00:51 Dostluk kömegi / satiriki hekaýa | |
DOSTLUK KÖMEGI
Satiriki hekaýalar
Munuň özi halkara syýasy arenada bolup geçen waka. Emma taryha-da, dünýä syýasy taryhyna-da ýazylmady. Taryh kitaplary hernäçe dogruçyl ýazylsa-da, käbir wakalar hiç mahalam taryha girmeýär. Şu bolup geçen waka-da taryhyň ýazyp bilmedik şeýle wakalarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, Ikinji jahan urşundan soň köp sanly ýurtlar garaşsyzlygyna gowuşdy, täze-täze döwletler ýüze çykdy, häzirem çykyp ýör. Şonuň üçin atlaslar çalt könelýär, dünýäniň syýasy kartasyny çalt-çaltdan üýtgedip durmaly bolýar. Hatda geografiýadan okadýan mugallymlaryňam täze gurulýan döwletleriň atlaryny, paýtagtlaryny bilmän galýan pursatlary az bolmaýar. Afrikada (adyny mälim etmegi dogry hasaplamok) ýene bir täze döwlet döräpdi. Garaýagyzlaryň ýurdunda ilkinji nobatda garaşsyzlyk urşunda göreşenlerden arasyndan saýlanyp, hökümet düzüldi. Täze döwletiň ministrler kabinetiniň birinji ýygnagy geçirildi. Ýygnakda esasan üstünde durulmaly meseläni Ykdysadyýet ministri gozgady. Ýurt we garyp juda garyp ýagdaýdady. Maýa goýumlary üçin kör-köpük pul ýokdy. Üstesine daşarky güýçler täze döwleti ykdysady taýdan çagşatmagyň ýollaryny gözleýärlerdi. Oba hojalyk we senagat ministrleri-de mejbury sosial maýa goýumlary üçin pul gerekdigini aýtdylar. Bu çekişmelerden soň Maliýe ministrliginiň pul çeşmelerini tapyp, döwletiň ilkinji býužetini düzmegi kararlaşdyryldy. Bu täze garaýagyz döwletiň Ministrler Kabinetiniň ikinji ýygnagynda Maliýe ministri pul çeşmeleri, daşardan kömek we kredit meseleleri biýunça giňişleýin maglumat berdi. Haýsy uly döwletlerden kredit we karz pul alnyp bilinjegini-de mälim etdi. Daşary işler ministri şol uly döwletlerden karz pul we kredit almagyň nädogry boljakdygyny aýtdy. Çünki bu döwletler halkyň gözüne-gaşyna tiňkelerini dikip duranýandyklary üçin karz berenokdylar. Kazr pul beren bolup gowulyk edensireýän ýurtlaryny boýunturyk astyna alyp, halkyň ganyny sorýarlardy. Garaşsyzlygyny ýaňy gazanan garyp ýurt bolansoň, bu duzaga düşmejek bolmalydy. Ýurdunyň iň uly taýpasynyň kethudasy bolan premýer-ministr: - Onda nähili çözgütleri orta atýaňyz? Bize berjek teklipleriňiz barmy? Teklip şudy: Afrikada ýene bir musulman ýurt bardy. Ol ýurt öňden bäri garyp ýaşaýardy. Uç-bujaksyz çölleri ekin-tikin üçin amatly däldi. Gurak we hasylsyz topraklarynda maldarçylygy ösdürmek mümkin däldi. Industriýasy-da ýokdy. Halky birgiden kynçylyklaryň içinde jöwlan urýardy. Bu garyp ýurtda günleriň bir güni nebit çykdy, ummasyz nebit ýataklary tapyldy. Garyp ýurt nebit arkaly dünýäniň iň baý ýurtlarynyň hataryna girdi. Bu baý musulman ýurdy bilen mundan öň syýasy we diplomatik gatnaşyklar ýola goýulmandy. Ýöne bu musulman döwletiň täze garaşsyzlygyny alan ýurtlara kömek edýändigini bilýärdiler. Premýer-ministr: - Nebitleri şolar ýaly köpmükä? – diýip sorady. Daşary işler ministri: - Aýdar-diýer ýaly däl... Nebit çykmady, zogduryldy... Nebitiň nädip tapylandygy barada kän zatlar aýdýarlar. Jansyzdygy aýdylýan ýewropaly är-aýal çölde gezip ýörkäler, her maşgalada bolşy ýaly özara sene-mene edipdirler. Aýal gahary gelipdir-de aýagyndaky köwşüniň uçly ökjesini ýere urupdyr welin, “fyşş” edip, ýerden goýy suwuklyk atylyp çykypdyr. Gaharjaň heleýi gaharyna bäs gelibilmän siýendir öýden adamsy yzyna öwrülip hasasyny ýere urandan, hasanyň ýiti ujunyň sünjülen ýerindenem ýaňky ýaly suwuklyk atylyp çykypdyr. Ine, ol musulman ýurtdaky nebitiň tapylşyny şeýle gürrüň berýärler. - Döwlete kim ýolbaşçylyk edýär? – diýip sorady premýer-ministr. Daşary işler ministri bilýän maglumatlaryny aýdyp berdi. Ýurduň ýolbaşçysynyň aram-aram samsyklaç hereketleri edýändigini bilýänem bolsalar, onuň bu bolşy bulara gyzykly däldi. Pullary şeýle bir kändi welin, näme etjeklerini bilmän saga-sola sowurýardylar. Iň gowy tarapy-da garaşsyzlygyna ýaňy gowuşan döwletlere kömek edýänligidi. Ýörite topar düzüp, kömek soramak üçin şol baý musulman ýurda gitmegi müwessa bildiler. Elbetde, premýer-ministr heniz syýasy gatnaşyklar ýola goýulmadyk ýurda gidip bilmeýärdi. Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda ykdysadyýet we maliýe ministrleriniňem bolan ýigrimi adamlyk topar düzüldi. Toparyň resmi sapary üçin şol musulman ýurda diplomatik ýüzlenmeler edildi. Musulman ýurduň baştutany topary kabul etjekdigini mälim edensoň, topar agzalary musulman döwlet ýolbaşçysyna äkitjek sowgatlaryny jemlemäge durdular. Bular şol Afrika ýurdy üçin gymmatbahaly sowgatlardy: Owallar ýabany haýwanlary awlamaga çykanda, soňky wagtlar diňe dabaraly medeni çärelerde ulanylýan reňkli nikaplardan ybarat baý kolleksiýa. Ýabany haýwanlaryň dişlerinden ýasalan monjuklar. Samşit agajyndan ýerli taýpalaryň ýasaýan elin suwenirleri. Sortlary gizlin saklanan we guradylan ösümlik köklerinden ýasalyp, tütetmäge niýetlenen külkeler. Gaplaň derileri. Sanasaň sogaby bar... Musulman ýolbaşçydan gelibersinler çakylygyny alansoň, topar ýola düşdi. Olar uçarda özlerini kimiň garşylajagyny gürleşdiler. Herhal öz derejelerindäki adamlaryň garşylajagy bellidi. Ýigrimi adamlyk topar howa menzilinde eşikleri syrmaly, pogonly bäş adam garşylady. Bular daşary işler ministri-de däldi, maliýe ministri-de. General bolaýmagy ahmaldy. Ne-hä doly harby gullukçynyň lybasynda, ne-de raýat eşikdediler. Biriniň dagy eşigi goýy gök reňdedi. Eginlerinden pogonynyň seçekleri seçelenip durdy. Hemmesiniňem jalbarynda bir garyş inlikde gyzyl zolak we başgaplarynda ýyldyzlar bardy. Ilikleri ýalpyldawuk sary reňkdedi. Garaýagyz myhmanlar özlerini harby toparyň garşylanyna geň galdylar. Diýmek, bulara onçakly ünsem bermändirler, gelýämişiňem diýmän ekenler. Emma bu bäş general birdenkä myhmanlaryň çemodanlaryny alyp, göterişjek bolanda başagaýlyk döredi. Garaýagyzlar çemodanlaryny özleri göterjek bolup dik gaýyşýardylar, ýöne generallaram tutan ýerlerini goparmasalar, goýbererli däldiler. Aralaryndaky çekeleşik esli wagta çekdi. Hernä soň düşünişdiler. Bu bäş kişi generalam däldi, zadam. Olar myhmanlaryň bolmaly oteliniň hyzmatçylary we gapyda durýançylarydy. Elbetde, olar çemodanlary awtoulaglara ýüklemekçi bolupdylar. Munuň şeýledigine düşünýänçäler çekeleşmekden ýaňa birnäçe çemodanyň sapy gopup, ellerine gelipdi. Myhmanlary oteliň hyzmatçylaryndan, gapyda durýançylaryndan başga garşylan bolmady. Otele ýerleşen günleriniň ertesi gerek-ýarak zatlaryny soradylar. Olar Onuň Alyhezretleri Prezident bilen görüşmek isleýärdiler. Hormatly Prezident bu wagtlar juda işlidi, çünki kömek soramaga gelen toparlar nobata durdylar. Gezekleri ýetende prezident olary-da kabul etmelidi. Bir hepde garaşybam kabul edilmänsoň, topar agzalaryny taşlap gaýdan täze döwletleriniň batma gaýgysy dolap aldy. Nobatdan öň kabul edileris umydy bilen getiren sowgatlaryny prezidente ugratdylar. Prezident nikaplary, haýwan dişlerinden edilen monjuklary gören badyna: - Bu nämäň şama-şaýyrdylygy?.. Ýok ediň şu jäjekleri, gözüm görmesin! – diýip, gygyranam bolsa, protokol müdiri olara prezidentiň sowgatlary halandygyny we minnetdarlyk bildirendigini aýtdy. Ertesi günem prezidentiň kabul edilmelidiler. Prezidentiň öňüne çykmankalar, protokol müdiri oalar hereket etmelidigini öwretdi. Prezident olary çadyrynda kabul etmelidi. Ýurdunyň ýol-ýörelgelerine wepaly prezident kabul edişlikleri çadyrda geçirýärdi. Elbetde, onuň çadyry siziň göz öňüne getirýän çadyrlaryndan däl, özbaşyna bir otagdy. Musulman däplerine eýerip, çadyra aýakgabyňy çykaryp girmelidi we aýbogdaşyňy gurup oturmalydy. Prezidentiň iki gapdalyna hümerlenşip oturmalydy. Topardan birnäçesiniň aýakgaplarynyň çykarylmagyna jany ýanypdy. Ikibaşdan aýakgabyňy çykarmaly bolsa, muny oteldekäňem aýdyp bolýar-a? Iň bolmanda joraplaryny çalşardylar. Olaryň ýola çykanlaryna iki hepde geçipdi ahyry. Garaýagyz myhmanlar harby orkestr çalýan sazynyň astynda baýramçylyk lybasly esgerleriň arasyndan geçip, bezemen otaga girdiler. Protokol müdiriniň öwreden görnüşinde hormat bilen salam berdiler, prezidentiň iki gapdalyna geçip, aýbogdaşlaryny gurup oturdylar. Garaýagyzlara aýbogdaş gurup oturmak eliň üstünde başaşak durmakdan enaýy bolmady. Olaryň arasynda ömründe bir gezegem aýbogdaşyny gurup oturmadyklary bardy. Prezident täze döwleti gutlap, birnäçe jümle sarp edenden soň, näme haýyş bilen gelendiklerini sorady. Garaýagyz döwletiň topar başlygy bolan daşary işler ministri başdan geçirýän kyn ýagdaýlaryny beýan etdi. Daşarky güýleriň garaşsyzlygyny ýaňy gazanan ýurtlary boýunturyk astyna almak üçin edýän pyssy-pyjurlyklaryny gürrüň berdi. Şonuň üçinem şol uly döwletlerden karz pul ýa-da kredit almak islänokdylar. Hormatly Prezidentiň garaşsyzlygyny täze gazanan ýurtlara nähili ýagşylyk edýändigini-de bilmeýän ýokdy. Olar häzirki kyn ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin kömek soraýardylar. Her ýigidiň ýüreginde bir şir ýatarmyş, hormatly prezident ýaly goç ýigitleriň-ä ýüregi altyndan kapasa bolansoň, onuň içinde bir-iki däl, gaty köp şirler ýatyr. Musulman alyhezretleriniň ýüreginde-de yslam dünýäsiniň ýeke-täk öňbaşçysy bolmagy arzuwlaýan bir şir ýatyrdy welin, ýurdunda nebit çykýan her musulman ýolbaşçynyň ýüreginde-de şeýle şir ýatandygy aýtmak gerek. Jenap Prezident: - Siz musulmanmy? – diýip sorady. Garaýagyz ýurduň topar başlygy: - Ýok... – diýdi. - Haýsy dinden? - Biziň ýurdumyzda dilem kän, dinem. Anyk sany beli bolmasa-da, kyrkdan gowrak din bardygy çaklanýar. Ýokarky gatlakdakylaryň köpüsi hristian missionerleriniň täsiri bilen geçen asyrda hristian bolanlardyr. Jenap Prezident gysga we kesgitli gürledi. Ýurt bolup hak dini kabul etseler, ýagny musulman bolsalar, islän kömekleri ediljekdi. Garaýagyz ministrleriň we topar agzalarynyň daş gulakdan eşdilýän musulmanlyk boýunça bilýän zatlary ýokdy. Ýurtlaryndaky din kyrkdan agýanam bolsa, arasynda ýeke musulman ýokdy. Ine, şonuň üçinem nähili jogap berende gowy boljagyny aňlamak üçin biri-birleriniň ýüzüne seredişdiler. Garaýagyz toparyň başlygy: - Jenap Prezident, rugsat berseňiz ilki öz aramyzda maslahatlaşyp, belli karara gelsek?.. – diýdi. - Rugsat Alladan. Özüňiz bilýäňiz. Pikirleniň, oýlanyň-ölçeriň. Belli kararyňyza garaşýan. Näme pikire gelendiklerini aýtmak üçin ikinji gezek jenap prezidentiň huzuryna girmek üçin, belki-de, ýene bir hepde garaşmaly bolaýmagy mümkindi. Şonuň üçin duran ýerlerinde öz dillerinde gürleşip, belli pikire geldiler, ýurtlarynyň we halklarynyň bähbidi üçin musulman bolmagy makul bildiler. Göreli bakaly, näme peýda bolarka mundan?.. Olar hak dini kabul etjekdiklerini jenap prezidente mälim etdiler. Prezident: - Onda dessine şu gün agşam musulmanlyga geçiş dabaraňyz we ähli berjaý edilmeli işler geçiriler – diýdi. – Ertir irdenem sünnet edilersiňiz. Çünki musulman erkek sünnetli bolmaly. Musulmanlyga geçiş dabarasyna düşünenem bolsalar, sünnetiň nämedigini bilen bolmady. Sebäp sünnet ömürlerinde eşden zatlary däldi. Minnetdarlyk bildirensoňlar, jenap prezidentiň ýanyndan çykdylar. Otele gelensoň dilmaçlardan we ýolbeletlerden sünnetiň nämedigini soradylar. Ýolbelet: - Bileňzokmy näme? – diýip, geň galyp sorady. Ýok, bilenokdylar. Bir ýandan ýolbelet, bir ýandan dilmaç sünnetiň nämedigini gürrüň berdi. Sünnet aňsatja operasiýadan başga zat däldi. Erkeklik organynyň ujundan birje bölek kesilmelidi. Din bilen erkeklik organyndan kesilip aýrylmaly parçanyň arasynda baglanyşyk tapmadyk biçäre garaýagyzlar geň galdylar. Güleni-de boldy. Olar özara jedelleşmäge durdy. Kimsi ýurdunyň we halkynyň bähbidi üçin şol parçasynyň kesilmegine razydygyny aýtsa, kimsi muňa närazy bolýardy. Razylyk bildirenleriň başyny daşary işler ministri çekýärdi. Çekişme şeýle bir güýjedi welin, ýaş maliýe ministri: - Siziňkiň ujundan bir bölek kesilende bildirýän ýeri barmy? Barybir garradyňyz, kör düýäňiz köprüden geçdi. Ulanmaýan zadyňyzyň ujundan kesileni bilen ýitirýän zadyňyz ýok. Meniň ýagdaýym siziňki ýaly däl. Maňa hemme bölegi, bütewi gerek. Ähli ýaşulylar ýaly bu meselede aşa duýguçyl we ýaňra daşary işler ministri gaharyna näme diýýändigine düşünip bolmaýan sözleri pürkýärdi welin, hasapçyl ykdysadyýet ministri: - Gürrüňiň möhüm tarapy kime näçeräginiň gerekdigi däl – diýdi. - Möhüm zady şu: Bir bölek diýýäler, ýöne bir bölegiň näçeräk bölekdigi belli däl. Hemmesi pikirlenmäge durdy. Ýurtlary üçin synaň bir böleginden geçmelidi, ýöne şol geçmeli bölegiň näçeräk bölek bolmaly, şony bilmelidi. Daşary işler ministri ýurdy üçin gerek bolsa ujydynyň hemme bölegini-de bermäge taýýardygyny aydanda, topar agzalaryndan uzyn boýly biri ýanyndakynyň gulagyna: - Aý, näme, ulanmaýan, derege ýaramaýan zadyň hemmesini bereňde-de bolman durasy ýok-la... – diýip pyşyrdady. Ykdysadyýet ministri dilmaçdan kesilmeli bölegiň näçeräkdigini sorady. Dilmaç: - Kän zadam däl-le, dynnym ýalja bölegi... – diýdi. - Ýöne o dynnym ýalja bölek diýýäniňiz ululyga görä üýtgeýär. Meselem, piliň kiçijik bölegi bilen pişigiň kiçijik bölegi deň bolubilermi? Piliň onsunyň kiçijik bölegi pişigiň tutuş göwresine deň-ä. Dilmaç bu bölegiň mukdaryny sünnetçiñ özüniñ kesgitleýändigini aýtdy. Sünnet edilme meselesinde garaýagyz ildeşler düşünşenokdy. Kimsi kesdireliň diýse, kimsi kesdirmäliň diýýärdi. Kesdireliň diýýänler ýurt üçin ýeri gelende jandan geçilýärkä, synaň bir bölejiginiň gereginiň ýokdugyny aýdýardy. Kesdiresi gelmeýänler bolsa, birtopar bahanalary tapýardylar. Mysal üçin olaryň biri aýal-erkek deňligini tutaryk edinýärdi, ol sünnet edilmegiň aýal-erkek gatnaşygyna dahylynyň ýokdugyna düşünenokdy. - Bu närsämi kesdirmek üçin diňe meniň razylygym ýeterlik däl, aýalymyňam razylygyny almaly bolýan. Aýal-erkek deňliginiň tarapdary bolan bu garaýagyz soňra şeýle diýdi: - Birinji aýalym-a hiç welin... Ikinji aýalymam garry. Üçünjisine sala salmak gerek däl. Ýöne dördünji aýalyma geňeşmän belli karara gelip biljek däl, bäşinji aýalym-a has ýaş... Toparyň başlygy: - Biderek gürleýäňiz – diýip, onup sözüni böldi. – Il-günümiziň bähbidi bilen baglanyşykly şular ýaly möhüm karar hiç kimiň göwün islegine görä berilmeýändigini bilip goýuň. Hemmämiz bile kesdireris, gep gutardy! Içlerinden biri häzirem aýak diräp garşy çykýardy. Oňa-da düşündirmäge synanyşdylar, munuň pidakärlik boljagyny we deregine ýigrimi adamyň adynyň taryha girjegini düşündirdiler. Kesdirmejek bolýanyň muňa akly ýetenokdy. Ýoldaşlarynyň belli karara gelendiklerini, eger razy bolman aýak diräp dursa, elini-aýagyny saklap, zor bilen sünnete ýatyrjaklaryny bilensoň, transplantasiýadan, organ geçirme operasiýasynyň iňňän ösenliginden, iň bolmanda, kesilen pürçük özüme beriläýse diýip başlady. Kesilen barmak ele, kesilen el bilege, kesilen gol egine nädip birikdirilýän bolsa, belki-de, şolar ýaly operasiýa arkaly kesilen bölegi-de ýene öňki ýerine goýup bolmagy mümkindi. Başgalaryňam göwnüne onuň aýdany makul ýaly bolup görünse-de, bu gezek bölekleri yzyna äkitmek meselesi çykdy. Şeýle-de bölekler garym-agtym bolsa näme? Her kimiň öz bölegini tapmagy üçin böleklere belgili ýarlyklaryň ýelmenmegi teklip edildi. Her kim öz bölegini ýanyna alsyn diýenlerem boldy. Biri bolsa alynjak kömek pullaryň bölekleri gaýtadan ýerinde oturtmaga harçlamagyň dogry bolmajagyny aýtdy. Içlerine aşa watansöýüji biri: - Biz garaşsyzlyk urşy ýyllarynda şirin janymyzy orta goýmanmydyk?.. – diýdi. – Birgiden ýoldaşlarymyz janlaryny gurban etmedilermi? Uruşda kellämiziň gitjegini pikir edemzokdyk, siz indi bärde oturyp-turup bir kiçijik bölegiň gamyny iýýäňiz. - Uruş başga zat... Duşmanlarymyzyň üstüne eňýäris, olaram biziň ganymyzy içmekçi bolýar. Meni sünnet etjek bolýan adam bilen hiç hili tersleşigim ýok ahyry. Uruşda ýa duşmanyň seni öldürmeli, ýa sen duşmanyňy... Ýöne men bärde kimsäni sünnet etjek bolamok, olam meni sünnet eder ýaly... Tehniki meselelerem ýüze çykdy. Mysal üçin, sünnet edilende huşuňdan gidirýärlermi, ýa-da ýerli emel-tärlerden edýärlermi? Soňam sünnetçiniň göz karary, el karary diýmek nämäni aňladýardy? Kesilmeli bölegiň doly ölçegini-de bilseler, ýurtlary üçin neneňsi pidakärlige döz gelinendigi äşgär boljakdy. Ýolbelediň aýdyşyndan çen tutsaň, bularyň sünnet bulany bilen iş gutaranokdy. Olar ýurduna dolanyp baransoň, tutuş halky musulman etmek üçin sünnetiň nähili gowy zatdygyny düşündirip we görkezip, halkyňam musulman bolmagyny üpjün etmelidi. - Ine, şu mümkin däl! – diýip, içlerinden biri gygyrdy. Ol nämümkinligi şeýle düşündirdi: - Bagyşlaň welin, biziň erkeklerimiziň iň köp öwünýän zady şu dälmi näme? Başga öwner ýaly zatlary barmy? Indi şojagaz zatlaryny-da kesdirmelidigini aýtsak, halkymyz aýaga galar. Soňra bu waka taryha “Jüllük gozgalaňy” diýip geçer, biz-ä beýle jogapkärçiligi boýnumyza alyp biljek däl. Ynanyň, men özümi gaýgy edemok. Men her dürli pidäkärlige taýýar, isleseňiz artybymy düýp-teýkary bilen kesip aýraýyň, emma halkymyz muňa garşy çykarmyka diýýän. Şu ýere çenli gelip, iki elini burnuna sokup yzyna dolanasy gelmeýän we Ýewropada bilim alan bir ýaş ýigit düşündiriş işlerini geçirmek ýoly arkaly halky sünnete razy edip boljagyny aýtdy. Ol şeýle diýdi: - Düşündiriş işleri iňňän derwaýys işdir, oýlanşykly hereket edilse, halk sünnet edilmek beýlede dursun, gözüni gyrpman goluny-aýagyny-da kesdirer. Şol gije daň atýança jedelleşdiler, ahyrynda sünnet edilmäge razylyk berdiler. Giň meýdanda uly we bezemen sünnet çadyrlary dikildi. Munuň sünnet dabarasydygy dünýäniň habar beriş serişdelerine we gazetlerine habar berildi. Radio-telewideniýe işgärleri, žurnalistler dolup-daşdy. Şol ýurtdaky daşary ýurt diplomatlary, ilçiler, konsullar hemmesi üýşüp sünnet çäresine geldiler, burunlaryndan gelýänçä iýip-içdiler. Ýer ýüzüne propoganda üçin şular ýaly şüweleňli çäre gerekdi. Çük kesýänleriň päkileri, neşterleri, gaýçylary, pyçaklary şark-şark edip, dynman işledi. Olaryň işi-de aňsat bolmady, çünki sünnet edilýänler çaga däl, bular eýýäm orta ýaşdan geçen uly adamlardy. Epeý gan döküldi. Sünnet edilmänkä musulmanlygy kabul ediş çäresine gatnaşan ýigrimi garaýagyz pyýada sünnetden soň bezemen düşeklerde arkan süýnüşip ýatyrdy. Dabara gatnaşanlar gezekli-gezegine gelip, her düşegiň gyrasyna sowgat-serpaýlaryny goýdular, olara edilen ilkinji kömek şu sowgatlardy. Düşekde ýatanlaryň biri ýanyndaka: - Indi boljak iş boldy – diýdi. Ýöne çük kesýänçi sünnet edip durka, iki sany näkes aýagymdan saklap durdy. Şol wagtam suratçylar fotoenjamlaryny şyrkyldadyp, surata düşürdiler. Şol suratlar gazetlerde çyksa, adamyň ýüzüne serederligim galmaz... Ýanyndaky-da oňa: - Öýe dolanyp baramsoň, heleýimiň ýüzüne nädip serederkäm?.. – diýdi. Ýoldaşy: - Heleýimiň ýüzüne nädip serederkäm diýme – diýdi. – Asyl heleýiň seň ýüzüňe nädip serederkä, şony oýlan... Sünnete ýatyrylan ýigrimi garaýagyz sünnet edilen ýerleri awuşap duransoň, etekli sünnet köýnekleri bilen bir hepdeläp şalkyldaşyp gezdiler. Olar indi ýurtlaryna dolanmalydy. Emma kömekden, puldan, karzdan, kreditden dil ýarýan ýokdy. Jenap Prezidenti ýene bir gezek görmegi haýyş etdiler. Jenap Prezidentem garaşyk edip, olary kabul etdi. Garaýagyzlar jenap prezidentiň iki gapdalyna tegelenşip oturdylar. Garaýagyzlaryň baştutany wada berilen kömekden söz açan badyna, birdenkä gaharlanan jenap prezident: - Size başga nähili kömek edip bileris? Sizi küpürden halas edip, hak dine saldyk. Musulman etdik, sünnete ýatyrdyk. Mundan beter uly ýagşylyk, kömek bolup bilermi? – diýdi. Daşary işler ministri örän diplomatik we syýasy dilde geplemegiň gerekdigine düşünipdi. Ol ap-ak dişlerini gysyp: - Eden bu ýagşylygyňyzy biz ömürboýy ýatdan çykarmarys – diýdi. – Emma biz diňe özümiziň däl, halkymyzyňam gamyny edýäris. Olara-da kömek edersiňiz diýip, umyt edýäris. Jenap Prezident: - Ony hiç gaýgy etmäň – diýdi. – Halkyňyzy ýatdan çykarandyr öýtmäň. Olara-da kömek ederis. Siz ýurduňyza baryp, halkyňyzy hak dine çagyryň, menem bärden size iň ökde kyrk-elli sany çük kesýänçini ugradyp, halkyňyza hemaýat elini uzadaýyn. Ýigrimi adamlyk topar endamlaryndan bir bölegi şol ýerde taşlap, yzlaryna boýurganşyp garap, ýagny galdyran zatlaryna baka-baka ýurtlaryna dolandylar. Geň galaýmaly zat, olar hakykatdanam musulmanlygy ýaýratmaga başladylar, halky sünnet etdirmäge höweslendirdiler. Sebäp ol ýurtda hemmeler yslamy kabul edip sünnet etdirse, olardaky kemterligi hiç kim biljek däldi. Hawa, olar musulmanlygy ýaýmaga çytraşdylar. Emma halky zor bilen sünnet bolmaga çagyransoňlar, öňdenem çaklanşy ýaly uly gozgalaň turdy. Ýigrimi garaýagyz diňe bedenlerinden bir bölejik giderenleri bilen oňmady, şol gozgalaňda kellelerinem giderdiler. P.S.: Söýgüli okyjylarym! Elbetde, bu hekaýada beýan edilenlere ynanmadyňyz, çünki bular ýaly zat bolmady. Emma hekaýada aýdylanlaryň düýbünden tersine başga bir zat boldy. Bir milliondan gowrak musulman türküň etniki azlyk bolup ýaşaýan ýurdunda, olaryň sünnet bolmalaryny gadagan etjek boldular. Waka 1965-nji ýylda bolup geçdi. Progressiwlige perdelenip, şeýle gadagançylygy girizdirmek islänem göze iljek bolup urunýan, patyşadan zyýat patyşaparaz bolmaga jan edýän ýallakçy türküň biridi. Ýagny, mesele hekaýada aýdylşy ýaly sünnet edilmezlik däl-de sünnet edilmekdi. Musulman türkler tasdan aýaga galypdylar, hernä sünnet gadagançylygyndan el çekiläýdi, görünjek bolýan ýaranjaň türkem gözden düşüp, bir gyra zyňyldy. Ahyrynda näme bolandyr öýdýäňiz? Ahyrynda musulman türkleriň öz ygtyýarlaryna sünnet edilmezligi üçin inçe tilsimler oýlanyp tapyldy we bu wakalar taryh kitaplaryna girmän galdy. Mundan çykýan netije şudur: Ha Afrikada bolsun, ha Aziýada, ha Ýewropada – döwlet adamlary burunlaryny halkyň iki satanynyň arasyna sokjak derejede hemme zada goşulyp ýörmeli däl. Antalýa, 07 iýun 1984 ý. Eziz NESIN. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||