17:35 Erbetleriñ üstün çykan dünýäsi | |
ERBETLERIÑ ÜSTÜN ÇYKAN DÜNÝÄSI
Publisistika
Gowy bilen erbediñ (haýyr bilen şeriñ) göreşi dünýä döräni bäri dowam edip gelýär. Käwagt gowular ýeñýär, dünýä birsellem demini dürseýär. Käwagtam erbetler öñe geçip, dünýäni aldym-berdime salýar. Sowet Soýuzynyñ dargap, Gündogar blogynyñ çöken togsanynjy ýyllaryny ýada salyñ. Sowet türmesi içinden çökdi welin, ýetmiş ýyllap tussaglykda saklanan halklar şatlyk bilen azatlyga gowşup, dünýäniñ beýleki ýerleri bilen gujaklaşypdy. Ençeme ýyllap biri-birlerini görmedik garyndaşlar täzeden gowşup, böleklenen maşgalalar täzeden birigipdi. Günbataryñ orra-ortasynda ýüz müñlerçe nemes Berlin diwaryny bat bilen ýumrup, Günbatar Germaniýa tarapa geçende, dünýäniñ beýleki ujunda-da sowet geografiýasynyñ daşynda ýaşan müñlerçe türkmen, özbek, gazak, gyrgyz ýitip giden garyndaşlarynyñ yzyny tapmak üçin Türküstana ýa-da häzirki ady bilen Orta Aziýa sary ýola çykypdylar. Gysgaça aýdanda, Gündogarda we Günbatarda togsanynjy ýyllar azatlyk, birek-birege gowuşma we bagra basyşma döwrüdi. Indem häzirki döwre serediñ. Erbetleriñ baýdagy hemme ýerde ýeñiş bilen al-asmanda parlaýar. Ýigrimi ýyllyk azatlyk we umyda beslenen döwürden soñ Taliban tümlük deýin Owganystanyñ üstünde täzeden çökdi. Goñşy Eýranda aýal-gyzlaryñ umyt nalalary rehimsizlik bilen basylyp ýatyryldy. Edil şonuñ ýaly Orta Aziýa respublikalarynda-da azatlygyny talap edip gozgalañ turzan halk köpçülikleri güýç ulanylyp ýatyryldy. Häkimiýetiñ atadan ogla ýa-da diktatoryñ mynasyp zürýady bolmasa, iñ ýakyn adamyna geçýän respubkika modeli ornaşdy. Şeýlelikde sowet türmesinden halas bolan millionlarça adamyñ azatlyga bolan umydy "dogar aýa" galdy... Ýakyn Gündogarda bolsa ädimme-ädim çäklerini giñeldýän jöhit döwleti indi meseläni genosid bilen dowam etdirýär. Aralarynda gundagdaky çagalaryñ we naçar aýal-gyzlaryñam bolan müñlerçe raýat ysraýyl istrebitelleri tarapyndan bombalanýan wagty dünýä jemgyýetçiligi diñe gury galmagal etmek bilen çäklendi. Hiç kimiñ Netanýahuny duruzmak üçin herekete geçmedi, geçibem bilmeýär. Herekete geçme ähtimallygy barlary-da ABŞ we onuñ ýaranlary sebite söweşjeñ gämilerini ýollap duruzdy. Ysraýyl goşunynyñ Gaza sektoryna 2023-nji ýylyñ 7-nji oktýabryndan bäri guran hüjümlerinde wepat bolanlaryñ sany soñky 24 sagatda kyrk göterim artyp, 37 müñ 124-e ýetdi / Fotosurat: Reuters Bütin bularyñ barsy az bolýan ýaly Ýewropanyñ bir ujunda başlan uruş üçünji ýylyna gadam basdy. Bir supergüýç ýanyndaky kiçi goñşusynyñ üstüne çozdy. Dünýäniñ birgiden ýurdy muña garşy çykyp, basybalyjyny duruzmaga synanyşýar. Emma barsy biderek. Basybalyjyny duruzmakdan has beter, uruşyñ gerimu barha giñeýär. Russiýanyñ 2022-nji ýylyñ 24-nji fewrakynda Ukraina çozmagy bilen başlan uruş häzirem dowam edýär / Fotosurat: Reuters Iki uruş Günbataryñ çaprazlygyny, has dogrusy ikiýüzliligini ähli ýalañaçlygy bilen orta çykardy goýaýdy. Ukraina uruşynda ýönekeý raýatlaryñ öldürilmegini uruş jenaýaty hasaplan Günbatar şeýle ýagdaýyñ Gazada, üstesine has gorkunç möçberlerde bolup geçmegini Ysraýylyñ özüni goramaga bolan hukugy hasaplaýandygyny mälim etdi. Bu ýerde öldürilen müñlerçe çaga, gözi ýaşly müñlerçe ene Günbatarda wyždany diri ýüz müñlerçe adamy köçä çykaranam bolsa, Baýden, Sunak, Makron, Şols ýaly liderleriñ tüýüni-de gymyldatmady. Olar zol özüñi gorama hukugyny ýanjap, Nuh diýdiler, pygamber diýmediler. Atly-owazaly arap şeýhleri bolsa guk ýanlarynda bolup geçýän gyrgynçylyga gañrylybam seretmediler. Dogrusy, Katar, Saud Arabystany, Müsür ýaly käbir arap ýurtlary meseläni diplomatiki ýollar bilen çözmek üçin birnäçe synanyşyklarda boldy, emma bu ýurtlaryñ liderleriniñ biri-de orta çykyp, Ysraýyly aç-açan ýazgarmaga milt edip bilmedi. Muny edip bilen ýeke-täk musulman lideru Netanýahuwa "ganhor, uruş jenaýatkäri" diýen prezident Erdogan boldy. Şeýle diýmek bilen ol Päkistandan Bangladeşe, Siriýadan Liwiýa, Marokka çenli aralykda ýaşaýan millionlarça ýönekeý musulmanyñ sylag-hormatyny, söýgüsini gazandy. Prezident Erdogan "Gazadaky gandöküşlikleriñ, Kuddusdaky agressiw hadysalaryñ öñüni aljak günlerimiz ýakynlaşdy" diýip gürledi / Fotosurat: AA Elbetde, Erdoganam Türkiýede ak jüýje däl. Russiýa bilen söwdasyny dowam etdirip, rus uruşynyñ maliýeleşdirilmegine we aýratynam ukrainaly ýönekeý raýatlaryñ öldürilmegine goşant goşan Türkiýe Gazada meselesinde dogry tarapda - bigünäleriñ tarapynda durdy. Edil şolar ýaly Gündogar Türküstanda uýgurlara garşy bolan hytaý genosidini aç-açan tankyt etmekden gaça duran we Rabia Kadir ýaly uýgur liderlerini ýurduna salmadyk Türkiýe Owganystanda täzeden häkimiýet başyna gelen Taliban bilen şapbada-şupba bolmaga utanmady. Görşüñiz ýaly, akly ýerinde bolan her bir ýurt ýaly Türkiýäniñem daşarky syýasatyny kesgitleýän zat - adam hukuklary, demokratiýa we şahsy azatlyklar ýaly gymmatlyklardan zyýada öz milli bähbitleri. Şonsuzam demokratiýa we adam hukuklary boýunça Türkiýäniñ geçmişi onçakly arassa däl. Jemläp alanymyzda, XXI asyryñ birinji çärýeginiñ tamamlanyp barýan günlerinde ýaryşda erbetleriñ üstün çykandygyny görýäris. Emma ýagdaýyñ şeýledigi hemişe şular ýaly dowam etjekdigini-de añlatmaýar. Gijäniñ yzyndan gündiziñ, garañkylygyñ yzyndan ýagtylygyñ gelşi ýaly, gowularyñam ýüzüniñ güljek günleri geler. Şeýle bir döwür geler, Eýrandyr Owganystan ýaly ýurtlarda aýal-gyzlar azat ýaşar. Türkiýede parahorlyk, korrupsiýa, tanyş-bilişe daýanmak geçmişde galar, hiç kim pikiri sebäpli türmede ýatmaly bolmaz. Palestina we Ysraýyl döwletleri biri-birine ýanaşyk agzybirlikde ýaşar. Russiýa kiçi goñşularyna çozmaz. ABŞ dünýäniñ başyna kerep aýlajak bolmaz. Şeýle bolanda dünýä jennete döner. Elbetde, meniñ bu aýdýanlarym gury hyýal ýaly bolubam biler. Emma daş-töweregimizde görýän her bir zadymyzyñ hyýal bilen başlandygyny we hakykata öwrüldi. Hernä, hyýalymyza ýürekden ynanalyñ. Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Sişenbe, 11.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |