DOLANAN DÖWRAN
Togsan yaşy arka atan Atahan aga Garaşsyzlyk zamanyna ýetip gelýänçä bu togalak zeminiň üstünden kerwen ýaşap geçen näçe zamanlaryň şaýady boldy. Ýaşy geçdigi saýyn ol özüniň uzak ömrüniň dowamynda bolan zatlary, başyndan geçiren wakalary ýygy-ýygydan ýatlaýardy. Ol şu gün hem başyndan geçen bir täsin wakany ýatlap, oýa çümdi.
Bu uruşuň yz ýanlaryndaky döwürlerde bolupdy. Atahan aga uruşdan bir aýagyny agsadyp geleninden soň, bir eşegaraba edindi-de, ony ýeňil-ýelpi ýük daşaýan “taksa” öwurdi. Bir aýagy maýyp adam üçin pyýada ýöremek nähili ejirli bolsa, eşegarabada gaýşaryp oturmak şonça-da hezillikdi.
Indi ol hergün irden turyp, eşeginiň iými -otuny berip, ony “hyzmata” taýýarlaýardy
Ozi-de çaý- suwyny içip, bazaryň önüne,otly gelýän wagty wokzala barýardy. Ozi ýaly eşegarabaly kireýkeşler bilen nobat belleşip, müşderi tapylýança gümür-ýamyr gürrüň edişip wagt geçiryardi.Käte muşderä garaşyp yeke ozi galanynda eşeginiň boynuny sypalap onuň bilen gurleşýärdi:
“Eşegim, sen indi meniň ýakyn dostum, hemram bolduň, seň arkaňdan gazanymyz gaýnap dur. Özüňem, tüweleme gujurlyja “Yh” diýmegime mähetdel arabany göterýaň. Kämahal agyrrak ýük bassam hem gynanman çekip gidýäň. Men senden örän razy, eşejigim.”
Atahan aga bu sözleri dodaklaryny çalaja gymyldadyp,doga okaýan ýaly edip aýdýardy. Ýürekden syzdyryp aýdylan sözleri haýwan hem düşünýän ýaly kellesini yralap goýýardy.
Atahan aga eşegini hakykatdanam gowy görýärdi. "Atdyr ýigidiň ýoldaşy"dýilýän döwürler taryha öwrülip geçip gitdi. Eşek bolsa Atahan aga ýaly garyplaryň hakyky ýoldaşydy, daýanjydy. Çünki eşek bilen,eşegaraba bilen hojalygyñ köp işleri bitirilýärdi. Kireýkeşlik edýänler gününe bäş-üç manat gazanyp maşgalanyň harjy-harajadyna ýaradýardylar. Atahan aganyň hem ujypsyzja pensiýasyndan başga girdeýjisi bolmanyndan soň maşgalasynyň ekleýjisi şu eşegarabasydy.
Ol işi paşyp, gowy gazanç eden güni öyüne arabanyň üstünde gaýşaryp oturşyna eşegini aňňyrdadyp gelerdi. Onuň beýle keýpi köp halda gelýänini gören gonşulary "Hä, bu gün Atahan aganyň jübüsine köpüräk düşene meňzeýär" diýişerdiler.
Atahan aganyň aýaly onuň eşeginiň sesini eşideninden ojagyň bir çetinde gaýnap duran tankadaky suwy çaýneklere demläp üstüni basyryp goýardy. Atahan aga-da gapynyň öňünde arabany boşadyp, eşegini onuň tigrine baglap, içeri gireninde:
- Kempir şa, çaýyň demlimi?-diýip degişerdi. Aýaly onuň "kempir şa" diýip degişme bilen gürläninden bu gün düşewündiň gowuja bolanyny aňlardy-da, onuň degişmesine degişme bilen jogap berip:
- Babaý jan, çaýlaryň demlije durandyr-diýerdi. Atahan aga endigine görä çaýdan öň ellerini ýuwup, saçagyň başyna geçeninden soň goltuk jübüsinden pullary çykaryp aýalyna uzadanynda aýalynyň ýüzi ýagtylyp giderdi. Olaryň biri-birini atlandyryşlary ýaly Babaý bilen Kempir şa "berenine Hudaýa şükür" edip, çaý içip otyrkalar dünýäde özlerinden bagtly adam ýok ýalydy. Olaryň şu pursatda özlerini şeýle bagtyýar duýýandyklaryny daşdan synlanyňda bir danişmendiň "Bagt baýlykda däl,ol ruhyň halatydyr" diýeniniň örän dogrydygyna göz ýetirýärsiň. Çünki adamyň özüni bagtly duýmagy üçin köp zadyň gerek däldigi, şu günki Atahan aganyň gazanyp gelen az-owlak duşewindi hem ýeterlik ekeni.
-Babaý, men gassapdan ýarym kilo et alyp geleýin, çagalara agşam bir etli palow bişirip bereýin-diýdi. "Palow" sözüni eşiden çagalar begenişip, oýnamaga daşary çykyp gitdiler. Atahan aganyň çagasy köp däldi. 1 ogly, 2 gyzy bardy.Ogly Sadyk 6-njy synpda, gyzlar bolsa ondan aşakky synplarda okaýardylar. Sadyk köçä çykan badyna synpdaşy hem gonşusy Sähediň öýüniň öňine baryp syýkylyk çaldy. Sähet şo bada ylgap çykdy.
- Sähet, bilýäňmi näme, agşam ejem etli palow bişirýä, senem gel- bileje iýeris-diydi. Sähet dostunyň bu hoş habaryna näme diýjegini bilmän, onuň ýüzüne bir salym seredip
durdy-da soňra:
- Men nädip baraýyn, ýöne şeýle barsam birhili-de –diýdi.
- Palow bişen wagty men syýkylyk çalaryn,sen bir salymdan meniň "matim" depderimi sorap baran bolaý. Tabak ortada bolsa, dädem saňa"gel nahara" diýer. Menem "gel, gel" diýerin. Sen çekinme-de gelip otyr. Palowy bileje iýeris- diýdi.
Şol gün agşam Atahan agalarda etli palow bişdi. Nahar tabaklara salynmazdan öň Sadyk bir zady bahanalap, daşary çykyp, syýkylyp çalyp geldi. Ejesi bilen gyzlary bir tabagy, kakasy bilen Sadyk ikinji tabagy ýaňy öňlerine alanlaryndan soňky waka edil oglanlaryň dilleşişleri ýaly boldy.
Ertesi, oglanyň içinde gep ýatýamy, näme, Sähet mekdepde öten agşam Sadyklarda hezil edip palow iýenini aýdyp öwündi. Sadyk dagydan bir synp öňdäki daşyrak goňşy iki oglan :
-Indiki sapar bizi-de palowa çagyr, çagyrmasaň göreris -diýip herreldiler. Hudaýyň beren güni kän. Atahan aganyň-da her güni düşewüntli bolup duranokdy. Käte jübüsiniň boş gaýdýan günleri hem bolýardy. Şeýle günlerde ol öýlän hem kireý etmäge çykardy. Ýogsam günortana çenli bäş-üç manat gazanyp gaýtsa ertire çenli dem-dynjyny alyp ýatardy.
Bir gün onuň uçin örän amatsyz gün boldy. Günortana çenli-de, öýlänem işi paşmady,öýüne kör- köpüksiz gaýtdy. Keýpi örän bozukdy. Arabany kiçijik howlusyna çekip, esegi arabadan boşadanam şoldy janwwer aňyryp goýberdi. Gaharyny kimden çykarjagyny bilmän duran Atahan aga "kes sesiňi!" diýip eşegiň golaýynda ýatan döwük piliň sapy bilen urmaga başlady. Bir taýak eşegiň kellesine erbet degen bolmaga çemeli janawer "hyňk,hyňk" etdi-de süýnüp ýatyberdi.Eden işiniň telekedigine düşünen Atahan aga eşeginiň baş ujuna çök düşdi-de, onuň kellesini sypalap samrap başlady: "Bagyşla meni, gaharymy senden çykaraýjak boldum, bagyşla. Tur, janawer ýeriňden, meni beýle gorkuzma" diýip, eşegiň ýüpünden ýokary çekse-de eşek ýerinden gozganmady. Gaýtam gözlerini mölerdip,Atahan aga seredip ýatyşyna göýä: "Saňa eden hyzmatlarymyň hakymy bu edeniň? Maňa dostum,daýanjym diýmänmidiň? Dostuňy şeýdip urmalymy? Men ölaýsem nätjek, mensiz güzeranyň nähili geçerkä?" diýýän ýalydy.
Şol mahal eşeginiň kellesini sypalan eliniň aýasyndaky gana gözi düşen Atahan aganyň damagy dolup, gözüne ýaş aýlandy. Ol: "Eý Hudaýym,biziň kalbymyza gahar-gazap diýen zadyň ýerine rehim-şepagaty köpräk salaýsaň bolýar-a" diýip içini gepledip, eşegiň kellesiniň gan çykan ýerini barlap başlady. Görse,uran taýagynda çüý bar bolmaga çemeli janaweriň kellesini gowuja ýaralapdyr. Muny gören Atahan aga:<<Kempir!>> diýip sesini ýetdiginden gygyrdy.Bu eýmenç sese içerdip howlugyp çykan aýaly:
-Näme beýle gygyrýaň, näme boldy, kakasy-diýip, adamsynyň ýanyna ylgap geldi.
- Bir azrak pagta bilen ýod getir, eşegiň kellesi ýaralanypdyr.
- Weý,nädip ýaralanypdyr? Biri urupmy ?
- Hudaý urupdyr,bar tiziräk!
- Hudaý urupdyr, diýmäň näme?
- Hudaý meni urupdyr, bar, aýdanlarymy getir!
Adamsynyň gahary gelenindäki häsiýetine ýetik aýaly geplemän ylgap gidip, onuň aýdan zatlaryny getirdi. Atahan aga pagtany ýoda ezip, eşegin kellesiniň gan çykyp duran ýerine basanam şoldy welin janawer bir tisginip,zöwwe ýerinden turdy. Atahan aga begenjine "berekella, berekella!" diýip gygyryp goýberenini bilmän galdy. Äriniň gamaşyp duran ýüzüniň bir neme açylanyny gören aýaly:
-Eşege näme boldy, kakasy- diýip soramaga milt etdi.
-Näme bolanyny sorama. Çaýyň demli bolsa ýör,çaý içeli- diýip eşeginiň ýerinden turanyna ynjalan Atahan aga aýaly bilen içeri girdi. Her gün gazanan pulyny aýalyna berýän Atahan aga bu sapar jübüsine elini urmady. Aýalynyň soragly nazaryna kellesini ýaýkap jogap berdi-de aşak çökdi. Adamsynyň keýpiniň buzukdygynyň sebäbine indi düşünen aýaly:
- Zyýany ýok, kakasy. Bu gün bolmasa ertir bolar,onuň üçin darykma -diýip göwünlik beren boldy. Emma ertesi beterinden beteri bar diýilişi ýaly Atahan aganyň, diňe ony-däl tutuş maşgalany howsala salan waka yüze çykdy duruberdi. Şol güni Atahan aga irden gidip çörek puly gazandy-da günortan öýine çaýa geldi. Baryndan nahar edinip, ýene kireýkeşlige gitmek üçin daşary çykanynda gapysynyň öňinde arabanyň aryşyna baglap goýan eşeginiň ýokdugyny gorüp, huşy başyndan uçdy.
Ol özüni dürsäp, onçakly uzyn bolmadyk köçesiniň iki başyna agsaklap baryp geldi. Eşegi hiç ýerde ýokdy. Ony gördüm-bildim diýenem ýokdy. "Alla janym, bu nähili boldy. Yüpüni çalarak baglan bolsam boşanyp, düýnki uranym üçin öýkelap gidiberdimikä? Aý ýok, özi boşanyp bilmez. Ony ogry alyp giden bolmaly. Hut şeýle bolmaly" diýip içini gepleden Atahan aga öyüne girip:
- Kempir, menň ol şakur-şukurlar dakylan penjegimi tapyp ber. Melisehana barmaly iş çykdy-diýdi.
-Weý, melisehanalyk näme işiň çykdy, kakasy?
-Eşegi ogurlap gidipdirler.
Bu sowuk habary eşiden aýaly:
-Eý waý, indi näderis, nadip günümizi göreris-diýip,ses edip aglap başlady.
-Kes sesiňi! Günüň bir eşege galypmy.Janym sag bolsa aç öldürmen!Penjegi çykar, ondaky demirlere gözi düşen meliselere ogrynam, eşegem taparlar.
Atahan ag uruşda alan orden-medallary asylan penjegini geýdi. El taýagyna söýenip, milisiýanyň edarasyna ugrady. Ol yere agsaklap barýança günem öýleden agdy. Edaranyň gapysyndan giren ýerinde oturan nobatçy Atahan agany boýdan-başa synlap:
-Yaşuly, saňa kim gerek?-diýdi. Atahan aga nobatçy ýigidiň salamyň ýerine gödeklik bilen soragyna gatyrganyp jogap berdi.
-Maňa neçelnigiň gerek! Meniň eşegimi ogurlap gidipdirler.
Nobatçy kellesini ýaýkap ýylgyrdy-da:
-Bä, bu zamanda eşek ogrusy-da bar ekenow-diýdi.
-Hä, bar eken. Ogry bilen eşegi tapmaly!
Nobatçy Atahan aganyň äheňini geňläp, oňa çiňňerlip seretdi-de:
-Uruşda komandir bolduňmy ýaşuly?-diýdi.
-Ýok,soldat boldum. Ony näme diýip soraýaň?
-Buýruk berip duranyň üçin soraýdym-da- diýip nobatçy it ýylgyryşyny etdi.
-Inim, ikimiz eňekleşip durmaly. Meniň arzymy neçelnigine ýetir ýa-da meni onuň ýanyna elt, özüm gürleşeýin-diýip Atahan aga talap ediji äheňde aýtdy.
- Arzyňy ýetireýin ýaşuly, ýöne sen naçalnigiň adyna arza ýazyp gel. Ine şundan soň seniň arzaňa serediler hem-de zerur çäreler görüler.
-Inim, bu maýyp aýak bilen meniň bu ýere gelip gitmäm aňsat däl. Onsoňam arza ýazyp getirýänçäm, oňa seredilýänçe näçe wagt gider. Maňa bolsa eşegim derwaýys gerek,guzeranym onuň bilen...
-Ýaşuly!-diýip, nobatçy Atahan aganyň sözüni böldi-wagt gitse gider. Şu arada eşegiň soýup iýmezler.
Bu gepe Atahan aganyň gahary gelip, gatyrak bir söz aýtmakçy bolup duran mahaly uzyn däliziň iki ýan tarapyndaky gapylaryň biri şarkyldap açylyp, ondan egindäki pagonynyň ýyldyzlary ýalpyldap duran orta ýaşlaryndaky adam çykdy. Ol Atahan aganyň orden-medallaryny sylapmy ýa-da ýaşyna sarpa goýupmy mylakatlyk bilen :
-Salawmaleýkim, ýaşuly-diýip, görüşmek üçun elini uzatdy - näme ýumuş bilen geldiňiz? Onuň soragyna Atahan agadan öňürti nobatçy jogap berdi:
-Ýoldaş naçalnik, bu ýaşulynyň eşegini ogurlapdyrlar. Men arza ýazyp geliň diýsem kyn görüp dur.
-Kyn görse, bizde dilden edilýän arza-şikaýatlary hasaba alýan žurnal ýokmy, näme! Şoňa bellik et-diýdi-de Atahan aga seredip:
-Ÿaşuly, gysynma eşegiňi tapyp saňa gowşurarys, ogra bolsa özümiz eýe çykarys-diýip, daşary çyyp gitdi. Atahan aga oňa minnetdarlyk bildiribem ýetişmän galyberdi. Onýança nobatçy oturan stolunyň çekmesinden naçalniginiň aýdan žurnnalyny çykaryp, Atahan agany soraga tutup başlady. Adyny,atasynyň adyny, öý menzilini, uruş weteranydygyny ýazdy. Gezek eşege geldi:
-Eşegiň nähili eşekdi?
-Daýaw ak eşek.
-Nähili belgileri bar?
-Nähili belgileri bolsun eşek-eşek-dä!
-Endamynda hiç hili belgi ýokmy, guýrugy çontukmy, çontuk dälmi, erkekmi, urkaçymy, aýdyber hemmesini.
Atahan aganyň bu waswasy soraglara ýeňsesinden tutdy:
-Hemmesini aýtsam, guýrugy çontuk däl, urkaçam däl, erkek. Dört aýagy, iki gulagy, iki gözi sappa-sag. Agzyny açyp diýşin-ä görmedim...
Nobatçy Atahan aganyň ýüzüne seredip, kellesini ýaýkap ýylgyrdy:
-Ýaşuly, gaharyň gelmesin. Ogurlanan, ýiten zadyň ähli sypatlaryny anyklap, žurnala ýazmaly. Ine anykladyk, indi gaýdyberseňem hem bolýa...
Atahan aga Milisiýanyň edarasyndan özüçe iş bitiren kişi bolup gaýtdy.Emma näçe garaşsa-da eşekden derek bolmady. Ol milisiýanyň edarasyna ýene bardy. Nobatçy onuň sözüni diňläp, öňündäki telefony galdyrdy:
-Ýoldaş naçalnik, ol ogurlanan eşeginň eýesi geldi. Siziň ýanyňyza girjek diýýe... Hä, düşündim. Bolýa, bolýa-diýip telefony ýerinde goýan nobatçy Atahan aga diýdi:
Ýaşuly, naçalnik Sizi kabul edip bilmeýär. Ýanynda ýokardan adam bar. Size gysynmasyn, tizarada taparys, ugruna çykyldy diýdi.
-Tizarada diýen haçan bolýa, inim? Eşek maňa tizden tiz gerek. Men eşegaraba bilen kireýkeşlik edip maşgala ekleýän. Ine näçe gün bäri kireý edip bilemok, öýde bolsa çörek tükenip barýa. Naçalnigiň şuňa düşünýämi-kä?!
-Düşünýen ýaşuly. Hemmämizem düşünýäs. Sen gaýrat et-de ýene bir azyrak garaş – diýip, nobatçy hoşamaý sözler bilen Atahan agany ugradyp goýberdi.
Atahan aga bir azyrak däl, köpürägem garaşdy. Emma netije bolmady. Ol ýene bardy. Ýene öňki gep- "garaş". Atahan aga bu ýere näçe gatnasa-da netije çykmajagyna gözi ýetip, eşeginden umydyny üzdi. Ol indi nätjegini bilmän, maňlaýyny tutup iňkise batyp otyrka aýaly onuň ýanyna gelip,garşysyna çökdi-de ýuwaşja-dillemdi.
Kakasy,bäri seret...
Atahan aga elini maňlaýyndan aýryp, kellesini galdyranyndan aýalynyň eliniň aýasynda ýalpyldap duran gyzyl gulakhalkara gözi düşüp bir hili boldy. Bu gulak halkalary ol öýlenende ejesi pahyr gelnine sowgat edipdi.
-Kakasy, şulary sataýaly. Melisehana gatnap ýörme-de bazardan bir eşek alaý. Bu ýaşdan soň maňa bu zatlaryň geregi ýok. Ýöne Sadyk jany öyersek gelnime bererin diyp yygşyryp goyupdym. O günlere hudaý ýetirse gulak halka-da tapylar.
Atahan aga damagy dolup, gepläp bilmän bir salym dymdy. Ol bu sözler aýdylmanka-da aýalynyň eliniň aýasynda gulakhalkalara gözi düşenden onuň niýetini aňypdy.
-Indi başga alajymyz hem ýok. Nätjek, bazara eltjekmi?
- Yok, ilerki goňşymyzyň aýaly aljak diýdi. Oňa görkezipdim.
Atahan aga uludan demini alyp, geplemän daşary çykdy. Içerde oňa howa ýetmeýän ýalydy.
Aradan iki gün geçip bazar geldi. Gulakhalkalaryň puluny kisesine salyp, Atahan aga bazara bardy.
Şäheriň bir gyrasynda yerleşen mal bazaryň bir çetinde bäş-alty sany satlyk eşekler bardy. Olaryň arasynda reňki başga diýäýmeseň edil özüniň eşegine meňzeş daýaw eşek gözüne göründi. Ol bu eşegiň daşyna aýlanyp,ony gowja gözden geçirdi. Atahan aganyň hereketlerine syn edip duran eşegiň eýesi:
-Näme eşek göwnüňe ýaradymy, ýaşuly?-diýdi.
- Ýaraýşyna ýarady welin seniň bilen bahasyny ylalaşyp bolaýsa.
-Näme uçin beý diýýeň? Men-nä şeýle bir keç adama meňzeýänmi?
Atahan aga oňa "aý ýok-la" dýip oňa synçy nazary bilen seretdi. Ýaş ýigit bolmagyna garamazdan sakgal-murt syrylmadyk, gözleri bijaý oýnap duran eşegiň eýesini Atahan aganyň jyny almady. Şonuň üçin onuň bilen, söwda-da edesi gelmedi. Emma eşek göwnüne bijaý ýarany uçin ony sypdyrasy hem gelmedi.
"Söwda bar ýerinde dellal bar" diýlişi ýaly olaryň töweregine bäş alty adam üýşdi. Olaryň arasyndaky dellal söwdany gyzdyryp goýberdi. Eşegiň bahasynda ylalaşman duran satyjy bilen alyjyny ylalaşyga getirdi. Puluny sanap bereninde özüniň "Hyzmat haky" uçin bäş manat şirinkana alyp galmagy hem unutmady. Şeýdip Atahan aga eşekli boldy. Ony münüp öýüne gaýtdy, eşek janawer örän ýörgür ekeni. Edil özüniň öňki eşegi ýaly "yh" diýdirmän ýorgalap barýardy. Atahan aga gowy eşege duşanyna begene-begene öýüne gelip ýetdi. Adamsynyň eşek münüp gelenini gören aýaly hem döwletli-döwrän gelen ýaly begendi.
-Kakasy, gowy eşek alypsyň, nesip etsin! Dur, howla salmazyňdan öň maňlaýyna bir ak çaýalyň-diýip, içerden bir çümmük un çykardy. Aýaly aýdan yrymyny eden soň Atahan aga eşegi içeri howla alyp girenem şoldy welin eşek birden aňňyryp, agnap başlady. Onuň agnan ýerine suw dökülen ekeni göwresiniň ýarysy gara laý boldy. Muňa keýpi gaçan Atahan aga aýalyna gygyrdy:
- Kempir! bir bedre suw bile esgi getir. Bu haram ölen bar ýerini laýa bulady.
Ýerinden turup, silkinip durean eşege Atahan aga:
-Aý gardaş, seniň bu edişiň-ä bolmady. Bu laýyň bilen seni araba goşup gidip bolmaz-diýip aýalynyň getiren suwly bedresine esgini batyryp laýy ýuwup başlady. Ine şunda gaty täsin ýagdaý ýüze çykdy. Eşegiň göwresiniň laýy ýuwulan ýeri öňki çalymtyk reňkini ýitirip, ak reňke öwrülip barýardy.Muny gören Atahan aganyň haýran galmakdan dili tutulyp,öýe girip barýan aýalyna:
-Heý, heý bäri !-diýip elini bulaýlady.Näme bolduka diýip ylgap gelen aýalyna eşegiň laýy ýuwulan ýerine barmagyny çommaldyp:
-Seret, seret! - diýärdi.
-Wiý, kakasy, bu nä...dur-la - diýip ol eşegiň iki gulagynyň arasyna elini yüwürtdi-de--Ine, häkide yod basan ýeriňde gatan gan henizem bar. Bu öz eşegimiz, kakasy, ony saňa boýap satypdyrlar-diýdi... Hakykatdanam şeýle ekeni. Är-aýal eşegi boýdan başa ýuwdular weli ol özleriniň öňki ak eşegi bolup duruberdi. Şonda Atahan aga:
-Heý zamana, zamana! Eşek boýap satmak ýaly ýagdaýa ýetilen bolsa aňyrsynda näme galdy-da?-diýip kellesini ýaýkady.
Bir mahal hyýal derýasyna çümüp oturan Atahan aganyň ýanyna hasyrdap giren agtygy:
-Ata! Täze maşyn aldym- Mersedes!-diýdi şowhunly ses bilen.
-Nesip etsin, oglum. Öňkiňi nätdiň?
-Boýap satdym.
-Maşyn boýap satdym diýsene... Bolubilýe, eşek boýap satmasaň bolýa, oglum.
-Bu näme diýeniň, ata? Kim eşek boýap satypdyr?
-Aý geçmişi ýatlap aýdaýdym-da.
Eşek boýap satylýan zamanlar, geçdi-le, geçdigi bolsun. Siz indi iň bagtly zamananyň adamlary oglum-diýip ýaşuly agtygyna mähirli seretdi.
Reýimbaý SABYROW.
Hekaýalar