09:22 Çarh / taryhy roman-kolliziýa | |
ÇARH
Taryhy proza
Birinji kitap • Subhan syry – set aperin! Elbet-de, Pelegiň çarhy, hawa, hut, şol on sekiz müň älemli, alty jäheti – gündogary-günbatarysy, demirgazygy-günortasy, aşagy-ýokarysy bilen ýa başgaça aýtsak, magrypdan-maşrygy, garb-u şarky – çar güwşesi, ýedi yklymy, sekiz arşy, dokuz pelegi bilen... külli-jemini tutup ýatan mähnet halka – çarh. Togap edip, Allah-u Jelle Jeliliň bir tüýüniň daşynda gerdan – perwaz urup aýlanýan tigirçek-çarh!!! Pelegiň çarhy – ol diýildigi nedir-nämedir? Nireden tapylan söz? Asynda-teýinde sudury-sulbasy bar zatmy? Ýa ýöne bir şeýle çaklanyp-toslanyp, gepiň gelşine hem gelşigine görä, agyz ugruna aýdylaýanmy? Boş gepmi? Pelek hakda çynlakaý oýa batanyňda garjaşyk pikirleriňi bir eýläk-bir beýläk öwrüp-çöwürýärsiň. Subhan syryna set aperin! Aňsat uç berenok, uşlyp tapdyranok – çigiş-çigiş. Onsoň oňa Panam diýiläýýär, Ýalançam. Bazygär çarhy-çenberem. Gerdunam. Esasan-a, ol hyýalyňda gäminiň tegelek çarhy keşbinde göz öňüne gelýär – diş-diş sap-tutawaçly. Tenha Ýeriň däl, külli dünýäniň oky şoňa oturdylan. A belki-de, ol Demirgazyk ýyldyzyna baglanandyr, sebäp diýseň, ähli ýyldyzlar älemde aýlanýar-da, bir şol butnawsyz. Saga bursaň-a, saga, sola bursaňam, gämi ýüzugra sola öwrülýär. Sansyz ýyldyzlary mäjum Pelegem mähnet tegelek çarha ogşaýar, özem ol ezelden ebede deňiç ýalňyz rehberimiz Alatagalanyň elinde. Adamlar oňa Çarhy-Pelek diýip aýdypdyrlar, ýagny, çepe aýlanýan, terse aýlanýan çarh manysynda. Häzirlerem şeýle diýilýär. Emma welin, aklyňy durlap, pikir-pähim edip görseň, mundag sowal döreýär: “Eger Alla rehberlik eýläp, ýol başlar-da, külli älem-jahany pyrlar-da, heý-em, terse aýlarmy? Öz döreden dünýäsini tersine aýlamak onuň nämesine gerek? Elbet-de, şeksiz, ol dogrulyga tarap, haka-hakykata tarap aýlaýandyr, şonuň üçin oňa Hak-Tagala diýýäris-ä”. Eger tutuş Pelege çarh diýsek, onda gäminiň öz gabarasy niçikkä? Bar, aýdaly şeýlemişem-dä, emma bu gäminiň çarhy on sekiz müň älemi nirä ýüzdürip alyp barýarka??? Onda Rebbim Jeliliň ondanam daşgary ýene nijeme set müň älemli çoh-hezaran mülki bar bolmaly. Asmandaky ýyldyzlaryň tükenen ýerinden aňryk, (ahyry bir ýerde gutarýandyr-a) garaňkylyk başlanýandyr, şondan soň görkezjegine gözümizi ýumduryp äkidýärmikä? Garaňkylykda garak gapylýar-da. Diýmek, biz üýşüp, şol nämälimlige sapara barýarys-da. Ýa-da Ýaradan Gudratly Jepbaryň özi ýany bilen bizem alyp, tükeniksizlige syýahata barýarmyka, aňyrky arşlarda adamzada ýene nämeleri görkezjekkä??? Perşde ýagny, kirşen ýaljak ýeriň üstünde – ruýy-zeminde hemme zada doly aklymyz çatanok, aňryda neýläris??? Ýerimizde ýerleşen on sekiz müň älem diýýänimizem, könekilerimiziň aýtmagyna görä, alty müň hili jandardan, alty müň hili ösümlikden hem alty müň hili jisimden ybaratmyş. Diýseň-diýmeseň, büý-ä adamlaryň öz çaklamasydyr, çünki, Hudaýyň ýaradýan närseleriniň sany – sanýetmez. Tükeniksizlik! Adam beýnisi bilmek bilen bilmezlige bölünýär, bilýäni az, bilmeýäni – umman, näçe bildigiňçe-de, bilmeýäniň şonça-da artýar. Bu dünýä gelmegimiz-gitmegimiz, ömürlerimiz bilmeýänimize tarap haj-ýöriş. Biljek diýip, ýol söküp, ahyr ýetjek ýeriň – bilmeýänligiň. Eger öňi-soňy ýetjek ýeriň bilmeýänligiň diýsek, onda paý-pyýada, atly-ulagla haýdaşlap barmakda many barmy? Elbet-de, bardyr-da, alakjap-hasanaklap-a ýörüs aldygyna. Amanat jany tabşyranymyzdan soňam, mazarymyzyň üstünde gum tümmeginden gaýyjak ýasanyp, ýene nämälimlige tarap ýüzüp gidýäris, Perş bilen – Ýeriň ýüzi bilen ýüzýäris, Ýerem älem bilen ýüzýär, Pelegiň çarham Rebbim Jeliliň elinde. Alla ýeke demde dünýäni gülala-güllügem edip bilýär, emma ol häzirki ýagdaýy – şu durkuny saýlapdyr, onuň işine goşulma ýok, onuň özi gowy bilýär nätmelidigini. Keýmirkör serdaryň pelsepeleri şol külterlenip, gidip otyr: “Allatagalanyň kün diýen bir sözünden dörän iňňäniň gözünden çykyp gelen bu äpet ümmülmez dünýä kyýamatahyrda ýanyp-tütäp, peýkun diýlen permen berlenden soň ýene-de iňňäniň gözünden çykyp gider, iňňe Allanyň elindäki galamdyr...” Allatagalanyň ähli edýäni (hatda, eýläp-kylmadygam) ýagşy-ýamany bilen şeksiz dogry. “Gazançynyň keýpi kellesinde, kaýdan gulak çykarsa” diýilmeýärmi nä? Ýaradanyň erk-eradasy şol. Ýöne namartaý adam ogly öz ýerdäki nalajy şowsuzlygyny-telegini ýükçi Pelegiň üstüne oklamany halys endik edinipdir, owalda-ahyrda öz ýazygyny kimiňdir biriniň boýnuna atmak adamzat kowumynyň namart gylygy. Bardy-geldi edeni dogry çyksa-ha, “Men-dä şol!” diýip, tüýli döşüni güt-güt ýumruklap, hekgerilip-gomalyp dur. Niçik tersmi, kejebargaçmy, ur-tut at boýnyboş şum Pelegiň gerdenine! Özi hemişe birçetdäki bigünäje akja jüýje. Kaş tarapam – bu nadara töhmetine-de hiç gypynç etmän, ilki bilen özi güp ynanýar, gözüň içine seredip durandyr müýnsüz. Ahalyň Akdaşaýak obasynyň ýedi-sekiz çakrym dik gaýrasyndaky häli-şindi üstüne münülip, dumly-duşuň ýakyn-alysyna tomaşaly seýran edilýän, göwün açylýan Owadandepäniň suraýy gerşine çykyp, peýwagtyna uzakdan-uzyn oýa batan goja Keýmir serdaryň arşa-kürse göterlen burumly pikirleri tänen humaý ýelegi kibi pyr-pyr pessaýlap, älemiň çür depesinden aşak inip, emaý bilen Ýere düşdi: --Zeminiň üstündäki gowgaly Haýýatyňam öz burulýan garaçyr çarhy bar. Ine, ol welin adamlaryň öz erkinde-ygtyýaryndamyka öýdýän. Haýsy ýana burmalydygyny bilmeli, sagamy-solamy, dürsemi, tersemi? Hawa-hawa, haýp, terse-de towlanýar! Bilmedim-aý welin, tüýs bolmajagydyr-da, how, köplenç tersine aýlanýar diýäýin-le. Holha, Eýranyň depesinde tagta çykan haý-haýly Nedir şa! Ol eline ilen çarhy uruşlara, gyrgynçylyga, talaňa, zulma-süteme sary burdy, gan çaýkady, guduzlady. Syryp-süpürip, alany az. Dünýe malynyň dünýäde galýanyna akly çatmady, nebsi bogaz düýän-ä däl, bogaz dünýänem ýuwutjak diýilýän. Perwerdigär işbu dünýäni adam bokurdagynda ýuwdardan has gabaraly ýaradypdyr, hernä. Munda kanagatly-ha – baý, nebisjeňem – geda. Nedir şa-da bolsa – geda. Nedir näme, kyrk şähri gyzyldan dolduryp, gözi doýmadyk Karundan, takdyra ten berip, şükür edýän kanagatly gedaý kän esse baý. Düşünene-aňlana baýlyk zat bilen ölçelmeýär, türkmenler baýlyga eliň kiri diýýär, ýuwsaň, gidýär, dünýäden öteniňde bar zatdan eliňi ýuwýaň, hatda, ýuwyňa giren gassallar suwa sürtäp, göni manysyndaky teniňe ýelmeşen kiriňem alyp galýarlar...” Adamyň ýek susak beýnisinde uly pikir akymy bar – lummurdap, boz bulanyp akýan. Ýüze çykan pikiri balykçylar deý juda tiz toruňa düşürip alaýmasaň, sähel mahaldan ýene akymyň düýbüne çümüp-çöküp gidýär, soň öldür ele gelmeýär. Keýmir aga öz gojalanyny, huşunyň kütelişenini, haýy gidip ugranyny öňräkden boýun alyp ýördi, ýöne daşyndan däl-de, içinden. --Ha boýun al, ha alma, herki zadyň öz möwriti bar. Möhleti ýetensoň, diliň aýtmasa-da, süýekleriň şakyrdaşyp aýdýar. Şükür, garrylyga-da eňek diredim, ýöne onuň üçin çigidiň maňzyça-da gynanman, begenmeli. Sebäp diýseň, Alla seni garratmanam bilerdi, ýöne bendäm ýagşysyny-ýamanyny uzagyndan görsün, arman galmasyn, etsem-goýsamlaryna puryja bereýin diýip, şu ýaşa ýetirýär. Şonuň üçin garrylygy dert diýip däl-de, bagt diýip düşünmeli. Maňa-da indi çen ýeten bolsa gerek, milletim üçin elimden gelenini etdim, ömürlik zat ýok. “Är ölse, är dörär” diýilýär, ýöne öleriňe garaşyp ýörmelimi? Mesele oturmada ýa gitmede däl, täze has bähbitli pikir-teklip tapyp bilýärmiň, döreýän kesapatly ýagdaýlardan çykalga görkezip başarýarmyň? Ýa röwşen pikirleriň öňüni tutýan gara ylhanatmyň, musallatmyň? Iliň meselesini çözmek, öýüňkä meňzänok. Öňe alyp barýarmyň ýa aýak bagymyň, yza dartýarmyň? Halal ýaşasam diýýänler garaköseň bergä-borja batyp, lagar düşýärmi, haramylar baýap-bösňäp barýarmy? Özüňden ökde barmy, tutdur jylawy eline, ora owsary başyna! Il mydam iň parasatly, iň gujurlynyň yzyna düşmeli. Sebzebaz ýaz gününiň asmanynda toýnuk gurap, endigan uçup barýan durnalaryň kyrrywy eşdildi, dünýe döräp, Süleýmen pygamber zamanynda tertip-düzgüne salnanlardan şu günlere deňiç diňe durnalar öz ilki-başky nyzamyny bozman gelýär. Olar näme diýip gyýkuwlaşýarka? Eger gygyrýan bolsalar, onda bir zat diýdikleridir-ä. Belki, bu dünýäniň syrly manysy durnalaryň kyrruwyndadyr. Düşünip biläýsediň. Adamzadyň dili juda kämil, ýöne ol başlangyjyny, ýagny, ilki sözüni janly-jandarlaryň sesinden alan bolmagy ahmal. Meselem, guşlardan. Guşlaryň sesine öýkünip, öz sözlerini döreden bolmagy gaty mümkin. Aýny şu wagt öňdäki durna yza galyp, başga birem öňe geçdi, ylla diýersiň gojanyň töňňeli-töňňeli aýdýanlarynyň ýene bir tassygy kibi, küşt oýnunda pil bilen ruhuň şaradylyşy kibi. Serdar başlan pikirlerini ýene külterledi: --Bak, süriniň öň-başyny çekmegiň müşgilligi üçin, kowçumdaky durnalaram häli-şindi orunlaryny gezekleşermiş. Aýrylmagyma halk garşy bolanda näme, belki, sypaýçylyk edýändirler, kim bilýär, halkam halkdyr welin, öz ýagdaýyma menden belet ýokdur. Soňky bäş-on ýyllykda serdarlygy yzyna tabşyrjak bolamda, millet keskelläm ejaza bermedi, goýbermedi, biraýakdan meni öňe tutdular. Donumyň synyndan ýapyşyp, sylanlaryna taňryýalkasyn! Ýöne “Ite-de uýat ýagşy” diýen söz bar, bu gezek çürtkesik aýak diräýin. Olaryň-a maňa ýapyşany ýagşy, meniňem elkesenim. Wagtynda münbere münmek deý, wagtynda düşmegem juda wajyp. Belki, ikinjisi has wajypdyr. Çünki, gitmeli wagtyňdan ýeke gün artyk otursaň, öňki haýyrly işleriňe-de kölege salýaň. Edenlerimiň-bitirenlerimiň üstüni gömmäýin. Gojanyň pikirleri ýene Nediriň mysalyna gönükdi: --Nedir şa öz guran duzagyna özi düşdi, öldürip tagta çykdy, patyşaka-da öldürildi, ornuna dalaş edýändir öýdüp, güman edenleriniň ählisiniň kellesini kakdyrdy, emma näçe gan dökdügiçe ýer astyndan öz kastyna çykýanlar köpeldi, “Halka näçe sütem görkezsemem, garşyma çykyp, towugyma tok diýen tapylmaz, öňüme taýak atylmaz, edenim geçer” öýdüp, “Mundan öň-ä geçdi, indem edenim geçer” diýip, kyldy zulumy, kyldy günäni, tä kellesi alnynça, tylladan tagtyny bagyrtlap, dänjiredi, ýeňlesligi bilen ilatyň gözünden düşdi, emma welin herki zadyň, wah, soňy bar-a. Öňünden alajyny iýmeseň, soňundan puşmandan ne peýda? Hakykatdanam, serdaryň içden tütäp, aýdýanlary bişek ugrunda bar zatlar. “Şu pekgäniň kellesine agram salanyndan salmany müň paý gowy, pikirlenensirese, bir şumlugyny tapýar. Dert-azarsyz oňa-muňa güýmenip ýörse, ýatan çöpi galdyranok diýmeli däl, şu patyşanyň işläninden işlemäni peýdaly. Awa-şikara, ýa bir ýere sapara-ýörişe gitse, birsalym ilatyň arkasyna şemal çalýar” diýip, ýangynly adamlar özara pyşyrdaşardylar. Nedir şa welin “Bir adam şa bolsa-da, bütin halkyň göwnüni tapyp bilmez, halk bir adamyň göwnüni tapyp biler, şonuň üçin baryňyzyň aladaňyz, bar garagaýgyňyz men bolaýyn” diýipdir, onuň baş talapam şol eken. Taryhyň aýbygadym çarhy hergiz-hergiz yzyna aýlanmaýar, muňa şek ýok, ol dogry, ýöne taryhyň adamzadyň başyna çoh külpetler salan nogsanlaryndan netije çykaryp, sapak edinmeseň, ybrat almasaň, ol ýene zomp edip, öňüňden çykaýýar, çykýaram-da ýene başyňa itiň gününi salýar. Adamzat öz uzak geçmişine ünsli syn etse, şol bir ýalňyşlaryň özüni ýok güne sokup, zol-zol, yz-yza gaýtalanyp gelýänligini görer. Keýmirkörüň oýlanmasyndan: “Aslynda, Nedir şa şu gözgyny-aýylganç ýagdaýlary döredenok-da, onuň töwereginde gomal-çomal edişip ýören daşy jäjek, içi möjekler Nediri döredýär. Nedir olaryň elindäki gurjak – oýnatgy gurjak! Töweregindäkileriň ony näme edeýin diýseler, ellerinden gelýär, suwly äkidip, suwsuz getirip bilýärler. Seni bir ýeser oýnap bilýärkä, daşyňa içigüjükliler köpläp üýşensoňlar, heý, oýnalmajak, olaryň gazan çukurlaryna düşmejek gümanyň barmy, özüňem suw meýilli gurbaga bolsaň? “Warryk-warryk” edip, warryklaberesiň, olaram seniň porruk sesiňden gorkansyrarlar, şeýdibem ýurdy gorky gaplap alar”. Güýçlüleriň goltugynyň aşagynda höwürtge ýasanýan jikjikiler bar, soňlugy bilen olar gyrga öwrülip, halkyň depesinden inýärler. Degresindäki sülsat pasyk-pelitler şanyň agzyndan çykan akmak gepiniň ýeke owuntygynam, bir düwürinem ýere gaçyrman, parahat oturan set müňlerçe galyň bendäniň tünegini-howlusyny, gazanç edýän iş ýerlerini, ýene-ýenelerini öz elleri bilen ýykdyryp, otlap ýa başga bir muşakgat tapyp, patyşanyň arkasyndan gazanç edýärdiler, ýurdy birýanuçdan alyma-berime, para-peşgeşe – rişwete (nähak işi hak etdirmek üçin döwlet işgärine berilyän pul) düzdüler, rişwet berseň-ä – aman, bermeseňem – çekjegiň arman-zyýan-pygan! Hamala, ilim-günüm, Watanym diýip ýören, halal-haramy seljerip ýörenler-ä, aşakda itiň art aýagyndan suw içip, şol mukaddeslikleriň üstünden gülüp ýören haramylaram ýokarda uly wezipeleri eýeleşip, emeldar bolşup ýören ýaly. Ine, Nedir şanyň kän gaýtalaýan sözüniň biri “Soltan diýen sözüň düýbünde tylla diýen söz ýatyr, tyllanyň eýesi diýen manyda. Men soltan bolup, bütin halka baýlyk berip bilmen, ýöne bütin halkyň baýlygy açyk hem gizlin-assyryn ýollar bilen maňa tarap akmalydyr, menem özüme baýlyk-tylla çekýänleriň gatnaýan buky ýodalaryndan aýak yzlaryny ýitirmeli, soňundanam ondan bihabarsyran kişi bolmaly, heniz ol-a adamlaryňky-halkyňky eken, başarsam, men guş-gurtlaryň paýynam agzyndan kakyp aljak. Beýleki ýurtlaryň üstüne bahana arap, goşun çekmegimiňem düýp sebäbi – olaryňam baýlygyny özüme degişli etmekçi. Baýlyk toplamagyň iň ýeňil usuly patyşa bolmak eken, üstüňe ýagyp ýatyr”. Aýtmasy iň kyn gürrüňleri adamlar bir-birege dymşyp aýdyşýarlar. Nedir şanyň zulumyndan halk dagdy boldy: “Biz öz ýurdumyzda gorkup ýaşaýas, ondan bizi başga biri basyp alsa gowy, biziň bakna bolanymyz gowy, baknalykda-da beýle gorkup ýaşamarys” diýşip, halk haýsydyr bir berk kanunly, adalatly, güýçli döwletiň öz ýurtlaryny basyp almagyny arzuw edip başlady. Parahor emeldarlar döwleti, Nedir şanyň özüni biabraý edýärler, näme şoňa patyşanyň özi düşünmeýändir öýdýäňmi? Düşünýär ýöne ol gözgöretele edýär şony, ine, şeýle edenimde näme bolýar diýip. Bu ýurtda ýa-ha alaýmaly, ýa-da beräýmeli, olaryň hiç haýsyndan bolman, orta arada ýaşamak mümkin däl. Biçäre halka onça ýamanlygy edeýin diýibem edip bolmaz, Nediriňki ýaly öň doglanyňda, zandyňda, on iki süňňüňde zalymlyk bile biten bolmasa. Iň bagryňy ýakýan tarapy halkyň hamyna deňiç soýup, baý bolanlar köpçülige çykanda özlerini hil bir adam hasaplap, ortarada gabarylyp oturýarlar, her kimem olara ýarar ýaly gep tapjak bolup, urunýar. Parany has köp alýanlar il içinde bes-belli, olaryň ýaşaýyşam, öýem, howlusam, hemme zatlaram saýlanyp durandyr, olaryň pul sowruşam üýtgeşikdir. Nedir bilgeşleýin olar ýaly emeldarlary şahsy, hojalyk salgytlarynyň hemmesinden boşadýar, ýogsa olaryň ýanynda salgyt tölemek oglan oýunjagy ýaly zat. Salgytdan boşatsaň, ýer urup, ýerde galanlary boşatmaly, emma Nedir şa tersine şeýdenimde kim edenime däl diýip biler edýär, halkyň içini ýakýar. Ol: “Araba üsti ýüksüzkä gaty jygyldaýar, şonuň üçin halky dertden derde ulaşdyrmasaň, höküm sürüp bilmersiň” diýýär. Emeldarlaryň sütemine çydaman, Ýezd, Şiraz welaýatlary tarapynda ellerine ýarag alyp, assyrynlykda päliazanlary öldüribem ugradylar, emma birini ýoklasaň, deregine onusy döreýär, olar öldürip tükedereden köp. Iň ýokarda oturanyň özi şol haramylaryň baştutany, balygyň başy öňürti porsaýar. Kime dadyňy ýetirjek, haçanda arz etjek permanberdaryň özi gurrumsaklary üstüňe küşgürýärkä? Şa mundan keýp aldy, göhi geldi, guduz açdy. Güýçlüniň ejize ganymlygy ýaşlygyndan bäri Nedirguly üçin barypýatan gahrymanlyk. Işigaýdan halka şondan başga ýagy-duşman gerek däl. Iki-ýeke “Jan agalar, edýäniňiz näme?” diýip, baş galdyranyňam ýa dişlerini sogurdyp, ýa gözlerini köwdürip, “Garşyma pitnä çykarça siz kim?” diýip, hil bir iş bitirensiräp, bihaýa bakyşlar bilen hekgerdi, özüni edenli saýdy, “Edil satanyndan köşek geçiräýmeli” diýilýän. Bimöçber erk-ygtyýar, şöhrat-şan, ummasyz baýlyk ýeten, tüf etse, tüýküligi ýere gaçmaýan patyşa neneň göterinsin, emeldarlar-a baýaky, onuň dereje ýeten gapy gullaram öz günlerini düzüwli göternip bilenok, donlaryna sygman, şolaram dillerini, gep-sözlerini çeýnäp, aýnadyp gepläp başlaýarlar, nämemiş – hele-müçük däl-de, köşk gullarymyş! Halkyň başyna paç-hyraç, agyr salgytlar salynýar, millet görgülem ikä düşýär, hem-ä şalyk gaznany doldurmaly, hemem pajymanlaryň doýmaz-dolmaz kiselerini. Nedir şa öz emeldarlarynyň alýan paralaryndan özüne biabraýlyk gelýänini bilmeýän bolara çemeli. Ýok-ýok, neý, bilmezmi? Bilýär, bilende nä? Salgytçylar özleri üçin höweslenmeseler, onça salgydy saňa ýygnap berjeklermi? Bir okda iki towşan. Hem özi, hem nökerler gönenip galýar. Müýnlüje nökerler soňra öňünde iki bükülişip durlar. Ine, hökmürowanlygyň usuly, syry! Näme Nedir şanyň millete berýän zulumyny onuň töweregindäkiler görmedimikä? “Biz kimi gorap, kimiň yzyna düşüp ýörüs?” diýmedimikä? Edenine däl diýip, kellekeser zalymyň öňünden çykmak-a beýlede dursun, “Iliň güýji – siliň güýji” diýilse-de, biçäre halk şeýdip biläýjek merdana gerçegiň yzynda durmaga-da ýaranok, hatda, göz-görtele kylynýan zuluma-süteme şaýat durmakdanam çekinip, gaýraty çatman, alnynda gopýan gabahatçylyga göz ýumup, her kim towuk deý gaçyp, ketegine sümläýýär. “Ak düýäni gördüňmi?”-“Göremok!” Hawa, ýene bir gezek ýanjap aýtsak, Nedir şa il içinde ýedi eplenýän ýaranjaňlara gulak gabartdy, olara meçew berip, özüni öwdürdi. Asylkysy, halkyň özi öwse, hakyky öwgi. Aslynda, öwgi içiňden aýdylmaly. Magtaw her kimiň kalbynda bolsa gowy. “Arpa ekip, bugdaý ormarsyň” diýien parasat bar. Sen adyl bolsaň, adyllygyň galýar, zalym bolsaň, zalymlygyň galýar. Wagt diýilýän hemme zady seçýär, peçan eýleýär, ony hiç haçan aldap bolanok. Öz şalyk döwrüňde aldaýandyrynam öýtseň, tagtdan düşeniňden soň, seniň kimligiň gaty tiz uly ile belli bolýar, boş öwgüler tozga deý pytrap, yzyňda gury masgaraçylygyň galýar. Elini ogşaýan emeldarlar barada Nedire bir özbek ýaşulysy ölsem-öleýine salyp, aýdypdyram: “Sislerniň koluňyzny ogşaganlar, ýanyňdan gidensoň, gül ýaly ýigitleri gelmez ýola goýberip, gelnini ogşaýar”. Muny Nediriň özem bilýär. Ýöne şol emeldarlar bilen ol Nedir bolýar. Olara zat diýip bilmeýär, diýäýse-de ýeke-ýekeden diýýär. Olaram şeýle hapa işleri etmäge ýol berensoň, Nediriň öňünde bükülişip, elini ogşaýarlar. Hemme permanyny püçekläp bolmaz, içinde dürslerem bardyr, elbet, herki taýagyň iki ujy bar diýleni, dürs tarapam-ters tarapam. Özünden aşagyndakylar permany ters tarapyndan peýdalanyberdiler, haýryny-da şere öwürdiler. Nedir şa-da gaýta muňa begendi. Oňarsa, Zemini aýasynda gysyp, hamyr etjek, ýumrugynda ýugurjak, ýumurjak-mäjumlajak. Ýeriň ol tetelliniň owujyna sygmaýanam bir gowy zat. Aslynda-da, eşek ynanyp bilinmejek lekgende uly bir döwletiň diwan jaýyny sorasa, eýläýjegi-dä şol. Eden etdilikde syrtyny çöpe dirän baýlar-a has baýaýar – harwar-harwar zermi-tylla. Garyp-pukaralaryňam çala başy gowşan çatmasy çöküp-çagşap, eňegi ýer direýär – bergimidir-borçmudyr. “Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok” diýmek Keýmirkörüň zandyna ýat gylyk, häzir ol eýranlylaryň halyna gyýylýar, olaryň düşen ýagdaýyna-halyna özlerindenem belet. Olar bilen uruşsa-da, gyrlyşsa-da, goňşy döwletiň halkyny özüne duşman saýanok. Duşman şol – kim üstüňe sürünse! Kim eline ýarag alyp gelse! --Ýaňy bir sütemi geçdi diýseň, ikinjisi, üçünjisi, dördünjisi... müň birinjisi. Teý, soňy gelenok, telbeleriň kellesine gelmejek bimany güzaplary oýlap tapýar. Ikçäk söhbetdeşlikde sebäbini sorasam, “Akmak perman çykaryp, ilata sütem bermeseň, ol seniň üstüňe sürner. Saňa eli degmez ýaly etmelidir, özüňdenem bäşbeter rehimsiz, beýnisiz nökerleriňe buýrup-küşgürip, burunlaryndan buran getirip durmalydyr, halys çekip-çydalmaz derejä ýetse, pişigiň iýjek syçanyny sypdyransyrap, soňam ýene penjesi bilen gysyşy kimin, käşgä bu zatlardan bihabarsyrap, ýaňy eşdensiräp, az-maz gowşadyp, maý berip, şol ters buýrugy ur-tut ýatyrýaň, gözüňe ýakman ýören üç-dört sany emeldaryňam tutduryp, ýogsa özi bir gapdalda durup, olaryň eli bilen özi ot gorsapdy, indem bala-çagalaryny uwladyp, aç-ýalaňaç goýup, halal-haram bar emlägini elinden alyp, zyndana taşlaýaň, ýa dardan asdyrýaň, “Günäkärleri şular eken” diýip, hemmelerem “aý, şuny-ha oňardy, patyşamyz adyldyr-la” diýşip, adyňa alkyş okaýarlar, adamlara ýagşylyk ýaraşýan däldir, gadyr bilmez eşeklerdir, şondan üçrin diňe ýamanlyk-ýamanlyk-ýamanlyk, “ýagşylyga ýamanlyk” diýen sözi eşdensiň-ä, Keýmir dost, ezýetden lezzet almany öwren akgaňdan, iliň öňüne düşjek diýseň, al menden sapak-tälim, pähmide-düşünýärmiň?” diýipdi, kemtersinden müýnürgäýsin-dä, eger-eger! Hakykatdanam, Nedir şa hemişe diýen ýaly, birnäçe haramylary wezipä belläp, ellerine tarhanlyk hatyny berip, şolaryň elleri bilen ot gorsaýar, halky talatdyrýar, hamyna çenli sypyrtdyrýar. Soňundan gowy etjegini edip, boýasy synanasoň, olary tutan bolup, jezalandyryp, döwleti hem halky şol hyýanatçylardan goran kişi bolýar. Ýurtda welin para-peşgeş ösüp-örňäp gidip otyr, emeldarlar bu pişä barha ökdeleýärler, patyşalyk tarapdan sähelçe delillik bir kanun çyksa, şondan para almagyň usulyny tapýarlar. Hatda, eger şa “Para almak gadagan!” diýip, perman çykaraýsa-da, şondanam peýdalanyp, haram puldan kiselerini dykalaýarlar. Paranyň has içýakgyç tarapy – pulsuzlar pullulara para bermeli. Keýmir serdar “Döwlet gursaň, şunuň ýaly zelalatlaram-a bardyr, olardan nädip halas bolarsyň?” diýip, binjalyk edýän pikirlere jogap gözleýär. Para hakda ýene Nedir şanyň bir gepini ýatlady “Garyplar baýlara para berýär, emma baýlar garyplara beräýjek ýaly-da, ýok dünýäniň gurluşy onuň ýaly däl, onuň ýoly ters, adamlar-döwletler şol ters ýoldanam ýöremeli edilen. Onsoňam, Keýmir han, bilip goý, patyşa adam bilen däl-de, halk bilen gepleşýär. Halkyň dilem adamyň dilinden parhly, şonuň üçinem patyşanyň diline adamyň dilinden baha berseň, gaty ýalňyşarsyň. Aýdýanlaryma akyl ýetirmek üçin sen ilki halkyň dilini öwrenmelisiň! ol dil tagtyň-täjiň dilidir. Ol dil adamyň dilinden düýpgöter başgaçadyr”. Nedir şa diýilýäne näme aýdanyňda ýarajagyny, ýaramajygyny bilip bolmaýar, özem öňünden näme etjegini bilenok, onsoň galyň bende, aý, şul-a ýarar-da, ýa suw, ýa saman diýip, tapan bir yşyna özüni urýar, olam edil şol ýerden gapyp alýar, onuň ygyna-ýelesine düşüner ýaly adam däl. Ýöne Nedir Keýmirden tap duýýar eken. Onuň bilen parahat gepleşipdir, elden-aýakdan düşbermändir, munuň sebäbini döwrüň üstüne ataýmasaň, nädip düşündirjegiňi biler ýaly däl. Ine, onuň Keýmirköre aýdan bir gepi: “Onki süňňi bilen halal ýagşyzadalaryň yzy ýitýär, neriň döli bolmaz diýilýär-ä. Onki süňňi bilen zalym haramzadalaryňam kowmy tükenýär. Hem halal, hem haram, hem mert, hem namart... adamlaryň neberesi welin dünýe döräli bäri dowam edip gelýär, şu görünýän adamlar şolar, olar gerek ýerinde hiç hili namartçylykdan gaýtmaýarlar, ýeriň giňinde bolsa, allanäme bolşup, akyl satyşyp, ýaşap ýörler”. A Nedir şanyň bu aýdanyna näme diýersiň?: Dost – olam duşman, ýöne golaýyňa gelýäni, ynamyňa girýäni. Şol sebäpli, duşmandanam beter dostdan howatyr etmeli, duşman garşyňdan gelse, dost ýeňsäňden hanjar sokýar. Adamy ynanmaýanlary aldap bilmeýär, adamy aldaýanlar öz janyny ynanýanlary, şu gepden misil tutsaň, ynanýanlaryňa ynanmaly däl...” Kim bilenliginiň tapawudy ýok, söhbetdeşlikdekäň sözüň ylaýygy-rast makajy gelenini iniň syzyp-duýup, hälä goýman, ýüzugra gepe goşulmany, öz pikir-garaýşyňy aýtmagy başarma gerek. Esasanam, seniň aýtjak-diýjegiň gepläp duranyň tersinekä-çaprazka. Nedir şanyň söhbetiniň arasynda Keýmirkör burmuma salybrak, eşdiler-eşdilmez hümürdedi: “Bilip, bilmeýänden bolmak, bilmän bilýänden bolmaga barabardyr!” Şa bu sözlere pitwa bermedi. Keýmirem öz gezeginde Nedirguly goşunbaşynyň Hindistanda söweşip, ençe mahaldan soň ýeňiş bilen dolanyp gelşini ýatlady, şonda Tahmasp şa Nedirgulyny dabara bilen garşy alyp, uly toý tutup, derejeläpdi hemem leşgeriň öňünde “Bizem bärde elimizi gowşuryp, dek oturamzok, gelýänçäňiz salgytlary iki esse galdyryp, bahalary göterip, milletiň hamyny sypyrdyk, abaýymyzdan gorkup, meýletin berenden-ä şeýle aldyk, bermediklerdenem yrsarap, töhmet atyp, zorlap aldyk, munça-munça baýlyk-pul topladyk” diýip, öwünäýmezmi. Muňa girre gahary gelen Nedirgulam Tahmasp şanyň dulugyna aýlap, şapbat çalýar: “Biz-ä şu halkyň bähbidi üçin, rahaty üçin gan döküp, garpyşyp-gyrlyşyp gelýäs, senem yzymyzdan olara ezýet berýärmiň?” Nedirgulynyň öz patyşasyna el galdyrmasy birinji gezek däldi, öňem bir merte eýini ýetiripdi. Hatda öz şasynam eýmendirýän leşgerbaşy-da! Arkasynda agyr goşun lepbeýik diýip dur, tüýküliginem ýere gaçyranoklar, aýdýan gepem ile ýararly. Sähel pyglyny üýtgedäýse, şarpyk däl, kelläňi pyzlawuk kädä öwürjek, penjesinden gan sarkyp duran ganojak. Usulyny tapyp, wezipesini elinden alsaňam, ýerini ýöredip başarjak garadan gaýtmaz dogumly bahadur ýok. Tahmasp şa neýlesin, deminem çykarmady, gorkdy. Gaýtawul bermese-de, gaňryşysyna gaýtmasa-da, ahyr günleriň bir güni 1736-njy ýyl Nedirguly öz patyşasynyň goluny arkasyna towlap, arkana bek baglap, çygly, garňky, demir gözenekli zyndana taşlady, haý-waýyna seretmän. Ornuna-da Tahmaspyň sallançakda jägildäp, aglap ýatan alty aýlyk kindiwan bäbegini Apbas III-ni hökmürowan şa diýip, yglan etdi. Diýdimzorlaryň ýanynda döwlet işi gurjak goşuny oýnan ýaly bir zat! Edenini edýär, kylanyny kylýar, heňe gelýärmi-ýokmy, oňa seredenok. Emeldarlary ýüpli oýnadylýan gurjak kibi, ýüpüň ujam barmaklaryna ötürilen, öňünde epilip-bükülip durar ýalam edip bilýär, tans oýnadyp, leňk-leňk bökdüriberýärem, jyzzynlatdyryberýärem. Ýöne taýagyň ikinji ujam bar. Hatda özüne ýaramsaklyk edilse-de ýaranjaňlygy halysalla ýigrenýän adamlaram bardyr. Emma eger şonuň aýdanyna-da hä berip, ugry bilenräk, ýaraýjak gepleri tapyp, jan etseň, onuň gözüne hoş ýakýar, öz gezeginde olam saňa sarpa goýasy gelýär. Nedirgulymydyr ýaranjaklary ýigrenjek? Onuň gözi şolar ýalylarda. Üýşüriberdi töweregine. Olara daýanybam, soňlugy bilenem şol ýylyň özünde gol astyndaky Häzirbeýjanyň Apşeron ýarymadasynda gurultaý geçirip, şa saýlanyp, Nedirguly başyna tylla täç geýdi, al saňa gerek bolsa düýnki eşek ogrusy bu gün külli Eýranyň patyşasy! Nedirguly ýaly zalymyň ýurt başyna geçip, tagtda oturyp, başyna tylla täç geýmesi soňlugy bilen üstüne çozlup, ýer bilen ýegsan ediljek beýleki ýurtlardan ozal, ilki şol ülkäniň özüni basyp alyp, aýagynyň aşagynda depgiledigi. Şol betbagt ýurt ilkinji pida, ýara ilki şonuň bedenine düşýär. Zalym şa ilkinji sütemi şol ýurduň özüne, işigaýdan miletine görkezýär. Dönüge wepaly bolup bilmersiň. Nedir şa öz patyşasyna – Tahmaspa dönüklik etdi, ony tagtdan agdardy, öldürdi, ýerini aldy. Şonuň üçin oňa wepaly bolup bilmersiň. Nedir şa welin özüne-de biwepalyk edip bilýär. Nedire wepaly boljak bolup baý çytraşdylar, emma ol özüne osdy, iň ýakynlary gözüne dönükler bolup göründi, olary ýeke-ýekeden goşa-goşadan, on-ondan dardan asdyrdy. Patyşasyny öldüren, gullaryny gyrmazmy? Kemtersinden Keýmirkörüň bu ýatlamasyna şa jogabam bermedi, hamala, eşitmedik ýaly, özüne aýdylýandyram öýdenok. Bu äsgermezçilikli pis gylygy Nedirgulynyň demi şah çykyp ugranyndan soň tapyldy, göwnüne ýakmadyk zadyna pisint etmän, hä-de berenok, hiç hili jogabam. Eger-de halysalla ýürekden beren pendiňe pitwa berilmese ýa-da ynamsyzlyk edilse, başdansowma sowuk-sala diňlense, “Aý, jähennemiň teýine başaşyr gitsin-laý” diýip, gaýdyp dagy-duwara ýagşydan-ýamandan hiç zat aýdasyňam, öwredesiňem gelenok. Nedir göýä hile bir öňde-soňda eşdilmedik ilde ýok gepi tapan deý, orta barmagyny asmana çommaldyp, sörtük şemaly kimin başga ugurdan öwüsdi, “arapdan” edilýän gürrüňiň uşlybyny “şarapdan” çykardy: --Daş etsin, eger Ezraýyl perişde ýakamdan tutapketmän: “Seniň ömür sagadyň doldy, emma raýatlaryň gylla ýaryny öldürdip, aýdy-gurban berseň, goç-guzy deý başyny alsaň, bir günlük ömrüň möhletini uzaltjak” diýse, sähelçejigem eglenmenem, emgenmenem, öňümde goýan puryjaly şertini berjaý ederdim, ýaryny-ha däl, ýene bir güni goşsa, ilatyň baryny-da gyrdyrmaga-da men taýyn. Ýumrugy berk ýumlan Keýmir içini gepletdi: “Külli adamzady gyrmaga-da taýynsyň. Öz iner ýaly oglunyň iki gözüni köwdüren ganojakdan başga nämä garaşjak? Halk diýilýäniň gaty uly çydamy bar, onuň çydam käsesi aňsat-aňsat dolmaýar. Ýogsa her hili hapa ýollar bilen öz depesine çykaran kelesaňynyň çykarýan düýpden ýalňyş pikirlerini görüp-durubam bütin millet bolup dymyp durup bilýärler. Kylýan hyýanatyň ýüzüňe gelip, aýdylmasa-da, bilinmeýändir öýdäýmegin, hemme zadyň hasaby içindedir. Şa welin nähili düşünseňiz, şol hilem düşüniň diýýär, içki matlabyny gizlejegem bolanok, agzyna geleni dilinde. Eger seniň alnyňda tutuş halk çäresiz galsa, hataňa däl diýip bilmän, gorkup, uçdantutma hemmeler lal açýarmy, diýmek, onda dymmak iň aýylganç gargyşdyr! Dymmak razylygyň alamaty diýip, gadym döwür kimdir biri aýdypdyr, emma dymmak garşylygyňam alamatydyr. Agyr dymylýarmy – şol gargaldygyň! Gargyşam hiç haçan ýerde ýatmaýar, onda-da uly iliň gargynjy. Ol nalyşy Hudaýam eşidýär, özüňden ýa bala-çagaňdan çykarýar. Ondan aňryda ýeke – has aýylganç gargyş bar, olam häzir tagta çykyp otyrkaň öňüňde ýedi bükülip, gije-gündiz adyňa alkyş okaýanlar, agzy ýelli magtowçylar, olar seni Hudaý tutup, tagtdan taýyp, işiň gaýdan günüň adyňa iň awuly paýyş sögünçleri aýtjaklar. Iliň bilmeýänini olar bilýär, bilýärem, sary samanyňy dumly-duşa paýradyp seçýärem”. Halallygyň köňle berýän rahatynda behişdiň eşreti bar. Şol eşreti duýup bilseň, pany jahan saňa jennet! Adamyň her egninde bir perişde bar diýýärler, biri haýryny ýazýar ýörite depdere, beýlekisem şerini. Bende dünýesini başgalanyndan soň sorag-ideg başlananda şol iki depder agdarylýar, haýyr köpmi ýa şer? Ýöne şol depderlerdäki ýazgylar ynsanyň maňlaýyna Hak tarapyn ýazlan täleý bilen deň gelýärmikä? Megerem, deň gelýändir, sebäbi “Täleýden çykma, ýazylany bozma ýok” diýilýär-ä! Bar, şeýlemiş diýsek, täleýden çykma ýok bolsa, onda şol iki perişdäniň depder garalamagynda many ýok-a. Bärde bir düşnüksizlik-ä bar, olam her ynsana öz takdyrynyň haýsy ýoldan gitjegini özi çözer ýaly eline täleý çarhynyň tutdurylýanlygynda. Özüň eýläp-kyl, soňundanam baryna özüň jogap ber! Owganystanyň üsti bilen geçip, 1738-1740 ýyllar Hindistany talap, Delide ummasyz kän baýlygy ýükläp gaýdansoň Nedir şanyň kellesi üýtgäne dönýär. Ara mahal salmanam Hywany, Buharany dyza çökerýär. Emma Dagystana çozanda tas ele düşýärdi, ölümiň öýünde sypdy, 1743-nji ýylda agdarlyşykda aýplap ogly Ryzagulynyň gözlerini köwdürýär, oňa meçew berenler hökmünde ýene elli sany öz ýakynlaryny dara çekýär. Şondan soň tutha-baslyklar, jezalar has artyp başlaýar. Inisi Ybraýymyň ogly Alygulyny Owganystana han belläpdi, olam süteme çydaman, agasyna garşy baş göterdi. Dost diýilýän doganam bolup bilýär, duşmanam, dogan welin dost bolup bilse-de, duşman bolup bimeýär, eger il içinde biri-birine ýarag çeneşip duran iki sany gyr duşman dogan bar bolsa, olaryň ganybir doganlygy ýalandyr! Alyguly şoňa bir mysal. Keýmir Nedir şa bilen ikiçäk otyrka goşgy bilen bu baradaky ýagdaýy duýdurýar: Garşyda şemal öwüsse, Guzaýdan gary aýrylar. Ortata rakyp gezse, Bil, söwer ýary aýrylar. Patyşa adyl bolmasa, Nökerleriniň bary aýrylar. “Duýduranyňa sag bol” diýmeden geçen Nedir şa Keýmiriň öz üstüne sürnüp ugrapdyr: --Türkmenlerem meniň raýatlygyma geçiň baryň! Üç aýyň dowamynda elli müň atly goşun topla olardan. Ilki Hytaýa çozjak, soňam Osmanly türkleri basyp aljak, aýdanymdan çyksaň, senem sylaman, Körteke. Entekler meniň atlarym ýüwrükdir, bagtym sürükdir... “Boldum” diýdigi bu Nedir şanyň. Ýogsa maňlaýynyň gata degip, kelebiniň ujuny ýitireni has öň. Damak gan bilen, zyndan bilen düzederin öýtdi. Zalymlygy götin depip, “özümiňki, öz adamlarym” diýip apalanlary-hörelänleri, iň ynamdarlary ýurtda gopýan gozgalaňlardan, goşundaky dildüwşüklerden peýdalanyp, 1747-nji ýylda Habuşanda süýji ukuda ýatyrka öz gylyjyny öz hekirtmeginden saldylar, parçalap tike-tike etdiler. Öň aýagyny ýere degirmän, hangöter edenler janyny gabz edip, görüniň içki jaýyna – lahada “häh, seniň bir...” diýip, meýdini depip dykdylar. Zulma tarap buran çarhy özüni aran-byçgy ýaly kerçedi. Ýatyr indi toprak guçup, jesediniň hapasyny kim ýuwup aýrar, arassalamak mümkinmi bir? “Damagyndan gara zat dökülipdir, süpüreniňe-ýuwanyňa aýrylmaýan, kepje bilen gazasalaram, aýrylmanmyş, onsoň gan dökülen ýerlerini otlapmyşlar” diýip, gep tapdylar. Bu tetelli lagnalar dowzah odunda müň ýyllap ýansa-da, päklenmez! Hasap günüde sorag diwanynda ne jogap berer, oňa aklaw ýok. Nedir şa ýaly üçin ölüm bagt, onuň her güni günä, her güni zulum. Dowzah odunda azrak ýanmagy üçin näçe tiz ölse, şonça günäsi azrak boljak, şonuň üçin ol zalyma ölüm bagtdyr. O dünýäsini ýatlamady dirikä. Boýnunda set müň-set müň biçäräniň nahak gany bar, gabryny gark edip, batga çümüp ýatandyr. Ýurdunda yzy-nyşany galmady, aýallary bala-çagasyny göterip, zut gaçdy nirdesiň Owganystan diýip, Kemal han Owganyň ganatynyň aşagyna. Gopjusyna basan mal-döwletini, baýlygyny kel iýip, köse gägirdi, biçäre halkyň, ýetim-ýesiriň haky – indi belanyň oky. Nedir şanyň aýallarynyň gymmat baha zer-merjen-dürlerini alan Kemalhan Owganyň ady Ahmet Düri-Dürrana öwrüldi. Ibaly-allanäme ýurt ýöredenliginde neberesiniň biri gitjekmi bosup? Oturmazmy eşretini görüp, söýünip? Halkyň süňküni gemrip, ýiligini soranlaryny magat bilip durlar. Kement öz başlaryndan inmänkä sypba-sypyrlyp, ýurdy taşlap, gaçyp ýetişdiler. Assa gaçan namart. Guşguna bereket! Çüw-w-w!!! Ýaranjaňlara, baý, taryplatdyryp-da kylmyşlaryny-kylmadygyny! Hany şol haý-haýly dereje? Çyn bolsa, kim taşlap gitjek? Nijesi bir apbasy? Düýnki sen-sen edenler bu gün ýedi pyşdyňa gargap ýör, syrtyňdan köwmeseler, olar seni öwjeklermi diý-dä! Ýallaklaýarmy – bardyr emmasy, taryplaýarmy – talaýjydyr! Talaňçydyr! Guşkelläniň ýüzi ýyrtyk şermendelere, halatlysyran ozan-bagşysumaklara aldanasy geldi – aldadylaram-oýnadylaram it aldan ýaly, telpegini ters geýdirdilerem – gözgülban. Alypketmän, özüňe halys eý bolup giden häsiýetiňi- gylygyňy düýpgöter üýtgetmek aňsatmy nä, ýogsa Keýmirkörüň özem bizar şu gylygyndan – olam edilen gürrüňi edilen ýerinde goýaýman, soň-soňam aňynda yzygider gaýtalap gezýär, dört gezek-bäş gezegiň çaky däl, zol-zol gaýtalaýar, tüýs ýüregine düşünçä. Bolan gürrüňleri täzeden ýeke-ýeke beýnisinde uşakgöz galbirde eläp geçirýär, her sözüň aşagynda näme ýatyr? Ol diýdigi näme diýdigi? Nämä kakdyrýar? Bir ölçegden alanyň-da, beýle etmeginiň oňyn-peýdaly tarapam bar, söz içinden täze söz çykyp ýatyr, öň doly düşünmän, kän bir üns bermän, üstünden ýüzleýräk geçen ýerleri aýdyňlaşýar. Hatda “Wah, şonda dile gelmeýşini, asyl, şeý diýäýmeli ekenim-ä” diýip, kellä öň gelmedik gowy sözlerem tapylyp, ahmyr çekdiräýýär. Aýny şeýle pursatda “Uzynyň akyly giç geler” diýen nakyl Keýmirkör barada-da dogram gelýän ýaly, boýy daýawmy – daýaw, akyl giç gelýärmi – hawa, käte şeýle. Başga bir ölçegdenem – “Hiçden giç ýagşy”. Giç gelen pikir öň gelmediginden-ä gowudyr. Öň edilen söhbetleri içinden kän gaýtalap ýörşüne Keýmir şuny hem özi üçin ýaşlygyndan öwrenip goýdy, garşyňda gepläp duran kişi birden ýalňyşyp-ýazyp, gulaga ýakmajak bir töwra şum gep aýdaýsa, ur-tut sözüni bölüp garşy çykma, şol sözüň guýrugyndan tutup, iki ýan bulaberme, somlap, aýdanyň gözüne sokup durma. Belki, oňa-da şol gepi aýtdyrýan çylşyrymly, nalajy ýagdaýlar bardyr, adam başyna näme düşmeýär, yzarlasaň, nämäniň nämeligine alňasaman, göz ýetirseň, senem düşünersiň. Şonuň ýagdaýyna düşseň, seniňem aýdaýjak gepiňligini duýarsyň. Eşden sözüň beýniňde mazaly durlanýança, tagapyl et, garaş, doly anygyna ýeteňsoň, öz düzedişiňi giriz. Keýmiriň pikirleri şu ýere ýetende bir waka ýadyna düşdi, özüniň serdar saýlanan güni bilen bagly. Babasy Döwletmämmet Düýegöz tekeleri Hywadan Wasa göçürip getirenden soň “Halaýyk, meniň töreligim türkmen topragyna deňiç, indi milletiň jylawyny elimden alyň” diýip, ýer depensoň, ýaşam bolsa, ornuna Keýmirköri saýlap, toý tutup, serdar göterdiler. Toýuň sazandasam mazaly gyzandan soň öz täze düzen bir şirin sazyny çalyp berip “Bu saza, garşy bolmasaň, “Keýmirkör” diýip, at goýaýjak” diýipdi, ýerli-ýerden oňladylar – haý, bolýar-da-haý, bolýar. --Eşrepi ýaly saz eken, onuň sanawajy ýokmy? --Keýmiriň özi düzer-dä sanawajyny, goşgy-gazaldan başy çykman durmy? --Göroglynyň namalary bar-a, Keýmiriňkem gelişmän durmaz. Çynyrgap barýan bu gürrüňe ýaş serdaryň özi garşy çykdy – keskelläm: --“Türkmen oýnatgysyny han saýlar” etmäliň, şu iň soňkusy bolsun, meniň adyma sazam düzmäň, aýdymam. Aýdyma-da, saza-da başga mynasyp zatlar kän. Ada çapmak, şöhrata kowalaşmak ýeňilkelleler üçin, gury gysyremgek, öwsip geçen batça ýok, onda-da hökümdara. Perman çykaryjynyň kellesini öwgi bilen bulaşdyrmaň, ol sagdyn işlemeli, ýalan magtawçylar şol ýurduň duşmanlarydyr. Mekirler basyp alyp bilmejegini öwüp-gomaldyp alýandyr. Şoldur-da şuldur, gaýdyp Keýmirkör serdar barada hiç hili aýdymam aýdylmady, sazam çalynmady. Ýöne şol niýetlenen sazyň welin, hakykatdanam, şirin kemi ýok. “Aý, çalmasyz bolsa, çalmarysam” diýip, taşlar ýaly däl. Onsoň bagşylaram ony “Saparmämmet” diýip çalyberdiler. Kimiň näme üçin beýle at dakanynyň sebäbini bilýänem ýok, soralanda-da, hiç kim emmasyny aýtmansoň, ýuwaş-ýuwaş ol sowalam ýatyp galdy. Ýogsa Keýmiriň dogulanda gulagyna gygyrylyp aýdylan azan ady şol. Üç asyrdanam gowrak wagt Watan diýip, ser-sepil mysapyrlyk çekip ýörenlerine ýanap, Saparmämmet diýip, at beripdiler. Ol ady dakanam tekeleriň hany Döwletmämmet Düýegöz han Orazmämmet ogly, täze bolan ogul bäbege at dakmaly diýlende Penjeli pälwan “Onuň adyny babasy daksyn” diýdi, babasam “Eger menden sorasaňyz, agtygymyň adyny hem-ä öz adyma ýanajak, hemem ençeme asyra çeken sapardan gelýäs, sag-aman Watana gowuşmagymyzy arzuwlap, adyna Saparmämmet dakaýjak” diýipdir. Emma özünden uly agalarynyň biriniň ady Eýmir bolansoň, muňa-da kiçiliginden Keýmir diýiberdiler, Saparmämmedem unudyldy. Ilçilik-dä, hatda öz unudan zadyňam ýatda bekläp ýörenler tapylýar. Şolaryň biri ýaňky saza usullyk bilen “Saparmämmet” diýipdir-de, yzynam aýtmandyr. Unudylan azan adyňy diňe öýleneniňde nika gyýlanda hemem öleniňde jynazaň okalanda aýdylýar. Sazyň öz adyndan turýanyny Keýmirem aňdy “Ýöne eýýäm il alyp göteripdir, indi üýtgetdirip, ünsi çekmäýin, “men-dä şol” diýen ýaly, halymsyran ýaly bor, halkyň öňüne çykan adama bir heň-ýarym heň çalnaýanda-da gelişmän durmaz, şondan artygy köplük eder, çylkasyzlyga elter.” Nedirguly abşar maňa hem tabakdaş aşna, hem duşman, türkmenlere eden haýram bar, kylan zeleli welin çakdan köp, ýogsa ol pukara hojalykdan çykan, eneden-atadan ir galan ýetimek, garyplygy-horlugy gören, gul edilip, itiň güni başyna salnyp, bazarda satylan... Oklaw ýaly göni ýöräýjek ýaly-da. Emma ol gazap atyna atlanyp, adamzady mynjyratdy, oba-kentleri, ýurtlary ýere tekizledi. Galplyk bilen dereje merdiwanyna münen, tagta çykansoň, dürs ýörärmi?! Bar bilýäni ters, dürsi näblsin? Sada halk-a ýurtda gopýan haramylygy patyşa bilýän däldir öýdýär, patyşa-da haramylygyň özünden turýanyny halky bilýän däldir öýdýär. Dogrusyny aýtsaň, Nedirguly dilewarlyga gezek gelende ökde. Ol hemişe nutuk aýdanda “Soltanyň sözi – sözleriň soltanydyr” diýip, dogumly-batly sesi bilen müňlerçe leşgerini agzyna garadyp başarýar. Köplenç welin gürrüňleri bulam-bujar, sebäbi ol bulam-bujarlyk beýnisinde bar, şere haýyr diýip, ýamanlyga ýagşylyk diýip düşünjek bolsaň, kelläň bulaşar-da! Özgelere ýazdyryp, öz adyndan ençeme jilt kitap basdyrdy. Ýer astyndan suw goýberen çemeçillerem öňki Tahmasp şanyň adyndan ýazyp, gowşuryp ýetişmedik kitaplarynam Nediriň adyndan güzletdiler, taýýar aşyň eýesi Nedirem muňa monça. Elbet-de, bargitsin-mugtuna däl, Nedir şanyň ady bilen ýazanlara pesinden bir ýap boýunyň müşripligi ýetýär. “Nedirnama” diýip, özi hakda kitap ýazdyrdy. Hatdat mürzeleriň dilewarsyrap, tow berlip, aýnak ýazlan namalaryna öz goluny goýup, möhür basyp, gaýry patyşalara azm urdy, dowul saldy. Öz ýalanyna özi aldandy, haty düzüwli okap bilmeýän, kitap ýazarmy, ýykyl dünýe, bas meni! Keýmiriň ýadynda galyşyna görä osmanly patyşa Nedire şu haty iberipdir: Goşunmyň sanyny sen biler bolsaň, Seret ýyldyzlara, sen görer bolsaň. Osman nesli eger göterse meni, Pereň penjesinden gutarsa meni, Şeýle bir uraryn agyr gürz bilen, Birbaş gidersiň sen tä Mazenderan. Bu hata jogap edip, mürzeler hat ýazdy, Nedir şa-da öz möhürini basdy: Daň atanda, ertir ýüzüni açyp, Ýyldyzlar asmandan giderler gaçyp. Bürgüt gorkmaz, baýguş bolsa köp sanly, Iki ýüz rumla deň jübüt horosanly. Haýdar nesli berse işime rownak, Konistantinopolda dikerin baýdak. Bary öwsüp giden batça ýok, bir sahypa galmady, ýele sowruldy, bary ýitirim. Bu-da, belki, bähbidedir. Ýöne Nedir şa barada döwürdeşlerine ýazdyrylan kitaplar galyp, üstünden ençeme asyrlar geçip, “Asyl Nedir şa gowy adam eken-ä, ine, ol barada pylan-pylan kitaplarda ýagşylykda ýatlanýar” diýip, ynanjaklaram bardyr. Taryh sapak edinmeseň, ol ýene gaýtalangyç. Nedirguly gadym döwürde Nuhuň neberesinden Babyl diňini galdyrdan Nemrut patyşa, perside-teňňe zikgeledip, ýüzüne “Ärsak – Hudaý” diýip ýazdyran Nusaý patyşasy kibi, “Enel Hak” diýen sopular kimin özüni Hudaý saýdy, “Tagsyr, siz biziň ýerdäki hudaýymyzsyňyz” diýen söz gulagyna hoş ýakyp, öwgini ýalmawuz deý gapyp ugrady, “pygamber” onuň üçin kiçiräk. Bir gezek ýörişe ugranda dynman ýagyş ýagypdyr. Nedir şa ähli top-tophanalaryna ok sürdürip, bulutlara garap atdyrypdyr welin, ýagyş diňäýipdir. Muňa göterilen Nedir şa asmana garap, elini ýokaryk kelemenledip: --Sen Kadyr bolsaň, men Nedir! – diýip, Ýaradana haýbat atypdyr. Ininiň-boýunyň iliňkiden üýtgeşik däldigine garamazdan, halatly kişidigine, göwnüne getireniniň amala aşýandygyna, aýdan gepiniň ýer tutýandygyna, perişdeleriň häli-şindi ganatlary bilen kakyp geçýändiklerine Nedir indi bigüman ynanýar. Özem geň galýar “Men bir zat diýýän welin, hökman bitäýýär” diýip. --Uzak ýoldan ýadap gelýärkäm pylan dag öňümden çykyp, daşdan aýlanmaly edýär, meni ýolumdan sowarça kim bolupmyş ol? Ýaryň şony, peýkun kylyň! – diýip, buýruk beripdi, näderler, sürdüler galyň bendäni ýüz müňläp. Gitmezmiň eliňe pilmi, paltamy, teşemi alyp? Daş gaplanan haltalary çekmezmiň gerdenläp allaowarra? Bir ýyl bolmasa, iki ýyl. Iki ýyl bolmasa, üç ýyl. Gijäň-gündiziň ýok. Ýaraýan-ýaramaýanyňa kim gulak asar? Şadan perman barmy, bar. Eglenme, bar, ýumur dagy! Ahyry bir dagy-ha sogurdylar köki-damary bilen, daş döküp, gül ýaly ýerlerem sandan çykardylar. Aý, bu dagy ýene toýlaýmaly. Hywany ýumrup, bir depim gumy bilen halta-çuwala saldyryp, Eýrana çekdirip ugramadymy? Eşekli, gatyrly, atly, düýeli... Garryň-ýaşyň, aýalyň erkegiň, hatda göwreli gelinleriň arkasyna torba daňdyryp, paý-pyýada Hywadan Abywerde deňiç, ýadap dursaň, gamçy bilen saýdyryp, onda-da turmasaň, gylyçdan geçirip, Abewerddenem ilerik dag etegine bir ýere çekdirip, şol gumdanam gala saldyrdy – Nedirgala. Hywanyň deň ýaryny ýumurdyp, galanyny ýaşulylar, sylanylýan adamlar il bolup aýagyna ýykylansoňlar ýykdyrman goýupdy, gumy getirdip dökdüren ýeriniň adyna-da Hywaabat goýdy. Şu çekip-çydalmaz görgüleriňem aňrysynda halkyň haýryny-zelelini bilmeýän, gurrumsagyň “Meniň aýdanym bitäýýär” diýen boş lapy dur. Bir farsah meýdany eýeläp ýatan Nedirgala indi çalam-çaş. Dagap, kesek bolup ýatyr indi. Üstüne ot örüp gidipdir, özem ol otlar bu jelegaýlarda görlen däl. Keýmir olar ýaly ösümlikleri Hywada kän görüpdi, ýapraklaram, güllerem, hatda, ysam üýtgeşik. Gowsunam edip göreýin duýýär-le Nedir şa arasynda käýarym. Nişapurda bir çeşmäniň suwy etekdäki bäş sany çarwa oba oňly ýetenok, elmydama suwuň üsti gyzyl-gyrlym. Nedir bu gopgun-jenjeliň najadyna garaýandan bolup, hile alajyny tapýansyrap, bulagyň gözbaşyny pilli-paltaly gazdyryp, suwuny has köpeltmek isledi, şalyk gaznadanam dünýäniň harajatyny çykaryp, birgiden wagt kösäp, ýüzläp adama jepa baryny çekdirdi. Iň soňunda-da, me saňa gerek bolsa, çeşmäniň öňküje suwam sogulyp, gurap-taňkyrap galaýdy. Bäş obanyň ilatyna-da öýüni-öwzaryny taşlap, aglap-eňräp, başga mesgen gözläp, awaraçylyk çekmek ýetdi, ine, “Meniň aýdanym bitäýýär”-iň soňy nirä gelip direýär. Muňa patyşanyň haram tüýem gymyldanok, biçäre halkyň welin paýy pygan-agy-efgan. Ýogsa Nedir çagaka kakasy Ymamguly possunçy ogluna janygyp aýdypdam-la “Sen bidöwletiň ýanaşan ýerinde heran-haçan düzüwlik bolmaz, nireden meniň maňlaýymdan çykdyň, itataly Hudaý gargan!” diýip. Bolan iş şü – özi ýaly deň-duş çagalar bilen orakatdy oýnuna gyzyp, işiklerindäki mallary otsuz aç goýdy, kaksy biläýse-de näme, güýlüp, hamyny sypyrjak. Teläriň aşagynda ganarlara dykalanyp salnan deri eýlenýän kakadylan nar gabyklaryndan üç sygyryň öňüne-de tabagy münderläp, mal nowalaryny dolduryp, guýubilenini guýdy, aç sygyrlaram nätsin, başga zat tapmansoň hemem deljeräk görüp, gaty gabyklary birýandan işdämen iýip ugradylar. Ýeserligini ejesem, dädesem aňşyrmady, göýä mesele birbada bilniksiz çözläýenem ýaly. Emma ertesi sygyrlaryň üçüsem çişip ýatyr gölerip. Art aýaklaryny ýokary galdyryp, ölüp, gatap galypdyr. Bu haramzadalyk kimden çykdy, kim günäkär – Nedirguly. Iýen taýaklarynyň tagamy soň-soňlaram bedeninden çykmandyr, taýak dälini ýola getirse-de Nediri üýtgedip, mugyra getirip bilmedi, gaýta bujurygy artdy, beteri çykdy, dur öňünde durup başarsaň. “Meniň aýdanym bitäýýär”-iň asylky sebäbi, Nedirgulynyň çagalykdan diýlene-aýdylana düýpden ters düşünmegi. Doly diňlänok, alyp gaçýar. Has dogrusy, düşünenok, seniň aýdýanyňy däl-de, öz diňläsi gelenini eşidýär. Ine, onuň ýalňyşynyň başy. Dädesi bir iş buýursa, hoş diýýär, iki ätmänem, aýdylany ýadyndan çykýar, ýaňadan soramaga-da çekinýär. Bilşiçe-düşünişiçe edýänem – hemişe ters. Patyşalykda-da arza-dada gelýän halk-a bir zat diýýär, onuň çykarýan netijesem raýatlaryň maňlaýyny garaldýar. Keýmir serdar ýakasyny tutup, “Naguzi-billa, oňa ýalkaw ýokdur” diýip, hälki başlan pikirini ýene dowam etdi: --Dostduk diýsem-de, ol meniň iki dogup bir galanym däl, ýaşaýyş-oturym tapawudymyzam, ýaş tapawudymyzam bar, ol menden ep-esli uly. Men çölde, ol dagda. Köp habarlaşygymyz ýasawullaryň üstünden. Bizi dostlaşdyran durmuş diýilýän närse, birde ol geldi ýanyma haraý isläp, birde men bardym. Birde ol çagyrdy toýuna, birde-de ýasyma gatnaşdy. Ýöne matlaplar deň gelmese, dostluk duşmançylyga aýlanýan eken. Jähennem! Öz başyny özi gemrip-iýip gitdi. Dost hökmünde, türkmen hökmünde meniňem aýtmadygym-a galmady, geçirdi gulagynyň duşundan, ýurduma agyz urup, dostlugy duşmançylyga öwürdi. Pent tutmaz tersýoňka diýilýäni-dä. Geçeni geçdi bileli. Setanda belent daglaryň depesine çykyp ýa-da suw düýbüne çümşüň deý, pikirleriňem birde çür başyna dyrjaşýarsyň, birde teýkaryna çökýärsiň. Ýöne ýene aýlanyp-dolanyp öňküje duran ýeriňe köwlenýärsiň. Garry serdaryň pelek, Eýran bilen bagly ýatlamalary öz durmuşyna tarap böwet ýardy, pikirleri Köpetdagdan gaýralygyna akyp ugrady: --Hany, meniň ornuma kim bar? “Aý, kimi goýaňda, oňarmaz öýdýäň” diýen akmak pikir-ä aýtjak däl. Dessalymyň içinde iliň çamalagyny çaşyrjaklar, ýüz ýyllap geçilen ýoly iki ýüz ýyllyk götin sürjekler kän. Olar ýanaşsa, iş gaýtdygy, töweregine ýurtdaky nirde bir aznawur ýuwdarhalary toplap, çoh pekge-bidöwlet dost-ýar, tanyş-bilişini, garyndaşsumaklaryny üýşürip, il ryskny eňňerä öwrüp, töwirini galdyryp, topuny atarlar, bu – dowar süriňi wagşy börä ynandygyň. Onda halkyň öňüne düşmäge kim has mynasyp? Kim galdyrar ezenekden, kim dirär alynyndan halkyň? Kim il-güni döwlet gurmak –türkmeniň daýymy-binasyny gurmak ýolundan äkider? Halkyň öňüne düşüp bilýän, begler, gerçekler bolýar, ol işi her kim başarmaýar, onuň üçin ýörite öň eneden dogulmaly! Annaseýit Wekil bar – naýybym-orunbasarym! Ýörände aýagyna ýol bolsadym, paýandaz bolsadym diýdirýär. Başga-da Hany Garaja bar, Pirmuhammet batyr bar, Didar sarygecili bar. Olaryň herhaýsam serdarlyga biçeme däl welin, köpüň gözi-hä Annaseýit Wekilde, meniňkem. Tüweleme, menikli, gyldyrgany dikligine iki bölýän adyl. Hywanyňam, Buharanyňam, Eýranyňam, Owganyňam dilini tapýar, giden ýerinden iş bitirip dolanýar, her işde maňa geňeş berip ýör-ä. Uly ili agzyna garadyp oňarýar, diline guwanylýar. Eli açyk, ili üýşürip, nan-u aş, nan-u nemek döküp bilýär. Ýedi arkasam düzüw ýerden çykan welin, has beterem özüni bilip, iliň ortasyna çykyp, eýläp-kylanlary gözüňi dokundyrýar, ýigidiň aslam gerekdir welin, soňunyň neneň-niçikligi has wajyp. Atasynyň kimligi ýaly ogul-gyzynyň edim-gylymy, edep-terbiýesi ne kişiligiňi ýagşy görkezýär, döwletli maşgalasy bar. Taýpa başy saýlanyp, milletiň başyny şol çekse, ugur öňedir, enşallah. Ömür bu az pursatlyk möhlet, wezipe-dereje, susak sapy ýetdimi, et biçäre iliňe-günüňe haýry, aňryňdan ýetmiş arkaň, indi dünýä injek neslleriň saňa buýsansyn, il alkyş okasyn. “Ogluň Aýnazar hany ýa-da özüňkilerden-utamyşlaryňdan birini ýeriňe goýaýsaň-a” diýip, Keýmiriň gulagyna astaragadan pyşgyryp- syzdyranlaram bar. Keýmir serdar olary-ha ikini islemez ýaly edipdi, şondandyr-da soň bu sözi aýtmaga känbir ýürek edip bilen ýok. Ýöne Hojam aga bir diýdi, iki diýdi, sylagly kişi-dä. “El egrisi özüňedir, bu yrýasyz söz meniň tapýan gepim däl, köneden gelýär...” Hojam aganyň-a ýüzüni demir darak bilen daramady, sypaýylyk bilen. Muhammet pygamberiň öz ornuna doganoglany hem giýewsi Aly Murtuzany goýaýman, Ebubekir Sytdyhy wesýet edişini ýatlady. Soňra Omar Faruk, Osman Zinnuraýyn. Diňe şondan soňam Hezretala halyflyk nobat ýetýär. Hojam aga öňki tekrarlap ýören kelamlarynyň özüne dolanyp gelmegine endigine görä “eýsem-de” diýip, garşy çykyp bilmedi, nädip çyksyn, ybratly sözler-dä. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |