20:32 Düwmeli guzujyk / hekaýa | |
DÜWMELI GUZUJYK
Çagalar edebiýaty
Baharda, dowarlaryň owlak-guzy möwsüminde çopanlar el kömegine mätäç bolýarlar. Şonda dowar sürüsine goýun-geçi goşan adamlar gezekli-gezegine çopana ýardama gelýärler. Ýyl ygally gelensoň ýaýlanyň oty-çöpi bitginli boldy. Süýt-gatygyň bolçulygy duýuldy. Zenanlar ellerini çermäp, billerini berk guşap gyşyň hurşy bolsun diýip, süýt-gatyk önümleriniň ýeterlik ätiýaçlygyny taýýarlaýarlar. Ýuwa-ýelmik, kömelek, domalan ýygnamak çagalara uly güýmenje boldy. Goýun-geçileriň aglabasynyň ekiz, üçem, Aşyrgeldi aganyň gär geçisiniň döredem owlaklamagy Yhlas çopanyň örüsini daraltman durmady. - Ata-babalarymyz geçi dördem guzlanda owlaklaryň daýawyny hudýýoly etmegi sargyt edipdirler—diýip, ol gürrüň berýär:--Güýz janawarlar ese-boýa galanlarynda men hem olaryň semizini soýup sadaka etmekçi. - Ýylboýy idegini ýetirýän dowaryňdan gowy netije gazansaň azabyň ýerine düşdigi bolýar. Ene mallar ekizden köp guzlasa owlak-guzusyny doýurmak kyn bolýar—diýip, Abdyrahman çopan howsalaly gürrüň berýär:-- Ene mal tiz tapdan düşýär, ýaş malllar göýdik ösýärler, kesellere durnuksyz bolýarlar. Nobatym tamamlanyp öýe gaýtmaly wagtym bolanda çopan maňa ejiz guzularyň birini alyp gitmegi teklip etdi. Bu habar meniň göwnümden turmasa-da, çagalarym heşelle kakyp begendiler. Ýatagymyzda gyşyň hurşy diýip birnäçe baggoýun saklaýays. Dowarlar ýylyň dowamynda örüde bolansoň ýaş mal üçin agylçamyz ýokdy. Şonuň üçin teläriň aşagynda agylça gurdyk. Ol ýer salkyndy, guzujyk üçin has amatlydy. Garaja guzynyň boýnuna keýwanym alajaly jaňjagaz dakanda has-da gelşikli boldy. Guzujyk muňa begenýän ýaly silkilenende düwmejik jaňňyrdap täsin owaz edýärdi. Mallar örä çykarylmanka agylçanyň gapysyny açýarys. Keýwanym ala sygyrymyzy sagmaga ugranda düwmeli guzujyk ondan galanok. Onuň sygyr sagyşyna geň galyjylyk bile garap durýar. Emzikli çüýşä ýylyjak süýt guýulanda işdäsi açylýar. Düwmeli guzujyk tiz daýandy. Indi onuň burma tüýleri günüň şňhlesine öwüşgin atyp görünýärdi. Çarwadarlaryň ýaşaýyş-durmuş kadasy şäherlileriňkiden tapawutly bolýar. Olar tomus paslynda sowadyjynyň teýinde ýatanyndan, telärä çykanyny gowy görýärler. Tomus günleriniň birinde, gije ýaryndan agypdy. Maşgala howsalaly halda meni ukudan oýardy. - Turaweri kakasy, çagalaryň ýatan teläriniň ýanynda bir garamça ýatan ýaly-la!—diýende, tasdanam gülüpdim. Sebäbi, gijara agylçanyň gapysyny açyp goýupdym, ol ýatan garamçanyň düwmeli guzujykdygyny çaklaýardym. Düwmeli guzujyk çagalar bilen ysnyşypdy. Olar nirä gitseler olardan galmazdy. Top oýnanlarynda, deňizde suwa düşenlerinde olaryň hereketlerini birin-birin yzarlap durardy. Käte bolsa olaryň oýnuna goşulyp giderdi. Çagalaryň tomusky dynç alyş döwri tamamlanypdy. Howa üýtgäp, güýziň ilkinji günlerinde ýagyş çisňedi. Mekdep golaýda ýerleşensoň, düwmeli guzujyk çagalary şol ýere çenli ugradardy. Soň agylçanyň ýanyna geçip olaryň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşardy. Guzyny ýatakdaky goýun-geçileriň ýanyna salsak-da, olara goşulyp gidenokdy. Hamala biz zatdan ätiýaç edýän ýaly mälär durardy. Ýagdaýdan çykalga arap Sapar aganyň ýanyna bardym. Ol obamyzyň tejribeli maldarydy. - Wah, ol-a bolmandyr, ogul. Çagalar bilen ysnyşan mal asla kowumdaşlaryna goşulyp gidýän däldir—diýip, turuwbaşdan meni gynandyrdy: - Şonuň ýa-ha söwüş etmeli ýa-da toýa sowgat bermeli. Ýakymsyz habary keýwanyma duýduranymda: - Goýaweri, kakasy, aýdýanyň näme? Ol janawaryň etini neneň çagalaryma iýdireýin -diýip, gözlerini tegeledi: - Isläniňi ediber, men garşy däl. Çäresizlikden köp horluk çekdim, guzujyk hem horlandy. Çopanymyz oba gelende guzujygy oňa tabşyrdym, indi üstümden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Sahymerdan Sary Ogly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |