Ynsanlaryň biri-biri bilen aragatnaşyk saklamagynda ilkinji nobatda diliň möhüm orny bar. Dilleri ösdürmek, ony kämilleşdirmek asyrlaryň dowamynda ünsden düşürilmän, biziň şu günki günlerimize gelip ýetipdir. Biz ýaşlaryň ylym-bilimine berilýän ýokary üns-alada netijesinde, dünýä dillerini çagalar baglarynda, orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde öwrenmäge mümkinçilik aldylar. Ata-babalarymyzyň «Dil —akylyň açary», «Dili bar ile düşer, aty bar — ýola», «Dil bilen dünýäni gezer», «Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan kän dili biler» diýen dana pähimleri bar. Şu pähimlerden görnüşi ýaly, pederlerimiz diliň adamzadyň ömründe ägirt uly zerurlykdygyny nygtap geçipdirler. Köp dil bilmek elýetmez bir uly hazyna eýe bolmakdyr. Ene dilimizi ösdürmekde we gadymdan galan sözlerimizi gaýtadan dikeltmekde döwletimiziň bilim ulgamynda köp işler durmuşa geçirilýär. Ýokary we ýörite okuw mekdeplerinde hem-de ylmy institutlarda ene dilimizi mundan beýläk-de baýlaşdyrmak babatynda ýygy-ýygydan ylmy maslahatlar geçirilýär. Bu ylmy maslahatlarda iki jiltden ybarat «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi» we «Türkmen diliniň orfografik sözlügi» kitaplaryndan peýdalanylýar. Dilçi alymlar, mugallymlar mynasyp zähmet çekip, türkmen ene dilimiziň mundan beýläk hem baýlaşmagyna öz saldamly goşantlaryny goşarlar.
Annaoraz SAPAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.