Filosofdan soň ýüregini bire baglan kapitan Nur söze çykdy. Ol münberden durup, amfiteater şekilindäki eýwanda tegelenip oturan Beýik Geňeşiň müňe golaý agzalaryna gözüni aýlanda birhili sussy basylyp, sözi nämeden başlajagyny bilmän dymdy. Ol häzir orta atjak pikirini mähelläniň nähili kabul etjekdigi barada oýlanyp tolgunýardy. Emma ýalaňaç suwdan gaýtmaz diýilişi ýaly, ol özüni dürsäp, ynam bilen söze başlady:
-Beýik Geňeşiň hormatly agzalary, özümden öňki çykyş edenleriň beýan eden pikirlerini men puja çykarmak islämok. Ýöne erkin pikir aýtmak hukugyndan peýdalanyp men öz ideýamy orta atmakçy. Meniň entek anyk ylmy hasap-hesibim ýok, ýöne Beýik Geňeş meniň ideýamy kabul etse, onuň anyk matematiki netijelerini işläp çykmak bolar...
Başlyklyk ediji elini galgadyp Nuryň ünsüni özüne çökdi:
-Hormatly kapitan Nur, siz öňürti ideýaňyzy aýdyň, hasaplamalar, netijeler hakda soň gürrüň edersiňiz.
-Bagyşlaň, ony-da aýdaryn – diýip, Nur sözüni dowam etdirdi. – Meniň pikirimçe ewakuasiýa meselesi ahlak taýdan hem, maddy taýdan hem dogry däl. Adamzadyň asly ýerde döredi. Şu ýeriň ýüzünde, adamzat kemala geldi. Geçen millionlarça ýyllaryň dowamynda ýerimiz bizi iýdirdi, içirdi, geýindirdi, öz goýnundaky ummasyz köp resurslary bilen bize hyzmat etdi. Biz ol gorlary harç edip gutaranymyzdan soň tükenmez energiýanyň çeşmesi bolan wodorod we faton energiýasyndan peýdalanmaga başladyk. Ýerimiziň deňizlerindäki, okeanlaryndaky suw tükenmese wadorod energiýasynyň çeşmesi tükenmez. Biz ýerimize ene ýer, ene toprak diýip biderek ýere at dakmadyk. Ol hakykatdanam biziň enemiz. Onda-da ýeke täk enemiz. Sebäbi bu giň älemde, şol sanda milliardlarça ýyldyzlardan ybarat bolan biziň gallaktikamyzda-da onuň deňi-taýy ýok. Şeýle bolansoň neneň edip adamzat ony taşlap gidip biler?! Beýle edilse kyn güne düşeniňde öz mähriban eneňi taşlap gaçdygyň bolmazmy?
Başlyklyk ediji öz endigine görä elini galgadyp, kapitan Nuryň ýeni sözüni böldi:
-Kapitan Nur, biziň ara alyp maslahatlaşýan meselämiz siziň aýdýan sentimental sözleriňizden has daşyrakda. Dogry, siziň aýdýan gepiňiz hem ugrunda bar, ýöne ,,Ýer biziň enemiz, ony taşlap gaçmak bolmaz” diýip, onuň bilen bile heläk bolmaklyk hem akyl-paýhasa dogry gelýän iş däl.
-Ýok! Biz ony-da heläk etmeris, özümüzem heläk bolmarys! – diýeninde kapitan Nuryň sesi tegeläk eýwanyň ähli künjeklerinde batly ýaňlandy.-Biz ony özümiz bilen bile alyp gideris. Hawa, mähriban ene Ýerimizi Gün ulgamyndan çykaryp alyp gideris we bize ýene milliard ýyllap ýagtylyk we ýylylyk berip biljek ýakyn ýyldyzlaryň biriniň orbitasyna eltip goýarys !
Gowur köpeldi. Dürli ýerden: ,, Bolmajak zat! “ , ,,Fantastika!” , ,,Utopiýa” diýen sesler ýaňlandy. Ilki kapitan Nur aljyraňňy ýagdaýa düşdi. Bir salymdan özüni dürsäp, elini ýokary göterdi.
- Adamlar, rugsat ediň, men sözümi soňlaýyn, onsoň näçe igenç, näçe käýinç bolsa men diňlemäge taýyn.
Adamlar birneme köşeşdi. Başlyklyk ediji kapitan Nura goltgy berip:
-Dowam etdiriň kapitan, ideýaňyz gaty gyzykly – diýdi.
-Hormatly Beýik Geňeşiň agzalary ! – Men boýun alýan, meniň häzir orta atan pikirim teoretiki esasy bolmadyk, entek injenerlik hasaplamalary-da ýok ýalaňaç ideýadyr. Emma adamzat özüniň halas bolmak ýoluny şu ugurdan gözlese, ýagny ol özi bilen ene Ýeri-de halas etmäge bil baglasa ýalňyşmaz diýip pikir edýän, Elbetde, adamzadyň taryhynda görlüp-eşidilmedik beýle işi amala aşyrmak aňsat däl. Munuň üçin uly taýýarlyk, biçak çylyşyrymly teoretiki hem-de praktiki meseleleri çözmek gerek bolar. Şu meseleler çözülenden soň, meniň pikirimçe, Ýeriň ýüzündäki on bäş milliard adamy haýsydyr bir uzak planeta ewakuasiýa etmek üçin guruljak biçak köp transport serişdelerine sarplanjak güýji beýle tarapa gönükdirsek ýeriň özüni bir bütewi gämi edip kosmos giňişliginde islän tarapymyza sürüp bileris. Biziň ylmymyzyň, tehnikamyzyň, älemiň bir burçunda ýerleşen hoz ýalyjak ýer şarynyň ikije ädim aňyrrak süýşürip goýmaga güýji ýeter öýdýän!
Zalda ýene-de wagyr başlandy, oturan ýerinden her kim her zat diýip seslendi. Kimdir biri: ,,Kapitan Nuryň ideýasy beýik ideýa!” diýip gygyrdy. Başlyklyk ediji öňündäki gadymy Rim senatynda ulanylýan jaňa meňzeş jaňy kakyp zaly tertibe çagyrdy.
Professor Gem Dem söz sorap münbere çykdy. Kapitan Nur onuň özüni öwmejegini gowy bilýärdi. Şonuň üçin ol Gemiň çykyşyny göwnüne alman, gulagynyň ýelesinden geçerip göýbermekçi bolup tijenip oturdy.
-Beýik Geňeşiň hormatly agzalary – diýip, Gem Dem söze başlady. –Şu eýwan, şu münber biziň üçin , biziň bir bütewi jemgyýetimiz üçin mukaddesdir. Sebäbi bu ýerde adamzat jemgyýetiniň ähli meseleleri çözülýär. Planeta şu ýerden dolandyrylýar. Şonuň üçin şu eýwanda, şu münbere çykyp söz sözleýän adam, özüniň diýýän zatlaryna ulakan jogapkärçilik bilen çemeleşmelidir. Ýaňy şu münberden peýdalanan kapitan Nur hakynda men näme diýjegimi hem bilemok. Biz kapitan Nury tejribeli, gaýduwsyz astranawt hökmünde tanaýarys. Ol Gün ulgamyndan daşarydaky ekspedisiýalaryň ikisine ýolbaşçylyk etdi. Beýik Geňeş onuň bitiren işlerini hormatlaýar, bizem onuň özüne uly sarpa goýýas. Emma onuň häzirki çykyşy hormata laýyk däl. Ol bütin Ýer togalagynyň ykbalyny çözüp oturan, bu ýerdäki beýik adamlaryň öňünde ertekä meňzeş biderek zatlar hakynda gürrüň edip, biedeplik etdi, diýsemem ýalňyş bolmaz. Onuň aýdanlaryna üns beren bolsaňyz, ylmy taýdan esassyz, owadan arzuwa meňzeş bir zatlar. Ol ,,hoz ýaljak Ýer togalagynyň ýerinden iki ädim süýşürip goýmaklygyň näme kynçylygy bar” diýen äheňde gürrüň etjek bolýar. Ýer togalagynyň hoz däldigini, onuň süýşürüljek aralygynyň hem iki ädim däldigini kapitan Nuryň özi-de gowy bilýär, ahyryn! Bize iň ýakyn ýyldyzdan hem ýagtylyk bir näçe ýylda ýetip gelýär. Ine, size kapitan Nuryň iki ädim diýen aralyga! Şonuň üçin men kapitan Nuryň ideýasyny biderek, puç ideýa hasap edýärin.
Professor Gem Dem sözüniň adamlara nähili täsir edendigini bilmek üçin zala göz aýlady. Emma zaldakylar sakawuň soňuna seret diýilenini edip, ümsüm otyrdylar. Ýöne ol sözüni soňlan ýaly dymyp galdy. Şonda başlyklyk ediji oňa ýüzlendi:
-Hormatly professor Dem, siz kapitan Nuryň ideýasyny puç hasap edýän bolsaňyz, özüňiz nämäni teklip edýärsiňiz?
Professor Gem bada-bat jogap berdi:
-Men ewakuasiýanyň tarapdary. Ýaňy şu münberden çykyş eden hormatly filasofymyz Tal Dalyň pikirine hem goşulamok. Onuň ideýasy hem amala aşyryp bolmajak ideýa. Şonuň üçin men adamzady diňe başga planeta göçürmek bilen halas edip bolar diýip ynanýan. Meniň pikirimçe ýeke-täk ýol şu. Professor Tal Dal oturyp bilmedi. Ol üç minut wagt sorap, gyzyp gepledi.
-Beýik Geňeşiň hormatly agzalary! Biziň ylmymyz adamzadyň ömrüni ýüz ýyldan üç ýüz ýyla çenli uzaltdy. Öňler ýüz ýylda garrap lagşaýan organymyz, indi üç ýüz ýylda garrylyk ýagdaýyna geçýär. Ylym bu ýeňişi organizimde geçýän prosesleriň tizliginiň üç esse peseltmek ýoly bilen gazandy. Şeýle bolýan bolsa Gündäki prosesleriň tizligini üç-dört esse peseldip, onuň ömrüni uzaltmaga biziň ylymymyzyň we tehnikamyzyň güýji ýetmezmikä? Meniň pikirimçe ýeter öýdýän. Eger bardy-geldi Günüň jümmüşinde geçýän prosseslere daşdan täsir edip bolmaýan bolsa, onda kapitan Nuryň ideýasy hem çuňňur öwrenmäge mynasyp batyrgaý ideýadyr. Onsaňom, şu ýerde bir zady ýatladyp geçesim gelýär. Professor Gem Dem kapitan Nuryň ideýasyny biderek, puç ideýa diýip bütünleý ret etdi. Emma onuň halysalla şeýle edendigine meniň ynanasym gelenok. Sebäbi bir wagtlar kapitan Nuryň ,,Çäksizligiň çäkleri” diýen temadaky dissertasiýasyna Gem Dem başlyklaýyn iki üç sany alumsumaklar garşy çykyp, ony alymlyk derejesinden mahrum etdiler. Aradan iki-üç ýyl geçenden soň bolsa Gem Demiň özi şol ýatyrylan dissertasiýanyň materiallaryndan peýdalanyp, ullakan kitap ýazdy. Elbetde, şeýle seredende kapitan Nuryň dissertasiýasy bilen Gem Demiň kitabynyň meňzeşligi ýok ýaly. Ýöne ol kitabyň düýp manysy dissertasiýadan daşa gidenok...
Başlyklyk ediji elini galgadyp Tal Daly saklady:
-Hormatly Tal Dal siz bu ýeriň ylmy geňeş däldigini unutmaň. Onuň ýaly meseleler bu ýerde çözülenok, otyryň ýeriňizde.
Başlyklyk ediji filosofyň sözüni soňlatman oturdanam bolsa, onuň şol aýdanlary-da professor Gem Deme batly şarpyk bolup degdi.
Beýik Geňeşiň şu mejlisi has dartgynly geçdi. Söze çykanlaryň birnäçesi kapitan Nuryň ideýasyny goldadylar. Olar bu ideýany ylmy taýdan ymykly işläp çykmagyň gerekdigini aýtdylar. Aýratynam Fizika Akademýasynyň prezidenti, bütin dünýä belli ýaşuly alym kapitan Nuryň teklibini düýpli öwrenip çykmaklygy öz Akademiýasyna tabşyrmaklygy teklip etdi. Şeýlelikde Beýik Geňeşiň mejlisi ähli teklipleri ylmy taýdan öwrenip çykmaklygy her ugruň öz Akademýasyna tabşyrmak barada karar kabul etdi. Beýik Geňeşiň mejlisler köşgünden kapitan Nur filosof Dal bilen goltuklaşyp çykdy. Mejlisiň uzak dowam etmegine garamazdan, olaryň ikisinde-de ýadawlyk duýulmaýardy.
-Ezizim Nur, eger garşy bolmasaňyz, ikimiz gürrüň edip, ýarym sagatjyk pyýada ýöresek niçik borka?! – diýip, Dal kapitan Nura ýüzlendi.
-Ýarym sagat däl, bir sagada-da razy – diýip, kapitan Nur jogap berdi. Olar planetanyň paýtagtynyň baş köçesiniň pyýadalar ýöreýän gür agaçlyk ýanýodasyndan ýuwaş ýöräp gitdiler. Bu köçe şäheriň beýleki köçeleri ýaly uzynlygynda dört zolakdan ybaratdy. Onuň ikisi biri-birine garşylyklaýyn ýöreýän eskalator görnüşindäki ýollar bolup, beýlki ikisi bolsa, pyýada ýöremek üçin bejerilen giň ýodalardy. Bu ýodalar köçäniň iki gyrasynda,eskalator görnüşindäki ýollar ortadady. Ol ýola geçen adamlaryň ädim ätmegi gerek däldi, eskalatoryň özi orta tizlikde alyp gidýärdi.Ýükler bolsa şol köçeleriň aşagyndaky tunnel ýollaryndan daşalýardy. Döwrüň siwilizasiýasynyň döreden bu oňaýlyklary köpçüligiň göwnünden turýanam bolsa, Tal Dal ýaly käbir adamlary gyjyndyrýardy. Tal Dal şäheriň juda uzak bir ýerine gitmeli bolaýmasa eskalator ýollardan hiç wagt peýdalanmaýardy. Ol ,,Tebigat adama iki aýagy ýöremek üçin beripdir” diýip, elmydama diýen ýaly pyýada ýöreýärdi.
-Ezizim Nur, dogrymy aýtsam, men Beýik Geňeşde edilen şu günki gürrüňleriň hiç haýsysyna, hatda siziň ideýaňyz-a beýle-de dursun, özümiň orta atan ideýama-da ynanasym gelenok, göwnüme bolmasa adamzady bu heläkçiikden gutulma ýok ýaly – diýip, Tal ahmyrly gürledi. Kapitan Nur ýoldaşynyň ýüzüne geňirgenip seretdi:
-Hormatly Tal, men size düşemok, beýle pikiriňiz bar bolsa näme üçin Beýik Geňeşde aýtmadyňyz. Onsoňam...
-Ezizim – diýip, Tal Nuryň sözüni böldi. – Gadymky akyldarlaryň biri ,,Hakykaty aýt, emma hemme hakykaty aýdyp bolanok” diýipdir. Şeýle bolansoň Beýik Geňeşde beýle pessimistik pikiri ýüze çykaryp bolýamy näme? !
-Diýmek siziň pikiriňizçe adamzat... Ýok, ýok meniň aýtmaga-da dilim baranok – diýip, kapitan Nur dymdy.
-Ezizim Nur, tebigatyň şeýle bir kanunlary bar, ony özgertmäge adamzadyň güýji ýetenok.
-Adam öler, ölmez adamzat, agaç gurar , gurmaz tokaý, diýenleri-de tebigatyň kanuny dälmi?
-Bu kanun otnositel häsiýete eýe, ezizim Nur! Diňe bir adamzadyň däl-de bu çäksiz älemiň hem soňy bar, ahyryn. Hawa, bu çäksiz giňişlik hem wagtlaýyn hadysa, siz bilýäňiz älem bir bütewi biçak dykyz materiýanyň partlamagyndan emele gelen. Şol beýik partlaýyş inersiýasy bilen älemiň çäkleri henizem giňelip gidip otyr. Emma bu giňelip barýan älem merkeze çekiljekdir, ýene bu çäksiz giňişlik gapyşyp, öňki bir bütewi biçak dykyz materiýa geljekdir. Ol ýene...
-Bes ediň, hormatly Tal – diýip, kapitan Nur gahar bilen onuň sözüni kesdi. – Ýogsam, men size bolan hormatymy ýitirerin. Adamzat özüniň akyl-paýhasy bilen özüniň million ýyllyk ömrüniň içinde ähli heläkçilikleri ýeňip geçdi. Eger taryhdan habaryňyz bar bolsa, gadymy ýigriminji asyrdaky termo-ýadro heläkçiliginiň öňüni aldy, eger şonda adamzat özüniň bütin gujur-gaýratyny, akyl-paýhasyny ulanyp, şol heläkçiligiň öňüni almadyk bolsa, onuň tohumy ýer ýüzünden bir eýýäm ýitip giderdi.
Tal Dal pikirini jemleýän kimin dymyp gelýärdi, ol uludan demini alyp Nuryň ýüzüne köpmanyly ýylgyryp garady:
-O diýýäniňiz hem dogry, ezizim Nur, şol döwürdäki ýadro heläkçiliginiň öňi akyl-paýhas bilen alyndy. Gapma-garşy güýçler, syýasy jedele kelle gyzdyrylsa dünýäniň weýran ediljekdigine göz ýetirdiler. Emma biziň öňümizde duran heläkçiligiň öňüni birek-birege düşünmek bilen alyp bolmaz. Biziň garşydaşymyz öz kanunlaryna eýe bolan tebigatyň özüdir. Şeýle bolansoň...
-Biz ýazgyda boýun bolmaly, diýmekçi bolýaňyzmy? – diýip, kapitan Nur ýoldaşynyň sözüni ýene kesdi. – Ýok, men hiç haçan siziň pikiriňize goşulman. Adamzadyň ähli heläkçilikleriň öňüni alyp, älemde ebedi ýaşajagyna ynanýan. Öňümizde duran bu uly synagdanam biz üstünlikli geçeris. Mähriban Ýerimizi heläkçiligiň zonasyndan alyp çykyp gideris!
Tal Dal kinaýaly güldi. Emma soňunda ýürekden dillendi !
-Meniň size gözüm gidýär ezizim Nur, hawa, şeýle beýik ynam bilen ýaşaýan adama gözüň gitmezligi mümkin däl. Iňkise gidýändigim üçin meni bagyşlaň. Ýer togalagyny gämi edip sürip barýarkaňyz bu müňkürligim üçin meni ondan itip düşüräýmäň –diýip, Tal sözüniň soňuny degişmä sowdy.
Olar köçäniň bir çatyrygynda säginip, dostlarça hoşlaşdylar. Her kim öz tarapyna gidýän eskalator ýollara geçip öýlerine ugradylar. Kapitan Nury gapysynyň öňünde gyzy Zeýa şowhun bilen garşy aldy. Ol özüniň Aýa syýahaty barada kakasyna howlugyp gürrüň berýärdi. Otaga girýänçäler Zeýajyk jedirdäp bir entek zatlary aýdyşdyrdy. Eger-de ejesi goşulmadyk bolsa, ol entegem sözüni gutarjak däldi.
-Zeýa, görýämiň, kakaň ýadap geldi. Sen häzir onuň kellesini agyrtma, gowsy öz otagyňa bar-da, gören zatlaryňy suratlandyryp ýaz. Zeýa ýadawlyk diýilýän zady gözleýän ýaly kakasynyň ýüzüne seredip durdy-da, öz otagyna gitdi. Kapitan Nuryň ýüzünde ýadawlyk alamty bolmas-da, Deýanyň gözleri bir hili howatyrly bakýardy. Nur aýalynyň ýagdýyny gören badyna duýupdy. Şonuň üçinem ol gyzynyň sözlerine kän üns bermän aýaly bilen ikiçäk galmagy isläpdi. Zeýa otagyna girenden Nur Deýa ýüzlendi.
-Saňa näme bolýar, Deýa, bir hili aladaly görünýäň-le?
Deýa howatyrly gözlerini ärinden aýyrman sorady:
-Nur, şu diýýänleri çynmy? Günüň energiýasy tükenýämiş, ýerde durmuş boljak dälmiş. Beýik Geňeşde şu mesele seredilenmiş. Senem menden bu zatlary gizläp ýörsüň. Iller-ä aýalyndan gizlänok.
-Näbileýin, Beýik Geňeşde bu mesele gizlin saklanmalydyr, diýdiler. Beýik Geňeşiň agzasy bolan käbir adamlaryň öz borjuny-da ýatdan çykarýandyklary barada men pikir etmändirin –diýip , kapitan Nur aýalyna müýnli seretdi.
-Men seň düýn gijeki bolşuňa indi akyl ýetirýän. ,,Ýok, ene Ýeri taşlap, hiç ýere göçmeris!“ diýip gygyranyňyň sebäbi bar ekeni-dä!
Deýa «Indem dogrusyny aýtjak dälmi?» diýen manyda ärine göni seretdi. Kapitan Nur aýalynyň egnine elini goýup, ony nahar iýilýän otaga äkitdi.
-Hany, Deýa, getir, agşamlyga nämäň bar bolsa. Ol gürrüňi stoluň başynda ederis . Kapitan Nuryň şähdaçyklygy ýasama-da bolsa, Deýanyň göwnüni bir neme göterdi. Ol stola öňki günki äriniň getiren aw towşanynyň mazaly duzlanan etinden bişirilen buglama bilen adama kuwwat hem rahatlyk berýän dürli şerbetler getirip goýdy.
***** **** ***** *****
Ýer planetasy özüniň ýylylyk we ýagtylyk çeşmesi bolan Güniň töwereginde hemişekisi ýaly aýlanýardy. Aýlar, günler geçip, pasyllar çalyşýardy. Tebigatyň bu kanununda entek üýtgeşiklik ýokdy. Emma adamlaryň kalbynda entek uzak hem bolsa, geljekdäki harasadyň howsalaly, aladasy bardy. Aýratyn-da, bu alada Beýik Geňeşde, Akademýalarda aý-aýdyň duýulýardy.
Günleriň birinde kapitan Nury Beýik Geňeşiň ýörite we adatdan daşary komissýasyna çagyrdylar. Ony daşarky gapyda Beýik Geňeşiň edarasynyň işgärleriniň biri garşy aldy we yzyna tirkäp çaklaňyrak dört burçlak bir otaga eltdi. Ol ýerde aý şekilinde ýasalan uly stoluň başynda ellä golaý adam oturdy. Olar şu komissiýanyň agzalary bolmaly. Kapitan Nur gireninden komissiýanyň başlygy, belli alym Ap Tap oňa ýüzlendi:
-Hormatly kapitan Nur, sizi gutlamaga rugsat ediň. Beýik Geňeşiň mejlisinde siziň orta atan teklibiňizi degişli Akademiýalar ymykly öwrendiler we ony ýeke-täk dogry wariýant diýmeseler hem ýakyn aralykda bize ýene uzak wagtlap ýylylyk hem ýagtylyk berip biljek ýyldyzlar kän. Şoňa görä ol teklibiňizi amala aşyryp boljak diýen netije geldiler.
Ap Tabyň sözleri edil demire çekiç uran ýalydy. Ol Beýik Geňeşiň şol adatdan daşary mejlisine başlyklyk edeninde-de beýle zarply äheň bilen gürlemändi. Ap Taby ýakyndan tanaýan adamlar onuň adatdaky mylaýym äheňine öwrenişipdiler. Şonuň üçin onuň häzirki gürleýşi duýdansyz sepilende tisgindirýän sowuk suw ýaly bolup Kapitan Nura täsir etdi. Ap Tap nurana ýüzüne gelişip duran ap-ak saçlarynyň üstünden elini bir geçirdi-de, sözüni dowam etdi. Ol ýyldyzlardan iň amatlysy Sentawara ýyldyzlar toparynda ýerleşýär. Ol ýyldyza biz eýýämden gözel Gün diýip at dakdyk. Ol ýyldyz barada astronomiýa merkezimiz size doly maglumat berer. Bilip durun, häzir siziň seriňize näme üçin maňa maglumat bermeli, diýen pikir gelip geçdi. Näme üçin diýseňiz şol ýyldyzyň orbital giňişligini, özüne çekiji güýjüni, onsoňam, onuň orbitasyndaky planetalaryň ýagdaýyny ýerinde barlap görmek üçin göýberilýän ekspedisiýa siz ýolbaşçylyk etmeli!
Ap Tap kapitan Nura garap ,, näme üçin size maglumat berilýändigi indi düşnükli bolan bolsa gerek” diýen manyda ýylgyrdy. Şol pursatda kapitan Nuryň gözlerinde onuň kalbynda möwç urýan duýgulary aňmak kyn däldi. Onuň gözlerinde agyr söweşde ýeňiş gazanan serkerdäniň gözlerindäki ýaly üýtgeşik bir ot şöhlelenýärdi.
-Men siziň bu habary guwanç bilen garşy aljakdygyňyzy bilýärdim- ýdiýip, Ap Tap kapitanyň ýüzünden nazaryny sowman dowam etdi:
-Siziň ekspedisýaňyz üçin hemme taraplaýyn örän kämil täze gämi bejeriler. Ekspedisiýanyň düzümi kyrk, kyrk bäş adam töwereginde bolar. Galan jikme-jikliklerini gämi taýar bolandan soň gepleşeris. Ähli zat siziň bilen ylalaşykly bolar, kapitan.
-Gämi haçan taýýar bolar?
Ap Tap kapitan Nuryň sowalyny geňleýän ýaly ýylgyrdy. Gäminiň ady-ha taýýar. Biz oňa siziň ata-babaňyzyň ýurdundaky beýik derýanyň gadymy ,,Jeýhun” diýen adyny dakjak. Onuň özi-de ýene bir ýyldan taýýar bolar. Şoňa çenli siz özüňizi fiziki hem-de ruhy taýdan taýýarlaberiň. Beýle uly işe ýolbaşçylyk etmek aňsat däl.
Kapitan Nur Beýik Geňeşiň jaýyndan çykanynda özüni bütinleý başgaça duýdy. Nuredendir bedenine üýtgeşik bir gujur-gaýrat indi. Onuň gözüne mawy asman öňküsinden has beýik, jahan has giň bolup göründi. Ol eskalator ýola geçmän, giň ýanýoda bilen pyýadalap gitdi. Ol öýüne ýetýänçä öz geçen ömür ýoluny hyýalynda gaýtadan çöşledi. Ol birinji klasly astranawat bolsa-da, beýle uzak sapara çykyp, beýle uly ekspedisiýa ýolbaşçylyk edip görmändi. Ol şu çaka çenli Gün ulgamyndaky planetalara gatnaýan transport gämilerini sürdi. Öýlenmezinden öň bolsa, ikije gezek Gün ulgamyndan daşa çykyp gördi. Onda-da ol ekspedisiýalar gysga möhletlidi. Indi onuň ýolbaşçylyk etjek ekspedisýasy oýunjak iş däl. Bu uçuşa ol ömrüniň belli bir bölegini bagyşlamaly bolar. Ömür diýilýäni gaty täsin zat. Ony her kim her hili geçirýär. Ol öz ömrüni mazmunly, halk, jemgyýet üçin peýdaly edip geçirmäge çalyşdy. Emma bu maksady hasyl boldumy? Serinde şeýle pikirler bilen öz-özüne hasap berip barýan kapitan Nuryň ýüzünde kinaýaly ýylgyryş peýda boldy. Entek beýle hasabat bermeklige ir dälmi, näme? Ol ýaňy elli ýaşady. Onuňam otuz ýyldan gowragyny kosmanawtika bagyşlady. Üç ýüz ýyllyk ömrüň içinde elli ýaş, otuz ýyllyk zähmet nämemişin? Entek öünde meýdan kän.
***** **** **** **** *****
Kapitan Nuryň ýolbaşçylyk edýän ,,Jeýhun” atly ýyldyzara gämisiniň hem öňünde entek meýdan kändi, menzil uzakdy. Ol özüniň kaýutasynda illýumenatordan ýyldyzlar älemin tomaşa edip, ýerdäki bolan wakalary ýatlap otyrka, birden gämi bütin göwresi bilen titräp başlady. Kapitan Nur böküp ýerinden turdy-da baş pultuň jaýyna tarap ylgady. Kapitan ol ýere giren badyna?
-Näme boldy-how, ýigitler? – diýip, sorady.
-Haýsydyr bir özüne çekiş güýjüň meýdanyna girdik, kapitan. Gämini şol titredýär – diýip, kapitanyň kömekçisi Rut birhili aljyran ýaly edip jogap berdi.
-Ol nämekä? ,, Gara deşik?” dälmi?
-Ýok , kapitan. Bu töwerekde ,,Gara deşikler” ýok.
- Onda näme bolup biler? Tiziräk anyklaň!
-Anyklamaga wagt ýok, çekiş güýji barha köpelýär. Özem çep tarapda.
Kapitan Nur ştruwaldakylara buýruk berdi:
-Gämini saga sowuň! Garşylyk güýjüni 0,75 esse köpeldiň! Şol bada gämi sag tarapa sowuldy. Emma ol titremesini dowam etdirýärdi. Kapitan ,,Indi bu titreme näçe wagt dowam ederkä?” diýip, içini gepledip diwardaky sekundamere seredip garaşdy. Şol wagt ýer bilen aragatnaşyk enjamyndan signallar geldi. Kapitan derrew onuň nurbatyny towlap Ýer bilen aragatnaşygy ýola goýdy.
-Kapitan Nur, näme üçin ugry üýtgetdiň?
Ýerden berlen bu sowala ol ilki näme diýip jogap berjegini bilmän ýaýdandy. Sowal ýene gaýtalandy.
-Jogap beriň, näme üçin ugruňyzy üýtgetdiňiz? Şonda kapitan Nur özüniň ýalňyşanyny duýdy. Ol çekiş güýjüniň täsirinden çykyp gitmek üçin gämini ugrundan sowmak hökman däldigini, goşmaça reaktiw gurallary işledip, garşylyk güýjüni bir ýarym esse artdyranyn-da gäminiň öz gujagyna çekip aljak bolýan bujagaz näbelli hyrydaryň täsirinden çykyp gitse boljakdy.
-Güýçli çekiş güýjüniň meýdanyna düşdük, häzir ugry dogurlaýan – diýip, ol ýere habar berdi. Gäminiň titremesi hem birneme azalypdy. Ol ştruwalçylara buýruk berdi:
-Öňki ugra geçiň!
-Kapitan! – diýip, ýerden igençli äheňde ses geldi. –Siz on alty sekuntlap, kursuňyzdan sowlup saga tarap uçduňyz. Sekunduna üç ýüz müň kilometrden, on alty sekunta näçe million kilometr çete çykanyňyzy hasaplap görüň! Kosmosda her bir sekundyň näçeräk gymmatynyň bardygyny siz bilmeli, ahyryn!
Kapitan Nur günäsini boýun alan ýaly sesini çykarmady.
Gäminiň titremesi galdy.
Ol ýene bellenilen ugur boýunça süýnip gitdi.
***** **** **** **** *****
Gämi titräp ugran wagtynda Deýa synp otagynda çagalar bilen sapak geçýärdi. Ol kosmosda her hili tötänlikleriň bolmagy mümkindigini, ,,Jeýhun” gämisi bolsa şeýle tötänliklere garşylyk görkezip biljek ähli abzallar bilen üpjün edilendigini bilýärdi. Şonuň üçin hem ol gorkmady. Gäminiň titremesi çagalara her dürli täsir etdi. Olaryň käbirleriniň gorkudan gözi tegelendi, käbiri bolsa bir enaýy ýagdaýa duşan kimin geň galmak bilen töweregine ýaltaklady. Gäminiň titremesi galanyndan soň çagalar deňine diýen ýaly Deýa sorag bilen ýüzlendiler:
-Hormatly mugallym, bu näme?... Bu nämboldugy?
-Çagalar, biynjalyk bolmaň! Üýtgeşik bolan zat ýok. Gämimiz bir azyrak titredi. Onuňam sebäbini soň kapitandan sorap bilýäýeris –diýip, Deýa özüniň mylýym äheňi bilen çagalary köşeşdirdi.
-Ýadyňyzda bolsa, biz öňüräk geografiýa sapagynda Ýer titremeleri barada gürrüň edipdik. Biziň Ýer planetamyzda gadym döwürlde ýer titremeleri ýygy-ýygydan bolup, adamlara köp zyýan ýetirýän ekeni. Soňa baka ýeriň ,,garramagy” bilen onuň jümüşindäki prossesler köşeşip, ýer titremeleri galyp gidýär. Häzir Ýermiziň hiç bir nokadynda ýer titremesi bolanok.
-Hormatly mugallym – diýip, yzyrakda oturan garaja oglan ýerinden turdy. – Meniň ýerde gowy görüşýän ýoldaşlarym bar. Olar bilen ulalanymyzda-da, hiç haçan dostlugymyzy bozmazlyk barada şert edişdik. Siziň gyzyňyz Zeýa: «Biziň uçuşymyz on ýyllap dowam eder, şondan soň biz ýere gaýdyp baranymyzda, seniň ol dostlaryň eýýäm ýüz ýaşyndaky garry adamlar bolar» diýýär. Şol dogrumy?
Deýa oglanyň bu sada sowalyna gülmän durup bilmedi. Oňa goşulyp ähli synp gülüşdi. Oglan bu gülkiniň sebäbine düşünmän gözlerini tegeläp durdy.
-Zeýa, umuman dogry aýdypdyr. Umuman diýýänimiň sebäbi, biz ýere gaýdyp baranymyzda ýerde galanlaryň bizden näçe ýaş uly boljagyny häzir aýtmak kyn. Ol biziň uçuşymyzyň näçe wagt dowam etjegine bagly. Emma sen onuň gaýgysyny etme, ezizim. Gaýtam özüňden uly adamlar bilen dost bolmak has gyzykly hem peýdaly bolar.
Onsaňam bizde adamyň ortaça ömri üç ýüz ýyl bolansoň ýüz ýaşly adama garry diýilmeýär. Ýüz ýaş ýüzüş ýaşydyr.
Deýa öz sözleriniň oglana nähili täsir edenini bilmekçi bolup onuň ýüzüne dykgat bilen seretdi. Oglanyň ýüzünden ünji alamaty aýrylanokdy. Ol tebigatyň bu oýnundan närazy görnüşde özüni aşak göýberdi.
-Çagalar – diýip, Deýa sözüni dowam etdirdi. – Eger siz wagt meselesine gyzaklanýan bolsaňyz, biziň şu ekspedisiýamyzda ,,Wagtlaryň deňeşdirme tizligi” diýen kitabyň awtory professor Tal Dal hem bar. Biz onuň bilen duşuşyk geçireris. Ol size bu barada gyzykly gürrüň berer.
-Duşuşaly! – Duşuşaly – diýip, çagalar deňine gygyryşdylar.
-Bolýar, hökman duşuşarys! Men size söz berýän – diýip, Deýa çagalary köşeşdirdi. – Indi sapagymyzy dowam etdireliň, çagalar. Biz sapakdan daşa çykyp gitdik. Hany, kim aýtjak, geçen gezekgi taryh sapagymyzda näme geçipdik?
Çagalaryň ählisi deňine ellerini göterdiler.
-Min, söz saňa – diýip, Deýa ýaňy sorag beren garaja oglana ýüzlendi. Munuň bilen ol oglanyň ünjüsüni ýazyp, göwnüni götermekçi boldy. Min özüne söz berilýänine monça bolup orta çykdy:
-Biz öten saparky taryh sapagynda - ,,Gadymy XX asyr siwilizasiýasy” diýen temany geçipdik, hemem şol asyra degişli iki sany kinofilm görüpdik.
-Gaty gowy. Indi sen geçilen şu tema we gören filimleriň boýunça öz pikiriňi, öz nukdaýnazaryňy beýan et. ,,Taryhy bu öten döwürlere baha bermekdir” diýilenini ýatdan çykarma.
- Gadymy ýigriminji asyr siwilizasiýasy biziň häzirki swilizasiýamyzdan düýpgöter tapawutlanypdyr. – diýip, Min kellesini bir tarapa gyşardyp söze başlady. – Ol döwürde ylym, tehnika öňki döwürlere garanda has ösüpdir. Emma tehniki ösüş biziňki bilen deňeşdirende has sada bolupdyr. Muňa mysal edip transport serişdelerini görkezmek bolar. Hatda şäherlerde ýöreýän transport serişdeleri hem adam sürýän tigirli maşynlardan ybarat bolupdyr. Bu köp sanly awarýalara sebäp bolup, köp heläkçilik getirýär ekeni.
-Ýekeje minut, Min – diýip, Deýa okuwçysynyň sözüni böldi.
-Sen indi şu taýda öz pikiriňi aýt. Näme şol döwürde adamlaryň şäherlerde biziňki ýaly islän ýerine eltýän eskalator ýollar gurmaga gurby çatmanmy ýa-da şoňa akly ýetmänmi?
-Akly ýetipdir. Emma... emma – diýip Min sakynyp ugrady.
Öňki hatarda oturan Zeýa özüni saklap bilmedi.
-Şu soraga men jogap bereýin, rugsat ediň-diýip, elini galdyrdy.
-Zeýa saňa kömekleşäýsinmi, Min?
Mugallymyň bu soragyna oglan hiç-hili jogap bermän dymdy. Ýöne Zeýanyň ýüzüne «Bilýän bolsaň aýdyber» diýen manyda jiňkerilip seretdi. Zeýa mugallymdan rugsat bolmansoň dilini dişläp durdy.
-Hany, onda sen aýdaý – diýip, Deýa gyzyna ýüzlendi.
-Meniň pikirimçe – diýip, Zeýa uly oratorlar ýaly çynlakaý görnüşe girip söze başlady.-Hemme zamanda-da siwilizasiýany adamlaryň döredijilik akly döredýär, emma esasy ugurlary jemgyýetiň aňy kesgitleýär. Gadymy ýigiriminji asyrda bolsa adamlaryň aňynda entek wagşylyk elementleri saklanypdyr. Şonuň üçin olar özleriniň maddy baýlyklarynyň köp bölegini harby harajtlar diýip atlandyrylýan birek-biregi gyrýan gurallary öndürmeklige, weýrançylykly uruşlara harçlanypdyr. Eger şeýle harajatlar bolmanda olaryň gurby çatmajak zat bolmazdy.
-Boldy. Indi galanyny özüm aýdaýyn – diýip, Min Zeýanyň sözüni böldi. Mugallymynyň rugsady bilen Zeýa ýerinde oturanyndan soň Min birhili joşgunly äheň bilen sözüni dowam etdirdi:
-Hawa. Zeýa dogry aýtdy. Eger gadymy ýigriminji asyrda bolup geçen weýançylykly iki sany jahan urşy hem-de asyryň ýetmişinji, segseniji ýyllarynda görlüp-eşidilmedik derejede ýaraglanyşyň haýdadylmagy bolmanynda, adamlar öz maddy baýlyklaryny siwilizasiýany kämilleşdirmäge harç edenlerinde olar bu ugurda gaty uly utuş gazanardylar. -Min bir zadyň pikirini edýän ýaly az salym dymyp durdy-da ýene dowam etdirdi. - Taryhda ýigriminji asyryň segseninji ýyllary aýratyn ýer tutýar. Bu döwürde dünýäniň, ýer planetasynyň ýok bolup gitmegi ýaly aýylganç howp döreýär. Sebäbi dünýäniň ýüzünde ýadro ýaraglarynyň uly arsenaly toplanýar. Ana, şol ýaraglaryň güýji bilen adamlar birek-birege garşy uruş etmekçi bolýarlar...
-Kim kime garşy?- diýip, Deýa okuwçysynyň sözüni kesdi.
-Kapitalizm sosializme garşy.
-Ä-hä! Meselä ine şunda – diýip. Deýa kanagatlanmak bilen Mine garap ýylgyrdy-da, sözi özi dowam etdirdi. – Hawa, çagalar. Ähli belanyň körügi şol iki düzgüniň gapma-garşylygynda bolupdyr. Eger şol döwürde-de ýeriň ýüzi biziň döwrümizdäki ýaly bir hili jemgyýetçilik gurluşyna öwrülip, bir merkezden dolandyrylanda hiç hili gapma-garşylyk hem bolmazdy. Ähli adamlar bolelin ýaşardylar. Çünki, şol döwürde-de adamlaryň öndürýän önümi, döredýän maddy baýlygy hemmeler üçin hem ýeterlikdi. Indi düşnüklimi Min?
-Düşnükli. Ýöne men bir zada düşünemok, hormatly mugallym. Näme üçin şol döwürde iki düzgüne bölünip, öz başyna bir entek döwlet bolup ýaşapdyrlar? Dünýäni bir merkezden dolandyrylýan bir bütewi düzgüne öwürmäge näme päsgel beripdir?
Miniň soragy Deýany çynlakaý alada goýdy. Ol bu kyn soraga nähili jogap berjegi we bu jogabyň sada hem-de düşnükli bolmagy barada pikirlenip, bir salym dymdy. Soňra:
-Sen ýeriňde oturaý Min - diýip, özi ýerinden turdy. – Çagalar Miniň soragy hemmäňizi-de gyzyklandyrýan bolsa gerek. Hawa, adamzadyň asly gelip çykyşy bir, gurluşy bir. Hemme adam hem enesiniň ak süýdüni emip kemala gelýär. Şeýle bolansoň näme üçin bir kiçijik planetanyň ýüzünde agzybirlik bolmandyr. Ol gandöküşikler, ýaraglanyşyklar nämä gerek bolduka? Munuň sebäbini hususy mülk, şahsy eýeçilik, birek-biregiň üstünden häkimlik etmek diýilýän zatlardan gözlemeli. Şol asyrlarda dünýäniň deň ýarsynda milli baýlyklar aýry-aýry adamlaryň elindedi. Dünýäniň ýüzüni birleşdirmek üçin ilki bilen hususy mülki ýok edip, ähli milli baýlyklary halkyň mülküne öwürmelidi.
Deýa okuwçysynyň soragyna has sada, has düşnükli jogap bermek maksadynda gürrüňi şeýle başlap, iki düzgüniň tapawudyny giňişleýin beýan etdi.
*****************
Kapitan Nur ornuny kömekçisine tabşyryp, özüniň dynç alýan otagyna geçdi. Kosmosda gije we gündiz bolmanlygy üçin şertli suratda ýigrimi dört sagatlyk wagt bellenilip, şonuň belli bir böleginde ekipažyň agzalary nobaty bilen dynç alýardylar. Nobat kapitan Nuryňkydy. Şol pursatda ol özünde ýadawlyk duýmasa-da, beýnisindäki dürli oýlaryň agramy bilen diwana gyşardy:
Tebigatyň kanunlary gaty täsin. Adamzat zeminiň ýüzünde, Güniň töwereginde näçe million ýyldan bäri ýaşap gelýärdi. Indi bolsa älemiň başga bir burçundan özüne we ene Ýerine mekan gözlemeli. Hawa, ene Ýere mekan gözlemeli... Bu ideýa kapitan Nura Beýik Geňeşiň mejlisler zalynda has amatly, ony amala aşyrmagyň artykmaç kynçylyklary ýok ýaly bolup durdy. Indi Kosmosyň giňişliginde bolsa onuň öňki pikiri üýtgedi, has dogursy özüniň şol ideýasyny durmuşa geçirip boljakdygyna ynamy gowşady. Emma ol nähii bolsa-da, özüniň orta atan pikirinden dänmeklik mümkin däldigini bilýärdi. Şonuň üçin ol özünde peýda bolan beýle ejizligi ýeňmek üçin ýerinden bökip turdy-da bir burçda duran äpet ekranyň düwmejigini basdy. Otagyň içinde ýakymly aýdym-saz ýaňlanyp, ekranda onuň eý görýän artistleri peýda boldy. Ol sazyň lezzetine iki ýana çaýkanyp, äpet ekranyň garşysyndaky kürsüde otyrdy.
Otaga duýdurman Deýa girdi. Ol aýak ujunda ýöräp gelip, iki eli bilen äriniň gözlerini tutdy. Kapitan Nur onuň ellerinden gaýym penjeledi-de, ýerinden turup, gujagyna basdy. Deýa äri bilen şeýle oýun edýän mahalynda edil ýaş çaga ýaly begenýärdi. Onuň gujagynda bolsa özüni biçak bagtyýar duýardy. Şeýle pursatlarda ol özüniň ene Ýerden, ol ýerde galan milliard-milliard zemindeşlerinden üzgeňeligini hem unudýardy. Söýgi şeýle gudratly zat. Onuň bilen ýaşasaň hemişe jansyz kosmos giňişliginde hem adam özüni bagtly duýýan ekeni. Deýa äriniň gujagyndan çykyp, ekrany öçürdi-de:
-Bilýämiň, bize häzir kim geljek? – diýip, Nuryň göreçlerine gülümsiräp garady.
-Bilemok. Kim?
- Professor Tal Dal.
-O! Gaty gowy. Ony şu ýerde kabul edýäsmi?
-Isleseň şu ýerde. Bolmasa meniň otagynda.
-Ýok şu ýer gowy. Sen kofe taýýarla. Oňa çenli men şu kiçijik stolyň üstünde iýer ýaly ojuk-bujuk goýuşdyraýyn.
Deýa gapydan çykanyndan aňyrdan Talyň sesi eşdildi:
-Men bimahal gelemokmy, ezizim Deýa?
Kapitan Nur ony gapynyň öňünde garyş aldy.
-Geliberiň. Siz bimahal gelýän adamlardan däl. Ýöne Deýa stoly taýarlap ýetişmedi.
-Meniň üçin hiç zat gerek däl, ezizim Nur. Birje çaşka kofe, on gap gep bolsa besdir.
Olar otagyň bir burçundaky ýumşak kürsülerde ýerleşdiler.
-Kofeni häzir getirer, gep diýeniňiz bolsa taýýar. Gep gaplaryň agzyny açsak bolany -diýip, kapitan Nur myhmanynyň degişmesine degişme bilen jogap berdi.
Görüşmänimizden bäri-de üç gije-gündiz bolaýdy öýdýän, kapitan.
-Ýeri, Ýerden näme habar bar?
-Üýtgeşik habar ýok. Barýan ugrumyz barada maslahatlaşyp durus. Ýöne «Jeýhuny» silterlän çekiş güýjüniň täsirinden çykjak bolup eden düýnki hereketimiz üçin biraz käýediler.
-Käýediler diýseňiz-le. Olaryň pikiriçe näme iş etmelikä?
-Biz çekiş güýjüniň täsirinden çykjak bolup, bellenen ugurdan bir neme çete çykaýdyk. Aslyýetinde beýtmän, gäminiň garşylyk güýjüni iki esse köpeldäýmeli ekeni.
-Şeýle diýseňiz-le.
Deýa üç çaşka kofe getirip, erkekleriň öňünde goýdy, golaýdaky kürsüni süýşürip özem oturdy. Soňra myhmana mürähet etdi:
-Professor kofe sowamanka içiň!
-Sag boluň, ezizim. Kofeni içeris – diýip, ol çaşkany eline aldy. Soňra kapitan Nura bir hili ünjüli seredip:- Ezizim Nur, uly kosmosa çykalymyz bäri meni bir pikir gaty biynjalyk edýär – diýdi.
- O näili pikir?
-Biziň etjek bolýan işimiz kofe içmek ýaly aňsatjak dälmika öýdýän.
Kapitan Nur professor Talyň näme diýjek bolýanyna gaty gowy düşündi. Ol uludan demini aldy-da, ýaňyja özüniň ýüreginde bu barada dörän şübheleri kowandygyny ýatlap, kinaýaly ýylgyrdy.
-Ýylgyran bolýaňyz welin, emma bu äpet kosmosyň oýny gaty kän ekeni, her ädimde duş gelýän özüne çekiş güýçleriň arasyndan Ýerimizi alyp geçmek mümkin däl bolsa gerek.
-Professor, siz meniň ruhymy götermekden ötri, meni ruhdan düşürjek bolýaňyzmy?
-Ýok, ýok. Asla beýle däl -diýip, professor Tal howlukmaç jogap berdi. -Ýöne ezizim, hakykata real göz bilen seretmek hem gerek ahyryn.
-Eger siziň gorkýanyňyz diňe özüne çekiş güýçleri bilen metoritler bolýan bolsa, olardan arkaýynja bolaýyň. Sebäbi Ýer ýumruk ýalyjak gämi däl. Oňa her niçik çekiş güýji hem täsir edip bilmez. Ownuk meteoritler ýeriň atmosferasyna gireninden ýanyp kül bolar. Iri meteoritler bolsa ýörüte guralan enjamlaryň güýji bilen ýok ediler. Onsaňam, professor, ýeriň uly kosmosa sapary siziň bilen meniň döwrümde amala aşyryljak iş däl. Geljekde ylym ýene artar.
-Ony bilýän-le.
Bilýän bolsaňyz, biziň häzirki etmeli işimiz Ýeriň baryp ýerleşjek täze mekanynyň koordinatlaryny anyklamakdan ybarat. Biz özümiziň şu taryhy missiýamyzy amala aşyryp bilsek, geljekki nesiler bizden razy bolarlar.
Professor Tal Dalyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Elindäki kofeni yzly-yzyna owurtlap, çaşkany stola goýdy-da, kapitan Nura aýratyn bir mähir bilen seretdi.
-Bä! Siziň üçin hiç hili kynçylyk ýok ýaly, ezizim Nur. Ähli zady ap-aňsat edäýýäňiz. Ýöne, her niçik optimiziň hem real esasy bolmalydyr.
-Onuň real esasy güýç, akyl-paýhas! Hälden bäri äri bilen professor Talyň çekişmesini diňläp oturan Deýa gürrüňe goşuldy:
-Gadymy ýigriminji asyrda ýaşap geçen şahyrlaryň biri ,,Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde” diýipdir. Diýmek, gadyrly professor güýjüň, akyl-paýhasyň öňünde mümkin bolmajak zadyň özi ýok.
Kapitan Nur aýalynyň sözüniň üstüni ýetirdi:
-Hawa, gadyrdan professor, şahyryň ol setirlerini başgaçarak edip aýdanda, dünýäde ejizligiň özünden başga kynçylyk ýok. Adam käbir işlere çemeleşeninde ejizleýär-de, oňa ol iş amala aşyryp bolmajak ýaly bolup görünýär.
-Bu mesele barada besdir, ezizim. Siz ikiläp ýeňdiňiz – diýip, Tal Dal iki elini göterip, ýylgyrdy.
Olar ýene-de bir sagada golaý gündelik işler barada gürrüň edip otyrdylar. Professor Tal gaýtjak bolanynda Deýa ony öz okuwçylary bilen duşuşmaga we wagt barada gürrüň edip bermäge boýun etdi.
Myhman gideninden soň Deýa:
-Ezizim, indi senem bir salym ýatyp dynjyňy alaý – diýip, otagdan çykdy. Kapitan Nur diwardaky bir düwmejigi basdy. Şol bada diwaryň bir bölegi aşaklygyna açylyp, düşek ýazylan krowat emele geldi. Kapitan çykarynyp, özüni ýumşak düşege oklady. Ol hiç zat barada pikir etmän, tiziräk uklamaga çalyşdy. Emma gözüne uky gelenokdy. Ene ýer, onuň al-ýaşyl gülzarlarydyr baglary, şäherleridir, Garagum ýaly sähralary göz öňünden ýekän-ýekän geçýärdi. Onuň ýüregi dogduk megkanyny küýsäp gyýylýardy. «Adam hiç haçan hem özüniň tebigy gurluşyny üýtgedip, öz duýgularyndan daşlaşyp bilmese gerek» – diýip, ol içini gepledýärdi. – «Ine, men, şeýle ägirt uly gäminiň kapitany, şeýle uly taryhy missiýany ýerine ýetirýän ekspedisiýanyň başlygy, kä mahal ine şunuň ýaly ýüregi ýukalyk edip oturberýän. Bu näme, ejizlikmi? Ýok, adam ruhunyň öwüşgünleri bolsa gerek. Adam şeýle bolmaly, batyrlygy we gorkaklygy bilen, şol bir wagtyň özünde ejizliginden güýçliliginiň, gorkaklygyndan batyrlygynyň rüstem gelmegini başarýanlygy bilen hem adam. Hawa, adam şeýle-de bolmaly. Çünki ol robot däl...»
Kapitan Nur birden tisginip oýandy. Ol bir bada özüniň nirede ýatanyny-da aňşarmady. Töweregine seredip, illýumenatoryň aňyrsyndaky ýyldyzlar älemine gözi düşende özüniň ene ýerden juda alysda, çäksiz kosmos giňişligindedigini, häzirjek gören zatlarynyňam huşunda däl-de düýşündedigini aňdy. «Be, asyl düýş dagy diýer ýaly däl. Hemmesi edil huşuňdaky ýaly» diýip içini gepledip otyrka Deýa girdi. Ol äriniň ukudan turanyny duýup, çaý-suwundan habar tutmaga gelipdi.
- Oňat ýatyp turduňmy, ezizim? Nahary şu ýere getirdeýinmi ýa-da umumy aşhana gidýäsmi?
- Getirdeýinmi, diýem-de özüň gidip getiräý, Deýa. Aşpezlerde kapitan wezipesinden peýdalanyp, bize artykmaç ýumuş etdirýär, diýen pikir döremesin. Hawa, şeýdäý. Şu ýerde ikimiz bileje naharlanarys. Deýa ,,bagyşlarsyň” diýen manyda kinaýa gatyşykly mylaýym ýylgyryp, çykyp gitdi. Ol bir salymdan üsti naharly mäjimäni göterip girdi-de, ony stola goýýarka:
- Ine, ýoldaş kapitan, siziň mertebäňize zeper ýetirmejek bolup, nahary aýdyşyňyz ýaly özüm gidip getirdim – diýip, ärine degişdi.
Kapitan Nur naharyň başynda bir hili oýa çümip oturdy. Deýa onuň bolşuna geň galyp:
- Saňa näme bolýa, Nur? – diýip sorady.
- Üýtgeşik bolan zat ýok, Deýa. Ýöne men täsin düýş gördüm.
- O nähili düýş? – diýip, Deýa bilesigeljilik bilen sorady.
- Düýşümiň täsinligi nämede diýsene, onda maňa biri huşumda hiç haçan kelläme gelmejek zady aýtdy. Bu zada professor Tal Dal nähili garar-ka? – diýip, kapitan Nur öňündäki kofeni tiz-tiz owurtlady. Deýanyň bilesigeljiligi has güýçlendi:
- Be, şeýle gyzykly düýş bolýan ýolsa, ony maňa gürrüň bersene.
- Saňa gürrüň bererdim welin, sen gabanjaňlygyň gozgarmykam diýip gorkýan.
Kapitan Nuryň bu degişmesi aýalyna özbolyşly täsir etdi. Onuň ýüzünde bir hili kinaýaly ýylgyryş peýda boldy:
- Düýşüňde men gabanar ýaly işler hem boldumy?
- Boldy – diýip, kapitan Nur gülüp aýtdy.
- Men düýşüňde bolan zady gabanyp durjak däl, gürrüň berseň, arkaýyn diňlejek, ezizim.
Kapitan Nur agzyndaky naharyny çeýnäp, bir salym dymyp oturdy. Dogursuny aýdanda kapitanyň düýşünde gören zatlary içine syganokdy, ol gören düýşüni diňe birine-de däl, bir näçe adamy üýşürip, gürrüň bermäge-de taýyndy.
- Bolýar, ezizim. Men düýşümi hökman gürrüň bererin. Emma ony professor Tal Dalyň hem diňlemegini isleýärin. Sebäbi onda Dal bilen jedel eder ýaly zatlar bar. Şonuň üçin bu gürrüňi, sen garşy bolmasaň, nobatdaky günüň dynç alyş wagtyna goýaýaly. Onsaňam men häzir ornuma barmaly, işem ýeterlik. EHM-leriň maglumatyna görä öňümizde gaty uly kwazarlar bolmaly. Olaryň çekiş güýjüni ýeňip geçmek üçin öňünden çäreler görmek gerek.
Deýa äriniň pikiri bilen ylalaşmaly boldy.
dowamy bar...
Mistika we fantastika