22:26 Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar | |
• Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar Hekimow bu raýona ýolbaşçylyk edip başlany bäri araky ýygnakdaky ýaly tankytlanmandy. Baýrynyň sözleri onuň gulagyny ýandak süýkelene dönderdi. Öňem birdir-ikidir gyltyz tankytlan tapylýardy, ýöne Hekimow dürli ýollar ulanyp, olaryň dilini baglap bilipdi, özüni tankytlany kabinetine çagyryp mylaýym gürleşýärdi. «Inim, men saňa tankytlama diýmekçi däl. Tankyt ajy bolsa-da gerek zat. Ýöne tankytlamanyň ugry bar ahyry. Iliň içinde aýtsaň, oňa düşünen-ä düşüner, düşünmedigem Hekim Hekimowiçi masgaralady diýer. Bi, ikimiziňem abraýymyz däl-dä. Neneň kemçilik bolsa, göni gel-de maňa aýdaý. Düzelmäbilşinden düzelmesin! Ýene bir zady göz öňünde tut, raýonyň halky gaty agzybir, gowam işleýä. Onsoň her kim bir-biregi tankytlaberse, şol agzybirlik, rahatlyk bolar öýdýämiň? Bolmaz. Şoň üçin oýlanyşykly bolaly diýjek bolýan. Meň saňa ýamanlygym ýok. Seniňem bize ýamanlygyň ýoklugyny görüp ýörüs. Gowy işleýäniňem bilýäs. Amaty gelse gowuja orna çekmekçi bolup ýördük. Onda gepleşdikmi?! Şeýdeli, gardaş. Bolýa, gaýrat et!» Hekimow: «Her bir adamda wezipä dyzama bar, öňküsinden garynja boýy ýokary wezipe berseňem, saňa garaýşy derrew gowulaşaýýar» diýip hasap edýär. Onsoň olaryň käbirine kiçeňräk wezipe berdi. Käbirine binobat jaý berip aldady, käbirini bolsa bol wada bilen baglap goýdy. Ol bu günler Baýryny neneňsi ýol bilen petige salmalydygyny oýlanýar, ýöne petige saljagyna welin gümansyz ynanýar. «Baýrynyňam enesi gyz däldir-le». Hekimow şeýle pikire gümra bolup, öýünde per ýassyga ýaplanyp ýatyrka. Bäşim Gylyjow gapyny kakdy. Ol indi gapy kakanda gaty batly kakýardy hem-de «hökman açylaýmalydyr» diýip pikir edýärdi. - Ýaşuly, salowmaleýkim. - Gel, gel, Bäşim – Hekimow ýaplanyp ýatyşyna elleşse-de, ýüzi-sesi açykdy. Göwnejaý saglyk-amanlyk soraşdy. - Ýaşuly, gijirägem geldim weli... - Aý, ýok-la, gowy geldiň, senden bir zat soraýyn diýip ýördüm. - Hä? - Şo arakyja oglan bar-a. - Kimdir? - O-ol arada bir ýygnakda näme diýýänini bilmän, samrap durmanmydy biri? – Hekimow Baýrynyň adyny aýdasy gelmän, bilgeşlin bilmediksirän boldy. Gylyjow kimiň gürrüňi ediljek bolýanyna şobada göz ýetirdi. - Hä-ä. Baýrymy? Äý, samsyk oglandyr-da. Gül ýaly wezipäň bar, işle-de ýör-dä. - Sen şony gowy tanaýamyň. Gylyjow: «Hekim Hekimowiç Baýryny meniň garyndaşym ýa ýakyn tanşym hasap edýän bolaýmasyn» diýip howatyrlanyp, jogaby tiz berdi. - Oň ýaly adamy tanamarys, ýaşuly. - Özi kimlerden? - Pylanylardan diýer ýaly, olarda çorbasy çykjak adam ýok. - Öz-ä jikjiki ýaly jikgerýä weli, oňa-muňa daýanýan-a däldir-dä. - Daýanýany bara meňzänok. Göze görneni bäri, şo balagyny süýräp ýörşi. - Şeýleräk görünýä. Näme üçin tankytlan bolýarka? - Başlyk bolasy gelýändir. – Gylyjow ýeser ýylgyryp goýberdi, emma Hekim Hekimowiçiň sowuk görnüşini görüp, bu sözüne ahmyr etdi. Soňra başga gürrüňleriň başyny agyrtdylar. Hekimowyň keýpiniň durlananyny görende Gylyjow: «Ýaşuly men-ä bir kiçijik haýyş bilen geldim» diýdi. - Ýeri. - Aý, bir inimiz bar weli, adam edäýjek bolýas. Partiýa geçirmeli-dä. - Seniňem kiçi hayyş diýýäniň şu bolsa... - Aý, ýaşuly siz kömek etmeseňiz... - Kömek etmeli bor, ýöne ähli adam geçermen bolansoň, kynrak-da. Baý, dyzaýarlar-a. - Partiýa agzasy bolmasa wezipe almajagyny görüp ýörler. - Ol-a şeýle. - Biz oňa kömek etsek, ol bize näme kömek etmekçi – Hekimow oňa köpmanyly bakanda Gylyjow ýylgyrdy. - Siz näme diýseňiz ederis. Bergidar galmarys. Aý, bir gowy oglan-da. Näme diýseň, bolýa diýjek durjak. Agy garany gowy saýgarýa. - Satjakmaý, öwmesene. – Ol ýarym degişme äheňde mylaýym sözledi-de, beýle ýandaky telefony ýanyna çekip, nomerleri aýlap otyrka: «Hany, adyny, familiýasyny aýt. Nirede işleýä?» diýdi. Gylyjow bu maglumatlar ýazylan bir bölek kagyzy jübüsinden çykaryp onuň öňünde goýdy. - Alo, Geldi Gullyýewiç! - Salowmaleýkim, Hekim Hekimowiç, agşamyňyz haýyrly bolsun. – Bu raýkomyň guramaçylyk bölüminiň müdiriniň sesidi.Ýagşy-ýaman işleriň köpüsi şonuň eli bilen edilýärdi. - Hany, meniň ýanyma gelip git. - Bolýa. Hekim Hekimowiç, häzir barýan. Az salymdan Geldi Gullyýewiç otaga girdi. Oturyp-oturmanka Hekimow oňa gatyrak ýüzlendi. - Geldi Gullyýewiç, şu ýaşulyny tanaýamyň? – Hekim Hekimowiç gözi bilen Gylyjowy görkezdi. - Gowy tanaýan. - Tanaýan bolsaň, kömek etseň bolmadymy? - Pajalysta, bizden bitýän bolsa, gürrüňi bolmaz, Hekim Hekimowiç. - Hany, onda ýazyp al şuny. – Gullyýew Hekim Hekimowiçiň uzadan kagyzyndaky ýazgylary öz bloknotyna tiz göçürdi: “ Ilaman Nepesow. «Görelde» kolhozynyň buhgalteri» . – Bu ýigidi partiýa agzalyga alman köseýärmişler. Nä boluş-ho-ow, bi, ýoldaş Geldi Gullyýewiç?! - Bolýa, Hekim Hekimowiç, düzederis. - Ähli zady maňa aýtdyryp ýörmäň ho-ow, özüňiz göz-gulak boluň ahyryn. - Bolýa, Hekim Hekimowiç, hökman düzederis. Ara az-kem dymyşlyk düşdi. - Rugsat bolsa, gaýdyberjek, Hekim Hekimowiç? - Bolýa. Ýöne şony gijä goýma. Gullyýew gidensoň Hekimow oýlandy: «Geldi Gullyýewiçem gowy adamdyr. Şony şu wagt raýona hojaýyn etsinler, onsoň gowumy-ýaramazmy, bilersiň. Gol astyndaka bular kirpi bolsa-da tüýleri ýüpek ýalyja.» Gylyjow Hekim Hekimowiçe minetdarlyk baryny aýdyp gidensoň, öýüne barany hem ýaňydy weli, Geldi Gullyýewiç jaň etdi. - Bäşim Gylyjowiç, neneň ýagdaýlaryňyz? - Gül ýaly. - Ýaňky meseläni ilki maňa aýdaýsaňyz bolmaýamy?! Maýda zatlar bilen ýaşulynyň başyny agyrdyp... - Aý, dile geldi-de aýdaýdym. Ýogsa, saňa duýdursamam bordy. - Indikide göni maňa aýdaýgyn, bolmasa bize gaty käýýeýär ol. - Käýýemez. Öz oglanymyzdyr. | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
√ Dirilik suwy -6: romanyň dowamy - 30.04.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |