11:30 Dadalogly | |
NUSGAWY TÜRKMEN ŞAHYRLARY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
▶ DADALOGLY Dadalogly, türkmen şahyry, Osmanly döwletiniñ Anadoly türkmenlerini oturymlaşdyrmak syýasatyna garşy giden halk ozany. XVIII asyryñ soñky çärýeginde Kaýseriniñ Tomarza raýonynda dogulandygy, XIX asyryñ ortalarynda aradan çykandygy mälimdir. Doglan we aradan çykan senesi anyk belli däl. ■ Döwri: Osmanly imperiýasynda aýry-aýry iki edebiýat ugry bardy. Birinji ugur köşk we diwan edebiýatydy. Bu ugurda eserler arap, pars dilleri bilen türki diller garym-gatym edilip ýazylardy. Emma bu ýazuw dili gündelik gepleşik dilinde ulanylmaýardy we köplenç diýen ýaly ýönekeý halka düşnüksiz bolup galýardy. Ikinji ugur bolsa folklor edebiýatynyñ iñ giñden ýaýran görnüşi "goşma" atly şygyr formasydyr. "Goşma" şygyr formasynyñ halk tarapyndan aýdym edilip aýdylyşyna "warsagy" diýilýärdi. ■ Dadaloglynyñ terjimehaly: Dadalogly Günorta Anadolyda (Nur we Toros daglary) daglyk sebitlerde ýaşaýardy. Weli onuñ hakyky adydyr. Dadalogly goşgularynda ulanan tahallusydyr. Dadalogly arassa türkmendir we türkmeniñ owşar taýpasyndandyr. Osmanly döwletiniñ owşar, garsandy, syrkyndy, bozdogan, gyrynty, berber, menemençi ýaly çarwa türkmen taýpalaryny oturymlaşdyrmak üçin alyp barýan işleri ýerlerde nägileliklere we baş galdyrmalara sebäp bolýardy. Dadaloglynyñ goşgularyna oturymly ýaşaýyşa geçmek islemeýän türkmen taýpalarynyñ sesi hökmünde garamak mümkin. Bu nägilelikleri göz öñüne tutup, Osmanly hökümeti olara giñ ekerançylyk meýdanlaryny berýär. Muña garamazdan şahyr taýpasynyñ öñden gelýän çarwa durmuşyndan el çekmek islemeýärdi we goşgulary bilen döwlet býurokratiýasyna garşy çykyş edipdir. Dadalogly goşgularynda öz nägileligini aç-açan beýan etmegi başarypdyr: "Perman patyşañky, daglar biziñdir..." Osmanly häkimiýeti her näçe nägile bolsalar-da türkmenleri oturymly durmuşa geçirmekligi başarypdyr. Ýurt tutunylan täze ýerler içerki Anadoludady. Dadalogly Şargyşla raýonynyñ Kabaklypynar obasynda aradan çykypdyr. ♧ Çeşme: Ylýas Örskaýa "Edebiýatyñ danalary" ("Final" neşirýaty). ■ DADALOGLYNYÑ GOŞGULARYNDAN: "Gyýanlardan men" Aslymy sorasañ owşar boýundan, Aýra düşdüm öz taýpamdan, begimden. Pynarbaşyndan hem bäş ýüz öýlimden, Çykyp-da janyna gyýanlardan men. Çekerin çilläni, goý bolsun bu gün, Alar öýtdüñizmi şol Kozan dagyn?! Biz bir möjekmidik, Bozokly köýün, * Ürküzip, sürüsin iýenlerden men. Dadalogly diýer, beýle bolmazdym, Gören günlerimiñ birin görmezdim. Hergiz gowga tursa yzda durmazdym, Meýdanda dogana dözenlerden men. ◆ ◆ ◆ ■ Biziñdir Galkdy, göç eýledi owşar illeri, Küren basyp ýatan iller biziñdir. Arap atlar ýakyn eder yragy, Belent dagdan aşan ýollar biziñdir. Bilimizde gyljymyz bar Kermany, ** Daş saklamaz naýza çarpan zarbany. Biz barada döwlet bermiş permany, Perman patyşañky, daglar biziñdir. Dadalogly, bir gün gowga gurular, Öter tüpeñ, dowulbazlar urular. Ençe goç ýigitler ýere seriler, Ölen öler, diri galan biziñdir. ♧ Bellik: Köý* - oba. Kermany** - Kermanda ýasalýan gylyçlar. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |