DÜNÝÄNIŇ SYRY
Kosmosyň tüm garaňky gije kimin giňişliginde «Jeýhun» atly ýyldyzara gämisi süýnüp barýar. Bu ýyldyzara gämisine «Jeýhun» diýlen taryhy adyň dakylmagy, ýigriminji asyrdan bäri geçen müňlerçe ýyllardan soňam adamlaryň Orta Aziýanyň ol beýik derýasyna bolan çäksiz hormatynyň nyşanydy. Illýumenatorlardan daş-töweregiň görnüşi gaty enaýy. Gara mahmalyň ýüzüne lagly-merjen sepilen ýaly sansyz ýyldyzlar äleminde adam özüni ýerdäkiden bütinleý başgaça duýýar. Hatda, ömrüni kosmasda geçiren adamlaram bu görnüşe biparh seredip bilmeýärler. Gäminiň Gün ulgamyndan çykanyndan bäri ýeriň hasaby bilen bir ýyldan hem agypdy. Ekipaž geçen wagty takyk belläp barmak maksadynda kosmosda ýöredilýän ýagtylyk ýyl hasaby bilen bir hatarda ýeriň ýyl hasabyny-da ýöredýärdi. Gün ýaşyp, daň atmaýan, aýlar aýlanyp, pasyllar çalşyp durmaýan ebedi garaňkylyk äleminde bu hasaby ýöretmek aňsat iş däldi. Şonuň üçinem bu wezipäni elektron hasaplaýyş maşynlaryň biri ýerine ýetirýärdi.
Gämi kapitany Nur Bar uzyn boýly, ýagyrnylak, daýaw pyýada bolup, garaýagyz ýüzi, gara jöwherli gözleri onuň aslynyň aziýalydygyna güwä geçýärdi. Ekipažyň hatarynda onuň aýaly Deýa we sekiz ýaşly gyzy Zeýa hem bardy. Ekipaž kyrk adamdan ybarat bolup, olaryň aglabasy maşgalaly astronawtlardy.
Uzak müddetli kosmos uçuşlarynda adama ähli zada, ähli kynçylyklara döz gelmek başartsa-da, iň ýakyn adamlary bilen aýralyga çydamak gaty kyn düşýärdi. Şonuň üçin ýeriň Beýik Geňeşi şeýle uzak-uzak saparlara çykýan astronawtlara maşgalasyny bile alyp gitmäge rugsat edýärdi. Bu saparda aýallar diňe ärlerine ýoldaş bolup galman, gämide belli bir wezipäni ýerine ýetirýärdiler. Olaryň her haýsy bir ugurdan hünärmendi. Kapitan Nuruň aýaly Deýa bolsa mugallymdy. Ol gämidäki ýigrimä golaý çagany ýeke ozi ähli dersler boýunça okadýardy. Gämide çagalar üçinem, ulular üçinem ähli şertler döredilendi. «Jeýhun» özüniň ösümlik we haýwanat dünýäsi, basseýni, sport meýdançasy we beýleki medeni obýektleri bilen özboluşly şäherjige meňzeýärdi. Gämide emeli grawitasiýa döredilendigi sebäpli adamlar özlerini edil ýerdäki ýaly duýýardylar
-Emeli grawitasiýanyň döredilmegi biziň eramyzyň ylmynyň we tehnikasynyň beýik ýeňişleriniň biri boldy –diýip, Deýa öz sapagynda çagalara düşündirýärdi. Çagalar özleriniň mawy gözli, ak ýüzli, tylla saçly görmegeý mugallymasynyň ähli sapaklaryny üns bilen diňleýärdiler. Zeýa bolsa ejesiniň sapaklarynda okadylýan bilimler bilen çäklenmek islemeýärdi. Garaýagyz monjuk ýalyjak bu gyzyň daş sypaty kakasyna çekse-de bilesigelijilikde kakasynyň hem, ejesiniň hem çeni-çaky däldi. Ol özüniň ýaşyna laýyk gelmeýän zatlar bilen, hatda, özüniň aslyýeti bilen hem gyzyklanýardy.
Bütin Ýer ýüzünde bir dil bolup, sosial aýratynlyklaryň bolmadyk, siwilizasiýanyň iň ýokary nokadyna ýetilen bu döwürde-de adamlar özleriniň düýp gelip çykyşlaryna gyzyklanýardylar. Kapitan Nur hem özüniň asly eždadyny gowy bilýärdi. Ol gadymy Garagum sährasynda ýaşan çarwa türkmenleriň neslindendi. Baryp mundan näçe müň ýyllar öň ata-babalarynyň ýaşap geçen Garagum sährasyny Kapitan Nury indi diňe köne arhiwlerde saklanýan kino disklerden bilýärdi. Indi ol beýik sähranyň üçden iki bölegini adamlar gür baglyga bürenip oturan çaklaňja şäherdir obalyklara öwüripdirler. Munuň beýle edilmegi çölüň gadyryna ýetilmänligi üçin bolman köne şäherleriň biçak ulalyp, ubranizasiýa şertlerinde ýaşamaklyk gaty kyn düşýänligi üçin täze durmuş şertlerine geçilmegi mynasybetli bolupdy. Adamlar ene tebigatyň döreden zatlarynyň, şol sanda çölüň hem sarpasyny belent tutýardylar. Şoňa görä-de, Garagumyň galan bir bölegini medeni zona öwürmekden el çekildi. Onuň haýwanat we ösümlik dünýäsi, hatda çägesiniň strukturasy-da gadymy ýadygärlik hökmünde gözün göreji ýaly goralyp saklanýardy.
Kapitan Nur biriji klasly alym-astronawt hökmünde Ýewropanyň orta gürpünde ýerleşýän planetanyň paýtagtynda ýaşaýanam bolsa, dynç alyş günlerini ata-babasynyň dogduk mekany Garagumda geçirmegi halaýardy. Şeýle günlerde ol özüniň howa ulagyna münüp, Garaguma tarap ýola düşerdi. Ilki bilen ol ýigriminji asyryň ikinji ýarymynda gazylyp, iki müňünji ýylyň ahyrynda kenarlary hem aşagy betonlanan Garagum kanalynyň boýuna gelip gonardy. Bu kanal soňky döwürlerde mermerden tapawut etmeýän granitli beton bilen gaplanyp, has hem gözel görnüşe girizilipdir. Onuň iki tarapynda-da ýüzlerçe kilometre uzap gidýän ajaýyp dynç alyş zonasy döredildi. Tomsuň jöwzasynda aşagyna teňňe ýaly gün düşürmeýän gadymy güjümler, serwidir palmalar bilen bir hatarda soňky asyrda botanikler tarapyndan döredilen geň-enaýy gibrit daragtlar dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan reňbe-reň güller bu ýeriň görküne görk goşýardy. Iki tarapyny şeýle ajaýyp güller we daragtlar tutup oturan giň parallel ýodalar her üç ýüz metrden çüwdürimler meýdany bilen bölünýärdi. Mermer howuzlaryň arasyndaky dürli şekildäki tylla çaýylan çüwdürimlerden göge atylýan suw göýä zer dänesi dek gözüňi gamaşdyrýardy. Eger ýeriň şu künjegine älemiň uzak burçundan aňly bir jandar gelip düşäýse, bu ýerdäki gözelligi görüp, beýle gözelligi döreden adamalaryň ýüreginde, düşünjesinde haýyrdan, ýagşylykdan başga zat ýok bolsa gerek, diýip pikir etmegi iki uçly däldi.
Emma Kapitan Nuruň öz planetadaşalary baradaky pikiri başgaçarakdy. Tehniki progresiň, medeniýetiň iňňän ýokary nokadyna ýetilen bu döwürde genetika bilen meşgullanýan adamlar adamzadyň tohumyny fiziki taýdan kämilleşdirip, agressiw häsiýete eýe bolan mikroelementlerden arassalan hem bolsalar, entek dürli häsiýetler, dürli temperamentler saklanyp galypdy. Bu şeýle hem bolmalydy. Sebäbi standart häsiýetli, bir hili niýetli, sterilnenen adamlar ýaşaýan jemgyýetiň hiç kime geregi ýokdy. Şoňa görä, bu kämil jemgyýetde-de haýyr bilen şeriň göreşi gadymy XX asyrdaky ýaly aç-açan ýüze çykmasa-da şöhratparazlyk, egoistlik, görüplik ýaly nogsanlardan saplanyp bilmedik adamlaryň päk niýetli adamlar bilen çaknyşygynda göze ilýärdi. Beýle çaknyşyklar döwre görä öz görnüşini üýtgedipdi. Indi olar ylmy çekişmeler, dürli nukdaýnazarlar görnüşinde ýüze çykýardy. Elbetde, olary hakyky ylmy jedelden, nukdaýnazarlaryň çaknyşygyndan tapawutlandyrmak şeýle bir kyn hem däldi. Ýöne şeýle-de bolsa munuň ýaly çaknyşyklarda haýryň tarapdaryna zarba urulýan mahallary-da bolýardy. Beýle zarbanyň yzasyny Kapitan Nuruň özi-de dadyp görüpdi..
Ol ýaşlygynda uly alym bolmagy öz öňünde maksat edip goýupdy. Bu ugurda ol köp ejir çekdi. Emma onuň maksady amala aşman galdy. Özüniň bile okan dosty ýazan dissertasiýasyny bilkastdan puja çykardy. Ol islese garşydaşyna bäs gelip, dissertasiýany gorap hem bilerdi. Emma özüne ýakyn adamyň beýle dönüklügi onuň elini sowatdy. Ine, şol sebäpli ol özüni astronawtika bagyşlady.
Dynç alyş günleriniň biridi. Kapitan Nur adatdakysy ýaly Garagumda, onda-da onuň çöl zonasynda dynç alýardy. Ol özüniň bu ýerde dynç alýan gününi «ýabany adama öwrülmek güni» diýip atlandyrýardy. Sebäbi ol içki balagyndan başga ähli eşiklerini çykaryp, köne ok-ýaý bilen aw awlardy. Şeýlelikde onuň bedeni, hem ruhy hem rahatlyk tapýardy. Şol güni ol aw gözläp, güýz aýynyň güneşine ýaňy gyzyp ugrap ýylyjak çägelikde ençe kilometr ýol geçdi. Elbetde, aw gyt däldi. Ýöne bu ýerde islän zadyňy atybermek bolanokdy. Kapitan Nuryň gowy görýän awy towşandy. Şeýle ýyndam, ýüwrük janaweri ýaýyň oky bilen uraýmak her ýeten mergeniň elinden gelýän iş däldi. Kapitan Nur bu işe şeýle bir ökdeläpdi welin, ol towşany gaçyryp atanynda ýaýyň oky bilen damagyny çalyp göýbererdi. Ol iki towşany awlap, goşuna geldi. Sazak ýakyp, özüniň gadymy usulda bejerilen mis tüňçesinde çaý atardy.
Towşanlaryň birini arassalap, sazagyň közünde şorja kebap bişirdi. Şeýdip, ol siwilizasiýanyň ähli gazananlaryny unydyp, hezil edip oturşyna, oýa çümdi: «Asyrlar! Garagumyň, diňe bir onuň hem däl bütün Ýer togalagynyň üstünden geçen asyrlar adamzadyň durmuşynda gör nähili özgerişler etdi. Ine, şu beýik sährany söküp, gadymy Merwden Ürgenje gatnan düýeli kerwenleriň döwründen bäri adamzat näçe unudylmaz wakalary, hiç haçan ýatdan çykmajak harasatlary başyndan geçirdi. Şol aralykda näçe gezek dünýäniň ykbaly gyl üstünde galdy. Ana, şonda akyl-paýhasyň gudraty gara güýçlerden rüstem gelmedik bolsa, adamzadyň, tutuş Zeminiň kysmatynyň çepbe çöwrülmegi iki uçly däldi. Akyl-paýhas! Adamzadyň asyrlardan-asyrlara ýoluny ýagtyldyp gelýän ajaýyp şamçyrag!
Akyl-paýhas güýjüne daýanyp, adamzat ine şeýle beýik siwilizasiýany döretdi. Indi adamlar üçin kosmos giňişliginde bir planetadan ikinji planeta barmaklyk düýeli kerwenleriň Marydan Hywa aşmagyndan hem aňsat boldy. Emma adamzadyň häsiýetindäki bir zat öz serhedini, gözýetimini, özüne tabyn ýerleri giňeltmeklige bolan höwes üýtgemän galdy. Bu höwes juda gadym zamanlarda at bilen, gylyç bilen amala aşyrlan bolsa, indi tizligi ýagtylygyň tizligine golaý faton kosmiki gämileriniň kömegi bilen amala aşyrylýardy.
Isgenderdir Çingiz han hem, Temurleňdir Napalýon hem öz ýurdunda, öz köşgünde şalara mahsus bolan eşretde ömrüni geçirip bilerdiler. Emma beýle bolmady. Olary şol höwes öz ýerinde, öz ýurdunda oturtmady, ýüz müňlerçe leşger bilen çöl söküp, dag aşyp özge ýurtlara goşun çekmäge, biriniň zadyny özünüňkä öwürmek üçin gan dökmäge mejbur etdi. Siwilizleşen dünýäde bolsa bu höwes başgaça ýol bilen kanagatlandyrylýan boldy. Ýer ýüzünde alynmaly, goýulmaly ýurt galmady. Hemmesi bir merkeze tabyn edildi. Indi adamzat özüniň dogduk mekany-Ýer togalaynyň üstünde oňup bilmedi. Ol çäksiz kosmos giňişligine çykdy. Ilki-ilkiler ýörjen-ýörjen çaga ýaly öz planetasy-Ýeriň orbitasynda aýlandy. Kem-kemden Marsdyr Ýupiter ýaly goňşy planetalara bardy. Olary özünüňki edip dyndy. Faton tehnikasynyň döredilmegi adamzadyň işdäsini has açyp goýberdi. Ol faton kosmiki gämilerine münüp Gün ulgamyndan daşa çykdy. Indi ol galaktikanyň şa ýollary bilen ýyldyzlar älemine ugur alýar. Öz häsiýetine görä, adamzat munuň bilen hem çäklenmez. Ol hökman älemiň serhetlerini tapmaga dyrjaşyp başlaýar. Alymlaryň anyklaýşyna görä, giňelýän älemiň serhetleri, çägi bolsa-da, adamzadyň islegi ymtylyşy çäksizdir. Sebäbi ol gazanylan üstünlik nähili ägirt bolmagyna garamazdan, ýene täze-täze üstünliklere, ýeňişlere tarap ymtylmagyny bes etmeýär, Adamzat ozaldan şeýle, hemişe-de şeýle bolup galar!
Gapdaldaky aragatnaşyk enjamynyň ,«pip-pip-pip-pip» edýän gysga, çasly signaly kapitan Nuryň oýlaryny böldi. Ol enjamyň ses düwmwsini basdy. enjamdan tanyş ses eşdildi: «Kapitan Nur Bar! Kapitan Nur Bar! Siz nirede bolsaňyzam şu gün agşam sagat on sekizde başlanjak Beýik Geňeşiň adatdan daşary mejlisine ýetip gelmelisiňiz!»
Kapitan Nur birden ykjamlandy, aýaga galdy. «Alla janlaym, näme waka ýüze çykdyka? Beýik Geňeşiň mejlisi ýaňy-ýakynda bolup geçipdi. Onuň müňdenem köpüräk, dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan agzalaryny ýene-de ýygnamak nämä gerek bolduka?» diýip, ol içini gepledýärkä, çalasynlyk bilen geýindi. Goş-golamyny ýygnaşdyryp, maşynynyň ýanyna geldi. Gapynyň düwmejigini basdy, gapy ýuwaşlyk bilen bir gapdala süýşdi. Ol ýadowam bolsa, çalasynlyk bilen maşyna böküp mündü-de, özüni sürüjüniň ýumşak kürsüsine atdy. Sagadyna seretdi. Ýene-de iki ýarym sagatdan gowurak wagt bardy. Wagt ýeterlikdi. Garagumdan planetanyň paýtagtyna çenli kapitan Nuryň howa maşyny ýarym sagatdan köp uçanokdy. Şoňa görä, ol gyssanmaç geýnip ýola çykanyna birneme ökündi. Entek sazagyň odunyň başynda oturyp, ýene ýarym sagat keýp çekmäge wagt bardy. Çünki elin bişirilen kebap bilen gök çaýyň lezzeti diýseň başgaçady. Uly şäherlerdäki lýuks-restoranlarda bişirilýän islendik delikates naharlardan hem lezzetliräkdi.
Ol ýaltanan ýaly ýuwaşlyk bilen uçyş düwmejigini basdy. Maşyn ýeňil silkinip, howa göterildi. Ol ugry dogrulap , tizlik ryçagyny süýşürdi. Maşyn howalanyp sesiz süýnüp gitdi. Ol kürsüde has oňaýly oturdy. Ýumşak kürsi onuň ýadaw tenine rahatlyk berýärdi. Agzyndan bolsa sazagyň közüne bişirilen şorja kebabyň tagamy henizem gidenokdy.
Kapitan Nuryň garaýagyz ýüzünde kinaýaly ýylgyryş peýda boldy. Agzyndaky hoş tagam zerarly entägem işdäsi açyk kapitanyň serine gelen pikirler ony adamzadyň käbir ejizlikleriniň üstünden güldürýärdi. Hawa, adam pahyr garny, diýip näçeme ejirler çekmäge mejbur bolýar. Ol şol zerarly ekin-dikin edýär, mal bakýar, bir giden azyk senagatyny işleýär. Garaz, gymmatly wagtynyň deň ýarysyny şoňa sarp edýärdi. Emma, garyn doýurmak näçe kyn hem bolsa, şony dogry edýär. Sebäbi adamzat ilki dörän döwründen başlap, gara garnynyň ugrunda ylgapdyr. Şony doýurjak bolup dürli haýwanlar bilen söweşipdir, oýlanyp zähmet gurallaryny döredipdir. Şeýdip kem-kemden akyl derejesine daýanyp, azyk diýilýän zatdan ýüz döndermekçi hem boldy. Has dogrusy, belli bir döwrüň içinde ýüzem dönerdi. Ol bir tabak tebigy naharyň ýokumlylygyny berýän ululygy noýba ýalyjak gerdejikleri hem oýlap tapdy. Şol hili gerdejikler bilen adamzat bir asyra golaý wagt güzeran geçirdi. Azyk bazasyny döretmäge sarp edýan güýjüni başga ugurlarda peýdalanmakçy boldy. Emma belli bir döwürden soň adamzadyň gylla ýarysy işsiz galdy, has beteri, gerdejikler asyrynda adamlaryň durmuşa garaýşy özara gatnaşyklary düýpgöter özgerdi. Birek-birege bolan mähir-muhabbetiň, hormatyň ýerine gurak, tehnokratiki gatnaşyklar eýeledi. Bir ýagşysy, adamzat ýalňyşyny öz wagtynda duýdy. Ýene assa-ýuwaş tebigy azyklyk önümleri bilen iýmitlenmek kadasyna dolandy. Ýene-de gazanlar gaýnap, saçaklar ýazyldy. Adamlaryň arasynda duz-tagam gatnaşyklar başlandy. Indi «Gerdejikler asyry» bir wagtlar bolup geçen uzak taryhy döwüre döndi. Eger şeýle bolmadyk bolsa Kapitan Nur hem häzirkisi ýaly awa çykmak, sazagyň közüne aw etinden kebap bişirip iýmek ýaly lezzetlerden mahrum bolardy. Aw-şikar! Adamyň aw awlamaga bolan höwesi nireden gelip çykan? Bir garaýyşda bu zat wagşylyk ýaly bolup görünýär. Emma şonda-da, adamyň aňy, akyl-paýhasy iň ýokary nokada ýeten häzirki döwürde-de bu «wagşylyga» bolan höwes ýitip gidenokdy. Näme üçin? Sebäbi, aw-şikar diýilýän zat ilkinji dörän adamyň durmuş zerurlygy bolupdyr. Ol daş bilen taýak bilen aw awlap güzeranyny dolapdyr. Müňýyllyklara çeken bu döwür, elbetde, adamzadyň aňynda, duýgularynda öçmez-ýitmez yz galdyran bolmaly. Şoňa görä, bu zat nesillerden nesillere genleriň üsti bilen özboluşly höwes bolup geçip gelipdir. Dogry, indi aw awlamak, şikara çykmak düýeli kerwen döwründäki ýaly meşhur güýmenje däl. Emma şonda-da ol häzirki adamlaryň aglabasynyň ünsüni özüne çekýän gyzykly güýmenje hasaplanýar. Bu bolsa adamzadyň hiç-haçan öz gelip çykyşyndan ýüz döndürip bilmejekdigine güwä geçýär. Kapitan Nuryň oý-hyýallary uzak geçmişiň dürli künjeklerine aýlanyp ýene-de häzirki real durmuşyna dolandy. Onuň howa maşyny paýtagta golaýlaşyp barýardy. Menziline golaýlaşdygysaýyn, onuň ünjüsi artýardy. Şu günki Beýik Geňeşiň adatdan daşary mejlisine özüniň beýle gyssagly çagyrylmagy hem-de oňa serediljek mesele kapitan Nury örän gyzyklandyrýardy hemem alada goýýardy.
Tutuş planetanyň paýtagty hasaplanýan beýik şäher, gözýetimde howalanyp göründi. Kapitan Nur her gezek bir ýaňa gidip gaýdanynda, özüniň howa maşynynda, şäheriň üstünden uçup geçýärkä ýaş çaga ýaly tolgunýardy. Reňbe-reň usulda gurulan ajaýyp ymaratlar, gözel meýdanlar, suwy göge zer bolup atylýan çüwdürimler adamzat hem-de döredijilik güýjüniň taýsyzlygyna güwa geçip, kapitan Nuruň kalbynda bir enaýy buýsanç döredýärdi.
Kapitan maşynyny şäheriň çetinde ýerleşen öz ýaşaýan jaýynyň üstünde gondurdy. Onçakly beýik bolmadyk beýle ýaşaýyş jaýlarynyň tamynyň üsti şahsy howa maşynlary üçin gonalga hökmünde hyzmat edýärdi. Ol ýerden lift bilen islän gatyňa düşüp bolýardy. Kapitan Nur aw haltasyny eline alyp, lifte müneninde-de şu günki boljak Beýik Geňeşiň adatdan daşary mejlisi hakyndaky pikir serinden aýrylmady. Ol öz ýaşaýan gatyna düşüp, öýüniň gapysynyň öňüne geleninde gapyny açýan awtomat, näme üçindir işlemedi. Şonuň üçin ol elektron jaňyň düwmesini basdy. Bir salymdan onuň aýaly Deýa gapyny açdy.
-Awtomat işlemedi, şonuň üçin seni azara goýaýdym, bagyşla Deýa –diýip, kapitan Nur aýalyndan ötünç sorady.
- Gapy açandan bir azar bormy, bu awtomatlar adamy adamçylykdan çykaryp barýa, ähli zady olar etmeli. Öý-hojalyk işinde aýallar üçin güýmenmäge zat galmady, maňa galsa şu artyplaryň işlemäni gowy – diýip, Deýa zeýrendi. – Ýogsa-da, aw ganly bolsun!
- Aw bar-la. Ýöne kadadan çykmak bolanok. Atanym ikije towşan-diýip, Nur aw haltasynyň agzyny çözüp, ondan bir bütin hem-de arassalanan ýarym towşan çykardy. -Wä! Bularyň biriniň ýarysy gaçyp gidipdyr-a, özüniňem öň tarapy. Towşanyň öň aýaklary ýüwrük bolýa-da-diýip, çyna berimsiz äheň bilen aýalyna degişdi.
-Wah-eý, towşanjyk pahyr! Onuň nirä gaçanyny bilýän-le, ol sazagyň közünden gaçyp sen garnyna girendir- diýip, äriniň degişmesine degişme bilen jogap gaýtardy.
- Bildiň-aýt – diýip, kapitan Nur aýalynyň ýüzüne ýylgyryp seretdi. - Sazagyň közüne bişirip iýen kebabymyň tagamy henizem agzymdan gidenok. Bileje gideli diýenimde etmediň-dä, giden bolsaň heziller ederdiň. Men-ä gaty oňat dynç aldym.
Deýanyň synçy nazary äriniň ýüzünde saklandy:
- Oňat dynç aldym diýýän, ýöne göwnüme bolmasa ýürejigiňde bir ünji bar ýaly.
-Eger sen ony duýýan bolsaň, hakykatdanam ünjümiň bardygy.
- Ol nämäniň ünjüsi, Nur –diýip, Deýa aladaly sorady.
- Şu gün agşam sagat on sekizde Beýik Geňeş adatdan daşary mežlis geçirjekmişin, meni şoňa gyssagly çagyrdylar, ýogsam entek gelmezdim.
-Şeý diýsene, ol nähili adatdan daşary mejliskä? Onda haýsy meselä serediljek-kä? - diýip, Deýa has gyzyklanyp sorady.
-Menem bilemok, Deýa, bilýän bolsam beýle ünjä galmazdym-diýip, Nur gysgajyk jogap berdi. -Ýogsa-da Zeýanyň çagalar bagyndan gelýän wagty bolanokmy? Ol görenenok-da.
-Wiý, hälden saňa aýtmak ýatdan çykaýypdyr – diýip, Deýa ärine ötünç soraýan ýaly seretdi. - Çagalar bagy Aýa syýahat gurapdyr, seniň gideniň yz ýanyndan maňa jaň etdiler. Menem razylyk berdim, kosmodroma baryp ugradyp hem gaýtdym, olar indi ertir gaýdarlar. Näme diýsene, Nur ýaňy ýadyma düşdi. Hälki kosmodroma çagalaryny ugratma baran aýýallaryň arasynda-da Beýik Geňeşiň şu günki mejlisi hakynda «hyşy- wuşy» gürrüň edilýärdi. Olar ,, Adalatdan daşary gizlin bir meselä serediljekmişin” diýip, gürrüň edýärdiler. Men-ä muňa gaty geň galdym. Sebäbi biziň zamanymyzda halkdan gizlin zadyň bolmagy mümkin däl. Aýalynyň bu sözüni eşidenden soň, kapitan Nuryň gaşy çytyldy. Gyzynyň Aýa uçanymy, ýa-da, Beýik Geňeşiň mejlisi hakynda ilat arasynda myş-myş ýaýranynamy-haýsyna onuň tukatlananyny bilip bolanokdy. Ol esli salym dymyp otyrdy-da, soňra ýuwaşlyk bilen dillendi.
-Biziň gadymy ata-babalarymyzdan galan bi nakyl bar, ,,Hemedan daş bolsa-da, kädilik ýakyn” diýipdirler olar, şol aýdylyşy ýaly Beýik Geňeşiň mejlisiniň başlanmagyna köp wagt galanok, menem suwa düşüp, eşiklerimi çalşyraýyn. Bararys, göreris, diňläris, hemmesi belli bolar.
Kapitan Nur Beýik Geňeşiň mejlisler köşgüne gelip ýeteninde mejlisiniň başlanmagyna on minuda golaý wagt bardy. Beýik Geňeşiň äpet şar şekilinde ap-ak emeli mermerden gurulan ajaýyp köşgi her sapar bu ýere geleninde kapitan Nuryň kalbynda ýakymly duýgy döredýärdi. Bu duýgy döwrüň biçak gözel arhitekrurasyna guwanmak duýgusydy. Köşgüň mejlisler zalynyň öňündäki giň eýwanda kapitan Nur özüniň birnäçe tanyşlaryna duşdy. Emma mejlisiň başlanmagyna wagtyň az galandygy sebäpli ol olaryň hiç haýsysy bilenem saglyk-amanlyk soraşmakdan aňry geçmedi. Kapitan Nura bu ýerde gabat gelenleriň hiç biriniňem gürleşip, pikir alyşmaga meýilleri ýokdy. Hemme kişiniň ýüz-gözünde üýtgeşik bir alada görünýärdi. Emma mejlisler zalynyň gapysyndan girip barýarka kapitanyň egnine biri elini taşlady. Ol gaňrylyp yzyna seredende dissertasiýasyny puja çykaran özüniň köne tanyşy Gem Demi gördi.
-Işler neneň, ezizim Nur! -diýeninde Demiň ýuka dodaklarynda ajy ýylgyryş peýda boldy. Kapitan Nur professor Demiň özüne garaýşyny, aralaryndaky köne kinäni unutmandygyny gowy bilse-de, onuň şu pursatda beýle ýakymsyz ýylgyrmagynyň sebäbini düşünmedi. Kapitan Nur Gem bilen bir mekdepde okady. Mekdep ýyllarynda ol uzyn boýly sary ýagyz bu oglany erbet görenokdy. Akdemýada bile okanlarynda hem, ony halaýardy. Emma ylmy işe baş goşup başlanlarynda olaryň arasy bozuldy. Gem Nuryň ylymda öňe gitmegini, alymlyk derejesini öň almagyny halmaýandygyny aç-açan bildirdi. Olaryň ikisiniňem ylmy işi wagtyň kosmiki giňişlik çäkleri barada-dy. Bu mowzugy Nur ymykly işläp täze paradoksal, emma ylmy taýdan esaslandyrylan gipotezany orta atdy. Gem bolsa Nuryň bu batyrgaý gipotezasyny puja çykarmak üçin käbir pyssy-pujurlykdanam gaýtmandy. Ol Nuruň dissertasiýasynda öňe sürlen pikiriň täzelik däldigini, bu pikir mundan bir ýüz elli ýyl öň başga bir alym tarapyndan beýan edilendigi, iň beteri şol döwürde bu gipotezanyň ylmy taýdan esassyzdygy subut edilip, puja çykarlandygy barada ýörite çykyş edipdi. Şondan soň bu meseläni barlap görmek üçin ýörüte topar düzüldi. Ýüz elli ýyl öň bolup geçen zadyň dogry ýa-da nädogrydygyny anyklamak aňsat däldi. Topar bir näçe aýyň dowamynda arhiwlerde iş geçirdi. Emma şu mowzukdaky dissertasiýany-da ony inkär edýän ylmy tezisi-de tapmady. Diňe şeýle mowzukda dissertasiýa goralandygy barada protokol tapyldy.
Çak edilşine görä, ol protokol hem Gemiň eli bilen ýasalan galp protokoldy. Bu wakadan soň Nur ylmy işden sowap, kosmonawtika bilen meşgullandy. Özüniň egilmez gujur-gaýraty, ötgür zehinine daýanyp, bu ugruň ökde hünärmeni we kosmos gämilerini uzak ýollara alyp çykýan kapitan bolup ýetişdi. Beýik Geňeşiň agzalygyna saýlandy. Gem Dem hem her edip, hesip edip ulakan alym hökmünde tanaldy. Indi olam Beýik Geňeşiň agzasy. Geň galaýmaly: ykbal diýilýän zat şu zamanlarda-da ýagşy bilen ýamany kän bir saýgaryp duranok. Käte ýagşynyň hatarynda ýamana-da bagt hödür edýär!
Şu wakalardan soň kapitan Nur bir sapar duşanlarynda Geme şeýle diýipdi:
-Biziň ata-babalarymyz ýeriň ýüzünde jetleşikli bäsdeşligi ýok edip, onuň ýerine adamkärçilikli ýaryşy döretdi. Emma şondan bäri gaty kän wagt geçse-de, biz käbir adamlaryň ýüreginden görüplik-bahyllyk ýaly erbet häsiýetleri ýok edip bilmedik.
Häzir kapitan Nur köne dostunyň ajy ýylgyrşyna serdip özüniň şol aýdan sözüni ýatlady. Emma oňa salhatlylyk bilen jogap berdi.
-Işlerim gül ýaly, dostum.
Kapitan Nur bilen professor Gem tirkeşip mejlisler eýwanyna girdiler. Eýwan gadymy amfiteatr şeklinde gurlan bolup, Geňeşiň agzalarynyň hemmesi biri-birini görüp, eşidip oturar ýaly mümkinçilik döredilendi. Olar gyssagly baryp öz ýerlerinde oturdylar. Mejlisiň başlanýandygyny habar berýän gulaga ýakymly jaň ýaňlandy. Äpet eýwany dolduran mähelläniň bar ünsi ortadaky Beýik Geňeşiň başlyklary oturan ýere çekildi. Beýik Geňeşiň agzalary tarapyndan saýlanylan bir näçe başlygy bolup, her mejlisde olaryň biri ýolbaşçylyk edýärdi. Oturan ýerine garanda şu günki mejlise meşhur alym Ap Tap ýolbaşçylyk etmelidi. Ol nurana ýüzüne gelşip duran gar ýaly ap-ak saçlaryny sypap ýerinden galdy, we üýtgeşik mylaýym, emma hökümli ses bilen söze başlady:
-Beýik Geňeşimiziň hormatly agzalary! Şu günki adatdan daşary mejlisiň çagyrylmagy ýöne ýere däl. Serediljek mesele gaty möhüm, şonuň bilen bilelikde bu mesele gizlin. Ol entek hiç bir habar beriş serişdeleriniň hiç birinde habar berilmeli däl, tele ýaýlymlar arkaly-da berilmeli däl. Ýatladýaryn, Beýik Geňeşiň agzalary-da ony syr saklamaga borçludyrlar...
Hemmäňize mälim bolşy ýaly, biz adamzadyň diňe bir şu günki ýa-da ýakyn gelejegi üçün alada etmän, mundan müň ýyl soňky ykbaly barada-da oýlanmaga, alada etmäge borçludyrys.
Başlyklyk edijiniň sözleriniň manysyna äheňine bar ünsüni berip oturan kapitan Nuryň arkasynda garynja ýörän ýly ini jümşüldäp gitdi. ,,Allanjanlarym ol nämäniň gürrüňüni etjek bolýarka? Başlaýşy-ha gaty üýtgeşik... “ diýip, ol içini gepledýärkä başlyklyk ediji giriş sözüni tamamalap meseläniň özüne geçdi:
-Biziň Gün Akademýamyzyň uzak wagtlap alyp baran ylmy-barlag işleriniň netijesi jemlendi. Ol begendiriji däl. Soňky döwürde biziň ýagtylyk we ýylylyk çeşmämiz bolan Günüň jümüşündäki prossesler düýpgöter üýtgedi. Bu ýerde oturan adamlaryň aglabasy alymlar. Şonuň üçinem siz meniň soňky sözlerimiň manysyna gaty gowy düşünýän bolsaňyz gerek. Hawa, tebigat öz kanunlaryny ähli ýerde ýöredýär. Nämäniň başlanyşy bolsa, onuň soňy hem bolmaly. Dialektika şeýle. Hiç bir ot ebedi ýanmaz. Bu kanun biziň Günümiz-de degişli. Ine, şonuň üçin hem Beýik Geňeşiň şu günki adatdan daşary mejlisinde seredilýän mesele, iňňän gizlin bolup, ol halkyň ýüregine howatyr, howsala salmaly däl. Entek wagt kän. Gün öz energiýasyny doly ýitirip, bize hyzmat etmegini bes edýänçä, biz şu tehnikamyz, şu ylmymyz bilen adamzady heläkçilikden gutarmaga ýetişeris. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Gün energiýasyny ýitirdigisaýyn göwrümi ulalyp gyzyl köze dönüp barar. Ahyrynda ol gyzyl gigant Ýerimize has ýakynlaşyp ony demir ýaly gyzdyrar ummanlar bolsa edil gazan ýaly gaýnar. Diýmek ýeriň ýüzünde adamzada ýaşamak üçin hiç hili mümkünçilik galmaz. Gün ulgamyndaky başga planetalaryň ýagdaýy-da biziňkiden gowy bolmaz. Şoňa görä, biz nätmeli?! Elbetde, Gün ulgamyndan çykyp gitmeli bolarys, diýmek adamzat başga ulgama ewakuwasiýa edilmeli. Ynha, bu iňňän kyn wezipäni amala aşyrmak üçin bir giden çäreleri işläp düzmeli. Bu çäreler nämelerden ybarat? Ilki bilen biz başga Gün ulgamyndan on bäş milliýarda golaý adam ýerleşip ýaşap biljek, tebigy şertleri biziňkä meňzeş planetany gözläp tapmaly. Ikinjiden şonça adamy täze planeta göçürmek üçin transport seridşdelerini döretmeli. Ynha, esasan şu iki meseläni çözmek, üçin gaty kän akyl-paýhas gerek. Şoňa görä, Beýik Geňeşiň agzalarynyň ählisi şol iki meseläni çözmek baradaky çäreleri işläp düzmäge çekiljekdir. Şonuň bilen men sözümi gutarýaryn, häzir şu mesele bilen öňüräkden tanyş bolan hem-de şu günki mejlise öz pikir we tekliplerini taýarlap gelen Gün Akademýasyndan alty sany alymyň nutuklary diňlenjek. Soňra şu nutuklar boýunça erkin çykyp geplemeler bolar.
Başlyklyk ediji çykyş üçin alymlaryň birine söz berip, özüni kürsüsine goýberdi. Kapitan Nur sag ýanynda oturan professor Gemiň ýüzüne seretdi. Onup ýüzi ak daşa dönüpdi. Nur onuň böwrüne ýuwaş dürtdi-de: «Gem, sen gaty ir namartlaýaň-la. Bu aýdylýan gürrüň biziň neslimiziň döwründe boljak däl, ahyryn»-diýip, kinaýaly ýylgyrdy. Gem gözünden ullakan äýnegini alyp elýaglygy bilen ýüzüniň derini syrýarka:
- Men özümiň däl, geljekgi nesillerimiziň gaýgysyny edýän- diýip hüňňürdedi.
-Berekella - diýip , Nur onuň arkasyna kakdy. Muňa Gemiň gahary gelip, dym-gyzyl boldy. Şundan soň kapitan Nur oňa başga zat diýmedi. Ünsüni çykyp gepleýänleriň sözlerine berdi. Ilkinji çykyş eden alym esasan adamzada täze mekan bolup biljek planetany haýsy koordinatlardan gözlemelidigi barada gürrüň edýärdi. Ondan soňky çykyp geplän täze planeta gözläp, wagty ýitirip artykmaç energiýa sarp edip ýörmegiň geregi ýokdugy, öň açylan planetalaryň iň amatlysyny saýlap almak boljakdygy barada durup geçdi. Bu iki nutukdan soňra çykyp geplemeler başlandy. Ol juda dartgynly hem-de jedelli geçdi. Söze çykanlaryň bir topary öň açylan planetalaryň tarapdary bolup gürleseler; ýene bir topary bu pikire garşy çykyp, ol planetalaryň hiç haýsynyň hem juda bir amatly däldigi, olaryň Gününiň hem ömri biziň günümizden uzak däldigi, şonuň üçin zähmet çekilenine görä, gowsundan-gowsuny gözläp tapmak barada gep nokatladylar. Şonuň bilen mejlis özüniň şu günki işini tamamlady. Ertirki mejlis ir sagat sekize bellenildi. Kapitan Nur öýüne geleninde agşam sagat onbire golaýlapdy. Deýa onuň otaga girmegine-de howlugyp, dälizde soraga tutdy:
-Nur, eýgilikmidir?! Mejlisde haýsy meselä seredildi?
Kapitan Nur entek mejlisde edilen gürrüňleriň täsirinden gutulyp bilmändi. Öýe geleninden aýalynyň şeýle sowal berjegini bilýänem bolsa, oňa näme jogap berjekdigi barada oýlanmandy. Şonuň üçin ol bir bada oňa näme diýjegini bilmän ýaýdandy.
-Saňa näme diýsemkäm, Deýa... Umuman, mejlisde seredilen meseläniň saňa geregi ýok. Gowsy, sorama, men ony aýdyp biljek däl.
Kapitan Nuryň beýle jogabyndan soň, Deýanyň bilesigelijiligi beter artdy.
-Beý, näme üçin aýdyp biljek däl? Köne zamanlarda ýer ýüzünde dürli döwletler barka, döwlet syry, harby syr, diýilýän zatlar bolýan ekeni. Biziň zamanymyzda nähili syr bolup biler?
Kapitan Nur kibtini gysdy. Biziň zamanymyzda-da syr saklanylmaly zatlar bolýan ekeni, Deýa. Şonuň üçin haýyş edýän, menden başga hiç zat sorama. Gowsy maňa bir stakan kofe ber, ýadadym, kofe içsem ýadawlygym aýrylar....
Häzir ärinden gep alyp bilmejekdigine Deýanyň gözi ýetdi.
Geplemän aşhanasyna girip gitdi. Nur hem uly otaga geçip, özüni ýumşak kürsä atdy. Kürsüsini otagyň bir burçundaky tele ekrana bakan aýlady. Tele ekranda Marsdaky atom elektrostansiýasynyň ýyladyşhanalarynda ösdürülip ýetişdirilen suptropik miweli ösümlükleriň hasylynyň ýygnalyşy barada reportaž görkezilýärdi. Kapitan Nur tele ekrana biparh seredip otyrdy. Sebäbi onuň beýnisinde başga oýlar, başga pikirler at salýardy. Ol şu günki mejlisde seredilen mesele hakda öňem oýlanýardy. Haçanam bolsa adamzadyň şu problema bilen ýüzbe-ýüz boljagyny bilýärdi. Emma ol bu hakda oýlananda ony öz nesiliniň döwründe çözmeli bolar diýip ol hakda pikir hem etmeýärdi... Bu problema entek daşrakda, ony bizden soňky nesiller çözmeli bolarlar, diýip çak edýärdi. Emma oslanmadyk ýerden, ine şu gün bu mesele orta atyldy.
Näme üçin beýle tiz? Hakykatdanam Günüň bize hyzmat edýän müddeti gutaryp barýarmyka? Şeýle bolýan bolsa biziň ygtyýarmyzda näçe wagt galdyka? Ýaňy mejlisde başlyklyk ediji, entäk gaçara-kowara wagt bar diýip aýtdy. Emma bu wagt anyk aýdylmady. Hiç kim bu hakda sorag hem bermedi. Sorag berilende-de aýdylmazdy. Sebäbi esasy syr saklanmaly zat hem şol!
Deýa iki stakanda kofe göterip girdi.
-Nur, kofe ýadawlygyň aýyrar weli, ukyňy gaçyrar.
Nur geplemän stakanlaryň birini alyp, onuň içindäki altyn çaýylan çemçäni aýlap başlady. Aýaly oňa ýene söz gatdy:
-Nur, seň şu günki bolşuň-a üýtgeşik.
-Üýtgeşik dagy däl, göwnüňedir.
Deýa Nur kofesini içip bolýança bilesigeljiligini kanagtlandyrjak bolup, her hili edip gördi. Bolmady, Nur Beýik Geňeşiň mejlisinde seredilen mesele barada dil ýarmady. Är-aýal ýatylýan otaga geçip, goşa krowada çykanlaryndan soň hem Deýa ýene bir synanşyk etdi. Ol äriniň boýnundan gujaklap, aýratyn bir mähir bilen saçlaryny sypalady... Nur biygtyýar ýylgyrdy. ,,Bu aýallar ýene-de müň ýyldan soňam şunlugyna galarlar diýip, ol içini gepletdi. Onýança Deýa hereket bilen başlan maksadyny sözde beýan etdi:
-Ezizim Nur, ikimiziň aramyzda nähili syr bolup biler?! Ikimiz bir jan, bir ten diýen ýaly ahyryn.
Kapitan Nur aýalynyň äheňine laýyk äheň bilen jogap berdi:
-Ezizim Deýa, senem düşünsene. Bu syr meň syrym däl. Ol Beýik Geňeşiň syry. Şonuň üçin ony saňa aýtmaga hakym ýok.
Deýa gahar eden kişi bolup, arkasyna öwrülip ýatdy:
-Aýtmasaň, aýtma. Men ony barybir bilýän.
-Bilýän bolsaň, aýt. Men onuň dogry ýa nädogrudygyny aýdaýyn.
Deýa ýene bärsine öwrüldi, tirsegine galdy:
-Aşakky gatda ýaşaýan ol astronawtyň aýalyndan hemmesini eşitdim... Onuň äri golaýda uzak sapardan geldi -diýip, Deýa pyňkyryp göýberdi.
-Munuň nämesi gülküli? -diýip, Nur aýalynyň ýerliksiz gülküsiniň sebäbini sorady.
-Näme diýsene, öň ol aýal ärinden ýigrimi ýaş dagy kiçi ekeni. Özem, ,, Ärim menden pylança ýaş uly, meň deňim däl” diýip zeýrenýän ekeni. Indi bolsa ol ärinden on ýaş uly bolup galypdyr. Kosmosda, uly tizlikde geçýän wagt bilen ýerde geçýän wagtyň tapawudyna seret-le! Äri hem aýalynyň nägileligini aňan bolmaga çemli, ýaşyny aýalynka deňlejek bolup ony özi bilen bile alyp gitmändir. Ýere dolanyp geleninden soň görüp otursa netije onuň isläninden has artyk bolupdyr.
Kapitan Nur aýalynyň gürrüňini üns berip diňledi. Emma esasy aýdylmaly zat galyp, gürrüňi başga tarapa sowup goýbereni üçin aýalyna igendi:
-Ýeri sen indi ärinden on ýaş uly aýaldan näme eşitdiň? Şony aýt!
Ol aýal senden gowy bilmez ahyry. Özüň aýdaýsana... Bolýar, bolýar gözüňi alartma, aýdaýyn. Onuň aýtmagyna görä, älemiň uzak bir burçunda biziňkä düýbünden meňzemeýän bir siwlizasiýa ýeriň koordinatlaryny anyklapmyşyn. Olar bir näçe kosmik gämilerde, bize tarap gelýärmişin. Olaryň näme niýet bilen gelýäni belli dälmişin. Şonuň üçin Beýik Geňeş olara garşy uruşmaly bolaýsa, ýarag-enjam taýýarlap goýmak barada pikir edýärmişin. Şu günki sereden meseläňizem ine şol bolmaly. Beýik Geňeşiň agzasy bolan kişi bolup, senem menden syr saklajak bolýaň.
Kapitan Nur oýunlyga salyp, aýalynyň owadan burnuny gysdy-da şeýle diýdi:
- Seniň şol adýan aýalyň beýnisinde akyl diýen zat bolanynda özünden ýigrimi ýaş uly ärinden on ýaş uly bolup oturmazdy. Sapara äri bilen bileje giderdi, Kosmos tizliginde geçýän bir sagat wagtyň ýerde geçýän onlarça sagada deňdigini indi birinji synpyň çagalary hem bilýär ahyryn. Şeýle bolansoň sen ol aýalyň gepine ynanyp ýörme. Beýik Geňeşiň mejlisinde beýle meselä seredilenok.
Deýanyň lapykeç boldy. Ol näme diýjegini bilmän bir salym dymyp ýatdy.
- Ol däl bolsa, başga bir ,,myş” bardy. Şodur onda.
-Näme ,,myş?”
-Beýik Geňeş maşgala, aýal-erkek gatnaşyklaryna-da seretjekmişin diýýäler.
- Onuň nämesine seretmelimişin?
-Käbir adamlar, ynha, ikimiz ýaly maşgalanyň köne formasyny ýagny nikaly formasyny saklaýarlar. Käbir adamlar bolsa azat şähsyýet hökmünde erkin gatnaşyklar edýärler. Olardan önen çagalar hem jemgyýetçilik jaýlarynda terbiýelenilýär. Bir bütewi jemgyýetde beýle iki hili formanyň bolmagy mümkin däl. Beýik Geňeş olaryň birini seçip alyp, şony-da ýaşaýşyň mejbury formasy edip girizjekmişin diýen gürrüň bar.
-Muny haýsy samsyk aýtdy? Ýadyňda berk sakla. Beýik Geňeş hiç haçan hiç zady adamlaryň boýnuna mejbur edip dakmaz. Biziň zamanymyzda, şahsyýet bütinleý erkindir. Ýöne ikimiziň öňki ýaly ýaşaýşyň gulçulyk formasy hem ygtyýarlydyr, ýagny men öz ygtyýarym bilen seniň guluňa öwrüldim –diýip, kapitan Nur gürrüňiniň soňuny degişmä sowdy. Deýanyň bilesigeljiligi içini it bolup ýyrtsa-da, syryň nämeden ybaratdygyny häzir bilip bilmejegine düşündi. Soňra yşygy söndürip, är-aýal rahat uky arzuwy bilen gözlerini ýumdular.
Emma kapitan Nuryň gözüne uky gelmedi. Çäksiz älemdäki dynygsyz dürli hereket ýaly onuň beýnisinde hem dürli oý-pikirler at salýardy. Ýer indi nähili bolýar? Millionlarça ýyllar dowam edip gelýän siwilizasiýa, ylym hem-de tehnikanyň görlüp-eşdilmedik derejede ösmegi netijesinde adamzat iňňän ägirt gudrata eýe boldy. Indi şeýle gudratly güýji bilen boljak heläkçiligiň öňüni alyp bolarmyka? Şu günki Beýik Geňeşiň mejlisinde beýan edilen pikirleriň hiç haýsysy Nuryň maňzyna oturmady. Ýeriň on bäş millýard ilatyny başga planeta, onda-da başga ulgamdaky planeta göçürmek oýunjak iş däldi. Munuň üçun millionlarça transport sereşdesi gerekdi. Beýle serişdäni döretmek we ewakuwasiýany amala aşyrmak üçin, azyndan ýüz ýyla golaý wagt gerek boljak. Adamzadyň ygtyýarynda galan wagt bolsa elbetde iki-üç esse köpdür. Beýik Geňeşde galan müddet barada açyk aýdylmasa-da, has öňünden gaçylýanlygy duýduryp durdy. Şeýle bolan soň mikro dünýä-de, makro dünýä-de beýik ylmy ýeňişler gazanan adamzat öňünde duran bu kyn wezipe-de hötde gelip biler.
Emma...Emma... Birden onuň ýanyna bir wagtky gören gadymy kinofilimleriniň biri düşdi. Ol filimi Beýik alym Abureýhan Biruni hakyndaky filimde Biruni ilkinji gezek Ýeriň togalak şekilini ýasaýar, ony Horezm şasyna görkezmek üçin bir näçe adam bolup göterip alyp gidýärler... Adamlar ýeriň ulakan şekilini Beruniniň öýünden şanyň köşgüne göterip eltýärler... Ine, çözgüt! Onuň beýnisine bir üýtgeşik pikir gelip ýerinden böküp turdy:
-Näme üçin biz, ýeri taşlap gaçmaly? –diýip gygyryp göýberenini duýman galdy. Äriniň bolşuna aňk-taňk bolan Deýa hasyrdap turdy, yşygy ýakdy.
-Saňa näm bolýar, Nur? – diýip, ol haýran galmakdan gözlerini tegeläp ärine seretdi. Kapitan Nuryň görnüşi üýtgeşikdi. Gözleri ýanyp, dodaklary tirpildeýärdi.
-Deýa, düşünýämiň, olaryň aýdýanynyň bary biderek! Biz hiç ýaňa göçmeli däl, ene ýeri taşlap gaçmaklyk namartlyk bolar ahyryn! Ol edýän gürrüňiniň syr saklanmalydygyny, ertirden bäri ony aýalyna-da aýtmandygyny hem unudypdy. – Sen bir pikir edip, gör, Deýa eger öýüňi ot alsa, eneňi taşlap äpişgeden çykyp gaçmak bolarmy?! Ýok. Mert adam beýtmez. Ol ot alýan öýden enesini hökman göterip alyp çykar. Bizem şeýtmeli! Ene ýeri taşlap bolmaz!
-Ezizim Nur saňa näme boldy, sen nämäniň gürrüňini edýäň? Seniň gyzgynyň aşaýan bolmasyn – diýip, Deýa äriniň maňlaýyny tutup gördi. Diňe şondan soň Nur özüne geldi. Syr saklamaly zatlary duýdansyz aýdyp göýberenini aňdy. Ol aýalyna müýnli seredip:
-Bagyşla Deýa ! Men birneme bulaşdyraýdym öýdýän – diýip, dymdy.
Äriniň bu bolşy Beýik Geňeşiň şu günki mejlisinde seredilen mesele zerarlydygyny pähimdar Deýa düşündi. Ol äriniň elinden çekip ýerinde ýatyrdy. Emma yşygy söndürmedi. Tirsegine galyp onuň gözlerine göni seretdi.
- Sen syr saklamaly zady aýdaýdyň-a, indi nätjek? – diýip Deýa kinaýaly äheňde dillendi.
-Sen näme meň diýenlerimden bir zat düşündüňmi? – diýip hüňňürdedi.
-Elbetde düşündim – diýip, Deýa ýylgyrdy.
-Hudaýa şükür hiç zada düşünmänsiň, düşnen bolsaň ýylgyrmazdyň. Sen beýdip meniň başymy aýlajak bolma, men barybir aýtmaryn – diýip, kapitan Nur gözlerini ýumdy.-Yşygy söndür!
Deýa uludan demini alyp lapykeçlik bilen yşygy söndürdi.
Beýik Geňeşiň ikinji mejlisi bellenilen wagtda, ir sagat sekizde başlandy. Onda ýene Gün Akademiýasynyň iki sany alymy nutuk bilen çykyş etdi. Nutuklaryň biri ewakuasiýa üçin zerur bolan transport serişdelerini gurmak meselesine bagyşlanan bolsa, ikinjisi şol transport serişdelerini herekete girizýän energiýa çeşmesi baradady. Kapitan Nur bu mejlise düýnküsine garanda has başgaça ruh bilen gelipdi. Adamyň ruhy dünýäsi onuň keşbini hem özgerdýär diýýänleri çyn bolmaga çemeli. Onuň ýüzi-gözünde üýtgeşik bir gujur-gaýrat mesaňa görnüp durdy. Onuň bu günki bolşuna, professor Gem hem birneme geň galdy:
-Nur, gije gaty üýtgeşik düýşler gören bolmaga çemeliň-ow – diýip, ol gep oklady. Kapitan Nur onuň sözüne jogap bermedi. Nutuklary üns berip diňleýänden bolup gözüni münbere dikdi oturdy. Emma şol pursatda onuň beýnisi iki wezipäni ýerine ýetirýärdi. Bir wagtyň özünde hem-ä nutuk diňleýärdi, hem-de pikirlerini bir sapaga düzüp çykyşynda aýtjak sözlerini jemledigi saýyn, şonça-da tolgunýardy.
Nutuklar gutaryp, çykyp geplemeler başlandy. Emma kapitan Nur orta atjak bolýan pikiri bilen ilkinji bolup çykyş etmäge ýürek etmedi. Birinji bolup söze bir filosof çykdy. Uzyn boýly, kellesi takyr, sada, mylaýym bu adamy kapitan Nur öňden tanaýardy, onuň adyna Tal-Dal diýýärdiler. Nur onuň bilen oturşyp-turşyp görmedigem bolsa, özünde ol adama ruhy ýakynlyk duýýardy. Aýratynam Nur onuň Beýik Geňeşde edýän çykyşlaryny halaýardy. Ol elmydama akylly pikirleri, jemgyýet üçin peýdaly maslahatlary bilen köpçülikde uly täsir galdyrýardy. Tal-Dal münbere çykanynda kapitan Nur ünsüni jemläp, oňa seretdi. ,,Bu näme diýerkä” – diýip, içini gepletdi.
- Gadyrly Beýik Geňeşiň agzalary- diýip, professor Dal pikirlerini jemleýän ýaly bir sellem sägindi-de, jemendä göni bakyp, gürledi. -Hakykatdanam adamlaryň öňünde iňňän çylşyrymly, emma entek deňi-taýy bolmadyk biçak uly wezipe dur. Materialistik filasofiýada dünýäniň döreýşi we onuň rowaçlanyş kanunlary aýdyň beýan edilen. Şol kanunlary açan hem-de ony öz peýdasyna ulanyp gelýän adamzat dünýäniň eýesi bolup geldi. Meniň pikirimçe, ol mundan beýlägem eýeçiligi elde saklar. Emma bir zat bar. Geçmişde adamlar, tebigatyň käbir kanunlaryny özgertjek bolup synanşyk etdiler. Kä halatlarda bu synanyşyklar üstünlikli amala aşyryldy. Meselem, genetika boýunça gazanylan biçak uly ýeňişleri ýatlalyň. Bu ýeňişler zerarly adamzat özüniň neslini fiziki taýdan bir deň kämil derejä ýetirdi. Gadymy ýigriminji asyrda adamyň ortaça ömri ýetmiş ýyl bolýan bolsa, biziň eramyzda adamyň ortaça ömri üç ýüz ýyla ýetirildi. Biz bu ýeňişleri genleriň mikro dünýäsine girmek bilen we ol ýerdäki ýagşy-ýaman hadysalara düşünip, ýamanyň ýerini ýagşy bilen çalşyryp, adamzadyň kämil tohumyny döretdik. Ine, şeýle ajaýyp işleri amala aşyran biz Günüň jümmüşinde bolup geçýän prosesleriň düýp sebäbini anyklap, şu prosesleriň tizligine päsgel bermegi, şeýdibem Günümiziň ömrüni ýene milliard ýyla uzaltmagy başarmarysmy?!
Professor Tal Dal şeýle bir näçe soraglary orta atyp, sözüniň soňyny optimistik äheň bilen jemledi.
(Dowamy bar)...
Reýimbaý SABYROW.
Mistika we fantastika