01:51 Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi | |
• Düýn düýn bilen gitdi Kasym ir bilen birine garaşyp iki ýana gezmeläberdi. Ahyry, maňlaýy gyzyl hatly “Tiz kömek” maşyny howla girende, Kasym kabinetine tarap ýöneldi. Şofýoram onuň yzyna düşdi. - Hiç kim azar bermedimi? - Ýok. Ynha, ýaşuly! – Şofýor “Tiz kömek” maşynynda eden kireýinden düşen puluň bir düýrmegini uzatdy. Kasym puly sähel gaharly ýöne ekabyr hem tiz aldy-da jübüsine saldy. - Bu gün näme etmeli, ýaşuly? - Bu günem ölmeli däl, işlemeli, ýöne göze kaklyşaýmagyn. Şofýor süňňi ýeňil çykyp gitdi. Kasym başga nireden pul gazanyp boljagyny oýlanýardy. “Bu taýlarda goýun eti arzanja ekeni. “Tizkömegi” etden dolduryp Aşgabada ugratmany ýola goýup bolsa, pul bary geljek-dä” diýip arzuw edýärdi. Kasym keselhananyň howlusynda iki ýana gezmeledi, baglaryň timarlanyşyna, gülleriň suwarylyşyna nazar öwürdi. Jaýlaryň düýplerini zeý alyp başlapdyr, ýodajyklaryň ýüzüni ýaňadan asfaltlamaly. Kasymyň hojalykçy gözi ýene-de ençeme ýetmeziň üstüni açyp geçdi. Ýaňy-ýakynda demire ýazylan şygara gözi ildi. Onda owadan harplar bilen «Adamlaryň saglygy – Watanyň baýlygydyr» diýip ýazylypdyr. Ol şo taýda az-kem eglenende howlyny süpürýän ýaşuly agsaklap geldi.Onuň hakyky ady Kadyrberdi bolsa-da näme üçindir, Kasymam, beýlekilerem Kolýa daýy diýýärdiler. - Kasym, salowmaleýkim! - Salowmaleýkim, Kolýa daýy, hojalykça meniň adymdan aýt: ertiriň özünde şu demirlere lak çalsyn. Birküç gezek çalsyn. Lowurdap durmasa, hiç kimiň gözüne ilmez. - Hökman aýdaryn, inim. Lowurdat diýerin. – Kolýa daýynyň sesi şeýle bir ýumşajyk çykýardy welin, onuň hiç kime hiç mahal garşy çykmajagy anyk duýulýardy. Kasym Kulyýewiç jübüsinden üç manat çykaryp Kolýa daýa berdi. Olam sessiz-üýnsüz jübüsine saldy. Kolýa daýa berilýän üç manadyň taryhy uzakdan gaýdýardy: ...Kolýa daýy uruşdan gelşine söweşde wepat bolan dosty Kulynyň sargydyny bitirmek üçin onuň öýüni gözläp tapdy. - Şu Kulynyň öýümi? - Hawa, Kulynyň öýüdi. - Maşgalasy göçdümi? - O biçärede maşgala galmady. - Näme boldy? - Aýaly pahyr açlykda ýogalypdyr. Bir oguljygy bar ekeni, ony-da çagalar öýüne tabşyrypdyrlar. Öýüni bolsa maňa berdiler. - Şeý diýsene-e. Çagalar öýüni salgy berip biljekmi? Kolýa daýy uludan dem alyp, salgy alan tarapyna agsaklap ugrady. Çagalar öýünde basalaşyp-oýnaşyp ýören çagalary howlynyň gözeneginden siňňin synlap durdy-da, birden howla ylgaşlap girip gitdi. Ýüwrüp gelýän tokarja oglanjygy garsa gujaklady. - Hany aýt, adyň Kasymmy? - Hawa, goýber-ow, gitjek. – Oglanjyk nätanyşyň golundan sypjak bolup dyzady, näzik ýaňagyna esgeriň ösgün sakgaly dürtüldi, temmäkiniň ýiti ysy burnuna urdy. Kolýa daýy ony gujagyna has berk gysdy: - Edil özi-dä, edil Kulynyň özi-dä. Oglanjyk arkasynyň sypalanyna bakman, goldan çykjak bolup urunýardy. Kolýa daýy Kasymy köşeşdirjek bolup, gyssanjyna: «Kasym jan, dur ahyry, kakaňdan salam getirdim, eşidýärmiň, seniň kakaň gahryman!» diýdi. «Kakaň gahryman» diýen sözi eşidende Kasymyň dyzamasy gowşan ýaly boldy. Şo mahal Kolýa daýy hem goluny gowşatdy welin, Kasym towşan ýaly towsup gitdi. Arkasy goş haltaly oturan Kolýa daýynyň daşyna eýýäm on-ýigrimi çaga egrilişipdi. - E-eý, oglanlar, görüň-eý, soldat aglaýa, soldat aglaýa! – Kolýa daýy gözlerinden atanlykda gaçan goşa düwme ýaşy hernäçe ýaşyrjak bolsa-da muňa ýeserje oglanlaryň gözi düşdi. - Kasymyň kakasy gahryman, ol bolsa aglaýa. - Kim aglasa, nemesler ony ilki atýalar, hä?! - Men hi-iç-hiç aglajak däl. - Kasymyň kakasy gahryma-an! Bu şowhuny eşidip terbiýeçi zenan geldi. «Size kim gerek?» «Men Kasymy görmäge geldim. Onuň kakasy bilen frontda boldum. Ynha, onuň suraty-da ýanymda». Kolýa daýy goltuk jübüsindäki kagyzlaryň arasyndan suraty çykardy-da, hol beýlede keýerjekläp duran Kasyma uzatdy. «Kasymjan, gelsene, gaçma, gel, kakaň suratyny görkezeýin, gel, gör!» Kasym gelmedi, oňa derek beýleki çagalar hümerlenşip, boýunlaryny uzadyşyp, Kolýa daýynyň golundaky suratda ýylgyryp duran esgere bakdylar. Kasym ýaňy altysyny doldurypdy, ýöne öňi-soňy «Kakaň gahryman» diýen söz gulagynda ýaňlanýardy, o söz çaga ýüreginde düşnüksiz ýakymlylyk döredýärdi, onuň kalbyna birhili buýsanç duýgusyny güýýardy. Ol terbiýeçi bilen gürrüňleşip barýan esgeriň hereketini içgin yzarlady. - Siz Kuly aga bilen bile söweşen bolsaňyz... – Gelin az salym dymdy. - Ol biçäräni öz elim bilen jaýladym. Ýöne, haýyş edýän, siz oňa kakaň bar, kakaň gahryman diýiň. Şonda ol gowy öser, gowy adam bolar. – Howludan çykyp baryşlaryna Kolýa daýy Kasyma gaňrylyp bakdy – Edil kakasy-da. Men bu oglanjygy gördümde kakasynyň wepat bolanyna ynanman başladym, ýogsa ony öz elim bilen jaýladym ahyryn. Göwnüme, ol ölmän, oglanjyga öwrülen ýaly bolup dur. Kolýa daýy Kasyma beýle mähir siňdirip biljegini gümanam etmeýärdi, ýöne atasyz galan maşgala göwünlik bermek hemem Kulynyň «Ölmän galsaň, öýümüze ahyrky salamymy elin ýetirgin. Aryny alyp öldi diýgin» diýen sargydyny bitirmäge gelipdi. Terbiýeçi Kolýa daýy bilen durşuna pyşyrdap diýen ýaly sözledi. «Kolýa daýy, çetki derwezä göz aýlaň. Kasym jyklaýar. Ýadyrgasa-da size siňňin bakýar». Kolýa daýy göz aýlady. Gözenekleriň arasyndan gara gözler bakyp durdy. Mähir beren oglanyň haliden bäri ýadyrgap, özünden iterip durşundan göwni has hem gyýlan Kolýa daýa bu uly melhem boldy. Aşgabada gaýdarman bolup duran halyna pikirini üýtgetdi. «Bir gije ýatyp gidemde-de bolar, kerwenim geçip barmandyr». Kolýa daýy öýlän ýene gelmek niýeti bilen dolananda, ýeňseden henizem çaga sesleri eşidilýärdi. Kolýa daýy öýlän gelende kemputly geldi. Terbiýeçi gelin hem Kasymyň tez göwnüni ýumşadana çemeli. Kasym Kolýa daýy bilen şeýle bir öwrenişip bilmese-de, indi gaçmady. Kolýa daýy ýene goltuk jübüsinden hälki suraty emaý bilen çykardy-da, birki oglanyň aňyrsynda oturan Kasyma uzatdy. - Me, göräý, oglum, kakaňy görmeli ahyry. Me! Ol bilýäňmi, şeýle bir güýçli, şeýle bir gazaply gahryman welin, ony gören nemisler goluny galdyryberýär. – Kasym utana-utana, ahyry, surata bakdy, çalaja ýylgyrdy. Kakasynyň urşa gidenini ýatlardan, onuň keşbini göz öňüne getirerden ýaş bolsa-da, suratda merdemsi bakýan gözler Kasymyň ýüreginde bir zatlar oýardy. Çagalar bir-birinden gaty gepläp, Kolýa daýa öz sözüni eşitdirjek bolýardylar, bir zatlar soraşdyrýardylar, bir-biregiň pikirini tassyklaşyp, inkär edişip, belli netijä gelibilmän, Kolýa daýyny dumly-duşdan çekeleýärdiler, ondan gutarnykly söze garaşýardylar. Olar gahryman adamyň nähili bolýanyny bilmeseler-de, olaryň ählisinde diýen ýaly gahryman ataly Kasyma azda-kände bahyllyk oýanýardy. Kolýa daýy hossarsyz çagalar bilen uzak söhbetdeş boldy, çaga sowallaryna çynlakaý jogap berdi. Şondan soň Kolýa daýy tiz-tizden ýany agyr düwünçekli gelip, Kasymdan habar alyp gidýärdi. Her gelende Kasymdan başlap, birentek çaga Kolýa daýynyň daşyna egrilişip, hamana, Kolýa daýy olaryň kakalarynyň ýanyndan gelen ýaly, ilkinji nobatda «Kakam haçan geler?» diýip soraşýardylar. Olara ilki bilen şol soragyň jogaby gerekdi. Kakasynyň gelmejegine akly ýetýänler, eýýäm sorag berýänleriň arasynda ýokdy. Kolýa daýy henizem harby geýminde gelýärdi, ýöne pogonlary ýokdy. Aşgabatda ullakan-ullakan otlulary remont edişi hakda gürrüň berýärdi. Ýöne bir müň dokuz ýüz kyrk sekizinji ýylyň oktýabrynda Kolýa daýynyň özi hem ýetim galaýdy: ýer titrände üç çagasy bilen aýaly topraga garyldy. Indi Kolýa daýy atalyk mährini haýsydyr bir çaga siňdirmese, özüniňem heläk boljagyna göz ýetirdi-de, Kasymy özüne ogullyk aldy. Şeýdip iki ýetim bir-birege hemdem bolup ýaşaberdi. Kolýa daýa «Beýdip ýörme-de, öýlen» diýip maslahat berenler köp boldy, ýöne ol öz ýagdaýyny ilden gowy bilýärdi. Ýöne bir betbagtlyga çydamazlyk başga bir betbagtlygyň ýüze çykmagyna ýol açdy. Kolýa daýy içgi bilen arasyny ýygjamlatdy. Ýyllaryň gatlanmagy bilen ol, ahyry, içgä ýürekden orun berdi. «E-eý, Kolýa daýy, Kolýa daýy! Faşist ýaly güýçli duşmany ýeňip gelip, indi aragyň huzurynda goluňy galdyrýarmyň?!» diýip, deň-duşlar hem köp aýtdy. Bu arada Kasym medisina institutyny tamamlady, öýlendi, ogul-gyz döredi, alym boldy, Aşgabatda aýratyn howly edindi. Kasym näçe ösdügiçe Kolýa daýy ondan daşlaşýardy, göre-bile daşlaşýardy. «Saňa azar bolmaýyn, sen maşgalaň bilen parahat ýaşa» diýýärdi. Şol günleriň birinde Kasymyň hem ökjesinden basdylar. Heniz Aşgabatda bir keselhana baş wraç bellenenine uzak wagt geçmänkä keselliden para alyp işi bulaşdy. Muny eşidenler «Kasym gutardy» diýişdiler. Emma Kasym aýlandy, öwrüldi, girdi, çykdy. Ahyrda, öz arzasy bilen işden çykyp Pendi raýon keselhanasyna baş wraç edilip ugradylmagyny gazandy. Kasym üçin bu wakalar uly tejribe berdi. Başa düşen her bir waka üçin sarsman durmany öwrendi. Ol täze ýere göçüp gelensoň Kolýa daýyny hem yzysüre getirdi-de, oňa keselhananyň bagbanlygyny hem-de howly sakçylygyny tabşyrdy. Kolýa daýy Kasymyň öýünde ýaşamaga çürt-kesik garşy boldy-da, keselhananyň derwezesiniň sag çetindäki kiçijik garawulhanada ornaşdy. Şo günlerden başlap hem Kolýa daýynyň pensiýasyny, aýlygyny Kasym golunda saklaýardy we her gün üç manatdan köp pul bermeýärdi. Kolýa daýy öläýse, üçüni, ýedisini, kyrkyny, ýylyny bellemäge harjy kän gerek bolar diýen niýet bilen Kolýa daýynyň aýlygyndan, pensiýasyndan kertip alyp ýygnaýardy... Ynha, Kasymyň Kolýa daýa berýän üç manadynyň taryhy şeýledi. Kolýa daýy «öz elim, öz ýakam» edip ýaşasy gelýärdi, Keselhana howlusy mydama adamlydy. Dogtorlary hasap etmäniňde-de, gije-gündiz öz ýarawsyzyndan habar almaga gelýän, gaty agyr kesellisi bolsa, uzak gijäni şo taýda geçirýän adamlar az däldi. Şeýle halatlarda Kolýa daýy olaryň ýakyn ýardamçysyna öwrülýärdi. «Men bu taýda bolamsoň, özüňiz bilýäňiz, dürli keselli görýän. Ýöne ählisi diýen ýaly aýak üste galyp gidýär. Ana, görersiňiz, siziň ýarawsyzyňyz bir hepdä ýetmän ýöräp başlar». Kolýa daýy olara çaý berýärdi, arajyk hödürleýärdi, onsoň olaram baryny aýaman Kolýa daýa berýärdiler. Şoňa görä Kolýa daýynyň garawulhanasynda tamdyr çöregi elmydama tapdyrýardy. Ýöne, näme, günüň güne meňzeş bolmaýşy ýaly, Kolýa daýynyň hem barja puluny öňünden içip, halys pulsuz galýan wagtlary bolýardy. Bu, köplenç, Kasym uzak wagtlyk komandirowkada bolanda ýa-da dynç almaga gidende şeýle bolýardy. Bi döwürde Kolýa daýynyň dadyna dogtorlar ýetişmeli bolýardy. Ol kimde spirt bolýanyny bilýärdi-de her gün birinden dileýärdi. «Hany, how, birazajyk kelleagyry derman tapalyň-how». Kolýa daýyny gowy görensoňlar, aňrujy ýagdaýy bolsa, ony boş goýbermeýärdiler. Şeýle günlerde gyzy bolanyň garyndaşlaryna «ogluň boldy» diýip Kolýa daýynyň buşlamasyny geň görmeýärdiler. Ýöne Kolýa daýy içgili-içgisiz halynda-da hiç kime ýigrenji görünmeýärdi, hiç kimiň ýüregine düşmeýärdi, adama azary bolmazdy. Ol köplenç, gijara içgiden keýpini kökleýärdi, onsoň diňleýji tapsa bagty gelýärdi. Uruşdan gyzykly gürrüňler berýärdi, öz başyndan geçiren geň wakalaryny ýatlaýardy. | |
|
√ Bäşgyzyl -24: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Dirilik suwy -27: romanyň soňy - 27.05.2024 |
√ Derbi-dagyn: Meçik - 05.08.2024 |
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Duman daganda: Dumanlar, gümanlar... - 11.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -18: romanyň dowamy - 28.10.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |