11:54 Çörek hakynda oýlanma / poema | |
ÇÖREK HAKYNDA OÝLANMA
Poemalar
I. Ygşyldap otursa mawy asman dek— Sümmülli meýdanyň duşundan geçsem- Her sapar, her sapar oýa batýan men— Sümmülli meýdanyň duşundan geçsem. Sümmülli meýdanyň duşundan geçsem, Bir mukaddes duýgy ornap süňňüme, Başym egip, togap edýän alnyma, Hemem aşyk bolýan, syrdam sümmüle. Her sapar, her sapar oýa batýan men, Bu owadan dünýä, keremli dünýä, Ähli gözelligi, gudraty bilen, Şol sümmüliň kereminde görünýä. Dialektikanyň hökmürowany, Onuň ähli ajy-süýjüsin dadan, Suwdan surat bolup, soň gelip-gelip, Ýere-suwa hökmün ýöreden Adam! Kiçiji sümmüliň kermne sygýar, Nirelerde bolsa, gitse-de niräk, Belent-belenr ummanlary ýarmaga, Ol sümmül başlarna arkasyn diräp. Şoň üçin, owadan, ýaşyl asman deý, Sümülli meýdanyň duşumdan geçsem. Başymy egýän-de oýa batýam men. Sümmülli meýdanyň duşundan geçsem. II. ■ Birinji oýlanma Çörek! Millionlaryň alnynyň deri, Howanyň, Ýer, suwuň mähir suwy-ol. Ynsany ýaşatmak, beýgeltmek üçin, Yhlas edip gelýär ömür boýy, ol. Çörek—millionlaryň alynyň deri, Gün, ýer, howa- hem-de ynsap azaby. Dialektikanyň diriligi ol. Hem de ähli ölenleriň mazary. Çörek-arzuw, umyt, uzak ýoluňdyr, Gitseň ummanlara ganatyn ýaýjak. Göreşjekler üçin beýik ýeňiş ol, Hem ömür synmajak keremli baýdak. Çörek diýmek- arzuw, ömür, gözýaşdyr, Ol diriň buýsanjy, diriň namysy. Onuň bäş harpynyň aralygynda, Aýlanyp ýör diriligiň manysy. Çörek-dokluk, dynçlyk, owadan gyzlar. Çörek ynsan mähri, gözümde nurum. Tamdyrdan çöregi çykaryp duran, Zenanyň alynda baş egip durun. III. ■ Ikinji oýlanma. Çöregi owadan bişirip bilýän, Çörek deý gadyrly, çörek deý yssy. Eneler, gelinler, gyzlar köp bolsun, Çörege deňelsin göwulaň asly. Olar çörek deýin owadan mährin, Una garyp, duza garyp ýugursyn. Soň olaň bişiren çöregin dadan, Ähili şer işleriň öýün ýumursyn. Eý, meniň ezizlem, mähribanlarym, Çöregi, şeýle bir bişiriň weli. Çöregiň gyňagyn zaýa etmäge, Hiç haçan, hiç kimiň eli barmasyn. Harlansa çöregiň keremli ýüzi, Yrýa bolsa onuň zerre ownugy. Bu biziň eşreti göterp bilmän, Depeledigimizder äçhli gowlugy. Eneleň ýüzüdir, çöregiň ýüzi, Harlandygy ynsan kalby elener. Nanyň her bölegi enä meňzeşdir, Depelenýän däldir eziz eneler. IY. ■ Üçünji oýlanma. Gözel ymaratlaň çür depesinde, Ýolaýyrtlaň, uly ýollaň boýunda. Baýdaklaň deňinde, hem şygarlaryň, Saralan sümmüliň şeklin goýuň-da. Synlaň, okaň oň keşbine jemlenen, Doklyk hakda paýhaslaryň baryny. Öwreeneliň şol sözlere düşünip, Goramagy, aýamagy nanyňy. Saralan sümmüliň keşbini synlaň, Ol adam keşbine meňzeşdir örän. Çörek hakyndaky poýemaň özem, Çöregiň keremli tozundan dörän. Ynsan, beýik ynsan, sümmüle meňzeş, Saňa dynçlyk gerek, suw, howa ýaly. Sen ýaýnap gezmeli, gezmeli erkin, Sümmül-Ynsan-iki mukaddesligi, Aýrylyşdyrmaga ýetmeýär erkiň. Y. ■ Dördünji oýlanma. Bu dünýäniň deňizi bar, dagy bar, Uly şaglawuklar, agyr köteller. Källerinde ýaşylbaşlar inerler, Durnalary öleňlerden göterler. Bu dünýäniň okeanlarnyň ýaşyly, Baryp-baryp mawy göge ornaýar, Bu dünýäde göwsi süýtli bulutlar, Sähralara inip-çykyp oýnaýar. Bu dünýäniň äpet buzluklary bar, Zawody, GRES-i, demir ýollary. Gämiler, maşynlar, giň aýraportlar, Birleşdirip otyr sagy-sollary. Bu dünýäde gözsüz batyr ogullar, Göge çykyp, ýaşyl dünýä bakýarlar. Bu ýerde deňizler, fabrik-zawodlar, Sähralar, bossanlar ajap ykballar. Görünip dur, Eliň aýasy ýaly. Gögi gögüräjik, agy agyrak. Asmandan garaýaň, soň oýa batýaň, Sümmülli meýdanlar biraz azyrak. Gallaly meýdanlar azyrak heniz, Bize köpräk gerek, ýene-de köpräk... Sebäp, saçak doly bolsa, ynsana, Başy-da belendräk,keýpi köküräk. Uçmak gerek. Gonmak gerek, gowy zat. Arşy açsa, ýeri açsa, açarmyz. Biz nirä gitsegem, gelende gaýdyp, Oňat bordy, doly bolsa saçagmyz. YI. ■ Bäşinji oýlanma Beýle bir aňsat däl, çörekli bolmak, Sürmeli, ekmeli, suwaryp dere, Ormaly, döwmeli, sowuryp täjin, Üwäp, elemeli çörek edere. Kyn. Juda, juda kyn, çörek ýasamak. Ol millionlaň deri azaby käniň. Şonda-da watanda, meniň ilimde, Iň arzan harydy çörek dükanyň. Iň arzan harydy-çörek dükanyň, Dokluk- belli alamaty ilimiň. Mynuň üçin sag bol, babadaýhanlar, Kuwwaty siz bu merdana ilimiň. Eý, sen meniň yrsgal çöken topragym, Bolçulygyň eşret kölüne batan. Bu seniň mukaddes artykmaçlygyň, Sag bol, nanyň üçin, mähriban watan. Biz birden ýetmedik bu bolçulyga, Atlynany pyýadalap kowupdyk. Bir döwümjik nanyň çekip zaryny6, Bu topragy gözýaş bilen ýuwupdyk. Gözýaş bilen suwarypdyk sümmüli, Ony maňlaý derimize garypdyk. Watanyň başyna iş düşen güni, Senden gülle ýasap, mähriban çörek, Duşmanyň çat maňlaýyny ýarypdyk. Ertir dokluk, dynçlyk bolary üçin, Hem watany gorap saklamak üçin, Yrsgymyzy iýmän ýasapdyk galkan, Ynsan diýen ady haklamak üçin. Indi bolsa-çörek- bolçulyk, dokluk, Beýik diriligiň belent sözbaňşy. Sag bolsen, keramatly topragym, Bolçulygyň, bereketiň gözbaşy. YII. ■ Oýlanma Dükana barýarsyň. Ak possuk çörek, Töründen başlanýar, işige ýetýär. Çöregiň hoş ysy diýseň lezzetli. Ol dükanda öýe, işiňe ýetýär. Satyjam ýok, gözegçem ýok, nobatam, Bir goja bir bölek alýar-da nandan, (Ýüz-gözi nurana, çörege meňzeş), Agyr pişeginem aýranok ýandan), Synlaýar haltalap çörek alýany, Bir maşgala kän dälmikä, munça nn. Düşünip bilenok, soragly bakyp, Oň göwnüne çiglik gidýär, ynjaýar. Bir köse ýigitden soraýar goja, --Ogul, munça çörek nämäňe derkar. Düýäme, goýnuma, iýmiň ýerine, Gör, şunça çöregem ýetenok ertä. Gojanyň gözünde lowlaýar gahar, Hyrçyn dişläp, geçmişini ýatlaýar. Kyrk ikiň aýazly okoplarynda, Ýaraly esgeriň döwüm nan sorap, Jan berişin ýatlap bagryn otlaýar. Ýene-de bir ene, ýüzi mähriban, Seretsem syraty çörege meňzeş. Bir gyra çekilip, synladym ony, Ençe külpetleri görene meňzňş. Sarydiş aýaldan sorady ene: --Janym, köp dälmidir bir halta çörek. --Nireden köp bolsun, ol hajymelek, Sygyryma ýetmez, ýene-de gerek. --Possuk ýaly nany neneňsi dözýäň, Ot-çöp iýeninde bolmazmy, sygryň. Ene soňky sözüm aýdyp bilmedi, Bir ýowuz agyry awutdy bagtyn. „Gowgaly kyrk dörtde, nan zaryn çekip, Ýitiren eýjejik balalaryny, „Çörek, çörek“ diýip, iň soiňky demde, Ezizlerniň çeken nalalaryny. Ýatlap, gözde ganly ýaşyn seçeläp, Gaýtdy, ene, nanyn bagryna basyp. Dükanda şowhunly, çöregiň ýany, Ol ene göze-de ilenok, asyl. YIII. ■ Ene agysy. Seniň bir döwümňe zar bolnan güller, Ýatdan çykar ýaly däldir, ahyry. Ot ornan göreçler, solunan güller, Ýatdan çykar ýaly däldir ahyry. „Eje, jan“, Nan“- diýip, zar çeke-çeke, Bala elden gitdi, galyndy ýeke, „Bu niçik zama“ diýp, tutanmyz ýaka, Ýatdan çykar ýaly däldir ahyry. Ownutygy ýaly gandyň, şekeriň, Elemän arpanyň gylçyl-kepegin, Gaýnag göge, hurş bolsun diýp sepeniň, Ýatan çykar ýaly däldir ahyry. Yrsgal göterilip, bereket göçdi, Selme, warkaz baha, dereler boşdy, Başymyzdan neneň gowgalar geçdi, Ýatdan çykar ýaly däldir, ahyry. Kyrk bäşiň maýynda parlady Ýeňiş, Ýaralar bitişdi, gözýaşlar diňip, Şol zulum, ynsanyň ömrüne deňiç, Ýatadn çykar ýaly däldir, ahyry. Kyrk birde ýitirlip, kyrk bäşede taplan, Nangadyryn bilmekligi öwreden, Bu günki dyokçulyk, synmaz döwletem, Ýatdan çykar ýaly däldir ahyry. IX. ■ Gojanyň oýlary Bu topragyň her gysymy mukaddes, Gerçekleriň gany bardyr, ganynda. Şu eziz toprakda öneni üçin, Halallygyň, erkinligiň, mertligiň, Tagamy bar, höziri bar nanymda. Kyrk bir bilen kyrk bäşinjiň içinde, Ol nan gülle, galkan edilen nandy. Ol nanda yzymyzda umytly bakan, Ezizleriň arma, azaby bardy. ...Nan juda zerurdy. Uruş uruşdy. Esgeriň egninden ýagýardy gülle. Öňüň-yzyň duşman, çar ýanyň duşman, Ýokdy belli serhet, belli bir pelle. Hemme ýeriň watan mukaddesligi, Goramaly, söweşmeli,ölmeli. Kuwwatdan düşeňde, nan üçin giden, Esgerleň ýolunda, esger gözleri. Nanyň gelerine gözlerin dikip, Hem duşman güllesin ibermän saklan. Gül ömrüniň gunçasyny açmadyk, Esger bedeninden al gany akýar. Ol ahyr ýykylýa ene topraga, Baky gurban eýläp şirin janyny. Şeýdip kän gerçekler gözlerin ýumdy, Dirilere goýup iýjek nanyny. Olaň pasýy bokuradkdan geçmeýär, Kiçijik poýoklar galýar durşuna. Soň şolar gezelýär haýyn duşmana, Öwrülýärde, ýanyp duran gurşuna. Ine, şeýdip ýeňdi ol mukaddes nan, Ol ähli zulumlaň ýüregin ýardy. Sebäbi şol nanyň gykyndygynda, Şöweşde ahmyrly ýumulan gözleň, Yzdaky ezizleň umydy bardyr. Bu gün ony, heý-de, harlap bolarmy, Düýämi, sygrymy goýýan diýp, baka. Il-gün diýip başyn goýan gerçekler, Oýlanyň, oýlanyň, iýjek nanyny, Bize, şeýdiň diýip goýdularmyka. X ■ Döwürdeşlerime ýüzlenme. Säher bilenişe barýar adamlar, Ýüzlerde ýok gam-gussanyň nyşany. Gör, asuda ilde ýetişen çörek, Neneň gözel görkezýär bu ynsany. Säher bilen didesini güldürip, Gül ýüzli çagalar ýylgyryp barýar. Olaryň ýüzünde, gara gözünde, Bu halal çöregiň şuglasy ýanýar. Ýanýar ýüregmizde buýsanjyň ody, Gursagmyz guwançdan, begençden doly. Dynçly, dokluk bilen, päk zähmet bilen, Mundan-da has bagtly, mundanam oňat, Geljege äkidýär döwrümiň ýoly. Ynanmazlyk mümkin däl bu gudrata, Elde halallyga eýlenen çörek. Şol çöregi aýamagy, Adamlar, Başarmak we ýene başarmak gerek. Çöregi harlanyň ýüregi ýokdur, Ýokdur onuň ynsanlygynda derek. Çörek- watan kimin mukaddeslikdir. Çörek-ene ýaly keramatlydyr, Çöregi şolar deý goramak gerek. ■ Soňlama Sümmülli meýdanyň duşundam geçsem, Bir keremli duýgy ornap süňňüme. Baş egip, alnyma togap edýärin, Hem-de aşyk bolýan syrdam sümmüle. 12-25.oktýabr.1985. Öwezdurdy NEPESOW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |