21:54 Dünýäñ çar künjüne ýaýran türkmenim | |
DÜNÝÄÑ ÇAR KÜNJÜNE ÝAÝRAN TÜRKMENIM
■ Orta asyrlarda Kiçi Aziýanyñ jemgyýetçilik-syýasy we edebi durmuşyna türkmenleriñ täsiri Taryhy maglumatlara nazar aýlanymyzda, türkmenleriň köpsanlysynyň Horasandan Kiçi Aziýa ýaýramagynyň tapgyrlaýyn häsiýete eýe bolandygyny görüp bolýar. Turuwbaşdan, türkmenleriň Kiçi Aziýa tarap göçmeginiň Seljuk Türkmen döwletiniň döremegi bilen baglanyşyklydygyny bellemelidiris. 1040-njy ýylda Daňdanakan söweşi netijesinde soltan Togrul beg we Çagry beg Mesut Gaznalydan rüstem çykyp, Seljuk Türkmen döwletini esaslandyrýarlar. Seljuklaryň täze ýerleri öz döwletine birikdirmegi bilen, soltan Mälikşanyň häkimlik eden wagty ýurt günbatarda Ortaýer we Mermer deňzine, gündogarda Kaşgara, demirgazykda Kawkaz daglaryna we Aral hem Gara deňzine, günortada bolsa, Pars aýlagyna we Siriýa çöllerine çenli giňäp, beýik imperiýa derejesine ýetýär. 1048-nji ýylda ýurduň täsir ediş güýjüni giňeltmek maksady bilen, Togrul begiň agasynyň ogly Ybraýym Ýynal Ruma çozuş edýär. Rumlylardan we abhazlardan bolan elli müň goşunyň garşy durmagyna garamazdan, türkmenler söweşde üstün çykyp, Malazgirdi, Erzurumy, Kalygalany, Trabzony eýeleýärler. Bu ýörişde köpsanly oljadan başga-da seljuklar Abhaz patyşasy Kariti ýesir alypdyrlar. Abhaz patyşasy özüniň boşadylmagy üçin üç ýüz müň dinar bilen ýüz müň sany gymmatbaha sowgat hödürlese-de, onuň bu teklibi kabul edilmändir. 441-nji hijri ýylynda (1049-1050 ýý.) Togrul beg öz goşuny bilen Ybraýym Ýynala garşy çykyp, gazaply söweşde ýeňiş gazanýar. Diýarbekirde soltan Togrul begiň adyna hutba okalýar. Soltan Rum patyşasyna hat ýollap, özara ylalaşyk baglaşýar. Ol hiç hili töleg almazdan, Abhaz patyşasy Kariti ýesirlikden boşadýar. 1071-nji ýylda Wizantiýa hökümdary seljuklara garşy ýöriş edýär. Bu habar soltan Alp Arslana Genje şäherinde ýetýär. Bu waka Ibn Esiriň «Kämil taryh» atly kitabynda şeýle beýan edilýär: «Soltan esgerlerine: «Men Allanyň razyçylygy üçin sabyr bilen söweşjek, eger sag galsam, bu Allanyň keremidir. Eger şehit bolsam, oglum Mälikşa şazadadyr» diýdi we duşmanyň üstüne ýöriş etdi». Şeýlelikde, soltan Alp Arslan özüniň iň bir ajaýyp ýeňşini gazanmagy başarypdyr. Bu söweşde Wizantiýa hökümdary ýesir düşýär we Alp Arslanyň rehimdarlygy bilen ýurduna ugradylýar. Soltanyň bu uly ýeňişli ýörişinden soň, seljuk türkmenleriniň Anadoly sebitlerine ikinji uly göçi amala aşyrylypdyr. Alym Gurbangül Guzyçyýewa «Mähri Hatyn» atly monografiýasynda türkmenleriň Kiçi Aziýa aralaşmagy bilen baglanyşykly örän gymmatly maglumatlary berýär: «Osmanly döwründe Anadola gelen türkmenler «türkmen» adynyň gapdaly bilen «ýürük» ýa-da «ýörük» ýaly umumy at bilen hem tanalypdyrlar. Bu döwürde türkmenler (ýürükler) dolandyryş guramalaryny döredipdirler». Türkmenleriň Anadoly sebitlerine aralaşmagynyň üçünji uly tapgyry bolýar. Bu göç, esasan, mongollaryň Merkezi Aziýany basyp almagy we ýerli ilaty gyrgynçylyga sezewar etmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu Merkezi Aziýadan Anadoly sebitlerine amala aşyrylan iň uly göçdür. Basybalyjylaryň talaňçylygy barada orta asyr taryhçysy Ibn Esir özüniň «Kämil taryh» atly eserinde şeýle belläp geçýär: «Maňa dostlarym bu taryhy wakalary ýazmazlygy maslahat berdiler. Men razylaşdym, emma soňra ýazmazlykdan hiç hili nepiň ýokdugyna göz ýetirdim. Bu hadysalar musulman äleminiň başyndan inen uly musallatdy. Men ömrümiň galan bölegini şunuň ýaly betbagtçylygyň musulmanlaryň başyndan inmezligini Alladan diläp geçirdim...». Ýeri gelende, mongol basybalyjylarynyň sütemi zerarly türkmenleriň Kiçi Aziýa göçüş tolkunynyň tas kyrk ýyla ýakyn dowam edendigini bellemelidiris. Şunlukda, türkmenler Kiçi Aziýanyň ähli sebitlerine ýaýrap, şol ýerlerde mesgen tutupdyrlar. 1400-nji ýylda Teýmirleň (1336 — 1405 ýý.) tutuş Kiçi Aziýany we Ýakyn Gündogary basyp almak maksady bilen Beýazit I-a garşy söweşe başlaýar. Ol Siwas, Halap (Aleppo) ýaly şäherleri eýelänsoň, 1402-nji ýylda Ankaranyň golaýynda soltan Beýazit I bilen ikinji gezek aýgytly söweş edýär. Ýeri gelende, 1402-nji ýylda bolan bu söweşiň adamzat taryhyndaky iň gazaply çaknyşyklaryň biridigini bellemek zerurdyr. Bu söweş hereketlerine her tarapdan iki ýüz müňden gowrak söweşiji gatnaşypdyr. Bu çaknyşykda Beýazit I-iñ goşuny derbi-dagyn edilip, özi bolsa ýesir düşüpdir. Teýmirleňiň Ankaranyň eteginde gazanan ýeňşi uly pidalary getiren hem bolsa, XV asyr Osmanly Türkmen döwletiniň gülläp ösüşi başdan geçiren döwri hasaplanýar. Döwleti dikeltmekde amala aşyrylan birnäçe ykdysady reformalar, ruhy we medeni galkynma syýasy bitewüligi gazanmaklyga şertleri döredipdir. Türki dil diňe bir halkyň gepleşik dili bolmak bilen çäklenmän, eýsem-de döwlet dili diýlip yglan edilipdir. Hökümdaryň permanlary, döwlet edaralarynyň hemme resminamalary türki dilde ýazylypdyr. Eýýäm XV asyryň birinji çärýeginde Kiçi Aziýanyň medreseleriniň ählisinde diýen ýaly okuw türki dilde alnyp barlypdyr. Dil reformasy netijesinde türki dilli edebiýatda uly ösüş gazanylypdyr. Şeýle ruhy we medeni ösüş soltan Çelebi Mehmediň ogly soltan Myrat II-niñ häkimlik eden döwrüne degişlidir. Türki dilde eser ýazmagyň derwaýysdygyny Mustafa Muiddin soltan Myrat II-a bagyşlap ýazan «Mesneweýi Muradiýe» atly eserinde şeýle beýan edýär: Biz-de türki dil bile şerh eýledik, Kowmumyza dilleriýle sözledik... Soltan Çelebi Mehmediň ogly Myrat II 1421-nji ýylda kakasynyň aradan çykmagy bilen, Bursa şäherine getirilip, tagta oturdylýar. Kakasy soltan Çelebi Mehmediň soltanlyk eden wagtynda Myrat II Amasýa welaýatynda häkim bolupdyr. «Türkler» atly türk taryhy ensiklopediýasynda gabat gelýän: «...Täze göçüp gelen mähelle maliýe tarapdan Myrat II ejesi Nur Banunyň Üsküdarda saldyran metjidiniň hojalygyna degişlidir. Şu sebäpden-de resmi kagyzlarda olara «Üsküdar türkmeni» hem diýlipdir. Bu mähelle bir tarapdan Dulkadyrlylara, beýleki tarapdan bolsa Halap türkmenlerine degişli bolan iki şahadan emele gelipdir. Halap türkmenlerine degişli bolan şaha öňden bäri «Ýaban äri» (Sähra äri — A.W.) diýlipdir, dulkadyrly şahasy, esasan, ekerançylyk bilen meşgullanypdyr. Ýaban äriň köpüsi begdili taýpalaryndan gelip çykypdyr diýlip hasaplanýar. Ozaldan ýaban äri begdiliden, baýatdan, awşardan, baýandyrdan, hanbendeliden, garagoýunlydan emele gelipdir» diýen maglumatdan çen tutanyňda, soltan Myrat II ejesiniň aslynyň türkmendigi hakynda aýtmak bolar. Onuň kakasynyň ady Çelebi bolup, ol «halaply» diýmekligi aňladýar. Ozaldan hem türkmenleriň gür oturymly ýeri bolan Halabyň 1070-nji ýylda soltan Alp Arslan tarapyndan eýelenmegi bilen bu şäheriň sebitdäki ähmiýetini nazarda tutup, dürli ýerlerden köpsanly seljuk türkmenleriniň Halaba we onuň töweregine göçüp barmagy, ony türkmenleriň gür oturymly ýerine öwrüpdir. Şeýlelikde, bu ýagdaý Çelebi Mehmediň hem aslynyň türkmenlerden bolandygy baradaky çaklamany orta atmaklyga esas berýär. Soltanlyk tagtyna çykan Myrat II ýaňy 17-18 ýaşyndadygyna garamazdan, juda tutanýerli we akylly-başly syýasat alyp barandygyny bellemegimiz zerur. Ol Osmanly türkmenleriň içki we daşky duşmanlary bilen barlyşyksyz söweş alyp barypdyr. Daşarky duşmanlara garşy hem soltan Myrat II juda üstünlikli syýasaty we harby hereketleri amala aşyrypdyr. Osmanly türkmen beglikleriniň çäkleri Myrat II häkimlik eden döwründe görlüp-eşidilmedik ýagdaýda giňäpdir. Şol döwrüň taryhçylary Myrat II hakda: «Urşy ýigrenen, parahatçylykda we rahatlykda ýaşamagy söýen bir şahsyýetdi» diýen ýaly maglumatlary goýupdyrlar. Myrat II halkyň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmakda birnäçe ykdysady reformalary amala aşyrypdyr. Ol ozalky ýaşap geçen hökümdarlaryň göreldeli däplerine eýerip, soltanlyk edip başlan döwründen tä hökümdarlygynyň ahyrky günlerine çenli halk bilen ýygy aragatnaşykda bolupdyr. Myrat II Diwany-Humaýunda kabul edişlik gurapdyr, dawaly meseleleri seljeripdir, goşun esgerleriniň hal-ahwalyna seredipdir. Şeýle-de, ol wagtal-wagtal il içinde bolup, raýatlarynyň durmuşy bilen içgin gyzyklanypdyr. Soltan Myrat II daşary ýurtly ilçileriň we myhmanlaryň öňünde ýaýdan ok atyp, öz mergenligini görkezipdir (Onuň ok atyşy «Hünärnama» atly miniatýurada şekillendirilipdir). Soltan Myrat II dolanyşyk pula özüniň gaýy taýpasynyň möhürini basdyrmagy onuň aslynyň oguz türkmenlerindendigini aýtmaga esas berýär. Onuň Gaýy han Oguz boýunyň şejere daragtyna girizen düzedişi tutuş ülkäniň medeniýetiniň millileşmegine tarap ugur alandygyny aňladýan ýagdaýdyr. Osmanly türkmen döwleti gurlandan soň, soltan Orhan Gazynyň resmi dil hökmünde türki dili saýlap almagy hem-de ýurduň türkilige we oguzçylyga tarap ýönelmegi hakynda taryhy maglumatlar saklanyp galypdyr. Millilige bolan ýönelişde türkmenleriň juda uly paýy bolupdyr. Gazy uniwersitetiniň professory Salym Hoja özüniň «Türkileriň göçleri we ýaýramagy» atly makalasynda: «...Seljuklaryň ýerini alan anadolyly türkmen begliklerinde giň gerimde türkilige tarap öwrüliş başlanypdyr. Türkilige tarap öwrülişik milli medeniýetiň çeşmesi bolan milli edebiýatyň döremeginde we ösmeginde möhüm orun eýeledi. Hakykatdan-da, anadolyly türkmen begleri daş-töweregine toplan terjimeçilerine we alymlaryna parsçadan we arapçadan türkiçä terjime etdirişleri ýaly, türki dilde hem eserleri ýazdyrypdyrlar» diýip belläp geçýär. Myrat II häkimlik eden döwri diňe bir medeniýetiň millileşmegi bilen çäklenmän, türki dilli edebiýatyň ösmegine we ýaýramagyna hem uly mümkinçilikler döräpdir. Bu döwürde ululy-kiçili ýüzlerçe eseriň türki dile terjime edilendigi hem-de türki dilde ençeme şygyr we kyssa eserleriniň ýazylandygy bellidir. Myrat-II döwrüň aňyýetini türkileşdirmäge, millileşdirmäge çagyrmagynyň esasy sebäbi, hökümdar ýaňy güýje gelip başlan Osmanly Türkmen döwletiniň hataryna girýän dürli türki taýpalarda milli duýgyny oýandyrmak arkaly halky birleşdirmek, jebisleşdirmek isläpdir. Görşümiz ýaly, Orta asyrlarda Kiçi Aziýanyň jemgyýetçilik-syýasy we edebi durmuşynda türkmenleriň täsiri örän uly bolupdyr. Bu bolsa taryhyň ähli döwürlerinde-de halkymyzyň ynsanperwerlige, millilige, ene dilimize, edebi we medeni gymmatlyklarymyza sarpaly seredendiginden habar berýär. Akmaral WELIÝEWA, «Türkmen dili» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |