00:26 Faraon -7: romanyň dowamy | |
ON IKINJI BAP Ramses gijäniň köpüsini galagoply arzuw-hyýallarda geçirdi. Bir görseň-ä gözüniň alnynda döwletiň alamaty şekilinde hiç zat bilen deşip bolmajak galyň diwarly tükeniksiz ötlem-ötlem jaý peýda bolýardy, bir görseň-de ötlem-ötlem jaýdan nädip çykmalydygyny ýekeje paýhasly söz bilen görkezýän žresiň alamaty peýda bolýardy. Şeýlelikde, onuň alnynda iki sany biçak kuwwatly güýç örboýuna galyp durdy: biri-hä tagtyň mirasdüşeri bolsa hem, nämedigini henize çenli aýdyň göz öňüne getirip bilmeýän zady bolan döwletiň bähbididi, beýlekisi-de onuň çaňňalagyny çaşyryp, özüne boýun egdirmek isleýän žresleriň özbaşdak toparydy. Agyr gijedi. Şa ogly düşeginde iki ýana urnup ýatyşyna: "Men henize çenli kör gezip, özümiň paýhassyzlygyma, ejizligime akyl ýetirerim ýaly, ol diňe şu gün açyldymyka?“ diýip oýlanýardy. Ejesiniň duýduryşy-da, ähli zadyň ýumsa ýumrugynda, açsa aýasyndadygyny aýdýan mahaly kakasynyň özüne erk edip bilşi-de, hatda hökümet agzasy Herihoryň yzgytsyzlygy-da indi oňa bütinleý başgaça bolup görünýärdi. Ol düýş arasynda, sowuk der basyp ýatyşyna: "Döwlet bilen žresler!..“ diýip birnäçe gezek gaýtalady. Eger Ramsesiň kalbynda şol gijede dörän pikirler çuňlaşyp, ýagşy bişip ýetişenliginde, näme bolup geçjekdigi diňe asmandaky hudaýlara mälim. Belki, faraonlyk nesip edenliginde, ol iň bir bagty daş ýarýanlaryň biri bolup, beýleki hökümdarlardan artyk patyşalyk sürerdi. Belki, onuň ýeriň astyndaky we üstündäki ybadathanalaryň diwarlaryna oýulyp ýazylan ady iň beýik şöhrat gurşap alan nesillerine ýeterdi. Belki, ol hem-de onuň neberesi täçden mahrum bolmazdy, Müsürem özüniň has agyr ýyllary başdan geçirýän döwründe uly howsala ýol bermezdi. Ýöne ertiriň ýagtysy şa oglunyň göçgünli kellesini aýlaýan alamatlary pytradyp goýberen bolsa, ondan soňky günler hem onuň döwlet bähbitleriniň pugtalygy baradaky düşünjesini birden üýtgetdi. Ramsesiň zyndana barmagy günäkärlenýänleriň peýdasyna boldy. Sülçi bu hakda ýokary kaza ýetirdi. Kazy işe ikinji gezek seredip, günäkärlenýänleriň ençemesinden özi sorag etdi, birnäçe günüň dowamynda olaryň köpüsinui boşatmak bilen, galanlarynyň işine seredilmegini çaltlandyrdy. Kazyýetiň jaýynda-da, bazar meýdançasynda-da ady tutulyp gygyrylsa hem, talap ediji kazyýete gelmedi. Onsoň çozuş edilendigi baradaky iş ýatyrylyp, günäkärlenýänleriň ählisi azatlyga çykaryldy. Dogry, kazylaryň biri ýalan günälenme üçin mirasdüşeriň mülküniň dolandyryjysynyň garşysyna kanun esasynda iş gozgamalydygyny we eger subut edilenliginde, onuň özüne günälenýänlere garaşýan temmini bermelidigini aýtdy. Ýöne bu meseläniň üstüni basyryp ýetişdiler. Mirasdüşer tarapyndan Takens welaýatyna geçirilen mülküň dolandyryjysy basym kazylaryň gözünden ýitdi, sähel wagtdanam çozuş edilendigi hakdaky iş boýunça içi papirusly sandygam gürüm-jürüm boldy. Muny eşiden Ramses ýokary mürzäniň ýanyna ugrady, barybam ondan: - Hormata mynasybymyz, bigünä adamlary goýberdiler, mukaddeslige şek ýetirilip, olar baradaky işi ýitirim etdiler, ýöne muňa garamazdan, hökümetiň abraýy gaçanokmy? – diýip gülümjiräp sorady. - Mähribanym, şa ogly, men sen bir eliň bilen şikaýat uzadyp, beýleki eliň bilen bolsa ony yzyna almaga dyrjaşarsyň diýip pikir etmändim. Garamaýak halk-a faraonyň ogluny kemsitdi, biziň borjumyz-da günäkärlere temmi bermekdi. Ýöne sen öýke-kinäni bagyşlan bolsaň, döwlet muňa garşy bolup durmaz – diýip, adaty sowuklygy bilen jogap gaýtardy. - Döwlet!..Döwlet!..-diýip Ramses gaýtalady. Soňra gözüni süzüp, onuň üstüni ýetirdi. – Döwlet – bu biz. -Hawa, döwlet – bu faraon hem-de...onuň wepaly hyzmatkärleri – diýip mürze jogap berdi. Mirasdüşeriň aňyndaky oýanyp ugran „döwletiň“ manysy baradaky entek aýdyň bolmasa hem, güýçli düşünjäniň pytrap gitmegi üçin ýokary derejeli adam bilen edilen şu gürrüňem ýeterlik boldy. Şeýlelikde, döwlet – faraonlaryň daşdan-daşa öz beýik işlerini artdyrmaly baky mizemejek ymarat däl-de, eýsem, her bir hökümdaryň öz göwnüne geldigiçe alyp, başga ýere sepip oturan çäge üýşmegi. Döwletde kim bolsa bolubersin – daýhanmy ýa-da tagtyň mirasdüşerimi – deňinden geçilen mahaly hökman baş egiläýmeli kanunlar diýlip atlandyrylýan insiz gapylar ýok. Ol ymaratda her jüre girelgeler we çykalgalar bar: insizleri – kiçijikler, ejizler üçin; has giňleri we amatlylary – güýçlüler üçin. „Eger şeýle bolsa, men öz tertibimi kesgitlärin“ diýip, şa ogly karara geldi. Birdenem iki adam onuň ýadyna düşdi. Olaryň biri-hä buýruga garaşmazdan, mirasdüşere degişli zat üçin janyny bermäge taýýar bolan, gulçulykdan boşadylan negrdi, beýlekisi-de nätanyş žresdi. „Eger mende şeýle adamlar köp bolanlygynda, meniň erk-ygtyýarym Müsürde-de, onuň çäginden daşarda-da hormatlanardy“ diýip, ol içini gepletdi hem-de žresi hökman gözlemek kararyna geldi. Ol, megerem, mirasdüşeriň öýüne çozan adamlary saklan žres bolsa gerek. Özi-de diňe bir kanuny bäş barmagy ýaly bilmän, eýsem, märekä aýdanyny etdiribem bilýär. - Bahasyna ýetip bolmajak adam!..Men ony hökman tapmaly... Şol günden başlap, Ramses ýanyna bir kürekleýji alyp, çaklaň gaýykda öz mülküniň töweregindäki daýhanlaryň külbelerine aýlanyp ugrady. Egni hitonly, ullakan ýasama saçly, eli kertilip bellik edilen ölçeg taýakly mirasdüşer suwuň ýokary galyşyna gözegçilik edýän bilgä çalym edýärdi. Daýhanlar oňa daşgyna dahylly her hili düşündirişleri berýärdiler, ýeri gelende, leňňer bedrä garanda, hökümetiň suwy susup almagyň haýsydyr bir başga has ýeňil usulyny oýlap tapmagyny haýyş edýärdiler. Olar, şeýle-de, mirasdüşeriň mülküne çozuş edilendigi, ýöne daş zyňan adamlaryň kimlerdigini bilmeýändikleri barada gürrüň berdiler. Märekäni köşeşdirmegiň hötdesinden gelen žresi-de ýatladylar. Ýöne onuň kimdigini bilýän tapylmady. Bir daýhan: - Biziň ýerlerimizde göz keselini bejerýän žres bar; ýene biri bolup, ol ýaralara em edýär hem-de döwlen el-aýaklary bitirýär. Okamagy, ýazmagy öwredýänlerem bar. Biri-hä goşa fleýta-da oýnaýar, çalyşy ýaramaz däl. Ýöne şol gün mirasdüşeriň bagynda peýda bolan žres bularyň arasynda ýok. Onuň kimdigini bularyň özleri-de bilenok. Megerem, ol ýa-ha hudaý Hnum, ýa-da mirasdüşeri – goý, ol baky ýaşasyn hem-de hiç wagtda işdäsini ýitirmesin! – goraýan haýsydyr bir ruh bolmaly!.. –diýip gürrüň berdi. Ramses: „Ol, dogrudanam, ruh bolaýmasyn?“ diýip oýlandy. Müsürde, mysal üçin, şunça garaşsaňam, ýagyşyň ýagmasy kyndy, ýöne ýaramaz ýa-da hoşgöwün ruhuň duş gelmegi weli aňsatdy. Gyzaryp ýatan Nil goňur reňke boýalyp, atir51 aýynda-da öz beýikliginiň ýarysyna ýetdi. Kenar gatlalaryny açdylar we nowhanalary, täsin bägülleri bilen belli bolan Faýum welaýatyndaky äpet emeli Merid kölüni örän çalt dolduryp ugrady. Gyrasy baýyrlar bilen keşdelenen, gaýalarynda öýler, baglar pytraň oturan Aşaky Müsür deňiz aýlagyna meňzeýärdi. Gury ýerde gatnaw bütinleý ýatyp galansoň, derýa boýunça birgiden ak, sary, gyzyl, güýz ýapraklaryna meňzeş goýy goňur reňkli gaýyklar iki-baka gatnaýardy. Iň ýokarky ýerlerde pagta ýygymyny tamamlapdylar, ýorunjany ikinji gezek orýardylar hem-de tamarind we zeýtun miwelerini ýygyp başlapdylar. Bir gezek düýbüni suw basan mülkleriniň deňinden ýüzüp barşyna, Ramses adajyklaryň birinde adaty bolmadyk gaýda-gaýmalaşygy gördi Ol ýerden agaçlaryň aňyrsyndan batly aýal sesi eşidilýärdi. „Kimdir biri ýogalan bolara çemeli“ diýip mirasdüşer oýlandy. Beýleki adajykdan uly bolmadyk gaýyklarda içi bugdaýly haltalary, mallary alyp barýardylar; gullukda duran adamlar gaýykda oturanlara sögünýärdiler, haýbat atýardylar. Ramses: „Goňşular sene-mene edişipdirler“ diýen netijä geldi. Aňyrdaky mülklerde imi-salalykdy, ýöne ýaşaýjylar işlemegiň ýa-da aýdym aýtmagyň deregine, ýerde ses-üýnlerini çykarman otyrdylar. „Işi tamamlap, dynç alýarlar“. Bir adajykdan içinde çagalar aglaşyp oturan gaýyk ugrady; haýsydyr bir aýal olaryň yzyndan eňdi we biline çenli suwda durup, ýumrugy bilen haýbat atdy „Çagalary mekdebe alyp barýarlar“ diýip Ramses oýlandy. Bu ahwalatlar ahyry onuň ünsüni özünde egledi... Indiki adajyklaryň birinden ýene ses eşidildi. Şa ogly elini gözüne ýetirip, ýerde ýatan adamy gördi. Ony negr taýaklap durdy. - Bu nämäniň alamaty boldugy? – diýip, Ramses gaýykçydan sorady. - Siz, näme, göreňzokmy, jenap? Biçäre daýhany ýençýärler. Hata iş edendir-de, indem süňkjagazlary şatyrdaýandyr – diýip, gaýykçy gülümjiräp jogap gaýtardy. - Seniň özüň, näme, daýhan dälmi? - Menmi? – diýip, gaýykçy buýsançly seslendi. – Men – erkin balykçy. Tutanymdan degişlisini onuň hormatlysyna berýän, soňra ilkinji bosagadan tä deňze çenli, tutuş Nil boýunça han özüm, soltan özüm bolup ýüzüp bilýän. Balykçy diýeniň-ä balyk ýa-da ýabany ördek ýalydyr, daýhan diýeniň-de agaç ýalydyr: jenaplary öz miweleri bilen iýmitlendirer ýörer, hiç ýere gaçybam bilmez. Diňe gözegçiler gabygyny zaýalanlarynda hykylarlar – bolany şol. Eý-how!..Beýläk serediň-le! – diýip, özünden göwnühoş balykçy gygyrdy. – Eý, atam!..Ähli suwy sokga soraýmaweri-how!..Ýogsa hasyla ýüzümiz düşmän geçer! Bu şadyýan ses örän geň iş bilen meşgul birgiden adama degişlidi. Deňziň kenarynda duran birnäçe ýalaňaç adam haýsydyr bir biçäräniň aýagyndan tutuşlaryna, ony ilki boýnuna, soňra gursagyna, iň soňunda-da biline çenli başaşaklygyna suwa çümdürýärdiler. Olaryň golaýynda eli degenekli taýakly, egni kirli hitonly, kellesi goýun derisinden ýasama saçly biri durdy. Birneme aňyrrakda bolsa adamlar elinden saklap duran aýal bogazyna sygdygyndan gygyrýardy. Taýakly jeza faraonyň bagtly döwletinde edil iýmitdir düýş ýaly giňden ýaýrandy. Çagalary, agalary, daýhanlary, senetçileri, esgerleri, serkerdeleri, emeldarlary ýençýärdiler. Žreslerdir ýokary welmožalardan başga – olary ýenjere adam ýokdy – her kim öz taýak paýyny alýardy. Şol sebäpli hem, mirasdüşer degenekli taýak bilen ýenjilýän daýhana juda parhsyz seretdi. Ýöne suwa çümdürilýän daýhan weli onuň ünsüni çekdi. - Ho-ho-ho! Ony edip suwdan gandyraýyşlaryny!...Şeýlebir çişer weli, aýaly budunyň üstündäki daňyny gowşatmaly bolar – diýip, gaýykçy gülmesini dowam etdirdi. Ramses kenara ýüzüp barmagy emir etdi. Edil şol wagt daýhany suwdan çykardylar, üsgürinmäge maý berdiler-de, özüni saklap duran adamlary dyrnaçaklaýan, dişleýän ýassykdaşynyň wagşyýana sesine gulak gabartman, gaýtadan aýagyndan tutdular. -Duruň! – diýip, şa ogly daýhany süýräp barýan jellatlara gygyrdy. Goýun derisinden ýasama saçly adam hondanbärsi bolup, maňňyldap gygyrdy: - Öz işiňizi ediň! Boldy meniň başyma ýürekli adam! Edil şol pursatda Ramses güýjünde baryny edip, onuň kellesine ölçeg agajy bilen ýelmedi. Urlanyň bagtyna agaç saldamly däldi. Egni kirli hitonly kişi ýere çökdi-de, kellesini tutup, öçügsilenen gözlerini özüni urana aýlady. Soňra göýä hiç zayt bolmadyk ýaly adaty sesde: - Görnüşi ýaly, maňa tanymal adam bilen gürleşmek miýesser edipdir. Menuiň jenabym, goý, saňa gowy keýp hemra bolsun, goý, hiç wagtda seniň süňňüňe awuly söz ýaýramasyn... - Siz bu adamy nämüçin beýdýäňiz?- diýip, şa ogly onuň sözüni kesdi. Goýun derisinden ýasama saçly kişi maňňyldap jogap gaýtardy: - Sen, meniň jenabym, ýerli däp-dessurlardan-da, adamlardan-da bihabar bolup, olar bilen juda sypaýyçylyksyz gepleşýän kese ýerlä meňzeýärsiň. Bilip goý, men – salgyt ýygnaýjy, özümem Memfisiň birinji pul eýesi, pähimli Dagona gulluk edýän; eger bu habar seni agarmaga mejbur etmese, munuň üstesine ýene bir zady bilip goý: pähimli Dagon tagtyň mirasdüşeriniň – goý, ol baky ýaşasyn! – kärendeçisi, ygtyýarlysy hem-de dosty; sen şa ogly Ramsesiň ýerinde zorluk etdiň, muňa meniň adamlarym şaýatlyk ederler. - Diýmek bu...- Şa ogly onuň sözüni kesmekçi boldy-da, birden saklandy. –Mirasdüşere degişli bolan daýhana sütem etmäge kim saňa ygtyýar berdi? - Bu myrryh salgyt tölemek islänok, mirasdüşeriň gaznasy bolsa gugaryp ýatyr. Öňbaşçysyna betbagtçylygyň aralaşanyny görenden, pidany ellerinden goýberen onuň kömekçileri özleriniň güýçsüzdikleri bilen başsyz göwräni ýatladyp durdular. Boşadylan daýhan gaýtadan gulaklarynyň suwuny silkeläp we agzynyň suwuny tüýkürip ugrady. Onuň aýaly bolsa ärini halas edeniň aýagyna ýykyldy. Ol ellerini şa ogluna arz-şikaýatly uzadyp, sanawaçly aglap ugrady: - Hudaýmyň sen ýa-da hatda faraonyň ýollan adamymyň, kim bolsaň hem maňa gulak goý. Biz tagtyň mirasdüşeriniň – goý, ol baky ýaşasyn! – daýhanlary, özümizem dary, bugdaý, gül, öküziň derisini berip, ähli salgydy üzdük. Ýöne, ynha, biziň ýanymyza şu adam geldi-de, ýene ýedi gap bugdaý talap etdi. Meni ärim ondan: „Biz hemmesini töledik ahyry. Ýene talap etmäge hakyňyz barmy?“ diýip sorady. Ol bolsa ýassykdaşymy ýere ýykaga-da, aýagy bilen depip durşuna: „ Hakymyz, baý, bardyr-a, hormata mynasyp Dagonyň buýrugy şeýle“ diýip gygyrýar. Adamym: „Weý, öýümizde döwüm çörek bolmansoň, biz bir aý bäri lotosyň tohumydyr düýbi bilen iýmitlenip ýörüs-ä; ony-da tapmak barha kynalýar, sebäbi uly jenaplar onuň gülünden lezzet almagy gowy görýärler. Ýeri, onsoň men size onça bugdaýy nireden tapaýyn?“ diýip jogap gaýtardy. Aýal hamsykdy. Ramses ol köşeşýänçä sabyr edip garaşdy. Sähelçe wagt ondan ozal suwa başaşak çümdürilen daýhan bolsa: - Bu heleý-hä ergeneksiz dili bilen bizi betbagtçylyga giriftar etse gerek. Meniň işime heleý sokjarylsa, halamaýandygymy saňa aýdypdym ahyry – diýip hüňürdedi. Şol wagt salgyt ýygnaýjy gaýykçynyň ýanyna baryp, Ramsesi görkezdi-de: - Bu agzyndan süýt ysy gitmedik kim? – diýip, ýuwaşlyk bilen sorady. - Häý, seniň diliň gurasyn! – diýip, gaýykçy jogap gaýtardy. – Onuň ketde hojaýyndygyny, näme, göreňokmy: gowy töleýär, gowy uruşýar. - Men onuň tanymal adamdygyny derrew aňdym. Ýaş döwrüm ketde jenaplaryň meýlisine birnäçe gezek gatnaşmak maňa miýesser edipdi – diýip, salgyt ýygnaýjy pyşyrdady. - Hä, eşigiňdäki ýag tegmilleri şol meýliglerden galan bolmaly-da onda – diýip gaýykçy hümürdedi. Aglap içini boşadan aýal gaýtadan gürläp ugrady: - Şu gün irden bolsa, şu mürze öz adamlary bilen gelip, ýassykdaşyma: „Eger seniň bugdaýyň ýok bolsa, bize öz iki ogluňy ber; şeýtseň hormata mynasyp Dagon diňe bir salgydyň tölenmedik bölegini geçmän, eýsem, oglanjyklaryň her biri üçin ýylda bir drahm tölär...“ diýdi. Ýap-ýaňyja suwa çümdürilen äri: - Häý, başa düşen musallat diýsäni! Öz lakgyldyň bilen biziň ählimiziň işimizi görersiň sen...- diýip aýalyna gygyrdy. Soňra Ramsese ýüzlendi: - Sygyr guýrugy bilen siňegi gorkuzýandyryn öýdýär, heleýiň göwnüne bolsa, ol dili bilen salgyt ýygnaýjylary kowýan ýaly bolup görünýär. Olaryň eýlekisi-de, beýlekisi-de özüniň samsykdygyny dyýanok. - Seniň özüň samsyk – diýip, aýaly onuň sözüni kesdi. – Biziň alyhezretleri jenabymyz...Daş keşbiň-ä edil şa oglunyňky... - Bu aýalyň dini masgaralaýandygyna şaýat bolarsyňyz – diýip, salgyt ýygnaýjy öz adamlaryna pyşyrdady. - Hoşroý ysly gül!..Seniň sesiň – fleýtanyň owazy. Meni diňle – diýip, aýal Ramsese ýalbardy. – Hawa, meniň ärim emeldara: „Siz maňa hersi üçin ýylda bir drahm däl-de, dört drahm töleseňizem, men öz balalarymyň ýerine, eger olar mende bolanlygynda, jüp öküz beredim. Çaga öýden gulluk etmäge çykyp gitse, gaýdyp yzyna köwlenýän däldir“ diýdi. - Asylyp ölsemdim! Niliň düýbünde meniň jesedimi balyklar tike-tike etsedi! Sen, heleý, öz şikaýatyň bilen hemmämiziň başyna ýetersiň! – diýip nalady. Salgyt ýygnaýgy has dahylly tarapdan goldawy görüp, öňe çykdy-da, ýene maňňyldap gürläp ugrady: - Günüň patyşanyň köşgüniň aňyrsyndan dogup, piramidalaryň aňyrsynda-da ýaşýan wagtyndan bäri bu ýurtda her hili täsinlikler görüldi... Faraon Semempsesäniň döwründe Kahunanyň piramidalarynda geň-taň hadysalar bolup geçip, Müsüre gyrgyn aralaşdy. Boetosyň döwründe Bubastyň eteginde ýer hopup, birgiden adamy ýuwutdy...Neferhesiň patyşalyk eden zamanynda Niliň suwy on bir günüň dowamynda edil bal ýaly süýji boldy... Mende danalyk möwç uransoň, bilýän täsinliklerimiň bärsi bardyr, aňyrsy ýokdur. Ýöne suwdan haýsydyr bir nätanyş adamyň çykyp, hormata mynasyp mirasdüşeriň mülkünde salgyt ýygnalmagyna päsgel berenini hiç wagtda gören däldirin. - Gapyl! Özüňem şu ýerden owarraňy tap!- diýip Ramses gygyrdy. Soňra ol aýala ýüzlenip, aýdanynyň üstüni ýetirdi. – Siziň çagalaryňyzy hiç kim eliňizden almaz! - Maňa owarramy tapmak kyn däl, sebäbi meniň ygtyýarymda ýeňil gaýyk bilen bäş sany kürekleýji bar. Ýöne, siziň merhemetliňiz, meniň jenabym Dagon sizi tanar ýaly, haýsydyr bir alamat beriň-dä! - Ýasama saçyňy çykar-da, öz kelläňdäki alamaty Dagona görkez hem-de onuň tutuş bedeninde şeýle alamatlary nagyşlap berjekdigimi aýt. Salgyt ýygnaýjy baş egip, kenara tarap götinjekläp barşyna öz adamlaryna: - Eşidýäňizmi, nähili kemsitme! – diýip pyşyrdady. Ol gaýyga mündi, kömekçileri herekete girip, birnäçe ädim ýüzülenden soň, kenar tarapa ýumrugyny düwüp haýbat atyşyna: - Belki, tutuş iç goşuňyz sanjyp, size azar ýamanyny beräýedi, pitneçiler diýsäni! Mukaddeslige şek ýetirijiler diýsäni! Men şundan göni mirasdüşeriň ýanyna baryp, öz mülkünde nämeleriň bolup geçýändigini oňa gürrüň bererin – diýip gygyrdy. Soňra arkasynda durmandyklary üçin degenekli taýak bilen öz adamlaryny saýgylap başlady. - Duruber bakaly, senem şeýdip paýyňy alarsyň! – diýip, ol Ramsese haýbat atyp gygyrdy. Şa ogly gaýyga böküp mündi we gaharyna bäs gelip bilmän sandyrap durşuna, gaýykça süýthoruň bihaýa gullukçysynyň yzyndan kowup ýetmegi buýurdy.Ýöne goýun derisinden ýasama saçly kişi degenekli taýagy taşlady-da, özi kürek urup başlady. Onuň adamlary hojaýyna şeýlebir kömek berýärdiler weli, kowgyçylara zyk etdirjek gümany ýokdy. Gaýykçy gülüp, Ramsese: - Meniň ajaýyp jenabym, biz olaryň yzyndan kowup ýetýänçäk, baýguş garlawajy kowalap tutsa gerek. Siz suwuň derejesine gözegçilik edýän bilge däl-de, serkerde, onda-da hut faraonyň ýötite goşunyndan bolaýsaňyz gerek? Nätdiňiz ony? Sen-men ýok, kellesine doňdurdyňyz! Maňa bu ýagdaý tanyş: özüm goşunda bäş ýyl gulluk etdim, oglanlaryň süýr depesine, garnyna, baý, ýelmändirin-ä! Men jahanda erbet ýaşamadym. Kämahal özümi-de kimdir biri urup ýykaýsa, onuň haýsydyr bir ketde adamdygyna derrew akyl ýetirýän...Biziň Müsürimiz – goý, ony hudaýlar hiç wagtda terk etmesin! – juda daryşgan ýer: şäher üstüne şäher, öý üstüne öý, adam üstüne adam. Ine, onsoň kimdir biri bu jümmüşde aýlanyp-öwrülmek islese, hökman kellä ýelmäýmeli - başga alaç ýok! Mirasdüşer: - Sen öýlenenmi? – diýip sorady. - Aý, heleý bolup, ýanynda bize-de ýer tapylsa, onda men öýlenen hasap, umuman alanyňda bolsa - sallah. Men goşunda gulluk eden adam bolamsoň, heleýiň gün içinde bir gezek gowudygyny bilýän – ol hem hemişe däl. Päsgel berýär. - Sen meniň gullugymda bolaýsaň nädýär? Ökünmersiň... - Ötünç soraýan, ýöne men siziň juda ýaşdygyňyz sebäpli uly ýygyna mugtuna ýolbaşçylyk edip biljekdigiňizi görenimden aňdym. Emma men hiç kimiň gullugynda durmakçy däl, sebäbi men – erkin balykçy. Meniň atam, ötünç soraýan, Aşaky Müsürde çopan bolupdyr. Biziň aslymyz giksoslardan. Dogry, paňkelle müsürli daýhanlar bizar-peteňimi çykarýar, ýöne meniň muňa gülkim tutýar. Daýhan bilen giksos, dogrymy aýdaýyn, gatyr bilen öküz ýalydyr. Daýhan azalyň öňünde-de, yzynda-da ýöräp biler, giksos weli hiç kime gulluk etmez. Onuň hormatlysy patyşanyň goşuny bolsa, aýry gep – goşun diýleni ýöne-möne zat däl ahyry! Şadyýan gaýykçy güpüläp gidip otyrdy, ýöne mirasdüşer indi ony diňlänokdy. Onuň kalbynda özi üçin bütinleý täze, ezýetli sowallar barha güýçli ýaňlanýardylar. Diýmek, golaýyndan ýüzülip geçilen adajyklar oňa degişli eken. Onuň öz mülkleriniň nirede ýerleşýändigini, ýagdaýlarynyň nähilidigini asla bilmezligi geň. Diýmek, Dagon onuň adyndan daýhanlara täze agyr salgytlary salypdyr; onuň kenaryň uzaboýuna ýüzüp ýörkä gören adaty bolmadyk gaýda-gaýmalaşygy hem salgyt ýygnalýandygy eken. Kenarda ýenjilip durlan daýhanyň, megerem, töläre zady ýok bolmaly. Gaýykda aglaşyp oturan çagalaram ýylda jan başyna bir drahma satylypdyr. Biline çenli suwda durşuna, olary alyp barýanlary näletleýän aýal bolsa – çagalaryň ejesi... „ Aýal milleti biynjalyk bolar eken. Diňe Sarra ýuwaş hem-de dymma, galanlarynyň bileni-bitireni diňe lakgyldamak, aglamak, gygyrmak...“ diýip, şa ogly içini gepletdi. Aýalyny köşeşdirmekçi bolýan daýhan onuň ýadyna düşdi: ony suwa çümdürselerem, asla gaharlananok; ýassykdaşyna hiç zat edenoklaram weli, goh-galmagalyndan durar ýaly däl. „Hawa, aýallar – biynjalyk millet – diýip, ol içinden gaýtalady. – Hatda meniň sylag-sarpaly ejem...Kakam ikisiniň arasynda, gör, nähili atapawut bar! Patyşa meniň bir gyzyň hatyrasyna ýörüşi unudandygym barada gepi ulaldanok, ulaltmagam islänok; şa aýaly bolsa meniň hatda jöhit gyzy öýe getirendigim üçin oda-köze düşüp, janyna jaý tapanok. Sarra – meniň tanaýanlarymyň içinde iň agras aýal. Oňa derek Tafet sakyrdamak, aglamak, dört adamyň ýerine gygyrmak kemini goýanok...“ Soňra daýhanyň aýalynyň maşgalanyň eýýäm bir aý bäri çörek garasyny görmän, diňe lotosyň tohumyny we düýbüni iýip ýörendigi baradaky sözleri Ramsesiň ýadyna düşdi. Onuň tohumy-ha edil haşhaş ýaly bolýar, düýbünde-de tagam-tagsyr ýokdur. Mirasdüşer olary bir aý beýlede dursun, yzygiderli üç günem iýip bilmezdi. Sebäbi hatda tebipçilik bilen meşgullanýan žreslerem iýmiti çalşyryp durmagy teklip edýärler. Oňa heniz mekdepde okaýan döwri eti balyk bilen, bugdaý çöregini hurma, arpa kökesini injir bilen çalyşmalydygyny öwredipdiler. Emma tutuş aýlap lotosyň tohumyny iýip gezjek bolsaň!..Ýeri, onsoň at, sygyr näme? Olar bedäni halaýarlar, arpa kürtügini bolsa agyzlaryna zorluk bilen dykmaly bolýar. Daýhanlar-da lotosyň tohumy bilen iýmitlenmegi gowy görüp, bugdaýdyr arpa kökelerini, balykdyr eti höwessiz iýýän bolsa bildiňmi. Emma welin, aýratyn takwa, täsinlik dörediji žresler ete-de, balyga-da hiç wagtda el uzatmaýarlar. Belki, welmožalar we faraonyň ogullary ýolbarslardyr bürgütler ýaly, etden iýmiti küýseýän bolsa, daýhanlara, gatyrlar ýaly, ot hem ýeterlikdir. Suwa başaşak çümdürilen daýhan barada oýlananyňda, çaga döwri suwa düşen mahaly, eýsem, özi olary suwa iten däldir öýdýämiň? Özi suwa çümen däldir öýdýämiň? Baý, hezil edip çümendirler-ä! Suwa çümmek diýmek - şatlanmak, göwün açmak ahyry! Taýak barada aýdylanda, ony mekdepde, näme, az urandyrlarmy?..Elbetde, agyrdýar, ýöne urulýanlaryň hemmesiniň tenini awatmaýan bolara çemeli. It ýenjilýän mahaly çirkin ses edýär, dişleýär, emma gatyr yzyna seredäýse nädersiň. Bärde-de şeýle: tanymal adamy ursalar, bedeni agyrýar, daýhan bolsa diňe ýerinden galdygy ýazzyny bermek üçin bagyrýar. Urulýanlaryň hemmesi bagyryp ýatanok. Esgerler ýa-da serkerdeler hatda taýagyň astynda aýdym aýdýarlar. Emma bu göwün aldaýan pikirler mirasdüşeriň kalbyndaky çala aňylýan, ýöne şyp-ýapyş biynjalydgy basyp bilmedi. Onuň kärendeçisi Dagon daýhanlardan kanuny bolmadyk salgydy talap edýär. Daýhanlaryň bolsa indi muňa güýji ýetenok! Ýöne welin şu pursatda mirasdüşeri daýhanlara garanda ejesi has gyzyklandyrýardy. Finikiýalynyň hojaýynlyk edip ýörşi oňa mälim bolsa gerek. Ol bu barada ogluna näme diýerkä, ýüzüne nähili bakarka? Elbetde, mekirlik bilebn bakar!..Heý, özi aýal bolar-da, ýeri gelende ony: „Şol finikiýalynyň seniň mülküňi haraba öwürjekdigini men saňa aýdypdyrm ahyry, Ramses!“ diýip çakmazmy... „Eger haýyn žresler maňa ýigrimi talant bagyşlanlygynda, daýhanlarym urlup-dögülmelere duçar bolup, başaşak tutulansoň Niliň suwuny içip ýörmez ýaly, ejemem meniň üstümden gülmez ýaly, men ertiriň özünde Dagonyň gümüni çekerdim...Ybadathanalarda diňe doýmaz-dolmaz, açgöz žresleri göwünlerini galkyndyryp baslygyp ýatan baýlygyň ondan bir...ýüzden bir bölegi tutuş bir ýyllap meni finikiýalydan halas edip bilerdi“ diýip, şa ogly oýlanmagyny dowam edýärdi. Ine, birdenem Ramses daýhanlar bilen žresleriň arasynda ylalaşyksyz duşmançylygyň bardygy hakda özi üçin açyş etdi duruberdi. „Çölüň çägindäki şol daýhan özüni Herihor sebäpli asdi. Žresleri, ybadathanalary saklamak üçin iki milliona golaý müsürli egninden gum sowurýar...Eger žresleriň mülkleri faraonyň gaznasyna degişli bolanlygynda, men on bäş talanty karz alyp ýörmezdim, meniň daýhamnlarymam rehim-şepagatsyz ýanamalara sezewar edilmezdi. Müsüriň betbagtçylygynyň, onuň hökümdarlarynyň gowşaklygynyň öýjügi, ine nirede!“ Şa ogly daýhanlaryň ýowuz buadyllyga duçar bolýandygyna akyl ýetirdi we belanyň körügi žresler diýen netijä gelip, begendi. Öz pikiriniň ýalňyş, adalaytsyz bolup biljekdigi onuň kellesine gelenokdy. Aslynda-ha ol ýazgaranokdy-da, diňe gaharlanýardy. Emma aç babyryň özüne agyz urman, guýrugyny bulaýlap, gulaklaryny kellesine gysyp, töwerekdäki awy göz astyna alşy ýaly, adamyň gahary-da hiç wagtda onuň özüne öwrülmeýär. ON ÜÇÜNJI BAP Sarrany halas eden, özüne-de ýerlikli maslahat beren žresi tapmak isläp ýola çykan tagtyň mirasdüşeriniň gözlegi garaşylmadyk başga bir zada sebäp boldy. Žresi tapmak başartmady, emma oňa derek müsürli daýhanlaryň arasynda şa ogly baradaky gürrüňler ýaýrap ugrady. Kimdir biri gije çaklaň gaýykly obama-oba aýlanyp, tagtyň mirasdüşeriniň öz öýüne çozuş edendikleri üçin daş döwülýän ýerde işlemek howpy abanýan adamlary boşadandygyny, mundanam başga, şa oglunyň daýhanlardan bikanun salgydy zorluk bilen alýan gullukçyny ýenjendigini daýhanlara gürrüň beripdir. Şol näbelli adam öz gürrüňini: „Şa ogly Ramses özüniň kakasy - Günbatar çöllügiň hudaýy Amonyň aýratyn penakärligindemişin“ diýen sözler bilen jemläpdir. Ýönekeý halk bu gürrüňleri gyzygyp diňleýärdi, eşidýänine-de aňyrsy-bärsi bilen ynanýardy. Sebäbi, birinjiden, olar hakykata laýykdy, ikinjidenem, gürrüň berýän adamyň özi ruh ýaly peýda bolupdy; nämälim ýerden duýdansyz ýüzüp gelipdir-de, duýdansyz hem ýitirim bolupdyr. Ramses özüniň daýhanlary barada Dagonyň ýanynda ne-hä dil ýardy, ne-de ony ýanyna çagyrdy; pul alan, ýene-de birnäçe gezek haýyş bilen ýüz tutaýmagy ähtimal bolan finikiýaly bilen ýaňkalaşmagy gelşiksiz gördi. Emma Ramsesiň Dagonyň mürzesi bilen harçaňlaşanyndan birnäçe gün geçenden soňra, ak ýaglyga dolanan haýsydyr bir närsänii goltugyna gysyp, pul saklanýan ýeriň eýesiniň özi geldi. Ol otaga girenden dyzyna çökdi-de, ýaglygy çözüp, ondan dürli reňkli daşlar bilen bezelen, gazma nagyşly täsin altyn kubok çykardy. Onuň aşagynda goýulýan enjamda - üzümiň ýygylyşy, meý içilýän jamda hem – meýlis şekillendirilendi. Pul saklanýan ýeriň eýesi: - Hormata mynasyp jenap, şu kubogy öz guluňdan kabul et. Goý, ol saňa ýüz...müň ýyl...baky hyzmat etsin! – diýdi. Emma Ramses finikiýalynyň etjek göçümini eýýäm aňypdy. Şonuň üçin hem, ol gymmat bahaly sowgada elini degirmän, Dagona agras seredip: - Dagon, sen kubogyň içindäki çym-gyzyl öwüşgini görýämiň? – diýip sorady. - Elbetde. Kubogyň arassa altyndan ýasalandygy görnüp durka, heý-de, çym-gyzyl öwüşgin görünmezmi? - Men bolsa saňa, ine, şuny aýdaýyn: ol ata-enesinden jyda düşürilen çagalaryň gany! – diýip, tagtyň mirasdüşeri gaharly gepledi-de, Dagonyň bir özüni galdyryp, çykyp gitdi. Finikiýaly: - Eý, Aştoret! – diýip hyklady. Onuň dodagy gögeripdi, elleri sandyrap duransoň, kubogyny mata gaýtadan zordan dolady. Aradan birnäçe gün ötenden soň, Dagon kubogy alyp, Sarranyň ýanyna ugrady. Onuň egni zerli sapak bilen tikilen gymmatbaha köýneklidi; gür sakgalynda gizlenen kinniwanja şarjagazdan hoşboý ys kükeýärdi, saçyna iki sany ýelek sünjülendi. - Näzenin Sarra – diýip, ol söze başlady. – Goý, Ýahwe seniň maşgalaňa Niliň suwy näçe bolsa, şonça-da bagt ýollasyn! Biz, finikiýalylar bilen siz jöhitler - hem goňşudyrys, hem-de dogandyrys. Meniň özümem seni şeýlebir hyjuwly söýýän weli, eger sen biziň hormata mynasyp jenabymyza degişli bolmanyňda, Gedeona – goý, ol hemme zady ýerbe-ýer bolup ýaşasyn! – on talant beräge-de, seni kanuny aýalym edip, beýläme geçirerdim. Men şeýle duýgusy güýçli adam-da! -Hudaý saklasyn, maňa özümiňkiden başga jenap gerek däl. Ýöne, hormatly Dagon, bu gün şa oglunyň öýdeniçeriniň ýanyna gelmäge ne beýle höwesli bolupsyň? - Saňa dogrymy aýdaýyn, eger sen meniň aýalym – Famar bolan bolsadyň...Ol döwründe Sidonyň ady agza-dile düşen gyzydy, maňa ep-esli şaý-sepem getiripdi. Ýöne indi ikiňizi asla deňeşdirerlik galmady: ol garry, seniň aýagyňdan sandalyňy çykarmaga-da mynasyp däl... Gyzaryp-bozarýan Sarra: - Sen başga bir zat barada aýtmakçydyň ahyry – diýip, onuň sözüni kesdi. - Seni görelim bäri, biziň jenabymyzyň meniň öz mülkünde hojalygy nähili alyp barýandygymy barlap, daýhanlardan salgyt ýygnaýan mürzämiň depesinde taýak döwüp, onuň saglygyna zeper ýetireli bärl näme barada aýtmak isleýänimi, walla, özümem bilemok. Şol salgytlar meniň üçin däl-de, eýsem, biziň jenabymyz üçin ýygnalýar ahyry, Sarra... Şol mülkleriň injirini, bugdaý çöregini men iýmerin, Sarra, biziň jenabymyz ikiňiz iýersiňiz...Men jenaba-ha pul, saňa-da gymmatbaha sowgat berdim. Haramzada müsür daýhany neçüýn biziň jenabymyzy hem-de seni lüt goýmalymyşyn, Sarra?..Seniň öz gözelligiň bilen janyma ot salýandygyňa düşüner ýaly, şol mülklerden hiç hili girdeji gözlemeýändigimi, lükgeligi bilen size berýändigimi biler ýaly, sap altyndan ýasalan, dürli reňkli daşlar bilen bezelen, gazma nagyşly şu kubogy al, Sarra! Bu hatda hudaýlary-da haýran galdyrardy... Dagon şeýle diýip, ak ýaglygyň içinden şa oglunyň almadyk kubogyny çykardy. - Men şu altyn kubok seniň öýüňde saklansyn hem-de ondan içmäge biziň jenabymyza ber diýip, ýer depip duramok, Sarra. Ýok, sen muny kakaň Gedeona ber; men ony doganym ýaly söýýändirin. Hawa, oňa ber-de, „Dagon seniň ekiz taýyňdyr. Şu kubokdan iç-de, ekiz taýyň Dagon barada oýlan, biziň jenabymyz, şa ogly Ramsesiň onuň mürzesini urmazlygyny, onsuz hem salgyt tölemek islemeýän öz daýhanlaryna meçew bermezligini Ýahweden haýyş et“ diý. Özüňem bir zady bilip goý, Sarra: meni haçandyr bir wagt ýanyňa goýberseň, saňa-ha iki talant, kakaňa-da – bir talant bererin; munuň üstesine, saňa şeýle az berenime utanaryn, sebäbi sen özüňi hut faraonyňam, tagtyň mirasdüşeriniňem, asylly hökümet agzasy Herihoryňam, gözsüz batyr Nitagoryňam, pul saklanýan ýerleriň eýeleri bolan juda baý finikiýalylaryňam söýüp sypamagyna mynasypsyň. Sen şeýlebir eýjejik weli, seni gördügim kellämi ýitirýän, görmesemem, gözlerimi ýumup, gözýaşa bogulýan. Sen injirden süýji, bägülden ýakymly ysly...Kubogy al, Sarra! Sarra gözlerini aşak goýberip, yza çekildi. - Men kubogy aljak däl. Meniň jenabym haýsydyr bir sowgady almagy gadagan etdi – diýdi. Bu sözlere geň galan Dagon oňa çiňerilip seretdi. - Sen, Sarra, munuň nähili gymmat zatdygyny göz öňüne getirýänem dälsiň...Onsoňam men muny kakaňa – öz doganyma sowgat berýän ahyry... - Men alyp biljek däl – diýip, Sarra ýuwaş ses bilen gaýtalady. - Eý, hudaýlar! – diýip Dagon gygyrdy. – Ýeri, bolýar, Sarra, maňa tölemegiň alajyny özüň taparsyň-da...Ýöne öz jenabyňa aýtma...Sen ýaly näzenin altynsyz, gymmatbaha şaý-sepsiz, diňe onuň jenabynyň islän wagty däl, eýsem, özüniň islän mahaly pul tapyp biljek pynhan gatnaşyk saklanýan puldar adamys oňup bilmez!.. - Alyp biljek däl! – diýip, Sarra Dagona ýigrenjini gizlemän pyşyrdady. Finikiýaly derrew gürrüňiniň äheňini üýtgetdi-de, gülüp durşuna: - Örän gowy, Sarra!..Sen biziň jenabymyza wepalymy ýa-da wepaly dälmi – men diňe şuňa göz ýetirjek boldum. Wepaly ekeniň...Ýogsam-a samsyk adamlar eýle-beýle diýýärler weli... - Näme? – diýip, çym-gyzyl bolan Sarra ýumruklaryny düwüp, Dagona topuldy. Finikiýaly hahahaýlap güldi. - Gynansagam, biziň jenabymyz muny ne-hä eşitdi, ne-de gördi. Aýby ýok, haçandyr bir wagt keýpi kök mahaly seniň oňa diňe bir it ýaly wepaly bolman, eýsem, özüniň sowgat almagy gadagan edendigi sebäpli, seniň hatda altyn kubogy almakdan boýun towlandygyňy aýdaryn. Ýogsam bolmanda bu kubok, maňa ynanaý, Sarra, gaty köp aýalyň başyny aýlandyr...Onda-da nähili aýallardy!.. Dagon ýaramsaklyk edip, Sarranyň päk ahlaklylygyny, diýen edijiligini öwüp, ýene birsalym oturdy. Ahyry Sarra bilen mylakatly hoşlaşyp, özüniň çadyrly gaýygyna münüp, niredesiň Memfis diýip ýola düşdi. Ýöne gaýyk ol ýerden birneme ara açdy weli, finikiýalynyň ýüzündäki ýylgyryş ýitip, onuň ýerini gahar eýeledi. Sarranyň öýi agaçlaryň aňyrsynda gözden ýitende, Dagon ýerinden galdy-da, ellerini göterip, gargyş ýagdyryp başlady: - Eý, Baal Sidan! Eý, Aştoret! Meniň öýkäm üçin Iudanyň näletsiňen gyzynyň temmisini bereweriň! Goý, onuň hileden ýasalan gözelligi çöle siňýän ýagyş damjasy ýaly ýok bolup gitsin! Goý, onuň bedenine kesel ýaýrap, kalbyny sähnelik eýelesin! Goý, ony jenaby öýden gotur doňzy kowan ýaly edip kowsun! Goý, wagty gelip, ol teşnelikden haldan gaçyp, özüne bulanyk suw bermeklerini soranda adamlar onuň çöpe dönen ellerini itip goýbersinler! Ol tä gara bulut az salym Günüň öňüni bekläp, gaýygyň töweregindäki suw möwç urup, köpürjikli gom ýokary göterilýänçä, uzak wagtlap burnuna salyp hüňürdäp, tüýkürindi oturdy. Dagon gargyşyny gutaranda, Gün ýene ýalpyldap çykdy, ýöne suwuň täzeden göterilmesi başlanan ýaly, derýa möwç urmasyny dowam etdi. Onuň gorkan kürekleýjileri aýdym aýtmaklaryny goýdular, ýöne jenaplary bilen aralykda çadyryň tutusy bolansoň, onuň näme edýänini görenokdylar. Şondan soň finikiýaly tagtyň mirasdüşeriniň gözüne görünmedi. Emma bir gezek özüniň kiçi köşgüne dolanyp gelen şa ogly ýatyş otagynda on alty ýaşly enaýyja finikiýaly tansçy gyz gördi. Onuň tutuş eşigi kellesindäki altyn halkadan we gerşindäki kerep ýaly ýukajyk boýunsadan ybaratdy. Mirasdüşer: - Sen kim? – diýip sorady. - Men – hem-ä žres, hem-de seniň öýdeniçeriň. Men seniň gaharyňy özünden kowar ýaly, bäri Dagon iberdi. - Ýeri, onsoň sen ony nädip kowjakmyşyň? Ol mirasdüşeri kürsä geçirip: - Ynha, şeýdip...Hany, şu ýerde otur – diýip, mirasdüşeri kürsä geçirdi. - Men seniň gaharyňdan ýokarda bolarym ýaly, daraklygyma galaýyn hem-de şu keramatlandyrylan boýunsa bilen senden al-arwahlary kowaýyn. - Ol Ramsesiň alnynda pyrlanyşyna, pyşyrdady: - Hüşt!..Hüşt!..Goý, meniň ellerim seniň alnyňdaky bulutlary kowsun!..Goý, meniň posalarym seniň gözleriňe aýdyň bakyşy gaýtaryp getirsin!..Goý, meniň ýüregimiň urgusy seniň gulagyňy saz bolup gandyrsyn, eý, Müsüriň hökümdary! Hüşt!..Hüşt!..Ol siziňki däldir, ol meniňkidir...Söýgi şeýle bir ümsümligi talap edýändir weli...hatda gaharam onuň alnynda sem bolmalydyr. Gyz tans edişine, Ramsesiň saçyny oýnaýardy, ony gujaklaýardy, öpýärdi. Ol halys ýadap, ahyry onuň aýagynyň ýanynda çökdi. Kellesini ýigidiň dyzyna goýdy, dodagyny sähelçe açyp, demini bölüp-bölüp alşyna, onuň ýüzüne bilesigelijilik bilen seretdi. Gyz şa oglundan: - Sen indi öz guluň Dagona gaharlanaňok gerek? – diýip sorady. Ramses gyzyň lebinden öpmekçi boldy, ýöne ol ýerinden atylyp galdy-da, aňry gaçdy. - Waý, ýok, beýtmek bolmaz! - Nämüçin? - Men gyz ahyry, özümem beýik hudaý Astartanyň žresi. Sen meniň penakärimi juda söýmeli, hormatlamaly - diňe şondan soňra meni öpüp bilersiň. - Seniň özüňe öpmek bolýarmy? - Maňa hemme zat bolýar, sebäbi men žres gyz hem-de arassalygymy saklajakdygyma ant içdim. - Sen bäri, dogrudanam, näme üçin geldiň? - Seniň gaharyňy kowmaga geldim diýdim ahyry. Men işimi bitirdim, indi yzyma ugramaly. – Soňra Ramsese maýyl ediji nazar aýlap, aýdanlarynyň üstüni ýetirdi. - Hoş, özüňem hemişe sagdyn, mylaýym bol! Şa ogly: - Sen nirede ýaşaýaň? Adyň näme? – diýip sorady. - Meniň adym Laska, özümem...Aý, ony saňa aýtmagyň nämä geregi bar? Sen meniň ýanyma bu golaýda gelmersiň. Ol elini salgady-da, ýitirim boldy. Şa ogly kürsüde kellesi dumanlanan ýaly bolup birsalym oturdy, soňra ,ýerinden galyp, penjireden seretdi. Dört sany nubiýli bezemen kejebäni göterip, Niliň kenaryna çalt ädimläp barýardy. Ramses onuň gidenine gynanmady. Gyz ony geň galdyrypdy, ýöne maýyl edip bilmändi. „Sarra agras...özi-de owadan. Ýaňky finikiýaly gyz-a sowuk bolmaly, onuň mähir-muhabbeti-de ýasama“ diýip oýlandy. Ýöne şol pursatdan başlap, şa ogly Dagona gaharlanmagyny bes etdi. Bir gezek ol Sarranyň ýanynda otyrka, ýanyna daýhanlar gelip, özlerini gorandygy üçin minnetdarlyk bildirdiler we finikiýalynyň indi täze sakgytlary tölemäge mejbur etmeýändigini habar berdiler. Memfisiň eteginde ýagdaý şeýledi. Emma şa oglunyň beýleki mülklerinde weli kärendeçi ýitgisiniň öwezini dolmak üçin haýyr-heläkdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |