16:46 Dorgunan / hekaýa | |
DORGUNAN
Hekaýalar
Jepbar aga ýitig ýapagynyñ eýesini idegläp, golaý-goltumdaky çomry obalaryna ötenden-geçenden aýdyp, habar ýetirmegi başardy. Emma eýe çykan bolmady. Güýzüñ başynda jahany suw-sil edip, ak ýagyş ýagdy. Çopan durmuşy şeýle-dä. Ol yzyna ~ gum ýataklaryna çekildi. Ýer güýzedi. Gökden doýan ýapagynyñ garny pökgä döndi. Dodajyklaryndan ýaşyl yz aýrylmady. Bahar paslynda hasam ers-mers boldy. Endam-jany balyk kimin ýaldyrady. Burunjagazyny pyrryldadyp, eýlä-beýlä at saldy. Tüweleýläp, gidip-gelmegi çykardy. Şemal ösäýse dagy onuñ bilen ýaryşdy. Çopançylykda ömri paýawlap barýan Jepbar aganyñ gursagynda taýa bolan gyzgyn söýgi oýandy. Onuñ gözüniñ alnynda, belki, toýnaklyny baglajak bedew gezip ýör. Bedew yşky gojany magat ýesir etdi. Munça ýyllap bu söýginiñ irkilenligine ahmyr çekdi. Ýöne haýry ýok. Hawa, niçik ahwalka, bi? Ýylanyñ damagyndan çykan şekilli jandaryñ owadanlygyna bakyp-bakyp, doýup bilenok. Dowarlary, özüni unudýan pursatlary bolýar. Käte Aždara ýal bermegem ýadyndan çykaraýýar. Be-e, al-arwah kakan bolaýmasyn? Birki gezek budundan çümmükläp gördi. Öz-ä ganymat. Awusyny syzdy. Onuñ bedew hakynda ýüze tutaryk bilýän zady ýokdy. Şol sebäpli, şu wagta çenli, ýaşaýşyny bilezzet ýele sowrulan hasap etdi. Elbetde, oba-da seýrek gelerdi. Şonda toý-tomgulardaky at çapyşyga birki gezek gabatlaşdy. Höziri az mahallyk küýünde galdy. Ýöne häzir bakyýete göç eden, ady belli Jemer seýsiñ gojalyşan çaglarynda bedew bilen bagly aýdan sözleri hakydasynda. Şundan soñra: "Goý, bu-da bir hünäri bolar. Öwrensin" diýip, agtygy Resulyñ ata höwesekligi üçin Jemer seýsiñ ýanyna gatnamaga ejaza berdi. Jepbar aga mahal-mahal garry seýsiñ söhbetlerini ýatlanyny kem görenok. Geçmişde toýnaklyny öñüne geçirmedik bir bedew bolupdyr. Eýesi batyrgaý ýaş ýigit. Dädesi ýogalan. Ejesi bar. Ýañky ýigit goñşy obadaky baý gyzyny halaýar. Gyzam ony. Ýöne ol gözel şeýle owadanmyş, dünýe malyny berseñem az diýýä. Ýigit sähetli gün ejesini sawçylyga iberýä. Baý ýowuz şert goýýa: - Galyñ deregine bedewini bersin. Ene baýyñ talabyny ogluna aýdýar. Ol sarsýar, süññi yranýar. Enesine-de, ýagşydan-ýamandan jogap gaýtarmaýar. Agşam sataşanda magşugyna onuñ dädesiniñ meýlini aýdýar: - Eşitdim. Eýsem, meñ üçin, bir aty rowa görersiñ-ä? Aşyk hallan atyp, ýykylmazlyk üçin, gaba ýylgynyñ kuwwatly şahasyndan ýapyşýar. Bugdaýreñk ýüzi garört bolýar. Hut orak şekilli egrelýär. Gyz geñ galyp, şeýle diýýär: - Wiý, bi oglany. Saña ne döw çaldy? Aşygy sesini çykarmaýar, emma berk gysylmakdan şaha şatyrdaýar. Gyz oña delmuryp bakýar: - Aýdaýsana, ýüregimi üzdüñ-le, oglan! - Men.., men.., bedewimden geçip biljek däl. - Onda... menden geçýäñ-dä? - Ol hyrra yzyna öwrülip, gözi ýaşly entirekläp ugraýar. Ýigit birden aklyna aýlanyp, gyzyñ alnynda keserýär: - Dur melegim! Sendenem geçemok! A sen niçik? Men..., menden geçmersiñ gerek? Gyz ýuwaşja pyşyrdaýar: - Ölsem ýeriñki, ölmesem... señki. Ýigit pynhan sataşygy unudyp, göçgünli seslenýär: - Biz halas, maralym! Halas! - Ýuwaşrak. O nähili? Ýigit pyşyrdaýar: - Gaçaly. Şonda senem, bedewimem gutulýa. O şuñkar ganatly guş ahyry! Hiç kime el bermez. Şeýle hem edýärler. Beýleki söhbet Jemer seýsiñ öz başyndan geçireni. Kümmethowuzda baýyñ biri dabarasy dag aşan toý tutýar. At çapyşygam bar. Garry seýis toýa çapyksuwary bilen ýola düşýär. Ol itleriñ sesi galyşyp ol uklandan, obanyñ çetinden barýarlar. Taýak ýetimde garaja öý görünýär. Seýis dillenýär: - Oglum gel, şü öýe myhman bolaýaly. Golaýlap atdan düşýärler weli, çapyksuwaryñ göwni suw içmeýär: - Ýaşuly, öýüñ depesine kesek oklasañ saklajak däl ýaly. Jemer seýis sesini çykarman, içeri girýär. Çülpe çagaly öý eýesi güler ýüz bilen ör turup garşylaýar. Çaý berýär. Ýeke horazyny öldürip naharlaýar. Ýeriñ-ýurduñ garybylygy bildirip dur. Onki aýlawda Jemer seýsiñ bedewi baş baýragy ~ semiz öküzi alýar. Seýis muny öý eýesine eçilip gaýdyberýär. Soñra şol adam öküzi alşyk-çalşyk edip baýapdyr. Jemer seýse hem mahal-mahal halat-serpaýly, dogaýy salamy gelip durupdyr. Çyn bedewiñ adam başyna seýrek gonýan bagt guşudygyna Jepbar aga indi-indi düşündi. Ol Resuly sargap getirtdi-de, taýy-buýsanjyny berip goýberdi. Ýöne onsuz oñup bilmejegune tiz göz ýetirdi. Düzde kanagatly gezýän çopanyñ ýüregi oba atygsady. Ylaýta-da taýynyñ kiçi aýlawda öñbaýrak alanlygyny eşidip obany küýsedi. Sähra sygmajak boldy. Süriniñ yzyna düşmegem derdeserli bolup barýar. Onsoñ başga birine tabşyryp, öýüne ymykly geldi. Şuñkarjygyna idi-yssywat ediberdi. Toý saýyn onuñ ady arşa göterildi. Güýjüne doly girende-de, on iki aýlawda ozup, baş baýraga goýlan bogaz düýäniñ gapa gelmegine sebäp boldy. Bir gezek şeýle ahwal ýüze çykdy. Ikindi şapagy al-elwandy. Serwi gyz daş guýudan suw alyp gelýär. Desmaly-da al-elwan. Bedewem al-elwan. Üç näzikligi, üç älemgoşar öwüşginini görmäge göz, taryplara söz gerek. Şol pursat Resul atyny daşguýudan suwa ýakmaga gelýärdi. Bäh, gözüñe söweýin, behişdi janawer süýnüp-sarkyp, ýere basmaýan şekilli ýöredi weli.., obanyñ iñ owadan gyzy muña añkarylyp büdüredi-de, küýzedäki suwy dökän-saçan boldy. Eý-ho! Gyz sallanyşyndan rüstem çykan bedew, sen, niçik gudrat?!.. Günler, aýlar tirkeş gurap, geçip dur. Ine, birdenem, dünýäni sarsdyran aýylganç uruş turdy. Jepbar aga üç ogluny söweş meýdanyna ugratdy. Soñra murty taban agtygy Resuly ýola saldy. Maşgalanyñ agyr keşigi onuñ başyna düşdi. Goja ençeme gezek uludan-uludan demini aldy. Şeýdibem, bir ýyla golaý wagt geçdi. Tomus gijesiniñ alagarañkysynda täret kylmaga hyýallanan Jepbar aga goñşularynyñ gapysyndaky galmagal gulagyna ilip, sakga durdy. Şol tarapa üşerilip, diñşirgendi. Alla janlarym, näme gopduka? Frontdan ajy habar geläýdimikä? Ýa-da deñ-duşy Sülgün kempir amanadyny tabşyraýdymyka? Ony diýseñem-ä, daşda-içde gymyldap ýöreni görünýärdi. Herhal, beýdip durmaga takaty ýetmän çybşyldap, Sülgünlere ugrady. Bärden barybam habar gatdy: - Sülgün amanlykmy? - Jepbar senmi?! Geleweri, dogan - Kempir aglamjyrap dowam etdi: - Agtygymy.., ady ýitmiş, uzyn guýruk çakypdyr. Tomus gijesinde takyrlyga düşek ýazylyp daşarda ýatylýar. Telär edere agaç tapylyp ýörenok. Käbiri gumdan sekijik galdyraýýar. Bularda o ýok. Ötegçi ýylan-beýlekä sowlandyr-da... Goja içeri girdi. Düşekçede gyzgagaz süýnüp ýatyr. Daşynda ejesi elewreýär. Jeñ meýdanynda bir elini aldyryp, ýañyrak gelen lukman ýigit howsalaly dillendi: - Bir güni bir ýyl. Tizden-tiz Etregiñ keselhanasyna gitmeli. - Hany oña ulag? Bu Sülgün kempiriñ sesidi. Maşyn ýok. Kolhoz başlygynyñ özi ýorga ýaby münýär. Düýe bilenem, haçan ýetjek merkeze? Hemmeler ýaşuly hökmünde Jepbar agany, geplärine garaşyp, onuñ garaýagyz ýüzüne ser salýardy. Bir haýukdan soñ, ol dillendi: - At bilen äkidilse niçik bor? Lukman ony goldady: - Hak aýdýañ, Jepbar aga! Uruşdan öñ bir gezek maña Resulyñ bedewine münmek bagty miýesser edipdi. Süýtli käsäni eýerinde goýsañ, çaýkamaz. Özem ýelden ýüwrük. Aýtdym-a, basym eltmeli keselhana diýip. Jepbar aga agtygynyñ birini oýaryp, ýagdaýy düşündirdi. Ol gaýta-gaýta pallap sowal berdi: - Ata, näçe kilometrkä, Etrek? - Elli bäş-altmyş kilometr bardyr. Wagt geçmänkä, bedew etrap merkezine ýyldyrym kimin süýndi. Günortana çenlem öwrülip geldi. Ep-esli mahaldan gyzjagaz hem sagdyn halda dolanyp geldi. Obada ýowuz urşuñ şarpygyny datmadyk öý tapaýmak çetindi. Söweş meýdanyndan iberilen sygryñ dili ýalyjak kagyz Jepbar agany-da bir tarapa gaýra saldy. Goja iki büküläýdi. Ýöne basym özüni ele salmagy başardy. Obadan uzakdaky Etrek derýasynyñ ýakalarynda kolhozyñ ekin meýdany bardy. Işe ýaran şonda güýzlük arpa-bugdaý ekýärdi. Jepbar aga birki gün içinu hümledip, belli karara geldi, ýere dabanma-daban beled-ä, ol. Düme ekmeli. Ýer sürmäge iş maly nireden aljak? Barysam ekişde. Goja düme ýerde ekin ekmek pikirinden dänmedi. Aýgytly netijä geldi. Aty bar-a. Arkadagy, behişdi janaweri bar-a. Gözleri şullardy. Gapyrgalarynam sanabermeli. Üstesine, ýagyr boldy. Ol yslandy. Gurt düşdi. Jepbar aga ony ýuwup-arassalap, gara nil çaldy. Wah, bary gytçylykdan. Doýa garny doýmady. Ýogsa, beýle hala düşmezdi. Şata döz gelerdi. Eýsem nätmeli? Elbetde, iñ bolmanda bir halta arpa tapmaly. Şony iýdirseñ nägehan ajalyñ penjesinden sypar. Emma bir halta arpany kimden sorarsyñ? (dowamy bar)... Annatagan NURGELDIÝEW. | |
|
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |