22:56 Dost | |
DOST
Goşgular
Eşidemde eýerýänim – Sözüm bar bolsa – seniñki. Aglan çagym elenýänim – Gözüm bar bolsa – seniñki. Sem etjek agy sesini Şatlygym bolsa – seniñki. Bir telefon belgisini Ýatlaýan bolsam – seniñki. Bogan gülüni biriniñ Saklaýan bolsam – seniñki. Doglan gününi biriniñ Unutmaýan bolsam – seniñki. Çagyrtmazdan, islän çagym Barýan bir öýüm – seniñki. Şatlyk-gussam, gyşym-ýazym, Ýasym hem toýum – seniñki. Açyk göwnüm, ak ýüregim, Ter-tämiz törüm – seniñki. Çyn dost meniñ bar geregim, Bak, herne barym – seniñki. Kadyr MIRZALYÝEW, gazak şahyry Terjime eden: Tirkeş SADYKOW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||