Eger-de garaşylmadyk bir ýagdaý ýüze çykmadyk bolsa çagalar bilen professoryň gürrüňi has uzaga çekmegi mümkindi. Birden synpdaky radio nokatdan:
- Professor Tal Dal, tizlik bilen baş pultuň jaýyna ýetip gelmeli! – diýen buýruk iki gezek gaýtalandy. Synpda hemmäniň keýpi bozuldy. Çagalar ynjalyksyzlanyp, soragly nazar bilen bir mugallymyna bir professora garaýardylar. Adatdan daşary ýagdaýyň ýüze çykanyny aňan professor çagalardan, Deýadan ötünç sorap çykyp gitdi. Ol baş pultuň jaýyna ýetip geleninde ,,Jeýhunyň” ähli jogapkär işgärleri şol ýerdedi. Hemmesiniň gözi gäminiň töwerek-daşyny uzakdan görkezýän teleekerana dikilendi. Professoryň girenini duýan kapitan Nur ekerandan gözüni aýyrman eliniň yşarady bilen ony öz ýanyna çagyrdy.
- Pofessor, biz näbelli gämä duşduk, serediň onuň daşky şekli-de bütinleý üýtgeşik.
Professor Tal Dal ekerana dykkat bilen seretdi. Ekeranda ,,Jeýhunyň” sag tarpynda, deň tizlikde barýan täsin obýekte gözi düşeninde begenjinemi ýa-da başga sebäpdenmi onuň ýüreginde üýtgeşik bir tolgunma döredi. Ol Obýektiň görnüşi ellips şekiline meňzeşiräk bolsa-da, daşy edil ýüz görülýän aýna ýaly ýalpyldaýardy, göwrümi ,,Jeýhuna” garanda birneme kiçiräkdi. Obýekt gaty ýiti gyzyl yşyk bilen ,,Jeýhuna” signal berip barýardy.
Kapitan Nur Tal Dala garap:
- Professor, siziňki dogry bolup çykdy – diýdi. – Ýadyňyzdamy, bir wagt siz, Ýer togalagyndan başga ýerde swilizasiýa ýok diýen pikire men goşuljak däl, uly kosmasa çyksak biz başga swilizasiýalara gabat geläýmegimiz gaty ähtimal, diýipdiňiz. Ine, häzir siziň şol arzuwyňyz amala aşdy. Ýöne biz keseki swilizasiýanyň bu wekili bilen nähili gatnaşyk etjegimizi bilemizok.
- Bilemizok? Näme üçin? – diýip professor Tal Dal geňirgenip sorady.
- Näme üçindigini siz menden gowy bilýäňiz. Pikir edip görüň älemde akylyň her hili görnüşi bolmagy mümkin. Şonuň üçin olar bilen kontakta girmezden öň mazaly pikirlenip görmeli. Belki olar tehniki taýdan bizden geçiren bolsalaram, agressiýe duýguly jandarlar ýa-da antimateria bolaýmagy ähtimal.
Kapitanyň soňky sözi diňe Tal Dala däl-de, bu ýere ýygnananlaryň hemmesine degişlidi. Kapitan Nur sözüni dowam etdirip, ýoldaşlaryna mundan beýläk näme iş etmelisi barada maslahat saldy;
- Görşüňiz ýaly, olar gyzyl yşyk bilen bize signal berip gelýärler. Meniň pikirimçe bu signal, mundan aňyrsyna ýol howply ýa-da gämiňizi saklaň, kontakta gireliň, diýildigidir. Ýeri, näme maslahat berýärsiňiz?
Kapitanyň kömekçisi Rut takyr kellesini sypap:
- Kapitan, gyzyl yşyk biziň şertli düşünjämizde şeýle. Belki olarda başga manyny aňladýan bolaýmasyn – diýdi.
- Olar signaly biziň üçin berip barýarlar. Diýmek gyzyl yşygyň bizde nähili manyda ulanylýanyny olar bilýärler. Ýa-da olarda-da gyzyl yşyk şol manyda ulanylýar diýip, professor Tal Dal kapitanyň pikirini goldady. Bu pikire beýlekilerem goşuldy.
- Ýeri onda, olara nähili jogap signalyny bermeli? – diýip, kapitan ýene maslahat saldy. Rut kapitana ýüzlenip:
- Olar bilen kontakta girmek üçin gämileri saklamak hökman däl. Ýanaşyk uçuş bilen hem gämiden gämä geçip bolýar, ahyryn- diýdi. Häliden bäri ekerandan gözüni üzmän ümsüm oturan kosmologiýa bölüminiň başlygy Gel Gal ynjalyksyzlanyp dillendi:
- Entek ýanaşyk uçuş hakynda gürrüň etmek ir. Eger olar kapitanyň aýdyşy ýaly antimateriýadan bolaýsalar, ýanaşdygyň iki gämi hem partlap, külümiz kosmosda galar – ol giň maňlaýynda peýda bolan deri elýalygy bilen sylyp, sözüni dowam etdirdi. - Şonuň üçin olar bilen ilki tele enjamlar arkaly bir habarlaşyp görmek gerek.
,,Jeýhunda” iki taraplaýyn telewiziýon aragatnaşyk etmäge mümkinçilik berýän enjamlar bardy. Şoňa görä Gel Galyň pikiri hemme kişä makul boldy.
- Onda häzir özümiziň şu durşumyzy dürli tolkunda efire goýberiň, belki olar kabul edip, jogap gaýtarar.
Kapitanyň bu buýrugy derhal ýerine ýetirildi. Kabul ediş ekeranyna göz dikip duran adamlar demini içine ýuwdup, jogaba garşdylar. Emma hiç hili jogap bolmady. Beýleki ekeranda bolsa näbelli gämi gyzyl yşyk bilen signal bermegini dowam etdirip gidip otyr.
Tolkunlary üýtgedip görüň – diýip, kapitan Nur gaýtadan buýruk berdi. Tolkunlar üýtgedildi. Ýöne ýene jogap bolmady. Kapitan hem beýlekiler hem olar bilen telewizion aragatnaşygy ýola goýup bolmasa gerek, diýen pikire geldiler. Emma birden kabul ediş ekrany durlanyp, ilki enaýy bir enjamlaryň, soňra hataryna duran adamlaryň şekli peýda boldy. Hawa, bu adamlar özleriniň daşky gurluşy boýunça ýerlilerden az tapawut edýärdiler. Ýöne gözleri ak hrustalyň reňkindedi. Ekerandan seredip duranlarynda-da içiňden geçip barýardy. Ýüzleriniň derisi gaty ýylmanak bolup, käbirleriniňki gyzyla çalymdaş bolsa käbirleriniňki ýaşyl öwsüp durdy. Emma boýlary gyradeň uzyndy.
Professor Tal Dal begenjini içine sygdyryp bilmän tolgunyp dillendi:
- Men elmydama eger älemiň niresinde bolsa-da bizden başga aňly jandar bar bolsa, ol hökman adam şeklinde bolmaly, diýip ynanýardym.
Bu duşuşyga kapitan hem, beýlekiler hem professor Tal Daldan kem tolgunanokdylar. Emma kosmolog Gel Galyň ýüzünden begenýänini-de, gynanýanyny-da bilip bolanokdy. Ol professora ýüzlenip:
- Hormatly professor, şekiliň mazmundan gaty tapawut edäýmegi hem mümkin diýdi. –serediň olaryň ýüzi-gözünde rehim-şepagat ýok ýaly. Olar agressiw duýguly jandarlar bolaýmasa ýagşy.
- Siziň çaklamaňyzy barlap görmek kyn däl – diýip, kapitan Nur bir elini galgadyp olar bilen salamlaşýan ýaly etdi. Şol bada-da olaryň ortada duran gyzyl ýüzlüsi kapitanyň hereketini gaýtalap ýylgyrdy. Onuň dişleri ap-ak endigan tekizdi. Kapitan Nur ýoldaşlaryna:
- Görýäňizmi, olar biziň salamymyzy hoşniýetlilik bilen aldylar – diýdi. Şol wagt ortadaky gyzyl ýüzli (megerem ol olaryň kapitany bolsa gerek) dodaklaryny gymyldadyp, ýoldaşlaryna bir zatlar diýdi. Şol bada olaryň biri ylgap gitdi-de ini boýy bir metre golaý gara synp tagtasyna meňzeş bir zat getirdi, soňra gyzyl ýüzlüniň eline ýogyn galama meňzeş zat berdi. Gyzyl ýüzli tagtanyň ýüzüne ilki iki sany ýanaşyk ellips çyzyp, olaryň birinden ikinjisine strelkalar geçirdi. Soňra ol çyzyklaryň gapdalyna iki sany kelle ýasap, olaryň hem birinden ikinjisine, ikinjisinden birinjisine ýokardan aýlap ýaý şekilli strelkalar çyzdy.
- Hemmesi düşnükli bolsa gerek – diýip kapitan Nur ýoldaşlaryna ýüzlendi. – ýanaşyk çyzylan ellipsler we olaryň birinden ikinjisine geçirilen strelkalar gämilerimizi ýanaşdyryp birek-biregiňkä geçeli diýildigi. Kelleden kellä geçirilen strelkalar bolsa pikir alyşalyň, diýildigi. Megerem olarda dilden başga-da biotolkunlary gös-göni beýniden beýnä goýberip, pikir alyşmaklygyň mümkinçiligi bar bolmaga çemeli. Onsoňam olaryň agressiw meýliniň ýokdugy görnüp dur. Olar meniň pikirimçe tüýs gumanistler bolmaly.
- Onda näme, haýal etmän kontakta giribermeli. Belki olardan entek biziň düýşümize-de girmedik ylmy açyşlary alarys – diýip, professor Tal Dal teklip girizdi
- Her halda ilki olaryň materiýasynyň gurluşyny bir bileliň –diýip,kosmolog Gel Gal öňki pikirini ýene öňe sürdi.
Kapitan Nur: ,,Hazir bileris’’diýen manyda başyny atdy. Soňra kabul ediş ekranyndan seredip duran keseki gäminiň ekipažyna garap, iki elini parallel edip geçirdi-de, birden ýokaryk galgadyp goýberdi. Kapitan Nuryň ,,Eger ýanaşaýsak,partlap gitmerismi?’’diýen bu yşaratyny olar derrew düşündi.Olaryň ortada duran gyzyl ýüzlisi ýylgyryp, kellesini ýaýkady-da, tagtanyň ýüzüne atom gurluşyny ýasady. Muny gören badyna kosmolog Gel Galyň ýüzi ýagtyldy:
-Kapitan, olaryňkam edil biziň atom gurluşymyz ýaly ekeni. Indi meseläniň bu tarapyny gaýgy etmese boljak. Ýöne ...
- Ýene näme, ýöne? – diýip kapitan geňirgenip, Gel Galyň sözüni kesdi.
-Ýöne, kapitan, özüňiz pikir edip görüň. Biz biçak uly taryhy missiýany ýerine ýetirýäris. Eger biz diňe özümiziň bilesigelijiligimizi kanagatlandyrmak üçin olar bilen kontakta girip, heläk bolaýsak, onda nesiller bizi hiç haçan bagyşlamaz – diýip, Gel Gal ýene müňkürlik etdi. –Bularyň näme niýetiniň bardygyny kim bilýär? Gadymy taryhda-da, adamlary al bilen ele salyp, gyran agressorlar az bolmandyr.
- Ezizim Gal – diýip, professor Tal Dal özelenip gepledi. –Adamzat näçe asyrlaryň dowamynda özge dünýäleriň swilizasiýasy bilen duşuşmak arzuwyny edip ýaşady. Biziň ata-babalarymyz näçe müň ýyllap olara ýerde garaşdy. Asmanda üýtgeşik bir obýekt görünse, özge swilizasiýanyň obýekti geldi, diýip jar çekdiler. Hatda gazetlerde-de ýazdylar. Emma soňunda olaryň bary adamlaryň umydyndan dörän salgym bolup çykdy. Ine, indi biz ýerliler, özüňiz aýtmyşlaýyn uly taryhy missiýany ýerine ýetirijiler, şol arzuw edip gelinýän özge swilizasiýa bilen, başgaça edip aýdanymyzda akyl-paýhas boýunça gardaşlarymyz bilen alys kosmosda ýüzbe-ýüz geldik. Onsoň şeýle taryhy duşuşygy sypdyrsak geljekki nesiller bizi bagyşlarmyka?
- Hormatly professor, siziň bu aýdýanyňyz hem dogry, ýöne men ätiýajy elden bermezlik gerek diýýän. – diýip, Gel Gal birneme gyzyp gepledi.
Professor Tal Dal bilen kosmolog Gel Galyň çekişmesini diňläp oturşyna kapitan Nur öz ýanyndan şeýle pikir öwürýärdi: ,,Ynam we şübhe adamzadyň uzak taryhynyň dowamynda-da onuň ýoldaşy bolup geldi. Adamlar biri-birine ynam bildirip bileleşenlerinde ýeriň ýüzünde we kosmosda örän ägirt uly işleri amala aşyrardylar. Birek-birege şübhe bilen garalan döwürlerde bolsa ýaraglanyşyga zor berlip, adamzat jemgyýetiniň has pajarlap ösmegi uzak wagtlap bökdeldi. Emma mundan ynam gowy, şübhe erbet, diýen netijä-de gelip bolanok. Sebäbi duşmana ynam bildirip, ahmal bolsaň üstüňi aldyraýmagyň, erbetligiň öňi alynmazlygy mümkin’’.
Kapitan Nur öz pikiriniň soňunda aýgytly bir karara geldi. Ol adamlara ýüzlenip şeýle diýdi:
- Ýoldaşlar, Gel Galyň aýdyşy ýaly, ätiýajy elden bermezlik gerek. Emma professor Tal Dalyň aýdyşy ýaly, bu taryhy duşuşygy sypdyrsak biziň gaty namartladygymyz bolar. Şonuň üçin ýanaşyk uçuş edip gämileri geçelge bilen sepleşdireliň, ýöne olary ,,Jeýhuna” goýbermäliň-de, iküç adam bolup olaryň gämisine geçeliň. Bardy-geldi olar agressiz duýguly jandarlar bolaýanynda-da şol geçen iküç adamdan başgamyza zeper ýetirip bilmez.
Kapitanyň bu teklibi hemme kişä makul boldy. Hatda Gel Gal hem oňa garşy çykmaga çekindi.
- Eger meniň bu teklibime hemmäňiz goşulýan bolsaňyz, onda keseki gämä kimleriň geçmelidigi baradaky meseläni hem çözeliň - diýip kapitan ýene öz pikirini orta atdy, eger razy bolsaňyz keseki gämä meniň bilen professor Tal Dal we kosmolog Gel Gal geçmeli bolar. Kapitanyň wezipesini bolsa wagtlaýyn... eger bize bir zat bolaýsa tä ýere gaýdyp barýança meniň kömekçim Rut Run ýerine ýetirer.
Esli salym hiç kimden ses-seda çykmady. Kapitan bu dymyşlygyň sebäbine düşünmän, geňirgenip dillendi:
- Näme, ýoldaşlar, gorkýaňyzmy ýa?
Rut kapitana dik garap:
- Gorkýan adam biziň aramyzda ýok, kaptan. Ýöne göwnümize bolmasa adamlar seniň gämä geçmegiňi bir hiliräk görüp duran ýaly – diýdi. – Men bolsam muňa bütünleý garşy... Sebäbi Beýik Geňeşiň we halkyň öňünde ,,Jeýhunyň” ykbaly üçin sen jogapkär seniň ýeriňe men baraýyn. Eger bize bir zat bolaýanda-da ,,Jeýhun” seniň ýolbaşçylygyňda öz missiýasyny ýerine ýetirip, sag aman ýere dolanar.
- Rut ätiýaçly bolmak gowy zat. Emma öte ätiýaçlylyk hem gülkünç görünýär. Gäminiň kapitany men bolýan bolsam,ol ýere-de hökman men barmaly. Ýogsam olar men hakda, gör nähili pikir ederler.
Bardy geldi bize bir zat bolaýan ýagdaýynda bolsa kapitanyň wezipesiniň seniň soňuna çenli üstünlikli ýerine ýetirjekdigiňe men ynanýan.
Kapitan Nuruň kararynyň üýtgewsizdigi onuň äheňinden belli bolup durdy.Şonuň üçin oňa indi hiç kim garşylyk görkezmedi. Şeýdip keseki gämä üç adam- kapitan Nur, professor Tal Dal we kosmolog Gel Gal barmaly, diýen karara gelindi.
Kapitan Nuruň ekrandan seredip, jogaba garaşyp duran gyzyl-ýaşyl ýüzlülere özleriniň duşuşyga razydyklaryny bildirip , ,,biz size barýas” diýen manyda bir elini döşüne degirdi-de olara uzatdy. Gyzyl-ýaşyl ýüzlüler bu yşaraty şol bada düşündiler. Olaryň bäşisem deňine ýylgyryp, ,,Bolýar” diýen manyda başlaryny atdylar. Olaryň ortadakysy gara tagtanyň ýüzüne öň çyzan iki ellipsiniň özi tarapdakysyndan geçelge çykardy-da beýleki ellipsdenem öz tarapyna strelka geçirdi. Bu çyzgylaryň hem manysy düşnüklidi. Olar gämiler ýanaşanyndan soň geçelgäni biz guraly, onsoň biz tarapa geçiberiň, diýýärdiler. Emma olaryň bu teklibi diňe Gel Galda däl-de beýlekilerde hem şübhe döretdi. Şol sanda kapitan Nuruň hem göwnüne iňkis gitdi. «Olar bizi abordaža aljak bolýarlar öýdýän. Şeýlelikde ,,Jeýhuny” öz geçelgeleri bilen bentläp, sypmaz ýaly etmekçi bolýarlarmyka? » ,,Jeýhunda” bir nurbatyny towlasaň islän ölçegiňde ulaldyp, kiçeldip bolýan geçelge bardy. Ony ýere gonanda gämiden aşak düşmek üçin hem, kosmosda başga obýekt bilen sepleşmek üçin hem ulanyp bolýardy. «Şeýle mümkinçilik barka ätiýajy elden bermezlik gerek» diýip, Kapitan Nur içini gepletdi. Ol ekrandan seredip duran gyzyl-ýaşyl ýüzlilere, ,,Ýok” diýen manyda elini ýaýkady. Soňra ,,Geçelgäni biz gurýas” diýen manyda iki elini özünden olara baka uzatdy. Bäride duran şübhe we oňa derek ätiýaçlyk olara düşnükli bolan bolmaga çemeli ortada duran gyzyl ýüzli ,,Gözel göwnüňiz” diýen manyda ýylgyryp başyny atdy.
Şonuň bilen kontakta girmek hakyndaky gepleşik ylalaşyk bilen gutardy. Iki tarap hem gämileri ýanaşdyrmagyň aladasyny edip başladylar.
Kapitan Nur kömekçisine:
- Rut, ýanaşyk uçuşa geçileninden soň ýigitleriň bilen geçelgäni çaltyrak taýýarlaň. Ony gerek mahaly özümiz tarapdan çalt aýryp goýberer ýaly edip gurmaly – diýip, buýruk berdi. Soňra Tal Dal bilen Gel Gala ýüzlendi. – duşuşyga taýýarlanyberiň, ýoldaşlar. Menem jaýyma gidip özümi ruhy taýdan birneme taýýarlaýyn – diýip, merdemsilik bilen ýylgyrdy.
Kapitan Nur baş pultuň jaýyndan çykyp, öz otagyna geldi. Aýaly bilen gyzy sapakdady. Içerki aragatnaşyk linýasy arkaly olary çagyrdy. Deýa bilen Zeýa üýtgeşik bir ýagdaýyň ýüze çykanyny aňyp, derrew ýetip geldiler. Otaga giren badyna Deýa ärini başdan-aýak gözden geçirdi.
- Näme boldy Nur? Eýgilikmi beri?!
Kapitan Nur aýalynyň howsala bilen beren soragyna özüniň ýüregindäki tolgunmsyny bildirmejek bolup arkaýyn, wäşi äheňde jogap berdi:
- Eýgilik, Bolsa-da üýtgeşik eýgilik. Men häzir bir ýere gidip gelmeli. Ol ýerde näçe eglenjegimiň bellisi ýok. Şonuň üçin siz howatyrlanyp oturmaň.
Deýa äriniň sözlerini hemişeki edýän degişmesidir öýtdi. Emma Zeýa oňa çyny bilen geň galdy. Ol:
- Kaka, biz kosmosda, ahyryn. Sen ,,Jeýhundan” çykyp, nirä gitjek? –diýip, gözlerini tegeledi.
- Kosmosda hem adamy myhmançylyga çagyrýan ekenler diýip, kapitan gyzyny gujaklap ogşady. Soňra aýalyna ýüzlendi. – Deýa biz näbelli gämä duşduk. Olar bizi öz gämisine çagyrýar, pikir alyşmagy teklip edýärler.
Kapitanyň sözleriniň degişme däldigi onuň ýüzi-gözünden görnüp durdy. Şoňa görä Deýa ilki bir hili aljyraňňy ýagdaýa düşdi.
- Ol nähili näbelli gämi? Biziň yzymyzdan ýene başga gämi goýberäýdilermikä?
- Ýok. Ol biziň ýerimiziňki däl, bütinleý başga swilizasiýanyň gämisi.
Bu habar Deýany bir hili üýşendiren bolsa, Zeýa üçin tolgundyryjy şatlyk getirdi. Ol:
- Ura! Onuň ýaly bolsa, ol gämä hökman geçip görmeli, kaka.
- Dogry aýdýaň, gyzym. Hökman geçip göreris. Olar bilen pikir alyşarys. Gör, olar bize nämeler aýdar. Belki köp zatlary öwrederler.
- Kaka, ol gämä meni-de alyp git. Ony meniň gaty göresim gelýär – diýip, Zeýa özelenip, ýalbardy.
- Ine, munyň bolanok gyzym. Ol ýere ilki diňe ulular barmaly. Sebäbi entek olaryň nähili aňyň eýesidigini bilemizok.
Zeýa ýene bir zatlar diýjek bolup çemlendi, emma ejesi oňa maý bermän, kakasyna ýüzlendi:
- Nur, men entegem seň diýýäniňe oňly düşemok. Siz onuň başga swilizasiýanyň gämisidigini nireden bildiňiz?
- Ol şeýle seredeniňde bes-belli bolup dur. Onsoňam biz olar bilen telewizion aragatnaşyk edip, duşuşyk barada ylalaşdyk.
Kapitan Nur sözüni gutaryp gutarmanka otagdaky radio nokatdan Rutuň sesi eşidildi:
- Kapitan, gämiler ýanaşyk uçuşa geçdi. Häzir geçelgäni gurup başlaýas.
Şondan soň Deýa eýýäm ähli zadyň çözülendigini aňdy. Onuň ýüregine bir hili howsala düşdi:
- Duşuşyga kapitanyň barmagy hökman däl bolsa gerek. Aýalynyň howatyr edip beren soragyna kapitan çürt-kesik jogap berdi:
- Diýýäniň näme, Deýa. Men barmasam bolmaz. Şonuň üçin men birneme eglensem aladalanyp oturmaň, diýip öňünden duýdurýan. Belki biz olar bilen uzak wagtlap pikir alyşarys. Bolýar ezizlerim men baraýyn, entek skafandyrlary geýmeli, başga-da taýýarlyk işleri bar.
- Seniň bilen ýene kimler gidýär kaka? –diýip, Zeýa gözlerini uçganakladyp sorady.
- Meniň bilen professor Tal Dal, kosmolog Gel Gal gidýär. – diýip, kapitan gyzyny ýene bir gezek ogşady. Soňra aýalynyň ýüzüne aýratyn bir mähir bilen seretdi. Garaýşyň manysyna Deýa şobada düşündi. Ol aýaly bilen uzak sapara gidendäkisi ýaly mähirli hoşlaşjak bolýardy. Diýmek, bu duşuşyk zerarly kapitanyň özünde-de howatyr ýok däldi. Muňa Deýanyň ýüregi beter gyýyldy. Kapitan Nur gysga wagtlap kosmiki saparlara gideninde hem Deýa ýerde garyndaş-doganlarynyň, tanyş-bilişleriniň arasynda galanynda-da özüni ýalňyz duýýardy, uzak wagtlaýyn aýralyga döz geljek bolup, ejir çekýärdi. Şonuň üçin ol ,,Jeýhunda” äri bilen bile gitmelidigini eşidende gaty begenipdi. Sebäbi uzak wagt dowam etjek bu saparda kapitan ondan aýrylyp, hiç ýere gidip bilmeýärdi. Elmydama ol äriniň ýanynda, onuň mähir-muhabbetinden ganyp ýaşajakdy. Ine, indi bolsa oslanmadyk ýerden, hatda kosmosda-da, ara aýralyk düşjek bolýar.
Deýa ejizlän ýaly boldy, aýaklarynyň ysgyny gaçyp, golaýyndaky kürsüniň ýeňsesine söýendi, soňra sandyrawuk ses bilen dillendi:
- Nur, bu duşuşyga özüň barmasaň bolanokmy?
Kapitan Nur aýalynyň ýaş tegelenip duran gözlerine merdemsilik bilen garady, mylaýym, emma aýgytly äheňde jogap berdi:
- Sen bir pikir edip gör, Deýa. Adamzadyň taryhynda munuň ýaly özge swilizasiýanyň wekilleri bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak entek hiç kime miýesser bolanok. Şeýle bolansoň men ony sypdyrsam, gorkaklyk edip ýerime başga birini ibersem, onda mendenem kapitan bolarmy?
- Onyň dogry, ezizim. Ýöne näme üçindir men gorkýan.
- Gorkup oturasy zat ýok, Deýa. Men olaryň hem özümiz ýaly gowy niýetli jandarlardygyna ynanýan –diýip kapitan aýalyny köşeşdirdi. Soňra ony mähir bilen gujaklap, ogşady-da otagdan çykdy. Kapitan Nur çykalganyň öňündäki geçelgäniň öňüne geleninde ol ýerde oňa professor Tal Dal, kosmolog Gel Gal, kömekçisi Rut we ýene birnäçe adam garaşýardy.
- Kapitan, geçelge taýýar – diýip, Rut habar berdi.
- Ony meniň aýdyşym ýaly, bärden sypdyryp goýbermesi aňsat edip gurduňyz dälmi?
- Edil aýdyşyň ýaly edip gurduk, kapitan.
- Gaty gowy. Ýöne bir zat ýatdan çykypdyr. Ýanymyzda jübide ýerleşer ýaly «habarçy» göteräýsek hem ters bolmaz. Eger ol ýerde rejäniň düzüw däldigini aňsak, derhal size signal bereris. Tiz iki sany şeýle «habarçyny» getirdiler.
Kapitanyň beýle ätiýaçlylygy Gel Galyň dilini gijetdi:
- Kapitan, siz meni tankyt edip, özüňiz mendenem ätiýaçlyrak hereket edýäňiz –ä. Emma olar bizi bet niýet bilen çagyrýan bolsalar, onda biz signal berip hem ýetişmeris.
- Her halda bize bu zadyň zyýany degmez- diýip, kapitan Nur Gel Galyň sözüni kesdi. Keseki gämä geçjekleriň üçisem skanfandyrlaryny geýdiler. Indi hoşlaşyp keseki gämä geçiberimelidi. Ýöne kapitanyň hem, onuň bilen bile gitjek ýoldaşlarynyň hem bu işe bognunyň ysmaýandygy görnüp durdy. Kapitan Nur özüniň we ýoldaşlarynyň ýüregindäki beýle howsalanyň sebäbini adamlaryň nesilden-nesle geçip gelýän birek-birege ynanmsyzlyk duýgusyndan görýärdi. ,,Bu duýgy indi özge swilizasiýa bilen aragatnaşyk etmegine hem päsgel berjek bolýar”. Kapitan Nur serine gelen bu pikirden saplanyp, bir elini aýgytly galdyrdy. Bu onuň ýoldaşlaryna ,,gitdik”, ,,Jeýhunda” galýanlara bolsa ,,hoş” diýdigidi. Şol bada Rut geçelgäniň gapysyny açdy. Kapitan Nur başlyklaýyn Tal Dal we Gel Gal geçelgä sümdüler. Olaryň yzyndan gapy ýene gaýym ýapyldy. Geçelgäniň içinde emeli grawitasiýa bolmanlygy üçin olaryň aýaklary aşak degmän, edil suwda ýüzýän ýaly bolup kynlyk bilen öňe süýşýärdiler. Geçelgäniň aňry çetinde bir enaýy ýaşyl yşyk lowurdap olaryň gözüni gamaşdyrýardy. Yşyga ýakynlaşyldygysaýyn olaryň tolgunmasy artýardy. Bu şeýle-de bolmalydy. Sebäbi, ýene-de sanlyja minutdan soň olar özge swilizasiýa bilen duşuşmak ýaly adamzadyň taryhynda henize çenli bolmadyk örän uly taryhy wakanyň şaýady boljakdylar. Gör, bu duşuşyk nämeler berer, nämeleri ýüze çykarar. Belki bu duşuşyk ,,Jeýhunlylaryň” diňe olaryňam däl bütin adamzadyň durmuşynda düýpgöter özgerişler döreder. Belki-de munuň tersine bolaýmagy hem mümkin.
Kapitan Nur bu iki gapma-garşy pikiriň soňkusyndan öňküsiniň dogry bolup çykmagyna jan-teni bilen ynanasy gelse-de ýüreginiň niresindendir gizlenen şübhäni kowup bilenokdy.
Kapitan Nur we onuň ýoldaşlary şeýle çylşyrymly duýgular bilen ýaşyl yşygyň çykýan ýerine ýetip geldiler. Ol ýer keseki gäminiň girelgesindäki ötük ekeni. Olar ol ýere girenlerinden göwresiniň agramyny duýup aýaklarynyň üstüne galdylar. Şonda olar bu gäminiň içinde hem ,,Jeýhundaky” ýaly emeli grawitasiýanyň barlygyna göz ýetirdiler. Entek olaryň gözi bu ýerdäki yşyga öwrenişip, töwerek-daşyny oňly saýgaryp ýetişmänkä garaşylmadyk ýerden alty sany gyzyl-ýaşyl ýüzli peýda boldy. Olar sen ýok, men ýok gelenleri tutup, elini arkasyna daňdylar. Kapitan Nur we onuň ýoldaşlary skanfandrda bolanlary üçin olara garşylyk görkezip hem bilmediler. Göz açyp ýumasy salymda bolan bu işiň näme bilen gutarjagyna göz ýetirip bilmän kapitan Nur we onuň ýoldaşlary gaty aljyraňňy ýagdaýa düşdüler. Olaryň elleri arkasyna gaýym daňylany üçin jübülerindäki «habar» enjamyndan hem peýdalanmagyň mümkinçiligi ýokdy.
,,Ähli iş berbat boldy, indi bu nejisler bizi diri sypdyrmaz. Rutuň özi ýagdaýy duýup ,,Jeýhuny” bulardan halas edip biläýse ne ýagşy!” diýip kapitan Nur arman bilen içini gepledýärdi. Tal Dal bilen Gel Galyň beýnisinde-de şular ýaly howsalaly pikirler at salýardy.
Gyzyl-ýaşyl ýüzlüler öz aýagy bieln gelen ýesirlerini öňlerine salyp, çaklaňyrak bir tegelek zala eltdiler. Bu ýerdäki mawy yşyga ,,Jeýhunlylaryň” gözi tiz öwrenişdi. Olar töwerek-daşyna howatyrly göz aýlap durkalar gapysyz diwaryň bir bölegi bir tarapa ýuwaşlyk bilen süýşdi-de, ol ýerden ap-ak ýylmanak matadan sportçylaryňky ýaly ykjam tikilen geýimde uzyn boýly bir gyzyl ýüzli çykdy. Onuň yzyndan bolsa telewizor arkaly aragatnaşyk mahaly ortada duran gyzyl ýüzli girdi. ,,Jeýhunlylaryň” çak edişine görä, olar şu gäminiň ýolbaşçylary bolmalydy. Ak geýimliniň yşaraty boýunça kapitan Nuruň we onuň ýoldaşlarynyň skanfandrlarynyň kelle tarapyny aýyrdylar. Şol bada ,,Jeýhunlylar” bu ýeriň howasynyň biçak tämizdigini syzdylar. ,,Diýmek bular hem biziň ýaly kislorodly howadan dem alýar ekenler” diýip, kapitan Nur içini gepledip, ýoldaşlarynyň ýüzüne seretdi. Bir gowusy Tal Dalyň hem Gel Galyň ýüz-gözünde gorky alamaty ýokdy. Olaryň ikisem özlerini gaty merdemsi tutup durdular. Kellelerinden skanfandr aýrylansoň olara özara gepleşmek mümkinçiligi döredi. Mundan peýdalanyp kapitan Nur Gel Gala ýüzlendi:
- Gel eliň gaty saralanmy? «habarçynyň» signalyny basyp goýbermäge mümkinçilik ýokmy?
- Elim gaty saralan, häzir oňa mümkinçilik ýok. Bardy-geldi elimizi çözäýseler sizem menem deňine signal bermeli – diýip, Gel, Gal, kapitana umyt bilen garady. Şol wagt ak geýimli olara ortada goýlan üç sany tegelek oturgyjy görkezip, ,,Oturyň” diýen yşaraty etdi. Olar oturanlaryndan soň ak geýimli ýoldaşy bilen olaryň garşysyndaky ýumşak kürsülerde oturdylar. Beýleki gyzyl-ýaşyl ýüzlüler bolsa ,,Jeýhunlylaryň” kellelerine gadymky patyşalaryň altyn täjine meňzeş zatlary geýdirdiler. Şeýle zady ak geýimli bilen onuň ýoldaşlary hem geýdiler. Ine, şundan soň ,,Jeýhunlylaryň” kellesi bütinleý başga hili ýagdaýa geçdi. Olar gyzyl-ýaşyl ýüzlüleriň beýnisindäki pikirleri edil düşnükli dilde aýdylan kimin kabul edäýjek ýaly boldular. Şundan soň kapitan Nur we onuň ýoldaşlary kellelerine geýdirilen abzallaryň beýnidäki biotoklary güýçlendirmek bilen pikir alyşmaga mümkinçilik berýän radar enjamlardygyna göz ýetirdiler.
Geplemeklik beýnidäki pikirleri beýan etmegiň bir görnüşi bolany üçin enjamlaryň kömegi bilen, geplenilýän dil bütünleý nätanyş bolsa-da aýdylan pikiriň manysy biotoklar arkaly gös-göni beýniden beýnä geçýärdi. Radar enjamlar işe girizilen badyna bütünleý başga-başga dillerde geplemeklerine garamazdan Ak geýimli bilen kapitan Nuryň arasynda pikir alyşylmaga başlandy. Ilkinji bolup ak geýimli resmi äheňde söz gatdy.
- Hoş geldiňiz, gadyrly myhmanlar!
- Bizde gadyrsyz myhmany-da beýle garşylamaýarlar – diýip kapitan Nur gaharly jogap berdi.
- Biz sizde näme işler edilýänini gowy bilýäs. Şonuň üçinem sizi şeýleräk garşylamaly bolduk.
- Siziň munyňyz gaty namartlyk bolýar!
Kapitan Nuruň bu diýenine ak geýimli kinaýaly ýylgyrdy:
- Mertlik, namartlyk diýen düşünjeler bizde-de bar, ýöne olar bizde siziňkä garanda başgarak manyda ulanylýar.
- Siz-ýaňy ,,Sizde näme işler edilýänini gowy bilýäs” diýip aýtdyňyz. Indi bolsa ,, Mertlik, namartlyk diýen düşünjeler bizde siziňkiden başgarak manyda ulanylýar, diýýäňiz”. Siziň bu aýdanlaryňyza garanda siz bize gaty belet ýaly-la. Ömrüňizde ilkinji gezek duşan özge swilizasiýanyň jandarlary hakynda nähili beýle pikiri beýan edýärsiňiz?
- Sebäbi sizi öz hasabyňyz bilen mundan müň ýyl öňden bäri bilýäris. Siz Gün ulgamynyň Ýer planetasynyň aňly jandarlarysyňyz. Siz özüňize ,,adamlar” diýip belent at dakypsyňyz, ýöne siz köp babatda beýle belent ada mynasyp dälsiňiz.
- Diýmek, siz bizi älemde ýaşamaga mynasyp däl, pes taýpa hasap edeniňiz üçin ellerimizi daňyp ýok etjek bolýan ekeniňiz-dä? Ýok,biz akyl-paýhasyň ýokary nokadyna ýeten beýik jandarlardyrys. Bizin güýjümiz, kuwwatymyz biçak uludyr. Gowsy siz häziriň özünde bizi yzymyza gaýtaryň ýogsam biziň gämimizdäki lazer toplary siziň külüňizi göge sowrar!
Kapitan Nuruň bu dergazap jogaby ak geýimli bilen onuň ýoldaşynyň ýüzünde ajy ýylgyryş döretdi:
- Ine bu gepiňiz siziň hakyky keşbiňizi açyp görkezýär. Siz ýerlileriň ata-baba pikiriňiz – oýuňyz biriniň külüni göge sowurmak bolup geldi. Şonuň üçinem siz henize çenli biri-biriňize ýarag çenäp gelýärsiňiz. Siz biri diýip hasap edýäniňizem özli-özüňiz, öz planetadaşlaryňyz. Biz siziň şeýle häsiýetiňiziň bardygyny öňden bilenimiz üçin gämimize gireniňizde ätiýajy elden bermäliň diýip, elleriňizi daňdyk. Indi biziň külümizi göge sowurmak meselesine gelsek, biz ondan gaty arkaýyn. Biziň gämimize daşyndan zeper ýetirip biljek güýç entek älemde ýok. Içinden zeper ýetiräýjekleriňem eli mäkäm daňylan.
Kapitan Nur we onuň ýoldaşlary elleriniň näme üçin daňylanynyň sebäbini indi düşündiler. Adamzadyň taryhy gyzyl-ýaşyl ýüzlileriň pikirini doly tassyklaýardy. Uzak geçmişdäki planedaşlarynyň eden-etmişleri üçin olaryň müň ýyldan soňky kapitan Nur başlyklaýyn wekilleri özge swilizasyýanyň wekilleriniň öňünde başyny aşak salyp otydylar.
Kapitan Nur we onuň ýoldaşalary bular biz baradaky bu zatlary nireden bilýärkäler? “ diýip öz ýanlaryndan pikir öwürýärdiler. Olaryň bu pikirini radar enjemlar şol bada gyzyl-ýaşyl ýüzlülere ýetirdiler. Şondan soň ak geýimli myhmanlaryna olar hakda bilýänlerini açyk aýtdy:
- Ýaňy aýdyşym ýaly, mundan müň ýyl çemesi ozal biziň gämilerimiziň biri siziň planetaňyzyň daşyna uzak wagtyň dowamynda aýlanyp, ol ýerdäki durmuşy ymykly öwrenip gaýdypdyr. Biziň şol ekspedisiýamyzyň anyklamagyna görä siziň bütin, taryhyňyz ýowuzlykdan, wagşylykda ybarat bolupdyr. Biziň ekspedisiýamyz barmazdan kyrk ýyl çemesi öň siz bir-biriňize uly gyrgyn salypsyňyz, hatda öz planetaňyzdaky iki sany uly şäheri atom bombasy bilen weýran edipsiňiz. Emma bu aýylganç wakalardan soňam siz düzelmänsiňiz. Biziň ekspedisiýamyz ýetip baran mahalynda bolsa siziň ýeriňiziň üsti we aşagy gaty aýylganç gurallardan doly ekeni. Şol döwürde siz muňa-da kanagat etmän şeýle gyrgynçylyk niýetli ýaraglary kosmosa-da alyp çykmakçy bolup jan edýän ekeniňiz. Ine, şu zatlaryň anyklananyndan soň biziň ekspedisiýamyzyň wekilleri özüni mälim etmän yzyna dolanypdyrlar. Dogrusy, olar sizden gorkupdyrlar. Sebäbi özli-özüniň külüni göge sowurjak bolup, öz planetasyny şeýle aýylganç gurallardan dolduryp taşlan jandarlar keseki swilizasiýadan gelenleri, gör näme iş ederdiler.
Ak geýimliniň bu aýdanlary hemmedenem aýratyn professor Tal Dala üýtgeşik täsir etdi. Ol çydap oturyp bilmän söze goşuldy:
- Ezizler, siziň biziň planetamyz hakda toplan maglumatlaryňyzy hem-de häzir beýan eden pikiriňizi nädogry diýip, aýtmaga biziň hakymyz ýok. Sebäbi şeýle zatlar öz döwründe bolup geçipdir. Emma şol döwürlerden bäri geçen wagtyň içinde biziň planetamyzyň adamlary düýbünden özgerdi. Häzirki ýerliler gadymy ýigriminji asyryň adamlaryna bütünleý meňzänok. Biziň neslimiz gaty adamkärçilikli, diňe gowy niýetli adamlardyr. Häzir biziň ýerimiziň ne aşagynda, ne üstünde ýekejede çommalyp duran ýarag ýok. Ýeriň ýüzi bir bitewi jemgyýet bolup, ähli adamlar bir dogan ýaly agzybir ýaşaýarlar.
Ak geýimli professoryň sözüni bölüp, kapitan Nura tarap barmagyny çommaltdy-da:
- Bagyşlaň, gardaş, siziň diňe gowy niýetli adamlar diýeniňiziň biri-de şumy? – diýdi.
- Professor Tal Dal howlugyp jogap berdi.
- Siz ony bagyşlaň, ezizim. Ol biziň kapitanymyz. Ol örän gowy adam. Onuň lazer toplary barada diýip goýbereni bolsa ýesirlikden gutulmak üçin atylan bir boş haýbatdan başga zat däl. Biziň gämimizde hiç hili ýarag ýok.
- Onda siziň häzirki nesliňiz biziň ýaly diňe ýagşy niýet bilen ýaşaýan jandarlar-da? – diýip ak geýimli sorady.
- Edil özüňiz ýaly, ezizim. Indi biziň ellerimizi çözüň. Onsoň ylym hakda, swilizasiýalarymyzyň gazananlary hakynda pikir alyşalyň.
Ak geýimli ,,Munuň aýdýanlary dogrumyka?” diýen manyda ýoldaşyna garady. Ol bolsa:
- Muny häziriň özünde barlap göräýmeli diýip, gysga jogap berdi. Onuň ynamly jogabyna garanda bularyň planetasynda megerem älemiň ähli swilizleşen planetalarynyň geçmişi we häzirkisi barada maglumatlar bar bolmaga çemeli. Şonuň ýaly-da ol maglumatlary häziriň özünde almaga mümkinçilik berýän serişdeler hem bar ýalydy.
Ak geýimli ýoldaşynyň maslahatyny makullady. Olaryň ikisi-de ýerlerinden turup, giren ýerinden çykyp gitdiler. Olar çykanyndan otagda ajaýyp bir saz ýaňlanmaga başlady. Çar tarapdan çykýan bu täsin owaz şeýle bir şirin, şeýle bir duýgulara baýdy welin, onuň sungata höwesi kemräk adamyňam ýüregini meýmiretmejek gümany ýokdy. «Jeýhunlylar» bu sazyň täsirinden ýaňa elleriniň daňylgydygyny hem unudypdylar.
Mukam birden kesildi. Otaga ak geýimli bilen onuň ýoldaşy girdi. Olar şähdaçykdy. Hrustal reňkli gözleri şadyýan gülýärdi. Olaryň ikisem «jeýhunlylaryň» garşysyna gelip aýak çekdiler. Ak geýimli mylaýym äheňde dillendi:
- Bagyşlaň, gardaşlar. Biz bir neme öte geçipdiris. Biz häzir siz barada öz planetamyzdan doly maglumat aldyk. Hakykatdanam siziň häzirki nesliňiz öňkülere düýbünden meňzemeýän ekeni. Siz gowy niýetli adamlar ekeniňiz.
Ak geýimliniň buýrugy boýunça ,,Jeýhunlylaryň” ellerini çözdüler, skanfandyrlaryny çykarmaga kömek etdiler. Derrew ortadaky tegelek oturgyçlar aýrylyp ýerine ýumşak kürsüler getirildi. Soňra «jeýhunlylar» gyzyl-ýaşyl ýüzlüleriň arasynda dostlarça pikir alyşmaga başlanyldy.
- Siziň bilen biz älemiň dürli künjeklerinde ýaşasak hem akyl-paýhas boýunça dogandyrys, diýip, Ak geýimli myhmanlarynyň göwnüni almaga çalyşdy. –Swilizasiýalarymyz bir-birinden düýpgöter tapawut etse-de, maksadymyz bir, planetalarymyzdaky ähli doganlarymyzyň bagtly durmuşyny üpjün etmekden ybarat.
Soňra ol ýerlileri haýran galdyrýan bir zady aýtdy.
- Ýöne siziň bilen biziň bir aýratynlygymyz hem bar. Siz wagtyň içinde ýaşap, nurdan energiýa alýaňyz, biz bolsa nuruň içinde ýaşap, wagtdan energiýa alýarys. Siz muňa geňirgenmäň. Biz mundan müň ýyllar ozal wagt diýilýän zadyň hem zerresiniň bardygyny we ondan energiýa hökmünde peýdalanyp boljakdygyny bilmeýärdik. Biziň anyklamagymyza görä häzir biziň bilen ýanaşyk uçup barýan siziň gämiňiz nuruň zerresi faton bilen işleýär. Şonuň üçinem siziň ämiňiziň tizligi sekuntda üç ýüz müň kilometrden aňry geçenok. Siziň üçin tebigatda mundan ýokary tizligiň bolmagy mümkin däl. Sebäbi Nuruň zerresi fatonyň tebigy tizligi şeýle. Biziň üçin bolsa tizligiň çägi ýok. Sebäbi wagt nur ýaly mälim tizlik bilen ýöremeýär. Ol älemiň ähli ýerinde birden peýda bolýar. Şonuň üçin wagtyň zerresiniň energiýasy bilen işleýän biziň gämimiz älemiň isän künjegine islenen wagtynda ýetip barýar. Ine şeýle aýratynlygymyz bolany üçin biz älemiň kän syrlaryny sizden öň ele aldyk, köp kanunlaryny açdyk.
«Jeýhunlylar» Ak geýimliniň gürrüňini diňläp oturyşlaryna gyzyl-ýaşyl ýüzlüleriň ylymda gazananlaryna haýran galýardylar.
Ylmy-tehniki progresde siz näme üçin bizden yza galanyňyzyň sebäbini bilýänsiňiz elbetde – diýip, ak geýimli gürrüňini dowam etdirdi. – Şonuň üçin men ony aýdyp siziň ýüzüňizi gyzardyp oturmaýyn. Ýöne men özüňiz barada bir zady gaty belläsimiz gelýär. Biz turuwbaşdan ylmymyzyň güýjüni diňe parahatçylyk maksatlaryna gönükdirdik.
Ak geýimliniň sypaýylyk bilen aýdan soňky sözi ýerlilere öňki aýdanlaryndanam jaýdarrak şarpyk bolup degdi.
Öz nobatynda «jeýhunlylar» hem gyzyl-ýaşyl ýüzlülere özleri barada gürrüň bermelidiler. Emma kapitan Nur özüniň lazer toplaryny dile alyp, haýbat atanyna utanyp hälden bäri geplemän otyrdy. Onuň bu ýagdaýyny duyup oturan ak geýimli bir tarapyny ýaňsa salyp oňa söz gatdy:
- Kapitan, indi sizem gürrüň beriň. Näme maksat bilen beýle uzak ýola çykdyňyz? –ýa-da lazer toplaryňyzy ýerleşdirmäge kosmosdan ýer gözläp barýaňyzmy?
Kapitan Nur ahyry dil ýarmaly boldy.
- Men siziň kinaýaňyza düşünýän, hormatly kärdeş. Meni bagyşlaň. Biziň beýle uzak sapara çykmagymyzyň maksady düýbünden başga.
Kapitan Nur gyzyl-ýaşyl ýüzlülere ýeriň beýik Geňeşinde bolan gürrüňleri, özleriniň ene ýeri heläkçilikden halas etmek üçin täze mekan gözläp barýandyklary barada jikme-jik gürrüň berdi.
Kapitan Nur gürrüňini gutarandan ak geýimli bilen onuň ýoldaşy kanagatlanmak bilen başlaryny atdylar.
- Gadyrly gardaşlar - diýip, ak geýimli täsirli äheň bilen ýerlilere ýüzlendi. –Eger siz şeýle beýik işi amala aşyrmagyň ugruna çykan bolsaňyz onda siz hakykatdanam beýik adamlar ekeniňiz. Ýöne siziň ylmy tehniki progresi has çaltlandyryp, faton energiýasyndan wagt energiýasyna geçmegiňiz gerek. Eger sizem biziň ýaly wagtyň ganatlaryna münmegi başarsaňyz, ol işleri amala aşyrmak kyn düşmez. Biz size bu işde üstünlikler arzuw edýäris.
Şondan soň iki aradaky gürrüň uzak dowam etmedi. Gyzyl-ýaşyl ýüzlüler myhmanlaryny hezzet-hormat bilen yzlaryna ugratdylar. Kapitan Nur we onuň ýoldaşlary ,,Jeýhuna” gelip girenlerinden gyzyl-ýaşyl ýüzlüleriň gämisi gözden gaýyp boldy.
,,Jeýhun” bolsa çäksiz kosmos giňişliginde bellenilen ugur boýunça ýoluny dowam etdirdi.
soñy.
Reýimbaý SABYROW.
Mistika we fantastika