00:08 Durdy Haldurdy | |
DURDY HALDURDY
Edebi makalalar
Durdy Haldurdy bir aýagyny aldyryp, Aşgabada dolanyp geldi. «Sowet edebiýaty» žurnalynda işe başlady. Ilki jogapkär sekretar, soňra redaktor. Ol bu wezipede ýigrimi ýyla golaý işledi. Haldurdynyň nähili redaktor bolandygy barada men öňem onuň bilen bile işleşen ýazyjy Kakaly Berdiýewden köp gezek eşidipdim. Sözüm gury bolmaz ýaly, gürrüňimiziň şu ýerinde Haldurdyny redaktor hökmünde häsiýetlendirýän bir wakany ýatlamakçy. Bu barada ýazyjy Pawel Karpow öz ýatlamalarynyň birinde şeýle ýazýar: «Ýaşyl papakly esger lybasy bilen «Sowet edebiýaty» žurnalyna D.Haldurdynyň ýanyna ilkinji hekaýamy getiripdim. Okaşdyk, bile işleşdik, jedelleşdik, hatda «käýişdigem» diýen ýaly. Ýöne žurnalyň şol wagtky redaktory Haldurdynyň meni ynandyryp bilşi, eglişik etmäge mejbur edişi juda ýönekeýdi. Iň bir uly zatlary-da ol şeýlebir sadaja, ýönekeýje edip aýdyp berýärdi weli, «hawa-da» diýäýmekden başga alaç galanokdy. Şeýdip uly hossa bilen ýasalan hekaýa ile ýaýrady, ikimizem depämiz göge ýeten ýaly begendik. D.Haldurdy hakykaty aç-açan aýdýar. Her bir edebi esere siňdirilen zähmeti ölçäp bilýär. Ol esere baha kesip bilýär, iň esasy-da, şol eseriň haýsy meselede halka nähili peýda berip biljegini kesgitlemegi başarýar. Onuň şu ukybyna hem edähedine hyýanat eden ýerine men sataşmadym. Sen kim bolsaň bolaý, ol şol bir talaby eder. Ol Haldurdylygyna galýar, ýüzgörüjilik etmesi ýa eglişik etmesi bolmaz. Öz galamdaş ýoldaşyň gowy çykan eserine begenmek meniň özüm üçin-ä kiçi baýlyk däl. Sebäbi, şeýle begenç dörediji adamyň ýüreginiň aklygyny aňladýar. Hyltsyzlyk, çaga ýaly päklik dörediji adam üçin esasy gerek zat diýýärin. Hut şu baýlygam biziň «däde Halymyzda» bar. Žurnalyň redaktory bolup işlän döwründe-de, öňem-soňam däde Haldan degerli maslahat almadyk ýazyjy-şahyr ýok bolsa gerek. Onuň bilen ýakyndan dost bolup, saçakçy gatnaşan, oňa öz ýüregini döken adamlar sanardan kändi. Uruş ýyllary Aşgabatda ýaşan ýazyjylar Ýuriý Oleşa, Agata Turçinskaýa dagy türkmen galamdaşlary Durdy Haldurdynyň açyk göwünliligi üçin, kyn günüňde kömege ilgezekligi üçin ony eziz görüpdiler. Ömrüniň üç ýylyny Aşgabada baglan Ýuriý Oleşa soňam türkmen galamdaşlaryny ýatdan çykarmandy. Oleşa şo döwür hakdaky gürrüňleriniň birinde şeýle ýatlapdy: «Türkmenistan hakynda men dogrudan hem köp zat ýazdym. «Iskrada» çykan gazet makalalarym, radiodaky çykyşym, haýsydyr bir plenuma gabatlap, türkmen ýazyjylary hakynda ýazan makalam hem ýadymda, radio üçin Haldurdy hakynda bir etýud taýýarlapdym. Kerbabýewiň eseri barada ýazan makalam hem, «Kolhozda konsert» diýen at bilen ýazylan oçerk hem ýadymda. Allajanlarym, elbetde, gaty kän zat ýazylypdy, özem hut Türkmenistan hakynda ýazylypdy, men onda ýaşadym we ony söýdüm ahyryn!» D.Haldurdy Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň ilkinji günlerinden başlap Watan goragyna meýletin gidýär, ýogsam onuň şol wagtlar uruşdan galmak üçin brony hem bar ekeni. Pulemýot wzwoduna komandirlik edýär. Kawkazyň dag etekleriniň, Kuban topragynyň ýollary bilen gidip, gaýduwsyzlyk bilen söweşýär. Mähriban topragymyzy duşmanlardan arassalaýar. Şol aldym-berdimli söweşlerde şahyr esger iki gezek ýaralanýar. Onuň 1943-nji ýylda ýazan «Dostuma» goşgusy özüniň ajaýyplygy bilen ýadyňda galýar. Bu goşgyny öz galamdaş we söweşdeş dosty terjimeçi Gurbanmyrat Eýemberdiýewe bagyşlaýar: Dostum diýip, gatnaşsam-da köp bilen, Söweşdäki ýaly dosty görmedim. Bu setirler indi biziň aňymyzda atalar sözüne, nakyla öwrülip gidipdir. Türkmen edebiýatyna ilkinji bolup ballada žanryny getiren hem Durdy Haldurdy Watanyň üstüne howp abananda ata-babasynyň wesýetine ysnat getiren gaçgaklar barada «Gaçgak» balladasyny ýazdy. Bu barada 1943-nji ýylda ýazylmagyna garamazdan, häli-bu güne çenli çeperçilik babatda-da öz ähmiýetini birjik-de ýitirmän gelýär: Ol ökje ogurlap gaçdy-da gitdi, Ýolboýy zatlaryn saçdy-da gitdi Gelinlik edinjek gyzyndan gaçdy, Toýunda çalynjak sazyndan gaçdy. Tükenmez lezzetli ýazyndan gaçdy. Enäniň iýdiren duzundan gaçdy. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweşjeň goşunyň şahyr esgeri D.Haldurdynyň goşgulary ylaýta-da joşgunly, ýiti hem şahyrana çykdy. 1977-nji ýylda onuň ähli front goşgularynyň esasylaryny bir ýere jemläp «Meniň ýaragym» atly ýygyndysy çykýar. Bu ýygyndy D.Haldurdyny türkmen şahyrlarynyň öň hataryna çykardy. Onuň goşgulary özüniň çeperçilik kämilligi, täsirliligi, maksada okgunlylygy bilen tapawutlandy. D.Haldurdy žurnala redaktorlyk eden döwründe «Sowet edebiýaty» ýeke-täk edebi neşirdi. Şonuň üçinem žurnalyň redaksiýasy döredijilik maslahatlarynyň özboluşly jaýydy. Ýazýanlar köp bolmasa-da, talap güýçlüdi. Ata Gowşudowyň eserleriniň kämil çykmagynda, taraşlanmagynda D.Haldurdynyň az paýy bolan däldir. Eger-de wagtynda eserleriň taryhy öwrenilen bolsady, onda Ata Gowşut hakda uly kitaplar ýazsa bolardy. Haýp, indi giç. Ol adamlaryň köpüsi aýatda ýok. Söhbetdeşlikleriniň birinde D.Haldurdy şahyr Begmyrat Issaýewe şeýle gürrüň beripdir: «Ata Salyhyň basnýalarynyň döreýşini aýdaýyn. Olary men oňa ýörite düşündirdim. «Atam, bizde gürrüň bilen aýdylýan basnýalar bar. Emma goşga geçirilýänleri ýok. Şony sen edip biljek. Halk döredijiligini gowy bilýäň. Ýatkeşligiň gowy. Il arasynda şeýle zatlary bilýän garrylaram kän. Sen şolardan diňläp, göwnüňe ýaranlaryny goşga geçir. Ol seniň döredijiligiň bolar» diýdim. Ata Salyh ukyply adamdy. Şeýleräk hem işledi. Biziň edebiýatymyzda-da Ata Salyhyň basnýalary galdy. Ýöne döredijiligiň şeýle usuly bilen köp işlemedi-de, döwrüň talabyna göräräk işledi. Eserleriň hem ykbaly adamlaryňka çalymdaş bolýar. Käsi şowly, käsi şowsuz. Ata Gowşudowyň «Permanynyň» doly elýazmasyny görüpdim. Ýöne doly okap çykyp bilmändim. Temasy, wakasy çylşyrymly bolansoň, oňa garaýyş başgaça boldy. Men romanyň birnäçe babyny žurnalda goýberdim. Ýöne soň rugsat bermediler. Goýbolsun etdik, sebäbi şol tema ýüzlenmek kyndy. Hatda ylym meselesinde-de şondan gowy däldi. Men žurnalda professor Aga Garryýewiň şol tema degişli uly ylmy makalasyny çap etdim. Şonuň üçin iňirdini köp çekmeli boldum». Hawa, Haldurdy bütin manyly ömrüni dürli neşirlerde redaktorlyk etdi diýsek hem öte geçmeýäris. Ine-de onuň neşir etdiren kitaplary: «Dorja ýaby» (1970). «Terjimeler» (1962), «Ömür ýoly» (1984), «Edermenlik ýoly» (1980), «Goja soldat» (1969), «Hakyda» (1983). D.Haldurdynyň öz ýatlamagyna görä, onuň alty sany küti goşgular depderinden nyşan ýok. Ol depderleriň ýitişiniň hersiniň öz taryhy bar eken. Mysal üçin, altynjy depderde şahyryň 1941–1943-nji ýyllarda ýazan goşgulary jemlenipdir. Ilkinji gezek ýaralanyp Krasnodar, Soçi, Mahaçkala. Nahiçewan, Ýerewan gospitallarynda bolmaly bolýar. Şonda ol bu depderini banderol bilen Aşgabada iberipdir. Şeýdibem, bu depderden häli-bu güne çenli gördüm-bildim ýok. Bu diňe bir şahyrdyr ýazyjy üçin hasratly ýagdaý bolman, tutuş edebiýat üçin öwezini dolup bolmajak ýitgi ahbetin! Zehinli alym Tejen Nepesow bir döwürde Haldurdynyň döredijiligini öwrenipdi. Şonda ol şahyryň «Dorja ýaby» (1959) poemasynyň asylky nusgasyny görüpdir. Ol köke kagyzyna bellenipdir. D.Haldurdy 1942-nji ýylda Maşatdan Aşgabada çagyrylypdyr. Harby korpusyň ştaby ony kursa ugradýar. Soň bolsa ol leýtenant çini bilen Demirgazyk Kawkaz frontuna tarap gidýär. Ol tema 1943-nji ýyldan tä 1959-nji ýyla çenli şahyryň aňynda ýaşapdyr. «Meniň ony ýazmak niýetim asla ýokdy. Ol käte ýada düşýärdi, ýene gaýyp bolup gidýärdi. Emma ol birden ýazyldy duruberdi» diýip, şahyr ýatlaýan eken. «Dorja ýabyda» Kuban tokaýlygynda, 1942-nji ýylda, güýzüň başlarynda bolan waka şöhlelendirilipdir. Ýöne bu waka 17 ýyl soň, Moskwadan gaýdyşda wagonyň küpesinde köke kagyzyna ýazylypdyr. Demirýoluň ýakasynda, ýaşyl tokaýyň eteginde otlap ýören taýçanaklar şahyryň aňynda eýýäm unudylan front wakasyny ýada salypdyr. D.Haldurdy hakda gürrüň edeniňde onuň ussat terjimeçi bolandygyny ýatlamazlyk asla mümkin däl. Onuň A.S.Puşkinden, I.Krylowdan, W.Maýakowskiden eden terjimeleri hiç haçan öz gymmatyny ýitirmez. Her haçanam bolsa terjime sungaty barada gürrüň gidende, ilki bilen, Haldurdynyň terjimeleriiniň gepbaşy boljakdygy ikuçsyzdyr. Ýeri gelende aýtsak, K.Marksyň «Kapitalynyň» birinji tomunyň birinji kitabynyň terjimesiniň hem D.Haldurda degişlidigini ýatlamak okyjylar üçin gyzykly bolsa gerek! Türkmenistanyň halk ýazyjysy Durdy Haldurdy bilen baglanyşykly bir waka ýadymdan çykanok. Men ony bir gezegem görmedim. Ýöne weli telefonda bir gezek gürleşmek miýesser etdi. Ýetmişinji ýyllaryň ahyry bolsa gerek. «Edebiýat we sungat» gazetinde işleýärdim. Ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen bir şanly sene mynasybetli gazet sahypasynda ýazyjylaryň, şahyrlaryň çykyşlaryny gyssagly gurnamalydy. Maňa Durdy Haldurdy bilen gepleşmegi tabşyrdylar. Trubkany onuň özi aldy. Özümi tanadyp, näme üçin jaň edýänimi aýtdym. Şonda men onuň ýatkeşligine haýran galdym. Ol meniň bir ýyl mundan öň gazetde çap bolan bir rus şahyryndan eden terjimämiň hili barada öz pikirini aýdypdy. Onuň eden bellikleri bilen ylalaşmazlyk mümkin däldi. Şonda men ussada öz minnetdarlygymy bildirdim. Men onuň edebiýata dahylly islendik meseläni gulagynyň duşundan geçirmeýändigini magat bildim. Muny diňe ýüregi arassa adamlar edip bilýär. Men şonda ony öz perzendini bet pygyllardan goraýan ata meňzedipdim! Garagum, 2008, № 9. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |