegi ýola goýaýyn diýip ýören döwri, me saňa! Han içinden “gudrat” diýip, dikine galyberdi. Bujagaz oglan gözüniň öňünde perişdä öwrülip barýar. -- Haýsy kärdäki adamlaryň sogaby has belentdir? --Daýhanyň. Bu jogabam makul, onda-da häzirki mahal, halky ekerançylyga çekjek mahaly. --Haýsy zat bagyşlanmaýar? --Watanyna ikilik eden. Bu diýdigim hökman gaýry ýurtlara gidip, duşmana gulluk etmek diýdigim däl. Haýsy wezipedeliginiň parhy ýok, içinde ýaşabam, Watanyny masgara edýän, onuň öňüne böwet bolýan pis işleri edýän, ýurduň ösüşini bökdeýän näkesler barada. --Hemme jogabyň makul, üç ýylky pajyňyzy geçýän. Megerm, dostlugam, duşmançylygam belli bir mukdarda adamyň özüne-de bagly närse. Döwletmämmet Düýegöz bilen Hywa hany Şirgazynyň arasynda garynja gatnawy döredi, pikir alyşdylar, arzy-hal aýdyşdylar, goldaşdylar, dost dosta söýeg-direg. Esasanam, Şirgazy hanyň Hywada medrese gurduryp, halka ylym-sowat bermegi, alym adamlary jemlemegi, magryfet bostanynda ilatyň gözüniň açylmagy Döwletmämmet Düýegözüň hoşuna gelýär, öz gyzyndan bolan agtygy Keýmiri medresä ýerleşdirenine-de begenjinden iki bolup bilenok, okap ýör, allanäme! Ýeke olam däl, başga-da bar. Düýegöz han bilen Penjeli pälwan Keýmiri medresä salanlarynda “Biz seni okadyp, don-telpek geýip, nirde bir toý-sadaka barka, nirde gazan gulagy gyzýarka diýip, oba içinde söw-söw syryp, garnyny ýasylap ýören adam etmekçi däl, halkyň öňüne düşäýjekleriň sowatly bolmalydygy üçin edýäris” diýdiler. Hanlykda häli-şindi her hili mesele bilen geňeş-maslahatlar geçirilýär, oňa tekeleriň wekillerem gatnaşýarlar, Şirgazy hanyň tekelere göz-görtele aýratyn hormat goýmagy köşküň beýleki emeldarlaryna-da geçýär, han haýsy tarapa agsa, olaram şol taraplyk. Han tekeleri ýerinden turup, görşüp, garşy alýar: --Döwletmämmet Düýegöz agalaram gelipdir, teke-türkmenlerem gelipdir. Ýahşimisiz, Omonmisiz? Harmaňlar! Ala-böle olaryň sarpalanmagy ýöne ýere däl, tekeleriň bir häsiýeti bar, nobat berilmese, söz içine goşulman, dymyp otyrlar, nobat ýetensoň welin, her maslahatda tekelerden gelen wekiller öz pikirlerini aýdyp oturýarlar, aýdýan sözlerem ýerde ýatanok, hemişe diýen ýaly makullanýar. Bu iki taraplaýyn hormat-sylaglar on ýyl çemesi dowam etdi, soň welin... 1719-njy ýylda Hywa şäherinde medrese açyldy, emma damylla tapylsa, mürit tapylmady, mürit tapylsa, okuw kitaby, okuw esbaplary tapylmady, hiç ugrugybermedi, täze başlangyç-da. 1715-nji ýylda Şirgazy han Hywanyň hany diýip ykrar edilensoň, özem sowatly adam bolansoň öz işini ilki bilen medresäni ýola goýmakdan başlady, başga şäherlerden ylymly-sowatly alymlary işe çagyrdy, girelgäniň gapysyny zergärlere sap tylladan ýasatdyrdy, ylmy taglymatyň esasy edibem Nejmeddin Kubranyň sülsülesini saýlap tutdular, ýogsa Şirgazynyň özi Buharada okap gelipdi, Buharanyň “Gögeldaş” medresesinde Hoja Bahaweddiniň nagyşbendiçilik sülsülesi ýörgünlidi, bu iki sülsüle käbir meselellerde bir-birine gapma-garşylykly gelensoň, biri-beýlekisine gyýa göz bilen garardy, hatda Buharada okaýanlara Hywa tarapa seretmegem gadagan edipdiler. Şirgazy han “Nirä barsaň, şol ýeriň dessury, edim-gylymy bilen ýaşamaly” diýen akyla gulluk edip, sülsüle meselesine gatyşmady, çözmesi zerur hasaplanan zatlary günübirin bitirdi, derrewem bu okuw jaýy meşhur medresä öwürdi, halkam oňa “Şirgazyhan medresesi” diýip, at goýdy, şol döwürde Hywa göçüp gelen tekelerdenem medresä okuwa girenler bar, olaryň birem Penjeli pälwanyň agtygy Keýmir Hojanepes ogly. Babasy Düýegöz hanyň Keýmire okuwa girende birinji aýdan sözi: “Öňe gitmek üçin akyl-paýhas iň uly güýçdir, nadanlygam onuň öňünde duran iň güýçli garşylykdyr. Oka, öwren, ylym-sowat akyl-paýhasyňy artdyrar, halkymyzy bagta alyp gitmek üçin bize ol juda zerur”. Bobojon damylla Keýmiriň bir pikre çümüp, mübtela oturanyny görüp, girre gahary geldi, aslynda, ol medresäniň birinji ýyl talyby Keýmiri nämüçindur hiç jyny alanok, ýogsa bu oglanyň gözden düşüp, edýän hiç hili ýakymsyz hereketem ýok, sözem, dilem, agzam. Ýüregini ynanyşýan adamy çola ýerde soraýanda-da, ol Keýmiri näme üçin sulhunyň almaýanlygyny düşündirip başarmaz, sebäbi näme sebäpli ýigrenýänini özem bilenok. Damylla ony sapakdan çykaryp kowjak, oňarsa, medresedenem çykarjak, emma Şirgazy han bilen Keýmiriň babasy Döwletmämmet Düýegöz dostmuş, aralaryndan gysyr çybynam gysylyp geçip bilmeýärmiş, döwlet işini bile maslahatly edýärmişler diýen habar gulagyna degeni üçin, nalaç hyrçyny dişläp oňaýýar, gözünde oky bolsa welin atjak patladyp. Özüniň tarapçyllygy bilen tapawutlanýan bu damyllanyň ýerligi Samarkantdan, müritleriň arasynda-da ikisi onuň mesgendeşleri, aýyn bolmasa şol ikisini höreli tutýar, dogry, olaram täjikçe gowy gürläp bilýärler, Bobojan damyllanyňam okadýany pars dili, täjik bilen pars diliniň arasyndaky tapawut gyldyrgança. Beren sowalyna olar biragyz jogap berse, monça bolup, damylla baş atýar, onuň ýylgyranyny-gülenini gören ýok, diňe şol iki talybyň jogabyny makullaýşýny ýylgyrma hasaplaýmasaň, emma beýlekilere başgaça. Keýmir bu damyllasyna şeýleräk kesgitleme berdi “Bu diňe öz samarkantlylaryna guwanýar, onuň beýnisiniň ölçegi bir şähere niýetlenen, ondan daşaryny görüp bilenok, çäkli, aý gyzza-gyzza gelse, şol şähere-de gül ekesi ýok, bilimine hiç sözüm ýok, berk tutup, okadyşy gowy, talapkärligem ganymat, tarapçyllygy welin, aý, beýnisi kiçi kişi-dä, oňa bilim nädip sygýarka?”. Bobojan damyllanyň şol iki talybyndan galanlara seňrigi ýygrylyp dur. Bobojan damyllanyň Keýmire öçli ýaly seretmeginiň kiçiräk emmasam bar. Keýmiriň kä wagt çolarak ýerde “Eý, Alla, eý, Hudaý” diýäýmesem bar, edil Şibliniň “Allah!-Allah!” diýşi kibi. Şibliden sorapdyrlar “Sen näme üçin doly aýdaňok, “Allaha şükür!” diýmän, ýöne Allah-Allah diýäýýärsiň?”. Şibli jogap beripdir “Wah, şükür sözüni doly aýdynçam birden janym çykar öýdüp gorkýan, ölemde agzymdan çykan iň soňky sözüň Hudaýyň adynyň bolmagyny arzuw edýärin, şonuň üçin “Allah!-Allah!” diýäýýärin, Hudaýyň adyny bir gezek artyk dile getirip bilsem bir peýda” diýipdir. Keýmiriň “Eý, Alla, eý, Hudaý” diýmesi Penjeli pälwandan geçen endik. Atasy “Ýöne “Eý, Alla, eý, Hudaý” diýseňem, şolam Biribaryň ýanynda boş geçýän däldir, gowulygyň hasabyndan geçýändir” diýip, Keýmir agtygynyň bu gylygyny makullapdy iküç gezek. Mederesede Keýmir çolarak ýerde “Eý, Alla, eý, Hudaý” diýip, çalaja gaýtalanda onuň deňinden geçip barýan Bobojan damylla ony saklady: “Haý, biedep, sen maňa “eý” diýip ýüzlendiň, indi men saňa eýmidirin? Haram kör türkmen, hany, seniň şu medresede okap bilşiňi göreli, gümüňi çekdirerin” diýip, gyzyp, gidip barýar. Keýmir oňa näler beýle däl, eneň ýagşy, ataň ýagşy diýip, düşündirmäge çalyşdy, emma ol damylla diňlemedem. Şondan soň ol hasam Keýmire öçli ýaly seredýär, igesini sürtejek, ýeri gelse bolýar, emma eline hiç hili tutaryk ilenok. Tutaryk welin häzir döredi, ol Keýmiriň içki pikirlerini gözünden okady, aýdanlaryny ýeke-ýeke aňyp dur, magat. --Kör türkmen, sen näme üçin aýdýanlarymy diňlemeýärsiň? Näme meniň okadýan zatlaryma şekiň barmy, göwnüň ýetenokmy, temegiňi näme kese tutýaň? Medresä gireniň ýaňy. Ýa eýýäm ylmyň aňrysyny çykandyryn öýdýärmiň? Aslynda-ha, seniň zeýilli ýeke gözli şikestlini okuwa almaly däl, aý, hawa-da, Gurhandan bäş-alty süräni ýattutup, nirede mugt nahar bişýärkä diýip, söw-söw syryp ýörmeden başga seniň eliňden geljek pişe barmy? Näme üçin medresä okuwa gireniň düşnükli. Oglanyň ýüzi gyzaryp gitdi, körlügi çyn, ýöne ol näme aýpmy? Adyny haçandan bäri Keýmirkör diýip tutýarlar, oňa öwrenişdi, Körteke diýýänlerem bar, diýseler diýibersinler, teke bolsaň, teke diýerler. Emma “Kör türkmen” sözi gulagyna gödek eşdildi “Türkmen kör däldir, dagnykdyr, betbagtdyr, emma kör däldir, edil beýleki milletler ýalydyr, her kimçe bardyr”. --Men saňa diýýärin, Kör türkmen, sen näme üçin aýdýanlarymy diňlemeýärsiň, pisint etmeýärsiň? Aýdýanlaryma gulak asmaýanyňy bilip durun. Hany, gaýtala, ýaňy pars dilindäki haýsy jümleleri öwretdim? Içinden hernäçe pikre çümse-de, Keýmir damullanyň ýeke sözünem sypdyrman diňläpdi, bir-bir şänik döwen ýaly gaýtalap berdi, säginmedem. Keýmiriň arassa parsça jogap berşine Bobojon damyllanyň gözi hanasyndan çykara geldi, özündenem arassa gepleýär. Päliň-netiň düzüw bolsa, talybyň saýrap dursa, begenmelimi? Begenmeli! Emma damylla başga tarapdan yrsarady, yrsaraýanyny gizläbem duranok, Keýmiriň elindäki kitaby çekip alyp, okady: --Nyzamy Genjewi Abu Muhammet Ylýas ibn Ýusup. Häzerbeýjan şahyrynyň pars dilinde ýazlan “Hamsasy” – bäş kitaby. Kitabyň arasyna kagyz böleginden bellik goýlan sahypalaryny açyp, okap ugrady: --“Mahzanul-esrar”. Bu näme diýdigi? --“Syrlar hazynasy”! Damylla Keýmiriň jogabyna hä-hawa diýmän, makullamany kiçilik bilip, ulumsylyk bilen sowallaryny dowam etdi: --“Hysraw-Şirin”. Şiriniň milleti näme? --Ermeni gyzy! Hemranyň Saýathany ýaly. --“Leýli-Mejnun”, “Ýedi gözel”. “Isgendernama”. Ýedi gözel kimler? --Şanyň ýedi yklymdan alyp gelen aýallary, her haýsyny başga-başga reňkli köşkde saklapdyr. Eser şol ýedi aýalyň gürrüňlerinden ybarat. --Elbetde, seniň okaýanyň “Isgendernamadyr”, sebäp, türkmenler Isgender Zülkarneýin ýaly dünýäni basyp alan jäheňgirler. --Hemmesinem söýüp okaýan. --Bu kitaby okamak gadagan diýib-ä bilmen, ýöne meniň okadýan dersimde eliňe alanyňa göräýmäýin. Men haýsyny aýtsam, şonam okarsyň. Kitaby bukjasyna ýygnan Keýmir ýene damyllasynyň sapagyny dowam ederine garaşdy. Hem-ä sapagy diňledi, hem içini gepletdi. “Hemmesini” diýýäni dogry, ýöne “Leýli-Mejnun”-dan doýup bilenok, Nyzamynyň kitabyndan öň Muhammet Fuzulynyň “Leýli-Mejnun”-yny hem okapdy. Şu dessana nezire ýazan, ýagny, öýkünüp ýazan başga-da şahyrlaryň kitaby eline ilipdi. ...Kellesinde guşlar höwürtge ýasap gideninem duýmaýan Mejnuny Käbä alyp barýarlar, däliliginden açmak üçin. Ol welin “Leýli-Leýli” diýip, şol samyrdap ýörmüş. Biri gelip, Mejnuna azgyrylýar: --Näme üçin namaz okaýarkam öňümde durduň? --Namazy kim üçin okaýaň? --Hudaý üçin, men Hudaýa aşyk, eý däli! --Men-ä bendesine aşyk bolup, seni görmändirin, sen Hudaýa aşyk bolup, meni nädip gördüň? Ferzane, belki, Keýmire üýtgeşik ünsem beren däldir, onsaňam olaryň tanyşlygy sähelçe mahalda bolup geçdi, tizara uruş ýatdy habary gelensoň, Ferzaneler öz mesgenlerine gaýdarman boldular, Ferzane “Ertir irden göçýäris, ugratmaga gelermiň?” diýdi, Keýmirem bu habara gynansa-da “Müň menzile çenlem ugratmaga taýyn” diýdi. Emma şol gün agşam goňşularynyň bir çagasy daga gidip, dolanmandyr diýen habar gelip, Keýmirem şonuň gözlegine gidýänlere goşuldy. Tä daň atyp, jahan ýagtylýança çagadan uç-derek tapylmady, bir ýerden sesi gelýäne meňzäp, kän ýoly geçipdirler. Keýmir yzyna dolanyp gelende, arman, hoşlaşmagam miýesser etmedi, gijä galyp, gelensoň, aňňalak gapanyny duýup galdy, Ferzanenler daň bilen ýola düşüpdirler, olar haýsy welaýata, haýsy şähere gitdiler, öňki ýaşan öýlerinemi ýa düýpden başga ýere? Belli bilýän zady ýok. Bileniňde etjek alajyň näme? Biliňe kement baglap, ugruna çykaýjakmy? Bar aýdaly, tapdyňam-da. Seniň bilen üýtgeşik gürrüňi ýok, wadasy ýok, on-on bir ýaşly gyzjagazda wada nireden? Keýmiriň özem ondan uly däl. “Eziz Allam, gowuşmaga-ha goýmadyň bizi, düzüwli aýrylyşmagam rowa görmediň” diýip, içinden nalyş etdi, iki gözündenem ýaş syrykdy, ol damjalar baky aýralygyň göz ýaşlary. Ömrüň mundan beýlesi – pyrkat. Şondan kän wagt geçmänkä Keýmirlerem oturan ýerlerinden Antguýudan göçüp gaýtdylar. Ferzane daglara siňip gitdi, Keýmir çöle tarap. “Nirdesiň ata Watanym – çölüm?” diýip barýarkalar Keýmir özünde düwläp çöle çykan Mejnuny gördi, Ferzanede – Leýlini. “Ferzane, sen meni lerzana getirdiň” diýende sözleri öz-özünden sazlaşdy, wah, sözler sazlaşdy-da, takdyrlary sazlaşmady, ol onda, bul munda. Aslynda-ha, köne ynançlara uýsaň, asmanda olaryň talyg ýyldyzlary gowuşmady. Ýerde köňül isläniňi etmek müşgil, a asmana-ýyldyzlara nädip buýrarsyň? Wagt olary diňe daşlaşdyrdy, dünýe döräp, başky söýgüsine gowşan barmy nä? Başky söýgi – hijran. Ol diňe ýüregiňde sünnet dilik goýmak üçin gelýän ýalaw bolmaly, başky yşkdan ýaradar bolman, aman galan ynsan ogly barmyka beri? Herki zadyň iki tarapy bar – düzüwi-çöwresi, başky söýgi barada-da şeýle – şol dilik bolsa gowumy ýa bolmasa, onam biljek ýok. Soňraky yşky-bazlaryň, aýşy-eşretli wysallaryň käsi ýadyňdan çykmagy mümkin. Ilkinji söýgi welin köýüp kömre öwrülse-de, ynsan ogly tä ömrüniň ahyryna deňiç, gymmat bahaly daş ýaly, kuhynur atly almaz kibi gursagynda göterip gezýär, belki, bedenden jan çyksa-da, şol köýen söýgisi jeset bilen göre girýändir, hawa, gymmatbahaly daşdyr, ýogsa Panyda bar baýlygyny taşlan merhum şol arzyly “daşy” öz ýany bilen o dünýä alyp gitmezdi ahbeti. Owgan gyzy hakdaky ýatlamalar onuň beýnisinde indi näçinji gezek gaýtalanýarka, belli däl, ýöne her günde onlarça gezek gaýtalanýandyg-a wellin belli. Gaýtalana-gaýtalana, şol geçen taryh rowaýata öwrüldi. Esasanam, Ferzaneniň Keýmiri ilki görende mähirli ýylgyryş bilen seredişi, oglan bir gözüniň batyllygy üçin öz ýanyndan hemişe kemsinerdi, emma Ferzaneniň bakyşyndan, hamala, ony duýmaýan, görmeýän ýalydy. Şol bakyşdan seretseň, Keýmiriň iki gözem ýyldyz ýaly abat. Hemişe şol gözleriň nazarynda ýaşaýsaň. Gyzyň nazarynda duran demsalymlyk pursady onuň ömrüniň iň bagtly çagy bolup görünýär, çünki şol çag onuň kör gözem açylýar, ýyldyz ýaly şöhle saçýar. Keýmiriň öz magşugynyň gözleri bilen ýekeje pursadam bolsa, dünýä seredesi geldi, behişde meňzeýändir öz-ä. “Ferzane jan lagly Badahşan” diýen sözler uzak gijeler Keýmiriň ýüreginde zol-zol gaýtalanýan aýdyma-saza, tükeniksiz nagma öwrüldi, ýüregem dep çalyp, nagara-daýra kakyp, şol saza goşuldy, urup dur düňk-düňk edip. Kalbynda toý. Hyýalda hezil, näçe isleseň, magşugyň bilen wysalyň süýt kölünde ýüzüber. Ferzane Leýlidenem gözeldir, onam dessanda taryplasaň, ýaraşar. Leýli-hä gorajürjenje gyz eken, şonuň üçin oňa Leýla – Gije diýip at dakypdyrlar. Ol diňe Mejnunyň gözüne perizat bolup görnüpdir diýýär rawylar. Ferzane welin Keýmiriň kör gözüne-de görünýär, batyl didesinem açýar. Keýmiriňem nezire ýazasy geldi, söýginiň edirýän gudratydyr-da, asyl, dürli zatlar barada bäşdir-üçdür bent goşgy ýazybam gördi, bolaýjagam ýaly. Ýöne kalbynda goşgudanam uly mukaddeslik ýatyr, olam – Watan ykbaly. Ýogsa häzirem diliniň ujunda magşugyna diýjek sözleri – däne-däne. Ýangynly jümleleri gelişdirip-gelşdiribem görýär, birhili şirin aýdyma-da meňzäp barýar, hiňlenibermeli, sesiňe bat berip, zowladybermeli. Ol sözleriň hemmejesini näzenin Ferzaneniň maral gözlerinden okapd-a. Emma özüni Mejnunyň ornunda bir sagadam goýup bilmedi, çünki, ýurdundan jyda düşen betbagt il-gününiň ykbaly hakda babasyndan, atasyndan, kakasyndan, ejesinden eşden pajygaly gürrüňleri hakydasyna dolup, boýlap ugrady, derdi dert basýar, ody ot öçürýär, kir kiri ýuwýar, üç ýüz ýylyň mysapyr sergezdanlygy, biwatanlygy, ýer-ýesirçiligi yşky söýgüden, Ferzaneniň aýralygyndan has güýçli, has jebirli, ony diňe içiňden aýdyp bilýärsiň: “Ferzane jan jagly Badahşan – buhar sugunym, çal maralym, öz daglaryňda başyňy çarap gezeweri, men indi saňa diňe ýagşy dilegler edip bilýärin, söwdügim!”. Medresede sapakda wagty bolsun ýa ondan boşka Keýmiriň küýi-pikiri il-ýurt hakynda, ol şu azajyk ýaşynda epesli ýeri baryp, görüp ýetişdi, hemme ýerde döwlet bar, döwlet bar ýerde-de güýç bar, kanun bar... Türkmenler welin... seljukardan soň döwletem ýok, başam ýok, bir onuň gol astynda, bir munuň. Köpüsem gaçgaklap, hatap galanyň üstünde mydar edýär. Tireler-taýpalar bölek-bölek, hersi bir ýerde oturýar, biri beýlekisinden bihabar, özlerem dünýäniň çar künjüne ýaýran, ganymlar tarapyndan agyzlaram alardylan. Olary birikdirip, ilki halk emele getirmeli. Bahylçylyk adama mahsus, halkda ol ýok. Halk hemişe zorlaryň döremegine garaşýar, zorlara guwanýar, mertlere eýerýär. Adamda kemçilik köp, halkda welin ýok. Halk – ýerdäki Hak! Ine, adamzat güftarynyň ilkibaşda aýdany. Ýöne soň ýaranjaňlar ony patyşa ýerdäki Hudaý diýdiler. Ýaranjaňlaryň-gylçylaryň tapýan şum gepi-dä, emma ýerdäki Hudaý halkdyr! Biriň köpe öwrülmegi däl, köpüň bire öwrülmegi halkdyr! Hany birmahalky haý-haýly Parfiýa döwleti, gunlar, oguzlar, seljuklar? Olara Taňry gargaýdymyka ýa? Eýlän haýsy günäleri üçin? Gojaman taryhyň öňünde kylan etmişleri nämekä? Ýa öň döwlet gurup, azgyn hökümdarlaryň zulmundan bizary çykyp, häzirki ýagdaýa geçdilermikä? Kim bilýär. Ýöne diňe geçmişiňe baýrynyp, ataň-babaň bilen öwnüp, ýaşap bilmersiň. Häzir diýenem bir zat bar. Eždatlaryň edermenligini-gaýratyny indi sen görkezmeli, geljekki nesilleriň buýsanar ýaly, dünýä guwanar ýaly, görkez zoruňy! Eýtmeli-beýmeli diýmek dilde aňsat, nädip etmeli? Ine, mesele şunda. Elbet-de, kelle döwmeli, garyňa galmaly! Buhara, Hywa ýaly şäherlerde özbaşdakdöwlet gurarlar-da, türkmenler üýşüp, bileleşip, özleriniňkini gurup bilmezlermi? Geçmişde gurupdyrlar-a birgiden döwletleri. Bu ýerde mesele türkmençilikde-de däl, honha Osmanly döwleti türkmenleriňki dälmidir eýsem? Atasy Penjeli pälwanyň bir gepi Keýmiriň ýadyna düşdi: “Türkmen türkmene dogandanam golaýdyr, dogan-a näme bir ene-atanyň sulbundan bölünip aýrylanlar, türkmen türkmeni tapanda welin, gujaklaşmalydyr”. Hawa, türkmenler birikmeli, bitewileşip, bir halky emele getirmeli. Munuň alamatlary barmy? Hawa bar! Buhara hany tekeleri ärsarylaryň garşysyna küşgürende “Doganyň dogana eli galmaz, ärsarylar biziň doganlarymyz” diýip, keskelläm buýun towlanlarynda, ana, şol ýerde halkyň hakyky alamaty ýüze çykdy, döwlet diýilýäniň ilkinji başlangyjy şol ýerde. Ýa-da bölek-bölek Nurgarabaýyrdan, Yssykkölden, Owganystandan gaýdan tekeleriň hemmesi agzybirlik bilen Orazmämmet Düýegözi han saýlamadylarmy? Hemmesi bir agza bakmaýarmy? Alamat kemi barmy şonuň? Kimdir biri döwleti gurar diýip-ä garaşyp oturmaly däl, düşünjäň şol bolsa, tamaňy tala daň-aý, döwlet bir adamyň, on adamyň ýa-da ýüz adamyň işi däl, ony il bolup, tutuş halk bolup, gurmaly, adyna türkmen dakylanyň hemmesiniň borjy-işi şol, az-u köp her kim öz goşandyny goşmaly, guranyňdan soňam tutuş halk bolubam dolandyrmaly, ösdürmeli, goramaly, ýurduňa kim tokunsa, il bolup, döş germeli, jan alyp-jan bermeli. Dagy goluňdan hiç şeý gelmese, iň bolman, gursagyňda şol mukaddeslik barada ýagşy niýet-arzuw bir saklamaly. Etjege badak salma, arabasynyň tigirlerine agaç sokma, synyndan-ýeňinden çekme, munda içýakgyç ters gürrüň tapmak hebesdir! Ýa kümsüklik edip, şu beýik maksatdan öz şahsy bähbidiňi arama, ýonmaga çalyşma, goşandyňy goş. Il bähbidi seniňem bähbidiňdir-ä. Hiç-ýok il-ýurt barada kükregiňde ýagşy niýetiň-matlabyň bar bolsa, galanyna, enşallasa, Biribaryň özi ýardam berýär, bagly ýollaryňy açýar, döwlet baýdagy parlaýar. Baýdak-tug döwletliligiň nyşany. Bar zatdan owal urug, tire-taýpalaryň dil tapyşanlary bir ýumruga birigip, bitewi Aly türkmen döwleti döredilmese, millet bolup ýaşamak mümkin däl. Millet, Halk, Döwlet, Watan – bular bir-biri bilen berk baglanşykly düşünjeler, birini aýyrsaň, beýlekileri çagşaýar. Düýp-dereginde sulbasy baram welin, bizde häzirki wagtda şolaryň hiçisem ýok diýen ýaly. Agzybirlikde yzyna düşüp biljek millet dörände, halkyň öňüne düşýän sahypkyran gerçekler tapylýar. Ýöne “Aý, ýene şunymyz ýagşydyr, her haýsymyzyň öz elimiz-öz ýakamyz, kişi garaşly däl, erkinlige taý geljek zat barmy, her kim özüne soltan. Agzala taýpalary öldüreňde birleşermi, birleşjek bolsa öň taýpa bölünermidi, zerur bolandyr – bölünendir, indi olary gaýtadan birikdirjek bolmak gury gysyr emgek. Galyberse-de, zor bilen birleşdirjek bolmaly däl, özleri birleşeliň diýip, üstüňe gelmeli...” diýen ýaly akyl satansyraýanlaram bar. Olaryň bu satlyk akyllary mugta gymmat. Bu il-ýurt, döwlet gurmak baradaky maksada ýetmek üçin öňürti çoh muşakgatlara bakman, Watana dolanyp barmaly – gözüňe söwdügim, sadagasy gitdigim Garaguma! Galan işler şondan soň. Başky söýgisi – hijran. Watana söýgüsem – hijran. Keýmir Ferzanen-ä, garaz, az mahallygam bolsa gördi, söýündi, düýp Watanyna welin heniz aýagynam atanok. Bularyň ikisem, eýläk baksa-da, beýläk baksa-da, tükeniksiz aýralyk. Bagt paýlanşykda şor maňlaýyndan çykany, oňa ýeten paý – hijran. Ýeri, muňa näme diýersiň, tüýs gazabyna-bolmajagyna tutan gahba Pelek keçjeligine-keçjallygyna tutup, oňa hijranam köp gördi oturyberdi, derdi-pyrkatam rowa görülmänsoň, Keýmir ikiniň birini saýlady – Watanyny. Söwer ýara bolan söýgüsini nalajy pida edip, Watan yşkynyň ugruna çykdy, bar telwasy-höwesi şol söýgi tarapa. Elinden o diýen bir alyp barýan kän zat gelmese-de, häzirlikçe ol Diýar hakyndaky arzuwlary, oý-hyýallary, pikirleri bilen ümsügi şol tarapa ymtylýar. Onuň Watan diýip göz öňünde getirmesinde dagy-derýasy, janly-jandary bilen türkmen topragam-tebigatam, öz ene dilinde gepleýän milletem bar, adyllykda gyly iki bölen gadym Nowşurwanyň adalatam bar, behişde gaýra dur diýdirýän döwrany bar. Üýtgeşik manyly söz eşitse, Keýmiriň enualla unutmazlyk häsiýeti bar, babasy Döwletmämmet Düýegözüň “Gurra taşlamak zerur däl, geljegiňi bilesiň gelse, geçmişiňe belet bol, geçmiş geljegiň welilik kitaby, ondan bolanam-boljagam okap oturmalydyr” diýen sözlerini Keýmir bek belläpdi. Medresede taryhdan ders berenlerinde Hywanyň, Buharanyň öň türkmenleriň döwleti bolanlygyny, Türkmenleriň Horezm döwleti diýlenligini, paýtagtynyňam 360 öwlüýäli Köneürgençligini öwredipdiler, eger şoňa gol ýapsaň-a onda eýýäm köne Watanyň bir çetinden giripdirlerem. Arman, häzir türkmenleriň Horezm döwleti ýok, Hywa hanlygy bir başga, Buhara hanlygy (emirligige soň öwrüldi) bir başga. Ýerli halkyň gepleşik diline düşünip oturmaly, türkmenleriňkä juda çalymdaş, sypatlaram, egin-eşiklerem, däp-dessurlaram. Üstesine-de, “Meniň milletim türkmen” diýýänleriň sany beýleki milletiň wekillerinden azlyk edenok. Herhal-herhal... olar seniň öz ýurduň däl. Sen – keseki, daşyndan gelen, kibtiň gysyk. A düýp Watana – Garaguma indi häzirlenýärler. Sere gelýän ýakymly-ýakymsyz oýlary götin itekläniň, besedeýin diýeniň bilen bilen aňyňdan çykyp gidäýenok, garadişlek ýaly beýniňe agyz urup, ýelmeşip ýatyr. Hasam kä gijeler daňa deňiç gözleriňi çirim etmän geçiräýýärsiň. Pikirleriňi kowsaň-da, aýlanyp-dolanyp, amat tapan halaty özüňden birugsat ýene kellä hüjüm edýär, ary kimin. Onsoň nalaç olaryň öňünde durmaly, hupbatyny çekmeli. Bütin gije Keýmiriň gözlerine çiş kakylan ýaly. Ýok “ýaly” dagy däl, kör gözün-ä hakykatdanam çiş kakylan. Içinden dörän sowallaryna özi jogap tapýar, jaýdar çözgütlerine begenýär. Jahan ýagtylanansoň, azajyk göwrümi giňedi, rahatlanyp-köşeşip başlady, ýigdekçäniň gijeki tapan pikirleriniň, gelen kararlarynyň, göwün ýüwürtmeleriniň içinde behişt sapasyna barabar datly-lezzetli ýerlerem kän-ä. Süýji arzuwlaryň artykmaçlygy şonda-da! Ýetmedik bagtyňa hyýalyňda gowşup bilýäň, azajygam bolsa, öz garyp köňlüňi awlaýaň, meý-nes eýleýäň. “Bal diýeniň bilen diliň süýjänok” ýa-da “Palaw diýeniň bilen garnyň doýanok, et bilen tüwüsi bolmasa” diýseler-de, arzuwlarda-ha doýan guş ýaly bolýaň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |