GAHRYMANÇYLYGYÑ BEÝIK NUSGASY
Taryhymyza ser salanymyzda halkymyzyň şöhratly ogullarynyň Watan goragynda bitiren işleriniň, mertliginiň, ýanbermezliginiň, Watan goragçysynyň beýik nusgalarydygynyň hat-da garşydaşlary tarapyndan hem aýratyn nygtalmagydyr. Bu ýagdaý şol merdana ärleriň mirasdüşerleri bolan häzirki döwrümiziň bagtyýar nesilleri bolan bizi buýsandyrýan mertebedir.
Orta asyrlarda türkmen halkynyň şöhratly ogullarynyň iki ugur boýunça: ylym hem harby sungat bilen tutuş yslam dünýäsini gorap gelenligi taryhdan mälimdir.
● Türkmen halkynyň şeýle gahryman ogullarynyň biri-de Köneürgenç türkmen döwletiniň soňky hökümdary soltan Jelaletdin Meňburundyr.
Soltan Jelaletdiniň ady Köneürgenç türkmen döwletiniň taryhynyň iň bir çylşyrymly döwründe ýurda baştutanlyk etmegiň, ony keseki basybalyjylardan goramagyň, merdi-merdanalygyň, gaýduwsyzlygyň, umuman, Watany söýmegiň, halkyňa wepaly gulluk etmegiň nusgasy bolup, dünýä taryhynda aýratyn öwüşgin bilen saýlanyp dur. Soltan Jelaletdiniň adyny taryha altyn harplar bilen ýazan ýene bir aýratynlyk hem onuň az sanly goşun bilen sansyz-sajaksyz duşmana kül-peýekun ediji zarba urmagydyr.
● Özbek alymy J.Hezretkulowyň «Soltan Jelaletdiniň Yspyhan söweşi» işinde gürrüňi edilýän merdana serkerde Jelaletdin Meňburun hakda buýsandyryjy maglumatlar bar.
ХIII asyryň tomsunyň başlarynda Köneürgenç türkmen döwletine kürsäp giren mongol basybalyjylarynyň ýeňilmezekligi baradaky toslamany hem hut Jelaletdin Meňburunyň gaýduwsyzlygy ýalana çykardy. Gadymy Nusaý galasynyň eteginde bolan söweş muňa mysaldyr.
J.Hezretkulowyň «Soltan Jelaletdiniň Yspyhan söweşi» işinde Gang derýasynyň eteginde bolan söweşden soň soltan Jelaletdin az wagtlyk Hindistanda bolup, Owganystanyň üsti bilen Yspyhana gelýänligi ýazylýar. Ol ýerde halk öz soltanyny uly şatlyk bilen garşy alýar. Sebäbi soltan Jelaletdin öz ýany bilen halky üçin duşmanlary ýeňjegi baradaky ynamyny getirse, duşmanlary üçin uly gorky hem alada getirýär. Yspyhanyň golaýynda bolan söweşde soltan Jelaletdiniň gaýduwsyz serkerdeligi, öz ýurduny söýýän, halkyna wepaly hökümdar bolanlygy beýan edilýär.
Bu ýagdaý söweşiň öň ýanyndaky wakalaryň beýanynda has aýdyň görünýär. Merdana serkerde goşunbaşylaryna, esgerlere hem halka ýüzlenip: «Biziň boýun alan işimiz juda müşgildir, bu biziň başymyza inen beýik beladyr. Eger biz ejizlik edip, ruhdan düşsek, gorksak dos-dogry ýokluga gideris. Emma dogry ýol duşmanyň öňünde gaýa dek durup, garşylyk görkezmekdir!
Soňra bütin goşun söweş meýdanyny taşlap gaçmazlyk hem geljekki nesilleriň öňünde şermendelik adyny goýmazlyk barada kasam içýärler. Soltan Jelaletdiniň özi hem bu barada kasam edipdir. Şeýlelikde, gaýduwsyz serkerdesiniň mertliginden ruhlanan goşun «Eger ýeňiş gazansak adymyz şan-şöhrata beslener, Watan ugrunda heläk bolsak-da şehitlik bagtyna ýeteris. Tä tende jan barka basybalyjylara garşy göreşeris» diýip berk karara gelýärler.
Özbek alymy J.Hezretkulow «Soltan Jelaletdiniň Yspyhan söweşi» atly işinde an-Nesewi hem beýleki taryhçylara salgylanyp, aşakdaky maglumaty getirýär: «Yspyhanyň golaýynda bolan söweşde mongol basybalyjylary ilki ýeňlen bolup gaçyp başlaýar. Mundan gylaw alan goşunbaşylar duşman goşunyny yzarlamagy, birinem sypdyrman gyrmagy teklip edýärler. Soltan Jelaletdin sag ganatdaky goşunyň duşmanyň çep ganatyny asgyndan gaçyranyny görüp, basybalyjylary yzarlamaga buýruk berýär. Bukuda amatly pursata garaşyp duran duşman goşuny soltan Jelaletdiniň baştutanlyk edýän orta ganatyna iki tarapdan hüjüme geçip, goşuny dargadýarlar, ýöne olara gaýduwsyz serkerdäni tutmak işi başartmaýar. Aç arslan ýaly söweşýän soltan duşmanyň hilesini puja çykaryp, gabaw halkasyny böwsüp çykýar. Soltanyň taryhçysy an-Nesewiniň ýazmagyna görä, Çingiz hanyň goşunyny terk edip, soltan Jelaletdiniň hyzmatyna geçen bir mongol sypaýysy şeýle gürrüň berýär: «Yspyhan söweşinde soltan tarapyndan baştutanlyk edilýän merkezi goşun gabawa düşüpdi. Güýçli ýagýan ýagmyry ýada salýan naýzadyr ýaý oklaryndan emele gelen diwary böwsüp, özi we ýanyndaky esgerler üçin ýol açan Jelaletdiniň gaýduwsyzlygyny gören mongol goşunynyň serkerdesi Toýnal Noýan: Nirede gezseň-de sag-salamat bol, çünki sen döwrüň şir ýürekli merdisiň» diýýär.
Gazak alymy A.K.Kuşkunbaýewiň mongol, агар, pars hem-de günbatar çeşmelerine salgylanyp ýazan «XIII-XV asyrlarda mongol goşunynyň ulanan harby hileleri» atly ylmy işinde-de soltan Jelaletdiniň gaýduwsyz serkerdeligi, mongol basybalyjylarynyň ulanan söweş hileleriniň birinde hem aldanmanlygy aýratyn nygtalýar. Ady agzalan işde berilýän maglumatlara görä, mongollar alyp baran 40 ýyllyk basybalyjylykly ýörişlerinde mydama harby hile işledip, garşydaşlaryndan üstün çykmagy başarypdyrlar. Soňra Altyn Orda, krym tatarlary, timuriler hem edil mongollar ýaly harby hile ulanypdyrlar. Olar, esasan, aşakdakylardan ybarat bolupdyr.
● A.Kuşkunbaýewiň «XIII-XV asyrlarda mongol goşunynyň ulanan harby hileleri» atly işinde ýazmagyna görä, mongollaryň her bir esgeri gije bäş ýerde ot ýakýan eken.
Muny gören garşydaş goşunyň aňtawçylary mongol goşunynyň sany barada ýalňyş maglumat getiripdirler. Goşunbaşylar hem ýalňyş netijä gelip, goşun basga düşüpdir, pursatdan peýdalanan mongol goşunlary garşydaşyny aňsatlyk bilen ýeňipdirler. Mongollaryň ulanan harby hileleriniň ýene-de biri, her bir mongol esgeri gerek bolanda garantgydan adam keşbini ýasapdyr we ýany bilen alyp gelýän boş ata atarypdyr. Haçanda goşun gözýetimden biri-birine garama-garşy nyzama düzülende, garşydaş goşunda «mongollara kömege gelnipdir, olaryň goşuny sanýetmez» diýen gorky döräpdir we mongollaryň aýgytly söweşlerde ýeňiş gazanmagyna getiripdir. Mongollaryň ulanan söweş hilelerine aldanman, berk duran hökümdar soltan Jelaletdindir. Bu barada ýokarda ady agzalan işde orta asyryň meşhur taryhçysy Reşideddine salgylanyp şeýle maglumat berilýär: «...Perwanyň eteginde bolan söweşde mongollar ilkinji gezek uly ýeňlişe sezewar boldular... Mongollaryň serkerdesi Şiki Kutuku (Çingiz hanyň kyýamatlyk dogany) garşydaşynyň goşunynyň sanyndan habardar bolansoň, olary (Jelaletdiniň goşunyny) aldawa salmak pikirine geldi. Ertesi mongol goşunyna «her kim adam şekilinde garantga ýasamaly» diýen buýruk berildi. Gije ýasalan garantgylar ertesi gün goşun hataryny doldurdylar. Haçanda soltan Jelaletdiniň goşuny mongollaryň ýere-göge sygmaýan leşgerine gözi düşende, «mongollara kömege gelnipdir» diýen pikir goşunda birhili tolgunma emele getirdi, hatda gaçmaga hyýallananlar-da boldy. Ýöne goşun özüniň merdana serkerdesi Jelaletdiniň gaýduwsyzlygy netijesinde mongollaryň bu hilesine aldanman, aýgytly söweşde duşmana kül-peýekun ediji zarba urup, mongollary uly ýeňlişe sezewar etdi. Bu barada soltanyň taryhçysy an-Nesewi we beýleki orta asyr taryhçylary buýsanç bilen ýazýarlar.
Mertligi bilen diňe dostlaryny däl, duşmanlaryny hem haýrana goýan soltan Jelaletdiniň ýanbermezligi, gaýduwsyzlygy dillerde dessan bolup, Watany söýmegiň, ony goramagyň nusgasyna öwrülipdir. Gaýduwsyz serkerdäniň gahrymançylykly nusgalyk ömri bolsa Watan goragçylary üçin görelde mekdebidir.
Geçmişde şöhratly yz goýan şunuň ýaly şöhratly ata-babalarymyzyň goýup giden mukaddes ýolundan ýöremek işi bu günki bagtyýar nesiller üçin parz işdir.
Narly NURYÝEW.
Taryhy makalalar