10:36 Dadalogly we onuñ goşgulary | |
DADALOGLY
Dadalogly XIX asyrda Günorta Anadolynyň Çukurowa, Adana, Kaýseri, Maraş sebitlerinde ýaşap geçen türkmen şahyrydyr. Onuň kakasy hem Aşyk Musa ady bilen tanalýan şahyr bolupdyr. Dadaloglunyň il arasynda giňden tanalýan şahyr bolmagyna kakasynyň döredijiliginiň täsiriniň az bolmandygy edebi çeşmelerde bellenilýär. Häzirki zaman ylmy çeşmelerinde Dadalogly öz döwrüniň ylmy ýetik bir ruhany kişisi bolmak bilen, obalarda mollaçylyk edendigi barada hem ýatlanylýar. Halk şahyry Dadaloglunyň eserlerinde bir tarapdan, Göroglynyň merdana är ruhy, beýleki tarapdan, Garajoglanyň aşyk ýüregi aýdyň duýulýar. Dadalogly olaryñ ruhuna daýanýar, olary özüniň ruhy halypasy saýýar. Halk şahyrynyň şygyrlaryny okanyňda, şol döwrüň ruhuny, medeniýetini duýup bolýar. Ol halk bilen ýaşaýar. Halkyny, il-gününi, ýurduny ezizläp söýýär. Obasynyň ýigitlerini wasp edýär. Ol: «Ýörüň, arslanlarym, ýörüň ileri» diýen ýaly goşgy setirlerini ýönelige ýazmaýar. Onuň «Watanym, ilim-günüm» diýip duran joşgunly ýüregi goşgy setirlerine siňip gidipdir. Dadaloglunyň asyl, hakyky ady Weli bolupdyr. Ýöne halk edebiýatynda ol «Dag ozany», «Aşyk ozany Dadal» atlary bilen giňden meşhurdyr. Göroglynyň «Daglar, heý», diýip, daglary wasp edişi ýaly, Dadaloglynyň seždegähi hem daglardyr. Şonuň üçin ol «Perman padyşanyň, daglar biziňdir» diýýär. Dadalogly diňe bir başy dumanly daglara däl, eýsem, gözellere-de aşykdyr. Şahyr şygyrlarynda türkmen gelinlerini ýüreginiň ýagyna ezip söýýär. «Nirde gözel görsem ismin ýazaryn» diýip, öz heňi bilen olaryň waspyny ýetirýär. Alma ýaňakly ýaýla gyzlaryny sazynyň tellerinde uçurýar. Näzli bakyşlaryny «Hüýrmüdir, melekmidir bilinmez ýa-da «Synam urdy bir kirpigi hanjary» diýýär. Dadaloglunyň şygyrlarynda ynsanyň in zerur ýaşaýyş çelgisi – ruhubelentlik hem okgunlylyk bar. Şonuň üçin onuň şygyrlary dilden düşmän gelýär, ýüreklerde baky ýaşaýar. ■ TÜRKMEN OGLY Mündügiň at Aşkarmydyr, ýa Düldül, «Ümzügim düýedir» diýr türkmen ogly. «Eýerlän gyr atym çapman galmasyn, Müner döwüşerin» diýr türkmen ogly. Aly paşşam her ülkäni baglady, Ah etdi-de torum deýin aglady, Her obadan üç-bäş ýigit ýygnady, Gerçekler toplansa bir türkmen ogly. Öý çadyry köpdür, goşuny pena, Söweşen ýigitler boýaýar gana, Kesapatyn çeker doguran ene, «Gezlige syryk daň» diýr türkmen ogly. Gara Ahmet hiç etmegil sen dady, Ol geçen ýyl atamyzy synady, «Meniň kowudygymyň galkmaz ganaty, «Çekerin çengeni» diýr türkmen ogly. Elinde gargyşy, oýlukda setir, Kesilen kelleler meýdanda ýatar, Gorkma begim, gorkma salawat getir, Arkamyzdan gelen goç türkmen ogly. Gezdir, Dadalogly, gyr aty gezdir, Nallary dökülmiş täzeden düzdür, Galamyň ujuna ýalkawyň ýazdyr, Ilbeg Sadyk bege ber, türkmen ogly. ■ DIŇLÄŇ, AGALAR! Diňläň eý, agalar, bir söz aýdaýyn, Bir näzenin meni sözden gandyrdy. Söz berdi-de, özi dändi sözünden, Egsikleri üstümizden güldürdi. Dakyn, eý söwdügim, kemeriň guşan, Däli bolar seniň söwdaňa düşen, «Dostum nirde?» diýip gelip soraşan, Muhabbeti uzak ýerde galdyrdy. Seniň üçin geýerin men allary, Yrak idi, ýakyn etdiň ýollaly, Höwes-güwes ýetirdigim gülleri, Gorkýan, ony nämähreme ýoldurdy. Dadalogly diýer ki, bakyň halyma, Degirmen aýlanar gözmüň siline, Ynanman gözeliň datly diline, Barça meni serserine doldurdy. ■ AT GEREK At gulagny dikmiş, gözüni süzer, Ýaşylbaş ördek deý çöllerde ýüzer, Çyrpynanda akja jerenler tozar, Seýkini sil, ýigde seýkin at gerek. Eý, agalar sözmüň dogrusy şeýle, Nogsany bar bolsa, gel maňa söýle. Türkmene bir ýaýla, at, dowar eýle, Ala gözlä al çemenli ýurt gerek. Atyňy timarla, hergiz, ýaltanma, Iki esse ber, hiç iýmini kem etme, Atyň bakymna ýet, asla ynjytma, Agyr döwlet tutsaň birje at gerek. Dadalogly ata diýr: «Yşkyň deňizi», «Hiç zat bilmez» diýip saýmaň siz bizi, Çapar at içinde ýeserdir gory, Öweýi gyr, bir sakarsyz at gerek. ■ DURNAM GELER Durnam geler hatar-hatar, Ganatyn boýnuna atar, Säher bilen bir guş öter, Ötüşi gül dalyndadyr. Gyr atyň sary donlusy, Ýigidiň gözi ganlysy, Gözeliň göwsi meňlisi, Ol hem Aýdyň ilindedir. Däli köňül, heserlenseň, Ýigide hormatlar olsun, Nemli-nemli gar isleseň, Ol hem Çiçek dagyndadyr. Dadaly men, ýokdur malym, Her sözlerim Haka mälim, Allanyň söýdügi gulun, Söýgülisi ýanyndadyr. ■ AÇYLMYŞ GÜL KIBI Gel, gözel, gelsene waspyň sözläýin, Agzyň şeker, dodaklaryň bal kibi. Ýaşda kiçi, emma boýuň mynasyp, Sallanýarsyň bir meýdanda dal kibi. Galam aldym gaşlaryňy çatmaga, Ejap etdim adyň sowal etmäge, Ataň seni çoh bahaga satmaga, Bakyp otyr, müň liralyk mal kibi. Seýil edeli ýaşyl bilen alyna, Besleneli şeker bilen balyna, Ataň seni maňa berse malyna, Açylardym täze çykan gül kibi. Hezele, heý, Dadalogly, hezele, Melhem eýle, gel ýaramy täzele, Ak saraý gerekdir beýle gözele, Çalyşardym on halaýyk gul kibi. ■ BIR DILBER Ýene bir gözele köňlüm aldyrdym, Ak gerdende hallar zer nyşanlydyr. Syh-syh olmuş kirpikleri bölüner, Zülpüniň telleri päk reýhanlydyr. Maňa nisbet çykmyş ýoluň üstüne, Samyr kürk geýinmiş alyň üstüne, Daranmyş saçlaryn biliň üstüne, Bir alma ýaňakly sim gerdenlidir. Ne ýaman bakjaly gülli-gunçaly, Synam urdy bir kirpigi hanjary, Bilmen Ödemişli, bilmen Genjeli, Ylla ýalňyşmasam, Pehliwanlydyr. Dadal, sarpa düşürdigim ýolumy, Gördi gözüm, kabul etdi ölümi, Geldi geçdi, hiç sormady halymy, Ala gözel, ýöne päk elwanlydyr. ■ SABADAN Geliň, agalar, wasp ediň gözeli, Ýaşyl ördek köle indi sabadan, Sürmeler çalynmyş, allar geýinmiş, Bir dogan Aý ýaly dogdy sabadan. Gözel ýaryň garşysynda durulmaz, Hüýrmidir ol, melekmidir bilinmez, Güýç bilen, pul bilen satyn alynmaz, Hüýr-u-melek kibi geçdi sabadan. Mežnun kibi men daglary gezerin, Bir gözelde ähdim, galdy nazarym, Nirde gözel görsem ismin ýazaryn, Depderin eline aldy sabadan. Dadalogly diýr ki asyldyr boýy, Kirpikler ok olmuş, gaşlary ýaýy, Çatylmyş gaşlary ýykar ýaýlary, Kirpigi synamy dildi sabadan. Çapa taýýarlan: Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
√ Agyr meseläniň ýeňil çözgüdi / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Bu jany gördüm / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şygyrlar / Goşgular - 14.10.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Baýar bagşa / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |