13:31 Gala -3: Är garrar, ar garramaz | |
3. Är garrar, ar garramaz
Romanlar
Türkmenistanyň döwlet syýasy uprawleniýesiniň naçalnigi Moskwadan gyssagly hem-de «gizlin» bukjany açyp, öňem her ýerde bir üpdük bolup ýatan depe saçyny gysymlady. SSSR döwlet syýasy uprawleniýesiniň naçalniginiň hut öz goly bilen berlen buýrukda Türkmenistanyň halkynyň içiniň juda bulaşyklygy, köne pikirli, intelligensiýanyň arasyna sümlüp giren, baýlaryň, galtamanlaryň, işan mollalaryň wekilleriniň aýaga galyp, halkyň aňyny Sowet döwletiniň kommunistik jemgyýeti gurmakdaky aýdyň ýoluna päsgelçilik döredýändigini, emma olaryň haýal paş edilýändigi görkezilýärdi. Munuň üçin Türkmenistanyň döwlet syýasy uprawleniýesiniň naçalnigi maýor Karuskiniň gös-göni jogapkärçilik çekýändigi aýdylýardy. Eger gyssagly çäre görülmese, olaryň özüne berk temmi görüljekgigi gös-göni aýdylýardy. Bu işiň kody «Zd – 1, dewizi «W» bolmalydy. Maýor Karuski erbet gorkdy. Ol ýakyn günlerde merkezden ýokary harby derejä tamakin bolup ýördi. Şonuň üçin ep-esli bagana, Eýran, Owganystan ýollaryndan ele salnan harytlaryň iň gymmatlaryndan sowgat eltmek üçin taýýarlap ýördi. Bu görkezme onuň gözüni açan ýaly boldy. ýogsa ol serhet meseleleri bilen çytyraşyp, bu agzalan meselä beýle bir ünsem berenokdy. Ol bu hata gizlin jogap taýýarlady. Onda görkezmeden gelip çykýan wezipeleri günübirin çözjekdigini ynandyrdy. Gijäniň bir mahaly Döwlet syýasy uprawleniýäniň jaýynda üç adam otyrdy. Olaryň biri uprawleniýäniň aýratyn meseleler boýunça orunbasary Kogatdy, beýlekisi uprawleniýäniň aýratyn ygtyýarly wekili Tartarýandy. Maýor Karuskiý ýadaw, bihaýa gözlerini Tartarýanyň ýüzüne dikdi. – Hawa, indi esasy mesele barada. Nähili neyije çykardyňyz, pikiriňizi aýdyň. Kogat çypar ýüzüni ak tam edip, gözlerini äýneginiň daşyna çöwüräýerli görünip, ýerinden turdy. – Mende bir teklip bar. Ýagny dürli gatlaklardan ýüz adamyň düzümini düzüp, olary imperial döwletler, ýagny iňlisler, eýran, owganystan bilen aragatnaşykda aýyplamaly. Munuň özi ýalňyşam bolmaz. Meselem, Gulmuhammedow Owganystanda, Eýranda bolup geldi, özi mollanyň ogly, medressede okan. Ýene-de, Seýitmyrat Öwezbaýew aklarda gulluk eden, häzir hem Türkiýe republikasynyň goşun generaly bilen aragatnaşyk edýändigi hasaba alyndy. Orazmämmet Wafaýew Eýranda entäp ýör. Şu delil ýaramaz bolmazmyka diýýärin... Naçalnik ol delili alga almady. – Ýoldaşlar – diýip, ol iki adamyň arasyndan işige bakan garady – Bu bir basmaçylara garşy ok atan ýaly zat däl. Ýa-da serhetden geçen kerwendäki adamlary zyndana gaban ýaly däl. Biz ülkäniň men diýen adamlary bilen iş salyşmaly. Olar baradaky işimizi soň tutuş halk makullamaly. – Eger Ýokary Sowetiň prezidumynyň başlygyny atyp, şol boýunça adamlar ýygnalsa, nähili bolar – diýip, Tartarýan garaşylmadyk teklibi orta atdy. – Ýa-da aýdaly, bir ýazyjyny, bir hudožnigi, her gije bir adamy atsalar. Onuň tenine «t, t» diýip netije çykarylsa. Maýor göwnemeýändigini aňladýan yşarat edip, jylk sary ýüzüni eňşitdi. Soň ruçkasynyň sapy bilen sap-sary dişlerine tyrkyldadyp kakdy. Başyny nägillelik bilen ýaýkabam. – Gowy teklip, ýöne bu meselä gabat gelenok – diýdi. – Biziň meselämiz umumy döwleti öz içine almaly, ýagny «Özbaşdak türkmen döwletini döretmek» guramasy diýen ýaly. Onuň hataryna goý, Atabaýew hem, Aýtakow hem, ýokardan başlap, işçä çenli girsin. Olaryň ählisi üçin bir tutaryk bolsun. Mysal üçin, olar Türkmenistanyň özbaşdak bolmagy üçin birleşip gurama döredipdirler. Şol guramanyň wekilleri sowet döwletini ýykmaga jan edip, gyzyl terror gurasynlar. Aşgabatda elleri ýaragly köçä çyksynlar, basmaçylary Aşgabada çozdursynlar... – Ol dikelip oturdy-da stolynyň gapdalynda içi çemçeli stakany öňüne çekdi. Sag elindäki ruçkasyny orunbasaryna dikdi-de, stakany başyna çekdi. – Şol topara girjekleň düzümini taýýarlaň. Ýüz adamdan az bolmasyn. Belle, döwlet işgäri, alymlar, ýazyjylar, harby işgärler, partiýa işgärleri, basmaçylar, işçiler hem-de daýhanlar. Onuň üstesine serhetçilerden, azyk üpjünçiliginde işleýänlerden he goşuň. Jemi ýüz! Soň, gerek bolsa şolaryň arasyndan saýlap alarys... Ýöne belli, abraýly adamlar köpräk bolsun. Ol öz işgärlerine gitmäge rugsat berdi. Özi welin gijesi bilen ýatmady. Leningrat, Daşkent ýaly ýerlerde paş edilen guramalar hakyndaky dokumentleri gözden geçirdi. Meselä çemeleşilişi barada oýlandy. Esasan hem, öz ýoldaşlarynyň meseläni bişirip, ile jar edişi ýollaryna üns berdi. «Eger, şu işi sag-aman alyp çyksam, ine şonda dereje-de, Moskwadan wezipe-de bolar. Ýöne şu işi kemsiz berjaý etmeli.» Ol Aşgabat süýji ukuda ýatyrka öýüne gaýtdy. Şondan sähel günden soň ol aşgabat şäher partiýa guramasynyň konferensiýasyndan öýüne gelende, aýaly ony uly sowal bilen garşy aldy. – Näme «Türkmen azatlygy» diýen gurama döräpmi? – diýip, gözlerini garaluw ýaly, çerreltdi. Maýor Karuskiý aňka-taňka boldy. – Näme? – «Türkmen azatlygy» diýen gurama döränmişin. Ol beýleki milletleri bir ujundan gyryp gürlýärmişin. Basym Garagumdan basmaçylar, şäherden hem «Türkmen azatlygy» guramamasynyň ýaragly çlenleri çozup, beýleki milletler-ä gyrjakmyşlar. Döwletem agdarjakmyşlar. Serhetde Eýran tarapyndan on müň adam taýýar bolup durmuşyn... – Nireden eşitdiň? – diýip, maýor titredi. – Teke bazar durşuna şonuň gürrüňini edýärmiş. Goňşular aglaşyp geldiler. Karuskiý ylgap daş çykdy-da, özüne garaşyp duran maşyna münüp, edara geldi. Şol bada Merkeze hasabat taýýarlady. «Zd – 1, «W» iş boýunça SSSR Halk komissary Ýagoda örän gizlin, möhüm maglumat. Türkmenistan Sowet Sosialistik respublikasy boýunça «Türkmen azatlygy» diýen 1927-nji ýyldan bäri işleýän ganhorçylykly, zannyýaman guramanyň üsti açyldy. Ol gurama Türkmenistanyň baýlary, mollalar, kulaklar, Eziz hanyň, Jüneýit hanyň toparlanyşygyndan döwlet edaralaryna kürsäp girenler, intelligensiýanyň milletçi bölegi girýär. Olar basmaçylar bilen aragatnaşyk saklap amatly gün aşgabada çozmaga taýýarlanýarlar. Olaryň tipografiýasy, ýokary çap ediş enjamlary, Ustawy, Programmasy bar. Serhetde olara hemaýat bermek üçin güýçler toplanýar. Ine, şu iş boýunça iş alyp barmaga, zerur bolsa olaryň ýolbaşçylaryny ele salmaga rugsat bermegiňizi soraýaryn. Türkmenistanyň döwlet syýasy uprawleniýesiniň naçalnigi O.I.Karuskiý.» Şondan soň respublikanyň syýasy uprawleniýesine «Zd – 1, «W» kod bilen işlemäge, gerek bolsa möhüm çözgütleri batyrgaýlyk bilen kabul etmäge SSSR Halk komissarynyň hut özi hat üsti bilen ak ýol beripdi. Şondan soň Türkmenistanda uly alada galyndy. «Garagumuň jümmüşinde sowet hökümetinden nägile bolup ýören kellekeser, garakçy, zalym galtamanlaryň takmynan altmyş-ýetmiş müňüsi Türkmenistanyň dürli etraplaryna çozdy. Olary «Türkmen azatlygy» guramasynyň agzalarynyň takmynan on bäş müňüsi ýaragly goldady. Ýurtda örän uly gandöküşiklik boldy. şol gandöküşikligiň netijesinde basmaçylaryň sekiz müňüsi öldürildi. Üç müň adam ýaralandy we müň adam ýesir alyndy. «Türkmen azatlygy» guramasynyň agzalarynyň üç ýüzüsi öldürildi. 150 adam ýaralandy. 100 adam ýesir alyndy. Şolaryň hatarynda bu guramanyň ýolbaşçylary S.Öwezbaýew, Bekki we Kakajan Berdiýewler, N.N.Ýomudskiý, B.Kerbabaýew dagylar tussag edildi. Buz zabun guramanyň Ustawy, Programmasy, tipografiýasy ele salyndy...» – Ýene näme ýazmaly – diýip, Karuskiý gijäniň bir wagty bolandygyna garamazdan, gözlerini jikgerdip oturan işgärlerine sala saldy. Häzir olar iki däl-de, üçdüler. Olaryň ýanynda ýaş, emma ýüzi tüsse çawlan ýaly, agyr, garaňky, saçy yzyna gaňtarylan at ýüzli ýigit hem otyrdy. Ol asly Bäherdenli, Tartarýanyň giýewsi, ýagny jigisiniň adamsy Orazşyhy Myradowdy. Ýaş-da bolsa, özüni bada-bat aldyrjak bolup, ol ýaş ýigit köp hyzmatlar bildirýärdi. Şonuň üçin ony döredijilik işgärleri bilen işlemek bölüminiň jogapkär işgärligine ýakynda belläpdiler. Tartarýan el ýaly galyň gulaklaryny hekgerdip, ýerinden turdy. – Ýoldaş maýor, şu işiň kemi ýok. – Ýoldaş maýor, mende bir teklip bar. Şu ýerde «Türkmen azatlygy» guramasy diňe Aşgabatda hereket edýän ýaly düşünje döreýär. Bu bolsa biziň alyp barýan işimiziň çägini, derejesini peseldýär. – Mysal üçin? – diýip, maýor göni meselä geçmek üçin ony howlukdyrdy. Kogat äýnegine süýem barmagyny degirdi-de, maýory makullaýan ýaly baş atdy. – Mysal üçin, «Türkmen azatlygy» guramasy Krasnowodsk oblastynda, Daşhowuz oblastynda ýa-da Kerki ýa-da Mary oblastlarynda näme edipdir. Oňa oblastlarda kim ýolbaşçylyk edipdir. Ine, şolary goşsaň işiň gymmaty we abraýy öňküden ýokary bolardy. Maýor mekirleç ýylgyrdy. – Ana, indi bardyň üstünden. Şu düzüme giren adamlaryň doglan ýerleri boýunça, olaryň şol oblastlarda propoganda hem-de ýykgyn işlerini wagz edendiklerini goşuň. – ol Tartarýana azgyryldy. – Siziň ýolbaşçylyk edýän bölümleriňiz, näme, ýaman arkaýyn-la. Hany, «Türkmen azatlygynyň» işi barada, basmaçylaryň ýetip gelýändigi barada kerwensaraýda, jelephanalarda, esgerleriň arasynda, partiýa edaralarynda hiç-hili iş edilmändir. Informasiýanyň akyp gidýän esasy ýerler-ä wokzallar, stansiýalar. Emma ol ýerlerde-de iş alyp baraňyzok. Tartarýan tüňçäniň sapy ýaly bolup duran ýogyn burnuny gaşady. – Düşündim, düşündim, ýoldaş maýor. Şugün on bäş sany kör gedaý taýýarladyk. Ertir aýallardan hem on sany dilçini şähere goýbereris. Maýoryň kül urlan ýaly jylk sary ýüzi öňküdenem beter kölegelendi. – Gyssanyň. Gör ahyry. Şu işler seniň bölümiň etmeli işi. Emma oňarýan zadyňyz ýok. – Ol Kogota garady. – Haýal, ýagallyk etseler, atlaryny şu sanawa goşuň. Göreliň onsoň hallaň-sallaňyny. Maýor orunbasaryna seretmän, ýazgyny onuň öňüne taşlady. – Ertire çenli taýýar ediň. Kogotyň ýazgyny alan eli saňňyldady. – Onda ýoldaş maýor, men şeýle etmegi makul bilýän. Ýagny «Türkmen azatlygy» guramasynyň zannyýaman wekilleri S.Öwezbaýew Gökdepe, Bäherden raýonlarynda, Bekki, Kakajan Berdiýewler Mary oblastynyň raýonlarynda, Mary şäherinde, Çelekende, Priçalda we Esengulyda, Berdi Kerbabaýew Tejende, Gulmuhammedow Kerki oblastynda, Kerki şäherinde, Begjan Nazarow, Bäşim Pereňliýew, S.Turaýew Daşhowuz oblastynda, Meretdurdy Nagdow, Kümüşaly Böriýew, Muhammet Geldiýew Aşgabat şäherinde wagz işlerini alyp baryp, gizlin gurama agza toplapdyrlar. Adamlary sowet hökümetine, sosialistik gurluşyga garşy göreşmäge mobilizirläpdirler. Maýor başyny atdy. – Esasy ugruň dogry. Ýöne deliller getiriň, mysal üçin, Maryda näçe adam Berdiýewleriň yzyna düşüpdir. Onsoňam, ýazgylar juda çuň manyly, sypaýy bolsun. Bu heniz sud däl olaryň işine «Zandyýaman» ýa-da «Ýykgynçylykly» diýip baha berer ýaly. Biz syýasy gurama. Şonuň üçin olaryň Syýasatyny habar berýäris. Habar bolsa operatiw, gysga we delilli bolmaly. Düşnükli? – Düşnükli, ýoldaş maýor. * * * 1932-nji ýylyň aprel aýy Türkmenistan üçin diýseň howsalaly döwür boldy. – Basmaçylar edil çekirtge ýaly bolup, çozup gelýärmiş – diýen habardan gulaklaryň kamata gelýärdi. – Basym Aşgabatda döwlet agdarylyşygy boljak – diýen gürrüňe ynanjagyňy ynanmajagyňy bilmän durkaň: – Eýranyň serhedine on müň adam üýşüp, ýetip gelýärmiş! – diýen habar gelýärdi. Kim «Atabaýewi basypdyrlar» diýse, kim «Döwleti agdarjak bolup buýruk berip durka üsti açylyp, Nedirbaý Aýtakow özüni atypdyr» diýýärdi. Käbiri bolsa: «Ýok, Aýtakow özüni atmandyr, ony Atabaýew atypdyr, sebäbi Atabaýew dönük eken, onam Aýtakow bilýän eken» diýýärdiler. Zawod-fabiriklerde, ýokary, orta okuw jaýlarynda, bazarda şeýle gürrüňleri edýän adamlaryň onlarçasyny tutup türmelere gabapdylar. Emma bu gürrüň şeýle bir örç alýardy, belli-belli işgärler öýünde ýatmaga gorkup, şäheriň merkezi bolan Karl Marks ploşadynda maşgalasy bilen gijäni geçirýärdi. Şol gürrüňleriň bir ujy Türkmenistanyň Döwlet-plan komitetiniň ýer, suw we maldarçylyk bölüminiň müdiri Seýitmyrat Öwezbaýewiň hem gulagyna degýärdi. Emma onuň gepe-gürrüňe gulak asara wagty ýokdy. Sebäbi Türkmenistan boýunça býužetiň plany ýaňy tassyklanypdy. Indi şony Türkmenistanyň maldarçylyk suw, ýer işleri pudaklary boýunça paýlamalydy. Onuň üstesine 1932-nji ýylyň birinji kwartalynyň hasabatlaryny gyssagly kabul etmelidi. 1931-nji ýylyň hasabatlarynyň ep-esli bölegi kadaly işlemäni üçin yzyna gaýtarylypdy. Şol işlere Döwlet-plan komiteti duýdansyz üstüni basdyrdy. Bularyň barynyň üstüne, 1-nji maý baýramçylygy ýetip gelýärdi. Ol ogly Rahman bilenem arkaýyn oturyp gürleşip bilenokdy. Rahman onuň inisi Muhammetmyradyň uluja ogludy. Ol Seýitmyrada ogulluk berlendi. Seýitmyrat öýlenmändi. Onuň sebäbi, ol ýaşlykda obada bolmandy. Soň gaýdyp gelenden soňam agyr maýypdy. Awstriýanyň Bukowina şäheriniň golaýyndaky söweşleriň birinde nemesler ony agyr ýaralapdy. Ol aty bilen bilelikde snarýadyň aşagyna düşüpdi. Şonda onuň kellesine, gözüne agyr şikes ýetipdi. Şondan bäri sag gözi gyşaryp, akjaryp durdy. onuň üstesine horlugy, müçesiniň kiçiligi ony göze ýakymsyz görkezýärdi. Öwezbaý aga Seýitmyrat ymykly gaýdyp gelenden soň, ony öýerjek bolup, gyzly öýleriň üç-dördüsine gudaçylyga-da barypdy. Emma «Gyzymyz göwnänok» diýen bahana bilen ony sowanlaryny kem görenokdylar. Ahyr soňunda hem: «Öwezbaý akylly adammyka diýseň, beýnisi guşuňkyça-da ýok. Ýogsa, şol gözi gyşyk ogly üçin atyň dişi ýaly ýerlere gudaçylyga gelermidi» diýen gürrüňi daş gulakdan eşidip, soň gitmesinem goýupdy. Seýitmyradyň özem aýal diýip, ölüp-öçüp ýatmandy. Ýöne kirini ýuwup, naharyny bişirer ýaly, Äşe bajy diýen bir kürt aýalyny hakyna işledýärdi. Ol aýal esasan öýe hem Rahmana hyzmat edýärdi. Sebäbi Seýitmyrat eşigi ynjatman geýerdi. Öz eşigini özi serenjamlardy. Nahary bolsa iş ýerinden iýerdi. Ol juda az iýerdi. Diýseň kanagatlydy, sabyrlydy. Birki gün iýmände-de, oňşuk ederdi. Ogly Rahman pedagogik tehnikumda okaýardy. Oglyny gowy iýdirip, gowy geýindirýärdi. Fransuz, iňlis dillerinden hakyna mugallym tutup, Rahmana okadýardy. Wagty bolan ýagynda, onuň bilen gürleşip, uzak wagtlap oturýardy. Rahman bu gün Seýitmyratdan hem ir turdy. Doktorskaýa köçesiniň 6-njy jaýynyň 13-nji kwartirasyndaky ataly-ogul diýäýmeseň, häzir tutuş 6-njy jaý süýji ukudady. Bu jaý ortasy uzyn koridorly, koridoryň her gapdalynda bolsa üç sany kwartirasy bardy. Şol kwartiralaryň birinde Berdi Kerbaba, birinde Bekki bilen Kakajan Berdiýewler, birinde-de Seýitmyrat ýaşaýardy. Beýleki kwartiralarda iki sany ofiser hem-de Öwezbaýewiň bir işgäri ýaşaýardy. Her kwartiranyň öňünde howla bakyp duran giň eýwany bardy. El ýuwulýan, suwly bedre, primus, gap-gaçlar eýwanda goýlandy. Seýitmyradyň öýi boşlaň, giňişlikdi. Bir burçda şfaner, onuň gapdalynda krowat, tördäki burçda üsti çyrajykly, üstüne ýaşyl mawut ýapylan, iki gözi, aşaky gapjygy gulplanan ullakan stol durdy. stoluň bir gyrasynda gara, agyr telefon durdy. soňam ortarada nahar stoly, diwara ýaplanyp duran kiçiräk diwan durdy. şol diwanda Rahman ýatýardy. Bir böwre ýazylan iki sany türkmen gülli keçesiniň üstünde iki sany ýassyk durdy. Goş-golam, kakasy, doganlary Aşgabada gelenlerinde stolda oturyp çaý-çörek iýenlerinden, ýassyga bagyrlaryny berip keçäniň üstünde gyşaryň iýip-içenlerini gowy görýärdiler. Ortadaky stoluň depesindäki daşy kaşaň telpeklije elektrik çyrasy, eýwana çykylýan işigiň gapdalyndaky eşik asylýan, onuň aňyrsyndaky kiçijik seýf diýäýmeseň, başga bir üýtgeşik goş-golamam ýokdy. Ýöne öz döwrüne görä, bu içeri baý hasaplanylýardy. Berdi Kerbabanyň, Bekkileriň içersinde bu zatlar hem ýokdy. – Kaka – diýip, eýwanda diwara pesejik kakylan aýnanyň öňünde sakalyny syryp duran Seýitmyrada bakan owsunan Rahman, eýwana çykman, diwany jygyrdadyp, tirsegine galdy-da aýtdy. Seýitmyrat astyna hoz salnan ýaly tommak dodaklaryny ýapyp duran gür murtlarynyň gyralaryny, sakalyny howlukman, pikirli ýüzüni aýnadan aýyrman ogluna «Hawa» diýdi-de, ofiserlikden ýadygärlik galan päkisi bilen sabyn köpürjigini ýokardan aşak, emaý bilen syryp başlady. – Kaka, aý, kaka. Ol beýleki çekgesini, soňra çürelip duran eňegini syrdy-da, eli bilen päkiniň yzlaryny ýeňiljek sypalady. Eline dürtülen zat bolmansoň, aýalary bilen ösgünden gür, yzyna zordan gaýtarylan saçlaryny yzyna, yzyna darady. Soň el ýuwulýandan aýalaryny ölläp, saçyny ýagşy ezdi. Polatensi bilenem sowuk suwa ýuwulan ýüzüni, boýnuny, soňam saçyny ýagşy owkalady. Şondan soň howlukman darandy-da, poletensany egnine atyp, otaga girdi. Rahman ýerinden turup, düşeklerini ýygnaşdyryp durdy. – Kaka! – diýip, ol ýene-de şol bir sözi eýýäm üçünjimi, dördünjimi sapar gaýtalady. Seýitmyrat oglunyň ak mapraç ýüzüne, etli-ganly bedenine höwes bilen garady-da: – Jan, köşegim! – diýdi. – Kaka, birinji maý ýetip gelýär-ä. Sen ýadyňdan çykardyňmy? – diýip, ogly kakasynyň ýüzünden ýüzni aýyrman gürledi. – Bütin tehnikum taýýarlanýar-a. Seýitmyrat sagadyna seretdi. – Ýadymda, köşegim. Ertir işiň ahyrynda meniň ýanyma bararsyň, atelýa baryp özüme-de, saňa-da akja köýnek, akja jalbar buýrarys, bolmaýarmy? Rahman howsala düşdi. – Ýetişerlermikä, bary-ýogy on gün galdy ahyryn. – Ýetişerler. Haýyş ederis. Işik kakyldy. Aýal adamyň sesi eşidildi. – Ana, Patma bajam geldi. Sen çaý-çöregiňi iý-de, okuwa gidiber. Men häzir işe ugradym. Iş kän. Içeri owadan, ak ýüzli, etli-ganly daýaw kürt aýaly girdi. Ol öý eýesiniň işe şaýlananyny görüp gynandy. – Atam ogly, agam ogly jan dogan, işe çaýyňy içip git. Perişdeler bilen ýoldaş bolar. Olar saçagyň başynda saňa «Omyn» diýsin. Ýaşyň uzyn bolar. – Ol torbasyny dörüşdirdi. – Täzeje gaýmak-da, bal-da, gyzgynjak çörek-de getirdim. Otur, gitme gyzgynjak çörek-de getirdim. Öwezbaýew ösgünje murtlaryny sypalap goýberdi. – Sag bol, Patma bajy. Öýde sypalaýmasam, murtumy sypamaga elim degenok. Iş başymdan agdyk. – Ol ogluna garady. – Rahym jan bilen oturyp, arkaýyn ertirlik ediniň. Men işde garbanaryn.... Ol hoşlaşyp öýden çykdy-da, ýoldan geçip barýan paýtuny saklady. Şonda öýüniň töwereginde indi birnäçe gün bäri köwejekläp ýören adama ýene-de gözi düşdi. Ol işe baran badyna Atabaýewiň gyssagly ýanyna çagyrýandygyny aýtdylar. * * * Ahyry 1-nji maý hem gelip ýetdi. Türkmenistanyň döwlet syýasy uprawleniýesiniň işgärleri üçin bu senäniň aýratyn, juda möhüm ähmiýeti bardy. Bu gün syýasy uprawleniýäniň işgärleri üçin aýratyn baýramçylyk günüdi. Bu günüň eşretli miweleri kime çin, kime wezipe, kime baýrak, kime täze orun bermelidi. Şonuň üçin uprawleniýäniň tutuş düzümi baýramçylyk keýpi bilen işe gelipdi. Uprawleniýäniň naçalnigi maýor Karuskiý bu gün has tolgunýardy. Sebäbi «Türkmen azatlygy» guramasy diýen beýik pikiri tapan onuň özidi. Soňra bu gurama, onuň alyp barýan ýykgynçylykly işleri, guramanyň düzümi baradaky ajaýyp kyssany tapanam, ony kanunlaşdyranam, SSSR halk komissarlygyna, Türkmenistanyň hökümetine, häkimiýetine, ýokary partiýa ýolbaşçylygyna ony hödürläp, yzyna Sowet döwletiniň hakyky graždany, onuň wepaly ogly hem-de goragçysy hökmünde duranam onuň hut özidi. Ine, bugün bolsa şol azaplaryň, gör näçe gijeläp çekilen agyr zähmetiň, oýlanmalaryň miwelerini ýeke-ýekeden ýygnamalydy. Karuskiý şu işleri edýärkä iki zada göz ýetirdi. Birinjisi, harby işde komandir nähili buýruk berse, dogry hasaplanýardy. Ýöne şol komandir şol buýrugynyň ýerine ýetirilmegi üçin mümkin bolan şertleri döretmelidi. Ol bu işi başarypdy. Onuň doly berjaý edilmegine, indi sähelçe pursat galypdy. Ikinjiden, ol syýasy uprawleniýe diýen guramanyň sowet döwletiniň içinde hudawylygyna göz ýetiripdi. Ol «Türkmen azatlygy» guramasy baradaky gizlin maglumaty ýokary partiýa guramasynyň Merkezi komitetiniň sekretary Papoga-da, Ýokary sowetiň prezidumynyň başlygy Aýtakowa-da, Ministrler sowetiniň başlygy Atabaýewe-de görkezipdi. Emma olaryň birem ýalandan, çyndan «Beýle däl bolmaly. Ol adamlary biz tanaýarys. Olar arassa, wepaly adamlardyr» diýip, bilenokdy. Eger, olar aýak diräp, aşak-ýokary talap bilen ýüzlenip dursalar, işiň bussur-ýassyr edilmegi-de ahmaldy. Karuskiniň pikiriçe, adamlar hem geleňsiz, ýoldaşlary barada parhsyz ýaşaýardylar. Ikinjiden bolsa, syýasy uprawleniýeden gorkýardylar. Misli bu guramada özleri ýaly adamlar däl-de, has güýçli, akylly, dogruçyl adamlar işleýär. Şolar yzarlaýarlar, görýärler, tapýarlar. Şonuň üçin olaryň diýeni gaty dogry, olaryň aýdany kanun diýip ynanýardylar. Şonuň üçin ol adamlar Döwlet syýasy uprawleniýesini hudawulaşdyrypdylar. Adamlaryň ondan çekinmegi üçin ähli şerti döredipdiler. Indi bolsa şol hudawylaşan guramadan olaryň özlerem öler ýaly çekinýärdiler. – «Türkmen azatlygy» guramasynyň ýolbaşçylary bolan Öwezbaýewi, Berdiýewleri, Orazowy, Arrykowy, Pereňliýewi wagtlaýynça saklamak zerurlygy ýüze çykdy. Olaryň baýramçylygy uly topalaňa öwrüp, halky aýaga galdyrmak, sowet häkimiýetiniň üstüne hüjüm etmek planlary bar. Bize mälim bolan maglumatlara görä olaryň taýýarlygy güýçli. Özem, waka Aşgabadyň 1-nji maý demonstrasiýasyndan başlanmaly. Esasy nazarda tutulýan zat, tribuna. Şonuň üçin örän hüşgär boluň, ýaraglaryňyzy dakynyň. Howpsuzlyk ýagdaýyny, goragy üpjün ederis. Maýor Karuskiý bu ýagdaýy respublikanyň partiýa, döwlet we hökümet ýolbaşçylaryna mälim edip, olaryň razylygyny dil üsti bilen aldy. Şondan soň «Türkmen azatlygy» guramasynyň zabun ýolbaşçylaryny saklamagy öz işgärlerine buýruk berdi. * * * – Ahyry birinji maýam gelip ýetdimi?! – diýip bu gün has ir oýanan Seýitmyrat begençli oýlandy. Ýuwundy, ardyndy. Pirimusda çaý goýdy. Patma bajysynyň düýn azap edip taýýarlap goýan bally pişmelerini, mürepbeli gatlaklylaryny, etli, maňyzly külçelerini, mesge, bal bilen garylyp taýýarlanylan toşaby stoluň üstüne çykaryşdyrdy. Çaý demledi. Soňra stoluň başyna geçdi-de trubkany göterip, ogluna ýüzlendi. – Rahym, köşek. Köşejigim, hany, tur. Ol telefonyň işlemeýändigini gördi-de, onuň kiçijik dilini barmagy bilen aşak, ýokary basdy. – Alo, alo! Emma telefondan ses çykmady. Düýün Gaýgysyz jaň edip, ertir birinji maý demonstrasiýasynda zerurlygy üçin iki tagta gutlag hatyny ýazmagy Seýitmyrada tabşyrypdy. Irden habar etse, kömekçisini öz maşynynda iberjekdigini aýdypdy. Gutlag haty taýýardy. Diňe eliňe alyp okaýmalydy. Ýöne telefona bir döw çalypdy. Şonuň üçin ne Gaýgysyza, ne onuň kömekçisi Nagdowa habar ýetirip boljakdy. Gerek bolsa, özleri habar tutar-la. Men Rahym jany bir oýaraýyn. Rahym oýandy-da gözlerini elek-çelek etdirdi. – Kaka, Patma bajy gelmedimaý. – Çaý gaýtaryp oturan Seýitmyrat ogluna geň galyp garardy. – Patma bajyny näme etjek? Biz häzir parada gitmel-ä. Rahym eşiklerini geýip durşuna, keýpsiz hüňürdedi. – Ol «Irden gelip, eşikleriňi ütük edip goýaryn» diýd-ä. Seýitmyrat gabanyp oturşyna: – Ol bolmaz. Özüňe-de, eşigiňe-de özüň serenjam ber... on bäş ýaşly ýetginjek bolup, eliň ýokmy, aýagyň ýokmy, ile ütük etdirer ýaly. Iller seniň ýaşyňda atly polka komandirlik edip ýör. Rahym ýüzüni sallasa-da, özi ütügi, jalbaryny alyp, stolyň başyna geçdi. Ýöne onuň «Häzir Patma bajy gelip, ütügi elimden alar» diýen tamasy ýok däldi. Seýitmyrat stoluň başyndan turup, geýindi. – Ine, saňa sowalga pul. Gowy naharlan. Işikleri gulplama. Primusy söndürdim. Paratdan soň göni öýe gel. Men seni Pöwrizä alyp gitjek. – Paýtunlymy – diýip, Rahym begençli gygyrdy. – Paýtunly! – Ur-ra! Işik kakyldy. – Patma bajy! Patma bajy! – Rahym ylgap işigi açdy. Soň şol ýerde doňup galdy. – Ka-ka-a! Seýitmyrat geýindi-de, portfelini eline alyp, işige ýöneldi. – Kim? Işikde esger eşikli iki kişi durdy. – Kim? Näme gerek? – diýip, Seýitmyrat birinji Maý paradynda Gaýgysyzyň sözlemeli sözi üçin gelen adamlardyr öýdüp, öňe ýöneldi. Işigiň çep tarapynda duran uly çinli adam döş jübüsinden şahadatnamasyny çykaryp, ony barmaklary bilen açdy. – Seýitmyrat Öwezbaýewmi? – Hawa, hawa, men häzir. Ol adam bir ädim öňe ätledi. – Men Markow. Sen häzir biziň bilen Döwlet syýasy uprawlenýesine barmaly. Ine-de buýruk haty. Öwezbaýew haty çep gözüne ýakyn tutdy-da, onuň mazmunyna düşündi. Bir salym böwrüni diňledi-de, içeri tarap seretdi. – Ogluma käbir ýumuşlar tabşyryp bilerinmi? – Ýok, häzir gyssagly ugraň. Seýitmyrat işekçer ogly Rahymyň mähirden, howsala çümen nurdan balkyldap duran owadan didelerini, perişdäniňki ýaly bigünä näzikden akja, owadan ýüzüni ösüp barýan körpe çynara meňzeş serwi boýuny iň soňky gezek görüp galdy. – Hoş, bala! Ataly-ogluň 1932-nji ýylyň 1-nji maý paradyna gidişem, ony görüşem şol boldy. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -31: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -30: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -3: romanyň dowamy - 06.07.2024 |
√ Duman daganda: Egriler egri bilen, dogrular kim bilen?! - 08.06.2024 |
√ Janserek -5: romanyñ dowamy - 26.03.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |