15:40 Dini düşünjäni täzeden gurmak | |
DINI DÜŞÜNJÄNI TÄZEDEN GURMAK
Filosofiýa
Mukaddes kitaplarda beýan edilen mejaz (metafora) agramly kyssalar – Ybraýymyñ Tañryny gözleýşi, Ýunusyñ balygyñ garnyndaky ýolagçylygy, Musanyñ Tur dagynda Reb bilen gepleşigi, Tupan hekaýaty we Nuhyñ Judi dagyna çykyşy, Isanyñ çölde kyrk gije-gündiz oraza tutmagy, Muhammediñ Hyra dagyna çekilmegi we nebise garşy göreşi we Haky tapmagy... Bu tejribeleriñ umumy şerti adamyñ müteal (Allanyñ hemme sypatlardan ýokarda bolan sypaty, ululygy, beýikligi) barlyk bilen gatnaşygy we mazasydyr. Özüni agtarmagy we many-mazmuna bolan hereket nokadydyr. Ylahy bolan zat gurşap alyjydyr, akyl muna göz ýetirýär. Eýse asabyýa (asabiýet, ýagny, çäk) boýunça berlen kesgitlemeler beýleki jemgyýetlere ýa-da ynançlara gönükdirlen agressiýa we gegemon uslyp, onlarça mezhep, ýüzlerçe jemagat we başgalar sosiologik häsiýetlidir, syýasatyñ toslan zatlarydyr. Ýakyn Gündogarda bolup geçýän wakalar - dürli gatlaklaryñ biri-birleri bilen ganly-pyçakly dawa-jenjelleri köne dünýäniñ kodlaryna baglanan dini garaýyşlarynyñ galyndylarydyr. Bugün filosofiýa we ahlaky teoriýalar bileleşip ýaşaýşyñ kodlaryny iñ belent sepgide çykarýan wagty, nebsi terbiýelemek üçin ýola çykan dinleriñ özara garpyşyklary düşündirişden daşdadyr. ■ JEMAGATLAR SYÝASY GURAMALARDYR Ylahyýetçi professor Aly Köse bir çykyşynda jemagatlaryñ ýöredýän syýasatyna ünsi çekýär we "dini bilim ulgamy belli bir wagtdan soñ tutuşlygyna jemagatlaryñ gözegçiligine geçer, ýagny bular resmi din ulgamynyñ eýesine öwrülerler. Edil birmahallar içeri işler edaralarynyñ, harby edaralaryñ ýa-da başga käbir pudaklaryñ bularyñ ygtyýarlygyna berlişi ýaly, din ulgamy-da bularyñ eýeçiligine berler, soñ näme boljagy hemmäñize mälim bolsa gerek!" diýýär. Her tüýse bürenen dinçilik, mezhepçilik, jemagatçylyk, tarykatçylyk, jynsparazlyk, milletparazluk, partiýaparazlyk we ş.m. şahsyýeti eredip taşlaýşy ýaly ahlagy-da ýom-ýok eder. Dini jemagatlaryñ döwlet edaralaryny we bilim strukturalaryny ele geçirme tislimleri haýsy dini taglymlata, haýsy ahlak gymmatlygyna, haýsy hukuk garaýşyna sygyşýan zat? Munuñ bilen päk ýürekli musulmanyñ biri-de ylalaşyp bilmese gerek. Gynansak-da, laýyksyzlyk, ildeşparazlyk, bähbitçillik, saýrylaşdyrmak syýasylaşan musulman añyýetiniñ şygaryna (!) öwrülendigini häli-şindi görüp ýörüs. Üns beriñ, indi rol-model şahsyýetlerden söz açamzok, bu-da şugünki günüñ musulman kimliginiñ (beýlekileri-de şondan gowy däl) hiç bir derege ýaramandygyny añladýar. ■ DINLER ÖZ HANASYNA ÇEKILMELIDIR Pygamberleriñ şahsy tejribelerini nusga edinen "menleriñ" emele getiren düşünjesi bilen bir dogmatigiñ içindäki fanatik düşünjeleriñ ýüze çykyşy şol bir zat däldir. Adamzada şol bir zat we başga bilen bir ýerdeligi lazymdyr, bu bir ýerdelik we ýüzbe-ýüzlük dinamizmi we siwilizaziýany döredýär. Galyberse-de ahlagyñ özem başga-başga "menlere" mätäçlik duýýar. Ýagny, şuny diýmek isleýärin: şahsyýetiñ kemala gelmeginde diñe din ýeterlik bolup bilmez, şahsyýeti medeniýetiñ ähli unsurlary (ugurlary) kämilleşdirýär. Ynsan ne ruhdan ybarat, ne-de bedenden. Barlyk gatlaklarynyñ barçasyna garylan ynsana doly we dogry düşünip bilsek, dini-den ahlagy-da, syýasaty-da ýerli-ýerinde goýup bileris. Añ-düşünjämize eýe çykalyñ, şuny ýatdan çykarmalyñ: oýlanyp-ölçerip, düşünip bilmeýän añ-düşünjäniñ basybalyjysy, eksplutatory köpdür. Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 08.06.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||