12:12 Daş ýürek / satiriki hekaýa | |
DAŞ ÝÜREK
Satiriki hekaýalar
Giň, kaşaň bezelen kabinetiň töweregindäki üsti telim telefonly stoluň ýeňsesinde şäher ispolkomynyň ýaşaýyş jaýlaryny hasaba alýan we paýlaýan bölüminiň starşiý inspektory Demir Daşow ap-arkaýyn işläp otyr. Diwardaky elektrik bilen işleýän tegelek sagadyň peýkamlary on minuty kem altyny görkezýärdiler. Iş sagatlarynyň tamamlanyp barýandygyna Demir aga diýseň begenýärdi. Jyrym-jyrym edilip ýyrtylan dokumentler, dürli formadaky kagyzlar poluň üstünde çaşyşyp ýatyrdy. Demir aga bu görnüşden lezzet alyp, öz ýanyndan gürledi: ― Haý, özümden aýlanaýyn. Şu gün-ä öýde arkaýyn oturyp, mazaly dynç alarlyk işländirin. Hih-hih-hi. Eýläk-beýläk agdarylmanjyk, imanly öli ýaly bolup, döwli-perili, jadyly, oraşan düýşler görmänjik, myr-myr, pyh edip, hor çekipjik ýatar ýaly, baý, jaý üçin dokument tabşyrylmaga gelenlerden «alkyş» baryny aldym-a. Demir Daşow şeýle diýip, ýumşak diwana geçip aýaklaryny uzyn salyp birsalym süýndi. Gapynyň daş ýüzünde bolsa märeke howdanyň belent gatlasynyň öňündäki suw ýaly bäri dyzaýardy. Demir aga beýle ýagdaý bilen öwrenişipdi. Köpçüligiň gohy munuň üçin hiç zatdy, şemal şuwlan ýalydy. Ol diwanda ýatan ýerinden poldaky bölejik kagyzlary alyşdyryp gördi. ― Baý, mende-de gahar bar-ow. Arza baryny ýyrtypdyryn-ow ― diýip hüňürdedi. ― Be, asyl men ýadamandyrynam-la. Näme ýadap, goý, jaýsyzlar ýadasynlar. Hih-hih-hi. Demir Daşow gyly seçelenip duran ýogyn goşaryny gözlerine golaý getirip, bagy gyzyldan, elektron sagadyna seretdi. ― Bo-how, alta bäş minut galypdyr! ― diýip, gyzyl dişlerini lowurdadyp ýylgyrdy. ― Indi ýene birjik adamyny kabul edip bilsem, wessalam, iş güni tamam ― diýip, starşiý inspektor äpet göwresini diwandan galdyrdy. ― Aý, oňa-da «Ertir gel, sprawkalaryň düzüw däl» diýip aýtsam: bol-bol Demir Daş bol. Asyl maňa şu gün biri Demir Betonow diýäýdi öýdýän. Goý, diýsinler, märeke azalar. Şeýle diýip Demir aga gerinip pallady. Ýuwaşlyk bilen gapa tarap bardy-da: ― Daşarda kim bar? Biriň geliň ― diýip, işigi çalaja açdy. Şol pursatyň özünde: ― Nobat meniňki ― diýip, bir maýyp adam içerik giräýdi. Onuň her goltugynda bir pişek bardy. Şeýle-de bolsa ol özüni ýeňil duýýardy. ― Salawmaleýkim ― diýip, pişekli müşderi Demir Daşowa ýüzlendi. ― Hä, näme: ýaşuly, size näme gerek? ― diýip, starşiý inspektor maýyp görgüliniň salamyna jogap bermedi. ― Men jaý almaly. Şoňa dokumentlerimi getirdim. Maňa Nurmyrat Bekgiýew diýilýär ― diýip, Nurmyrat aga diwanda oturjak boldy. ― Ýaşuly, oturmaň, häzir wagt gutardy. Ertir gel ― diýip, Demir Daşow dokumentlerini ýygnaşdyryp başlady. ― Inim, meniň meseläm eýýäm çözüldi. Şäher ispolkomy maňa kömek etdi. Frontuň inwalidi diýip, maňa birinji etaždan bermeli etdi. Indi sen diňe şu dokumentleri al-da galaý, soň diňe order ýazaýmaly ― diýip, Nurmyrat aga janygyp gürrüň berdi. ― Ýok, ýaşuly, saňa dördünji etaždan bereris ― diýip, Demir Daşow kejeňekligine tutdy. ― Weý-weý, inim, meniň çep aýagym düýbünden ýok, sag aýagymyňam dyzyndan aşagy agaçdan ― diýip, Nurmyrat aga pişegi bilen aýagyna tyrk-tyrk kakdy. ― Ýaşuly, bagyşla weli, men aýaga jaý paýlamok. Ýene bir gezek türkmen dilinde gaýtalaýaryn. Men aýaga jaý beremok. Eger aýaga jaý bermeli bolsa, kyrkaýak tutuş bir mikroraýony eýelärdi, düşnüklimi? ― diýip, Demir Daşow barha bekine tutup başlady. Ol beýle keçjallygy wagt utmak üçin edýärdi. Ýogsam jaý almaly adamynyň öz kanuny talaby bilen jaý alýandygyny starşiý inspektor gowy bilýärdi. Demir Daşowyň maksady işi bökdemek, «ertir gel» diýmekdi. ― Weý-weý, inim, bizi kyrkaýak ýaly äteňet, gulaga girýän, nejis zad-a bir meňzetmesene. Maňa birinji etaždan jaý bolar ýaly ýagdaý döret. Meniň gaty garry enemem bar. Şolam şu dokumentlerde görkezilendir ― diýip, Nurmyrat aga aýaklaryny jygyldadyp düşündirdi. ― A-haw, inim, ýaňky enem biçäre demigysmalydyr. Şonam ýadyňa salaýyn ― diýip, Nurmyrat aga üç tagan aýagy bolup sanjylyp duran ýerinden kapron şlaýapasy bilen büzüni ýelpedi. ― Ýaşuly, siziň garry eneňiz ýüz ýyllap ynha şu böwürde «kih-he-kih-he» diýip üsgürip otursyn. Biz oňa ynanmaýarys. Emma doňuzyň dili ýalyjak hat getir, biz oňa pitiwa ederis ― diýip, Demir Daşow özüniň tüýs kagyz ýürek adamdygyny ýüze çykardy. ― Inim, kagyza düzelse, bizem, baý, şoň ugrunda selpeýäs-ä. Ynha, enemiň ýaşy hakda, ine-de demgysmalydygy baradaky sprawkalary. Bu-da üç oglunyň frontda gahrymanlarça gurban bolanlygy dogrusyndaky dokumentleri ― diýip, Nurmyrat aga sarsman, tolgunman gürledi. ― Ýaşuly, bu-ýa eneň hakdaky sprawkalar, dokumentler. Hany ataňyz? ― Atam ýok. ― Atasyz siz nädip bolýaňyz? ― 1930-njy ýylda atam ýogalypdyr. ― Siz ýaşuly, ertir geliň. Eneňiziň, ataňyzyň nika hakdaky şahadatnamasyny getiriň, onsoňam, ataňyzyň ölendigi barada oba Sowetinden dokument gerek. Eneňiziň soň durmuşa çykandygyny tassyklaýan dokumentem talap etjekdirin ― diýip, Demir Daşow gapa tarap ýöneldi. ― Inim, enem biçäre atama baranda entek on ýedinji ýylyň rewolýusiýasy bolman ekeni. Ol döwürde ZAGS bolmasa nätjek. Olara «Ak-gök geýdirme, arpa çörek iýdirme» diýip, nika gyýan molla-da häzir ýok. Atamyň ölendigi barada Bilal baba mazarçylygynyň müjewürinden hat getireýin isleseň ― diýip, Nurmyrat aga köpi gören-dä, bozulman gürledi. ― Müjewüriň gerbli peçaty barmy? ― diýip, Demir Daşow keçje sowal berdi. Starşiý inspektor oçkoly komanda ýaly wagt utmak isleýärdi. ― Ataň näme bolup ölüpdir? ― diýip, ol ýerliksiz sowalam berdi. ― Doňup ölüpdir ― diýip, ýaşuly çyny bilen jogap berdi. ― Doňup ölen adamlar bahar ýere ýyly gidende direläýmeli ýaly weli, beýle zat ýok öýdýän ― diýip, Demir Daşow jaý, dokument temasyndan ünsi sowjak boldy. ― Beýle zat heniz ýok. Ýöne, siňek, gurbaga ýaly jandarlar gün gyzsa direlýär. Emma adam direlenok-da ― diýip, Nurmyrat aga ýylgyryp jogap berdi. ― Ýaşuly, hany, çyk, iş wagtym gutardy. Ertir gel ― diýip Demir Daşow Nurmyrat agany gapa tarap çekdi. ― Inim, entek iş wagtyňyz gutaranok. Alty bitmäge ýene bäş minut bar ― diýip, ýaşuly ýerinden gozganman durdy. ― Ýaşuly, bäş-on minutyň gürrüňini etme. Ertir gel diýilse ertir geläý ― diýip, Demir Daşow ýaşulyny işige tarap itdi. ― Ýok, gitmen. Bäş minutda bilýämiň Soýuzymyz boýunça näçe «Žiguli» çykýar? ― diýip, Nurmyrat aga indi etini gataldyp ugrady. Ertir gel-ertir gel diýip, şu ugurdan tüýs öwrenekli kesel bolan, ertir-ertiriň hakyky alkogoligi Demir Daşowyň ýagdaýy erbetdi. Çünki frontçy ýaşuly indi muny sypdyrarly däldi. Onuň ähli gerekli dokumentleri sazdy. Býurokrat üçin çykgynsyz ýagdaý emele geldi. ― Ýaşuly, agam, maňa rehimiň gelsin, men gaty ýadadym, ertir geläýsene?! ― diýip, Demir Daşow ahyrsoňunda ýalbarmaga mejbur boldy. ― Ýok, men ertir bu ýere gelmen. Senden ulurak, ketde goçagrak ýere arzaly bararyn ― diýip, Nurmyrat aga sag elini potologa tarap uzatdy-da batly sesi bilen ýaňkyja nalajedeýin pöwhe baýaryň üstüne eňdi. Şol wagt bölümiň täze müdiri içerik giräýdi. ― Ýaşuly, salawmaleýkim, diwanda oturyň ahyry. Getir dokumentleriňizi! ― diýip, täze müdir Oraz Begmyradowiç ýylgyrdy. ― Daş Demirowiç, siz boş. Açary bäri alaý ― diýip, täze müdir köne starşiý inspektora gahar bilen elini uzatdy. ― Men men, Oraz Berdimyradowiç, ertir geleýinmi?! ― diýip, Demir Daşow mumly ýüplüge döndi. ― Ertir nirä barsaň şoňa bar, şu ýerik bir gelme ― diýip, täze müdir eliniň tersi bilen gapyny görkezdi. Täze müdir agşam sagat ona çenli jaýsyzlary kabul etdi. Dokumentlerini aldy. Içgin gürleşdi. Olara mylakatlylyk bilen göwünlik berdi. Gije sagat on ikiden işlände özüniň kireýine ýaşaýan jaýynyň deňine bardy. Öýüň eýesi holusynyň işigini gulplan ekeni. Oraz Begmyradowiç haýatdan aşyp geçdi-de hajathananyň golaýjygyndaky hütdüjek wremýanka girip ýatdy. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |