21:15 Gadym zamanlaryñ heniz bilinmedik geñsi seks wakalary | |
GADYM ZAMANLARYÑ HENIZ BILINMEDIK GEÑSI SEKS WAKALARY
Geň-taňsy wakalar
Inkär edip bolmajak bir hakykat bar: olam adam tebigatynyñ hiç wagt üýtgemeýänligi... Adam öz tebigatyndaky üýtgewsiz häsiýetleriniñ biri bolan jynsy islegini oñyn tarapa-da, ýaramaz tarapa-da ulanyp bilýär. Aşakda adamzadyñ jynsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýüz uran dürli ýollary barada taryhda gabat gelýän maglumatlary bir ýere jemledik. Olaryñ arasynda haýwanlara ýanaşmak, beçebazlyk ýaly dürli jynsy azgynçylyklar hem duş gelmän duranok. Bulary siziñ dykgatyñyza ýetirmek bilen ýeke-täk bir maksadymyz bar: olam taryha has giñişleýin we has obýektiw seretmek ukybyñyzyñ ösmegine kömekçi bolmak. • Kleopatranyñ ölümi Taryhy çeşmeleriñ habar bermegine görä, Kleopatra alahöwren ýylany bilen jynsy gatnaşyga girjek bolup, özüni ýylana dişledipdir, bu bolsa onuñ ölüm sebäbi bolupdyr. (Seret: Reginald Arthur/1892/ Public Domain). Adamlar köplenç geçmişe altyn döwür hökmünde garaýarlar. Olaryñ pikiriçe, gadym zamanlarda adamlar has ahlakly, ýaşlar has edepli bolanmyş, jynsy gatnaşyk bolsa islän ýeriñde amala aşyrylmanmyş. Başda-da belledik, ýene-de tekrarlap nygtaýas: inkär edip bolmajak bir hakykat bar - olam adam tebigatynyñ hiç haçanam üýtgemeýänligidir! Mundan beýlägem üýtgemez. Eger jynsy gatnaşyklar has sypaýy we köpüñ gözünden daşda ýerine ýetirilýän bolsady, onda Kleopatranyñ başyna ýokardaky ýaly işler düşmezdi we bular ýaly jynsy gäbiazanlyk seýrek duş gelerdi. • Göwreliligiñ öñüni alyş tilsimleri Biziñ häzirki anesteziki we medisinanyñ ösen tehnologiki usullaryndan öñki döwrümizden öñ çaga dogurmak juda ýowuz, juda yzaly we juda howpludy. Gadymy grek dramaturgy Ýewripid bir pýesasynda Medeýany "Birwagtlar çaga dogurýan aýal sebäpli goragçylaryñ arasynda üç esse köp wagtymy ýitirdim" diýip tanadýar. Diñe şunuñ özi hem çaga dogurmagyñ ir zamanlarda nähili hupbatly bolandygyna düşünmäge kömek etse gerek. Ýogsa-da şol wagtlar aýallar çaga dogurjak gününiñ berjek yzasyndan halas bolmagyñ ýollaryny gözledimikä? Megerem olar käte ölüm howpuny abandyrmazdan jynsy gatnaşyga girmek islän bolmaklary ahmal. Şonuñ üçin olar şol wagtyñ elýeterli we amatly ýollaryna baş urupdyrlar. Gadymy Müsürde göwrelilikden goranmak üçin ulanylan närse b.e.öñki 1800-nji ýyldan biziñ günlerimize çenli gelip ýetipdir. Öldürilen krokodiliñ nejasady (pohy) bal we duz bilen garylyp, ýatgynyñ üstüne sepilipdir. Elbetde bu usul göwrede çaga galmazlyga peýda edýän bolmagam mümkin. Emma bu megerem adamyñ öz ruhy dünýäsini öz eli bilen öldürmeginden başga zat däl bolsa gerek. Rimlilerde we greklerde bolsa has ýumşagrak usul ulanylýardy. Olaryñ taýýarlan melhemleri aýalyn nesil öndürijilik mümkinçiligini dolulygyna aradan aýyrýardy. Silfiý ösümliginden taýýarlanýan melhem ähli keselleriñ emi bolupdyr. Hatda naharlaryñ gapdalynda-da hökmany ýagdada silfiý tapylypdyr. Silfiniñ täsir edijiligi we jana ýakym berijiligi örän güýçli bolupdyr. Şeýle-de bolsa daglarda ösýän bu ýabany ösümligi ösdürip ýetişdirmek başartmandyr. Silfiniñ iñ soñky elýeterli ulanylşy Imperator Neronyñ döwründe gabat gelipdir. • Haýwanlary ýanaşdyrmak Rim amfiteatry köplenç özlerini iñ ösen jemgyýet hasaplaýanlarda hem sütemkärligiñ nusgasy hökmünde görülýär. Göz öñüne getiriñ: göreş meýdançasynyñ gara gan siñen çägeleri, tomaşa meýdançasynda gyzyl-ýaýyrt bolup ýatan gullaryñ parçalanan jesetleri... Aýdaly, ölmekden we öldürmekden başga çykalgasy galmadyk biçäre gullaryñ özlerine şowhun-şagalañ bilen tomaşa edýän märekäni güýmemek bilen özara darkaş gurmaga başlaýarmyş... Emma taryhyñ ajy hakykatlary bulardan has erbet bolsa näme?.. Doñýürek rimliler ýesirleriñ mertebesini kemsitmegi diýseñ halapdyrlar. Mysal üçin, olar elinde galan ýesiriñ üstüne haýwany bökdüripdirler, ýagny jynsy ýanaşyk etdiripdirler. Rimli şahyr Mark Waleriý Marsial Kolizeýiñ açylyş dabarasyndan söz açanda gurban edilen ähli haýwanlary we gladiator garpyşyklaryny beýan edýär. Özem ol muny beýan edende has üýtgeşik bir sýužeti hem eseriniñ arasyna salýar. Grek mifologiýasynda Pasifaýa öküz bilen jynsy gatnaşykda bolýar. Pasifaýanyñ öküz bilen bolan jynsy gatnaşygyndan Minotawr dogulýar. Marsial muny: "Pasifaýa Dikteý öküzi bilen ýakyn gatnaşykda boldy, biz muña ynanýarys, gözümiz bilen gördük" diýip ýazypdyr. Şahyr hususanam aýallara ýanaşdyrmak üçin haýwanlary ulanmagyñ ussady Karpofory köp ýatlaýar. Karpofor Kolizeýiñ açylyş dabaralaryna köp gatnaşypdyr. Onuñ amfiteatrlara gelen güni üýtgeşik öküz göreşleri gurnalypdyr. Rimli şahyr Apuleýiñ "Altyn eşek" ("Metamorfoza") romanynda erkek adamy jady-tilsim arkaly eşege öwürensoñlar, bir aýalyñ üstüne bökdüriljek bolunýar... • Afinylylarda beçebazlyk Jemgyýetde tanalýan adam öz ýetişgenlik döwründäki isleglerini kanagatlandyrmak üçin her zatdan gaýtmasa gorkubermeli. Eflatun (Platon) Sokrat ýaly beýik filosofyñ ýalañaç ýetginjekleriñ arasynda köwejekläp ýörendigini, olara süýkenip gujaklaýandygyny aýdanda, ony diñläp oturanlar hiç hili geñ galanokdy. Çünki V asyryñ Afinysynda erkegiñ erkege meýil bildirmegi adaty zatdy. Hatda munuñ ýokary derejeli aristokrat gatlaklaryñ arasynda garşylyklaýyn amala aşyrylan güýmenje bolandygyny habar berýän birgiden edebi we sungat eserleri bar. Bir ýaşuly adam Erastesiñ ogly Eramenosy egin-eşikler bilen bile sowgat edipdir. Birwagtlar bolup geçen ýakynlyk olaryñ ikisine-de bähbitlidi. Goja adamlar beçebazlyk edip özüni Afinyly ýaşlara tanatmak isläpdir. Käte bular ýaly ýakynlyk "maý-dekabr romantizmi" diýip taryp edilipdir. Emma muña gatnaşan ýaş oglanlar kämillik ýaşyndan kiçi bolupdyr. "Eramenos" bolmak isleýänlere sakgal ösdürmek aýyp hasaplanypdyr. • Jelephanalar Käbir jemgyýetde jelepçilik kanun esasynda gadagan edilipdir. Gadagan edilmedik ýerde-de, jelepçilik iñ bolmanda masgaraçylyk hasap edilipdir. Rimliler üçin bolsa ýagdaý düýpgöter başgaça bolupdyr. Pompeýiñ harabalyklarynda tapylan Lupinar jelephananasy rimlileriñ jelepler dünýäsine gapy açýan iñ gowy taryhy subutnamadyr. Köçeleriñ ugrundaky diwarlara çekilen graffitiler (граффи́ти (мн.ч. в контексте исторических надписей единственное число — граффи́то; от итал. graffito, множ. graffiti) — изображения или надписи, выцарапанные, написанные или нарисованные краской или чернилами на стенах и других поверхностях) jeleplerden nämäni tama edip boljakdygyny aç-açan suratlandyrypdyr. • Wawilonyñ "mukaddes jelepleri" Babylda bolsa mundanam beter zatlar bolupdyr. Grek taryhçysy Gerodotyñ aýtmagyna görä her wawilonly aýal Iştar ybadathanasyna gidip "mukaddes jelep" bolup hyzmat edäýmelidi. Olara kim pul hödür etse-de, ahyrsoñunda mugtuna "mukaddes jelepleriñ" göwnüni görmeli bolupdyr. Käbir taryhçylar muny inkär edenem bolsalar, hudaýa hyzmat etmegiñ puluna jelepçilik etmek bilen deñ görülendigini kabul etdiler. • Gadymy falloslar 2005-nji ýylda arheologlar Germaniýada täsin taryhy tapyndynyñ üstünden bardylar. Görüp otursalar ýerden ep-esli beýiklikde somalyp duran daş bölegi 26 müñ ýyllyk fallos (emeli ujyt) bolsa nätjek... • Wäşi artistleriñ falliki sahnalary Grek pýesalaryndan söz açylanda, grek tragediýalarynyñ gan-gajakly sahnalardan doludygyny bilmeýän ýok. Emma afinylylar dartgynly epizodlardan soñ argynlygyny komiki sahnalar bilen aýyrýardylar. Satiriki çykyşlar olaryñ ruhy dünýäsine serginlik aralaşdyrýardy. Sarkazm kükeýän syýasy satira bilen birlikde olaryñ iñ söýüp tomaşa edýän sahnalarynyñ biri-de seks degişmeleridi. Wäşi erkek artistler sahna çykanda ullakan deri ujyt geýip çykypdyr. Bu satiriki sahnalaryñ hökmany şertleriniñ biridi. Gadymyýetiñ komediýa žanrynyñ ussady Aristofan öz eserlerinde masturbasion oýunlary, şöhwetli degişmeleri, fallosly güýmenjeleri ýygy-ýygydan ulanýar. Aristofanyñ bir eserinde "Eý, dinsiz adamlar ýaraşyñ... Öñe süýşüñ we... fallosy dik tutuñ!" diýen sözler munuñ iñ gowy mysaly bolsa gerek. • Spartaly aýallar Sparta köp tarapdan alanda gadymy Gresiýadan üýtgeşikdi. Afinyly zenanlara köpçülikde geplemek bolanokdy, emma spartaly aýallar welin bu babatda erkin hereket edipdir. Spartaly zenan patyşa Gorgodan "Siz spartaly aýallar, näme üçin diñe sizde erkekleriñ üstünden agalyk sürýärsiñiz?" diýip soralanda, ol "Sebäp erkekleriñ enesi diñe biz bolandygymyz üçin!" diýip jogap beripdir. Şeýle-de bolsa nika gijesi spartaly gyz üçin täsin gatnaşyklara baý bolupdyr. Durmuşa çykýan gyz saçyny syrdyryp doly erkegiñ eşigini geýipdir. Geýinip bolansoñ garañkylykda adamsynyñ özüni tapmagyna garaşypdyr. Käbir taryhçylar gyzyñ tüýsüni üýtgetmegi öýlenýän ýigide gaýynaga boljak erkekler bilen geteroseksual gatnaşykdan lezzet almagy we olar bilen wagt geçirmegi üçin edilendigini çaklaýar. Ujyt tilsimleri Emeli ujytlara antiki dünýäniñ her ýerinde gabat gelnipdir. Gadymy Afinynyñ ýa-da Rimiñ köçelerinde emeli ujytlaryñ köplüginden ýaña ýörär ýaly bolmandyr. Afinyda Herms diýilýän ujyt heýkellere her köçede duşulypdyr. B.e.öñ 415-nji ýylda içgili bir raýatyñ köçede dikilen ujyt heýkelleri döwendigi üçin döwlet derejesinde goh galypdyr. • Müsürli täsin hudaýlar Maşgalada genetiki pajygalara getirendigine garamazdan, patyşalar öz ýakynlaryna öýlenip ganlaryny arassa saklamaga çalşypdyr. Müsür faraonlary köplenç öz doganlary bilen nikalaşypdyr. Elbetde, bu ylalaşyp bolmajak gabahatlyk. Emma gadymyýetiñ faraonlarynyñ ýer ýüzündäki hudaýlar hasaplanandygyny göz öñüne tutsak, onda munuñ näme üçin edilendigine dogry düşünse bolýar. Faraonlar hamala o dünýädäki hudaýlaryñ edenini etmelimiş. Müsür mifologiýasynda dogan hudaýlar Osiris bilen Isisiñ nikasy muña mysaldyr. Hudaý Osiris dogany Set tarapyndan öldürilip bölek-bölek edilende aýaly we dogany Isis onuñ bedeniniñ ähli böleklerini toplapdyr. Tapyp bolmadyk ýekeje syna - krokodil tarapyndan iýlen ujytmyş. Nil onuñ ujydyny başga bir hudaýa berendigi üçin akgynly hala gelipdir we ol ýerlere ýaşaýyşy getiripdir. "Isis dogany-äri üçin palçykdan täze ujyt ýasady we oña jan berdi" diýip biziñ günlerimize gelip ýeten taryhy legendalar bar. © 2019. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||