06:35 Eje | |
EJE
Goşgular
Eje, sen hakynda şygyr döretsem, Mähriň setirlerme sygmajak ýaly. Mähir bilen bir ýylgyryp seretseň, Daglaryň garlary erejek ýaly. Şygyr dünýäsine gadam basmagma, Seniň söýgiň egsilmez güýç berendir. Çagajykkam aýdyp beren hüwdüleň, Ylham bolup ýüregime siňendir. Kitabyň üstünde goýup başymy, Uklap galan çagym käte gijeler. Eje, başym sypap, örtüp üstümi, Çyrany öçürip gidýäň nijeler? Arzuwçyl gyzyň men, bilýäň ahyry, Arzuwma ýeterin, senem ynanyaň. Çagalyk müçesin geçenem bolsam, Aýazbaba ynanşym deý ynanýan. Çäksiz yhlas berýän öwütleriňden, Nusga alyp hyzmat etsem Watana. «Tüweleme, özüň ýaly yhlasly» Jümleleri getirerin adyňa. Ömrüň uzak bolsun, görjegiň gowy, Maňa bu barlygy peşgeş berenim. Perzentlik borjumy ödemek üçin Ömrümboýy hyzmatyňda gezerin. * * * Göwnüm kiçidir, bilseňiz, Orun ýokdur gedemlere. Hormatym uly, görseňiz, Ýürege ýol edenlere. Haýran galýan käte görüp, Düşünemok kelle döwüp, Dostunyň ýüzüne öwüp, Öwrülip göz gypanlara. Başym entek bolsa-da ýaş, Kän zat gördüm bu bir durmuş, Ýalan nämäň alnyndamyş, Ynsabyny ýuwdanlara. Düşünsem-de aga-gara, Käbäm üçin entek çaga, Hergiz ýeke çyksam ýola, Duş bolmaýyn nadanlara. Ömür gysgadyr, howlugyň, Isläp bolmagyn gowlugyň, Diýesim gelýär sag boluň, Ýüregi päk adamlara. * * * Maňa mydam syrdaş bolan galamym, Bu günem şärik bol ukusyz gijä. Ýene birden gama batdy ýüregim, Ýogsam ukusyzlyk meň üçin hij-ä. Mydam meni unutmaýan şowsuzlyk, Bu günem sömelip çykdy garşymdan. Beslän ýürek arzuwlarmy ürküzip, Haçana çen oturarka gaşymda? Ýa-da muňa özüm sebäpkärmikäm, Bärden gaýdýarmyka yhlasym belki? Gymmatly zat wagtyň gadyryn bilmän, Boş hyýala berilýändirin, mümkin. Gowşak goşgularmyň düşüp yzyna, Dogrudan-da, şu güne çen nämetdim? Gulak asman bu durmuşyň sazyna, Meger arzuwlarmam özüm ýadatdym. Indi menem alaýyn öz boýnuma, Arzuwlarmyň tapylmadyk wysalyn. Dolýan şeýdip ökünçleriň goýnuna, Göçümin ýalňyşan küştçi mysaly. Seredip otursam oýun däl eken, Köpleň oýun diýip gözün dikeni. Oýun bolmasa-da oýny kän eken, Durmuş diýmek — synag diýmek ekeni. Şeýdip ýalňyşlarmy düzedip kem-kem, Geçýän her günümden sapak alaýyn. Birden ýalňyşaýsam duýdurgyn her dem, Maňa mydam syrdaş bolan, galamym. * * * Men ýene-de seni ýatladym, dünýäm Ýatlamalaň çägi durmady çakda. Men seni wasp edip goşgy ýazjakdym, Sen welin, ýazdyrdyň aýralyk hakda. Ýok, ýok, kürsäp girmediň sen dünýäme, Açypdyň meň üçin täze bir dünýä. Bagyşlap bilmerin gelseňem bir gün, Pursadam bolmad-a öýkedir kinä. Sogan ekdi söýgimiziň soňuna, Gitmegiňe sebäp bolan bahana. Göz ýetirdim şonda inmändigiňi Meniň bagtym bolup bu giň jahana. Tutar öýdüp el uzadan bagtymam Egnin gysyp galdy göýä dilegçi. Günäsiz halyma jeza çekdirdi, Aýralygam munda boldy-da sülçi. Höwürtgeden gaçan ýalňyz guş deýin, Biçäre men, gör, ten beren takdyra. Indi seniň üçin gezmerin aglap, Sebäp gözde ýaş galmady akdyra. Men ýene-de seni ýatladym, dünýäm, Päk yşkymy harlanyňa seretmän. Belki, meniň özüm ýalňyşýandyryn, Undulmaga mynasyby unutman. ■ ŞYGRYÝETE ÝÜZLENME Gaýgyrmaryn yhlasymy, güýjümi, Meni öz dünýäňe goýber, şygryýet. Men-ä seni ykbalyma öwreýin, Senem meni şahyr diýip kabul et. Diýmegiňem mümkin şeýle sözleri, «Goýberemok her bir şahyrsumagy». Ýöne tötänlik däl, çagalyk ýyllam Deň-duşlarym başagaýka oýuna. Gamsyz çagalygyň gadyryn bilmän, Gümra bolşum kagyz bilen galama. Telewizor görýärkäler ýa üýşüp, Undup ulularyň tabşyran ýumşun. A men bolsa undup multflmleri, Tötänlik däl, ünsüm şygra berişim. Şeýdip, kem-kem saňa ýakynlaşdym men, Çagalyk ýyllamdan barha daşlaşyp. Saňa bolan söýgim getirdi meni, Ýok gapyňa düşemok hiç azaşyp. Seň törüňde orun tutan beýikleň, Setirlerne doga deýin gararyn. Güneş bolmasam-da bir uçgun bolup, Şöhle saçyp, seň törüňi bezärin. Hemem bu barlygyň, dünýäň waspyny, Salaryn men setirlermiň ýadyna. Şygyrlarym bir gül bolup bitmese, Men hiç wagt şahyr dakman adyma. Şeýdip, men-ä setirlerme jan bersem, Senem il-gün bilen kesgitle ýaşyn. Meni öz dünýäňe goýber, şygryýet, Sen-ä ömrüm, galam bolar syrdaşym. * * * Sanalan tesbi deý günleri gör-ä, Çagalyk ýyllarmy alypdyr elden. Öňler: «Wagt haýal geçýär» diýerdim, Indi bildim onuň tizdigin ýelden. Çakymdan has uzak eken ýodalar, Aňlaýşymdan giň ekeni bu dünýä. Kynlyk bilen tabyn bolan ýyllara, Çagalygym alyslardan görünýär. Käbämiň dilegi, yhlasym bilen, Talyp boldum, münüp durmuş atyna. Aladasyz çagalygy — obamy Galdyryp baglandym kitap gatyna. Alada-da etme nädýärkä diýip, Sensizlikden çekýär diýmeseň ejir. Ähli zada werziş etdi aýralyk, Gyzyň öňki ýaly däl indi kejir. Indi meniñ öňde goýan maksadym, Şygyrlamdan gül döretsem nagyşlap. Ýer ýüzünde bir at goýup gitmesem, Men özümi bilmen asla bagyşlap. Hem özümi bilmen asla bagyşlap, Men haklap bilmesem iýen duzumy. Käbäm, ine şeýle pikre gol berdim, Şygyrlardan gözle indi gyzyňy. Altyn AMANMÄMMEDOWA. | |
|
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 28.10.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Nohuryñ / Goşgular - 11.06.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |