14:46 Dilewarlygyñ ähmiýeti | |
DILEWARLYGYÑ ÄHMIÝETI
Psihologiýa
Dilewarlyk sungatyna heniz irki döwürlerde gadymy Gresiýada üns berip başlaýarlar. Ony talap edýän kärdäki adamlar bu adaty bolmadyk ylym bilen gyzyklanman bilmezler. Gepleşikde söhbetdeşiň ünsüni çekmek ýa-da sözleriň dürslügini saklamak maksady bilen filosoflar, syýasatçylar, diplomatlar dürli usullary ulanýarlar. Dilewarlyk sungaty köplenç döredijilik ugruna girizilip, onda aktýorlyk ukyby, psihologiýanyň we ynandyrmagyň usullary ulanylýar. Owadan gürlemek, çykyş etmek üçin diňe bir sözleri bilmek ýeterlik bolman, eýsem, dilewarlyk ukybynyň hem ösen bolmagy zerur. Kähalatda dilewarlyk maksadyňa ýetmek üçin ýa-da öz pikiriň dogrulygyny subut etmek üçin zerur hasaplanýar. Dilewarlyk sungaty ýa-da owadan gürläp bilmek diýlende, biz diňleýji auditoriýany göz öňümize getirýäris. Irki döwürlerde hem dogry sözlemek üstünligiň esasy hasaplanypdyr. Bu barada belli filosoflar we alymlar hem belläp geçipdirler. Aristotel şeýle diýýär: «Dilewarlyk bu ynandyrmagyň işçisidir». Bu takyklama häzirki wagtda hem ýerliklidir. Kär saýlanylanda bir zady unutmaly däldir, dilewarlyk ukyby adam doglan pursatyndan ýüze çykmaýar, bu ukyby yzygiderli türgenleşip gerekli pursatlary we esasy düzgünleri ösdürmek wajypdyr. Dilewarlyk ukybyny talap edýän ugurlaryň, kärleriň käbirini mysal getirsek, onda olaryň içinde radio-telewideniýe, mahabatlandyryş, syýasatçylaryň we diplomatlaryň çykyşlaryny, metbugat konferensiýalaryny görkezmek bolar. Gepleşiklerde adamyň diňe bir bilim baýlygy, maglumatlardan habarly bolmagy ýeterlik bolman, eýsem, gepleşikleri üstünlikli geçirip bilmek ukyby, dilewar bolmagy hem zerurdyr. Dilewarlyk ukybyny ýokary derejede ulanmak üçin söz baýlygynyň bolmagy hem örän wajypdyr. Köpçüligiň öňünde çykyş eden mahaly gürleýji diňleýjileriň ünsüni özüne çekmek we özi hakynda ýakymly täsirleri galdyrmagy maksat edinýär. Häzirki zaman diplomatik gepleşikleri alyp barmagyň usuly köp ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň tejribesi netijesinde emele gelen düzgünlerdir. Diplomatik dil üçin diplomatyň öz ýurdunyň we onuň bolýan ýurdunyň dil edebinde ulanylýan sypaýylygy bilmegi zerurdyr. Diplomatik gepleşiklerde bolşy ýaly, hat alyşyklarda hem dilewarlygyň bolmagy artykmaçlyk etmez, ýagny ýetiriljek bolýan maglumat, habar öz ýerli-ýerinde dogry ulanyp ussatlyk bilen amala aşyrylyp bilner. Diplomatik dil diňe bir diplomatik gepleşiklerde däl, eýsem, ol daşary ýurtlardaky diplomatik korpusyň wekilleriniň ynanç hatyny gowşuranlarynda, döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän konferensiýalarda ýa-da duşuşyklarda hem ulanylýar. Jeren ORAZMUHAMMEDOWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |