16:04 Gadymy türk hekaýatlarynda sorganlar (oburlar, wampirler) | |
GADYMY TÜRK HEKAÝATLARYNDA SORGANLAR (OBURLAR, WAMPIRLER)
Mistika we fantastika
Türkşynaslar Ýewropa halklarynyň mifologiýasynda giňden orun alan sorganlaryň (oburlaryň, wampirleriň), ilkibaşky erteki-şekilleriniň, şol halklaryň rowaýatlaryna, ertekilerine gadymy türk hekaýatlaryndan geçendigini çaklaýarlar. Bu barada meşhur sowet alymy, mugallymy, türkşynas, etimolog, dilçi Erwand Wladimirowiç Sewortýan (1901-1978) özüniň ýazan ylmy işleriniň birinde agzap geçýär. Gadymy türki dilleriniň aglaba köpüsinde birmeňzeş aýdylýan “ōp-ur” (obur, opur) işligi bilen aňladylan “diri öli, adamsypat melgun, garajadygöý we ş.m.” manylary beýan eden bir mifologiki düşünje ulanylypdyr. Bu düşünje “obur” diýlip atlandyrylýan, diri adamlaryň, haýwanlaryň ganyny sormak arkaly iýmitlenýän rowaýaty adamsypat mahlugy aňladypdyr. Bu düşünjäň özi bolsa gadymy türk dilinde “sormak, opurmak” diýen manyny aňladýan “obur, opur” diýen işlikden gelip çykypdyr. Türkmen dilinde-de “oburmak, opuryp almak, opurmak” diýen we ş.m. sözler, häzirki güne çenlem ulanylyp gelinýär. Mysal üçin: Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. Iki tomluk. II tom. K–Z. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016. 144-nji, 156-157-nji sahypalary. Gadymy türkleriň hekaýatlaryndaky oburyň günbataryň sorganlary (wampirleri) bilen birmeňzeşdigini we şolaryň erteki-şekilleri (obrazlary) üçin hamyrmaýa (gönezlik) bolup hyzmat edendigini çaklamaga mümkinçilik berýän alamatlar şu aşakdakylardyr: 1. Obur (sorgan, wampir): birinjiden: dirikä juda ýaman işleri edip, ölenden soň nälet siňen adamyň teniniň ölüp, ruhunyň iki jahan owarrasy bolup diri galmagyndan emele gelip bilýär; ikinjiden: iňňän güýçli, pisniýetli, ömürboýy gara jady bilen meşgullanýan tersokan, öz-özüne dem salyp, doga edip, baky ýaşamagyň hatyrasyna, özüniň tebigy ölüminden soň diri öli – sorgan (wampir) bolup dikelmegini gurnap bilýär; üçünjiden: sorgana öwrülmegiň nusgawy usuly – kimdir biriniň ganyny soran sorganyň dişlerinden damaryna giren ýörite suwuklygyň pidanyň bedenini üýtgetmeginiň netijesinde adamyň sorgana öwrülmegi; dördünjiden: öz-özüne kast edip heläk bolana Gök Deňriň (Taňryň) gargyşynyň siňip, onuň mazarystanlykdan kyrk ädim demirgazykda jaýlanandan soň diri öli – sorgan (obur, wampir) dikelmegi. 2. Oburyň (sorganyň, wampiriň) keşbi sypaty dury suwda, kümüşden ýasalan aýnalarda görünmeýändigine gadymy türkler ynanypdyr; 3. Obur (sorgan, wampir) gözilmez derejede iňňän çalasyn hereket edýän jandar bolupdyr. Olaryň has köp (birnäçe asyr) ýaşan, has kuwwatlylary bolsa, gerşinde ganat gögerdip, uçup bilipdir. 4. Obury (sorgany, wampiri) adaty demir, polat ýarag bilen öldürmek düýbünden mümkin bolmandyr. Oňa diňe kümüşden ýarag, ot-ýalyn ýa-da kagyl (söwüt, tal) agajyndan ýonulan myh bilen zeper ýetirmek mümkin bolupdyr. Özem oburyň, diňe kellesi göwresinden kesilip aýrylyp, kükreginden göni ýüregine kagyl (söwüt, tal) agajyndan myh kakylyp gömülse ýa-da güýçli alawda doly kül bolýança ýakylsa ýa-da teni Günüň ýiti şöhleleriniň astynda gowrulyp, kül bolup dargap gidýänçä goýulsa öňli-soňly ölýändigine ynanylypdyr. 5. Obur – diňe adamlaryň, haýwanlaryň, guş-gumursylaryň ganyny sormak arkaly iýmitlenip bilipdir. Onuň üçin iň söýgüli höregem adamyň gany hasaplanypdyr. Çünki oň üçin bu owkat hem-ä iň datly hemem iň kuwwatly, teýli tagammyş. 6. Obur – sarymsak, ýabany bägül, ajy ýowşan ýaly otlaryň ysyny düýbünden halamandyr, köplenç bolsa olaryň ysyny alan ýerinden elheder alyp gaçypdyr. 7. Obur köp (ýüz ýyla golaý) ýaşandan soň ýarganat, ykmanda it, ýabany doňuz ýaly haýwanlaryň sypatyna öwrülip bilipdir. 8. Obur öz pidalaryny aňsat awlamak üçin olary özüniň çykarýan melul ediji ysy, maýyl ediji hoş owazy, görmegeý keşbi bilen jadylap, olaryň gözüni baglap, olary öz erkine tabyn etmegi ýa-da dessine agyr uka gidirmegi ýa-da beýhuş etmegi başarypdyr. 9. Obur üçin iň zyýanly zatlaň biri Günüň ýagtylygy bolupdyr. Ol gündiz daşaryk çykyp, Günüň nury teniniň islendik ýerine degdigi, burugsap tütemäge başlaýan ekeni. Şoň üçinem oburlar, gündiz Gün şöhlesiniň düşmejek tüm-garaňky ýerlerinde (gowaklar, ýerzeminler, gapysy-penjiresi petiklenen binalar we ş.m.) ukuda ýatyp, diňe gijelerine awa çykypdyr. 10.Obur eger-de iýmit bolmasa ýa-da başga bir sebäbe görä ýüzlerçe ýyla çekýän agyr ukuda (letargiki ukuda) ýatyp bilýän eken. Oburyň (sorganyň, wampiriň) erteki-şekiliniň gadymy türk kökleriniň bardygyny subut edýän ýene-de bir ýagdaý, asly türk halklaryň aglaba köpüsiniň mifologiýasynda şuňa meňzeş jandarlara duş gelmek bolýar. Olaryň hemmesem birmeňzeş atlandyrylýar diýen ýaly. Mysal üçin, kazan tatarlarynyň, günbatar sibir tatarlarynyň, başgyrtlaryň hekaýatlarynda we ertekilerinde şeýle sypatly, alamatly mahluga “ubyr” diýilýär. Edil şonuň ýaly düşünje arwah-jyny aňlatmak üçin gadymy türkmen dilinde-de ulanylýar (Gadymy türkmen sözlügi. M.Söýegowyň redaktirlemeginde. Aşgabat, 2007. 535-nji sahypa). Dürli internet we elektron ylmy-edebiýat çeşmelerinden peýdalanyp taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |