21:22 Döwürleriñ degşigi | |
DÖWÜRLERIŇ DEGŞIGI
Publisistika
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirende ol Ženewadan gelip gowşan hoş habar bilen başlandy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 38-nji mejlisinde «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasyň goralmagyny höweslendirmek hakynda» bilelikdäki Beýannama biragyzdan kabul edildi. Şonuň ýaly-da, bilelikdäki mejlisde bu hoş habar bilen berk utgaşýan, ýükleri halkara «Demirgazyk—Günorta» ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça öz wagtynda eltmek ugrunda alnyp barylýan işler hem-de Etrek bekedinde multimodal logistika merkezini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berildi. Milli Liderimiz «Demirgazyk— Günorta» halkara demir ýolunyň ulanylmaga berilmeginiň Ýewropa döwletleriniň Pars aýlagyna çykmagy üçin gysga ýoly üpjün etjekdigini, Türkmenistanyň üstaşyr geçelgeleri sebitde halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça möhüm orny eýeleýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Etrek bekedinde multimodal logistika merkeziniň döredilmegine ünsi çekip, ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň bu pudakda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna, döwrebap guramaçylyk we usulyýet çemeleşmeleriň ösdürilmegine giň mümkinçilik açýandygyny nygtady. Bilşimiz ýaly, «Demirgazyk— Günorta» halkara demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi — gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap dikeldilmesidir. «Dahlaryň ýurdy» manysyndaky Dehistany kesip geçýän bu demir ýoluň çekilmegi bilen, onuň täzeden gülläp ösjekdigine şek ýok. Täze halkara demir ýoly biri-birinden garagörnüm uzaklykdaky Maşatdyr Misserianyň arasyndan geçýär. Haçan-da Balkanabat — Esenguly awtomobil ýoly bilen gidip, Bugdaýlydan geçip, kybla tarap öwrüm edip başlanyňda, gündogar — günorta tarap biraz wagt ýöräniňden soňra, ýüzlerçe ýyl mundan ozal bolan şä- her alyslardan görner. Olar başlaryny asmana çekip oturan iki sany minara bilen, olaryň duldegşir günorta tarapyndaky gadymy metjidiň gök syrça çaýylan gapysynyň iki söýesidir-portalydyr. Gurlup gutaraly bäri üstün- den 800 — 900 ýyl geçen-de bolsa, bu ymaratlar şunça asyrlaryň ýeline, ýagmyryna, aňzagyna hem jowza-epgegine döz gelip, şäheriň geçmişin- däki şan-şöhratyny häzire çenli saklap otyrlar. Olar bu jelagaýlaryň taryhynyň dürli tarapdan öwrenilip başlanylmagyna sebäp boldular. Birnäçe gadymy ýadygärlikleriň indi öwrenilmegine bolsa çelgi bolup durlar. Iki sany minara bilen gadymy metjidiň minaralary. Ine, taryhçylaryň berýän maglumatlaryna görä, 40 müňe golaý ilaty bolan şowhunly şäheriň ymaratlaryndan häzirki güne çenli dikelip oturanlary diňe şular diýen ýaly. Galanlary bolsa uçursyz köp wagtyň geçmegi hem-de adamlaryň bu ýeri taşlap göçüp gitmekleri bilen weýran bolupdyr. Şol diňleriň haýsy-da bolsa birine çykyp, çar tarapyňa syn kylsaň, takmynan 176 gektar meýdany tutup ýatan orta asyr Misserian şäheriniň umumy sudury görünýär. Şäheriň iki gat edilip salnan diňli galasy anyk saýgardýar. Arheologik gazuw-agtaryşlar netijesinde üsti açylan birnäçe kerwensaraýlaryň galyndylary, howuz çukurlary, köçe ýerleri mese-mälim bildirip dur. Halkyň zähmeti siňip, maňlaý derine eýlenen sansyz köp mukdardaky bişen kerpiçleriň, küýzedir gap-çanaklaryň döwükleri dumly-duşda bar. Gadymy ekerançylyk meýdanlaryň, ýaplaryň, kanallaryň, suw desgalarynyň yzlaryny synlanyňda gadymy ata-babalarymyzyň oba hojalyk medeniýetlerinde uly ösüşlere eýe bolandygy dogrusynda oýlanyp, haýran galýarsyň. Şäher galasynyň daş-töwerekleri suwly käller bilen gurşalypdyr. Olaryň üsti bilen şäher derwezelerine girmek üçin bişen kerpiçden örülen ençeme owadan köprüler hem bolupdyr. Taryhy asyrlaryň çuňluklaryna ara- laşyp gidýän bu weýran bolup ýatan şäher, irki taryhy çeşmelerde «dahlaryň ýurdy» manysyndaky Dehistan diýlip atlandyrylypdyr. Emma araplaryň ara- synda welin bu şäher Misserian ady bi- len meşhurlyk gazanypdyr. Käbir alymlar beýle adyň berilmegini Müsür ady bilen baglanyşdyrýarlar. Ýokary hasyl bermäge ukyply mes topraga hem-de egsilmez Gün energiýasyna örän baý bolup, gür baglara bürenip oturanlygy sebäpli bu şähere, onuň degre-daşyny gurşap alan medeni ekerançylyk meý- danlaryna gadymy araplar «Aziýanyň Müsüri» diýip at beripdirler. Otuz ýyl- dan gowrak wagt bäri Dehistan bilen bagly maglumatlary ýygnap ýörenligim üçin bilýärin. Misserianyň toprak hem- de howa şertleri babatda Müsüre örän ýakyndygyny häzirki döwrüň alymlary- da tassyklaýarlar. Mysal üçin, moskwaly alym Ý.Zeýzerowiç Türkmenistanyň bu künjeginiň ýylylyk hem-de ýagtylyk resurslarynyň baýlygy boýunça Nil derýasynyň aşak akymyndaky etrap- lara juda meňzeşdigini öz ylmy işinde aýratyn nygtap geçýär. Moskwaly alymlardan başga biri bu sebitlerdäki taryhy ýadygärlikleriň diňe bir Misserian şäherindäkiler bilen çäk- lenmeýändigini, özi-de dürli döwürlere degişlidigini göz öňünde tutup, olary «300 müň gektar meýdany tutup ýatan açyk asman astyndaky muzeý» diýip atlandyrypdy. Häzirki döwürde şol ýadygärlikleriň resmi taýdan hasaba alnanlary 112 sanydyr. Olar seneleri babatda üç döwre bölüp öwrenilýär. Birinji, miladydan öňki II müň ýyllygyň ahyryndan başlap, şol eýýamyň I müň ýyllygyny öz içine alýar. Bu döwür iň gadymy — arhaik döwri diýlip atlandyrylýar. Ol döwrüň ýadygärlikleri Misserianyň medeniýetleşdirilen ekerançylyk ýerleriniň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Olaryň hatarynda Madawdepäni, Taňsyklyjadepäni, Çyglykdepäni, Yzzatgulydepäni, Ýedijedepäni we başgalary görkezmek bolar. Ikinji, miladynyň başlaryndan VIII asyra çenli döwri öz içine alýar. Ol ga- dymy we orta asyrlar döwri diýlip atlandyrylýar. Bu döwrüň ýadygärlikleri, esasan, gürrüňi edilýän Misserianyň merkezi hem-de günbatar böleginde ýerleşýär. Bu döwrüň ýadygärlikleriniň hatarynda Şadüzgalany, Ortadepäni, Hanlydepäni, Gökjükdepäni, Depesidiligi, Daýandygy, Esgeni we beýlekileri ýatlap geçmek bolar. Şu ýerde bir ýagdaýy belläp geçmek gerek. Atlandyrylyp geçilen ýadygärlikleriň, fransuz arheologlary bilen birlikde bar- lanan Gökjükdepeden beýlekilerinde, esasan, ýokary gatlaklary barlanylyp görüldi. Aşaky gatlaklary bolsa heniz el degrilmän diýen ýaly ýatyr. Her niçik-de bolsa, depelerden toplanylan arheologik maglumatlar şol ýerde taryhyň gadymy — antik döwründe ýaşaýşyň bolandygyna güwä geçýär. Üçünji, bu döwre dahylly ýadygärlikler Misserian medeniýetleşdirilen ekerançylyk ýerleriniň merkezi hem-de gündogar böleklerinde ýerleşýärler. Ol taryhy ýadygärlikleriň hatarynda öň gürrüňi edilen Misserian orta asyr şäherlerini, Madawy, Ýylanlyny, Sortgalany, Rüstemgalany, Guýlygara- gözi we başgalary görkezmek bolar. Ol ýadygärlikler taryhy yzygiderlilik — hronologik taýdan IX — XV asyrlara degişli hasaplanylýar. Olardan iň ulusy Misserian bolup, ol ösen orta asyr döwründe bu sebitiň merkezi şäheri bolupdyr. Ýeri geldi hasap edip ýatlap geçsek, taryh ylymlarynyň doktory, arheolog, «kerpiji gepledýän adam» diýip häsiýetlendirilýän Hemra Ýusubow Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda «Edebiýat we sungat» gazetindäki çykyşlarynyň birinde bu jelagaýlarda irki döwürlerde Madaw döwletiniň bolandygy bilen bagly-da beýan edipdi. Hakykatynda, Misserian öňräkden bäri alymlaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Patyşa Russiýasy döwründe Gün- batar Türkmenistana gelen her bir ekspedisiýa Misserianyň arhitektura ýadygärlikleri hakynda ýatlaman geçip bilmändir. Delilli gürlesek, Nikolaý Murawýow özüniň «Türkmenistana we Hywa syýahat» atly kitabynda bu ýeri ýatlap geçýär. Patyşa hökümetiniň tabşyrygy boýunça Hazar deňziniň gündogar kenarynda bolan syýahatçy G.S.Kareliniň ekspedisiýasyna gat- naşan rus serkerdesi I.F.Blaramberg, 1836-njy ýylda pars goşunlarynyň Maşat-Misseriana barandygyny belleýär. 1838-nji ýylda iňlis A. Konoli Misserianda bolan ilkinji ýewropaly bolsa gerek. 1863-nji ýylda belli Gündogary öwreniji A.Wamberi derwüş eşiginde Misserian düzlüginden geçýär. Ol ýazgylarynda Misserianda arhitektura ymaratlarynyň ençemesini görendigi dogrusynda ýatlaýar. 1875-nji ýylda rus generaly L.Lomakin Zakaspide bolan mahaly Misseriandan 32 kilometr demirgazyk-gün-batarda ýerleşýän Bugdaýly obasynda düşleýär. Ol çarwaçylykly ýer häzir Garry Bugdaýly diýlip atlandyrylýar. Şol mahal ol oturymly çarwa obalarynyň biri ekeni. General ýerli ilatdan şol töwereklerde köneden galan şäheriň bardygyny eşidip, esgerleriň bir topary bilen Misseriana barypdyr. Soňra şol töwerekde ýaşaýan çarwadardan Misserian hakynda nämeler bilýändiklerini sorapdyrlar. Şonda kimdir biri: «Ýap-ýaňylar-da adamlar ol ýerden altyn pullar tapyp, zergärlere, kümüşçi ussa berýärdiler» diýip, gürrüň beripdir. Rus serkerdeleri Misserianda bolan mahallary bu harabaçylygyň suratyny alýarlar, çyzgysyny çekýärler. Şondan soňra rus hem-de beýleki daşary ýurt žurnallarynda Misserianyň arhitektura-gurluşyk ýadygärlikleri hakynda makalalar peýda bolup ugraýar. Araplardan galan taryhy çeşmeleriň maglumatlaryna esaslansaň, Misserianda üzümçilik, bagçylyk ösen bolupdyr. Arpadyr bugdaý-da köp ekilipdir. Şaly-da bol hasylyny eçilipdir. Tagamlylygy, ýakymly ysy bilen özüne bendi ediji gawun-garpyzlar ösdürilip ýetişdirilipdir. Tomus aýlarynda onlarça kilometr ýol geçseň-de bir damja suwa gözüň düşmeýän, sörtük-epgegiň, jöwzanyň ençeme asyrlardan bäri rehimsizlik bilen ýakyp-ýandyrýan Misserian düzlüginde birmahallar gür ilatly obalardyr şäherleriň bolandygyna, ümürsin bag- lyklarda, gür ösen gamyşlyklarda guşlaryň höwürtgeländigine, dürli ekinleriň ekilendigine, bol hasyl alnandygyna, suwaryş kanallarynda, ýaplarynda balyklaryň, ýata suwlarda çybynlaryň ägirt derejede köpelendigine birbada ynanaýmak kyn. Hakykatynda welin bu şeýle bolupdyr. Demirgazykdan günorta ýurtlara gyşlamaga gidýän gyzylinjikler, gazlar, durnalar we beýleki guşlar Misserian düzlüginde hökman düşläp geçipdirler. XV asyrda Misserian eýýäm çöllüge öwrülýär. Gülläp ösýän topragyň al-ýaşyl reňki, çöllügiň simwoly bolan sarymtyl çal reňke öwrülýär. Taryhçylar çylşyrymly suwaryş ulgamy bolan Misseriana suwuň, esasan, Etrek hem-de Sumbar derýa- laryndan alnandygyny öňe sürýärler. Ýöne, munda başga bir ýagdaýyň-da nazarda tutulmagy lazym. Eger-de Misseriana suw Etrekdir Sumbardan alynjak bolsa, olaryň suwy 25 metr töweregi beýiklige çykarylmaly. Özümiz-ä Misserianyň suwunyň kesilmegini gadymy Uzboýuň kesilmegi bilen baglanyşdyrasymyz gelýär. Uzboýuň bir şahasynyň bu ýerlere ýetendigine özümiziň-ä ynanasymyz gelýär. Dehistan sebitlerini, ýagny Bugdaýlyny, Orunçägäni, Şahmany mahal-mahal suw alanda suw gadymy Uzboýuň akar tarapyndan — Kiçi Balkan, Aladag, Kürendag taraplaryndan gelýär. Bilşimiz ýaly, olar Köpetdagyň ulgamlary. Şeýle suw alyş geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň başynda — biziň çaga wagtymyz hem bolupdy. Garaz, haýsysy bolanda-da Misseriana suw gelmezligi gülläp ösen ekerançylyk meýdanlarynyň tozap ýatan çöllüge öwrülmegine sebäp bolýar. Suwsuz ýaşaýşyň ýoklugy bolsa barymyza-da mälim. Bir öýjükli jandarlardan başlap, adama çenli ähli ösýän, köpelýän, hereket edýän, dem alýan janly organizmleriň hemmesiniň ýaşaýyşlaryny suwsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ozal ýatlap geçişimiz ýaly, takmynan 180 müň ilaty bolan Misserianyň çöllük ýere öwrülmegini Köpetdagdaky tokaýlaryň aýratyn hem arça agaçlarynyň çap edilip, ýok bolmagy bilen düşündirýänler-de bar. Olar ýüzlerçe ýyl mundan ozal bu dagyň gerişleriniň arça agaçlary bilen basyrylgy bolan- dygyny nygtaýarlar. Olaryň aýdyşlary ýaly Merkezi Köpetdagyň käbir ýerlerinde äpet ululykdaky arçalar häzir-de duş gelýär. Derýalaryň, çeşmeleriň boýlaryndaky ýüzlerçe kilometr dag gerişlerindäki arça agaçlary çapylyp, ösüp oturan otlar ýok edilse, onda az mukdarda ýagýan ýagyş-da ýere siňmän, jülgelere eňip gidýär. Sil emele gelmegine getirýär. Arça örän haýal ösýän agaç. Ol ýüzlerçe ýylyň dowamynda yzy üzülmän, köp mukdarda çapylmagy netijesinde derýalaryň suwy heläkçilikli derejede azalypdyr. Agajy çapylan meýdanlarda mal sürüleriniň köp mukdarda bakylmagy zerarly täzeden gögerip gelýän agaçlar-da mal toýnaklarynyň astynda galyp, ýok bolandyr diýlip hasaplanylýar. Şular kysmy ýagdaýlar netijesinde suwuň ilkibada azalyp, soňra bolsa bütinleý kesilmegi gülläp ösen Misserianyň çöle öwrülme- gine sebäp bolupdyr. Geçen asyryň soňky otuz ýylynyň gazet-žurnal maglumatlaryndan çen tutsak, Misserian ýylylyga hem-de ýagtylyga örän baýdyr. Onuň tebigy şertleriniň Kaliforniýa we Müsüre golaýdygyny bu ugurdan ýörite alymlar nygtaýarlar. Misserianyň ýüzlerçe gektar meýdany tutup ýatan mes toprakly ýerleri bar. Diňe bir Çat töwereklerindäki ekin ekmäge ýaramly ýeriň meýdanynyň özi 400 müň gek- tara ýetýär. Ozal Türkmenistan düzüminde bolan uly döwletiň hiç ýerinde ekilmeýän inçe süýümli gowaçanyň üýtgeşik täze sortlaryny ekmek maksat edinilipdi, meýilnamalaşdyrylypdy. Etrekdäki şol döwürdäki subtropiki ekinler boýunça tejribehanasynda 15 töweregi inçe süýümli gowaça sortlary synagdan geçirilipdi. Olar Etregiň gurak subtropik şertlerinde örän oňat ösüp, ýokary hasyl beripdiler. Howanyň gije-gündizki ortaça temperaturasynyň 10 gradusdan ýo- kary bolmagy gowaçanyň ösmäge ukyply wegatasion döwri hasaplanýar. Şeýle temperaturaly, döwrüň ýyllyk dowamlylygy Etrek töwereklerinde 257 güne barabardyr. Munuň özi bir ýylyň dowamynda 257 günläp bu ýer- iň gowaçanyň önüp-ösmegi hem-de hasyl toplamagy üçin ýaramlydygyny görkezýär. Suwuň Misseriana getirilmegi bilen hakyky ýüpege çalym edýän birinji sortly inçe süýümli pagtanyň ýüz müňlerçe tonnasy öndürilmelidi. 1970-nji ýyllaryň başlarynda metbu- gatda şeýle maglumatlar deňeşdirme hökmünde getirilipdir: 1970-nji ýylda tutuş Türkmenistan boýunça öndürilen inçe süýümli pagtanyň mukdary 150 müň tonna bolan bolsa, diňe Misserian düzlügi hem-de oňa golaý ýerlerde 300 müň tonna çenli inçe süýümli pagta öndürmek göz öňünde tutulyp- dy. Soň-soňlar «ak altynyň» öndürilişi has-da artdyrylmalydy. Men elli ýaşdan geçen ömrümiň otuz ýyldan hem köp- rägini dürli gazet-žurnallarda işläp, şol ýyllarda Dehistan barada metbugat sahypalarynda çykan maglumatlara beletligim üçin aýdýaryn. Etrek etraby ozalky soýuzyň çäginde zeýtunyň iň köp öndürilýän ýerleriniň birine öwrülmelidi. Miweleri ýokumly maddalara örän baý bolan zeýtun agajynyň Etrek tejribehanasynda örän oňat ösüp, ýokary hasyl bermäge ukyplydygyny-da ýeri geldi hasaplap, aýdyp geçmegimiz gerek. Ozalky Bütinsoýuz ösümlikçilik institutynyň Garrygaladaky (Magtymguly etrabyndaky) tejribehanasynda diňe erik agajynyň 600 görnüşi, üzümiň 300-den hem köp görnüşi synagdan geçirilipdi. Maksat, olardan iň saýlantgy görnüşlerini Misserianyň gadymy topragynda mydamalyk mekan tutdurmakdy. Men bu maglumatlary döwürle- riň degşigini okyjylaryň özleriniň göz öňüne getirmekleri üçin mysal alýaryn. Maglumat — özbaşdak pikirlenmek üçin iň gowy serişde. Gadymdan galan ýadygärlikleri salgymda azaşmak ýaly ýol salgy berip duran Misserian orta asyra degişli şäherdir. Ylmyň taryhyndan bilşimiz ýaly, orta asyr şäherinde alhimiýa ady bilen giňden ýaýran bir akym bolupdyr. Bu akymyň gullugyndaky alhimikler «Tebigatda jadyly täsiri bolan bir madda bolmaly, eger-de kimdir birine ony tapmak başardaýsa, onda maddanyň kömegi arkaly dünýäde duş gelýän ähli keselleri bejermek, islendik jisimleri, ýagny topragy, da- şy demri altyna öwürmek, hatda öli adamlary ýaňadandan direltmek hem bolar» diýen düşünjä gol ýapypdyrlar. Şeýle gudratly güýji özünde saklaýan ol maddanyň adyna alhimikler filosofiki daş (pelsepe daşy) ýa-da «ýaşaýyş eleksiri» diýip at beripdirler. Orta asyrlar alhimikleri bilen jadyly eleksiriň tebigatda barlygy ýa-da ýoklugy barada jedele girmek niýetimiz ýok. Ýöne Misserianyň uç-gyraksyz giňişligine dirilik getirip, onuň gadymy topragyny altyna öwürjek eleksir welin bar. Ol — bu ýere getiriljek suw! Asyrlaryň dowamynda teşnelikden ýaňa azap görgüsini çeken Misserian reňňi-roýy saralyp giden hassany ýadyňa salýardy. Ýöne hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň binýadyny tutan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ýere demir ýol gelip, onuň damaryna öwrüldi. Özüni tutup başlady. Hereketi köpeldi. Türkmenimiz bolsa «Herekete — bereket» diýipdir. Ýaşaýyş eleksiri bolan suw bolsa onuň damarynyň ganyny täzelär. Misseriana güýç-kuwwat berer. Egsilmez baýlygy özünde saklaýan bu mukaddes toprak «Suw damjasy — altyn dänesi» pähime eýerilip tygşytly ulanyljak suwuň hem-de gudratly güýç bolan päk zähmetiň täsiri bilen heniz görlüp-eşidilmedik derejede täzeden özgerer. Türkmeniň eşret arygyna, bereket çeşmesine öwrüler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türk- menistanyň täsin künjegi bolan Misserianyň daş-töweregini geljekde iri inženerçilik irrigasion ulgamlar, tokaý- gorag zolaklary gurşap alar. Wagtyň geçmegi bilen bu gadymyýetden göz- başly toprak älemgoşaryň ähli reňkleri bilen bezeler. Howasy gül-pürçük bolup oturan baglaryň, dürli ekinleriň hem-de otlaryň hoşroý kokusy-ysy bilen dolar. Olaryň waspyny ýetirýän guş-gumrularyň owazy kalbyňy gaplap alar. Küren tutan döwrebap obalaryň, şäherçeleriň onlarça mekdeplerin- de okaýan oglan-gyzlaryň, çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň şadyýan sesleri guş-gumrularyň owa- zy bilen garyşyp Maşat-Misserianyň, ýagny Dehistanyň hemme ýerinde ýaňlanar. Seýitmämmet HYDYROW, Esenguly etrabynyň Garadepe şäherçesindäki 10-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, şahyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |