06:14 Gapy kakylýar / hekaýa | |
GAPY KAKYLÝAR
Hekaýalar
Gully gaşlaryny çytyp, ýerinden galdy. Gapynyň gözjagazyndan daşarda kimiň durandygyny görüp öwhüldedi: – Şajan! Adamsynyň habaryna ynanmadyk bolarly, Sadap gapynyň gözjagazyna gorky bilen gözüni basdy: – Oňa näme gerekkä? – «Kömek etjek, ýagşylyk etjek» diýip gelmedigin-ä bilýän. Möhüm işi bardyr. Gapy ýene kakyldy. – Bir gezek kakanyňda açmasalar, gidiber-dä, ýerçeken! – diýip, Sadap hüňürdäp yzyna öwrüldi. Gully onuň yzyna düşdi: – Näderis? – Meniň ýanyma ýeke joram hem gelýän däldir, azaram berýän däldir, Gully! Senem özüň bil... Gapy bu gezek batly kakyldy. – Entegem gidenok, ýüregedüşgünç adam eken. Aýaly nädip çydaýarka? Daşardan Batyrjygyň: «Eje, eje! Kaka!» diýip, gygyrýan sesi eşidildi. – Näme üçin gapyny açaňzok? – diýip, üst-başy tot-tozan bolan Batyrjyk kürsäp öýe girdi. – Kaka, bize şu adam gelipdir. «Kakaň barmy?» diýdi. – Oh-ow, bize, gör, kim gelipdir! Meniň söwer dostum, ýaşlyk dostum Şajan gelipdir! Hoş gördük, sapa gördük, Şajan jan! – Gully özüne zor salyp, aňruç başardygyndan ýylgyrdy, Şajan bilen ýitirip tapan ýaly gadyrly salamlaşdy. – Ýeri-how, şepe, sen nire, bu ýerler nire?! Ýagdaýlaryň nähili? Çaga-çugalar saglykmy? – Gül ýaly, Gullym. Ýagdaýym gowy, çagalarym sag... – Bä-ä, şol öňki Şajan-da! Walla, üýtgemänsiň! Näçe ýyldyr, birek-biregi göremzogam. Şonda-da görenimden tanadym. – Üýtgeýäs-le, Gullym. Garraýas. Bu dünýäden ýetişiksiz gara günde bolup geçip gitjekdigimize nebsim agyrýar. – Ýükl-u-ýüksüz geçib-ä dur. Dogrusy, ömür hemişelik berlendir öýdüp, gadyrynam bilmändiris. Aý, indi biziňki geçdi. Şu ylgawymyz bilen pellehanamyza bararys. – Gullynyň nähilidir pelsepe otarasy geldi. Parasatly söz aýtmak isläp oýlandy. Ýöne ýadyna düşen söz bolmady. – Hany, özüň barada aýtsana, Şajan. Janyň sagmy? Bolany şol! Saglyk bolsa, galan zatlaryň bir hasaby bolar. – Gully, bärik gelip git – diýip, Sadap aşhanadan gygyrdy. – Häzir barýan... – Gully dostunyň ýüzüne naýynjar bakdy. – Şajan, mürähed-ä däl, wagtyň bolsa, çaý içeli. – Niýetim-ä seniň bilen çaý başynda gümür-ýamyr edip, biraz oturmak. Gully boz-ýaz boldy, sesi ysgynsyz çykdy: – Gir!.. Şajan dostunyň howsalasyna ünsem berip durmady, arkaýyn içeri girdi. – Baý-ba, öýüňiz-ä köşk ýaly eken! Üçünji etažda şeýle köşk bardyr diýip pikirem etmändirin. Näçe otag? Üçmi? Tüweleme, tüweleme, bolubilýär! Äh-ä, bu ýatylýan otag bolmaly. Hany, göreli. Tüweleme, bolubilýär! Garnituryňyz fransuzlaryňkymy? Öz-ä kaşaň eken. Patyşalaram şeýle owadan ýerde ýatan däldirler! Bolubilýär! Hä, bu otag Batyr janyňky bolmaly. Bildimmi? Söz ýok. Bu zatlaryň birem öň gören zatlarym däl. Tüweleme! Bu otagyňyz myhmanlar üçindir. Bä, ýapon garnitury. Ählepus, owadan eken. Bahasam gymmatdyr munuň? Baý ýaşaýan ekeniň, Gullym, baý ýaşaýan ekeniň, göz degmesin! – Bu gün kim garyp ýaşaýar? – diýip, Gully köne dostunyň ýüzünden many okajak bolýan ýaly çiňerildi. – Gully, aý, Gully, meniň ýanyma gelip git! – diýip, Sadap ikinji gezek gygyrdy. Gully ýüzüni sortduryp, aýalynyň ýanyna bardy. – Oňa çaýam goýmalymy? – diýip, Sadap gaşlaryny bürüşdirip sorady. – Goýaýsana. Gully otagyň içindäki zatlary gözden geçirip duran Şajanyň ýanyna öwrülip geldi. Onuň ýüzüne: «Näme habar bilen geldiň?» diýýän äheňde seretdi. Ýöne Şajandan jogap bolmady. Ol gaty arkaýyndy. Onuň arkaýynlygyna Gullynyň kejebesi daraldy. Köne dostunyň her bir hereketinden many agtardy. Aňynda her hili pikir peýda boldy. «Gurluşyk materialy gerek diýip geldimikä? Etaž jaýda ýaşaýan adama gurluşyk materialy nämä gerek? Onda näme üçin geldikä? «Meni işe al» diýjekmikä? Işinden kowlandyr. Indem iş tapyp bilýän däldir. Erbetlikde ýakasyny tanadandyr. Maňlaýy daşa dege-dege, meniň ýanyma gelendir. Şeýledir». Içerini synlap çykan Şajanyň nazary özüne seredip oýa batan Gulluda saklandy. Ol dostuny öň görmedik ýaly, boýdan-başa synlady. Soňam çuň kürsä özüni goýberdi. – Bolubilýär, Gullym! Ýaşaýşyňy gördüm. Tüweleme, gowy eken. Hany, özüň barada gürrüň bersene! «Meniň özüm barada näme biljek bolýarka? Ýa derňew organyna işe geçäýdimikä?» Gully Şajanyň soragyna näme jogap berjegini bilmän ýaýdanjyrady: – Özüm baradamy? Näme aýdaýyn? Görşüň ýaly. Işlän bolub-a ýörüs. Özüňem bilýänsiň, Şajan, işlemek, onda-da bir edara ýolbaşçy bolup işlemek kyn. Gaty berk tutýarlar. Üstüň barlagçydan doly. Planam dolanok. Sebäbi gurluşyk materiallary ýok. Öň dost-ýaryňa kömek edip bolýardy. Indi bolanok. Birini işe almagam görgi. Boş duran ýerimiz ýok. Birini işe alsaňam pensiýa ýaşyna ýetse-de, işden çykmajak bolup, ýeriň aňrujuna çenli arza ýazýar. Hak aýyrsaňam: «Meni nähak aýyrdylar» diýip ýazýarlar. Anonim arza seredilmesi galansoň, arza ýazmak üç-dört esse artdy. Dymyp gezjek adam ýok bu zamanda. – Gully az salym dymdy. – Öz ýagdaýyň, işiň nähili? Nirede işleýäň bu günler? Çaý getirildi. Çäýnek daşdanam bolsa, aňsat-aňsat döwlenok. Sadabyň dükgüldedip goýmasy bilenem çäýnek döwülmedi. – Sadap, süýji getir. Süýji getirildi. – Sadap, käse getir iki sany. Iki sany käse getirildi. Gully ýene aýalynyň yzyndan seretdi. Oňa nämedir bir zatlar getir diýmekçi boldy. Saklandy, gidip çörek getirdi. – Şajan, çaý içiber. Şajan bu söze garaşyp duran ýaly, käsä elini ýetirdi. Iş sorap gelene meňzänok. «Baý ýaşaýarsyňyz» diýdi welin, karz pul soramaga gelen bolaýmasyn? Ýogsam: «Baý ýaşaýan ekeniňiz!» diýmez-dä? Gaýtam, görüplik ederdi. Guwanan kişi bolýan bolsa, bir çöpi bardyr. Indi düşnükli... Gully howlukmaç gürledi: – Wezipe-de gursun, baýlygam. Näçe hars urup işleseňem, hiç ýetirinip bolanok. Sen maňa: «Gowy garniturlaryň bar eken» diýýäsiň. Näme, bu zatlar karz edinmän alnandyr öýdýäňmi? Hemmesi karzyna alnan zatlar. Dost oglanlar: «Üýtgeşik garnitur geldi, gerekmi?» diýýärler. Şeýle import garniturlar her kime hödür edilenok. Ertirki gün tapmajagyňy bilip durkaň, gözüňi ýumup, karz edip almaly bolýarsyň. Aý, Şajan, saňa gepiň küle ýeri, birgiden bergi edildi. Olary haçan üzjegim belli däl. Kurorta gitmek ýat boldy. Bergilerden çyksam, hiç zat gerek däl. Ýüregimi aýdýan saňa. – Zeýrenmesene, Gullym. Kem zadyň ýok. Maşynyň bar, daçaň bar. Garniturlaryňy hem bergi edip almadygyňy bilýän. Ha-ha-ha! – Şajanyň gülküsine jaý sarsyp gitdi. Gully gorkujyna zöwwe ýerinden galdy. Şajan aňynda haýsydyr bir pikiri aýlap, dostunyň halyna ünsem bermän, gürrüňini dowam etdirdi: – «Bergim kän» diýdiň welin, bir işgärimiziň sözi ýadyma düşdi. Ol: «Gurply adamlara mahsus bir häsiýet bar» diýýär. «Baý adamlar hemişe menden garyp adam ýok» diýip zeýrener. «Pulsuz adamlary welin, taýaklabam: «Men garyp» diýdirip, zeýrendirip bilmersiň. Olar her edip, hesip edip özleriniň pukarajadygyny ilden ýaşyrmaga, özüni baý adam edip görkezmäge çalşar. Özem pulsuzlar öwünjeňdir» diýýär. «Kim öwünjeň bolsa, şol adam garypdyr» diýýär. «Eline çakyndan bäş müň manat artyk düşse, dylym-dylym edip dünýä sygmaz» diýýär. Seniň gürrüňiňi diňläp otyrkam, ana, şol gürrüň ýadyma düşdi, gülkim tutdy. – Şajan, näme diýseňem, şäherde ýaşamak kyn. Obadaky ýaly, ähli zat mellegiňden önenok. Ähli gerekli zadyňy satyn almaly. Gerekli zadyň hem juda kän. Batyrjyk kakasynyň elinden çekdi: – Ejem çagyrýar, ýör. Gully gelensoň, Sadap aşhananyň gapysyny ýapdy: – Näme üçin gelipdir? Näme gerekmiş? – Ol adamsynyň jogap bererine howlugyp, pentalgin içdi. – Çydap bilemok, kelläm ýarylaýjak bolýar. – Näme üçin gelendigini, teý, bilip bilemok, Sadap. Özem aýdanok. Belki, ol ýöne keýpine gümür-ýamyr etmäge gelendir? – Özüň aýdýardyň-la: «Ýöne ýere myhmançylyga barýan samsyk ýok bu zamanda» diýip. Näme, bu gelen başga döwrüň adamymy? Näme üçin gelendigini, çekinip durman, sora. – Gelşiksiz bolaýmasa... – Geleniň habaryny soramazlyk gelşiksiz. Gully aýalynyň sözüni makullap, köne dostunyň ýanyna bardy. Ardynjyrady. – Çaý içsene, Şajan. – Ol elini owkalaşdyrdy. Ýene ardynjyrady. – «Sorady» diýme, Şajan. Çaý başynda näme gürrüňiň bolsa aýdyp otur. – Gülen boldy. – Üç günden soň habary alynýan döwürden oba göçdi. Birhili döwür boldy öz-ä... Elimden gelen kömegimi gaýgyrmajakdygymy bilýänsiň. – Habarymmy? Men seniňkä işli gelmedim, Gullym. Ýaňam aýtdym-a. – Şajan näme diýjegini bilmeýän ýaly, biraz dymdy. – Dogrymy aýtsam, Gullym, bir aý bäri gijelerine hiç uklap bilemok. Doktora-da baryp gördüm. Doktoryňky aňsat. Derman ýazyp berýär: «Şuny iç» diýýär. Onuň ýazyp beren dermanlaryny içdim. Barybir, ukusyzlyk aýrylmady. Öýde dört diwar meni gysyp-gowrup barýar. Bir ýerde durup bilemok. Göwnüm kimdir biri bilen sakyrdaşyp otur diýýär. Kim bilen oturjak? Döwrem özüň bilýäň, adam adamyňka baranok. Her kim işinden geldigi, öýünden çykanok. On ýedi ýyl bäri bir jaýda ýaşasam hem goňşularymy tanamok. Olar hem meni tananok. Adam adamdan daşlaşdy. Gör, senem meniň gelenimi geňläp otyrsyň! – Ýo-ýok, geňlämok. Men-ä begendim... – Ýaňy: «Aýlaň-çaýlaň edeýin» diýip daş çykdym. Gezmeläp ugrum bolmady. Ýekeligime howpurgadym. Köpler-ä ýekelige öwrenişip gidipdir. Seniň bardygyň ýadyma düşdi. Ilki gelmäýinem diýdim. «Özem gelenok ahyryn» diýdim. Başarmadym. Göwnüm: «Gullynyň ýanyna baryp, ýaşlygyňy ýatla!» diýdi durdy. Gully myssa ýylgyrdy: – Juda sypaýy gürleýäň. Öň-ä beýle däldiň. Ýüregimizdäkini göni aýdardyk. Senem ýene öňkiň ýaly, sypaýyçylyk edip durman, näme işiň bolsa göni aýdyber. Ýogsa-da, nirede işleýändigiňi aýtmadyň-la? – Proýekt institutynda işleýän. Edýän işimiz ýok. Uzynly günümizi işgärler bilen sakyrdaşyp geçirýäris. Sadap ýüzünden gar-boran ýagdyryp, olaryň ýanyna geldi. Şajanyň her bir sözüni gulajygyny keýkerdip diňläp oturan Batyrjygy silterledi: – Adamlaryň gürrüňini diňläp oturma-da, bar, otagyňa geç, surat çek. Sen hökman hudožnik bolmalydygyňy unutdyňmy? – Surat çekesim gelenok, eje. Azajyk oturaýyn-la... – Surat çekesiň gelmese, pianinoňy çal. – Çalasym gelenok, eje. – Hökman çalasyň gelsin! – Sadap ogluny südenekledip äkitdi. Ony otagyna saldy. – Çal, çal! Batyrjyk aglap pianino çalmaga başlady. * * * Är-aýal Şajany aňlarynda göterip, ýatylýan otaga girdiler. – Ata-babalarymyzyň jany polatdan boldumyka? Gelen myhmanyň habaryny üç günden soň alypdyrlar. «Myhman – ataňdan uly» diýip, hiç heňe gelmejek nakylam döredipdirler. Oturyp-oturyp, olaryň nädip çydandyklary hakda oýlanýaryn, geň galýaryn. Sadap ýa ol aýdylýan gürrüňler ýalan rowaýatmyka? Öz-ä çyn bolmaly ol... – Näme üçin gelendigini aýtman ötägitdimi ol ýerçeken? – diýip, Sadap ýatyş eşigini geýmäge durdy. – Aýtmady. Üstümizden arza ýazmaga geldimikä diýibem pikir edýän. Ýöne ol näme üçin arza ýazsyn?! Meniň bilen işlänok ahyryn. Onsoňam men halal işleýän. Senem şeýle. Aýlykdan başga girdejimiz ýok. Hiç kim bilen gatnaşyk edemzok. Ýygnanja pulumyza garnitur alýarys. Daçamyza, maşynymyza harç edýäris. Bolany. – Ýüzlek-dä sen. Berkje soraýmazlarmy näme üçin gelendigini. – Soradym-la, Sadap. «Küýsäp geldim» diýip otyr. Bir görseň-ä onuň çyny ýaly. Sözüne ynanýarsyň. Ýöne... Häli men saňa onuň aýdan sözüniň käbirini aýtmadym. – Näme diýdi? – «Bu garniturlary sen halal puluň-a alan dälsiň?!» diýýär. Özem jak-jaklap gülýär. Menden söz aljak bolýar. «Gyrp-çyrp edýänsiň» diýýär. Gülküsem zähräňi ýarjak onuň. Onuň gyşyk gürrüňlerini ýatlanymda, küýsäp gelendigine ynamym gaçýar. – Südenekledip kowsaň bolmadymy şol wagt? – Be, nähili boldy-aý bu? Ýa döwür üýtgäp ýörmükä, Sadap? Biz dünýäden bihabar galan bolaýmaly? Düýn orunbasarymyňka-da biri myhmançylyga barypdyr. – «Myhman» sözüni eşitsem, ýeňsedamarym gataýar. «Myhman» diýmän, «Biri gelipdir» diý. – Sadap ýorganyny düzedişdirdi. – Orunbasaryňka näme üçin barypdyr? – Gelen ilki ondan-mundan degdim-gaçdym gürrüň edipdir. Soňam: «Maşyn aljak bolýan, birazajyk karz pul gerek» diýipdir. – Şol baran Şajan bolaýmasyn? – Ýok, ol orunbasaryň garyndaşymyş. – Näme diýseňem, Şajanyň päli düzüw bolmaly däl. Ogry bolsa näbilýäň? Sen onuň soňky döwürde näme edip-näme goýandygyny bileňog-a. «Uzynly günümizi sakyrdaşyp geçirýäs» diýýän bolsa, ol hökman ogrudyr! Iş etmeýän adamlar ogry bolýar. – Sadap böwrüne diň salyp, esli ýatdy. – Öýde haçan bolýandygymyzy soradymy? – On-a soramady. – Gürrüňiňden many alyp giden bolmagy mümkin. Düýn goňşymyzyňka hem bir del adam geldi. Ol goňşymyz bilen nämedir bir zadyň gürrüňini etdi. Näçe çalyşsamam, oňly eşiden zadym bolmady. – Gowuja diňlärler. – Wah, birinji etažda ýaşaýanlaryň çagalary gygyryşyp, eşitdirmediler. – Sadabyň göwnüne, Şajan ogry bolup, içeri giren ýaly boldy. Ol ärine gysmyljyrady. – Ertir birimiz işden galmasak bolmaz, Gully! Meniň jynym bir erbetligiň boljakdygyny aňýar. – Men-ä işden galyp biljek däl. «Üýtgedip gurmak» diýip, bu günler janymyzy alaýjak bolýarlar. – Öýüňi göterip gitseler, janyňy alandanam erbet bolar! – Sen býulletene çykaýsana. Aýallaryň edýän iş-ä. Tanyş doktoryň hem bar. Ber eline on manat. – Hemme zada men aladalanmaly. Sen bolsa arkaýyn gezip ýörsüň. – Hiç zat ýok ýerinden dowla düşüp ýatan bolaýmaly, Sadap? – Gully Şajanyň gelip gitmesini gowulyga ýormaga çalyşdy. Ýöne muňa özem juda bir ynanmady. – Öýde ogurlyk edilse, özünden görüljekdigini aňýandyr. Ogurlyk etjek adam bize görünmez. Onsoňam ol ýokary bilimli, abraýly ýerde işleýär... – Çaga gürrüňini etmesene, Gully! Ogurlygyň köpüsini ýokary bilimleriň edýändigini bileňokmy ne? – Gitjek wagty: «Biziňkä-de baryň» diýen boldumy? Ony näme üçin diýdikä? – Birden Gullynyň ýüzi ýagtyldy. – Sadap, «Ölşüňe görä, gömşüm bar» diýäge-de, ertir olara myhmançylyga barsak näderkä? Ä? – Edäýmelisi şol! Özem wagty bilen gaýtmaly däl. Gaýdyp köwlenmez ýaly, tä daň atýança oturmaly. Bir gije ukudan galanyň bilen hiç zat bolmaz. – Men-ä razy. Ertir işden soň ötägideris. Häzir ukymyzy alaly. – Wah, gözüme çiş kakylan ýaly. – Ata-babalarymyzyň janyna berekella! Olar her gün birek-biregiňkide oturyp-turupdyrlar. Ençe menzil aşyp, myhmançylyga gidipdirler. Özlerem birki sagatlyk däl, iki-üç hepdeläp, birki aýlap. Ata-babalarymyzyň şeýle çydamly bolandyklaryny hiç akylyma sygdyryp bilemok. – Köne döwrüň gürrüňini goýsana. Ol döwürde biri-biriniňkä baraýmasaň, güýmener ýaly hiç zat bolmandyr. Telewizorlary bolan bolsa, öýlerinden çykmazdylar. – Biz ertirden agşama çenli telewizora seredip oturamzok ahyryn. Asyl telewizor görmeýän günümiz hem kän. Şonda-da öýden çykamzok. Sadap jogaba derek «haş» edip aňyrsyna öwrüldi. * * * Gije bir çene bardy. Gully öwhüldäp ýerinden turdy. – Uklaňokmy? – diýip, ol gapdalynda aňyrsyna öwrülip ýatan aýalyna ýüzlendi. – Ýatar ýaly etdimi seniň ol «söwer» dostuň?! Sen onuň nä jüre adamdygy bilen gyzyklanyp gör. Bile işleýän ýoldaşlaryndan: «Şajan nähili adam?» diýip osmakladyp sora. – Şajanyň nähili adamdygyny men ilden soramalymy indi? – Bilýän bolsaň, aýt-da onuň näme üçin gelendigini? Heý, adamam tanap bolarmy? Kibernetikadan baş çykarsa bolar, adamdan baş çykarmak bolmaz. Ynanaý maňa, Şajan birmahalky Şajan däldir. Gözleri dagy erejekläp dur onuň. Öňräk bir joram öýüne geleni suda beripdir. Sud derrew geleniň näme maksadynyň bardygyny jorama çöp döwen ýaly edip beripdir. Päli düzüw däl eken geleniň. – Aý, sen-ä gapyşdyrdyň dünýäni! Heý, Şajanyň üstünden arz edip suda barmak bolarmy?! Aýyp bolar, Sadap! Şajan aýtdy ahyryn: «Küýsäp geldim» diýip... Çynymy aýtsam, bizde ata-baba häsiýetlerimiz galmandyr. Myhmançylyga geleni geňläp otyrys. Şajana adam ýaly hyzmatam etmedik. – Hyzmat eder ýaly, näme, ol biziň başlygymyzmy? Ministrmişmi ol? – Ýeri, gatyrganmasana, Sadap. Biziň ata-baba häsiýetimiz... – «Ata-babamyz» diýip, häliden bäri bizar-petegimi çykardyň-la, oglan! «Ata-babamyz nadan bolupdyr» diýip mekdepde okatmadylarmy näme? Nadanyň işi myhman sowmak bolar?.. – Onda näme üçin geldikä? * * * Bir aý bäri ukusyzlykdan kösenýän Şajan gije uky derman içmedi. Başyny ýassyga goýandan süýji uka gitdi. Düýşünde ol goňşusynyň öýünde myhmançylykda ýazylyp-ýaýrap otyrmyş. 1989 ý. Osman Öde | |
|
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||