16:45 Dünýäniñ syry -3/ fantastiki powestiñ dowamy | |
* * *
Mistika we fantastika
Kapitan Nur baş pultyň ýerleşýän otagyna gireninde üýtgeşik bir wakanyň şaýady boldy. Gäminiň tizligini görkezýän ullakan elektron spidometr ýanyp-öçip tizligiň aşak gaçýandygyny görkezýärdi. Kapitanyň iki kömekçisi-de baş pultyň käbir enjamlarynyň nurbatlaryny towlaşdyryp, tizligiň beýle aşaklamagynyň sebäbini anyklajak bolup jan edýärdiler. Kapitana gözleri düşenlerinden olaryň ikisi-de deňine ýagdaýy habar berdiler: - Kapitan, tizligimiz sekundyna 250 müň kilometrden 150 müňe düşdi. Sebäbini entek anyklap ýetişmedik. - Aljyramaň, ýigitler. Sebäbini häzir anyklarys. Belki spidometr bozulandyr. Ony çalşyryp görmek gerek – diýip, kapitan Nur kömekçileriniň ruhuny götermäge çalyşdy. - Ýok, spidometr bozuk däl, kapitan. Hakykatdanam ,,Jeýhunyň” tizligi aşak gaçdy – diýip, kapitanyň birinji kömekçisi Rut saryýagyz ýüzünde peýda bolan maýdaja der damjalaryny el ýaglygy bilen süpürdi. Kapitanyň ikinji kömekçisi Pat bolsa sredanyň halatyny bildirýän enjamlaryň berýän maglumatyna yşarat etdi-de: - Serediň, kapitan! Bu ýeriň giňişligi adatdaky ýaly däl. Ol başga hili! ,,Jeýhunyň” tizliginiň peslemegi hem şondan – diýip, öz pikiriniň goldanmagyny isläp, kapitan bilen Ruta garady. - Bä, dogurdanam, bu ýeriň giňişliginde bir bela bar ýaly – diýip, kapitan Nur öňündäki selektriň köp sanly düwmejikleriniň birini basdy: - Kapitan Nur, gepleýär. Kosmologiýa bölümimi? Professor Tal Dala aýdyň, häzir meniň ýanyma – baş pulta gelsin. Aradan bir minuda golaý wagt geçip – geçmänkä professor Tal Dal ýetip geldi. - Professor, giňişlik hakyndaky teoriýalary siz gowy bilýäňiz. Giňişlik nähili bolanda gäminiň tizligine päsgel berip biler? – diýip kapitan Nur Dala ýüzlendi. - Gäminiň tizligi peselen bolsa, ony näme üçin giňişlikden görjek bolýäňiz? Belki , onuň başga sebäbi bardyr – diýip, Tal Dal kapitana sowally nazar bilen garady. Kapitan Nur ony goltuklap ýanyp-öçüp duran abzallaryň öňüne eltdi: - Görýäňizmi, abzallar giňişligiň halatyny başga hili görkezýär. Onsaňam biz tizlige päsgel berip biljek başga sebäpleri geremizok, professor. Tal Dal süýem barmagy bilen burnuny üstüni bir salym gaşap durdy. Ol pikirini jemläp, belli bir karara geljek mahaly şeýle edýärdi. Onuň bu endigini gowy bilýän kapitan Nur dostunyň agzyna gulagyna dikip garaşdy: - Meniň pikirmçe, eger tizligiň peslemegi giňişligiň göwrümine bagly bolsa, onda giňişligiň göwrüminiň gyşarmagynyň hem ähmiýeti uly bolmaly – diýip, Tal kapitan Nuryň ýüzüne seretdi. Onuň garaýşynda «Meniň pikirim bilen ylalaşýaňmy» diýen many bardy. Giňişligiň gyşrmagy! Şu teoriýa müň ýyldan bäri baram bolsa men ony hiç haçan göz öňüne getirip bilemok, Özi giňişlik bolýan bolsa, o nähili gyşarmaly! - Ezizim Nur, akyl-paýhasyň gözi bilen görülýän zatlaryň köpüsini ýöne şeýle göz öňüne getirmek gaty kyndyr. Kapitan Nur, professor Talyň bu pikiri bilen ylalaşyp başyny atdy: - Dogry aýdýaňyz, ýöne giňişligiň gyşarmagy diýilýän zat, teoriýa boýunça-da älemiň gyrak-çetlerinde bolmaly. Şoňa görä, biziň häzirki uçup barýan ýerimizde giňişligiň hiç-hili egrelmesi bolmaly däl. Kapitan Nur sözüni gutaryp-gutarmanka abzallara gözegçilik edip duran, Pat bilen Put, deňine gygyrdylar. - Kapitan, serediň! Tizlik ýokary göterilýar, Ana, ikiýüz müň, iki ýüz elli müň!... Kapitan Nur üstünden agyr ýük aýrylan ýaly ýeňil dem alyp, professor Tala seretdi: - Jadyly gözeliň gujagyndan sypaýdyk öýdýän – diýip, professor ýylgyrdy. - Ýöne, ezizim Nur, siziň giňişligiň egrelmegi älemiň seýrek ýerlerinde bolmaly diýeniňiz bilen men ylalaşman. Öňler giňişlik diýilende hiç zadyň ýok ýeri ýa-da nämedir bir zatlar ýerleşýän boşluk diýip düşünülýärdi. Häzir bolsa beýle däl. Alymlar giňişligiň özi-de nämedir bir zatdan ybaratdygyny, şeýle bolansoň onuň islän ýerinde egrelmeginiň mümkindigini subut etdiler.Size bu zatlary öwredip oturasy iş ýok-la. Bu zatlary siz mendenem gowy bilmeli ahyryn. - Beh, bilişime bilýän-le, professor. Ýöne näme egrelse-de, giňişlik bir egrelmeli däl,ahyryn. Kapitanyň degişmesine professor Tal kinaýaly ýylgyrdy: - Siziň islegiňiz başga, tebigatyň kanuny başga, ezizim Nur. Eger adamzat wagty gelip, ýeri göçürmeli bolaýsa, olam biziň şu barýan ýolumyz bilen gaýtmaly bolar. Görşüňiz ýaly, bu ýol gaty bir şa ýolam däl ekeni. Men siziň bilen bu hakda ýene jedel etmekçi däl ýöne meniň soňky gelen pikirime görä adamzat soňabaka bu niýetinden el çeker öýdýän. - Näme sebäpden? - Onuň sebäbi gaty ýönekeý. Ynha şu gämi kimiň önümi? Adamyň önümi, ony adam bejerdi. Şonuň üçinem adam oňa erk edip bilýär, ony islän ýerine, islän tizliginde sürüp ýör. Emma ýeri adam ýasanok, ezizim, ol tebigatyň önümi, tebigat ony sekunduna 36 kilometr tizlik bilen Günüň töwereginde pyrlandyryp ýör. Hawa, ol diňe şol hereketi bilen oňmaly bor. Adam ony başga hili herekete getirmegi başarmaz. Kapitan Nur ajy ýylgyryp, kellesini ýaýkady: - Professor, size näm bolýar? Öňler siz beýle gürlemeýärdiňiz. Kosmos sizi barha üýtgedýär. Siziň adamzadyň akyl-paýhasyna, onuň egsilmez güýjüne bolan ynamyňyz gowşap barýa-la. Gowsy, siz häzir ýeriňize baryň. Sizi bäri çagyryp, bimaza edenim üçin alyş bagyşlaň.Ýöne bir haýşym bar: meniň nibatdaky dynç alyş wagtymda biziňkä kofe içmäge geliň. Bir gyzykly gürrüň bar. Professor Tal Dal geplemän çykyp gitdi. Kapitan Nur dostunyň näme üçin beýle ümsüm çykyp gideniniň sebäbine bir bada düşünmedi. «Göwnüne degäýdim öýdýän. «Gowsy, siz häzir ýeriňize baryň» diýip, gödegiräk gürläýdim öýdýän» diýip, içini hümletdi. Asylýetinde bolsa, professor Tal Dal öz aýdan zatlarynyň ýerliksizdigine hem-de ejizligiň alamatydygyny duýyp, geplemän çykyp gidipdi. Kapitan Nuryň nobatdaky dynç alyş wagty başlandy. Ol aýaly Deýa bilen professor Talyň gelmegine garaşýardylar.Professor gaty takyk adam bolmagyna garmazdan bu gezek näme üçindir bellenilen wagtdan gijä galýardy. - Tal Dalyň beýle gylygy ýokdy – diýip, Deýa kofeni çaşkalara guýuşdurýarka ärine soragly nazar bilen garady. Kapitan Nur aýalyna baş pultyň jaýynda professor bilen bolan jedeli gürrüň beripdi. Häzir Deýanyň oňa soragly nazar bilen seretmeginde «Ynha, seniň şol eden gödekligiň netijesi» diýen many bardy. Edil şol wagt burçdaky kiçijik stoluň üstünde duran selektre signal geldi. Deýa baryp onuň düwmesjigini basdy. Ondan professor Tal Dalyň tanyş owazy eşdildi: - Ezizim Nur, siz öz ýeriňizdemi? - Hawa, professor, Biz-ä ertirden bäri size garaşýas. Gelibermäniňizden soň men-ä baş pultyň jaýynda eden o gürrüňmize öýkeledimikä diýip otyryn. -Ýok-la. Olar ýaly zada öýkekläp, men nä çagamy? Gije galmagymyň sebäbi has möhümiräk mesele bilen baglanşykly. Biziň bölümimiz Täze Güniň jümüşindäki termoýadro prossesleriniň häsýeti barada size täze analiz taýarlaýar. Men şonuň käbir ýerleri bilen gyzyklanyp gördüm. Bilýäňizmi, netije ýerde edilen spektrial analizlere garanda... - Hormatly professor – diýip, kapitan Nur, ýumşak äheň bilen selektrden gelýän owazy kesdi. - Siz ähli zady maňa radio arkaly gürrüň berseňiz çaý başynda näme hakda gürleşeris? - Dogry aýdýaňyz, ezizim Nur. Men häzir bararyn. Professor Tal Dal aýdyşy ýaly köp garaşdyrmady. Ol gapydan giren badyna ýerinde oturman Täze Gün baradaky soňky alnan maglumatlaryň kä bir ýerderini gürrüň bermäge başlady. Kapitan Nur ony üns berip diňledi. Emma uzaga çeken bu gürrüň Deýany irizdi: - Hormatly professor, siz indi şu dik duran ýeriňizde leksiýaňyzy okap, çykyp gidiberjekmi ýa-da, otyryp biziň bilen bir çaşka kofe içjekmi? Professor mylaýym ýylgyrdy: - Bagyşlaň, ezizim Deýa. Kelläm gyzyşanda men aýtjak zadymy aýdyp gutarmasam bolmaýar. Men häzir sözümi aýaklaýyn. Onsoň oturyp, hezil edip kofe içeris. Hawa, şeýdip ezizim Nur, entek analizler doly taýar bolmasa-da, Täze Günüň töweregi ýaşamak üçin iň amatly ýer, diýip aýtsa boljak . Professor Tal Dal sözüni gutardym edip, kapitan Nuryň garşysyndaky oturgyja geçdi. - Beren maglumatyňyz üçin köp sag boluň, professor – diýip, kapitan oňa kofe guýyp uzatdy. –Emma meniň düşünşime görä, bu ýerde alynan maglumatlaryň ýerde toplanan maglumatlardan prinsipial tapawudy ýok ýaly. Eger Täze Günüň töweregi öňden ýaşamak üçin amatly, diýip hasap edilmedik bolsa, onda biziň ekspedisýamyzyň hem geregi ýokdy. - Dogry, ezizim Nur, ýöne siz bir zady ýatdan çykarmaň. Elmydama-da teoriýa praktikada synap görülýändir. Biziň bu ýerdäki toplan maglumatlarymyz praktika has ýakyn. Täze Günüň orbitasyna ýetip baranymyzda bolsa ol praktiki taýdan çürt-kesik tassyklanar. Professor Tal Dal kofeni bir owurtlap, Deýa ýüzlendi: - Berekella, ezizim Deýa, kofe taýarlamaga has ökdeläpsiňiz. Kapitanyň gujur-gaýratynyň çeşmesi, megerem, siziň kofeňiz bolsa gerek. - Ýok, hormatly professor, kapitanyň gujur-gaýratynyň çeşmesi meniň söýgim – diýip, Deýa ärine ,,dogrumy” diýen manyda garady. Şeýdip, gürrüň ylmy temadan durmuş temasyna geçdi. Şol arada Deýa ärine gören düýşi baradaky beren sözüni ýatlatdy. - Hawa, professor, men şeýle bir düýş gördüm, asyl düýş diýer ýaly dagy däl. Edil huşdaky ýaly, özem durşyna fantastika, fantastika diýýänimiň sebäbi düýşümde men gadymy ýigriminji asyrda ýaşap ýörenmişim – diýip, kapitan näme üçindir ýerinden turdy. – Entek ony men Deýa-da gürrüň beremok. Diňleseňiz häzir gürrüň berjek. - Düýş diýýäňizmi? – diýip Tal Dal geňirgenip sorady. – Ony gürrüň berip, menden ýorgudyny sorajak bolýaňyzmy? - Siz öňünden gülmäň, professor. Men öňürti ony gürrüň bereýin, soň düýşüm gülküli bolýan bolsa, gülüberiň. - Bagyşlaň, ezizim Nur. Biz sizi hökman diňläris. Ýöne siz ony oturyp gürrüň berseňiz gowy bolarmyka diýýän. Ýeriňizde oturaýyň. Kapitan Nur ýerinde oturdy, demini dürseýän adam ýaly bir sellem dymyp, soňra gürrüňe başlady: - Tomsuň petiş gijeleriniň birinde äpet gämide bir okeanda ýüzüp barýarys. Kaýutanyň pesejik petigine tiňkämi dikip ýatmakdan irip paluba çykanymda ummanyň ajaýyp gijesi ýüregimde bir hili ýakymly tolgunma döretdi. Sansyz ýyldyzlar bilen bezelen asman gümmezi düňderilip goýlan äpet käse ýaly görünýär. Mylaýym şemal bedeniňi sypap, jana rahat bagyşlap öwüsýär. Bir mahal gulagyma şemal bilen bir hiňňildi ilýär. Ony anygyrak saýgarmak üçin demimi içime ýuwdyp diňşirgenýän. Göwnüme bolmasa, biri inçe ses bilen aýdyma hiňlenýän ýalydy. Ses gelýän tarapa bakan assa ýöredim, ýakynlaşdygym saýyn onuň owazy anygyrak eşdilip ugrady. Görsem, palubanyň aňyrky çetinde serwi boýly bir gyz gäminiň eňregine söýenip, ýuwaşja aýdyma hiňlenip dur. Onuň arzuwlaryndan doly heňinden hyýallar ganatyna münüp, uzak-uzaklara seýr edip ýörendigini aňmak kyn däldi. Ol meniň aýak sesimi eşdip, birden tisgindi, yzyna gaňrylyp seretdi. Symgylt garaňkyda keşbiniň nähilidigini bir bada saýgaryp bilmesemem, onuň biçak görmegeýdigini ýüregim syzyp, bütin ruhyma gözelligiň jadyly täsiri ýaýrady. ,,Saňa kim gerek?” diýen manyda seredip duran gyza bir zat diýmelidim. Näme diýmeli? Munuň ýaly ýagdaýda gowsy ötünç soraýmakdyr, diýip içimi gepletdim-de: - Bagyşlaň, men size päsgel beräýdim, öýdýän – diýdim. Gyz bir hili şadyýan äheň bilen jogap berdi. - Ýok, maňa päsgel berip biljek adam bolmaz. Onuň owazynda adamy tolgundyryjy göze görünmeýän bir zat bardy. Gürrüňi dowam etdirmelidi. Emma meniň kelläme welin hiç bir ugurly pikir gelenokdy. Şonuň üçin bolsa gerek, şeýle ýagdaýda ýigitleriň gyzlara aýda-aýda lenjini çykaran sözüni diýdim: - Men sizi öňem bir ýerde gören gyzyma meňzedýän. - Siz meni bir ýerde bir gezek däl, müň ýerde müň gezegem görensiňiz – diýip, gyz şähdaçyklyk bilen güldi. Ol özüniň akyl-paýhasyna göwni ýetýän gyzlardan bolmaga çemeli, onda gyzlaryň adatdaky çekinjeňligi, ýygralygy düýbünden duýulmaýardy, söz äheňi, özüni tutyşy gaty ynamlydy. Ol gyz sähelçe gymyldasa gözümden gaýyp bolaýmasa ýagşydyr diýip howatyr edýärdim Çünki ony mümkinçiligi boldugyça saklap, söhbetleşesim gelýärdi. Sebäbi şeýle görmegeý gyz bilen näme hakynda gürleşseňem adama ruhy lezzet bagyş etjekdi. Ol gitmekçi bolup, duran ýerinden gozgandy. Men: - Bir salym dursaňyz-la, nähili tämiz howa – diýip, haýyş äheňinde aýtdym. - Dogurdanam, gowy howa – diýip, ol gyz gülümsiredi. Ýöne şeýle gowy zady iki adam bolup paýlaşyp durandan onuň hözürini ýeke özüňiz göräýiň. Men-ä gidip ýatjak, dynjymy aljak. - Aý, bire bolan müňe-de bolar, diýipdirler – diýip, menem gürrüňi degişmä sowdum. – Şu mahaldan ýatyp näme, barybir, adamyň ömrüniň ýarsy ukuda geçýärmiş. - Käbir adamlaryň ömrüniň baryda ukuda geçýär – diýip, gyz ýüzüni kese sowdy. Men onuň näme diýjek bolýanyna gowy düşündim: - Dogry, şeýle adamlaram bar. Olaryň ömrüne haýpyň gelýär. Ol meniň bu sözüme ünsem bermedik ýaly etdi-de, deňze tarap öwrüldi, gözlerini asmandaky ýyldyzlara dikdi. Soňra: - Siziň öz ömrüňize haýpyňyz gelenokmy? – diýdi. -Näme üçin haýpym gelmelimiş? – diýip, geňirgenip soradym. Ol maňa tarap öwrüldi-de, meni synlaýan ýaly bir salym dymdy, soňra: - Siz özüňüziň kimdigiňizi, bu dünýä nireden gelip, nirä gidýäniňizi hemem şu gelip-gitme diýilýän zadyň ortasyndaky ömür diýip atlandyrylýan bir tutam wagtyň syryny bilýäňizmi? – diýdi. Men: - Bu diýýäniňiz-ä Omar Haýamdan galan köne pelsepe bolmaly – diýdim. Ol: - O näme üçin köne pelsepe bolsun. Bu biziň zamanamyzyňam iň täze pelsepesidir - diýdi. - Köne bolsa-da, täze bolsa-da, bu pelsepäni çözmek siziň bilen maňa galmandyr. Şonuň üçin gowsy başga zatlar hakynda... Ol birden meniň sözümi böldi: - Bilýäňizmi näme? Men ony çözendirin - Çözendirin? - Hawa, özümçe çözendirin. Dogrumy aýtsam, entek men onuň näme diýjek bolýanyna düşünibem ýetişmändim. Emma ol meni jadylap, öz täsirine salypdy. Göwnüme bolmasa bu gyz görlüp-eşdilmedik bir syry özünde gizleýän ýalydy. - Ýaňy siz meni bir ýerde, bir gezek görüpdim, diýip aýtdyňyz. Menem, bir ýerde däl, müň ýerde, müň gezegem görensiňiz diýdim – diýip, ol sözüni dowam etdi. – Siz meniň bu gepimi degişmedir öýtdüňiz. Men bolsa ony çynym bilen aýtdym. Hawa, siz maňa oňatja serediň-de pikirleniň. Heý, meniň size ozaldan nätanyş ýerim barmy. Meniň bütin keşbim, hereketlerim, sözleýşim hemmesi size ozaldan tanyş dälmi näme? - Öz-ä şeýleräk. - Şeýleräk däl, şeýle! Sebäbi ozal ikimiz telim gezek duşuşan bolmaly. Belki, bir wagt men siziň ýakyn tanşyňyzam bolan bolmagymam mümkin. - Diýýäniňiz näme! Men-ä siziň bilen ozaldan tanyşdygymy hiç ýadyma düşürip bilemok. - Siz ony ýadyňyza düşürip bilmersiňiz. - Näme üçin? Eger bir wagt bolan zat bolsa meniň ýadyma düşerdi, ahyryn. Hemme gep ine şu wagtda-da! - Onda özüňiz aýdaýyň. Haçan biz duşuşdyk, tanyş bolupdyk? - Haçandygyny menem bilemok. Belki müň ýyl, belki million ýyllar ozaldyr. - Tüweleme, adam oýnamaga ökde ekeniňiz! - Men sizi oýnap dagy edemok, gara çynym bilen aýdýan. - Munuň nämesi gara çynmyş-aýt! – diýip, men oňa öýkeli seretdim. Ol bolsa aýdara söz tapmany üçinmi-ýa-da başga sebäpdenmi esli salyp dymyp durdy. Gözýetimden göterilip ugran tegelek Aý ummanyň ýüzüni mermer ýaly ýaldyradýardy. Hälden bäri lowurdap, biri-birine göz gypyşýan ýyldyzlar kem-kemden Aýyň şöhlesine gark bolup, öçügsi görünýärdi. Ýaňky gyz birden dillendi: - Eger diňleseňiz, men size ýaňky aýdanymyň oýun däl-de, çyndygyny düşündirjek bolaýyn. Oňa ynansaňyzam ygtyýaryňyz, ynanmasaňyzam diýdi. Men: - Diňleýän, gürläberiň! – diýdim. - Ýöne muny bir bada düşündirmek aňsat hem däl. Meniň bilişimçe siz baryp ýatan materialist bolmaly. Şoňa görä meniň beýan etjek bolýan pikirimi düşünmek üçin ikimiz bilelikde ewalusiýa diýilýän zady bir ýada salyp göreliň. Hany, aýdyň ewalusiýa diýip nämä aýdylýar? -Ewalusiýa? - Hawa, ewalusiýa. - Men özümi darwinimizden ekzamen berýän talyba meňzedip, gülesim geldi. Emma oňa agraslyk bilen jogap berdim: - Darwiniň taglymatyna görä janly tebigatyň tebigy seçip almak ýoly bilen rowaçlanmagyna ewalusiýa diýilýär. - Umuman dogry. Indi aýdyň, adamzat hem şu janly tebigatyň bir bölegi hökmünde özüniň ilki peýda bolan döwründen başlap, tä häzirki derejesine çenli nähili ýol bilen rowaçlandyka? - Sowalyňyz nähili? Elbetde, adamzat hem ewalýusiýa kanuny boýunça, ýagny ilki dörän döwründen başlap, durmuşyň, zähmetiň täsiri bilen nesilden nesle dynygsyz özgerip, rowaçlanyp gelipdir we häzirki hemme taraplaýyn ösen derejesine ýetipdir. - Besdir – diýip, ol meniň sözümi böldi-de, özi dowam etdi: - Siziň diýýän bu ýönekeý hakykatyňyz hemmä mälim. Ýöne mundan başga ýönekeý bir zat bar. Oňa hiç kim ünsem berenok. - O nähili zat? - Şu dynygsyz özgerip, rowaçlanyp gelýän zat bir bütin materiýanyň özi dälmikä? - Bu näme diýdigiňiz? -Beýle diýdigim ewalýusiýa ýagny dynygsyz rowaçlanmak prossesi biziň häzirki düşünşümiz ýaly nesilleriň rowaçlanyş prossesi bolman ozaldan tebigatda bar bolan bir bütin materýanyň hut özüniň rowaçlanyş prossesi bolýan bolaýsa nätjeksiňiz Onuň pikiri meniň üçin henizem gaty bir aýdyň däldi. Geplemän dymyp duranymdan ol meniň ýagdaýymy aňan bolmaga çemeli: - Düşünmediňiz öýdýän – diýip, sorady. - Dogrumy aýtsam düşünmedim. Siz tebigatda ozaldan bar bolan bir bütin meteriýa, diýip nämäni göz öňünde tutýaňyz? - Adamzadyň tohumyny – diýip, ol çürt- kesik jogap berdi.- Ol tohum otda ýanmaýar, suwda eremeýär, göze görünmeýär. Emma ol dumuş diýip atlandyrylýan tebigatyň baky hereketiniň girdabynda ebedi hereket edýär. Muny has sadarak edip aýdanymyzda ol janly organizimiň üsti bilen dünýä inýär. Ýagny aktiw formanyň üsti bilen passiwlikden aktiwlige geçýär. Şeýdibem aktiwlikden passiwliga, passiwlikden aktiwliga dynygsyz özgerip durýar. Ýaňy meniň ,,Belki ikimiz mundan müň ýyl ýa-da million ýyl ozal tanyş bolan bolmagymyz mümkin” diýenimiň manysy hem şundan gelip çykýar. Hawa, siziň bilen meniň tohumym belli bir döwürde, belli bir ýerde bile gaýtalanýan bolmagy ähtimaldan daşda däl. - Diýmek, ölýäs-direlýäs, direlýäs-ölýäs ekini-de?! – diýip men kinaýaly äheň bilen soradym. - Ýok beýle diýmek bolmaz. - Ýeri, onda diýýäniňiz näme? - Ýaşaýşyň passiw formasyndan aktiw formasyna geçilmegine ölen adamyň bir näçe wagtdan soň gözüni açyp dikelip oturbermegi ýaly bolmajak zat bilen deňeşdirip bolmaz. Adam dirilikden ölüm ýagdaýyna geçende onuň jisiminiň materýasy tebigatdaky başga materialara garylyp gidýär. Emma garylyp, çym-pytrak bolup gidýän materýanyň içindäki adamyň ähli materýasynyň gözbaşy bolan baş materiýa, aýdaly, tohumy belli bir şertlerde, belli bir döwürde passiwlikden aktiwlige geçýär. Muňa-da biz adamdan adam döredi, diýip düşünýäs. - Onda siziňçe adam adamdan döremeýän ekeni-dä? - Elbetde. -Onda men, siziň pikiriňizçe, atamyň ogly däl-de? - Edil meniň ejemiň gyzy bolmaýşym ýaly. Emma bu zat ,,ata-ene” , ,,ogul-gyz” diýen düşünjelere päsgel berip bilmez.Çünki adam ata-enesiniň jisiminden döremese-de, olaryň jisiminiň üsti bilen dünýä inýär. Muny ençe ýyllap amatsyz şertlerde saklanan bir tohumyň yzgar ýere düşeninde gögerip ötägitmegine meňzetse bolýar. Tohumy gögerden ýer-ene bolsa ata şol tohumy tapyp ýere sanjan daýhandyr. Bir bada onuň bu pikiri şu çaka çenli hiç kimiň kellesine gelmedik bir hakykat ýaly bolup duýuldy-da, ýüregimde allaniçiksi tolgunma döretdi. Men gözlerimi petredip, oňa seredip durşuma näme diýjegimi bilmeýärdim. Emma bir salymdan tolgunmam köşeşip, beýnim bir neme parasatly işlemäge başlanyndan soňra oňa gülküm tutdy. - Näme gülýärsiňiz? – diýip ol azgyryldy. - Bagyşlaň, siz materialistmi ýa-da ideýalistmi? - Men ideýalist, ýöne edilýän gürrüň materiýanyň gürrüňi dälmi näme? - Nämäň gürrüňi bolsa-da, beýnisi sagdyn işleýän adam siziň bu pikiriňize goşulmaz. - Şeýle adamlar känmikä? - Olar biziň şu gämimizde-de gaty köp - Meniň pikirimçe goşuljaklaram az däldir. - Dogrydyr, onuň ýalylaram tapylman durmaz. - Diýmek, meniň ýeke däldigimi ykrar edýäňiz. Şeýle dälmi? Eger men şu gämini çökdürip göýberäýsem, pikirimiň dogurdygyny subut ederdim. - Bä! Siziň beýle pikiriňizem barmy? - Şeýle pikirim ýogam däl. Eger häzir şu gämidäki adamlaryň bary çökip gideninde-de munuň bilen olaryň tohumy ýitip gitmez. Ýaňky aýdyşym ýaly, olar belli bir döwürden soň ele dünýä gaýtadan inerler. Şonda olar siziň däl-de, meniň pikirme goşulmaly bolarlar. - Asyl şeýle diýseňiz-le! Ýaňy meniň siz idealistmi ýa-da materialist, diýen soragyma, men idealist, diýip jogap berdiňiz. Görüp otursam, siz idealist hem däl, materialist hem däl, başga taýpadan ekeniňiz! Hawa, başga taýpadan! – diýip, hemleli gepledim. Şol wagt birden gök gümürdäp, güýçli ýyldyrym çakyp, jahan gündüziň güni ýaly ýagtylyp gitdi. Şonda häliden bäri gijäniň alsarmyklygynda maňa görmegeý gyz bolup görnen ýoldaşymyň ýüzüne dykkatly seretsem, ol-a gözleri içine çöken, burny guşuň çüňki ýaly egrelen bir jadygöý kempir ekeni. Men: - Ähe! Ine, indi seniň hakyky keşbiň hem belli boldy! – diýip, gygyryp goýberdim. Gatyrak gygyran bolmaga çemelim, öz sesime tisginip oýandym. Kapitan Nur sözüni soňlap, beren gürrüňüniň aýaly bilen professorda nähili täsir galdyranyny bilmek üçin olara göz aýlady. - Düýş bar bo-la! diýip, Deýa äriniň çaşkasyna gyzgyn kofe guýdy – düýş dagy diýer ýaly däl, edil kinoň bir epizody ýaly. Professor başyny ýaýkap gülümsiredi-de: - Dogurdanam kinoň epizody ýaly eken - diýip, Deýanyň sözüni tasyyklady. – Ýöne, ezizim Nur, düýşüňüziň biziň zamanamyza degişli ýorgudy bolmasa gerek. Ol düýşüňiz siziň ýaşap gaýdan asyryňyza degişli. Hawa, şol döwürde ilki göräýmäge şeýle özüne çekiji, perdesini syryp seretseň gaty elhenç ideýalar , adamzady heläkçilige duçar etmäge çalyşan güýçler az bolmandyr. Men gadymy kinolentalaryň käbirlerine seredenimde ýakamy tutyp, elheder alýan. Adamlar toparlara bölünip, adam öldürýän, gurluşyklary ýykyp-ýumurýan gurralar bilen biri-birini gyrýarlar.Onsoň oturyp pikir edýän, heý, bu zatlar akyl-paýhas diýilýän beýik zadyň eýesi bolan jandara gelişjek işmi! Hatda ýyrtyjy haýwanlaram beýle guramaçylykly toparlara bölünip, biri-birini gyrgyna sylmandyrlar.Hawa, ezizim, adamlaryň beýnisinde agrassiw meýilleri ýok etmek üçin näçe asyrlaryň dowamynda ylym dünýäsi zähmet çekipdir. - Hormatly professor, siz biziň zamanamyzyň adamlarynda agressiw meýilleriň ýoklugyny diňe ylymyň hyzmaty diýip hasap edýäňizmi? Deýanyň duýdansyz beren bu sowalyna professor Tal Dal birneme geňirgenenem bolsa, oňa bada-bat jogap berdi: -Elbetde, ezizim, mundan näçe asyrlar öň alymlar adamzadyň tohumyny ýaramaz häsiýete eýe bolan genlerden arassalapdylar. Şonuň netijesin-de... - Bagyşlaň, professor – diýip, kapitan Nur dostunyň sözüni böldi. – Meniň azda-kände biologiýadan-da, medisinadan-da düşünjäm bar. Eger başga bir faktor bolmanynda siziň arassalanan tohum diýeniňize adamlardaky agressiw meýilleri doly ýok etmek başartmazdy.- - O nähili faktor? - Ol planetamyzyň adamlarynyň bir ideýa gulluk edip, bir jemgyýete birikmekligi! Eger biziň zamanamyzda-da dürli sosial düzgünler, dürli ideýalar bar bolan bolsady, onda häzirem birek-biregiň garşysyna agressiw hereketler bolman durmazdy. Siz ýaňy ýyrtyjy haýwanlaram biri-birine beýle guramaçylykly gyrgyn salmandyrlar diýip aýtdyňyz. Munuň sebäbi hýwanlarda ideýa diýen zat ýok. Guramaçylykly uruşlar bolsa her kim öz ideýasyny gögertmek ýa-da gorajak bolmagynyň netijesinde ýüze çykypdyr. Gepiň tümmek ýerini aýdanda, şol döwrüň adamlary öz wagtynda ýeke-täk bir ideýa gulluk edip, bir bütewi jemgyýete birigip bilmändirler. Ähli belanyň körügi ana şonda bolupdyr. Siz aýtmyşlaýyn olaryň genleriniň arassalanmanlygynda däl hormatly professor. Professor Talyň kapitanyň pikiri bilen ylalaşmajagy ýüz-gözünden görnüp durdy. Onyň jogaby taýyndy, özüne söz gezeginiň ýetmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Emma kapitan söhbetdeşine maý bermän orta başga sowal atdy. Bu barada meniň pikirim şeýle. Ýöne häzir meniň kelläme başga bir pikir geldi: Eger güniň ömrüniň kemelýändigi baradaky problema biziň döwrümizde däl-de, dürli sosial düzgünler höküm sürýän şol döwürde ýüze bolsa näderdiler? ProfessorTal kapitana beletdi. Ol jedelleşmegi gowy görýärdi. Emma öz pikirine garşy gidilmegini kän bir halamaýardy. Şonyň üçin jedel dowam ediberjek bolsa, ussatlyk bilen bäsdeşiniň pikirini başga tarapa sowup goýberýärdi. Onuň häzirem köne usulyndan peýdalanjak bolýanyny aňan professor Tal kellesini ýaýkap kinaýaly gülümsiredi-de, sowala sowal bilen jogap berdi: - Ýeri siziňçe näderdiler? - Meniňçemi? – diýip, kapitan birsalym dymyp, jogap berdi.-Menimçe bir problemanyň şol döwürde ýüze çykmanyna şükür edibermeli. Sebäbi bu problema şol döwürde ýüze çykan bolsa, häzir bu jahanda sizem, menem, umuman adamzadyň tohumy hem bolmazdy. Häliden bäri professor bilen äriniň jedelini ümsüm diňlap oturan Deýany bu gürrüňler irizen bolmaga çemeli, ol birden gürrüňe goşuldy. - Hormatly professor, ezizim Nur, şu köne syýasat baradaky gürrüňleri bes edäýiň. Gowusy, ylym, siwilizasiýa barada gürrüň etseňiz-le. Aýratynam, hormatly professor men siziň bu syrly älem hakyndaky pikirleriňizi bilesim gelýär. Professor Talyň ýüzünde mylaýym ýylgyryş peýda boldy: - Ezizim Deýa, men size öňki sapar gelenimde okuwçylaryňyz bilen duşuşyp, wagt hakynda söhbet geçirmäge söz beripdim. Siziň syrly älem diýýäniňiz hakynda-da ana şol duşuşykda gürrüň edäýeris. Häzir beýle zatlar hakynda gürrüň etmek bilen kapitany geň galdyrasymyz ýok. Şonuň üçin, gowusy, bize ýene bir çaşkadan gyzgyn kofe beriň. Deýa gyzgyn kofe taýýarlap gelýänçä kapitan bilen professor gürrüňini dowam etdirýärdiler. Olaryň soňky gürrüňi ekspedisiýanyň yklaby, Täze Günüň orbitasyna haçan ýetip baryljagy, ene Ýere haçan dolanyp gaýdyp boljakdygy barada gitdi. ***** **** **** **** ***** Çagalar mugallymyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Ol näme üçindir sapaga gelmeli wagtyndan gijä galýardy. Munuň sebäbini bilmekçi bolup okuwçylar dumly-duşdan Zeýa sowal berýärdiler. Zeýa bolsa: - Ejem ýaňyja öýdedi, men sapaga gaýdanymda, menem häzir bararyn diýipdi – diýip, jogap berýärdi. Gapydan kellesini çykaryp, dälize seredip duran oglan, birden synpa öwrüldi-de: - Gelýär! Ýanynda-da ol ak saçly professor bar – diýdi. Zeýa bolsa çapak çalyp: - Ol professor Tal Dal bolmaly, urra...! diýip, gygryp goýberdi. Okuwçylar hem oňa goşulyp, ,,urranyň” soňuny alyp göterdiler. Şol wagt synpa Deýa bilen professor Tal Dal girdi. Olar girenden synpyň içi suw sepilen ýaly boldy. Professor okuwçylar bilen mylaýym salamlaşyp, Deýanyň görkezen ýerinde okuwçylara ýüzbe-ýüz bolup oturdy. Deýe hem onyň gapdalyndan ýer aldy-da, çagalara ýüzlendi: - Okuwçylar, ine men size beren sözümde tapyldym, professor Tal Daly getirdim. Ol bize bu syrly älemiň gurlyşy wagt, ginişlik ýaly düşünjeler barada gyzykly gürüň berer. Professor Tal Dal bilen duşyşyk okuwçylaryň kalbynda bir hili tolgunma emele getirdi. Olar bar ünsüni jemläp, gözlerini professora dikip otyrdular. Professor okuwçylara birlaý göz aýlap goýdy-da: - Ezizim Deýa, siz okuwçylaryňyzyň öňünde boýnuma gaty çylşyrymly wezipäni goýjak bolýarsyňyz-diýdi. Soňra mylaýym gülümsiräp, okuwçylara ýüzlendi: - Ezizlerim, meniň beýle diýmegimiň sebäbi, men ömrümiň deň ýarysyny bu syrly älem hakynda pikir ýöredip geçirenem bolsa, ol hakda oýlanymda häzirem edil siziň ýaly tolgunýaryn. Älemiň, umuman tebigatyň gurluşy gaty çylşyrymly. Hawa, bu çäksiz älem nireden peýda boldy, onuň ozaly nähili bolupdyr, soňy nähili boljak, muny hiç kim, hiç haçan anyk aýdyp bilmese gerek. Professor sözüni entek soňlamanka kapitanyň gyzy Zeýa: - Hormatly professor, onda ol hakdaky gipotezalar näme, olaryň bary ýalanmy siziňçe? -diýip, özelenip sorady. - Gipotezalar! Gipotezalar gaty kän. Ýöne gipotezalar subut edilen hakykat däl, ezizim Zeýa – professor ardyndy.- Olaryň birinde älem hiç ýerden peýda bolmandyr. Ol hemişe bar, hemişe-de bolar diýilýär. Ýene birinde bolsa şeýle diýilýär: ,,Älem örän kiçijek öte syk maddanyň partlamagy ,,Beýik partlaýyş” diýip atlandyrylan partlaýyşyň netijesinde emele gelipdir, ol şol partlaýyşyň güýji bilen henizem giňelip barýar. Onuň giňelmegi belli bir serhede ýetensoň älemiň içindäki sansyz ýyldyzlar, planetalar gepiň gysgasy ähli gallaktikalar ýene-de öňki bolşy ýaly şol kiçijik zerrede jemlenýär. Onsoň ol ýene partlaýar, ýene älem emele gelýär we bu prosses dyngysyz gaýtalanyp durýar. Muny açylyp-ýumulýan älem diýip,, atlandyrýarlar. Biz bolsa älemiň bir açylyp barýan döwründe ýaşap durus, diýilýär. Gadymy ýigriminji asyrda orta atylan bu gipotezanyň häzirki tarapdarlary gaty kän. Olar muny hakykata has ýakyn gipoteza diýjek bolýarlar. Zeýanyň ýanynda oturan oglan elini galdyryp, ýerinden turdy. - Hormatly Professor, bir sowal bermek mümkinmi? - Elbetde, mümkin, ezizim – diýip, professor kiçigöwünlik bilen ýylgyrdy: Hormatly Professor, siz aýtmyşlaýyn, biz älemiň bir açylyp barýan döwründe ýaşaýan bolsak, ol ýene haçan ýumulyp başlarka? - Men aýtmyşlaýyn däl, ezizim.Şol gipotezada aýdylyşyna görä, haçan öz serhedine ýeteninde ol ýene ýumylyp başlar. Oglan ýene pofessora, ýüzlendi; - Hormatly professor, eger şol gipoteza çyn bolsa,onda kapitan Nuruň ideýasy nähili bolar? Adamzat Ýeri biziň Jeýhunymyz; idäp barýan täze Güniň orbitasyna getirip ýetişermikä? Professor Tal Dal kellesini ýaýkap gülümsiredi: - Ezizim, älemiň bir açylyp ýumulşy biziň göz öňmize getirişimiz ýaly, adam öýkeniniň açylyp-ýumylyp durşy ýaly çalt bolýan zat däl. Ol gör näçe milliard ýyllaryň dowamynda açylyp, şonça-da wagtyň dowamynda ýumylýar. Ol prosses adamzadyň ömri bilen deňeşdirilende çäksizlige deň ýaly wagt. Şonuň üçin biz we bizden soňkular hiç ýaýdanman kapitan Nuruň ideýasyny amala aşyrybermeli. Professor ,,Eger şol ideýany amala aşyrmak adamzada başardaýsa” diýip sözüniň üstüni ýetirmekçi boldy. Emma bu ideýa uly ynam bilen garaýan çagalaryň göwnünde müňkürlik döretmezlik üçin dilini dişläp saklandy. - Indi, ezizlerim, wagt hem giňişlik hakynda gürrüň etsek bolmazmyka? Bu zatlar hakyndaky siziň düşünjäňiziň nähilidigini bilesim gelýär? – diýip, professor sözüni dowam etdirdi. -Hany, kim aýtjak, wagt hem giňişlik diýilýäni näme? Olaryň maddy esasy barmy? Çagalar ilki dymyşyp bir-birine seredişdiler, soňra ýene iküç ýerden el galdyryp, ,,Men aýdaýyn”, ,,Men aýdaýyn” diýişdiler. Yzyrakda oturan garaja oglan has yhlasly görünýärdi. Mugallym professoryň ünsüni oňa çekdi: - Hormatly professor, Min aýdaýsyn, ol biziň içimizde iň dilewarymyz. Professor mugallymanyň teklibine razy boldy. Min orta çykdy. Ol mugallymasynyň ,,dilewar” diýip öwenine monça bolupdy. Şonuň üçinem bolsa ýaýdanman söze başlady. - Hormatly professor ,,wagt hem giňişlik hakyndaky teoriýalary indi biziň synpymyzda bilmeýän okuwçy ýok. Biz bu zatlar hakyndaky Issak Nýutonyň, hem, Albert Eýnşteýiniň hem, olardan soňky alymlaryň hem teoriýalaryny bilýäs. Olary biz özbaşdak okap öwrendik. Emma şoňa garamazdan wagt bize hemme ýerde öz planetamyzda-da, ine şu gämimiziň içinde-de Nýuton aýtmyşlaýyn geçmişden geljege tarap birtekiz akyp duran ýaly bolup duýulýar. Emma aslyýetinde bolsa ol beýle däl. Albert Eýnşteýiniň otnositellik teoriýasynda aýdylyşy ýaly, wagt hemme ýerde bir hili bolman otnositel häsiýete eýedir. Meselem, ol ýerde biziň şu ýyldyzara gämimizdäkä garanda has çalt geçýär. Şonuň üçinem biz ýere dolanyp baranymyzda biziň deň-duşlarymyz eýýäm garry adamlar bolar. -Berekella, ezizim – diýip, professor oglanyň dilewarlygyndan kanagatlanandygyny bildirdi. – Ýeri, onsoň bize hiç özgermez bolup duýulýan wagt näme üçin hemme ýerde bir hili däl? Näme üçin ol otnositel häsiýete eýe? Min birsalym ýaýdanýan ýaly dymdy, soňra professora gülümsiräp garady-da: - Men bu baradaky teoretiki düşündirişleri gowy edip aýdyp biljek däl. Sebäbi olara meniň özüm gowy düşünmezdim. Onsoň näme üçin wagtyň beýle täsin häsiýete eýedigini özüm oýlanyp tapjak boldum - diýdi. - Ýeri, ýeri, onsoň tapdyňmy? – diýip, professor gyzyklanyp sorady. - Ony tapaýmak aňsat däl ekeni. Gaty kän pikirlenenimden soň kelläme bir ideýa geldi. Rugsat etseňiz şony aýdaýyn. Miniň bu gepi mugallymy üçinem, synpdaşlary üçinem garaşylmadyk täzelikdi. Şonuň üçin bütin synpyň gözi şondady. Professor Tal Dal bu garaja oglana aýratyn bir mähir bilen garap: - Aýt, ezizim, aýt! – diýdi. - Meniň pikirimçe- diýip, Min pikirini jemleýän ýaly ardynjyrady, soňra batyrgaý dowam etdirdi. – Biz wagty we giňişligi aýry-aýry zat diýip düşünýäris. Emma meniň pikrimçe wagt bilen giňişlik – ikisi bir zat, ýagny wagt giňişligiň hereketi. Başgaça edip aýdanymyzda giňişligiň hereketi bize wagt bolup duýulýar. Näme üçin men beýle pikire geldim? Tebigatyň kanunyna görä älemdäki ähli zat hereketde bolýan bolsa giňişlik hem biziň gözümize görünmeýän özüne mahsus bolan birhili hereketde bolmaly. Wagtyň ýyldyzara gämilerde ýerdäkisine garanda örän ýuwaş geçýänliginiň sebäbi hem ine şunda. Biziň ýerimiz Günüň töwereginde sekundyna 36 kilometr tizlik bilen aýlanýar. Ýyldyzara faton gämisiniň tizligi bolsa sekundyna üç ýüz müň kilometre barabar. Şeýlelikde gämi kosmosda ýagny hereketdäki giňişlikde Ýer planetasyna garanda on müň esse çalt hereket edýär. Şonuň üçin giňişligiň herket tizligi, ýagny wagtyň akymy onuň üstünde ýere garanda şonça-da ýüwaş geçýär. Muny bir bada mysal bilen aýdyňlaşdyrmaga rugsat ediň. Giňişligi hamala çalt akýan bir derýa, diýip hasap edeli. Biz onuň kenaryndaky bir nokatdan özümizi oklaýas-da, akyma garşy ýüzüp başlaýarys.Biz näçe uly tizlik bilen ýüzsek, şonça-da şol nokatdan ýuwaş daşlaşýarys. Görüp durşuňyz ýaly, wagtyň biziň üçin ýuwaş ýa-da çalt geçmegi biziň dyngysyz akyp duran ginişligiň içinde ediýän tizligimize bagly. Min sözüni tamamlap öz pikirini adamlarda nähili täsir galdyranyny bilmekçi bolyp, töweregine göz aýlady. Göwnine bolmasa mugallymyda, synpdaşlary-da oňa höwes bilen garap otyran ýalydy. Miniň öz pikirini aýdyň, düşnükli beýan edişi we onuň öz gyzyklanýan zady hakynda ýöntemirägem bolsa batyrgaý pikir ýöredişi professor Tal Dalyň hem göwnünden turman durmady. Şonuň üçin ol Miniň pikirine garşy çykyp, onuň göwnüni ýykmagy islemedi. Gaýtam oňa goltgy berip, arkasyna kakdy-da: - Berekella-diýdi. –Seniň bu gipotezaňyň hakykata laýyk gelýänini ýa-da gelmeýänini men häzir aýdyp biljek däl. Ýöne men bir zada – seniň pikir ýöredişiňi, fantaziýaňyň ýaşyňa garanda has belentdigine göz ýetirdim. Biz özümizi gurşap alan älem, tebigat barada şeýle çuň pikir ýöretmekligi ýaşlykdan öwrenmelidiris. Çünki, tebigatda entek açylmadyk syrlar gaty kän. Professoryň bu sözünden ruhlanan kapitanyň gyzy Zeýa, hem, Min baryp ýerinde oturanyndan soň, özüni köpden bäri heýjana salyp gelýän bir pikirini orta atdy: - Hormatly professor, biziň okan kitaplarymyzda milliýardlarça ýyllar mundan öň diňe jansyz materiýadan ybarat bolan ýeriň ýüzünde nähilidir bir özgerişleriň netijesinde ilkinji göze ilmeýän jandar peýda bolupdyr, bu ýeriň ýüzünde durmuşyň başlangyjy hasap edilýär, onsoň janly tebigatyň rowaçlanmagy netijesinde bolsa has kämil jandarlar, ahyrynda-da maýmyndan adam emele gelipdir, diýilýär. Emma men bu zada gaty geň galýan, nähili edip bu janly emma jansyz tebigat ilki başdan öz-özüňi döretmekligiň mehanizmini emele getiripdir? Ähli jandarlar, şol sanda adam hem öz-özüni döredýär. Pikir edip otursaň bu örän çylşyrymly hem-de geň galdyryjy zat. - Gaty dogry aýdýaň, ezizim – diýip, professor başyny atdy. – Hakykatdanam, janly tebigatyň öz-özüni döretmeklik häsiýeti gaty çylşyrymly we geň galdyryjy zat. Emma bu zadyň haçan hem-de nähili ýagdaýda emele geleni biziň üçin tebigatyň beýik syrlarynyň biri bolup gelýär. Birwagtlar ilki guş döräpmi ýa-da ýumurtga diýen degişme äheňde bir ylmy jedel hem bardy. Janly tebigatyň öz-özüni döretmekligiň bu ýönekeý mysaly hem adamy gaty oýlandyrýar. Ilki ýumurtga döräpdir, diýsek guş bolmasa ýumurtgany näme guzlapdyr diýmekleri mümkin. Guş ilki döräpdir diýsek onda ýumurtga bolmasa guş nireden çykypdyr diýmekleri mümkin. Eger nähilidir bir biologiki elementleriň birikmegi netijesinde ýumurtga döräpdir-de, onsoň ondan guş çykypdyr diýip pikir etsek onda ol guşuň organizminde özi çykmadyk ýumurtga meňzeş ýumurtgany guzlamak ukybyny tebigat haçan we nähili programmalaşdyrypdyr, diýen sorag gelip çykýar. Görşüňiz ýaly bu soraglara jogap beräýmek aňsat däl. Professor sözüne bir dyngy berip, dowam etdirdi.- Emma, ezizlerim, filosof hökmünde men bir zada gaty ynanýan. Hiç haçan hiç zat ýöne ýerden ýa-da tötänden döremändir. Jandarlaryň öz-özüni döretmeklik mehanizmi hem materiýanyň iň ýokary önümi bolany aňyň döremekligi hem tebigatyň ewalýusion ösüşiniň gutulgysyz netijesidir. Munuň başgaça bolmagy mümkin däl. - Hormatly professor – bagyşlaň – diýip, Min akja dişlerini görkezip ýylgyrdy. –Siziň soňky aýdanlaryňyz kitaplarda bar. Biz ony telim gezek okadyk. Emma şeýle diýilýän pikiriň özünde bir geň galdyrýan bir zat bar. Eger hiç zat tötänden döremedik bolsa ewolýussion ösüş diýilýän prosses gutulgysyz suratda adamyň we aňyň döremegine alyp gelýän bolsa, onda şol prossesiň özi öňünden bir aň tarapyndan programmirlenen zat dälmikä? Miniň ýylgyryp ýerinden turanyndan professor onuň üýtgeşik bir sorag berjekdigini duýupdy. Emma ol bu oglanyň kellesine beýle çylşyrymly sorag geler diýip pikir etmändi. Sebäbi bir watlar professoryň özi-de bu soraga jogap tapjak bolup mazaly kelle döwüpdi. Ýöne ol wagtda ol alymlyk deresine ýetjek bolup duran ýaş ýigitdi. Indi bolsa bu soragy oňa entek orta mekdebiň bilimine-de eýe bolmadyk oglan berip otyr. - Ezizim – diýip, professor birhili ýaýdanýan ýaly edip ýylgyrdy. Seniň bu soragyňa birbada jogap bermek gaty kyn. Dogrymy aýtsam, biziň zamanamyzda-da alymlar bular ýaly soraglara jogap gözläp, entek ahyryna ýetip bilenoklar. Göwnüme bolmasa tebigatyň syrlary-da özi ýaly çäksiz bolmaga çemeli. Syryň içinden syr, ol syryň içinden ýene başga bir syr çykyp gidip otyr. Indi alymlar şol syrlaryň içine girip bardygysaýyn tebigatyň gurluşyna haýran galyp, ýakasyny tutýarlar. Ezizlerim, men häzir siziň ylma bolan höwesiňiziň şeýle güýçlidigini görüp, hoşal boldum. Siz şu höwesi gowşatman dowam etdirseňiz ol syrlaryň birentegini özüňiz açarsyňyz biziň jogap berip bilmedik syrlarymyza-da jogap taparsyňyz. (Dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |