18:58 Din tirýekmi? | |
DIN TIRÝEKMI?
Publisistika
Salgyma käbir tankydy bellikler gelip başlady: "Siz çepçiler "din halkyñ tirýegidir" diýýärdiñiz-ä, indem diniñ rewolýusioner ruhundan söz açan bolýarsyñyzmy!" Karl Marksyñ "Din halk üçin tirýekdir" sözi "Sowuk uruş" döwründe MRU-nyñ (CIA) psihologiki propogandalarynyñ iñ täsirli ýaragy boldy. Sosializme garşy ulanylan hiç bir ideologiki ýaragyñ şeýle täsirli güýje eýe bolany ýok. Diýmek, Marksyñ bu sözüniñ kodlaryny çözmeli bolýarys: 1). Bu sözüñ aýdylan XIX asyrynda din garyp-gasarlaryñ "dermany" däl-de, agalyk ediji synpyñ basyş guralydy. 2). Ýaş Marksyñ mugallymlary (özem olar ateist hem däldi) nemes filosoflary Gegeldir Feýerbah din boýunça ýygy-ýygydan gyzgyn jedellere girýärdiler, praktiki durmuşdaky hristianlygyñ garşysyna gazaply tankydy bellikleri edýärdiler. 3). 25 ýaşly Marks şolar ýaly şertlerde şeýle diýdi: "Dini kösenç şol bir wagtyñ özünde hakyky kösenjiñ alamatydt4 we hakyky kösenje garşy protestdir. Din ejiz gatlagyñ içki yzasy, kalpsyz dünýäniñ kalby, ruhsuz ahwallaryñ ruhudyr. Halkyñ tirýegidir". (Şeýle-de, "tirýek" meñzetmesi adamlaryñ bir pursatlyk gaýgy-gamyny ýeñledýän we olara ýoluny dowam etdirmek güýjüni berýän oñyn manydady. Şol döwür tirýegiñ medisina taýdan berýän peýdasyna, garaşlylyk döretme potensialyna hem-ä üns berilýärdi, hemem ýazgarylýardy). 4). Bu söz Marksyñ 1843-nji ýylda ýazyp başlan "Gegeliñ hukuk filosofiýasynyñ tankydyna goşant" atly ylmy işiniñ giriş bölüminde ýer aldy. Ýagny: 5). Marksyñ dine beren bahasy synpy däl "marksizmden öñki" analizdi... * * * Fransiýanyñ Kommunistik partiýasynyñ görnükli wekillerinden Rože Garodi segseninji ýyllarynda Muammar Kaddafiniñ ýazan "Ýaşyl kitabyny" okady we Liwiýada Kaddafi bilen birnäçe gezek duşuşandan soñ yslama ýakynlaşdy. Marksyñ ýokarky aýdan sözüni düşündirdi: "Şol wagtlar bütin Ýewropada "Mukaddes ýaranlyk" höküm sürýärdi. Ol katolik buthanalary bilen her halkdan bolan hökümdarlaryñ, ekslutatorçylyga we diýdimzorluga boýun egmeýän halklaryñ azatlyga ugrunda edýän talaplaryna we çykyşlaryna garşy özara gurlan ýaranlykdy. Sosial deñsizlige garşy aýaga galan islendik kişä "boýun egmegi" wagyz etmek arkaly dini ideologiýa basyp ýatyryjy rol oýnaýardy. Marks tarapyndan XIX asyryñ ortalarynda katolik dininiñ şeýle formada tankyt edilmegi doly ýerliklidi". Aslynda "tirýek" meñzetmesini birinji bolup Gegel Hindistandaky kasta sistemasyny döreden din üçin ulanypdy! Köşkleriñ ýola goýlan düzgünini kanunylaşdyryp görkezýän diniñ bu ýüzi köp gatlaklar tarapyndan tankyt edildi. Ali Şeriatiniñ pikiriçe XIX asyrda dini tankyt edýänleriñ tankydy ýerliklidi we din "tirýegiñ" işini ýerine ýetirýärdi. "Dine garşy din!" Emma gyradeñ garaýyş bilen diniñ inkär edilmegine garşy çykan Şeriati diniñ özeniniñ tirýek däl-de, aýaga galdyryjy ruhunyñ bardygyny aýtdy... * * * Diniñ tutuşlygyna absolýut erbetdigi, sa:p yzagalaklyk ruhundagy hakdaky pikir Marksa degişli däl, muny has köp buržuaz intellektuallar we gödek materialistler aýdypdyr! Marksyñ "diniñ hakyky dert-yzalara garşy protest" bolup biljekdigini aýdandygyny-da ýatdan çykarmañ. Marksyñ ýolundan ýörän Roza Lýuksemburg "Buthana we sosializm" makalasynda "jemgyýeti dinsizleşdirjek bolup wagtyñy gidermegiñ ýerine, diniñ agalyk ediji synpyñ elinde jemgyýeti boýunturyk astyna almagyñ guraly bolmagyna garşy çykmak gerek. Halkyñ tirýegi jemgýetiñ geljegini kapitalyñ geljegine baglanyşdyrýan dinçilin garaýyşlaryndan iýmitlenýär. (...) Sosializm dini ynanja garşy söweş alyp barmaz". Taryh arenasyna rewolýusioner ruh bilen çykan diniñ we Hezreti Muhammet pygamberimiziñ (s.a.w) oppozisioner tarapy ýatdan çykardyldy. Eýsem-de bolsa beýik sahaba Ebuzer Gyffarynyñ näme diýenini bilýärsiñizmi: "Öýünde iýere zady ýoguñ gylyjyny alyp köçä çykmaýşyna haýran galýaryn!" Hawa, biziñ çepçilerimiziñem "din hakda bar bilýän zadynyñ dine garşy bolmakdan ybarat" ýagdaýy özgerişe mätäç ejizligidir... Agalyk ediji synpyñ boýnumyza dakan dini düşünjesini (восприятие) ýykmak esasy zatdyr. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 09.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |