09:26 Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Meşhurlygyň jähetleri | |
MEŞHURLYGYŇ JÄHETLERI
Satiriki hekaýalar
Togsanynjylaň soňaldysynda gullukdan geldi. Tüýs: “Ýigrimmiriň dälijesi” diýilýän. Kelle diýseň sämäp dur. Hemme zat öňde. Hemme zadam hökman gowulyk bolaýmaly. Dagy nä? Oglan çaga üçin türkmençilikde üç san-a derwaýys müşgillik bar: 1.Sünnet; 2.Gulluk; 3.Öýlenmek. Üç sanam hökmany alada: 1.Iş; 2.Ulag; 3.Jaý. Çaga, hünär, bilim, jemagat içre abraý, saglyk, beglik, baýlyk, ilderdinäklik we ş.m. ýaly galan hysyrdylaň möhümligi-dälligi bolsa, owal-a nesibäňe, galyberse-de ýerine, ýagdaýyna hemem höwesiňe görä. Muňa-da, maňlaýyndan, gullugy aman-esen ýeňsä oklap gelen gününiň ylaýyjak ertesi, tutuş oba mälim (göwünjigi küýseýä – belki, goňşy obalara-da aýandyr) çyn meşhurlyk gelip ýetişdi. Teleýaýlymda, serhetçi esgerler hakdaky, takmynan bir sagatlyk gepleşikde ony tutuşlygyna on bäş minut dagy gürletdiler. Baý-baý-baý-ow, özemmir joşup-joşup gepled-ä-how! Baý, geplemek gepledi! Öz ýaňralygyna özgeler-ä özgeler welin, hatda özüniňem haýranjygy hekgeripler galdy. Özem beýle “şap” bolaýşyny diý! Magat ýadyna düşýä, şo gepleşigi almaga bir aý mundan ozal, oň gulluk edýän serhet galasyna gelipdiler. Ýaýlyma ýaýanlaram – ine, şu müddet. Hasam, ejesi görgüli uçaýjak bolýar. Üýşüp tomaşa kylýarkalar dagy-y-y, özem duýman, ýuwaşjadan öňlügine omzuklap, edil ýöne ekranyň içine girip gidip barýar. Tutuş durky-düýrmegi bilenem göze öwrülip oturyşyna, şo taýda ýetişibildiginden nämedir bir zatlary “saýraýan” esger-bilbiliň hakyky sypatda gapdaljygynda oturandygam ýadyna düşmeýän ýaly. Şöhratyň ahramy (jadyly) täsirem hemmä belli – bü-de ekranda öz-özüniň bolan boluşjygyna meýmiräp, içinden-ä göwün guşuny ganat gerdirýär. Daşyndanam kaddymelul, gözjagazyny süzgekledip otyr. Kellede-de ýekeje pikir – “Äý, inni hemmeje zat şekelad-laý!”. Şo “şekeladly” pikir ony ertesi gün, obaň günbatar çetindäki garyndaşlarynyň üýşmeleňine barýarka-da terk etmedi. Ýol-yzda gabat gelýän obadaşlarynyňam uly-kiçi hemmesi ony hökman sägindirýä. “Äý, ýamanammyr bet gürlediň-aý, inim (köşek, ogul, dos, goňşy, kylazgaş, owadaş we ş.m.)” diýilýäne çalymdaş, arkakakdyly sözlemlerem, oň meşhurlykdan meýmiremesiniň hasam eşretini artdyrýa. Köçede seýregräm bolsa gabatlaşýan deň-duşrak gyzlaň, seslerini çykarman, ýöne gözlerini mähirli lowurdadyp deňesinden ötmesi dagy-y-y... Pah-pah-pah! Şumatwyr eliň-ä, şo gullukda kän göterilen aptomaty berseler! Öňüňde-de azyndan iki ýarym milýon sany paşisti, tank-paňk, top-sopy bilen dikseler! Deňesinden ötýän şu “guba gazlaň” şo syrlyja bakyşy üçin, edil ýöne çiňňirik ýatyran ýaly pürreleseň barysyny, birýan ujundan! “Ta-ta-ta...”. Mäşäni sypdyrman dikdurma gysyp durşuňa, paýhyn edip, heziller etseň! Yzyndanam, olary ýene-de bir ýola gaýtadan dikeldip, ýamaşganammyr beýleki ujundan tersligine – bir hatar – elinjek geçip çyksaň... Wah-wah-wah... Şo: “paşis” diýilýän janawerlerem, eýsem-de bolsa, megerem, şuň ýakyn elli-altmyş ýyllykda bu dünýäýe injekdigini öňünden aňyp, gorkujyklaryna irgözinden ýeňlip goýan bolsalar gerek. “Beladan daşrak duran ýagşy” diýen ýaly wehimli aladalar bilen, başlaryna musallat inmesden burun öňünçäsi öz gamlaryny iýip... -Eý-ý, şuny düýn tilwizirre gördümd-ä-ou!-diýip, birdenkä çep böwründen eşidilen ses, ony bu lezzetden püre-pür, “genosidli” oýlanmasyndan açdy. Bakdy. Dokuz ýaşlaryndaky, ýüzi çyr-çyrşak oglanjyk, tigirjigini togtadypdyr-da, oňa barmajygyny çommaldyp dur. Gör-ä muny! Indi ony obaň burny sümüklisine çenli tanaýa. Pah-pah! “Äý, inni hemmeje zat şekelad-laý!”. Edil şo pille, özüni tanan oglanjygyň ýanynda duran, tos-togalajyk göwreli, gözleri ýanyp duran bezzada dil bitdi. Ol sende ýok, mende, deňelerinden geçibermekçi bolan onuň ýüzüne bihaýalyk bilen jiňkerildi-de, paýyş sögüp goýberdi: -Onna seň ejeňi nemedeýin bolýamy?! Bü sakga aýak çekdi. Birbada düşünmedi. Özüne diýlen paýyş söz aňyna ýetmedi. Haçan-da göz açyp-ýumasy salymda beýnisine baranda bolsa, gazapdyr-kineden ýaňa heýýaty başyndan uçdy. “Söger ýaly bujagaz sammyga men nämetdim-aý, şumat?!”. Elbetde, gullukda oň öwrenen zady kän. Ýöne, bir zady welin has mäkäm özleşdirdi. Deňiň ýa-da aşak ýanyňdaky degsindimi? – demsalymam säginmän, petigulusyny ber! Ýogsa mertebäň ýatyşhanaň asty ýuwulýan esgiçe-de bolmaz. Şoň üçinem, “Öwrenilen endik örkleseňem durmaz” diýleni. Bu-da edepsiz berebekgeýiň sögünji aňyna ýetenden, birdemem tyýkyramady. Sag aýagyny bir silkende, aýagyndaky täzeje, gas-galyň şypbygyny sypdyrdy. Hasyr-husur ony eline aldy. Bezzat bolsa, geň galaýmaly, gaçmakdan geçen, gaýta oň ýüzüne: “Ýeri, ine men! Nämedip bilýäň?” diýýän dek, ýaňsyly çiňerilip, mizemän dur. Muňa-da geregi şo. Garbap onuň golundan penjeledi. Bar güýji bilenem oň agzynyň üstüne beýleki elindäki lokga, agyr şypbygy bilen malçyldadyp goýberdi. Ýöne beýdeni bilenem ynjalmady. Ýüzüniň ugruna wäläp başlan ergeneksizi sypdyrman, ýene-de yzba-yz üç-dört ýola oň agzüsti gonduryp iberdi. -Meýdiň ýansyn, meýitjigi meýdanda çüýremi-i-i-ş! Ojagazymy nädip otyň-a-a, ganoja-a-a-k-k!!!-diýip, açyk derwezäň aňyrsynda tamdyra ot goýberýän, diňe bir bykynlary däl, hatda el-aýagam mylkyldap duran aýal adama meňzeş, ýöne begemot bolaýmagy gaty ähtimal birzat, walalaýlap oň üstüne gaýtdy. Depesinde kesewisini talawladyp, moýmukdyklap ýakynyňa ýetýänçä-de, keçe ýazynyp, birsellem mazaly çaý içip, dynjyňy almaga ýetişseň boljak. Haý! Indi, ýaňy gullukdan gelen, saňsarbaş zaňňary, büçe-büçe “üste topuldyly” aýbygadymlyk bilen elheder aldyryp boljakmy diýsene?! Oň bar eýmenýäni seržanty bilen serkerdesi. Olaňňam şu mahal golaý-goltumda-ha ýokdugyna ol belet. Ol: “Hä-ä, asyl, gör nämüçin bi gant onuň gämigi, ondan gaçman duran bolup dur ken!” diýip, üstüne gelýän mähnetligi göwnübir synlap durşuna oýlandy. Soňam ilki hüjüme geçdi. Dogrusy onuň diýmekçi bolup, serinde oýlap tapyp, serbe-serläp goýan jümleleri başgady: “Gelneje, salowmakim! Bi terbiýesizlik eden çagaňyza edep sapagyny geçenime aýyplaşmaweriň! Men siziň bardygyňyzy görmännirin! Ýogsa, oňa çäre görmek, temmi bermek rugsadyny sizden bidin özbaşyma eýelemän, hökman onuň etmişini ilki siziň merhemetli dykgatyňyza ýetirerdim! Şol sebäpdenem men näçe kyn görsem-de, oňa düýpgöter nätanyş bolan meni we özünden uly ýaşlyny sylamazlykda aňladylan gödekliginiň ýaramaz netijeleriniň emele gelşini tejribede beýan etmek arkaly derhal düşündirmäge mejbur boldum! Ýene-de bir öwran meniň bu uslypsyz hereketimi geçirmegiňizi sizden uzur towakga eýleýän!”. Emma, dillenende welin, oň agzyndan düýbünden başga sözler çykdy: -Nätdirmejek bolsaň war-a, o syçrantgyňa war-a, agzyndan däl-de syrtyndan s..çmagy öwrederler bolýamy, war-a? Ýyrtylma war-a, özüňem war-a! Bu gohuň soňunyň nämä ýazjagy belli däldi. Hernä, o hatynsypat äpet, oň alkymyna dykylmaga ýetişmänkä, howludan oglanjygyňam, şo ägirt zadyňam eýesi çykaýdy. Gädigiň gyrasynda, nämedir bir zady bejermäge dümtünip oturyşyna, bolup geçen wakadan başbitin habarly bolara çemeli. Köçä çykyşyna hemme zady ýerbe-ýer etdi: -Ýum agzyňy-da, ýygna güjügi öýe!-diýip pessaýja äheňde suňşurdy. Soňam, mähnede bir gözüni alartdy welin, ol göwresine gelişmez çaltlykda, gözüniň ýaşyny ýüzüne çyrşap, henizem wäläp oturan ergeneksizi idirdikledip, dessine gaýyp boldy. Soňra o eli ýaga bulaşylgy kişi: -Senem, jigi, hetdiňden aşma! Sögdi. Urduň. Oňardyň. Häzir yzyma gireýin. Onnoň o seň oňa beren “edebiň” “jana” diýene döner. Ýöne, heleý heleý bor. Oň bilen meň barlygymda agyz deňeseň, oňlulyg-a bolmazmyka diýýän. Düşünişdikmi?! “Bäh! Lybasy harby bolmasa-da, şo, bir zady agzyndan gaçyran dessine ylgap edesiňi tutduryp başladýanlaňky ýal-aý, bü-de!” diýip içinden pikir öwren bu, sesini çykarman baş atdy. Öýüň eýesi ony gazaply nazary bilen birlaý gözden geçirip, yzyna öwrülensoň, bü-de ýoly bilen boldy. Durmuşyň ýene bir zadynam berk belläp galdy – meşhurlygyň, şeýle jähetlerem bar ekeni. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |