20:41 Demokratiýa / satiriki hekaýa | |
DEMOKRATIÝA
Satiriki hekaýalar
Saýlawlar sag-aman geçdi. Kän zatlary öwrendik. Utuk gazanan ýerimizem boldy, wah diýip ahmyrly galan wagtlarymyzam selçeñ bolmady. Üstünligem, kemçiligem - ikisem ýeneki saýlawlara sapak boldy. - Men-ä kimiñ elinde rol bolsa şoña ses beräýerindirin. Sebäbi kim-de-kim rol tutsa şonuñ roly belent, güýçli. Ýykjak gümanyñ ýok. Roldan bek ýapyşyp otursa golaýyna baryp bilmersiñ. Özüm-ä Arazgül diýen gyza sesimi berdim. Onuñ elinde rol bar. Ol trolleýbus sürýär. Özünem men ony her gün diýen ýaly görüp bilýän. Başga birine ses beren bolsam men ony nireden göreýin. Hatda öz aýalyna ses berseñem ony gurultaýda ýa sessiýada otyrka telewizorda göräýmeseñ aşhanañda, ýa ýorganyñda görjek gümanyñ ýok. Arazgüli islän wagtym görüp bilýän. Onuñ owsarly maýa ýaly trolleýbusly şäheriñ ol çetinden bu çetine çenli aralykda zol aýlanyp ýör. Arazgül awtobusyñ sürüjisem bolanlygynda ol liniýadan çykyp gaýtaryjy diýip giderdi. Deputatymyñ dañylgydygyna şükür. Saýlawlaryñ öñ ýanynda deputatlyga kandidatlaryñ wadalaryny eşitdik. Herimize ýekän-ýekän gutlag "otkrytkalaryny" paýlap berdiler. Biz beýle gutlag sözüni öz doganymyzdan henize bu güne çenli eşidip göremzokdyk. Käsi doglan günümiz bilen mübärekledi. Käsi ýogalan garrymyzyñ belli günlerine gelip aglady. Onsoñ neneñ gözüñe ýaş aýlanmasyn. Biri: "Üç tonna, täzeje, ýañy saglan, ýylysy sowamadyk süýt bereýin" diýip, süýt kölüne gark etdi. Duşuşyga gelen saýlawçylar gülüşdiler. Ýeser biri zaldan: "Täzemi dogrudanam?" diýip sorady. Kandidat: "Walla, täp-täzeje" diýdi. Men-ä ýañky sagymçy kandidaty ökde gördüm. Kandidatlaryñ biri: "Sag eliñiz sary ýagda, çep eliñiz gowurdakly golçada bolar" diýdi. "Şokolad bilen it keseklärsiñiz". Kän zady sada berdi. "Garnyñyz iki sygyrlyñ süzme derisi ýaly pökgerip galybir. Göbegiñize ik sokubermeli bolar". Üçünji bir kandidat oñardy. Ol beýlekiler ýaly däl eken. Ol saýlawçylary süýt kölüne gark etjegem bolup durmady. Her şäheriñ, her posýologyñ çetinde näçe gazak obasynyñ ýok ýeri barmy, ana ýañky kandidat şol obalara saýlawyñ öñýanynda gara çaýy eltdi dökäýdi. Gabynyñ daşu pil suratly, Täçmahal suratly, gözüñe söweýin, hindi gara çaýy. Seýlon çaýyny isleýäñmi, baş üstüne. Türk çaýyny küýseýäñmi gözüm üstüne, noş bolsun! Onsoñ ses berilýän güni eli býulletenli ýaşuly gazaklar: "Kara şaý bergen munawlardyñ kaýsy?" diýip ýörler. Ol kandidar deputatlygy gözüñe basyp alýar. Geçen saýlawlarda kandidatlaryñ ynanylan adamlary zor işlediler. Eger kandidat ýokary wezipeli adam bolsa: "Diýeni bolýa. Bar işiñizi diñe telefon bilenem düzedip bilýär. Wezipede ýetjek derejesine ýetdi. Hiç kimden çekinji, gorky-ürküsi ýok" didip agitasiýa etdiler. Çopan-çoluk, işçi kandidat üçin: "Wezipe hantama däl. Hiç kimden çekinenok. Gözüne urlan ýaly sokulyp baryberýär" diýen sözleri ulandylar. Ýene bir täzelik, geçen saýlawlarda ýazyjy, artist, bagşy, umuman, sungat işgärleri defisit boldy. Kim dilewar bolsa kandidatlar şoña hyrydar çykyp, garbap aldylar. Öñ bu kärdäki adamlara awtomobiliñ zapas tigrine garaşylyşy ýaly seredilýärdi, yzda saklaýardylar. Haçan tigir ýarylanda ýatlaryna düşýärdi. Demokratiýa özüni görkezýär! Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |