16:02 Dostuma | |
DOSTUMA
Goşgular
Bu dünýäden, ykbalymdan nalamok, Çünki derdim paýlaşara dostum bar. Kyn günde-de ýalňyzlykda galamok Ýalňyz günde goldan eziz dostum bar. Gamly günde gelip halym soraşan, Sowuk günde ýyly mährin paýlaşan. Ýaşlygyma ýaşlyk joşgunyn goşan, Ömrümiň manysy eziz dostum bar. Syrym aýtsam syrym saklar daş bolup, Maslahat sorasam berer joş urup, Ýola çyksam ýanyma ýoldaş bolup, Hatda ölüme-de taýyn dostum bar. Ykbalyma sag bol aýdasym geldi, Sebäbi ol maňa şeýle dost berdi. Şonuň bilen ýeňdim gussadyr derdi, Özümdenem ynamlyrak dostum bar. * * * Säher bilen turup, synlap güneşi, Bir dem kalbym joşdy, hem batdym gama. Şeýle gözel peýzaž, guşlaryň sesi, Ertirki sähere döreder tama. Ertirem wagtynda täze gün dogar, Güller ysyn saçyp, guşlaram saýrar, Ýapraklary sypar mylaýym şemal, Garaz, bu jahanda ýaşaýyş gaýnar. Bu gün barmyň, ertiriňe tama bar, Emma şol ertire ýetmek gümana. Hiç bir kimse görüp bilmez geljegin, Göýä, öňi bürenen dek dumana. Barybir ýene säher bilen gün dogar, Ýürek telwas urar her ýan bakanda. Hemme zat şol öňki günler geçip dur Diňe sen ýok bu giň älem-jahanda. ■ MEKDEBIM Ak mekdebim hoşlaşýaryn seň bilen, Hoş diýmäge asla dilim baranok. Bu gün seni ýatlap joşdy ýüregim, Seň şanyňa ýazman durup bolanok. Seň goýnuňda öwrendim men baş A-ny, Sende öwrendim men pikirlenmäni. Sende ylym-bilmiň gapysyn açyp, Içgin-içgin agtarypdym dünýäni. Dünýä akyl ýetirmäge synanşyk Duýgusyny seň kitaplaň öwretdi. Seň barlygyň geljegime ýol ýasap, Durmuşymyň binýadyny döretdi. Mülkaman JUMANYÝAZOW. | |
|
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Okanyma öýkünme / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Sen adam aslyň hakda / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Aýalsyzyñ ariýasy / Goşgular - 25.11.2024 |
√ Bentler-rubagylar / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ «Sa» harpy / Goşgular - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |