15:34 Gara ýumak / hekaýa | |
GARA ÝUMAK
Hekaýalar
Gözlerimi gowaça ekini üçin niýetlenilen, ýuwuş suwy tutulýan «Boz karta» dikip, başga gidere ýer goýulman aňyrsy-bärsi dört çile gabalansoň, ýuwaş-ýuwaşdan çişip, çillere agram salyp ugran suwuň ýagdaýyna gözegçilik edip, eýläk-beýläk gezmelän bolýardym. Meniň iki sany wezipäm bardy. Birinjisi, men suw çillerden agyberjek bolsa, güýjümiň ýetdigine görä öňüni almalydym. Ikinjisi, bardy-geldi başartmajak bolsa, indiki suw goýberiljek atyzlara çil çekmek bilen gümra bolup ýören baş suwçulara habar bermelidim. Ulularyň başga pikirde bolmagy mümkin. Meniň pikirimçe welin, esasy wezipe — ikinjisidi. Suw seňrikden agyberjek bolsa, kömekçileriň köpeljekdigine gözümiň ýetýändigi üçinmi ýa-da heniz oglantabyraklygym üçinmi, bilemok, garaz, meniň suwuň çilden agmazlygy hakyndaky aladamyň ulularyňky ýaly däldigini-hä bilýän. Şonuň üçin hem atyzlaryň içindäki çaýkanyp ýatan suwy duran ýerimden, hamala, deňizi synlaýan ýaly synlap durun. Gözýetimden göwnümi galkyndyrmaga zat gözleýärin. Birdenem, taýak atym uzaklykda suwuň içinde garry enemiň hemişelik diýen ýaky güýmenjesine öwrülen ýumagynyň ululygyndaky gara togalaga gözüm düşdi. Onuň togalanyp kenara tarap golaýlaşýandygy meniň üçin has geň galdyryjydy. Ýöne gara ýumak meniň isleýşimden juda haýal hereket edýärdi. Ilkibada men onuň özüniň hereket edýänligine ýa-da şemalyň döreýän tolkunjyklarynyň täsirine we ugruny görä, togalanýandygyna-da doly düşünip bilmedim. Ýöne onuň özi hereket edýän eken. «Haýt, irkilip durma-da, töwerege aýlan, çilleri depeleşdir ahyryn!» diýlip berilýän görkezmäniň göwni üçin çiliň ugry bilen haýsy ugra gitsemem, dünýädäki ähli zatlary bilmäge ymtylýan oglan bilesigelijiligimiň bir ujy meniň gözlerimi aýrasym gelmeýän çelgä — syrly «gara ýumaga» ýüpsiz baglanypdy. Garaz, nirä ýöresemem ýumagyň çile golaýlaşýan ýerine çaltrak dolananymy kem göremokdym. Ýumagyň näme ekenini bilesim gelmekden ýaňa ýüregim şeýlebir atygsaýardy, heý goýaý. Meniň ýerine ýetirmeli işim halypa suwçulara baglydy. Olaryň islendigi maňa başga ýumuş tabşyryp bilýardi. Şonuň üçin başga bir ýumuş buýraýmankalar maňa ýumagyň näme ekenligine göz ýetirmek gerekdi. Bu meniň üçin iň derwaýys meseleleriň birine öwrülipdi. Men hamala diýersiň, bir uly açyş edäýjek ýalydym. Ynha-da, meniň anygyna ýetmek üçin ýüregimi atygsadýan, oglan kalbymy heýjana salýan bilesigelijiligiň döreden tolgunmalaryndan ýaňa dowamlylygy asyra çeken bir çäýnek çaý içimlik wagtam geçdi. Ýumak çile golaýlaşdygyça ondaky düşnüksiz gybyrdyny saýgaryp başladym. Ýumak çile geldi-de göz açyp-ýumasy salymda pytrap gidiberdi. Asyl ýöne gara keçe düşelen ýaly bolaýdy. Seredip otursam, ol hinini suw alan iri çöl garynjasynyň janlaryny halas etmek üçin döreden ýumagy bolsa nätjek. Olaryň biri-biri bilen gürleşip bilmeýän halyna, ýumagyň bäri başyndaky garynjalaryň, aňrybaşyndakylyry görmäge mümkinçiliginiň ýok halyna, bir tarapy suwa çümse, beýleki tarapynyň suwdan çykýan wagtynda olar nädip, agzibirlik bilen bir ugra ýüzüp bildilerkä?! Hawa, ilki belleýşim ýaly garynjalaryň özi hereket edýän eken. Hereketleriniň maksatlaryna çalt ýetirmekleri üçin şemalyň täsirine döreýän tolkunjyklaryň ugruna hereket edýän eken. Bu çylşyrymly çözgüt garynjalara nädip başartdyka?! Haýran galaýmaly. Oglanlyk ýyllarymda öz gözlerimiň öňünde bolup geçen zadyň heniz-henizler hakydamdan çykmaýşynyň özem onuň maňa bu wakanyň niçik täsir edendiginiň subutnamasydyr. Dogrusyny aýtsaň welin, şo mahal men bu hakda başgaçarak pikir edipdim. Meni sähel salymyň içinde şeýle güýçli tolgunmaga mejbur eden bu ýumagyň garynja bolup çykmagy, elbetde, birbada meniň bar keýpimi gaçyrypdy. Söwdasy oňmadyk bazarçy ýaly ýüzümi sallap, çiliň ugry bilen gyrbyldap, göwünli-göwünsiz öz işime gümra bolup ugradym. Ýöne her niçigem bolsa, garynjalaryň ol agzybirligi meniň hakydamdan çykaýmandyr. Dogry, biz garynjalary pikirlenmäge ukyby ýok hasap edýäris. Emma tebigatyň bu kiçijek jandarlarynyň başlaryna düşen kyn pursatdan çykalga tapyşlary welin meni indi-indiler haýrana goýýar. Belki olar pikirlenip bilýän bolsalar, beýle bolmasa-da bolmazdy. Şonça garynjadan hiç bolmanda bäş-on sanysynyň pikiri beýlekileriňkä ters gelerdi. Ýöne tebigat bu janawerlere pikirlenmekden ýokary bir hikmet beripdir. O hikmetiň nämeligi hakynda söhbet emäge miltim bolmaz. Özüňiz pikir edip göräýiň, garynjalaryň asyl mekany çöl ýa-da daglyk ýer. Garasaý, garynjalar gury ýerde ýaşaýan janawer-dä. Hiç haçan suwly ýeri görmedik, bu babatda hiç kimiň we hiç zadyň durmuş tejribesini peýdalanmaga asla mümkinçiligi bolmadyk garynjalaryň bu başarnygyna aperin. Adamlaryň welin gury ýerde ýaşasalaram, deňiz derýany görmäge mümkinçiligi kän. Suwuň goýnunda özüňi alyp barmagyň wakalary ýa-da tilsimleri beýan edilen eserleriň özi-de, bir ýere toplabilseň, bir deňiziň göwrümine barabar bardyr-la. Emma «Ýer gaty bolsa, öküz-öküzden görer» diýlişi ýaly sähel kynçylyga elewreşip ugraýan «ýokary aňly», özünden öňki ötenleriň tejribelerini öwrenmäge we özleşdirmäge diýseň biserhet mümkinçiligi bolan adamzadyň agzibirligi garynjadan öwrenmelidigine welin magat göz ýetirdim. 03.19.1996 ý. | |
|
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |