17:59 Futbol diýip äwmezlik etmäñ, Ýugoslawiýany iki futbolçy dagatdy | |
FUTBOL DIÝIP ÄWMEZLIK ETMÄÑ, ÝUGOSLAWIÝANY IKI FUTBOLÇY DAGATDY
Sport we turizm
1990-njy ýylda Dinamonyñ "Zagrebi" bilen Belgradyñ "Krasnaýa zwezdasy" duşuşdy. Toparlaryñ ikisi-de ýugoslaw ligasynyñ başyny çekýärdiler. Duşuşykdan öñ ýurtda nasionalistleriñ we kommunistleriñ arasyndaky gapma-garşylyk ýetjek derejesine ýetipdi. Franýo Tujmanyñ öñbaşçylygyndaky horwat syýasatçylary Ýugoslawiýanyñ federal gurluşyny täzeden düzgünleşdirmegi orta atsa, Slobodan Miloşewiçiñ ýolbaşçylygyndaky serbler muña garşy çykýardy. Syýasy gapma-garşylyk futbola-da aralaşypdy. "Dinamo" üýtgeşmeleri girizmegiñ tarapdarlygyny edýänleriñ topary bolsa, "Krasnaýa zwezda" öñki sistemany dowam etdirmek isleýänleriñ janköýerlik edýän toparyna öwrülipdi. Tribunalarda belgradly janköýerler "Zagreb serbleriñkidir, serbleriñki bolubam galar!" diýip gygyryşsa, horwatlar "Üýtgeşme we azatlyk!" diýip gygyryşýardylar. Stadiondaky atmosfera futbolçylara-da ýolukdy. Zwonimir Boban atly horwat futbolçysy janköýerlere fiziki zorluk ulanandygyny bahana edip, serblere janköýerlik edýän polisiýa işgärini depdi. Bobanyñ bu herekeginden soñ ýaşyl meýdança uruş meýdanyna öwrülipdi, horwatlar ol futbolçyny milli gahryman yglan edipdi. Ýogsam bolmasa, Bobanyñ uran polisiýa işgäri diñe öz wezipe borjuny ýerine ýetirmäge synanyşan arassa işgärdi, üstesine ol bosniýalydy we musulmandy. Bobanyñ depgisi Belki-de ol ýaşyl meýdançada syýasy baş-başdaklyklar bilen galtaşygy bolmadyk seýrek adamlaryñ biridi. Şeýle-de bolsa bu hadysa bir döwrüñ soñuny getiripdi... Bu hadysalardan soñ hadysalar stadionyñ daşyna çogup çykdy. Köçelerde kyýamat turana döndi we az wagtdan soñ Horwatiýa, Sloweniýa Ýugoslawiýadan bölünip aýrylýandyklaryny we garaşsyzlyklaryny yglan etdiler. Boban uran bosniýaly polisiýa işgäri Ahmedowiçden soñ bir gün ötünç soranam bolsa, ýeke depgi garaşsyzlygyñ simwoly boldy. Bu hadysa ýakyn taryhda futbolyñ syýasata ýetiren iñ uly täsiridi. Emma munuñ bilen birlikde syýasatçylar hiç mahalam futboldan elini çekmändi. Geliñ, birnäçe mysallara ýüzleneliñ... • Mussolini futbolyñ güýjüni ulanmak üçin "Lasio" we "Roma" toparlaryny ele saldy Birinji jahan urşunda Italiýa aslynda ýeñen ýurtlaryñ hatarynda bolsa-da, oljanyñ adalatly paýlanmazlygy gopbamsy italýan nasionalistleriniñ degnasyna degipdi. Bu lapykeçlik Ispaniýada, Germaniýada, Portugaliýada bolşy ýaly Italiýada hem sag gatlagyñ mazaly güýçlenip, häkimiýet başyna gelmegine sebäp boldy. Ikinji Duçe ("Lider, öñbaşçy, baştutan" manylaryny berýär) diýilýän diktator Mussolini italýan syýasatyny gözegçilik astyna alandan soñ sporta uly üns berdi. Ikinji jahan urşundan öñ bolup geçen meşhur Berlin Olimpiadasynda güýçli, berdaşly italýan erkekleri bilen syrdam italýan zenanlary ýörite saýlanyp alnyp, dünýä jemgyýetçiligine göz edilýärdi. Bu boluş faşizm edebiýatynda bolan ýokary italýan jynsyny dünýä göz etme tagallasy bilen estetikanyñ sporta utgaşdyrylmagydy. Emma ideologik kontakt hökmünde Mussolininiñ esasy üns beren ugry futboldy. Ol italýan halkynyñ söýgüsini gazanmak üçin italýanlaryñ futbola bolan gyzyklanmasyny öz peýdasyna ulanmak isleýärdi. Aslynda 1900-njy ýylda döredilen "Lasio" Mussolininiñ gözläp ýören futbol toparydy. "Lasio" ilki bilen-ä paýtagtyñ toparydy we gözlenýän missiýany boýnuna alyp biljek birnäçe aýratynlygy özünde saklaýardy. 1927-nji ýylda Mussolini toparyñ adminstrasiýasyny ele salyp, "Lasio" klubyna uly manylary ýükläpdi, emma işler onuñ isleýşi ýaly ugruna gidibermändi. "Ýuwentus", "Torino", "AC Milan", "FC Inter" ýaly toparlar "Lasionyñ" öñe saýlanyp gidibermegine ýol bermedi. Ýagdaýdan biynjalyk bolan Duçe döwletiñ gaznasyny soñuna çenli ýele sowurmak arkaly başga bir toparyñ döredilmegini buýurdy. Bu topara paýtagtyñ we gadymy imperiýanyñ ady bolan "Roma" dakyldy. "Gara köýnekliler" diýip tanalan Mussolininiñ raýat tarapdarlary "Lasionyñ" we "Romanyñ" oýunlaryny görmäge gidýärdiler, döwlet bolsa bu toparlaryñ öñe saýlanmagy üçin hiç bir pidakärlikden gaýtmaýardy. "Romanyñ" döredilmeginden soñ ligada göz öñüne tutan maksadyna umuman ýeten Mussolini bu ugurdaky üstünligini halkara syýasy arena hem çykarmak isleýärdi. Şonuñ üçinem ol 1934-nji ýylda futbol boýunça geçiriljek dünýä çempionatynyñ Italiýada bolmagy üçin elinden gelenini etdi we munda-da edeni ugruna boldy. 1934-nji ýylda geçirilen Futbol boýunça dünýä çempionaty futboldan has beter faşizmiñ propoganda serişdesiniñ işlenen sport-köpçülikleýin çäresine öwrülmegi bilen öñe saýlandy. Her duşuşygyñ öñüsyrasynda guralýan seremoniýalar we faşist syýasatçylaryñ nutuklary dünýäni howatyra salýardy. Italiýanyñ futbol ýygyndysynyñ şol ýylky çempionatda öý eýesi hökmünde birinjiligi eýelemeyi Italýa arzyly kubogy gazandyrypdy, emma bärde asyl üstün çykan "Duçe" lakamly Mussolinidi. Ol indi italýanlaryñ barsyny gysymyna gysypdy, italýanlar Mussolininiñ güýç-kuwwatynyñ hemme zada ýetip biljegini pikir edýärdiler. Mussolini munuñ bilenem çäklenmän, uly urşuñ öñüsyrasynda 1938-nji ýylda futbol boýunça geçirilen dünýä çempionatynda-da Italiýanyñ futbol ýygyndysynyñ çempion bolmagyny gazanypdy. "Duçe" indi italýanlaryñ gözünde arkasy ýere degmeýän beýik liderdi, italýan halkynyñ gahrymanydy. Birinji orny eýeläp Italiýa gaydyp gelen italýan futbolçylary gara köýnekçeleri geýip, Mussolinä faşist salamyny berdiler, Italiýanyñ milli ýygyndy topary bassyr iki gezek eýelän arzyly kubogy diktator Duçä gowşurdy. Futbol çempionatyna gatnaşan futbolçylar jahan urşy döwründe frontda uruşýan esgerleri ruhlandyrmak üçin ulanyldy. Bu futbolçylar uruşda italýan esgerlerine çyny bilen ýapyşanlarynda nämeleri edip boljakdygyny gürrüñ bermelidiler. • "El-Klassiko" diýilýän "Real Madrid"-Barselona" basdaşlygy Frankonyñ eseridir General Franko Ispaniýanyñ Graždanlyk urşunda üstün çykandan son 1936-1975-nji ýyllar aralygynda Ispaniýany kyrk ýyla golaý dolandyrdy. Onuñ ýurtda agzybirligi we jebisligi ýola goýmak üçin birinji eden üns beren zatlarynyñ birem futboldy. Munuñ üçin özüne ýakyn saýýan topary "Real Madridi" güýçlendirmäge başlady. Franko 1947-nji ýylda "Real Madrid" üçin "Santiago Bernabéu Yeste" ady berilen äpet stadion gurdurdy. "Real Madride" býužetden ep-esli maliýe kömegi berlip, ýurtda häkimiýetiñ simwoliki topary derejesine götergilendi. Graždanlyk urşunda Franko iñ uly gaýtawuly kataloniýalylar beripdi. Kataloniýalaryñ iñ esasy futbol topary-da "Barselonady". Şonuñ üçinem bu iki toparyñ göreşi uruşdan soñky häkimiýet bilen oppozisiýanyñ bäsdeşlik edýän esasy ugruna öwrülipdi. Kataloniýalylar paýtagt toparyna garanda garypdy, emma "Barselona" paýtagtlylara garşy bar güýçlerini toplap, çäksiz ynam bilen göreşýärdiler. Şol sebäpden "El-Klassiko" ady berlen "Real Madrid"-"Barselona" duşuşyklary futbol duşuşygyndan has köp manylary añladýardy. Beýleki bir ýandan Frankonyñ ummasyz çykdajylary çykaran "Real Madiridi" aýratynam Ýewropada uly üstünlikleri gazandy. Bütin dünýäniñ gapylaryny ýapan Ispaniýasy "Real Madrid" bilen dünýä açylýardy we her ýyl diýen ýaly kuboklary syryp-süpürip alýardy-da, ýurduna dolanýardy. Ýurduñ milli ýygyndy topary-da "Real Madrid" ýaly Frankonyñ ünsünden düşürilmedi. Ol milli ýygyndy toparyñam öñe saýlanmagy üçin elinden gelenini edýärdi, ýöne 1960-njy ýyldaky Ýewropanyñ Milletler ligasynyñ çärýek finalynda ýurdunyñ bijesinden Sowet Soýuzynyñ çykmagy ylalaşyp boljak zat däldi. Islendik ispaniýalynyñ Sowet Russiýasyna gitmegi ýa-da kommunist rusuñ ispan topragyna gadam basmagy Franko režimi üçin ullakan masgaraçylykdy. Şonuñ üçinem bu bijä nägilelik bildirildi. Ýewropanyñ Futbol komiteti muny ahlak taýdan dogry hasaplamady we Ispaniýany ýaryşdan çykardy. Ýaryşdan gyrakladylan Ispaniýanyñ milli ýygyndy topary uly ýara aldy we uly üstünlikleri gazanmak üçin ep-esli garaşmaly boldy. Aslynda Frankonyñ oýnamagy ret eden Sowet Russiýasy-da azyndan ispan ýygyndysy ýaly ideologiki taýdan taýýarlanan topardy. Staliniñ synyndan geçen saýlama oýunçylar yaryşda syýasy ynançlar bilen ruhlandyrylypdy. Olaryñ üstünligi kommunizmiñ üstünligi we sowet ideologiýasynyñ kanunalaýyklygy hökmünde görülýärdi. Ispaniýanyñ ýaryşdan çykarylmagyndan soñ Sowet Russiýasy 1960-njy ýylda finala çenli gelenem bolsa, finalda Fransiýadan utulypdy we kubokdan tamasyny üzmeli bolupdy. • Faşizmiñ ýene bir miwesi: "Benfika" futbol kluby Dünýä 1939-1945-nji ýyllar aralygynda ekstremistik sagçy režimler tarapyndan ýok bolmagyñ erñegine baryp diräpdi, emma şular ýaly betbagtçylygam Ýewropanyñ faşizmi synasyndan goparyp zyñmagy üçin ýeterlik bolmandy. Ispaniýadaky faşistik hökümete meñzeş ýene bir hökümet Portugaliýadaky Salazaryñ hökümetidi. Salazar we "Benfika" Salazar Portigaliýadaky hökümeti 1932-nji ýyla ele saldy. Ikinji jahan urşundan soñam häkimiýetde galmagy başaran Salazar ispan faşizminde Frankonyñ futbolda gazanan üstünligini we täsirliligini gözügidijilik bilen synlaýardy. Salazar şu maksat bilen Portugaliýada futbol tupanyny turuzmagy makul bildi. Munuñ üçin saýlanan topar häzirem Portugaliýanyñ iñ esasy futbol toparlaryndan hasaplanýan "Benfikady". Ýurduñ baýlygynyñ soñuny saýman harç edilen kluby "Benfika" garaşylan üstünligi gysga wagtda gazandy we başga bir faşistik režimiñ kluby bolan "Real Madrid" bilen birlikde ýewropa futbolynyñ iñ esasy toparyna öwrüldi, hatda häzir Çempionlar ligasy diýilýän Ýewropanyñ çempion klublarynyñ baş kubogyny muzeýine äkitmegi başardy. "Bemfikanyñ" gazanýan üstünlikleri Portugaliýany joşa getirýärdi. Salazar maksadyna ýetipdi, ol futboly ideologiki güýç kontakty hökmünde halkyny konsolidirlemek we dolandyrmak üçin ulanypdy. Elbetde, futbol diñe sagçy radikallar tarapyndan ulanylmandy. Ýugoslawiýada Tito, Sowet Russiýasynda Stalin bu oýna we halka ýetirýän täsirine uly üns beripdiler. Hatda Ýugoslawiýanyñ we Sowet Russiýasynyñ dünýä çempionatynda garşyma-garşy gelmegi-de uly syýasy konflikte öwrülipdi. Sowet futbolçylary bu duşuşykda 2:1 utup, Titonyñ Ýugoslawiýasyny ýaryşdan çykarypdy, emma duşuşykdan öñ rus we ýugoslaw jemgyýetçiliginfe Ýugoslawiýanyñ ýeñişiniñ iki ýurduñ syýasy gatnaşyklaryna düýpli zeper ýetirjekdiginiñ jedeli gidipdi. • "Ittihat we Terakki" jemgyýetiniñ guran futbol topary: "Altynordu" "Ittihat we Terakki" partiýasy häkimiýet başyna gelende, futbol bilen ýakyndan gyzyklanypdy. Osmanly döwletiniñ futbol durmuşy söwda we sungat durmuşynda bolşy ýaly musulman dälleriñ elindedi. Bu ýagdaýy tersine öwürmek we halkyñ ruhuny galkyndyrmak maksady bilen 1912-nji ýylda "Altynordu" futbol kluby döredildi. 1914-nji ýylda bolsa bu klubyñ başyna döwlet ministri (sadrazam) hut Talat paşanyñ öz başlyk bolup geçdi. "Altynordu" kluby döredilende musulman futbol topary hökmünde "Fenerbahçe" sport kluby şonsuzam "Altynordunyñ" missiýasyny artygy bilen ýerine ýetirýärdi we gowy işleri edýärdi. "Altynordu" gurlandan soñam "Fenerbahçäni" ýaşyl meýdançada haýalladar ýaly däldi. Ittihatçylaryñ täsirli paşalary bu ýagdaýa mundan artyk çydal biljek däldiler, şeýdibem olar herekete geçdiler. "Fenerbahçeniñ" birnäçe esasy oýunçylary "Altynorda" geçirildi. Muña boýun bolmadyklary-da fronta uruşmak üçin ugratdylar. Urşa ugradylan esgerleriñ köpüsi jeñ meýdanynda wepat boldy. Bu uly urgy garaşylşynyñ tersine "Fenerbahçäni" señseletmän, gaýtam täsin gudrat bolup döremegine sebäp bolupdy. Geljekde türk futbolyny hasam syýasylaşdyrjak ýyldyz Zeki Ryza Sporeliñ tanalmagyna getirdi. Oýnatmaga futbolçy tapmaýan "Fenerbahçe" toparynda 14 ýaşynda oýnamaga rugsat berilen ýigdekçe Zeki Ryza sözüñ doly manysyndaky futbol hokgabazydy. Kiçijik Ryza kän wagt geçmänkä türk futbolynda we syýasy taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Ligada bassyr bäş ýyl çempion jolan "Altynordunyñ" ömri "Ittihat we Terakki" jemgyýetiniñ häkimiýetden gitmegi bilen gutarypdy, "Fenerbahçe" ýene iş başyna geçipdi. • Stambulyñ okkupirlenmegine garşy gidip bilmedik halk ýeke futbolçynyñ tussag edilmegi bilen aýaga galdy Stambulyñ okkupatorlaryñ golastynda bolan döwründe okkupasiýanyñ serkerdesi Harringtonyñ hormatyna futbol duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda "Fenerbahçe" Birleşen Korollygyñ esgerlerinden düzülen topara garşy oýnamalydy. Emma bu ýagdaý okkupator serkerdeleri ynjalykdan gaçyrdy, çünki "Fenerbahçäni" we onuñ iñ esasy oýunçysy Zeki Ryza Sporeli saklap bolanokdy. Fransuzlardan we iñlislerden düzülen birnäçe topary utan "Fenerbahçe" basybalyjylaryñ erbet kemsitmelerine sezewar bolan stambulyllaryñ ruhuny täzeden galkyndyrypdy. Ara goşulan okkupator iñlis serkerdeleri Anadola ýarag ugratmakda aýyplap "Fenerbahçäni" ýapmak we Zeki Ryzany tussag etmek üçin herekete geçdi, emma iñlisler garaşmadyk gaýtawulyna uçrady. Zeki Ryza Sporel Stambullylar köçelere dökülip, muña nägilelik bildirdiler. Okkupasiýanyñ garşysynda beýle gaýtawul bermedik stabullylaryñ bolşy Harringtony aljyraññylyga saldy. Protest demonstrasiýalaryndan soñ "Fenerbahçe" ýapylmady we duşuşyk bolup geçdi. Taryhy duşuşykda "Fenerbahçe" Zeki Ryzanyñ gollary bilen 2:1 utup, Harringtonyñ kubogy gazandy. Soñ ýüze çykan ýangynda bu kubok ýitirim boldy. Gahrymana öwrülen Zeki Ryzanyñ soñ-soñlar başyna gelenlerem diýseñ gynançly boldy. Zeki Ryza Mustapa Kemalyñ we Ismet Inönüniñ öwgüsini alan, futbolda ýeten derejesi bilen birnäçe abraýly baýraga mynasyp bolan oýunçydy. 1946-njy ýylda geçirilen saýlawlarda Demokratik partiýanyñ hatarynda halk deputatlygyna saýlanyp, mejlise girmegi onyñ başyna birgiden uly betbagtçylyklaryñ inmegine sebäp boldy, çünki Respublikan Halk partiýasy Zeki Ryzanyñ deputatlygyny ony harby gullugy etmänlikde we harby gullugyñ gaçmakda aýyplap, güýçsüz hasaplady. Ýogsam bolmasa, onuñ Milli Azat-edijilik göreşinde ruhy taýdan beren çäksiz uly goldawyny bilmeýän ýokdy. Futbolyñ şular ýaly güýjüniñ bardygyna we syýasat bilen baglanyşygyna üns berenimizde, siziñ pikiriñizçe FIFA-dyr UEFA-nyñ syýasatdan daşdadyr öýdüp bilerismi? Läkin, biziñ futbolçymyza müñ ýyllyk öýke-kineleri bilen UEFA Ýewropa çempionatynda gazabyny pürken wagty Türkiýäniñ Futbol Federasiýasy (TFF) nirdedi, biziñ lobbilerimiz näme işläp ýördüler? Bulam ildeşlerimiziñ kanuny soragydyr. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Şenbe, 06.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |