15:24 Düýş | |
DÜÝŞ
Goşgular
Eý, sen, intizarym, paşmadyk söýgim, Sen bu gije nädip ýadyma düşdüň? Oýaryp ýürekde juwanlyk duýgym, Sen bu gije nädip ýadyma düşdüň? Halyňy soradym, sen diýdiň: «Gowy», Ýene-de lowlady yşkyň alawy, Tapdan düşen duýga berip sen towy, Sen bu gije nädip ýadyma düşdüň? Şol beren gülümem eliňde saklap, Bir zat diýjek bolup, bar güýjüň toplap, Çalaja ýylgyryp, ýuwaşça gepläp, Sen bu gije nädip ýadyma düşdüň? Eliňi uzatdyň, bakdym şo taýa, Bir gapy açyldy girdim şo jaýa... Oýandym, göz düşdi gökdäki Aýa, Sen bu gije nädip ýadyma düşdüň? ■ INTIZAR «Ýetişýärmiň?» diýip, jogapsyz galýaň, Soraňda işimiň köplügin duýup. Käte içmäge-de ýetişemok men, Goýsam-da käsäme çaýymy guýup. Ýok, ýok, işlerime ýetişýärin men, Arasynda garaşýan men saňa-da. Garaşmaklyk ýatyranok gije-de, Ir örýän garaşman, hatda daňa-da. Gelip gürrüň berýär bar zady, hatda, Hyýalyňda gelmekligiň barlygyn. Ýöne seň işiňe ýetişmän ýörşüň, Puja çykaraýýar intizarlygym. Annageldi KÄLLIÝEW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |