15:37 Ertekiler eýýamy | |
ERTEKILER EÝÝAMY
Edebi makalalar
Gadym-gadym zamanlar ertekiler eýýamy tamamlanyp, Nuh döwründen bäri gan hem der bilen owkadyňy gazanmaly eýýam başlanypdyr. Emma adam oglunyň kalbynda çagalygynyň galyşy ýaly, biz mydama ertekiler eýýamynyň erteki däl-de, çyn bolmagyny isleýäris. Hernäçe aldasa-da, biz, gudratly kişileriň bardygyna ynanýarys. Bu dünýäniň soňsuz azabyndan arsak-da, ölümden aňyrda-da haýsydyr bir ýaşaýşyň bardygyna umyt baglaýarys. Belki, şol sebäplidir, dünýä akyl ýetiren Nisşe ýaly alymdan toslamasy ýapa degmeýäne has gowy ynanýarys. Emma bir hakykata ynanmagyň zamany hem geldi. Dünýäde erteki ýok! Biziň erteki diýýän mifiki sýužetlerimizde gadymy gudratly dünýäniň bölek-büçek hakydalary ýaşaýar! Haýsydyr bir ertekiniň gahrymany almaz gylyjy bilen döwüň kellesini kesýär, ýöne döw öläýmeýär, gaýta, onuň daman ganyndan başga bir döw emele gelýär… ertekimi? Ýok, dünýäde şeýlebir jandarlar bar – erteki hem ol jandarlaryň ýanynda gudrat: şeýle gurbaga bar, bir säw bilen onuň iki garagy hem çyksa, az salymdan gurbaga ýalpyldap duran iki sany täze göz çykýar. Ýene bir hili gurbaga bar — ýiti zat bilen ony birnäçe bölege çapsaň hem ol gurbaga ölmeýär, tersine, her bir böleginden täze bir gurbaga emele gelýär. Edil ertekidäki ýaly! Ejekejanyň jigisiniň suwsap, bir kölden suw içeninde keýijege öwrülişi, soňam başga bir gudratly köli tapyp, şondan suw içip, ýaňadan adama öwrülişi hakda ertekini eşidensiňiz. Öli adamy direldýän, diri adam öldürýän çeşme suwy hakda hem ertekini bilýänsiňiz. Görlüp oturylsa, bu-da erteki däl eken! Alymlar keramatly tibetlileriň ýaşaýan, barmasy juda kyn bolan Gimalaý daglarynda hut şeýle kölüň hem çeşmäniň bardygyny takyklaýarlar. Indi, ençeme ýyldan bäri belli alym Ernest Muldaşew Gimalaý daglaryna ekspedisiýa guraýar. Ol Saý Baba bilen duşuşanda «Açyl, saçagym, açyl, ýapyl, saçagym, ýapyl!» saçagynyň hem hakykatdygyny öz gözi bilen görüpdir. E.Muldaşewiň ekspedisiýasynyň syry nämede? Siz okansyňyz, eşidensiňiz, Gimalaý daglarynda pynhan gowaklarda adamzadyň genefondy barmyş. Ol genefond kim tarapyndan hem haçan goýlupdyr, belli däl, ýöne garaşylmadyk kataklizm zerarly adamlar mamontlar ýaly birden gyrlaýsa, Gimalaý daglarynda goýlan şol genefondlardan ýaşaýyş üçin täze, ýaňadan adamlar döräp biler. Örän ajaýyp dünýämiz bar, keýpine ýaşap ýörmeli! Ýöne, adamzat döräli bäri kyýamatyň boljagyna ynanýar, millionlarça ýyl bäri kyýamata garaşýar. Onuň döreden beýik dinleriniň yzy hem kyýamat bilen tamamlanýar. Gowaklarda ätiýaçlyk üçin ýatan Somatlar – ýagny adamlar hem kyýamata garaşýar. Kemakyl hem gözsüz hereket edýän adamzat, megerem, özüni ýok edip biler! Oňa adamzadyň güýji ýetjek! Emma ol Ýeri ýok edip bilmez! Ýeriň öz eýesi bar! Hindistanda, Gimalaý daglarynda ýaşaýan birentek adamlar gaty garrap, öz ruhuny özi daşyna çykaryp bilýär, ýagny asudalyk bilen ölüp bilýär. Gimalaý daglarynda şeýle köl barmyş – şonuň suwuny içen terkidünýä ýoga – Somaty halyna geçmek üçin şol kölüň suwuny içip, içindäki negatiw energiýany ýok edýärler. Netijede, ol aňsatlyk bilen Somaty ýagdaýyna geçýär. Ol biziň düşünjämiz boýunça öli. Gimalaý daglaryndaky gadym-gadym mif siwilizasiýalar, belki, lemuriýler, belki, atlantlar tarapyndan gowaklarda rejelenip goýlan Somatlar ýaly ölä öwrülýärler. Başga bir gowakdan akyp çykýan kiçijik çeşmäniň suwy bilen şol adamlary islendik pursat direldip bolýar. Akpamygyň ýedi doganyny akmaýanyň süýdi bilen direldişi ýaly, kyýamat-ahyr bolanynda, şol jesetler özlerini direltmeli. Ýeriň ýüzünde şondan soň Ýeriň ýüzüne betbagtlyk getiren adamlar ýok bolup, şol beýik adamlar ýaşap başlamaly! E.Muldaşew köptaraplaýyn adam. Ol şol pynhan gowaklaryň psihoenergetiki päsgelçilikler bilen berk goralýandygyny hem aýdýar. Ol gowagy Köýten daglaryndaky gowagy açan ýaly açyp bolmajagy hak. Şonuň üçinem ol ekspedisiýa biopollary öwrenen alymlary hem alypdyr. Ol gowaklary açmak, kyýamatdan ozal ätiýaçlyk kişileri bimaza etmek näme gerek? Kyýamata çenli ebedi ukuda ýatan adamlaryň rahatlygyny bozup, olaryň, belki, ylym üçin täze dünýäni açaýmaklary hem ähtimal. Sebäbi şol suwlar tapylsa, adamzadyň başyna kyýamat oýnuny getirip ýören düwnük, süýji, spid ýaly keselleri ýeňip boljagyna bil baglanýar. Şeýle bolsun-da hernä! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |