03:02 Gan aglaýan adamlaryñ syry | |
GAN AGLAÝAN ADAMLARYÑ SYRY On üç ýaşly hindistanly gyzjagaz Twinkl Dwiwediniñ keseliniñ garşysynda medisina dünýäsi bialaç ýagdaýda galdy. Gyzjagazyñ endamynda kesik yzlary ýa-da ýara ýoklugyna garamazdan, birden-birden hamyndaky öýjüklerden gan akmaga başlaýar. ■ Gan - göz Iki mekdep bu ýagdaýy zerarly okuwa kabul etmändigi üçin iki ýyla golaý wagty boş geçen Twinkl käwagt ertir irden turanda gana ezilip, öl-myžžyk bolup oýanýar. Twinkliñ maşgalasy bu syrly kesele çäre tapmak üçin ýüz tutmadyk lukmany galmady. Muña garamazdan häzirem bir alajy tapylanok. Twinkl Dwiwediniñ ejesi Nandani Diwedi: "Gyzymyñ keselini bejerip bilmändigim üçin çäresizlik içinde örtenip-bişýärin" diýdi. Çagasynyñ bu keselden saplanmagy üçin lukmanlardan haraý tapmansoñ, ybadathanalara, metjitlere, buthanalara we mukaddes ýerlere gidendiklerini aýdan naçar ene Nandani ol ýerlerdenem barybir peýda tapyp bilmedi. ■ Ganly göz Angliýada işleýän amerikaly çaga lukmany we gan boýunça hünärmen Jorj Buçanan Twinkliñ ýagdaýyny öwrenmek maksady bilen Hindistana gitdi. Mumbaýdaky Jaslok hassahanasynda ýatan Twinkli görmäge baran lukman Buçanan: "Kelle derisinden ýa-da goşawuçlaryndan gan akýan birine henize çenli duş gelmändim. Medisina taryhynda-da bu boýunça hiç zat okamandym" diýip, muña örän haýran galandygyny aýtdy. ■ Gan aglaýan ýetginjek ABŞ-nyñ Tennessi ştatynda ýaşaýan on bäş ýaşly Kelwin Inman atly ýetginjegiñ gözlerinden ýaş ýerine gan gelýär. Lukmanlary haýran galdyran Inmanyñ näme üçin bu ýagdaýa düşýändigini bolsa heniz bilibilýän ýok. Dostlary tarapyndan içine şeýtan girdi hasaplanýan bu ýetginjek günde üç gezek bir sagat töweregi dagy ganly gözýaşa gark bolup oturýar. ■ Gan aglaýan Debora Braziliýada ýaşaýan on ýedi ýaşly Debora Oliweýra Santosyñ birahatlygy üç ýyl owal çaga bakýan bolup işleýärkä hojaýynyndan taýak iýmesi bilen başlandy. Ilki-ilkiler onuñ gulaklaryndan we burnundan gan akýardy. Has soñra onuñ endamynyñ başga ýerlerindenem gan akmaga başlady. Soñky ýyllarda Deboranyñ kakasy çagalaryndan birini halas etjek bolup gark bolanda Debora aglamaga başlady, şonda onuñ gözlerine gan indi. Kakasynyñ gark bolup ölmegi zerarly aglan Deboranyñ gözünden şol gün ilkinji gezek gan akdy. Şol hasratly günden bäri haçan-da Debora aglap başlasa, onuñ gözlerinden gan akyp başlaýar. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||