09:59 Çingiz han / taryhy roman | |
ÇINGIZ HAN
Taryhy proza
«Çingiz han» atly bu eser ýazyjy W.Ýanyň dünýä belli trilogiýasynyň birinji kitabydyr. Romanda Horezm döwletiniň halklarynyň mongol-tatarlara garşy alyp baran gaýduwsyz göreşleri, halkyň däp-dessury obrazlaryň üsti bilen ynandyryjylykly beýan edilýär. BIRINJI KITAP • BEÝIK HOREZMDE ASUDALYK BIRINJI BÖLÜM • DERWÜŞ ÝAPYNJASYNDA Birinji bap • ALTYN LAÇYN Biziň üstünde ýaşaýan ýerimiz serilen köne, solan ýapynja meňzeşdir. Ol hemme tarapyndan çäksiz uly suw bilen gurşalyp alnan ada görnüşindedir. (Gadymy arap okuw kitabyndan). Ýazyň ilki başlarynda beýik Garagum düzlüginiň çäge aňňatlarynyň üstünde gijigen gar syrgyny möwç urýardy. Çägäniň arasyndan kynlyk bilen çykan selçeň, egrem-bugrym çerkez-çetileri gazaply ýel galgadýardy. Gar bolsa ýerden göge göterilýärdi. Bir hüjüräniň ýanynda on-on bir sany düýe bitertip üýşüp, biri-birlerine gyslyşyp durdy. Bu kerweniň adamlaryna näme bolduka? Düýeleriň üstündäki agyr ýükleri näme üçin düşürmändirler? Düýeler gardan dolan tüýlek kellelerini ýokary galdyryp, hasratly bozlanda, olaryň sesi ýeliň şuwwuldysyna gatyşyp gidýärdi. Uzakdan jaň sesi geldi... Düýeler şol tarapa seredişdi. Bir gara eşek göründi. Eşegiň yzy bilen bolsa, onuň guýrugyndan ýapyşyp, uzyn ýapynjaly we Mekgä zyýarata gidip geleniň alamaty hökmünde çüri telpeginiň daşyna ak peş saralan, derwüş¹ sypatly, sakgallak bir adam zordan ýöräp gelýärdi. – Haýdaweri, haýdaweri! Ýene birnäçe ädim ädeweri, onsoň saman paýyňy alarsyň. Oňa bir seretsede, wepaly dostum Bekir, biz kimlere duşduk! Düýeleriň ýanynda olaryň eýeleri-de bardyr, hyzmatçylar bolsa eýýäm ot ýakandyrlar. Oduň başyna on adam ýygnanan ýerde eýsem on birinji üçin birki agyz şüle tapylmazmy? Eheý, ynsmysyň-jynsmysyň, dillen? Musulman bendeler, ses beriň! Hiç kim ses bermedi. Kerweniň iň öňündäki düýäniň boýnundaky çat açan jaň güňleç jaňňyrdady. Üstüne gar syran ýolagçy eşegini öňüne salyp, daşy pessejik haýatly jaýyň daşyna haýallyk bilen aýlanyp çykdy. Ussatlyk bilen haşamlanan gapynyň daşyndan taýak direlgidi. Jaýyň syrtynda, çäge aňňatlarynyň arasyndaky bir meýdançada, akly-garaly daşjagazlar bilen yhlasly bezelen sessiz-sedasyz mazarlar hatarlanyşyp ýatyrdy. Ýolagçy öz eşegini gamyş bassyrmanyň aşagynda baglap duran ýerinden: – Derwüş Hajy Rahym Bagdady size salam berýär, eý ýuwaş jülgäniň hemişelik uklan hormatly mekançylary! – diýip hümürdedi. – Bu sedasyz üýşmegiň müjewüri niredekä? Ol, belki, jaýdadyr? Derwüş bir ala torba çörek dograp, ony eşeginiň başyndan asdy. – Wepaly dostum, azygymyzyň iň soňky galyndylaryny sana berýärin. Iýmit saňa has gerekdir, Biz şu gijeden doňman çyksak, ertir sen meni süýräp äkidersiň. Men bolsam bereketli Arabystanyň hurma agaçlarynyň astynda günüň bizi nähili gyzdyrandygyny ýatlap, şosa çoýunaryn. Derwüş gapa direlgi taýagy aýryp, taşlady-da gapyny açdy. Jaýyň ortarasyndaky ojakda sönen oduň közleri kül bolup ýatyr. Jaýyň ýokarysy gümmez bolup, süýr depesinde tüsse çykýan deşigi bar. Törde bolsa, diwara arkalaryny berip, dört sany adam çommalyp otyr. – Essalawmaleýkim, hudaýyň eziz bendeleri! – diýip, derwüş seslendi. Oňa jogap bermediler. Ol bir ädim öňe ätdi. Oturanlaryň butnamazlygy, seslerini çykarmazlygy we ýüzleriniň ak tamlygy oky dessine gapa tarap tesmäge we syçrap daşary çykmaga mejbur etdi. – Hajy Rahym, sen towşan ýürek bolmaly dälsiň. Dört sany öli adam kimiň kepene çolaryňa garaşýar. Sen geda we aç bolsaň-da, entek güýjüň bar, jahanyň tükeniksiz ýollary bilen entek selpäp bilýärsiň... Ynha ýanyňda bolsa, eýesini ýitiren bütin bir kerwen dur. Islesem, bu gymmat-gymmat ýükli düýeleriň eýesi bolup bilerin. Emma adalat gözläp ýören derwüşe hiç bir dünýä maly gerek däl. Ol garyplygyna galyp, aýdym aýdyp, öz ýoluna gider. Ýöne welin janawer haýwanlara rehim etmek gerek. Derwüş ol düýelere aýlanyp, olaryň çolaşygyny açdy, biri-birine ýanaşdyryp, çökerişdirdi. Ýükleriň arasyndan bir halta arpa tapyp, ondan düýeleriň her biriniň öňüne birnäçe goşawuç dökdi. – Beýewar biri: «Heý Hajy Rahym ömründe bir sogap iş etdimikä?» diýip soraýsa, bu düýeler: «Bir sowuk syrgynly gün şol derwüş bizi iýmledi, şol sebäpli biz doňman galdyk» diýip hemmesi birden aýdar. Aýaklaryny aşagyna ýygnap, irkiljiräp ýatan eşegine arkasyny berip, derwüş uzynly gijäni bir desse gamyşyň üstünde ýatyp geçirdi. Säher bilen ýel turup, gara bulutlary syryp alyp gitdi, gündogardan bolsa gün göründi. Mazarlaryň üstüne düşen gyzgylt şöhleleri görüp, derwüş ýatan ýerinden tisginip turdy. – Ýolagçy ýolda gerek, Bekir, gideli! Galan arpany eşegine ýükläp, derwüş jaýyň içine ýene bir göz aýlady. Diwara arkasyny berip oturan ozalky dört adamyň deregine bir adam galypdyr. Ol adamyň açyk gara gözleri öçük we gyrpyllaman seredýärdi. – Eý gudratly hudaýym, hany beýleki ölülere näme bolduka? Weý, olaryň özleri gabra giräýdimikä? Howul bela, sowul bela! Ýok, Hajy Rahymyň bu ýerde galasy gelmeýär; ol ýoly bilen bolar, Horezm şäherlerine gider, şadyýan adamlaryň köp ýerine, parasatly adamlaryň süýtdür bal kimin ýakymly söz-söhbetleri seçilýän ýerine gider. – Mana kömek et, musulman bende! – diýen gyryk ses çykdy. Oturan adamyň epeý sakgaly gymyllap gitdi. – Kimsiň? – Mahmyt… – Horezmlimisiň? – Mende altyn laçyn bar... – Essapyrylla! – diýip, derwüş geňirgendi. – Musulman bende, ölüp barýarka-da laçyny ýadyna düşýär! Bir owurt suw iç hany! Ol suw kädiden birnäçe owurt suwy zordan owurtlady. Onuň oňly seljermeýän gözleri derwüşe düşdi. – Meni erbet ýaraladylar... Gara Hanjaryň garakçylary... Meniň üç hemram ajy ölüme garaşýardy, kimdir biri gapyny aňyrsyndan ýapyp gidipdir, biz şol sebäpli çykyp bilmedik... Sen musulman bolup, musulmany gara günde goýup gitseň, ol gandarlykdan hem erbet bolar... Kelamullanyň aýdyşy şeýledir... – Ysytma tutýan ýaly, onuň dişleri şat-şat edip gagşaýardy, elleri bolsa derwüşe tarap nalyş bilen uzady-da, mejalsyzlyk bilen aşak iýndi. Ol gapdalyna ýykyldy. Hajy Rahym näsagyň ýüň mata geýiminiň bagjygyny çözdi. Onuň döşünde garalyp duran ýaradan gan akýardy. – Ganyny duruzmak gerek. Näme bilen daňsamkam? Ýaratynyň beýle ýanynda ökdelik bilen dolanan bir selle ýatyrdy. Derwüş ony alyp, çözlemäge başlady. Ýuka selläniň içinden bir süýrüräk ýasy altyn gaçdy. Derwüş ony eline aldy. Onuň ýüzünde ganatlaryny gerip duran bir laçyn ussatlyk bilen çyzylypdyr hem-de ýodajyk bilen ylgaşyp barýan garynjalara meňzeş harplar bilen bir hat ýazylypdyr. Derwüş böwrüni diňläp, ýaratynyň ýüzüne has üns berip seretdi-de: – Bu adamyň ýüzünden, geljekde dünýäni titretjek beýik işleriň howurly şöhlesi duýulýar. Munuň bir ölüp, soňra dirilmeginiň syry-da şoldur. – diýip pyşyrdady. – Bu beýik tatar kaganynyň² paýsasydyr³. Bu altyn laçyny ýygnaýyn; näsag öz akylyna aýlanyp, güýjüne gelende, men ony özüne tabşyraryn – diýip, derwüş ýasy altyny guşagynyň gatyna gysdyrdy. Ol köp iş edinip, näsagyň ýaraly döşüni ýuka selle bilen sarady. Soňra ol hüjüreden çykdy-da, çöküp oturan düýeleriň birini turzup, hüjüräniň daş işigine idip eltdi. Düýäni çökerdi, näsagy göterip eltdi-de, bugranyň tüýlek örküçleriniň ortasynda oturdyp, ony çöpür ýüpler bilen daňyşdyrdy. Gün guşluk galanda, çala bildirýän sähra ýodasynyň ýany eräp ugran garynyň üsti bilen derwüş ýöräp barýardy. Onuň yzyndan eşegi-de galman dirkilleýärdi. Eşegiň yzyndan bolsa belent bugra endigan yranyp barýardy. Onuň üstündäki daňylgy näsag adam biygtyýar gaýkyllaýardy. – Haýdaweri, Bekir! Gürgenje⁴ tizräk ýeteli, ol ýerde saňa bir gujak bede häzirdir. Bu ýer gorkuly. Birden baýyrlaryň aňyrsyndan garakçy Gara Hanjar çykyp, seniň eýäňi gul eder, seniň bolsa gara deriňi boýnuňa ýygrar. Bu ýerden tizräk gideweräli! __________ 1 Derwüş – parsyça «diwana, gedaý» diýen sözdür. Derwüşler özbaşlaryna bir topar bolup, piriň ýa-da şyhyň baştutanlygy astynda birleşýärdiler. Derwüşler meýletin garyplyk nyşany hökmünde, bilgeşli köp sanly bolar-bolmaz ýamalar salnan ýapynja geýýärdiler we guşak guşanman, ýüp guşanýardylar. Ilki başlarda derwüşleriň arasynda filologiýa meseleleri bilen meşgul bolýan meşhur şahyrlar we alymlar hem bardy. Soň-soňlar derwüşler kesellileri okamak bilen bejerýän kişi bolan bolýan, pal atmak, doga satmak we her dürli aldawçylyk bilen meşgul bolýan mugthorlara, halkyň düşünjesizliginden we nadanlygyndan peýdalanýan hilegärlere öwrüldiler. 2 Kagan – «hanlaryň hany», mongollaryň we tatarlaryň hökümdary. 3 Paýsa – ýüzüne Çingiz hanyň hökümi ýazylan ýasy metal ýa-da agaç tagtajyk; paýsa mongollaryň soraýan ýerleriniň hemmesinden erkin geçip gitmek üçin rugsat hatydy. Paýsa uly-uly hukuklar berýärdi: ýerli häkimler paýsaly adamlara kömek bermelidiler, ulag we azyk bermelidiler, ýanlaryna ýola belet adamlary goşup goýbermelidiler. 4 Gürgenç (Ürgenç) – Horezmiň Amyderýanyň aýaklarynda ýerleşen, soňra mongollar tarapyndan weýran edilen paýtagty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |